Terslin-oñlyn goşgular we ýene-de başgalar
Terslin-oñlyn goşgular we ýene-de başgalar
▶ GOŞGUÇY HAKYNDA GOŞGY
Gözellik dünýä,
Joşupdy yşgy.
Birdenkä döräp
Başlady goşgy.
Ol ýazdy, bozdy,
Çuññur oýlanyp.
Soñam redaksiýa
Gitdi şaýlanyp.
Gowşajyk goşgy,
Berildi yza.
Oýlanjy gije,
Uky ýok göze.
Goşgyny işlär,
Edenok öýke,
Soñ ýene geldi
Redaksiýa baka.
Halandy goşgy,
Galdylar alyp,
Goşguçy gaýtdy
Şadyýan bolup.
Her gün gazetde
Garaşýar goşga.
Pikiri ýokdy
Goşgudan başga.
Ine ahyry
Gazetem çykdy.
Goşguçy goşga
Tanaman bakdy.
Begenmän, gussa
Dolupdy ýüzi.
Goşguda ýokdy
Setiri, sözi.
Bar eken diñe
Familiýa, ady.
Ýerinden galdy,
Aldy-da bady.
Gygyrdy düwläp:
— Redaksiýa gitjek!
— Ýazmany goýup,
Ýükçülik etjek!
Dursa-da çişip,
Gopguny edip.
Galam hakyny
Alypdy gidip.
Ýöne goşgyny
Bilmedi taşlap,
Ýene-de ýazýar
Täzeden başlap!..
▶ WADAÇYL
Bar bilýäni
Wadady.
Ne bir ony
Ödedi.
Iş däl, wada
Ededi.
Il-gün ondan
Ýadady.
Bir ýyl zordan çydady.
Ahyr taýyp
Gidedi!
▶ ARAKKEŞIÑ AKYLSUMAKLYGY
Sen serhoş bolup,
Içäýseñ arak.
Men deý sowathon
Bolaýsañ gerek.
Ýetirsiñ akyl,
Dünýä, köp zada.
Ýeriñ aýlanşyn
Bilersiñ bada.
▶ ÖWÜNJEÑ
Öz-özüñ öwüp
Ýörmese eger
Il ony bir wagt
Öwerdi meger!
▶ OÝUN EDIP BOLMAÝAR
Oýun edip bolsa-da,
Gaş kakyşyp göz bilen.
Oýun edip bolmaýar,
Ömürylla söz bilen.
▶ DURMUŞ TEJRIBESI
Ynandym dosta,
Goýberdi aldap.
Ynandym söýgä,
Galdym men aglap.
Ynandym pula,
Azdyrdy meni.
Ynandym neşä,
Tozdurdy meni.
Ynandym gepe,
Masgara etdi.
Ynandym garga,
Gas-gara etdi.
Ynandym kürsä,
Taýdyrdy ýykyp,
Ynandym tanşa,
Gaýdyrdy kakyp.
Ynandym öwgä,
Aýlady başy.
Ynandym görke,
Dökdürdi ýaşy.
Ynandym tilkä,
Etdi-le gülki.
Ynanýan indi
Özüme ilki.
▶ PARAHORUÑ DILINDEN
Bir gezek gynansañ,
Almanyñ üçin.
Ökünersiñ müñ gezek,
Alanyñ üçin.
▶ OKUMYŞ
Eger gaty köp
Bolsa-da akyl.
Däliräp gidýän
Ekeniñ asyl!..
▶ GEDEM WE MERDEM
Özüne söýgüden
Başlaýar gedem.
Iline söýgüden
Başlaýar merdem.
▶ «KOMMERSANTYÑ» OGLY
— Tagta çyk-da,
Aýdaý, Beki!
Bolýar näçe,
Iki iki?!
— Iki ikiñ
Bolýar alty!
— Ýalñyşýan-a
Dälsiñ gaty?!
— Hawa, ony
Özüm bilýän.
Söwdalaşjak
Bolan bolýan!
▶ GÜLLI REKLAMA
Bolsa-da epgek,
Guramaz solup.
Ýörmeli däldir
Başagaý bolup.
Bermeli däldir
Döküni, suwy.
Özüñi mydam
Duýarsyñ gowy.
Hiç ökünmersiñ,
Gysganma puly!
Sen satyn alsañ,
Kagyzdan güli!
▶ SIRKDÄKI TOMAŞA
Synlaýan sirkde
Ullakan iti.
Bakýaryn oña,
Geñirgäp gaty.
Berýärler ite
Süýjüje zady.
Şobada ýatdan
Çykarýar ady.
Eçilýär, bökýär,
Boýnuny burup.
Görkezýär maýmyn
Oýnuny gurup.
Ýa ýaranjaklap,
Dilenip başlar.
Bir süýjä merdem
Itligin taşlar.
▶ PULLY GOŞGY
Pul ýygnap geçir
Ählije wagtyn.
Bilende pulda
Däldigni bagtyñ.
Çykaýdy jany,
Eý, dünýe pany!…
▶ DYM, DYM, DYMMA!..
Dym, dym, Dymma sen,
Gürlese-de hemme sen!
Dymmalygyñ ~ gyzyldyr,
Edýänsiñiz hezili.
Ýöne dymyp ýörseñiz,
Aldyrsyñyz gyzyly!
Azat RAHMANOW.
# edebiyatwesungat_99 Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.