Duýgur göwnüň küýsegi
(hekaýa)
«Sag-aman ördüňizmi, mähriban adamlar?!».
Ýene-de şol ses, şol mähriban ses. Men indi näçe wagt şu sesi edil çägäniň Güne ýyldyraşýan düwürjikleriniň suwuň her damjasyny kükregine gysyşy ýaly, ony kükregime gysýaryn. Şondanam ýüregimde saz çalynýar, menem saza meýmiräp tans edýärin.
…Bu ses meni her gün agyr duýgulardan hem-de tukatlykdan halas edýän ses. Ony ilkinji gezek Çary kakamyň kişmişlerimizi ýerläp, şonuň puluna-da telefon satyn alnyp gelen güni eşidipdim. Telefonyň özem mellegimizdäki garaluw ýaly bolup bişýän, ýapraklaryň arasyndan gymmat bahaly monjuk ýaly özüni güjeňleýän üzümlerimiziň girdejisinden alnandygy üçinmi, gözümize yssydy. Diňe üzümem däl, jigim ikimiz ejem jan bilen kakam jany ýatladýan ähli zatlara mährimiz ganman serederdik. Öýümiziň içi, onuň diwarlary, köne sandygymyz birwagtlar olaryň demleriniň siňendigi üçinmi, mukaddeslik bolup görnerdi. Üzümlerini köpeldip, köp iş edýändigimiz üçin, ejem jan bilen kakam jan hem bir ýerlerden bize guwanyp, syn edip duran ýalydylar. Elimiz işlese-de, küýümizde şu zatlardy. Çary kakamyň:
— Köşek, görýäňmi, şujagaz ýerdenem, bir hojalygy gurat aýlap boljak — diýmesem, üzümler ýöne däl bolany üçindi.
Çary kakamyň telefon alnan güni daňdan ejem pahyr düýşüme giripdir. Üzümli pelimizde bir zada garaşyp otyrmyşyn.
— Eje jan, men seni şeýle bir göresim geldi. Indi gitme!
Onuň gujagyna özümi oklaýaryn. Ol hem meni gujaklanok-da, yza tesýär. Menem oňa tarap ýetjek bolup dyzaýaryn. Şeýle bir urunýaryn. Janhowluma demimi alyp bilemok. Şol halat aňyrdan kakamyň sesi eşidilýär:
— Oglum, üzümlerimiz gowy getirdimi?
Onuň suduryny duýýaryn, birdenem tüwdürilip gidýärin. Ullakan harsaň daş ýaly kesekler meni ýöredenok. Özümi oňarman, başym çaşýar. Urunýaryn, ejeme welin ýetip bilemok. Soň birdenem üzüm hakdaky pikir kelläme gelýär: «Olar menden üzümlerini soraýandyrlar».
— Kaka, üzüm iýjekmi? Sen üzümi gowy görýäň.
Elimde-de üzüm salkymymyka diýýärin.
— Kaka, kaka jan! Iýesiň gelýär-ä, me, üzüm bişdi…
Öz sesime tisginip oýandym. Men käbämi öler ýaly küýseýärdim. Içim-içime sygman möňňüripler aglasym geldi. Oýaly-ukuly äpişgä seretsem, penjireden daň şapagy gyzaryp görünýär. Ejem pahyryň: «Daňdan çagy, Günüň dogup gelýän çagy, ikindinler aglamak aýyp» diýýäni küýüme geldi-de, agymy basmaga çalyşdym. Içim şol wagt şordan ýaňa jaýryk atan adyr ýaly tüsseläp dur. Birsellem ýene irkiljek boldum. «Ömürlik turman ýatsam, özem ýaňkym ýaly, ejem dagynyň ýanynda bolsam-da». Bu meniň göwün ýüwürtmäm däl, ýüregimiň sesi. Şol wagt birden ýüregim süllerip, iň soňky deminde damjadan ýüzi terlenen güljagaz ýaly, açylyp gitdi. Öz gulagyma ynanman, diňşirgenip, edil howadan süýji bir zady gapyp alýandyryn diýip ýatyryn.
«Ertiriňiz haýyrly bolsun!».
Bu mylakatly ses düýşümden gelýändir öýtdüm.
— Tur, Çary kakam garaşýar.
Meni gyssaýanyň jigim Serdardygyny aňym alsa-da, oňa jogap beresim gelmedi.
Düşekden ýeke ädimem daşlasasym gelenokdy. Men:
— Öýe başga kim geldi? — diýdim. Serdar «bilemok» diýen terzde yşarat etdi.
— Kim bolsun?! Hiç kim.
Men ýaňy bir özümi lampa düşege goýjak boldum welin, daşardan ýene-de şol mähriban ses eşidildi:
— Ertir bilen başlan işleriňiz şowuna, maksatlaryňyz oňuna bolsun! Ýagşy niýetleriňiz hasyl bolsun! Bagdaky bilbilleriň owazy ýaly şirinlik, ýaz bägülleri ýaly terlik hemraňyz bolsun!
Men ekezlenen ýaly boldum-da, ýerimden galdym. Ejem janyň mähriban sesi bolup, radiodaky gyzyň mylakatly sesi, ýüregimi elesledip barýardy. Aýagym ýere degmän, üzümli pele girdim. Serdar menden kiçi hem bolsa, ömür öňümden ylgaýandyr welin, şol gezek ol meniň yzyma eýgermedi.
— Agşam düýşümde-de şu ses maňa ejemiň sesi bolup eşidildi — diýdim.
Serdar sesini çykarmady.
Giçlik oňa gören düýşümi gürrüň berdim. Ol hem Aýgül gelnejeme gürrüň berendir. Ol agşamlyk öýe goňşymyz Kiçi agany çagyrtdy. «Aýat-töwir etsin» diýdi. Çary kakamam Kiçi aganyň ýanynda çugutdyryp oturdy. Şonda men ol pelimizdäki üzümleriň puluna telefon alnany üçin müýnürgeýändir öýtdüm. Üzümleri kakam bilen ejem ikisi öz elleri bilen ekipdiler. Çybygynam babaraply bir ökde bagbandan ýörite idäp alyp gelipdi.
— Şäherden gaýdyşyn, Oba hojalyk uniwersitetinde işleýän ýaşulynyň öýüne hem bardym, üzümlerini gördüm. Indiki ýyl, nesip bolsa, peliň ähli ýerine üzüm ekeli. Çary kakama-da bereris — diýip, onuň ejem pahyra gürrüň berýäni ýadyma düşýär. Üzüm eken günümiz men:
— Menem ekjek — diýip aglapdym. Asyl çagakam izzik gylygym bardy. Kakam ulagyny otlady-da, birsalymdanam eli iki sany kiçijik pilli gaýdyp geldi. Indi şol üzümler kakamyň agasy Çary kakamlaryň hem peli bilen birgiden meýdany tutup durdy. Her ýyl üzümlerimiz bol getirerdi. Aýgül gelnejem: «Oglanlaryň rysgalyna bolýan zat bi» diýerdi. Çary kakam bilen Aýgül gelnejem üzümleriň puluny eşrepi ýaly tutup, ony bizi öýli-işikli etmegiň arzuwy bilen sandygyna atyp goýýardylar. Şonuň üçinem şol üzümlerden serlen kişmişiň puluna Çary kakamyň özüne telefon alnyp gelen güni, Aýgül gelnejemiň keýpi bolmandy.
