|

Eý, ademden älemi mowjud eden…

Eý, ademden älemi mowjud eden…

Eý, ademden älemi mowjud eden...

Eý, ademden älemi mowjud eden, zulkibriýa,
Owwalyňda gaýetiň ýok, ahyryňda intiha.

Patyşah sen, kadyry-kaýýum sen, haýýyl-ebed,
Senden özge jümle-älem bolgusydyrlar läfeta.

Kim sütünsiz asybany gaýetinde saklaban,
Ýere berdiň minnetiňde hem karar ile ryza.

Aýy, Güni ruzy-şeb köýünde sergezdan kylyp,
Kim ýügürter sen pelek burçunda her subhy-mesa.

Çarh hem gerdan durar, yşkyň bile tutmaz karar,
Bolmuş ol biçäre hem hijriňde zary-mübtela.

Jany-dilden yşk ile aşyklaryň jan berdiler,
Neýlär ol jany seniň yşkyňda kim kylmyş pida.

Jümleýi-biçäre senden derdine istär alaç,
Wäh, ki bidermanlaryň derdine sendendir dowa.

Lutp edip söýen habybyn hormat üçin ruzy-şeb,
Kylmagyl ryswa meni, şermendeýi-ýüzi gara.

Gaýyby, asy guluň dergähiňe tutmyş ýüzün,
Müstejap eýläp dowasyn, hajatyn kylgyl rowa. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle