Dymyp gezip ýörün içim hümledip
Dymyp gezip ýörün içim hümledip

Dymyp gezip ýörün içim hümledip,
Golumda-da daşy könelşen Şukşin.
Belki diýýändirler maňa seredip,
Bolup ýörşi gowy-ha däl şu kişiň.
Sähralara siňsem, soňam gelmesem,
Ýitsem sessiz derýalaryň boýunda.
Dost-ýarlaryň hossarlaryň hemmesem,
Galmasady agyr derdiň teýinde.
Gussa ýüregimi köwüp teşe deý,
Soň ruhumy şoň içine gabaplar.
Dertler goş ýazdyrdy goşa-goşadan,
Gel aýt ol zyndany kimler halapdyr.
Bir ýerde özümden uzak ýerlerde,
Bir dost bar ýaly-la ahwalym aňýan.
Ol bir bilýärmikä bärde gam bilen
Dertler eşek bolýar üstümde agnap.
Şukşin maňa düşünmeýär bu çakda,
Biraz ýukalypdyr aňym-üşügim.
Ýöne alyslarda bakylyk hakda,
Bilsem diýýän öz kalbymdan düşünip.
Sylapberdi MUHAMOW.
02.05.2020 ý. Goşgular