Bizi birden ol telefona gyzykdyryp goýan zat telefonyň radiosydy. Çary kakam daň bilen bazardan gelip, täze telefonynyň radiosyny açyp, özem pele giripdir. Meniň düýş görenimem şol gün daňdanyň öňüsyrasydy. Onuň radiosynyň sesine hem golumdan çekilen ýaly bolup ýerimden galypdym. Radioda gepleýän alypbaryjy gyzyň sesi ediljek ejem janyň özüdi. Soň bu sese şeýle bir öwrenişdim welin, ýaýlyma berilýän «Sag-aman ördüňizmi?!» gepleşigi başlandygy, ondaky gyzyň sesine gözümi ýalpa açýardym. Aýgül gelnejemem ýüzüni galdyrmasa-da, gepleşigi diňläp, ähli işini ederdi. Men onuň ejem jan hakynda pikir edýänini aňýardym, ol hem radiodaky alypbaryjy gyzyň sesiniň edil ejemiňkidigini duýýardy. Öýümizi tämizlemäge gireninde, onuň bizden ogrynça aglaýanyny käte eşidýärdim. Onuň öňem ýarawlygynyň ugry ýokdy. Çaga küýsegi bilen ýaş gelin mahallarynda, «Pylan ýerde janyňa em bar» diýseler gidýän ekeni. Ýöne ýeke Ajap gyzyndan başga çaga ýüzi düşmändir. Bizem heniz mekdebe gitmeýän çaga wagtlarymyzdan onuň başyna galypdyk. Ejem pahyr bilen kakam janyň ajy habaram bir günde gelipdi. Kakam ulag heläkçilige uçran badyna, ejemem ekiz jigilerim dünýä inýär welin, olara guwanmak onuň özüne nesip etmeýär. Lukmanlar zordan iki jigimi halas edip bilýärler.
Ejem bar mahalynda durmuşymyz nähili süýjüdi?! Ol bizi:
— Setdarym, Serdarym,
Baky, Wepam ygrarym,
Owal-ahyr hemişe,
Didaryndan doýmajak
Mährine zarym!
— diýip söýgüleýärdi. Setdar, Serdar — inim ikimiz. Baky, Wepa — ejem janyň arzuwy. Indi dünýä inmeli ekizleriniň adyny onuň özi saýlapdy. Şol telefon alnan, ondaky radioda ejemiňkä meňzeş sesli gyzyň gepleşigini ilkinji gezek diňlän günümdäki ýaly, şol gün hem düýş görüpdim. Näzijek, çaga ýüregim bir zat syzan ýaly, ejemiň ýanyndan gidesim gelmedi.
— Eje, seniň ýanyňda ýataýaýyn! — diýip özelendim. Ejemiň ýanyndan aýrylsam, ýüregim ýarylyp barýan ýaly gorkdum.
— Kiçikä ejeçil bolan çagalar soň gaty batyr oglanlar bolýarlar — diýip, ejem meni gujagyna gysdy. Men bir käbämiň, bir-de kyblamyň boýnundan aslyşýaryn. Soňam guzy ýaly myrlap ýatypdyryn. Ýarygije ejem:
— Sowujak suw alyp gel, Setdar jan düýşürgändir — diýdi. Men, dogrudanam, şol gün elhenç düýş görüpdim. Iň gowusy, ony ýatlamaýyn.
— Näme düýş gördüň?
Ejem meni gujagyna gysyp, şonda gulagyny agzyma tutup sorady. Men diňe onuň ýylyjak demine meýmiräp, oňa gysmyljyradym.
— Bolýa, oglum, gorkunç düýş gören dälsiň, gowuja düýş görensiň — diýip, ejem elimi boýnundan aýyrmakçy boldy. Men:
— Ýok, — diýip elejiredim, — gowy bolman geçsin — diýdim. Şol wagt gören düýşümi unudan ýaly boldum. Ýogsam ol gaty gorkunç düýşdi.
— Oglum, meniň gujagymda ýatyber, sen ullakan bolupsyň, ejeň gujagyna sygaňok indi.
Kakamyň ýeserje ýylgyryşy göz öňümden ömrem gitmez. Men ejemiň gabaranyny duýýardym.
Jigim Serdar:
— Kakamyň gujagynda ýat! — diýip, maňa uly adam ýaly bolup maslahat bererdi.
Onuň ýeserjeligine haýran galaýmaly.
— Setdar, Setdar, tursana! Gitmeli boljak öýdýän.
Men ýerimden zöwwe galdym. Şonda iň soňky gezek mähribanymyň sesini eşidýändigimi bilmesem, näme?!
Eýýäm hemme zady görüp duran ýaly, Aýgül gelnejem geldi. Ol meni gujagyna aljak boldy. Men wägirdim.
Kakam öýden çykmankalar, jigim ikimiziň ýanymyza geldi:
— «Ikiňiziň heriňize bir oglan jigi alyp berjek» diýip, size söz beripdik. Akyllyja boluň!
…Biz olaryň ýola düşenini ulagyň sesinden eşidip ýatdyk. Men Aýgül gelnejemiň höre-köşesine pisint etmän olaryň yzyndan zörledip agladym. Halys elde-aýakda duramokdym, soň sesim has hem gataldy. Stoljygyň üstündäki telefona elimi uzadyp aglaýardym. Bu meniň: «Jaň edip kakamyň sesini eşitdiriň» diýdigimdi. Aýgül gelnejem düşündi. Men telefona ýakymsyz sesimi edip gygyrdym. Birdenem telefonda ulagyň elhenç jygyldysy eşidildi. Aýgül gelnejem:
— Gohuň bar bolsun, näme boldy?! — diýdi.
Soň ol meni ýerde goýdy-da, öýlerine ylgap gitdi. Menem şol myrtar sesimi edip agladym. Ol:
— Aglap, durar ýerde durmady diýdim-le, ahyrynda bir zadyň üstünden bardy-da
— diýip, maňa gahar etdi.
Soň biz olara gitdik.
Şol gün hem biziň iň süýji, iň eziz günlerimiz soňlanan eken.
Meniň aglaýan sesimi eşiden kakam özüni ýitiren bolmaly, ulagyň ýoldan çykanyny duýmandyr. Serdar şoňa, kiçi hem bolsa, düşündi. Şol günler:
— Sen samsyk bolmadyk bolsaň, kakam heläk bolmazdy. Sen — samsyk — diýip, käteler maňa azar berip aglady. Şol günlerde jigimiziň doglandygyny Aýgül gelnejemiň:
— Atlary pahyryň öz aýdanydyr: Baky, Wepa. Unutmaweriň! — diýip, telefonda aýdan wagty eşitdik.
Şondan soň Aýgül gelnejem üçin kyn hem ýakymly günler başlandy. Ol bir tarapdan özüniň ogully bolandygyna begenýärdi. Ikinji bir tarapdan bolsa, azarymyz ýetikdi. Bu ejemiň sesini edip gepleýän gyzyň gepleşigini diňläp başlaýançak dowam edendir. Men esli oglan bolsamam, ejemli, kakamly günleri küýseýärdim. Ykbalyň bu ýowuzlygy janymy örteýärdi. Hiç köşeşip bilmeýärdim. Ýetim bolsaň, ýarym göwün bolýan ekeniň. Saňa näme hezzet edäýsinler, gözüňe görnenok. Ýogsam şol wagtlar ýaşlary elliden agan Çary kakam bilen Aýgül gelnejeme iki hojalygyň keşigini çekmegiň aňsat däldigine akylym ýetýärdi. Olaryň yhlasyny ýere çalmajak bolup jan edýärdim. Olar welin, barybir, ýüregimdäki mähribanlarymyň ornuny tutup bilmeýärdi. Käteler öz-özümden öýkelemek gylygym bardy. Muny çagalykdan ynjyk häsiýetliligimden görselerem, ejem dagyny küýsemekden edýänime Çary kakamyňam gözi ýetmän duranokdy. Has kiçi wagtlarym: «Sen aglasaň, menem aglajak» diýip, Aýgül gelnejemem käteler meniň bile bile aglaýardy. Soň ulaldyk, köne ýaranyň emi wagt ekeni. Ine, şol günem radiodaky gyzyň sesi bizi ýene şol günlere gaýdyp getiripdi. Radioda gepleýän gyzyň sesi ediljek ejem pahyryň özüdi. Şonuň üçinem «Sag-aman ördüňizmi?!» gepleşigi başlandygy biziň öýümizde gaýda-gaýmalaşyk başlanýardy. Gyzyň mylakatly sesine ukudan oýanýardym.
«Perzentleriňiz öz öýüne wepaly, ygrarly perzentler bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň manydan doly, bahar bägülleri ýaly owadan jümleleriň çemeni bolan «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda belläp geçişi ýaly, olar iliniň serdary, öýüniň hany bolsun!» diýerdi welin, hamala, bu sözleri ejem jan bir ýerlerden illere aýdyp duran ýalydy. Şeýle ýakymly hem mähir bolup duran sesi diňe ejem jandan eşidipdim. Başga adamlar meni näçe eý görselerem, olaryň sesinden onuňky ýaly mähir duýulmaýardy.
Radiodaky mähriban ses ejem janyň çagalygymda aňyma siňip galan mylaýym sesini ýyllardan, aýlardan maňa sary alyp gelýärdi.
…Men niçeme ýyllap bu sese zar bolupdym, ýitigini gözläp surnugan awçynyň ýagdaýy meniňkiden gowudyr. Ol ahyrynda awunyň şowly boljagyna umyt edýär. Meniň ejem janyň, kakam janyň indi dolanyp gelmejegine akylym çatyp durdy.
«Sag-aman ördüňizmi?» gepleşigindäki alypbaryjy gyzyň sesi janyma rahatlyk berýärdi. Men radiodan onuň sesini eşiden badyma, şähdaçyklyk bilen mellegimize çykýardym.
Mellegimizdäki üzümiň puluna alnan telefon ýyl aýlansa-da könelmedi. Men her gün «Ertiriňiz haýyrly bolsun!» gepleşigindäki gyzyň sesini hyýalyma getirip ýaşaýardym. Ol ses bir ýerlerden mähriban bir adamyň maňa ugradýan göze görünmeýän duýgudaşlygydy. Ejem janyň mährine suwsan kalbyma diňe şol ses şypa bolýardy. Mähre doly şol dünýäden hem bir güýç syzylyp, Günüň şöhleleriniň ýere goluny atyşy ýaly, ol maňa salgym atýardy. Şol günler hem meniň hyýalyma alypbaryjy gyz kürsäp girdi. Onuň sesi hyýalymda mydama eşidiler durardy, ondan men özümçe keşp döredipdim. Ejemiňkä meňzeş owadan sesli gyzyň ýüregi hem owadan bolmalydy. Ol gyz elýetmezlikdi, meniň arzuwymdy. Ses tolkunlary hakynda fizika mugallymymyzyň aýdanlaryny sesimi çykarman diňlesemem, sesiň adamyň häsiýetini aňladýandygy hakynda onuň aýtmandygyna geň galypdym. Meniň diýýän zadymyň fizika dahylly zat däldiginiň pikirini edemokdym.
— Ses adamyň häsiýetinem aýdýar — diýip, men synpdaşlarymyň arasynda öz pikirimi aýdanymda, olaryň gaty geň görenlerem boldy. Soň: «Ejem janyň mähirli sesi» diýip, düzme ýazypdym. Şol düzmäm bilenem etrabymyzda geçirilen ders bäsleşiginde ýer alypdym.
Hawa, ýyllar geçse-de, şol gepleşige yhlasym üýtgemeýärdi. Şol gepleşigi diňlemek, onda-da ne diňlemek, alypbaryjy gyzyň sesi bize irden rysgal paýlaýan perişdäniň sesi bolup eşidilýän ýalydy. Çary kakam bilen Aýgül gelnejemem oňa endik edinipdi. Bir gezegem olar bu gepleşige hat ýazdylar (muny meniň göwnümi götermek üçin eden bolmaklaram mümkin!). Çary kakam: «Şu gepleşigi yzygiderli diňleýäris, onuň döredijilik toparyna hoşallyk bildirýäris» diýip, öz ýazanlaryny okap başlady welin, men:
— Onda esasy gowy ýeri alypbaryjynyň gowulygynda — diýip mydyrdapdym. Ony bir gün görerin diýen inçe umydym bardy.
Özüm ýalylaryň jahyllyk edip, gyzlara habar gatýan ýaşlaryndakamam, alypbaryjy gyz hakynda oýlanýardym. Ejem janyň mähribanlygy ýaly mähribanlygyň diňe şol gyzda bardygyna şeýle bir ynanýardym welin, ol düýbünden nätanyş hem bolsa, meniň üçin iň ýakyn adam ýalydy. Bir gezek oňa düşnüksiz hat ýazyp kelesaňlyk hem etdim… Bolsa-da, ony jigim elimden aldy. Ýogsam men ony göni redaksiýa, şol gyzyň adyna ibererdim.
«Men Sizi gowy görýärin, Siz meniň ömrümiň manysy. Ýüregime melhem boljagam diňe siz. Bilýärin, maňa göwnüňiz ýetmez. «Obaly oglandyr-da» diýersiňiz».
— Sen samsykmy?
Serdar maňa ilkinji gezek şu sözi aýdýardy. Onuň stoluň üstünde goýan hatymy alanyny görüp, şonda oňa tarap topulypdym.
— Ber haty!
— Bermen!
Ikaralykda tutluşyk gitdi. Ýogsam biziň bular ýaly ara tow düşüp, garpyşýan ýerimiz bolmandy.
— Dur, agam, Çary kakam dagy şähere gidýärler. Iki peli ertire çenli depip bolsak, ikimizem äkitjekdigini aýtdy. Sen eşitmediňmi?! Şähere gideris.
Men näme diýjegimi bilmän sägindim.
— Gidenimizde Aýnury (Men eýýäm ol gyzyň adyny bilýärdim) nädip görjek?!
Jigim ýere çökdi, onuň bolup oturyşyna nebsim agyrdy.
— Bolýar, ilki redaksiýa jaň edeýin. Ýöne ikimizde heniz telefonam-a ýok.
Men özüme çykalga tapdym hasap etdim, ýöne munuň soňunyň nähili gutarjagyna heniz gaty ynamym ýokdy.
Serdar birden boýnumdan goluny asdy:
— Ol gyz senden gaty uly bolaýmasa.
Men sesimi çykarmadym. Sebäbi arzuw bilen ýaşamagyň hezili bilen soňy hakynda pikir hem edemokdym. Maňa şol gyzy görsem, onuň sesini eşidip dursam, ynha, şol bar bolanydy.
… Garaz, arzuw edilen gün ýetip geldi. Biz — şäherde. Niýetimiz şäheriň gaýra çetindäki Gündogar bazaryna gidip, özümize gerekli egin-eşik satyn alynmaly. Aýgül gelnejem bilen Çary kakam myhmanhana ýerleşen badymyza, obadaşlarymyzyň biriniň hassahanada ýatandygyny, şondan habar almakçydyklaryny aýtdylar-da, çykyp gitmekçi boldular. Men Serdaryň ýüzüne dikanladym: «Näme etmeli?!». Özümiňem içimi iç ýyrtyp gelýärdi.
— Çary kaka, bizem biraz şu seýilgäh tarapa gezelenç edäýeli, uzaga gitmeris.
Agzym agzyma gowşanokdy:
— Ejem pahyryňky ýaly gepleýän gyzam görsek…
Çary kakam şonda bolsa-da näme diýýänime pisint etmedi, Aýgül gelnejem irki bir wakany ýatlap kinaýaly ýylgyrdy:
— Öň bir gezek şähere gelenimizde, kinoda oýnaýan buýra saçly artist gyzam görüpdik. Sizem görersiňiz.
Ol Çary kakama henek edýärdi. Çary kakam ýaşrak mahallarynda buýra saçly bir artist gyzy gowy görüpdir, onuň oýnaýan sahnalaryny görmek üçin, üzüm satmak bahanasy bilen, şähere gaýdar eken.
Soň bize az-owlak pul goýdular-da, olar gyssanmaç çykyp gitdiler.
Otagyň içinde inim ikimiz galdyk. Soň biz radioýaýlymlaryň edarasyna gitmek üçin daş çykdyk. Serdar öňden, men hem yzdan ýöräp barşymyza, ahyry bir ýerde ädimimizi togtatdyk.
Serdaryň ýüzi aladalydy.
— Köp ýol geçdik.
Ol ötegçileriň birine habar gatdy.
— Radioýaýlymlar haýsy ugurda, bileňzokmy?
Ötegçi egnini ýygyrdy.
— Bagyşlaň, siz radioýaýlymlaryň ýerleşýän binasynyň şu ýerden näçe uzaklykdadygyny aýdyp bilmersiňizmi?
Meniň habar gatan ötegçim, aýak çekdi-de, soraýan ýerimiziň salgysyny düşündirmäge durdy.
— Görýäňmi, medeniýetli gürläp bilmegem gerekdir, inim, ynha, adama ýüzleneniňde, ýaňky edişim ýaly edip ýüzlenmeli.
Men aýagym ýere degmän diýen ýaly, görkezilen ugra tarap eňip barýaryn. Uly bina ýeten badymyza, Serdara maý bermän, özüm sorag-jogap penjiresine, kellämi uzadyp:
— Salam, bagyşlaň, aýtsaňyzlaň, «Sag-aman ördüňizmi?» gepleşigi şu ýerde ýazylýarmyka?! — diýip soradym.
Penjiräniň aňyrsyndaky aýal maňa makullaýjy jogap berdi.
— Şondaky alypbaryjy gyz şu wagt işdemikä?! Şony göreli diýip geldik welin…
Bu meniň inimiň sowaly.
— Ýok-la, biz onuň bilen duşuşmalydyk. Siz jaň edip duýduraýsaňyz, mümkin bolsa — diýip, men inimiň sözüni böldüm.
Men ondan, näme bolsa-da, ekabyrdym. Şonda inimi jogap hökmünde tirsegim bilen hürsekledim. Özüme telefon uzadylanda bolsa, aljyradymmy, näme, ýene töweregimden dalda gözledim.
— Medeniýetlije gepleş, medeniýetlije, hakyky medeniýetlije ýüzüňi görkezgin. Üzüm pelde gum agdaryp ýören oglandygyňy bildirtme!
Inimiň her sözi böwrüme dürtülen ýaly gülkimi tutdursa-da, telefonda:
— Salam, bagyşlaň, men alyp baryjylygy gowy görýärin. Siz maslahat berseňiz diýip geldim.
Ýeri, bu sözler nireden kelläňe geldi diýsene?!
— Siz telefony Dursun gelnejä beriň!
Şol wagtam ýaşlar bölümi üçin alypbaryjylar seçilip alynýan eken. Aýnuruň Dursun gelneje diýýäni ýüzüme dykgatly seretdi, şol garaýyş hem maňa alypbaryjylyga yhlasymyň derejesini ölçeýän ýaly bolup göründi. «Bu ejem jana meňzeş üýtgeşik sesli gyzy çynym bilen göresim gelendigi üçindir» diýip, aljyraňňylygymy basmakçy bolýardym. Aradan salym geçmänkä, aňyrdan bir gyz geldi-de, Aýnur Baýlyýewanyň ýanyna gelenleri garşy almak üçin gaýdandygyny düşündirdi…
Ejem jan ýaly owadan hem mähirli zenan dünýäde bar ekeni. Men oňa şony aýdasym gelýärdi. Ýöne, näme üçindir, bu pikirimi häzir däl-de, soň aýdanymy kem görmeýärin.
— Jigim, öň mekdepdäki çykyşlaryň ýazgysy ýokmy?
Aýnuruň mähirli sesine başymy ýaýkadym. Ol şol sowaly bilen, göwnüme bolmasa, menden daşlaşyp barýan ýalydy. Ýüregim öňküdenem beter gürsüldedi.
— Biz gaýtmalydyk, iň gowusy, gaýdaly.
