Faň hanymyň syry (Hekaýa)

Faň hanymyň syry (Hekaýa)

LIU Ýoň

Hytaýyň häzirki zaman ýazyjysy hem-de belli suratkeşi Liu Ýoň 1949-njy ýylda Taýwanyň paýtagty Taýbeý şäherinde dünýä inip, eýýäm ýaşlyk ýyllaryndan okuw okamak, hünär edinmek boýunça beýleki adamlardan tapawutlanýar. Birnäçe ýyllaryň dowamynda Nýu-Ýorkuň sungat institutyna wekil hökmünde iberilip, çeken suratlary Amerikanyň muzeýlerinde awtorlyk işi hökmünde giňden orun alýar. Onuň hytaý dilinde çap edilen eserleri 60-a golaýlap, aglabasy iňlis dilindedir. Ol iň bir isleg bildirilýän hem-de nusgalyk sany boýunça köp okalýan awtorlaryň biridir. Şeýle hem, onuň sungat eserleri dünýäniň 30-a golaý sergisine gatnaşandyr. Soňky ýyllarda Liu Ýoň umumy alan girdejileriniň hemem galam hakynyň hasabyna iki ýüze golaý talybyň bilim almagyna ýardam berdi. Iň gowy makalalar boýunça bäsleşik yglan edip, ýaşlary döredijilik işine çekdi. 

— Faň hanyma ( Hytaýlylar durmuş guran zenanyň adyny tutman, köplenç adamsynyň familiýasyny ulanyp, yzyna «hanym» sözüni goşup ýüzlenýärler.) soňky döwürler näme bolýar? Akyly başyndan uçan ýaly-la. Hiç ugry ýok.

— Belki, jenap Faň bilen sene-mene edendir-de, aralary bozulandyr? Beý diýseňem-ä, agşam sagat ýedi boldugy, ulagynyň gapysyny şarkyldadyp, olam-a wagtyndajyk gelýär…

Faň hanym bilen elmydama bileje dükana gidýän joralary oňa bildirmän gürrüňini edýärdiler.

— Gyzy kesellän bolsa näme? Ýöne domalan ýaly bolup, dört ýaşyna golaýlan bu tyňkyja çaga-da hiç ýerde duranok. Bir deşikden girip, beýlekisinden çykýar.

— Derdi bolup, özüniň ýaramaýan bolmagam mümkin. Aý, ýok, Faň hanym soňky gezek lukmana gidende, barlag geçiren lukman: «Ýene on ýyldanam ýüregagyry ýanyňa gelmez» diýipdir.

— Onda beýle tukat görünmeginiň sebäbi näme?

— Wiý, ýogsa-da Li hanym bar ahyryn. Ikisiniň arasyndan gyl geçenok, muň syryny şondan gowy biljek adam ýok.

Hemmeler makullady. Li hanym teklibi ret etmän, hasyr-husur işe girişdi.

Şol günden başlap işi çyksa-çykmasa ol boýdaşy Faň hanymlara gatnap ugrady. Sagyna geçdi, soluna geçdi, kän gürrüňiň başyny agyrtdy. Ýöne her zat etse-de, syrly ýagdaýyň üsti açylmady. Faň hanymyňam agzy çatylan ýaly, eger-eger gürläýin diýenokdy.

Günleriň birinde bular gürleşip otyrka Faň hanymyň gyzjagazy otagdan ylgap çykdy, onuň keltejik balagy, arkasy açyk köýnegi bardy. Ony gören Li hanym:

— Waý, onuň arkasyndan gan akýar! — diýip gygyrdy.

Muny eşitmedik gyzjagaz öz otagyna girip gitdi. Bu zatlara üns bermediksirän Faň hanym bolsa elindäki jorabyny örüp oturyşyna:

— Ýok-la, gyz, beýle däl-le — diýen boldy.

Muňa ýeň bermedik Li hanym:

— Gyzyň arkasynda bir zad-a bar, ganaýan ýaly-la.

Faň hanym «Ýok, ýok» diýýänçä, gyzjagaz ýene otagyndan düňküldäp çykdy. Li hanym gözlerini giňden açyp, oňa ünsli seretdi. Dogrudanam, gyzjagazyň arkajygy ganjaryp duran ýaly. Ol ýerinden turup görjek bolanda, Faň hanym golundan çekip oturtdy.

— Otur! Barybir, gördüň, indi gizläp oturman syrymy açaýyn. Gyzym doglanda arkasy narly doguldy. Lukman: «Iki ýaşaýança aýrylar» diýipdi, ýöne dördüne girip barýaram welin aýrylanok. Soňky görkezen lukmanym tegmiliň hiç haçan aýrylmajagyny aýtdy — diýip, Faň hanym uludan demini aldy. — Şuny eşidelim bäri janyma jaý tapamok. Özüň pikir edip gör, öz-ä gyz maşgala, ulaldygyça-da arkasyna ýaýrajak. Uzakdan seretseň edil ganjaryp duran ýaly bolup dur. Gören-eşiden näme diýer? Kakasam gaty alada edýär. Ulaldyp aýdýar diýme, çaga — çaga bolýar, ene-de — ene… Biynjalyk bolmaz ýaly bu oglanjygam däl. Ýöne haýyş edýän, bu gürrüň aramyzda galsyn.

Ýüz-gözüni çytyşdyryp, tumşugyny ýokary tutan Li hanym:

— Sen meni ho-ol gepçi aýallara deňeýän-ä dälsiň? Gaty arkaýyn bol, bu gürrüňi menden başga adam ogly bilmez — diýdi.

Li hanymyň daşyna üýşen aýallar:

— Hany, beýdip durma-da, geple gyz, oňa näme bolupdyr? — diýip, aýtda-aýt boluşdylar.

— Onuň özün-ä dar agajynyň aşagyna äkitseňem aýtjak gümany ýok, zordan biläýdim — diýip, Li hanym söze başlady. — Ýöne hiç kime aýtmajagyma söz berdim. Şoň üçinem wadamy bozup biljek däl.

— Edil sen ýaly bizem onuň bilen deň oturyp, deň turýas. Aýdanyň bilen hiç zat bolmaz. Belki, haýrymyz deger. Hany, aýt bakaly!

— Aý, bor-da, diňläň onda, bu zatlar onuň gyzy bilen bagly — diýip, Li hanym eliniň aýalaryny biri-birine urup, gören-eşiden zatlary barada gürrüň berdi.

Bolan wakadan iki-üç gün geçdi, hälki zenanlar bazara gitmek üçin çykanda, Faň hanym hem gyzy bilen geldi.

Gaýdyşyn aýallar alan zatlarynyň arzan-gymmatlygy barada gürrüň etselerem, gözleri Faň hanymyň gyzyndady, oňa içgin-içgin seredýärdiler.

— Näme üçin gyzyma dikanlap seredýäňiz? — diýip, Faň hanym gözlerini mölerdip, gyzyny ýanyna çekdi. — Li hanym bir zatlar diýdimi?

— Ýok-la, gyz, göwnüňe alma, ol bize zat aýdanok. Ynanmaýan bolsaň ertir özünden soraý. Ýöne, ine, gyzyň welin…

— Hawa, gyzym näme?! — diýip, Faň hanym gazaplanyp özüni ýitirdi. — Gyzymyň arkasyndaky dogabitdi nary bilen onuň näme işi bar? Gepçi kempir ýaly bolup agzyna eýe boljak gümany ýok… Görsem bolýar, girere deşik tapsa razy bolar — diýip, Faň hanym syryny açanyny duýman galdy.

Hytaý dilinden terjime eden Mähriban GELENOWA
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle