Gara dogan (Hekaýa)

Gara dogan (Hekaýa)

Bo­ris ÝE­KI­MOW,
rus ýa­zy­jy­sy

Ga­ra­şyl­ma­dyk ýer­den ýa­dy­ňa-oýu­ňa düş­me­jek düýş­ler gör­nüp baş­la­dy. Ol özü­ni hä­zir­ki dö­wür­dä­ki­si ýa­ly gör­ýär­di, uýa­sy Man­ýa-da hiç ýa­nyn­dan aý­ryl­ma­ýar­dy, özem ju­da ki­çi­jik­di, üm­bil­mez ba­la­dy. Gyz­ja­gaz oňa gys­myl­jy­ra­ýar­dy, gu­jak­la­ýar­dy, ça­ga di­lin­de nä­me­dir bir zat­lar je­dir­de­ýär­di, şon­da Ni­ko­la­ýyň kin­di­wan­ja ji­gi­si­ne haý­py gel­mek­den hem-de mä­hir-mu­hab­bet­den ýa­ňa göz­le­ri gu­bar­la­ýar­dy. Ho­pu­gyp gö­zü­ni aç­ýar­dy hem-de ýü­re­gi gürs-gürs ur­ýar­dy. Uku­dan açy­ly­bam oýa bat­ýar­dy: her­nä eý­gi­li­ge bo­la­wer­sin!

Uýa­sy uzak­da, hut Mosk­wa­nyň özün­de ýa­şa­ýar­dy, onuň bi­len gö­rüş­mä­ni­ne-de, bar­mak bü­küp sa­na­saň on ýyl da­gy ge­çen­dir. Şol eje­si­ni jaý­lan­la­ryn­da­ky ge­lip-gi­di­şi, şon­dan bä­ri gat­na­şyk tap­ba ke­sil­di. Yn­ha, in­dem düý­şü­ne gi­rip baş­la­dy.

Ni­ko­laý pi­ki­re ba­typ, iň­ki­se git­di, aýa­ly bi­len ge­ňe­şip, uýa­sy­nyň ha­lyn­dan ha­bar al­mak ka­ra­ry­na gel­di.

Güýz pas­ly­dy. Gy­şa yk­jam taý­ýar­lyk gö­rüp­di­ler, zäh­met rug­sa­dy­na-da çy­ky­ber­me­li­di, iň esa­sy zat — ýol pe­te­gi mugt­dy. Ni­ko­laý men­zil­de elekt­rik — çy­ra­çy bo­lup iş­le­ýär­di, ni­rä git­se pe­te­gi mugt­dy. Ol ýo­la düş­me­gi, uýa­sy bi­len gö­rüş­me­gi, öm­rün­de bir ge­ze­gem Mosk­wa­ny syn­la­ma­gy, şo­nuň ýa­ly-da, ça­ga­la­ry­na, keý­wa­ny­sy­na oduk-bu­duk sa­tyn al­ma­gy ýü­re­gi­ne düw­di. Al­ma­ly zat­la­ry­ny aýa­ly ýa­zyp be­rip­di.

Ony ga­ra ga­dyr bi­len gar­şy al­dy­lar. Uýa­sy Ma­ri­ýa on­dan on ýaş ki­çi­di. Ze­nan hor­taň­rak di­ýäý­me­seň ju­wan gö­rün­ýär­di. Ni­ko­laý öý­de üst­ki egin­baş­la­ry­ny çy­ka­ryp du­ran ma­ha­ly Ma­ri­ýa içi­ni çek­di:

— Ko-ol­ýa… Do­gan­jy­gym, ba­şyň ça­la­ryp gi­dä­ýip­dir-ä…

Ni­ko­la­ýyň ýa­şy kyrk­dan agyp­dy. Soň­ky ýyl­lar sa­çy­nyň ga­ra­sy aza­lyp, agy kö­pe­lip ug­rap­dy.

— Do­gan­jy­gym… Men-ä se­ni şol ýaş­ly­gy­ňa…

Ni­ko­laý gül­di, onuň bug­daý­reňk ýü­zi ýy­gyrt atyp git­di, göz­le­ri sü­zü­lip gi­den­de bol­sa, ol Ma­ri­ýa ka­ka­sy­ny ýat­lat­dy — agyn­jak ka­ka­sy, ha­kyt ýyl­gy­ry­şam, ga­syn­la­ram, ça­la­ran sa­çam edil Ni­ko­la­ýyň şu wagt­ky bol­şy ýa­ly­dy.

— Do­gan­jy­gym — di­ýip, Ma­ri­ýa aga­sy­na gy­sy­lyp, in­di ka­ka­sy­dyr eje­si ýa­dy­na dü­şüp, gö­zü­ni ýaş­lap ag­la­dy.

Tu­tuş gü­nü­ni bi­le ge­çir­di­ler: gü­nor­tan şa­my­ny edin­di­ler, ge­ze­len­je çyk­dy­lar, te­le­wi­zo­ra se­ret­di­ler. Er­te­sem Mosk­wa­ny aý­lan­ma­ga git­di­ler: Krem­li, äpet ja­ňy, to­py hem-de beý­le­ki zat­la­ry gör­dü­ler.

So­ňam ada­ty gün­ler baş­lan­dy. Öý eýe­le­ri ir bi­len işe gid­ýär­di, ga­raň­ky gat­ly­şan­da-da yz­la­ry­na köw­len­ýär­di. Hat­da ola­ryň on ýaş­ly­ja ogul­jyk­la­ry Igor­jy­ga çen­li ala­daň­dan aýak üs­tün­de­di: mek­dep, soň­ra saz, on­dan soň gim­nas­ti­ka — ga­raz, Gün ýaş­ýan­ça ga­ra­sy­ny gör­kez­mez­di.

Ni­ko­la­ýyň eli­ne öýüň aça­ry­ny tut­du­ryp, ba­ry­sy­ny dü­şün­dir­di­ler. Şeý­dip myh­man­çy­lyk baş­lan­dy. Bir gün, ýe­ne bir gün, üç gün myh­man bo­lan­so­ňam, gaýt­ma­ga hy­ýal­lan­dy. Mu­ny Ma­ri­ýa duý­du­ran­da, ol ne­den ag­lap­dy:

— Go­ýa­we­ri… Ge­le­niň ýa­ňy… Eý­ýäm ötä­git­jek­mi? Nä döw çal­dy sa­ňa?

— Aý, myh­man bol­dum… Gü­ler ýü­zü­ňi­zi gör­düm, ýag­da­ýy­ňy­zy bil­dim… — di­ýip, Ni­ko­laý özü­ni ak­la­dy. — Bir­çen bol­dy. Ýog­sa zäh­met rug­sa­dam gu­ta­rar.

— Men-ä sa­ňa dü­şün­ýän däl­di­rin — di­ýip, Ma­ri­ýa gy­za­ryl­dy. — Öm­rüň­de bir ge­zek ge­lip­siň. Ýa sa­ňa bä­ri ýa­ra­nok­my?

— Ýa­ra­nok — di­ýip, Ni­ko­laý gö­nü­sin­den gel­di.

— Şeý diý­se­ne — di­ýip, Ma­ri­ýa el­le­ri­ni goý­ber­di. — Mi-it­ýa! — di­ýi­bem, adam­sy­ny ça­gyr­dy. — Bä­ri Ni­ko­la­ýa ýa­ra­nok­myş.

Gi­ýew­le­ri Dmit­riý gö­rün­di — uzyn­dan ar­ryk­laç py­ýa­da bo­sa­ga­da sä­gin­di.

— Bi­ziň öýü­miz oňa ýa­ra­nok­myş — di­ýip, Ma­ri­ýa dü­şün­dir­di.

Ni­ko­laý aý­da­ny­na puş­man edip, ja­na­gy­ry­ly gür­le­di:

— Men gö­ni ma­ny­da däl-de, eý­sem, umu­man aýd­ýan. Bä­rik nä­me üçin gel­dim? Ha­ly­ňyz­dan ha­bar ala­ýyn diý­dim, Igor ja­ny gö­re­ýin diý­dim. Hu­da­ýa şü­kür, gör­düm, yn­jal­dym, sag-sa­la­mat eke­ni­ňiz. Mun­dan aň­ryk sö­me­lip ýör­mäm nä­mä ge­rek?

— O nä­hi­li nä­mä ge­rek? — di­ýip, gi­ýew­le­ri Dmit­riý ör-gök­den gel­di. — Bi­rin­ji ge­zek Mosk­wa gel­ýäň, gör­mä­ge-de zat ýok­my? Nä­hi­li ajap, nä­hi­li gö­zel, üýt­ge­şik ýer­ler bar. Şo­la­ry syn­la­ma­ga dün­ýäň äh­li kün­je­gin­den adam­lar gel­ýä.