Meniň şol wagt nämä gaharymyň gelenini häzirem düşündirerin öýdemok. Birden özümde aýap ýören, asla hiç kime ynanyp bilmejek gymmatly bir tapyndymy ýitiren ýaly boldum. Aýnuruň «jigim» diýmesi onuň maňa düýbünden üns bermezligi bolup duýuldy. Men onuň bilen oturjakdym, özüm hakda gürrüň berjekdim. Onuň bolsa bar küýi meniň alypbaryjylyga laýyk gelýänligimde ýa-da gelmeýänligimdedi. Şolbada kejirligimi etdim, yzyma öwrüldim.
— Biz soň ýene geläýeris.
Aýnuruň şonda maňa ýalt edip, gözüni balkyldadyp seredişi ömür göz öňümden gitmez. Asyl, onuň diňe sesi däl, seredişi hem ediljek ejem janyňkydy. Men saklanyp bilmedim:
— Golaý-goltumda garbanar ýaly ýer ýokmuka?! Sizem biz bilen kofe içersiňiz.
Adam pahyryň käte gepleýän zadynyň nireden kellesine gelýänine haýran galaýmaly. Serdaryň maňa mölterýänini aňýaryn. Ýöne, näme üçindir, gyzyň ünsüni özüme çekesim gelýärdi.
— Edaramyzyň içinde hem kiçeňräk garbanyşhana bolmalydyr. Ýörüň, görkezeýin.
Aýnuruň şujagaz sözi meni ýene-de öňki kaddyma getirdi. Mende hiç hili öýke ýokdy, ol biziň bilen oturyp kofe içer diýen umydym bardy. Ýogsam biziň öýümizde kofe içýän ýokdy, gök çaý bilen nepesimizi durlaýardyk.
— Näme buýurmakçy bolýarsyňyz?
Gyzyň mylaýym gepleýşini! Men näme isleýändigimi özümem bilemokdym. Onsoňam şol wagt ýanymyzdaky pul hem azdy ahyryn.
— Göni yzymyza gaýtsak, kem bolmazdy. Bizi alada edýändirler.
Inim Serdaryň sesinde ünji bardy.
— Ertirki çykyşyňyz bolsa, siz ýadansyňyz. Geliň, bile kokteýl içeliň. Kokteýli gowy görýäňizmi?!
Aýnuruň şu sözleri aýdyşy maňa has hem üýtgeşik göründi. Ejem janyň kokteýl taýýarlamagy gowy görýändigi, bize ondan içirişini men ömür unudarynmy?! Eý, Taňrym, dünýäde şeýle tötänlikleriň bolýandygyna akylym ýetsedi! Men doňdurylan ýaly bolup, gyzyň hereketini synlaýardym. Ol çetdäki stollaryň birine ýakyn bardy-da, oturjak ýerimizi peýledi. Men bolsa, onuň edil ýakynjagynda oturmagy göz öňüme getirdim-de, erksiz oňa tarap golaýlaşdym.
— Men buýraýyn. Häzirjek gelýärin.
Inim ylgap gitdi. Men Aýnuruň edil ýanjagazyna geçip oturdym.
— Siz meniň ejeme şeýle bir meňzeýäňiz, onuň ediljek özi-dä.
Bu sözleri bir demde aýtdym. Gyz ýylgyrdy.
— Oňa salam aýdyň!
Meniň başym sallandy. Uludan demimi aldym.
— Biz gelnejemlerde ýaşaýarys. Men bäş ýaşlykam, inim ikimiziň aramyz bir ýaş, olar pahyr…
Gürlemäge rowgatym çatanokdy. Özüme zor salan bolup, gyza ýylgyryp seretmäge jan etdim.
— Wah, wah, gören badyma hem şony duýdum, «Mähre zar çagalara meňzeýär» diýdim.
Onuň sözi ýene-de meniň badymy gaýtardy. Bu sapar özümi elden bermedim.
— On alty ýaşly oglan çaga bolýarmy?!
Aýnuruň üýtgeşik ýylgyryşyny görmek isläp, aşaklyk bilen oňa gözümi aýladym. Şol halat Serdar odur-budur alyp geldi. Onuň özüne mahal-mahal Çary kakamyň sowalga diýip berýän pulundan süýşürinmek gylygynyň bardygyny bilýärdim. Onuň ätiýaçdan aýryp goýýanjasy bolaýmalydy.
— Gelnejem diýdiňizmi?
Aýnuruň näme diýýänini eşitmeýärdim, onuň äheňinden göwrümim giňeýärdi. Ejem jana diňe bir sesi däl, özem gaty çalym edip duran zenanyň ýanyndadygyma henizem ynanyp bilemokdym. Eý, Taňrym, munuň soňunyň nähili gutarjakdygy welin akylyma sygmaýardy.
— Çary kakam kakamyň agasy, ol biziň duldegşir goňşymyz, onuň maşgalasy Aýgül gelnejem. Ömürboýy olardan hoşal, ýöne siziň ýanyňyza gaýdanymyzy bilýän däldirler.
Serdaryň radioýaýlymyň edarasyna gaýdanymyzdan Çary kakam dagynyň habarsyzdygyny ünji edinýändigini bilsemem, geplemezligini isleýärdim. Birden Aýnur ýanymyzdan turup gidiberse, ýüregim ýarylaýjak ýalydy.
— Bizi alada edip duraslary ýok-la, onsoňam biz indi uly oglanlar. Özbaşdak.
Şol wagt hem kakamyň ýüzüni sallap, stola tirsegini diräp oturan keşbi göz öňüme geldi. Öz bolup oturyşym hem edil şolar ýalydy. Dünýäde tötänlik bolmaýar ahyry, haýran galaýmaly!
— Kakam ylmy iş edýär eken. Biz olara asla meňzemeýäris diýen ýaly.
Men elimi stoluň erňeginden aýyrdym, özüm bilmezden, elimi ýeňsäme goýdum, ýene kakamyň hereketini gaýtalaýanymy bilýärdim. Aýnuruň ýylgyryp aşak bakyp oturanyny görüp, gaýtam ekezlänýärdim. Bu onuň maňa geplemäge rugsat berendiginiň alamatydy. Onuň bilen biz öňden hem gaýybana tanyşdyk ahyryn.
— Çary kakam bilen Aýgül gelnejem diýýänim gowy adamlar. Ýöne biz olara öň «Çary kaka» ýa-da «Aýgül gelneje» diýip ýüzlenip ýören bolanymyz üçin, häzirem şolar ýaly ýüzlenýäris. Biz olara «eje-kaka» diýsek, olaryň ýeke gyzlary bar, ady Ajap, şol gabanýardy. Indi ol ulugyz.
Aýnur bilen gürrüňimiz alyşdy. Garbanyşhana gelýänleriň sany köpeldi, işgärler günortanlyga çykan bolmaly.
Men darygyp başladym. Özüne habar gatýanlara Aýnur mähirli ýylgyryp başyny atýardy. Göwnüme, olar meniň iň soňky umydymy elimden ogurlap barýan ýalydy.
— Men saňa düşünýärin.
Meniň şol pursatda gözüme biygtyýar ýaş geldi.
