Gitmek was-wasy
Gitmek was-wasy

Her kim bir ýere gitmekçi.
Goş-golam düwülgi, eýýämhaçandan.
Bir salym durjak däl,
Gaçýan ýaly ajaldan.
Ýollar…
Duralgalar…
Wokzal, Aeroport…
Mähellä gark bolan añk-tañk giñişlik.
Adamlaryñ alaçsyzlygyn synla!
Ýatladýar bäbegiñ dünýä inişin…
Adamlara haýran galýan.
Hem düşünjek bolýan.
Ynanaý halys.
Güzeranyñ çarhy aýlanyp çar yan,
Haýsy yklymlardan çykarar sizi?!
Ynha, barýar ibirt-zibirt mähelle,
Sen özüñ nä diýýän.
Tüket, eý asy!
Bu bolşumyz kyýamatdan nyşanmy,
Ýa Haşyr gününiñ repetisýasy?!
Sylapberdi MUHAMOW.
22.01.23. Moskwa. Goşgular