— Men syn­la­bil­dim. Krem­lem, Gy­zyl meý­da­nam. Söz ýok — owa­dan — di­ýip, Ni­ko­laý jo­gap ber­di.

— Tret­ýa­kow­ka ba­ryp gör­düň­mi?

— Şol su­rat­lar asy­lyp goý­lan ýer­mi? Ha­wa, bar­dym.

— Şo taý­da nä­çe wagt bol­duň?

— Aý, gir­dim, syn­la­dym he­mem çy­kyp gaýt­dym.

— Bar bo­la­ny­my?

— Da­gy men o taý­da ýa­ta­ýyn­my?

— Meň özüm mosk­wa­ly. Ýum­ruk ýa­ly­ly­gym­dan şo ýe­rik bar­ýan — di­ýip, gi­ýew­le­ri dü­şün­dir­mä­ge dur­dy. — He­ni­ze-bu gü­ne çen­li hö­wes bi­len bar­ýan. Şo ta­ýyk git­mä­ge maý tap­dy­gym he­zil­ler edäý­ýän. Sen we­lin bir sa­gat aý­la­nyp­syň, şoň bi­le­nem wes­sa­lam — iş ta­mam. A-how, o ýer­de Le­wi­ta­nyň, Şiş­ki­niň, Saw­ra­so­wyň eser­le­ri bar-a. Seň özü­ňem ba­lyk­çy, aw­çy. Bu­lar sa­ňa ýa­kyn bol­ma­ly ahy­ryn. Du­ran­ja bir te­bi­gat-a. Aý, ýok, sen hiç zat gör­män­siň.

— Syn­lar ýa­ly nä­me bar­myş? — di­ýip, Ni­ko­laý gül­di. — Biz­de şo­lar ýa­ly su­rat­lar aýa­gy­ňy ba­san ýe­riň­de bar.

— Ni­re­de?! — di­ýip, gi­ýew­le­ri göz­le­ri­ni te­ge­le­di.

— Gö­züň ýe­ten ýer­de. Siz­de, bär­de şeý­le, çar­çu­waň için­de. — Ol bar­mak­la­ry bi­len dört­burç­luk ýa­sa­dy. — Ota­gyň çä­gin­de. Biz­de we­lin ba­ry­sy te­bi­gy. Yn­ha, gez­mä­ge gel, ba­lyk tut­ma­ga gi­de­ris. Hä­zir sa­ha­wat­ly güýz. Su­wam dur­naň gö­zi ýa­ly. Çüý­ba­lyk­dan do­lu­dyr. Çeň­ňe­gi­ňi taş­la­dy­gyň — dü­şer. On­soň ot­ja­gaz ýa­kar­syň, ba­lyk çor­ba­sy­ny ata­rar­syň… Da­ňyň ümüş-tam­şyn­da, şa­pak ma­ha­ly oýa­nar­sy­ňam we­lin asu­da­lyk­dyr, Gün do­gar, der­ýa­jyk­da­nam bug gö­te­ri­lip du­ran­dyr. As­lyn­da, hiç ýe­rik git­me­se­ňem bol­ýa. Di­ňe ba­ga ba­raý. Hä­zir ar­myt­lar çym­ gy­zyl­dyr, erik­le­rem sap-sa­ry­dyr. Gün bu­lu­dyň aňyr­syn­da giz­le­nen­dir, em­ma ba­gyň içi ýap-ýag­ty­dyr, her bir da­ragt nur saç­ýan­dyr. Ynan­ma­saň, yn­ha, Ma­şa-da hä di­ýer.

Uýa­sy ulu­dan de­mi­ni alyp baş at­dy.

— Al­ma­lar en­te­gem sal­la­nyp dur — di­ýip, Ni­ko­laý sö­zü­ni do­wam et­dir­di. — Soň­ky bi­şen­le­ri. Ak bi­len al reňk ga­ty­şyk­ly gör­nü­şi. Diş­lär­siň we­lin, şiresinden owur­dyň do­lar. Stark di­ýip gör­nü­şi-de bar, hä­zir olar edil gan ýa­ly gy­za­ryp bi­şen­dir. Ta­ga­my da­gam asyl bal­dyr… — Ni­ko­laý gür­rüň be­rip dur­şu­na, hat­da do­dak­la­ry­nam şap­byl­da­dyp goý­ber­di.

Gi­ýew­le­ri mu­ňa gül­di-de, ýahdandan al­ma çy­ka­ryp hö­dür et­di:

— Me, da­dyp gör. Ha­ky­ky an­to­now­ka gör­nü­şi. Ba­zar­dan sa­tyn al­dym.

— Men del al­ma iýe­mok — di­ýip, Ni­ko­laý mü­re­het­den ýüz öwür­di.

Ýe­ri bol­ýa… Ýog­sa-da, nä­mäň gür­rü­ňi­ni edip dur­dug-a? Mu­zeý­leň gür­rü­ňi­ni ed­ýä­dik­mi…

Ol mag­lu­mat ber­ýän ki­tap­ça­ny ge­ti­rip, Ni­ko­la­ýyň gap­da­lyn­da otu­ryp, onuň sa­hy­pa­la­ry­ny wa­rak­la­ma­ga baş­la­dy.

— Ýag­şy, su­rat­lar sa­ňa ýa­ra­nok­myş. Yn­ha, baş üs­tü­ne, mu­zeý­ler, Dar­win mu­ze­ýi, Igor — di­ýip, ol og­lu­nyň ady­ny tu­tup gy­gyr­dy. — Igor jan, Dar­win mu­ze­ýi ýa­dy­ňa düş­ýä­mi? Şo taý­da biz ke­be­lek­leň, guş­laň bir­gi­de­ni­ni gö­rüp­dik. Ko­lib­ri­ňem gä­bi bar­dy, şeý­le ge­rek?

— Ha­wa, bar­dy — Igo­ram ga­py­nyň ag­zyn­da peý­da bol­dy.

— Şo ta­ýyk ba­ra­ny­ňa deg­ýä­mi ýa-da de­ge­nok, şo­ny Ni­ko­laý da­ýy­ňa aý­dyp ber.

— El­bet­de, ba­ra­ny­ňa deg­ýä — di­ýip, og­lan­jyk tas­syk­la­dy. — O ýer­de mö­je­giň, aýyň, til­kiň, her dür­li guş­laň gä­bi goý­lup­dyr.

— Wah-wa­heý, maň­la­ýy­ga­ra bir se­ret… — di­ýip, Ni­ko­laý saç­la­ry­ny pen­je­le­di. — Gör­me­di­gim si­ziň gäp­leň­ňiz bol­sun! Men ola­ry di­ri… — Ol otu­ran ýe­rin­den gob­sun­dy. — Men ýe­ke­ga­pan, til­ki, tow­şan aw­la­ma­ga gid­ýän. Guş­laňň-a gür­rü­ňi­nem ede­mok. Tüň­ňe­le ör­dek, jü­ne­keý ör­dek ba­ry­ny ur­ýan. Baş­ga-da jan­ly-jan­dar­laň aňyr­sy-bär­si ýok. Go­gur da­gy biz­de, yn­ha, şuň ýa­ly… — Ol ör tu­rup, ýu­waş­lyk bi­len el­le­ri­ni gal­gat­dy. — Guw­lar üç ýyl bä­ri hiç ýe­rik git­män gyş­la­ýa.

— Ni­re­de? — di­ýip, Ma­ri­ýa so­ra­dy.

— Bu­gak kö­lün­de. Iki jü­büt. Go­laý­la­ry­na bar­saň ýü­zü­ber­ýä­ler. Sül­gün­le­rem goý­ber­di­ler.

— Jan­ly­la­ry­ny­my? — di­ýip, Igor geň gal­dy.