— Ýaşuly, halypa işgärlerimiz bilen hem käte şol meselede pikir alyşýarys. Adam diňe bir maddy islegini däl, eýsem, ruhy isleginem doly kanagatlandyrmaly. Şonda ol hakyky derejeli adam bolýar. Bir ýerden okapdym şuny: «Doganlar dürli hilidir, onda esasy zat gan gatnaşygy däldir, ruhy doganlarda pikirleriň, garaýyşlaryň we maksatlaryň birligi bardyr. Ruhy taýdan ýakynlygy bolan adamlar birek-biregini pikir taýdan ösdürip bilýärler» diýip ýazylypdyr. Maşgala agzalarynyň özara ýakynlygy olaryň ruhy bitewüligini emele getirýär. Bolýar, men siziň kelläňizi agyrdyp oturmaýyn. Ynha, ulalarsyň, şonda özüň düşünersiň.
Eý, Taňrym, bu gyzyň sesindäki meni özüne çeken zat, diňe ejem jana meňzeşligi däl, ol akylly zenan. Akylly bolandygy üçin, onuň sesi maňa üýtgeşik göründi. Adam sesini ýüreginden geçirip aýdýar. Sesiň ýöne bolmaga haky ýok. Onuň maňa mähirli ýüzlenmegi hem ýüreginde üýtgeşik jadynyň, adamy güýçli edip bilýän gudratyň bardygy üçin.
— Bolýar, bagyşlaň, meniň ýazgym bardy. Siz salgyňyzy şu ýere ýazyň, telefon belginem unutmaň…
Ol hoşlaşmalydygymyzy duýdurdy. Men onuň öňümde goýan kiçijik kagyzjygyna salgymy belleşdirdim, elim zordan diýen ýaly hereket edýärdi. Ojagaz kagyza başga zatlary, ýüregimdäkini ýazasym gelýärdi. Meniň, haýsydyr oba oglanynyň ýazanja şojagaz hatyny Aýnur ýanynda göterer diýip inçe umyt edýärdim.
Aýnur emaý bilen örülen saçyny gysymlady, öýümizde ejem janyň edil şolar ýaly suraty bardy.
Biz yzymyza gaýtdyk. Myhmanhananyň agzynda Çary kakam bilen Aýgül gelnejem bize garaşyp duran ekenler.
— Näme beýle eglendiňiz, nirelere aýlandyňyz?
— Şu töwereklere.
Başga zat aýdasym gelmedi. Inim hem uzyn däliziň çetindäki diwana çökdi.
— Oglanlar ýadandyr.
Çary kakam garbanmagyň aladasy bilen boldy. Orta öýden getiren gowurdakly jamymyz hem petir çörek alyndy.
Men tamşansamam, işdäm ýokdy. Bir tarapdan örän bagtlydym.
Şol gün Çary kakam dagy ir agşamdan irkildiler. Olara özümiň Aýnury görenimi, özümiňem niredendir bir ýerden oňa diktor bolmak arzuwymyň bardygyny aýdanymy gürrüň bermäge bognum ysmady.
— Diktorlyga birden saýlanyp alnaýsaň, ýaşlyk bölümine işe çagyrylsaň, näme etjek?
Inimiň howsalasy ýöne ýere däldi. Men sesimi çykarmadym. Dogrusy, onuň pikirinem edemokdym.
…Men edil adatdakylarym ýaly, «Sag-aman ördüňizmi?!» gepleşigi başlan uçurlary mellegimize çykýardym. Çary kakamyňam aladasy ýetikdi, biz ulalýançak, tamymyzy abatlajak, onuň goş-golamyny täzelejek, garaz, iş ýetikdi.
— Biz garrarys, sen Ajap uýaňyza-da, inileriňe-de özüň hossar bolmalysyň — diýip, olar meniň gulagyma guýýardylar. Ýogsa-da, alypbaryjy bolmaga synanyşygym hem ýöne tamamlanmandy. Bir gün mekdebimize ýörite çakylyk haty geldi. Meni ýaş alypbaryjylaryň döwlet gözden geçirilişine çagyrýardylar. Barybir, Çary kakam bilen Aýgül gelnejem meniň alypbaryjy bolmagymy näçe isleselerem, oňa gidesim gelmedi. Aýagymy depip duranym üçin, Çary kakam mekdebimiziň müdiri bilen özi gürleşip geldi.
Şeýdibem ýene öňkimiz ýaly, biz Çary kakama kömekleşdik. Her gün irden agşamky ýygan üzümlerimizi gelip, bazara alyp gidýärdiler. Şol aralykda Aýnura Çary kakamyň telefonyndan birki gezek jaň hem edipdim. Aýnur meniň alypbaryjylaryň bäsleşigine barmazlygymy gaty görmedi.
— Saňa has gowy zatlar garaşýandyr, öz ýüregiňi diňlemeli — diýdi.
Men, hakykatdanam, öz ýüregimi diňleýärdim. Onda bolsa, maňa iň ýakyn hossar hökmünde-de, pikirdeş bolubam diňe Aýnuruň ady gaýtalanýardy. Käbir kitaplarda şeýle adamlara «ideal» diýilýändigini inim aýtdy. Meniň belli alypbaryjy gyz bilen telefonda edil ýakyn adam ýaly jaňlaşmagym, Çary kakam daga ýaraýardy. Şol ýyl men soňkurak kysymlardan bir telefon hem alyndym. Çary kakamyň telefonyna bir-iki gezek Aýnuruň meni sorap jaň etmegi şoňa sebäp bolandyr.
Aýnur jaň edende, Aýgül gelnejem bir ýerde durup bilmezdi. Ajap tä gepleşip bolýançam, ýanymdan aýrylmazdy.
Aýnur bilen duşuşan günüm çagakam ýitiren dünýämi tapypdym. Onuň bilen gepleşmäge sebäp hem tapylýardy.
— Kitap pikirdeşiň bolup biler. Men Wiktor Gýugonyň «Boýunegmezekler» romanyny, F. Dostoýewskiniň «Ak gijelerini» okap, edebiýatyň nämedigine düşündim. Dünýä edebiýatyny hem okamaly — diýip, ol maňa gürrüň bermäge başlardy welin, onuň her sözi ýüregime zerlenip ýazylýardy. Men juda bagtlydym. Okuwyma-da öňkimden höweslenip başlanymy mugallymlar Çary kakama aýdýardylar. Ol paýhaslylyk edýärdi, meniň «Sag-aman ördüňizmi?» gepleşiginiň alypbaryjysy gyz bilen şähere gidenimizde gepleşenimi, häzir hem jaňlaşýanymy illere aýtmaýardy.
Aýnur maşgalamyzyň syrydy. Ondan eşidýän zadymy welin, käte geň görüp agzamam bardy.
— Grigoriý Çikow diýýän ýazyjynyň Çik hakyndaky hekaýatlaryndaky aýalyň gülleriniň owadanlygyny görseň, ol ideg etmäge şeýle bir ökde. Gülleri ýylda birnäçe gezek gülleýärler — diýip, men gyzykdyryp, özümçe dabaralandyryp geplemegem öwrenipdim. Özüme: «Kakasy pahyryň agynjak özi. Şonuňam kellesi güýçlüdi» diýilýänine eselen bolýardym.
