Gadyrly myhman
Gadyrly myhman

Tyrk-tyrkyldy
Boldy birden.
Tyrk kakyldy,
Gapy irden.
— Giriberiň,
Gapy açyk!
Ýaşyl arça
Girdi açyp.
— Alyp gelýän,
Täze ýyly!
Görüşdik biz,
Berip eli.
Hem geçirip,
Töre sary.
Iň hormatly
Ýere sary.
Geýdirdik biz,
Ýüpek parça.
Görmegeýje
Boldy arça.
Şatlanarys,
Güle-güle.
Täze ýyly
Toýlap bile.
♢ GARJAGAZ
Şeýle bir gowy,
Ap-ak garjagaz.
Gyş güni serpaý
Ýapak garjagaz.
Geýdirdi ak don
Çyplaňja baga.
Hem-de ak telpek
Geýdirdi daga.
Ýapar ýere-de
Ap-ak ýorgany.
Ol bilmez ýaly,
Sowgy, syrgyny.
Şeýle bir gowy,
Ap-ak garjagaz.
Aklygy bize
Sapak garjagaz.
♢ GOŇUR AÝYJYK
Aýyjyk bakyp
Dur ýere sary.
Görmän ekeni,
Hiç haçan gary.
Ýaganda gaýyp,
Ak ýelek ýaly.
Almandyr garşy,
Hem Täze ýyly.
Görmän ekeni,
Ýaşyl arçany.
Geýende egne,
Ýüpek parçany.
Ol görsün nädip,
Geçirse ýatyp.
Üç aýlap gyşy,
Çuň uka batyp.
Döker aýyjyk,
Gözünden ýaşy.
— Geçirjek däl men,
Ýatyban gyşy! —
Diýse-de bakyp,
Ol iki baka.
Ýene-de gyşda
Gidäýdi uka.
♢ GARADAM
— Garadam, ýatjak,
Biz öýe gidip.
Sen sowuk gije
Galarsyň nädip?
Üşärsiň şatlap,
Bolarmy, heý-de,
Ýör, boluň ýyljak
Ýaz ýaly öýde!
— Ýok, gyşda men-ä,
Dost aýaz bile.
Dost-dogan bolsaň,
Alaýaz bile!
♢ GAR GUŞY
Gökden iner,
Gar guşy.
Ýere gonar,
Gar guşy.
Daga gonar,
Gar guşy.
Baga gonar,
Gar guşy.
Güle gonar,
Gar guşy.
Ele gonar,
Gar guşy.
Daşa gonar,
Gar guşy.
Başa gonar,
Gar guşy.
Akja gardyr,
Gar guşy.
Jadygöý deý,
Gör, gyşy!
♢ DIL SAPAGYNDA
Sapak geçýän,
Garga bile.
Ökde bolsun
Ahyr dile.
— Gar, gar! — diýýän,
Oňa bakyp.
— Gak, gak! — diýýär,
Maňa bakyp.
Gaýtalaýan,
— Gar! — ýene-de.
— Gak, gak! — diýip,
Dur ýene-de.
— Gar, gar! — diýmez,
Dili açyp.
— Gak, gak! — diýip,
Gaçdy uçup.
«R» harpyny
Bilsin nädip.
Ol sapakdan
Gaçsa gidip.
♢ SANAWAÇ
Gökden ýagyp
Dur garjagaz.
Sanaýaryn,
Bir garjagaz.
Iki hem-de
Üç garjagaz.
Goýmaz ýagyp,
Hiç garjagaz.
Dört, bäş, alty,
Ýedi, sekiz.
Gaýa-gaýa,
Boldy dokuz.
Sanaýaryn,
Men garjagaz.
Boldy ahyr,
On garjagaz.
Garjagaza
Aýlap gözüň.
Dowamyny
Sanaý özüň!
♢ AÝAZBABA BILEN SÖHBET
— Aýazbaba,
Gelýäň gyşda.
Näme, diňe
Bolýaň gyşda.
Näme, ýazda
Geleňok-la.
Tomus, güýzde
Bolaňok-la.
Sowgatlary
Getirip sen.
Horjunyňda
Göterip sen?!
— Ýok, ýok, nädip
Gelerin men.
Gelsem, eräp
Galaryn men!
— Beýle bolsa,
Ýörme gelip.
Garaşaryn,
Garşy alyp.
Täze ýyl gyş
Düşende men,
Ýaşyl arçaň
Daşynda men!
♢ GAR NÄHILI ÝAGÝARKA?
Gar asmandan
Ýagar nädip.
Goşgy ýazýan,
Pikir edip.
Meniň enem
Göge çykyp,
Elär uny,
Ýere bakyp.
Ol ýagýandyr,
Ýere sary.
Bolup gyşyň
Akja gary.
Men şatlanyp,
Böke-böke,
Ýasaýaryn,
Gardan köke.
Iýäýmegin,
Birden ony.
Ýazýan ahyr,
Edip oýny.
♢ ŞADYÝAN ARÇA
Ýyldyzjyk ýaly,
Gyşyň ak gary.
Ýagýar arçanyň
Üstüne sary.
Şatlykdan doly,
Ýaşyl gujagy.
Kim şahasyndan
Asan jäjegi.
Towşan aýlanyp,
Böker daşynda.
Guşjagaz saýrap,
Bakar başynda.
Hem belkajyk-da
Öýünden çykyp.
Pişijek bile
Pyrlanar böküp.
Gör, Täze ýylyň
Gijesi bu gün.
Edibän tansy,
Açýarlar göwün.
Şadyýan arça,
Dur ýaşyl öwsüp.
Tokaýdan alyp
Gitmerin kesip.
Azat RAHMANOW.
«Nesil» gazeti, 2021-nji ýylyň 21-nji dekabry. Çagalar edebiýaty