Durmuşymyzyň iň gowy güni
Lewon MKRTÇÝAN,
ermeni ýazyjysy
Durmuş gyzykly wakalary başdan geçirýändigimiz ýa-da olara gözli şaýat bolýandygymyz üçinem ajaýyp! Meniň öňräkden bäri gysgajyk, her kese düşnükli bolup biläýjek wakalary ýandepderçäme bellik etmek endigim bar. Ine, indem göýä, dürli gymmatlykdaky şaýy pullary bir gutujyga toplan kimin, men olary bir kitaba jemledim. Göräýmäge, ähmiýet bereniňe degmeýän wakalar, emma olaryň her biriniň aňyrsynda ynsan kalby görünýär.
Ýekeje garaly
Çagalykdan şäherde önüp-ösüp, gara asfalt düşelen köçelerde kemala gelip, indem men bagban bolmaga höwesek boldum oturyberdim. Mellek ýerimde mundan üç ýyl öň alma, garaly hem-de erik nahallaryny oturtdym.
Nahallar kök urup çalt ösdi, mäkäm düýp tutdy. Olar heniz miwe getirenok. Emma şu ýyl olaryň arasyndaky garaly baglarynyň birinde ýekeje garaly peýda boldy. Men indi her säher şol ýekeje miwä edil gyzylly halka, gudrata tomaşa edýän ýaly, ep-esli wagtlap guwanmak bilen seredip durýaryn. Ol iň aşakky şahanyň bagyň bilinden bölünýän ýerinde gizlenip otyr. Ol heniz çig, göm-göklügine öwşün atyp, azajyk kümüşsöw mahmal reňke boýaljak bolýar.
Ine, meniň bagymda garaly ösýär, ol bişmek üçin günbe-günden süýjülik şerbedini toplaýar.
Söýgi
— Men oňa birdenkä aşyk bolaýdym — diýip, ýaş inžener özüniň ak ýüzli, okara gözleri balkyldap duran zyba gelni barada gürrüň berýärdi: — Tutuş bir aýlap bile işlesegem, oňa asla ünsem bermändirin. Bir gezek görsem, ol gaty tukat oturan ekeni, gözlerem bir gamgyn, bir gamgyn, edil aglaýjak-aglaýjak bolýar. Men ondan sebäbini soradym, olam şeýle gürrüň berdi. Asyl, eldeki edilen aýylar sirkiň sahnasynda bäş ýyl tomaşaçylara hezil berip bilýär ekeni, soň bolsa sirkiň ýagty yşyklaryndan gözleri gapylýarmyşyn. Şonuň üçinem alada ederlermi diýip soraýaryn. Emma aýylaryň kysmatyna-da gynandym. Şol wakadan soňra men oňa aşyk boldum oturyberdim. Ine, indem bir ýyl bäri biz är-aýal.
Nastýajyk
Men myhmançylyga bardym. Myhman ýerimiň Nastýa diýen alty ýaşly gyzy (onuň meni ilkinji gezek görşi) öz otagyndan gygyrýar:
— Eje, men daýydan ýene bäş minut utanyp, soň baraýyn?
— Eje, men haýsy köýnegimi geýeýin, güllüjesinimi ýa gülsüzini?
Ahyry Nastýajyk gülli köýnejigini geýip biziň ýanymyza geldi. Nazary çynlakaý, manyly hem-de garagolluk bilen oýnaklaýan eýjejik çaga.
— Eje, men Lýowa daýynyň kime meňzeýändigini aýtjak.
— Diýýäniň näme, Nastýa jan! — diýip, ejesi onuň näme aýtmakçy bolýandygyny bilmänsoň aljyrady.
Nastýajyk:
— Lýowa daýy adama meňzeýär, ýöne çişik adama… — diýdi.
Men monça boldum. Uzakly günem keýpiçag gezdim.
Adygan lukmanmy?
Alty-ýedi ýaşlaryndaky iki oglanjyk ýap-ýaňyja tanşypdy, olar heniz oňly lakgyldaşybam ýetişmänkäler, öňlerinde garpyz getirip goýdular. Olar garpyza işdämen topulyp, ony sähel salymda edil ýyldyrym uran ýaly edäýdiler. Oglanjyklaryň has horany, özünden we ýalpyldap duran gara çigitleri bolan içi köz ýaly garpyzlaryň ýetişýän dünýäsinden hoşal bolup, buýsanç bilen petekesini gabardyp şeýle diýdi:
— Meniň kakam lukman!