— Da­gy nä­me, oý­na­waç­la­ry­ny goý­ber­mez­ler-ä! Ke­ýik­le­rem in­di ýer tu­tu­ber­di, öw­re­niş­ýä­ler. Su­gun­la­ram tö­we­re­gi­ne goý­ber­ýä­ler. Yn­ha, ara­da-da bir til­kä duş­dum. Kö­me­lek çöp­le­mä­ge git­dim, düz ýer­den çy­kyp aşak in­dim, bir se­ret­sem, ja­ryň için­den til­ki yl­gap gel­ýä. Meň üs­tüm­den geç­me­li, baş­ga çy­kal­ga ýok. Ýe­re ýa­zy­lyp, oňa äňet­dim. Til­ki dog­ry ýa­ny­ma yl­gap gel­di — ýüz­be-ýüz bol­duk. Ja­na­war sä­gin­di, se­re­de-se­re­de nä­mäň-nä­me­di­gi­ne dü­şü­nip bi­le­nok. Me­nem on­soň du­rup bil­män gü­lü­ber­dim…

— Di­ri til­ki­mi? — di­ýip, haý­ran­lar ga­lan Igor so­ra­dy.

— Da­gy nä­me, mu­zeý­den­dir öýd­ýäň­mi? — di­ýip, Ni­ko­laý gül­di. — Bir ge­ze­gem ýe­ke­ga­pan… Şon­da awa gi­dip­dik.

Gi­ýew­le­ri il­ki sa­ga­dy­na, so­ňam og­lu­na se­re­dip, ýu­waş­lyk bi­len şeý­le diý­di:

— Igor.

Og­ly ka­ka­sy­na dü­şün­di, gys­san­maç yzy­na öw­rül­di-de, öz ota­gy­na git­di. Ni­ko­la­ýyň we­lin gür­rüň be­re­si ge­lip, içi by­jyk­lap dur­dy. Ol og­lan­jy­gy na­za­ry bi­len ug­ra­dyp, ulu­dan de­mi­ni al­dy.

— Og­lu­ňy­zy ýum­ru­gyň için­de sak­la­ýa­ňyz. Ça­ga ahy­ry ol, tüýs he­zil edip oý­na­jak ça­gy. Ol we­lin er­tir­den ag­şa­ma de­ňiç etek al­ty, ýeň ýe­di. Mek­dep edil go­laý­jy­gy­ňyz­da, okuw di­ýi­bem itiň ölen ýe­ri­ne gid­ýä.

— Aý, ýok, gar­daş, gaý­typ sen dü­şü­ne­ňok — di­ýip, gi­ýew­le­ri ja­nyk­dy. — Onuň gat­na­ýan mek­de­bi ýö­ri­te­leş­di­ri­len. Oňa ýer­le­şäý­mek aň­sat iş däl.

— En­tek ýer­leş­mä­ge ýe­ti­şer — di­ýip, Ni­ko­laý özü­niň­ki­ni öňe sür­di. — Ça­ga­lyk döw­ri köp­räk oý­na­ma­ly, yl­ga­ma­ly he­mem uku­dan gan­ma­ly.

— Ze­le­li ýok, ze­le­li ýok… Goý, öw­re­niş­sin. Gor­ka­ra-ür­ke­re zat ýok. Özüň en­dik et­mäň­soň, sa­ňa şeý­le gö­rün­ýän­dir. Onuň gün ter­ti­bi öňün­den kes­git­le­nen, ut­ga­şyk­ly, ma­za­ly saz­la­nan. Il­ki okuw, soň­ra saz öw­ren­mä­ge git­me­li — bu bir dynç alyş-a, gim­nas­ti­ka bol­sa — büý-ä asyl göw­nü­ňi gö­ter­ýä, be­den maşk­la­ry keý­pi­ňi çag­la­ýa. Öýe ge­lip ýe­ne öý iş­leň­ňi et­me­li — so­ňam ýat­ma­ly… Ma­şa, ha­ny, se­nem dü­şün­dir­se­ne!

— Dog­ry, ba­ry­sy dog­ry. Kö­çe­de söw-söw sy­ryp ýö­re­nin­den, goý, wag­ty çäk­li bol­sun. Han­ha, olar şo ýer­de… — Uýa­sy pen­ji­rä ta­rap üm­le­di. — Eý­läk-beý­läk daz ýa­sa­ýa­lar. Şo­nuň üçi­nem ça­ga­my­zyň ýe­ti­şik­siz ga­ra gün­de bo­la­ny go­wy.

— Her­hal, ça­ga di­ýe­niň oý­na­sa ýag­şy — di­ýip, Ni­ko­laý ýeň ber­me­di. — Ýa­kym­syz­ly­gam et­me­li. Özü­mi­ziň ga­ra­gol­lu­gy­myz ýa­dy­ňa düş­ýä­mi? — di­ýip, ol uýa­sy­na se­re­dip ýyl­gyr­dy.

— Ko-ol­ýa… O taý­da­ky­laň ba­ry­sy öz­li-özü­miz. Goň­şu­lar do­gan-ga­ryn­daş­dan ile­ri. Göz-gu­la­gam bo­lar­lar, özü­niň­ki­nem, ke­se­ki­niň­ki­nem iý­di­rip-içir­ler. Bär­de de­ňeş­dir ýa­ly­my. Eger og­lum okuw­dan ge­lip, gü­nin öý­de ýe­ke gal­sa, ýü­re­gim how­la­be­rer.

— Ol-a şeý­le — di­ýip, Ni­ko­laý yla­laş­dy.

— Şeý­le ýag­daý og­lu­myň özü­ne-de ýa­ra­ýa — di­ýip, gi­ýew­le­rem gür­rü­ňe gop ber­di. — Ol ba­ry­sy­na he­zil edip gat­naş­ýa. Özüň so­rap gö­räý. So­raý özüň.

Ni­ko­laý ha­ha­haý­lap gül­di hem-de se­si­ne bat ber­di:

— Igor! Er­tir ejeň bi­len ka­kaň se­ni hem­me zat­dan azat ed­ýä. Meň ýa­nym­da bor­suň. Onuň aly­hez­ret­le­ri­niň at­tu­ta­ry! Ni­çik, ra­zy­myň?

— Ra-a-azy! — di­ýip, Igor keý­pi­hon gy­gyr­dy hem-de der­hal aş­ha­na aty­lyp gel­di. — Eje, çy­ny­ňyz­my?

— Bar, bar, oýun ed­ýä ol, oýun ed­ýä — diý­şip, eje­si­dir ka­ka­sy ýer­li-ýer­den gür­le­di. — Bar, bar…

Iki bo­lu­bam Ni­ko­la­ýa ige­nip baş­la­dy­lar:

— Beýt­me­li däl ahy­ry. Beýt­me­li däl-ä.

— Ine-de, su­but­na­ma. Og­lan­jyk­lar-a bu­lar. Nä­me, meň­ki­ler şeý­le bo­lan däl­dir öýd­ýäň­mi? — di­ýip, Ni­ko­laý eli­ni sal­ga­dy. — Ýö­ne biz­de, Hu­da­ýa şü­kür, he­zil edi­şip şa­pa­daň­laş­ýa­lar. Ça­ga­lyk… Dur­muş… — Soň­ra ol uýa­sy­ny iç­gin-iç­gin syn­la­dy-da, şeý­le diý­di. — A sen gyz, ju­da hor gö­rün­ýäň.

— Bol­sam-bo­la­ýyn, aýal­laň ýe­ti­bil­me­ýä­ni şo — di­ýip, Ma­ri­ýa ka­ýyl­lyk bi­len jo­gap ber­di. — Biz ze­nan­laň bar gür­rü­ňi nä­dip hor­lan­mak. Men-ä, tü­we­le­me, hiç ne­neň däl — di­ýip, ol öz-özü­ni syn­la­dy.

Gi­ýew­le­ri Igo­ryň ýa­ny­na git­di, onuň og­lu­na akyl ber­şi ota­gyň ara­syn­dan eşi­di­lip dur­dy.

— Aý, ýok — di­ýip, Ni­ko­laý ýü­re­gin­den syz­dy­ryp gür­le­di. — Sen, ba­ry­bir, ýa­da­ýaň, men gö­rüp du­run. Beý­le-de bir özü­ňe za­bun da­ra­mak bor oguş­ýa? Al­tyň ýa­ryn­da ör­ýäň hem-de tu­tuş gün aýak üs­tün­de, asyl dy­zy­ňy ep­me­seň nä­me. Gi­jem ýat­ýaň. Uky­ňam kem­ýäň.

— Zäh­met rug­sa­dy­na çy­kam­da öwezi­ni do­la­ryn — di­ýip, Ma­ri­ýa ga­raçy­ny bi­len aýt­dy.