Mellegimizdäki üzümlerem garraýardy. Olaryň ornuna täze üzümleri ekip, üzüm töňňelerini hem mellegimiziň aýagujunda telär edip, şonuň üstünde basyp goýupdyk. Aýgül gelnejem:
— Öňümizde toý köpdür, enşalla, bular tamdyr-ojaga odunlyk üçin gerek bolar — diýýärdi.
Hawa, dogrusyny aýtsam, men heniz hiç zat bilemokdym. Aýnuruň geljegim, ýok, geljegimiz bolmagyny welin, şeýle isleýärdim.
…Aýnur bilen ikinji gezek duşuşanymyzda, men oňa ýüregimi açdym. Onuň eger-de göwnünde başga hiç kim ýok bolsa, öýümize hemişelik gelmegini isleýärdim. Soň ol:
— Sen ynha, okuwa girersiň. Köp adamlary görersiň, pikiriň hem üýtgär. Häzir welin, senden hiç zady gaty göremok — diýdi, maňa pikirlenmegi tabşyrdy.
Onuň ilkibada hem meniň bilen dözmezçilikden gepleşendigine gözüm ýetýärdi, ýöne muny boýun alasym gelenokdy. Aýnuruň üýtgeşik adamdygy meniň ömür ygrarly galjak aksiomamdy. Onuň ahyrynda durmuş kesgitlemesi boljakdygyna ynanýardym. Bir günden bir gün howlymyza perişde ýaly bolup, Aýnur gelin bolup düşer diýýärdim. Şonda hem ejem jan aýatda mahallaryndaky ýaly hezil durmuş başlanar…
Aýnur bilen şundan soň esli salym gepleşmedim. Men onuň aýdyşy ýaly pikirlenýärdim, onuň göwni üçin pikirlenýärdim. Aslynda welin, Aýnura bolan garaýşymy hiç bir zat üýtgedip bilmez diýen ynamym bardy.
Ahyry bir gün oňa ýene özüm jaň etdim. Ol habar soraşan badymyza:
— Sen maňa özüň hakda köp zady gürrüň berdiň, men hakda bilesiň gelenokmy?! — diýdi. Aýnuruň sesi maňa şol pursat ykbalyň çakylygy bolup çawuş çakandyr. Özümi unutdym, göwnüm, gör, nirelerdedikä?! Adamyň gyzyklanmasy onuň pikirinden has güýçlüdir. Akyl bilen pikiriň maňzyna baryp bolýar, gyzyklanmanyň, höwesiň welin «diline» düşünmek her bir kişä asyl eýgerdibem durmaz. Meniň höwesim, şonda Aýnuruň sesi bilen howalanan höwesim hakykatyň keşbinde durkuma siňip gidipdi.
— Gürrüň berseňizläň!
Şol günem biz alypbaryjy gyz bilen bir gün duşuşmagy şertleşip hoşlaşdyk. Bir bahana tapyp şähere gitmelidi. Her näme bolsa-da, Çary kakama Aýnury görmäge gitjekdigimi aýtmaga çekinýärdim. Şol aralykda hem ýüregim Aýnur bilen dem aldy, onuň bilen ýaşady. «Sag-aman ördüňizmi?!» gepleşigini öňkülerimiz ýaly, diňleýärdik. Aýnuruň gepleşigi maşgalamyz üçin täze günüň başlanandygyny buşlaýan göwün göteriji säher simfoniýasy bolup, ýaňlanýardy.
— Aýnuruň gepleşigindäki aýdymlaram onuň özi saýlap alýarmyka?! — diýip, bir günem Çary kakamyň özi ondan söz açdy. Onuň gyzyklanmasy maňa geňdi, şonuň üçinem: «Bu tötänlik däl-de, özüni oňarmaz Taňry bendesine — maňa Ýaradanyň garadygydyr» diýip, özümçe pikir öwürdim.
— Hawa, gepleşigiň ses režissýoram onuň özi. Çary kaka, gepleşikde säher bilen sergin howanyň, ukudan oýanan tebigatyň sesini, adamlaryň hereketlerini jemläp bermek üçin, olary ses, saz, dürli äheň bilen aňlatmaly. Şolaryň ählisini edýänem režissýor. Iň bärkisi, pikir edip görüň, gepleşigiň adyna, onuň şol ada laýyk gelmegi üçin alypbaryjynyň edil säheriň içinden çykyp gelýän ýaly bolup mylakatly gepleýşine sered-ä.
Men özümiň dyngysyz gepläp duranymy, Aýgül gelnejemiň geňirgenip seretmesinden bildim. Inim Aýnur hakda gepleýänimi halamaýardy. Meniň bolsa, öz maksadym bardy. Şonda:
— Aýnur bilen okuwa girmek hakda maslahatlaşaýjakdym welin, şähere gidäýeýin?! — diýdim.
— Okuwa?
Çary kakam geň bir söz eşiden ýaly, maňa öwelip seretdi.
— Okuwa girjegiň-ä gowy. Kim boljak?! Merdan jan ýaly alymmy?! Ýa Merjen pahyryň ugruny saýladyňmy?!
Kakam bilen ejemiň ady tutulandan, ýüregim gyýlyp gitdi. Meniň okamagym öz mähribanlarymyň ruhuna hormatymdy, okap olara doga edýändigime ynanýardym.
— Takyk ugur öz-ä, görerin-dä.
Men heniz nähili okuw mekdepleriniň bardygynam doly bilemokdym.
— Şähere gidenimizde «Takyk ylymlar» diýip ýazylgy ýeriň ýanyndan geçýärdik.
Ertesi irden Çary kakamyň özi meni ýola saldy. Ulagy bilen duralga çenli getirdi, inimi hem ýanyma goşup goýberdi. Soňam esli salym yzymyzdan seredip durdy.
Biziň keýpimiz kökdi. Şähere gelenimizden soň, seýilgähiň ýanynda Aýnur bilen görüşmelidik. Kiçeňräjik tegelek aýmançadaky stola elini diräp oturan Aýnuruň şol sypaty ömrem göz öňümden gitmez. Ol bizi gördi-de, ýylgyrdy. Men bolsa, onuň nämedir bir zat diýip özümize habar gataryna garaşýardym. Ädimim hem şol pursat haýallady. Onuň:
— Tüweleme! Siz uly oglan bolupsyňyz — diýen sözüne Serdar ikimiz biri-birimize seredişdik. Onuň hem örän gowy gyzdygyny aýdasym gelýärdi. Dilimden daş asylan ýaly aýdyp bilmeýärdim.
Biz oturdyk. Inim ynjalyksyzdy, bir zat aýtmagyň ebeteýini tapmaýana meňzeýärdi.
— Seýilgähi göresiň gelýärmi?
Men muny inim üçin ýöne oturmagyň gyzyksyz boljagyny aňanym üçin aýdypdym. Soň Aýnur ikimiz galdyk.
