Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa…
Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa…

Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa,
Kim onuň arzuwsy ermiş, jan alara bir bela.
Ýüz goýup yşkyň salypdyr ýüregimden jana ot,
Ot düşen daglar kibi jismim bolupdyr gap-gara.
Saçlaryň her ukdyna bir jan guşy peýwent erer,
Gel halas etmek üçin janlar guşun zülpüň dara.
Kyl nazar göwsüm şikaf eýläp pyrakyň tygyndan,
Gör, niçe olmuş bedel gana bolup bagrym ýara.
Gaýybyýam, eý, nigar-a, bolmuşam yşkyňda zar,
Bir gadam renjinde kyl, Taňryň üçin halym sora. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.