Ni­ko­laý pe­ri­şan hal­da ba­şy­ny ýaý­ka­dy:

— Man­ýa, Man­ýa… Sen gom­par­ma. Ýaş­kaň bil­dir­mez. Hä­zir otuz­dan geç­diň — gyz­ja­gaz däl. Özü­ňi go­ra­mak ge­rek. Ýü­zü­ňe aýt­jak, seň işiň ma­ňa ýa­ra­nok. Nä­me üçin beý­le daş­da iş­le­ýäň? Bir sa­gat­da­nam köp ýö­re­me­li. Go­laý­dan, gap­dal­jy­gyň­dan iş ta­py­la­nok­my? Şon­da öýü­ňe-de ýe­ti­şer­diň, Igor bi­le­nem bi­le dynç alar­dyň. Yn­ha, meň keý­wa­ny­my alyp gör. Ir­den al­ňa­sa­nok, on­la­ra çyk­ýa, gü­nor­ta­nam do­lan­ýa. Nä­me, şü er­bet­mi?

Ma­ri­ýa do­ga­ny­nyň gap­da­ly­na çök­di.

— Beý­le işi ni­re­den tap­jak?

— Ma-an­ýa… — di­ýip, Ni­ko­laý ör-gök­den gel­di. — Daş-tö­we­re­gi­ňe äňed-ä! — Ol pen­ji­rä ta­rap yşa­rat et­di. — Heý, bär­den iş ta­pyp bol­maz­my? Ýal­tan­ma-da, göz­le, so­rag-ideg et. Ýog­sa si­ziň mu­ny­ňyz du­ran bir je­bir-ä.

Şu ýer­de gi­ýew­le­rem do­la­nyp gel­di. Ni­ko­laý oňa-da ýaň­ky aý­dan­la­ry­ny gaý­ta­la­dy:

— Men Ma­ri­ýa öýüň go­laý­ra­gyn­dan iş ta­pyn diý­ýän. Yn­ha, me­ni öň­räk oba ho­ja­lyk kär­ha­na­sy­na işe ça­gyr­dy­lar. Aý­ly­gam hä­zir­kim­den gow­rak. Oý­la­nyp-öl­çe­rip gör­düm we­lin, eý­läk-beý­läk aw­to­bus­da ýa­rym sa­gat loň­kul­dap git­me­li. Git­me­dim. Ma­şa da­gy şu kä­ri bi­len aýa­gy­ny ba­san ýer­den iş ta­par…

— Aý, ýok. Gaý­tam özüň dü­şü­ne­ňok — di­ýip, gi­ýew­le­ri ja­nyk­dy. — Ma­ri­ýa hä­zir­ki ýe­rin­de iki ýüz kyrk rubl al­ýa, sag­ly­gy­na-da se­ret­dir­ýär. Igo­ry gü­nor­ta­da­ky dynç alyş öýü­ne mugt ibe­rip bol­ýa, biz «Ar­ça­jy­ga» ly­ža­da taý­ma­ga-da bi­le­je gid­ýäs. Beý­le eş­re­ti el­den gi­de­rip bol­maz ahy­ry. Biz­dä­ki­leň ba­ry­sam gat­na­ýa. Hem çalt, hem amat­ly.

— Amat­ly bo­laý­şy­ny şoň — di­ýip, Ni­ko­laý hü­mür­de­di.

— Met­roň nä­me­si sa­ňa ýa­ra­nok. Dün­ýä­dä­ki iň go­wy met­ro. Adam­lar ony mu­ze­ýe de­ňe­ýä.

— Men-ä he­zil­lik gö­re­mok. De­mik­di­rip alyp bar­ýa. Bir gys­ýa­lar we­lin, gu­tar­dyň­my­kaň öýt­dür­ýä. — Ni­ko­la­ýyň gür­lä­si gel­me­di, ol met­ro­dan öler ýa­ly gork­ýar­dy: gys­ly­şyk, ýe­ri­ňem as­tyn­da. Ol de­pe­sin­dä­ki ägirt gat­la­gy dem­sa­ýy duý­ýar­dy, bar­dy-gel­di ho­paý­sa, my­dyrt­dam et­dir­mez. — Ga­zy­bi­lip­dir­ler. Sü­re­niň bar-da. Ahy­ry bir gün si­zi myn­jy­ra­dar.

Mu­ňa Ma­ri­ýa­dyr adam­sy ýö­ne pa­kyr­da be­räý­di. Ni­ko­la­ýyň we­lin ga­raçy­ny.

— Gü­len bol­maň. Gü­le­re zat ýok. Siz­den so­ra­ýan, met­roň nä­mä ge­re­gi bar?

— O nä­hi­li nä­mä ge­rek? Çalt bar­mak üçin ge­rek.

— Çalt bar­mak nä­mä ge­rek? Ýe­tiş­me­ýän ýe­ri­ňiz bar­my?

— Nät­diň-aý mu­ny… Özü­ňem mün­düň-ä. Aşak dü­şüp met­ro özü­ňi aty­bil­seň, de­mi­ňi dür­säp ýe­tiş­mä­käň eý­ýäm Gy­zyl meý­da­na ýet­ýäň.

— Şon­su­zam ýe­ter­dim. Al­ňa­sa­ma­gyň der­ka­ry ýok. Men zäh­met rug­sa­dyn­da. Py­ýa­da­lap git­sem go­wy bor­dy. Ra­hat­ja ba­rar­dym.

— Wah, sen zäh­met rug­sa­dyn­da-la. Biz, yn­ha, işe ýe­tiş­me­li.

— Bi­de­rek ýe­re ha­sa­nak­la­ýa­ňyz — öz-özü­ňiz ýa­da­ýa­ňyz. Şü sü­ren-hin bol­ma­dyk bol­sa, dog­ma­ňy­zy bur­nu­ňy­zyň ýa­nyn­da­ky mek­dep­den owar­raň bir çe­ti­ne iber­mez­di­ňiz. Özü­ňi­zem ýe­riň ol ujun­dan iş göz­le­mez­di­ňiz. Öýü­ňi­ziň tö­we­re­gin­de iş­lär­di­ňiz, şeý­den bol­sa­ňyz go­wy bor­dy. Siz we­lin guý­ru­gy­ňy­zy ýam­zy­ňy­za gy­syp, hol bir ta­ra­pa alak­jap gid­ýä­ňiz, o taý­da­ky özü­ňiz ýa­ly seň­se­le­rem, go­wy dur­mu­şyň göz­le­gin­de, si­ziň et­rap­laň­ňy­za yň­da­ryl­ýa­lar. Bu­laň ba­ry sam­syk­lyk. Ha­wa, ha­wa, hut şeý­le, sen Man­ýa, gü­len bol­ma, men mu­ny özüň­den uly do­ga­nyň hök­mün­de aýd­ýan. Şu sü­re­ni ýer gu­ta­ryn­ça gaz­sa­la­ram, siz ser­den ge­çip, şo ta­ýyk eňer­si­ňiz. Üs­te­si­ne, en­te­gem aňyr­rak ga­zyň di­ýer­si­ňiz. Ýa­lan­my, eý­sem, şü?

— Dog­ry — di­ýip, Ma­ri­ýa yla­laş­dy. — Eý­ýäm dü­şel­gä­ni Çer­ta­no­wa çe­kip ýör­ler.

— Ine, ine… Şo ýe­rik, şeý­tan dü­şel­ge­si­ne-de ýe­ter­si­ňiz. Be­ýew­bar akyl­ly-baş­ly adam ta­py­lan­ly­gyn­da, ol mu­ny ga­da­gan et­dir­di: ga­ra ga­dyr­dan­lar, şu taý­da ýa­şa­ýa­ňyz­my — öýü­ňi­ziň gap­da­lyn­da-da iş­läň di­ýer­di. Ha­wa, şeý di­ýer­di. Ýe­ri, düş­nük­li­mi?

— Düş­nük­li — di­ýip, oňa jo­gap ber­di­ler.

Ara bi­raz dy­myş­lyk düş­di. Ni­ko­laý pen­ji­re­den da­şa­ryk äňet­di. Iň­rik ga­ra­lyp ug­rap­dy, ala­ga­raň­ky­nyň için­de öý­le­riň çy­ra­la­ry ýag­ty­lyp gö­rün­di. Şol yşyk­la­ryň sa­ny, gör, nä­çe­kä? Aňyr­sy-bär­si ýok. Öý­ler bi­ri-bi­ri­niň yzyn­dan aňyr­ly­gy­na hem-de ýo­kar­ly­gy­na uzap gid­ýär­di. Her bi­rin­de-de adam­lar ýa­şa­ýar­dy.