— Şu ýyl mekdebi tamamlaýaňyz-da onda?
Meniň gepläsim gelenokdy. Onuň ýanymdadygyny duýup, köp wagtlap oturasym gelýärdi. Geplemesemem Aýnur ýanymdan gider öýdüp hem janym çykyp barýardy.
— Neme, men şu ýyl okuwa girmeli, mekdebiň soňky ýylynda şu wagt. Matematikany erbet göremok. Edebiýatdan bäsleşige gatnaşanymda ýer aldym, şonda hekaýa ýazdym. Siz hakda-da ýazdym.
Men başly-baratsyz bir zatlar diýdim. Edebiýatdan bäsleşikde ýazanym ýogsam ejem jan hakyndady.
— Be-e, «Aýnur» diýen tema barmydy?!
Aýnuruň gözleri ýylgyrdy. Men ýedi gat Asmana çykan ýaly bagtlydym. Ol ýylgyrar ýaly söz tapanym üçinem bagtlydym.
— Siz alypbaryjylygy gowy gördüňizmi?
Men ol hakynda köp zat bilesim gelýärdi.
— Ýok-la, menem edil seniň ýaly, tötänden şu ýere geldim.
Men şonda oňa ilkinji gezek dikanlap seretdim.
Gyz meni ünsli diňleýärdi.
— Size şeýle bir seredesim gelýär. Gözlerime siňip gitseňiz, menem öýe baranymdan soň, şol gözümde galan Aýnur bilen ýaşasam…
Indi men oňa seretmeýärdim, gözüm ýerdedi. Munuň soňunyň nähili gutarjagy akylyma syganokdy.
— Ikimiziň näçe ýaş tapawudymyzyň bardygyny ýatladaýynmy ýa-da özüňem bilýärmiň?!
Aýnuruň sesi galagopludy.
Hawa, şondan soň çynlakaý tanyşlygymyz başlandy. Aýnur özüniň mekdebi tamamlan badyna, alypbaryjy edilip işe çagyralanyny, soň hem dil ugrundan okandygyny gürrüň berdi.
— …Ol meni şeýle bir gowy görýärdi, bir minut görmese, ýüregi ýarylyp barýardy — diýip, gürrüň berip başlady welin:
— Onuň söýgüsi meniňkiden güýçlüdir öýdýärmiň? — diýip, şu sözüň nädip dilimden sypanyny özümem bilemok. Aýnur başyny atdy.
— Seň bilen Aşyryň tapawudy örän uly.
Özüm ondan gowy görülýändirin diýen pikir bar küýümi alypdy. Sesimi çykarman, Aýnur ahyrynda ýüregime melhem boljak şol sözi aýdar diýip, ondan gözümi aýyrman seredýärdim.
— Näme üçin toý etmediňiz?
Men nähilidir bir ýakymly söz eşitmelidim. Bu göwnümiň islegidi.
— Ol düýbünden başga adam ekeni. Men ony tanaman, bilmän gowy görüpdirin. Hat-da onuň bilen toý etmäge razylyk hem berdim.
Rüstem bolmak pikiri başymy alanyndanmy:
— Saňa näme diýdi? Göwnüňe degdimi? — diýdim, gaharyň ýüregime kürsäp urmasy şol pursat özüme-de geň görnüpdi, barha ekezlenip, sesimem endiredi.
— Nirede şol Aşyr? Meň bilen gürleşdirsene şony. Hany, Aşyr?
Aýnuruň garaýşyndaky geňirgenme şol pursat ýüregimdäki harasaty ýom-ýok edipdi.
— Indi giç, Aşyr ýok. Neressäniň ömri gysga ekeni.
— Näme boldy oňa. Bagyşla, Aýnur!
Men boýnumy aşak saldym.
— Ýüreginde dogabitdi bir kemçilik bar ekeni, ahyrynda bir günem…
— Lukmanlar… — Men oňa nämedir bir zatlar diýmekçidim. Aýnuruň bagtly bolmagyny isleýärdim.
— Ejem maňa Aşyry ýatlasam: «Ajaly ýetene alaç ýokdur» diýýär. Hassahanada ýatyrka, onuň ýanyna her gün barmalydym, ýagdaýyny soramalydym. Ejap etdim. Ol ýogsam her gün meni soraýan ekeni. Indi ökünýärin, soňuna çykyp bilemok.
Aýnuruň gözünde ýaş düwmelendi. Men ýerimden silkinip galdym.
— Aglamaň!
Meniň bu sözüm ony özüne getiren ýaly etdi.
— Şu zatlary ýatlamaýyn. Siz özüňiz hakynda köp zat gürrüň bereniňizden soň, menem aýdaýyn diýdim. Indem özüme gelip bilemok. Ýüregim ýalňyz. Ýanymda ejem bar, kakam, doganlarym daşymy gallap durlar. Gowy görýän adamyňy ýitirmek gaty erbet hasrat ekeni.
Ol ýene öňküsi ýaly ýylgyrmaga çalyşdy.
— Siz bagtly bolmaly gyz.
Meniň ony köşeşdiresim, gowy, mähirli sözleri aýdasym gelýärdi.
— Siz maňa durmuşa çykyň, men size ömür wepaly bolaryn. Sizi aýap saklaryn.
Böwet ýarylan ýaly bolup, dilimdäki ähli sözler aýdyldy…
Hawa, şeýdibem men Aýnura öýlendim…
Taňrymyň maňa şeýle bagty miýesser edendigine häzirem begenýärin. Bu ylahylykdyr.
Meniň halaýan gyzymyň Aýnurdygyny bilenlerinde bolsa, Aýgül gelnejem bilen Çary kakam sözaýdyjy gitmäge, tizräk garyndaşlyk açmaga howlukdylar. Mellegimizde soňky ekilen üzümler hem bu ýyl hasyl görkezip başlapdy. Çary kakamyň şolary görüp, egninden agyr ýük aýrylan ýaly, ýüki ýeňledi. Aýgül gelnejem ikisi toýuň şaýyny tutup başlady.
Men şol ýyl uniwersitetiň matematika bölümine okuwa girdim. Şol günlerden Aýnur bilen birleşen ykbalymyzyň taryhy başlandy. Ençeme ýyldan soň öýümiz ýene gelşigine geldi. Öýümiziň diwarlary gülküden hem şatlykdan ýylylyk tapýan ýaly, täzelendi. Onuň diňe tamymyzyň içini-daşyny abatlap, düşekleriniň täzeje bolandygy üçin däldi…
…Ertesi irden ýene öňkülerimiz ýaly «Sag-aman ördüňizmi?» gepleşigi ukudan oýardy.
Men süýji ukudan ýatan Aýnurumdan gözümi aýryp bilmän oturyn. Onuň diňe bir sesi däl, dem alşy hem meniň üçin bir zatlary aňladýar.
Şu günki ýaýlymda onuň sesinde nähilidir bir ünji bardygyny duýdum.
Şony welin alada edýärin.
Penjireden mellegimizdäki garaluw ýaly üzümler bulduraşyp görünýärdi…