Garpyzy çamanrak iýen beýleki oglan lukmanyň oglunyň öwünjek bolýandygyny aňdy. Ol düwnükdi we agzyndan garpyz çigitlerini tüýkürip, dessine garşylyklaýyn hüjüme geçdi.
— Adyganmy, ýa däl? — diýip sorady.
Bu oglanjyk durmuşda edil ýazyjylar ýaly, il içinde belli ýa-da o diýen tanalyp barmaýan lukmanlaryňam bolýandygyny bilýärdi.
Hassahanada
Ogly lowurdap duran gözüniň agy saralan garry kakasyna igenýär:
— Kaka, nämüçin däri-dermanlaryňy içeňok, lukmanlar senden nägile.
— Siz näme maňa däri-derman baryny somlap otyrsyňyz? Günde on sekiz gerde içmeli, heý-de, beýle zat bolarmy?! Men bir akademigiň makalasyny okadym, ol dermanhanadan saglyk satyn alyp bilmersiň diýip ýazýar. Sen maňa, gowusy, köpräk miwe getir! — diýip, goja gatyrgandy.
Terjime
Ispan ýazyjysyny garşyladyk, ol rus dilini az-owlak bilýärdi.
— Täze romanyňyzyň ady näme? — diýip, ondan soradyk.
— Nädip terjime etjegimi bilemok, manysy şeýleräk: nädip ýaşajagyňy, näme etjegiňi bileňok.
— Hä-ä, düşnükli — diýip, söhbetdeşi netije çykarýar. — Muny şeýle terjime etse bolar: biziň saýlaýan ýollarymyz.
Dünýäde iň gowy aýdym
Biz Lewon bilen ildeş, ikimizem Gruziýada doguldyk, ösüp-ulaldyk.
Bir gezek men ýarawsyz Lewony soramaga bardym.
— Birneme ýaramadym, ýagty jahan bilen hoşlaşaýjagam boldum öýdýän. Bilýäňmi näme, bu ýerde men paýhaslandym — «Soshali war, soshali…», ýagny «Diri men, diri…» diýen gruzin aýdymynyň manysyna akyl ýetirdim. Bu — dünýäde iň gowy aýdym. Manysy çuň aýdym. Kysmatymyzda näme bolsa bolaýsyn, biz elmydama «Soshali war, soshali…» diýip, gygyryp aýdym aýtmaly. Galan zatlar biderekdir, durmuşyň üns bereniňe-de degmeýän bolgusyzlyklarydyr.
Durmuşymyzyň iň gowy güni
Meniň amerikan ýazyjysy Uilýam Saroýan bilen tas her gün diýen ýaly duşuşan döwrümem bolupdy. Işi şowlan günleri Saroýan bagtyýar ýylgyryp:
— Şu günüň durmuşymyzdaky iň gowy gün bolmagam biçeme däldir! — diýýärdi.
Saroýan özüniň durmuşyndaky iň gowy güni gözleýäne hem-de ony ömürlik ýatda saklasy gelýäne meňzeýärdi. Biz aradan iki ýyl geçensoň, Ararat dagynyň eteginde dostlarymyz bilen güneşlije günleriň birinde dynç alyp bolamyzsoň, Saroýan maňa tanyş bolan şo-ol sözlerini dile getirdi:
— Şu günüň durmuşymyzdaky iň gowy gün bolmagam biçeme däldir!
Saroýan durmuşa egsilmez söýgüsi, ruhubelentligi bilen tanalýan adam, ýazyjy. Şonuň üçin durmuşyndaky günleriň iň oňadyny ýatla diýseň, oňa göýä, hut şu gün iň, iň gowy gün bolup görünýär.
Bu mydama-da şeýle — Ýaradanyň bize peşgeş beren her güni, onuň iň soňky günümiz däl-de, gaýtam, durmuşymyzyň iň ajap güni bolmagynyň mümkindigi üçinem gowudyr.
Daglynyň ady
Finlýandiýada, bir simpoziumda (finler mylaýym, edil aýdym aýdýan ýaly gepleýärler) ýerlilerden hiç biri meniň familiýamy aýdyp bilmedi. Onsoň men hakda söz açjak bolanlarynda başga çäre tapman, «Kyn familiýalynyň aýdyşy ýaly» diýip ugradylar.
Ene dilimde çekimsiz sesleriň köpdügini men Ermenistanyň daglyk, daşlyk ýurtdugy bilen delillendirip, çekimsiz sesler — biziň daşlarymyz, daglarymyz diýip düşündirdim. Myhmansöýer finler garşy çykyp durmadylar, emma bellik etmänem saklanyp bilmediler:
— Her niçigem bolsa, siziň familiýaňyz juda daglyk!