— Se­re­deň­de da­ry­gyp gid­ýäň… — di­ýip, Ni­ko­laý ulu­dan dem al­dy. — Bi­ri-bi­ri­niň yzyn­da, bi­ri-bi­ri­niň yzyn­da — di­ýip, ol jaý­la­ra ta­rap eli­ni uzat­dy. — Gy­şa­ryp ýa­tan­syň, di­wa­ryň aňyr­syn­da-da kim­dir bi­ri hor çek­ýän­dir, şo­lam öm­ryl­la gö­ren ki­şiň däl­dir. Äl-aýt, he­zil­di­gi­ni! Bir ta­ra­pyň­da saz ýaň­la­nyp du­ran­dyr, beý­le­ki ta­ra­pyň­da iki­ba­ka at sal­ýan­dyr­lar. Nä­dip çy­dap bil­ýä­ňiz?

— Çy­da­ýa­sam, na­lam­zo­gam — di­ýip, gi­ýew­le­ri gül­di. — Eý, Kol­ýa, Kol­ýa. Adam­lar Mosk­wa­da ýa­şa­ma­gyň ar­zu­wyn­da. Bar­ma­gyň bi­len bä­rik gel di­ýip yşa­rat et­di­giň ba­ry­sy ço­za­ýar. Meň bi­len bir gyz iş­le­ýä, My­ti­şa­dan. Di­ňe Mosk­waň çä­gin­de ýa­şa­ja­ga dur­mu­şa çy­ka­ryn diý­ýä. Bir ser­ker­de yzyn­dan gat­na­ýa­dy, gül ýa­ly ýi­git, ma­ýor özem. Söz aýt­dy we­lin, şo­ňa-da bar­ma­dy. Ol Puş­kin şä­he­rin­de ýa­şa­ýa­dy.

— Sam­syk — di­ýip, Ni­ko­laý gys­ga­ça jo­gap ber­di. — Oňa baş­ga nä­me diý­jek?

— Edil beý­le-de däl! Gy­zyň Mosk­wa­da ýa­şa­sy gel­ýä.

— Bär­de nä­hi­li lez­zet bar? Dem alar ýa­ly däl. Bir­hi­li ajym­tyk kak­ýa, du­ýup du­run, ajym­tyk. Bä­rik ge­len­di­ri­nem we­lin, tüý­kü­li­gim gap-ga­ra, bur­nu­mam ga­na­dy.

— Waý-wa­ýeý, seň beý­le gow­şa­jyk, nä­zik bo­laý­şy­ňy. Bi­ziň ho­wa­myz ga­ty go­wu­dyr.

— Dar­ty­be­riň on­da. Bär­de ba­ra­ra ga­py­ňam ýok. Kö­çe­de yl­ga­şyp, it­ni­şip ýör­ler, wal­la, mä­re­ke­den ýa­ňa kö­çä sy­ga­nok­lar. Dü­ka­na gir­dim we­lin, zor­dan yzy­ma çyk­dym. Hiç za­da dü­şü­ne­mok, nä­me üçin­di­gi­nem bi­le­mok, şol pyr­la­ny­şyp ýör­ler. Du­ran­ja bir dow­za­hyň bar-da. Çö­re­giň yzam ala­gü­pür­di. Hal­ka kö­ke al­jak­dym. Alar­myň? Hal­ka kö­ke­den ge­çen, zor­dan ba­şy­my gu­tar­dym.

— Men-ä her gü­nem dur­ýan — di­ýip, uýa­sy jo­gap ber­di. — Üç ýer­de, hat­da dört ýer­de-de no­ba­ta dur­ýan. Der­rew ýet­ýä ahy­ry.

— Aý, ýok, mun­dan dur­muş bol­maz — di­ýip, Ni­ko­laý özü­niň­ki­ni mam­la tap­dy. — Yn­ha, ir­den işe di­ýip öý­den çyk­ýan. Ýe­ke özüm kö­çe bi­len ar­ka­ýyn gaý­şa­ry­lyp bar­ýan. Giň kö­çe. — Ol el­le­ri­ni ger­di. — Ar­ka­ýyn­çy­lyk, ra­hat­lyk. Gün ýal­pyl­dap dur, daş-tö­we­re­giň gök parç, ja­na te­ne­kar şe­mal öwüs­ýä. Eg­ni­ňe kak­ja­gam, it­je­gem ýok. Ýö­räp bar­ýan. Ta­nyş-bil­şe duş­sam: «Sag-aman ör­düň­mi?» diý­ýän, olam: «Ede­ni­ne şü­kür!» diý­ýä. Şeý­dip gi­dip bar­ýan­syň. Ine, şeý­le. Ýa­şan şe­kil­li ýa­şa­ýaň. Sü­re­nem ýok, hi­nem.

Gi­ýew­le­ri he­zil edip gül­di:

— Ha­ky­ky wa­tan­çy. Ýö­ne me­nem öz top­ra­gy­myň, öz şä­he­ri­miň wa­tan­çy­sy. Ýa­şa­ýan ýe­rim meň üçin dün­ýä­dä­ki iň go­wy ýer.

Ni­ko­laý oňa ynan­ma­dy.

— Ga­lat aýd­ýaň — di­ýip, ol ga­raçy­ny bi­len gür­le­di. — Eger iň go­wy ýer bol­sa, beý­dip ga­çyp ýör­mez­diň.

— Men ni­rä gaç­ýa­my­şym?

— Gö­züň ýe­ten ýe­ri­ne gaç­ýaň. Sä­hel maý tap­dy­gyň şeýd­ýäň. My­sal üçin, ha­ny, aýt ba­ka­ly, sen zäh­met rug­sa­dy­ňy ni­re­de ge­çir­ýäň? Gy­zyl meý­dan­da­my?

— Zäh­met rug­sa­dy ýyl­da bir ge­zek bol­ýa. Dynç al­ma­ly, ýe­ri­ňi üýt­get­me­li.

— Ýag­şy. Dynç gün­le­ri­ni ni­re­de ge­çir­ýäň? Bel­ki, met­ro­da aý­lan­ýan­syň? Şeýt­me­je­giň düş­nük­li, daş­rak gaç­ýaň. Der­ýa­lar­da kü­rek­le­ýäň, sy­ýa­hat ed­ýäň. Ly­ža­da typ­ýaň. Ýö­ne ni­re­de? Eger ýa­ra­ýan bol­sa, Mosk­wa der­ýa­syn­da kü­rek­lär­diň. Ly­ža­laň bi­le­nem öý­le­riň ara­syn­da aý­la­nar­dyň. Hä? — Ni­ko­laý özü­niň mam­la­dy­gy­ny duý­dy. — Nä­me üçin sä­hel­çe boş wagt ta­pyp sy­pyn­dy­gyň, zyn­jyr­dan sy­pan kö­pek de­ýin bär­den — Mosk­wa­dan aty­ňy gor­gun­la­dyp ga­çyp gid­ýäň? Diý­mek, bä­ri sa­ňa beý­le­bir ýa­rap ba­ra­nok. Men we­lin, yn­ha, dynç gün­lem öý­den ba­şy­my alyp gi­de­mok. Ter­si­ne, bag­da, mel­lek­de gy­dyr­dan­ýan.

— Eý, Taň­rym! — di­ýip, uýa­sy içi­ni çek­di. — Ýü­re­gim gys­ýa. Şu wagt atam öýü­ne gi­di­ber­sem­mi­käm diý­dir­ýä! — Ol ýyl­gy­ryp, adam­sy­nyň ýü­zü­ne äňet­di.

— Ötä­git on­da — di­ýip, olam me­kir­lik bi­len göz­le­ri­ni süz­di.

Ni­ko­la­ýam hiç za­da dü­şün­män, çy­ny bi­len ja­nyk­dy:

— Ýaý­da­nyp dur­maň. Özü­ňiz aý­dyp dur­su­ňyz-a sam­syk­lar köp di­ýip. Şo­lar dün­ýä­de bar­ka, gat-gat jaý­da­ky öýü­ňi­zi how­lu­jy­ga çal­şyň, aý­da­ly, bi­ziň oba­myz­da­ky bir öý­ja­ga­za çal­şa­ýyň. Man­ýa ha­sap­çy, onuň­ky ýa­ly kä­riň bol­sa, is­län ýe­riň­den iş tap­dyr­ýa. Se­nem — in­že­ner. Bi­ziň men­zi­li­mi­ze gel, sa­ňa ýa­rar. Daň­dan bäş­de ziň­kil­däp oýan­ma­ly däl. Uky­ňy alyp, as­sa-ýu­waş gaý­dy­ber­me­li. Do­kuz­da bar­ýaň. Ese­wan eder­siň, bi­zi, iş­gär­jik­le­ri gys­sar­syň. So­ňam gi­der­siň-de, ba­ly­jak tu­tar­syň.

— Ni­re­de?

— Öz men­zi­li­mi­ziň go­laý­ja­gyn­da, şo taý­da der­ýa­jyk bar. Ga­ýy­ga mü­ner­siň, kü­re­ge ýa­py­şar­syň, tor­ja­ga­zy­ňy bar­lar­syň. Gü­nor­ta na­ha­ry­na çen­li ga­ra­ba­lyk ge­tir­siň. Iküç san­ja­ga­zy­ny-ha tu­tar­syň — di­ýip, Ni­ko­laý el­le­ri­ni ge­rip, ep-es­li öl­çeg­dä­ki ba­ly­gyň ga­ba­ra­sy­ny gör­kez­di. — Iki sa­nam töp­ba­lyk. Täp-tä­ze­je ba­lyk­dan çor­ba ata­rar­syň, dynç alar­syň, so­ňam gi­di­ber. Nä­me­si er­bet­miş?

— Mu­ňa er­bet diý­ýän ýok — di­ýip, gi­ýew­le­ri yla­laş­dy. — Ýog­sa-da, aý­ly­gy nä­çe oň?

— Ýüz on, ýüz ýig­ri­mi.

— Nä­çe-nä­çe? — di­ýip, gi­ýew­le­ri ýüz-gö­zü­ni bür­jeş­dir­di.

— Ýüz­den gow­rak diý­ýän.

— Oja­gaz pul üçin bär­de tam sü­pü­ri­jem iş­le­mez. Dü­şün­ýäň­mi?

— On­da si­ze nä­hi­li aý­lyk ge­rek?

— Ile meň­zeş hak-heş­dek ge­rek — di­ýip, gi­ýew­le­ri ag­zy­ny dol­du­ryp gür­le­di. — Maş­ga­la ek­lär ýa­ly pul ge­rek. Ine-ga­na ýa­şar ýa­ly. Uşak-dü­şek zat­laň ha­sa­by­ny ýö­re­dip ýör­me­li bol­ma­ýyn. Ulag is­le­ýän­mi — diý­mek, şo­ňa güý­jüm ýet­me­li. Da­ça is­le­ýän­mi — diý­mek, şo­ňa-da pul süý­şü­rip bi­läý­me­li men.

Gi­ýew­le­ri­niň gür­rü­ňi­niň beý­le hör­pi Ni­ko­la­ýa on­çak­ly ýa­rap bar­ma­dy. Ol bi­raz böw­rü­ni diň­läp oýur­gan­dy, soň­ra gü­lüm­si­räp şeý­le diý­di:

— Bär­de-hä ulag ge­rek däl. Işe met­ro bi­len git­me­li, öýe-de ýe­ne met­ro bi­len gel­ýäň.

— Dynç gün­le­ri şä­he­riň çe­ti­ne çyk­ma­gy go­wy gör­ýän. Ula­gy­ňa mün­ýäň-de, zut gid­ýäň. Bar­jak ýe­ri­ňem asu­da­lyk, ra­hat­lyk. Eý­sem, şü er­bet­mi nä­me?

— El­bet­de, muň özi hiç ne­neň däl. Ýö­ne sen di­ňe ulag bi­len ka­na­gat­lan­man, ba­sym di­ku­çar di­lär­siň — di­ýip, Ni­ko­laý çy­ny bi­len gür­le­di.

— Nä­me üçin di­ku­çar di­le­jek­mi­şim? — di­ýip, gi­ýew­le­ri äm-säm hal­da so­wal ber­di.

— Se­bä­bi adam pa­hy­ryň doý­du­my ýok. We­lo­si­ped, mo­to­sikl, ma­şyn — so­ňam yzy gu­tar­man ge­çä­ýer. Yn­ha, bar­jam­ly­laň öz hu­su­sy uçar­la­ry bar. Sa­ňa-da şoň bi­ri ge­rek. Dynç gü­ni uça­ra mü­nä­get­din, t-r-r edip, deň­ziň ke­na­ry­na gi­der­siň. Su­wa dü­şä­ge­de, yzy­ňa do­la­nar­syň. Ma­şyn bi­len gi­dip ge­len­den kän çalt bor.

— Öz uça­ryň bol­sa, kem-ä däl — di­ýip, gi­ýew­le­ri ma­kul­la­dy.

— Me­nem, yn­ha, aý­dyp du­run-a, il­ki uçar, so­ňam ra­ke­ta.

— Aý, ýok — di­ýip, gi­ýew­le­ri kes-kel­läm gar­şy çyk­dy. — Ra­ke­ta-ha der­kar däl.

— Be­te­rem ge­rek! — di­ýip, Ni­ko­la­ýam ge­pi­ni gö­gert­mä­ge çyt­raş­dy. — Äh­li ki­şem uçar edi­ner. Hä­zir­ki ma­şyn­lar ýa­ly, olar çir­keý de­ýin şeý­le­bir wyz­zyl­da­ýa­lar we­lin, ses­le­rin­den ýa­ňa ada­ma ra­hat­lyk ýok. Ra­ke­ta mün­seň we­lin — waz! Al­lo­war­ra­la­ra — baş­ga pla­ne­ta güw­läp gid­ýäň. Dynç gün­le­ri wag­ty­ňy hoş ge­çir­mä­ge! So­ňam yzy­ňa do­lan­ýaň.

— Ýag­şy, ra­ke­ta­ny al­dym di­ýe­li — di­ýip, gi­ýew­si ony ug­ru­na kow­dy. — On­dan soň nä­me edin­me­li bor?

— So­ňam ýe­ne nä­hi­li­dir bir war­raý-şar­raý zat oý­lap ta­par­lar.

— A-how! — di­ýip, gi­ýew­le­ri aýa­ly­na ta­rap öw­rül­di. — Büý-ä bir ba­sy­ryl­gy ýa­tan da­na eken. Agyn­jak Dio­ge­niň bar-da.

— Kol­ýa mek­dep­de-de go­wy oka­ýa­dy — di­ýip, aýa­ly my­la­ýym ýyl­gyr­dy. — Teh­ni­ku­mam ga­ýy­ba­na gu­tar­dy.

— Beh… On­da nä­me, bel­ki, ha­ky­kat­da­nam, ja­ýy oba­da­ky how­lu­laň bi­ri­ne ça­lyş­ma­ly­dyr? — di­ýip, gi­ýew­le­ri oýur­ga­nan­sy­ran bol­dy. — Eý­dip-beý­dip gü­nü­mi­zi gö­re­ris ah­be­ti.

— Gü­nü­ňi­zi gö­rer­si­ňiz — di­ýip, Ni­ko­laý ony yn­jalt­dy. — Oba­da aç­ly­gyn­dan gar­ny çi­şen ýok. Eger ýal­ta bol­ma­saň, el­bet­de. Mel­le­jik özüň­ki, ba­gyň bar. Hem­me zat tep-ter. Men tom­su­na na­har-no­wa­nam iýip ba­ra­mok. Aýa­lym Swe­ta-da zat iýe­ňok di­ýip ömür iňir­däp ýö­ren­dir. Men we­lin mel­le­ge, ba­ga aý­lan­ýan. Ki­tir­de­dip hy­ýar iý­ýän, po­mi­dor ýol­ýan. Po­mi­dor di­ýe­ni­ňem gan ýa­ly­dyr, Gü­ne öw­şün at­ýan­dyr. Ag­zy­ňa sal­dy­gyň — gan­dy ýat­lad­ýa. Men olaň iküç sa­ny­sy­ny duz­la­man zat et­män iý­ýän. Du­ran ýe­rin­de özem, al­ma-da im­rin­dir­ýä. Ynan­mar­syň, eri­giň ýar­ty bed­re­si­ni bir otu­ry­şy­ma iý­ýän. Ül­je­ji­gi ag­zy­ňa atar­syň, kä­şi­ri çe­kip so­g­rar­syň, smo­ro­di­na­ny çir­ter­siň. He­zil­lik. On­soň na­ha­ram iýe­siň gel­mez. Dog­ry, ke­lem­li çor­ba­ny ça­ga­ly­gym­dan bä­ri go­wy gör­ýän.

Bir­de­nem ol gül­di, ba­şy­ny aşak sal­dy, gy­tak­lap uýa­sy­na se­re­dip hi­kir­de­mä­ge dur­dy.

— Nä­me beý­le böw­re­giň bök­ýä? — di­ýip, uýa­sy so­ra­dy.

— Öý­ke­le­me­seň aý­da­ýyn.

— Nä­mä öý­ke­lä­ýin?

— Ke­lem­li çor­baň gür­rü­ňi­ni ed­ýän. Si­ziň bi­şir­ýän ke­lem­li çor­ba­ňyz­da­nam bir na­har bor­my? Ýu­wun­dy ýa­ly, men ony öl­se­mem iý­mez­dim.

— Sen nä­mä­ni de­ňeş­dir­ýäň? — di­ýip, uýa­sy her­hal öý­ke­le­di. — Men­de ke­lem­dir so­gan­dan baş­ga ata­ra zat ýok. Oba­da­ky öýü­miz­de po­mi­dor diý­jek­mi, bol­gar burç diý­jek­mi, her dür­li ot­ja­gaz­lar diý­jek­mi — ba­ry­sy le­ýis.

— Ga­ty dog­ry — di­ýip, Ni­ko­laý tas­syk­la­dy. — Po­mi­do­ry gys­gan­man na­ha­ra at­ýas. Hat­da gy­şy­na-da şeý­le. Çe­lek­dä­ki­le­rem at­ýas, po­mi­dor üw­me­ji­nem goş­ýas.

— Si­ziň ke­lem­li çor­ba­ňy­zyň ta­ga­my ag­zym­dan gi­de­nok — di­ýip, gi­ýew­le­ri aýa­ly­na äňet­di. — Ge­liň, ag­şam­lyk şa­my­ny edi­ne­liň-le.

— Nä­me, ajyk­dyň­my?

— Ha­wa, içim el­juk di­ýip ug­ra­dy.

Ag­şam­lyk şa­my­ny edin­mä­ge otur­dy­lar. Öý bi­ke­si­niň ja­na te­ne­kar şer­be­di bar­dy, se­re­de­niň­de gö­züň gid­ýär­di, iç­me­gem lez­zet­li­di. Dog­ry, Ma­ri­ýa­nyň özi içe­nok­dy, adam­sy­ny­ňam aş­ga­za­ny he­läk ed­ýär­di. On­soň Ni­ko­la­ýyň ýe­ke özi iç­me­li bol­dy. Ol uýa­lyp-çe­ki­nip dur­ma­dy. Şer­be­di sü­züp otu­ry­şy­na ta­ry­py­ny ýe­tir­ýär­di.

Ag­şam­lyk şa­my­ny edi­nip bol­du­lar. Çaý içip, te­le­wi­zo­ra se­re­dip otur­dy­lar. Il­ki fut­bol gör­kez­di­ler, soň­ra — yl­ga­ýan­la­ry. Bär­de tür­gen­ler däl-de, her jü­re adam­lar or­ta ýa­şan­la­ram, ýa­şy bir­çe­ne ba­ran­la­ram, ýaş-ýu­wuş­la­ram yl­ga­ýar­dy. Ni­ko­laý yl­gap ýö­ren­le­riň ha­ky­ky­sy­ny öz göz­le­ri bi­le­nem gö­rüp­di. Gös-gö­ni şu ýer­de, öýüň ýa­nyn­da. Ýö­ne yl­ga­ýan­la­ry pen­ji­re­den, uzak­dan syn­lap­dy, te­le­wi­zor­da we­lin, mis­li gap­dal­jy­gyň­da ýa­ly­dy: er­kek gö­bek­li­ler haş­la­şyp yl­gap bar­ýar­dy, ze­nan­la­ram olar­dan gal­ma­jak bol­ýar­dy. Du­ran­ja bir gül­kiň bar-da.

Ni­ko­laý ha­ha­haý­lap gül­di hem-de te­le­wi­zor­dan ýü­zü­ni sow­dy.

— Mas­ga­ra­çy­lyk.

— O nä­hi­li mas­ga­ra­çy­lyk bol­ýa? — di­ýip, gi­ýew­le­ri ör-gök­den gel­di. — Sport sag­lyg-a. Nä­me, siz­de yl­ga­ýan ýok­my?

— Aý, yn­ha, og­lan-uşak­lar-ha yl­ga­ýa. Ýö­ne ulu­lar-a — wal­la, şo­laň yl­gap ýö­re­ni­ni gö­re­mok. En­tek hiç ki­miň kel­le­si üýt­ge­män­dir.

— Nä­me üçin hiç ki­miň kel­le­si üýt­ge­män­dir?

— A-how, aky­ly ýe­rin­dä­ki adam nä­me üçin yl­ga­syn? Ga­ra sür­tü­len­le­ri ýog-a olaň!

Ni­ko­laý gül­män gür­läp bi­le­nok­dy. Ol gi­ýew­le­ri­niň so­wal­la­ry­na jo­gap ber­ýär­di he­mem aram-aram aşak­lyk bi­len te­le­wi­zo­ra äňed­ýär­di. Soň­ra bir­de­nem onuň keý­pi gaç­dy hem-de ýü­re­gin­dä­ki­ni da­şy­na çy­ka­ryp, çürt-ke­sik et­di.

— Ýal­ta­lar! — Soň­ra has pert gür­le­di. — Iş gör­me­dik ýa­by­lar. Sy­myş­la­bi­le­ni­ni sy­myş­la­ýa­lar, yzyn­da­nam hor­lan­jak bol­ýa­lar. Heý, beýle-de zat bolarmy? Eger ba­ry­myz iş et­män, kö­çe­ler­de loň­kul­da­şyp ýör­sek ni­çik bor? Yn­ha, özü­mi alyp gö­re­ýin, aý­da­ly, ir­den tur­ýan. Aýa­ly­mam bir ýe­ri­ni gaz­ma­ly ýa-da do­ňuz ýa­ta­gy­ny aras­sa­la­ma­ly diý­ýä. Me­nem şo­ňa de­rek kö­çe­de şa­pa­dak­lap ýör­sem, dä­li diý­mez­ler­mi?

— Baý, seň ýe­ser­di­gi­ňi — di­ýip, uýa­sy ba­şy­ny ýaý­ka­dy. — Aky­lyň öý­jü­gi. Olar iş wag­tyn­da däl-de, boş wagt­la­ry yl­ga­ýa­lar-a.

— Dog­ry, boş wagt­la­ry yl­ga­ýan­dyr­lar — di­ýip, Ni­ko­laý ýeň ber­me­di. — Özüm-ä ýe­ke­je sa­gat sy­pyn­dy­gym, şo­ny ho­ja­ly­gyň iş­le­ri­ne sarp ed­ýän. Bi­ziň og­lan­jyk­lam­my­za çen­li ýum­ruk ýa­ly­ly­gyn­dan mel­lek ag­dar­ýa­lar, su­war­ýa­lar, tow­şan­la­ra ot-çöp ber­ýä­ler, çal­man ja­ýyr­ýa­lar.

— Ýö­ne bi­ziň bag-mel­le­gi­miz, tow­şan­lam­myz ýok ahy­ry.

— Ýok bol­sa, ekiň.

— Ni­rä eke­li? Eý­wa­na­my?

— Siz­de ýer gyt däl. Men syn et­dim. Daş-tö­we­rek ha­şal ot­lar­dan gyr­ma. Siz äh­li ýe­ri ba­gy-bos­san­ly­ga bü­räň hem-de ösüp-ula­la­ry ýa­ly, ola­ra ese­wan ediň. Bol­gu­syz güý­men­je­leň­ňi­zi go­ýuň! — Ni­ko­laý ga­raçy­ny bi­len ja­nyk­dy. — Men si­ze iş ta­pyp be­re­ýin. Bu taý­da mel­lek üçin ýe­rem ag­ta­ryp bol­jak, jaý­laň ara­ly­gyn­da ýy­la­dyş­ha­na­la­ram go­ýup bol­jak. Ine, sa­ňa mugt ýy­ly­lyk. Ýyl­bo­ýy gök ekin ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek müm­kin. Por­sap ýa­tan ho­wuz­laň­ňyz­da­nam peý­da­lan­ma­ly. Ola­ry ma­za­ly aras­sa­lap, içi­ne za­ga­ra ba­lyk­la­ry goý­ber­me­li. Ba­lyk­lar le­ýis bol­ma­sa, kel­lä­mi ke­sä­ýiň. Daş-tö­we­re­gi­ňiz nä­te­ňet… Äh­li ýan­ýo­da­laň, ýol­ja­gaz­laň ug­ry dur­şy bi­len ha­pa-hu­pa… Ba­ryp­ýa­tan we­je­ra­çy­lyk, ýe­ke­je gül­ja­ga­zam ýok. Yn­ha, bi­ziň how­ly­my­za aýak sek­di­giň, dur­şu­na gül-pür­çük. Ag­şa­ma­ra bo­sa­ga­da otu­rar­syň… — Öý­le­ri ýa­dy­na dü­şen­de, onuň ýü­zi ýag­ty­lyp git­di. — Her dür­li müşk ys­ly gül­ler kü­käp du­ran­dyr — ha­kyt ysy ja­ny­ňy alyp bar­ýan­dyr… A siz­de nä­hi­li? Wal­la, yl­gap ýör­mek­de­nem baş­ga iş ta­pyp bo­lar ahy­ry! El­bet­de, iki eli­ňi gow­şu­ryp iş­siz otur­saň, on­da baş­ga gep.

Uýa­sy­dyr gi­ýew­le­ri onuň ge­pi­ne gar­şy çy­kyp dur­ma­dy­lar. Ma­ri­ýa bol­sa di­ňe onuň saç­la­ry­ny hüžžer­dip goý­ber­di.

— Wah, Kol­ýa jan… Ine-ga­na otur-da, bär­de he­zil edip dyn­jy­ňy al. Gy­şar-da, te­le­wi­zor gör, be­ýew­bar bi­ziň it­ni­şik-dyk­ny­şy­gy­myz­dan gork­ýa­nam bol­saň, ki­tap alyp oka. Ýog­sa, yn­ha, oba ba­rar­syň we­lin, Swe­ta üs­tü­ňi iş­den gö­mer. Şon­dan öt­ri özü­ňe ag­ram sal­ma.

— Meň pi­şe­siz­lik­den içim gys­ýa. Öw­re­ni­şip­di­rin şo­ňa.

Bir­sel­lem otu­ryp gü­mür-ýa­myr et­di­ler. Öý­le­ri­ni, do­gan-ga­ryn­daş­la­ry­ny ýat­la­dy­lar. Soň­ra ýat­ma­ga git­di­ler.

Dü­şe­ge geç­män­kä­ler, Ma­ri­ýa adam­sy­na şeý­le diý­di:

— Gö­rer­siň, yn­ha, gi­der… Wah, ga­ra do­gan­jy­gym.

— Ha­wa… — di­ýip, adam­sam jo­gap ber­di. — Bir­tüýs­lü­räk adam öz-ä.

— Ol go­wy adam — di­ýip, Ma­ri­ýa do­ga­ny­nyň ta­ra­py­ny çal­dy.

— Oňa er­bet diý­ýän ýog-a. Ýö­ne Hu­daý sak­la­syn, bar­dy-gel­di, ony ýo­kar­lar­da bir ýer­de da­gy otur­daý­saň… Ol bu zat­laň ba­ry­ny ha­kyt çy­ny bi­len aýd­ýa ahy­ry. Şuň ýa­ly bi­ri ýo­ka­ryk dyr­ma­şaý­sa, dün­ýä­ni ag­dar-düň­der edip, çep­be­si­ne çöw­rer.

— Bük­gül­däp ýör­me — di­ýip, Ma­ri­ýa gül­di. — Bi­ziň Ni­ko­la­ýy­myz ýo­kar­la­ryk düş­mez.

Ni­ko­laý we­lin süý­ji uku­da ýa­tyr­dy. Ýö­ne gi­jä­niň için­de pen­ji­rä­niň aşa­gyn­da bir­den nä­hi­li­dir bir ulag ar­lap, ony uku­dan oýar­dy. Ol bi­ma­za bol­dy, ukam ha­ra­ma çyk­dy. Ota­gam, öýüň içem asu­da­dy. Ni­ko­laý çy­ra­ny ýak­man aýak­la­ry­ny şar­pyl­da­dyp, pen­ji­rä­niň öňü­ne gel­di.

Ýo­luň ýo­kar­syn­da­ky hem-de jaý­la­ryň ýa­nyn­da­ky çy­ra­lar nur sa­çyp dur­dy. Gi­je­ki äpet jaý­lar tu­tuk­sy gö­rün­ýär­di. Tüm ­ga­raň­ky pen­ji­re­le­riň aňyr­syn­da, aşak­dan-ýo­kar­ly­gy­na, o çe­tin­den-bu çe­ti­ne çen­li adam­lar süý­ji uku­da ýa­tyr­dy. Müň­ler­çe-müň­ler­çe, mil­li­on­lar­ça adam. Nä­me se­bäp­den, nä­me üçin ola­ryň ba­şy bir ýe­re jem­le­nip­dir — bel­li däl. Içi uk­lap ýa­tan adam­dan hy­ryn-dy­kyn ägirt ýa­tal­ga wa­go­ny gi­dip bar­ýan ýa­ly­dy — bi­ri, onuň yzyn­dan ýe­ne bi­ri, üçün­ji­si… Ýol­da my­da­ma bol­şy ýa­ly, adam­la­ryň uku­sy­nyň ra­hat bol­ma­ga ha­ky ýok­dy. Köp ki­şi öz­le­ri­niň men­zi­li­ne ga­ra­şyp, ga­raň­ky äpiş­ge­le­ri­niň öňün­de ir­kil­ji­räp otu­ran­dyr. Ýö­ne şol men­zil ni­re­de­kä?

Ni­ko­laý şen­bä çen­li çy­dap gez­di, so­ňam ýo­la düş­di, iki gün­de­nem öý­le­ri­ne gel­di. Her dür­li sow­gat­jyk­lar, azyk önüm­le­rin­den oduk-bu­duk — ösüm­lik ýa­gy­ny, greç­ka ge­tir­di. Keý­wa­ny­sy be­gen­mek-be­gen­di, Ma­ri­ýa­nyň hal-ah­wa­ly­ny so­ra­dy.

— Ýe­ri, o taý­da olaň ýag­da­ýy ni­çik?

— Aý, nä­me di­ýe­ýin… ug­ry ýok.

— Nä­me-nä­me? — Aýa­ly­nyň zäh­re­si ýa­ry­la­ra gel­di. — Ýa­ra­nok­lar­my?

— Ýok. Ýu­waş-ýu­waş akyl­la­ry üýt­gäp bar­ýa.

— Seň özüň aý­lan­dy­ry­lyp goý­be­ri­len ýa­ly! Ýaň­ran­syň — di­ýip, aýa­ly çak ur­dy. — Öm­rüň­de bi­rin­ji ge­zek gi­di­şiň we­lin…

Ni­ko­laý aýa­ly­nyň ge­pi­ni diň­läp dur­ma­dy-da, how­la çyk­dy. Ba­ry-ýo­gy on gün öý­de bol­man­dy, ýö­ne ýa­man içi gy­syp­dy. Hat­da to­wu­jak­la­ry­nam küý­säp­di. Ol to­wuk­la­ry­nyň ýa­ny­na ba­ryp: «Tüý-tüý-tüý…» di­ýip ça­gyr­dy. Ala-mu­la to­wuk­la­ry oňa ýa­ra­ýar­dy, ola­ry şu ýyl edi­nip­di­ler. Ga­ty owa­dan­dy.

Eý­ýäm iň­rik ga­ra­lyp ug­rap­dy. Gün sap-sa­ry bo­lup ýa­şyp­dy, tas as­ma­nyň ýa­ry­sy­ny tu­tup­dy. Bir­den aýal do­ga­ny ýa­dy­na düş­di. Şu wagt uýa­sy işin­den bo­şan­dyr hem-de met­ro al­ňa­sap bar­ýan­dyr. Içi dyk­ny­şyk­dyr, ka­pas­dyr, eý­menç, da­ra­jyk sü­ren ýa­ly­dyr. Soň dü­kan­la­ra aý­lan­ma­ly­dyr. O ta­ýam mä­re­ke­li­dir, ba­ry­sam how­luk­maç­dyr, al­ňa­sa­ýan­dyr, iti­niş­ýän­dir. Hoş sö­zem eşit­mer­siň, gü­ler ýü­zem, mä­hir­li ga­raý­şam gör­mer­siň. On­dan so­ňam aş­ha­na ba­ryp gy­dyr­dan­ma­ly­dyr. Onuň uýa­sy­na neb­si agyr­dy. Oba ge­lip, uku­sy­ny be­ri al­ma­ly ahy­ry.

Ýö­ne her­nä­çe ça­gyr­sa­lar-da, uýa­sy ga­ra­sy­ny gör­ke­ze­nok­dy. Eje­le­ri­ni top­ra­ga du­lan­la­ryn­da­ky ge­lip-gi­di­şi­di, şo­lam gi­di­şi-gi­di­şi bol­dy.

Rus dilinden ter­ji­me eden Ç. GEL­DI­MY­RA­DOW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle