|

Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy — Ýagşy ýigit

Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy — Ýagşy ýigit ÝAGŞY ÝIGIT

Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Ýagşy ýigit

Mekdepde – orta, ýörite, ýokary – tapawudy ýok – mugallymlaň ýadynda köplenç, bir-ä iň ökde, birem iň bezzat galýar.
Bu-da gaty berebekgeýdi.
Lakamam kändi.
Her haýsynyňam öz taryhy bar…

*****

Birinji okuw ýylynyň başydy. Okuw otagynda otyrkalar, dekanyň orunbasary – ýaşajyk gelin – täze talyby tanyşdyrmaga getirdi.
Daşary ýurtlaň biriniň diplomatynyň ogly eken.
Jyrk-sary pyýada. Familiýasyny aýtdy-da, orunbasar gelin, onam öz aralaryna kabul etmegi tabşyryp, gitdi.
Bü erigiň kişdesi kibi sap-sary ýigidem, öz reňkdeşi gözüne beýlekilerden yssyrak görnendir-dä, ilki bilen iň yzky hatarda – otagyň kartasynda “Kamçatka” bolýan orunda – ýeke özi oturan, ýaňky berebekgeýiň ýanyna ýüzlendi.
Edep gören, diplomat çagasynyň bolan boluşjygam hemmä mälim.
Ýaňkyň alkymynda söm-saýak togtady-da, elini uzadyp, medeniýetli, salyhatly hem penjek-galstukly adamlar kibi, epeýlik bilen özüni tanyşdyrdy:
-Andreý Petrowiç!
Ýaňkam rusçany bilşi o diýen ýabygorly bolmasa-da, endigine eýerip kilçermek isledimi, ýa bar bolup bilşimi, derrew örboýuna galdy. Köne sowet filmindäki begzada kawalergardlara poh iýdirýän keşpde, köwşüniň ökjesini biri-birine kakyp, bolşuna görä “şykgyldatdy”. Soňam “Ele düşmezek ar alyjylardaky” Jigarhanýanyň oýnaýan ak serkerdesiniň hereketini birme-bir gaýtalap, kelläni aşakdan-ýokarylygyna silkip aldy-da, gysgajyk dişinden syzdyrdy:
-Tože!
Çypar ýigit düşünmedi:
-Ço?!
Ýak-e-e-ý!
Muň ýalyjak “ço-po”-ly geňirgenme-sowaljyk bilen tyýkyradyp bolýan bolsa, ondanam bir tutuş toparyň bezzady boljakmy?
Garagol, şol bir durkunda myzaýyk etmän durşuna, öňküsi dek hetjikledi:
-Tože!
-Was to že tak zowut? Znaçit my dwoýnyýe týozki?!-diýip, türkana çaga, çyny bilen janygýar.
-Razumeýetsýa.
Hälden bäri jiňkerilip, bu sahnany synlaýan topar, ala-pakyrda berdi.
Şondan soňam: “bir okda üç towşan” diýen ýaly, çypar bezzat, üç lakamy birden gazandy.
Birinjis-ä öz-özünden düşnükli: “Andreý Petrowiç” ýa-da gysgaça: “Andreý”.
Ikinjisem, nämüçindir: “Edepli”.
Üçünjisem, ýene-de öz-özünden düşnükli (sebäbi talyplaň arasynda: “ele düşmezekleri” görmedik az-az), “Jigarhanýan”.
Uzagyndan bolsa, oň bu üçünji lakamy has-da ösdürilip, haýsydyr bir dillije talyp tarapyndan “Ermenä” öwrüldi.

*****

Bir günem, söhbet sapagynda mugallym: “Häzir gelýän” diýip çykyp gitdi. Talyplar ala-zenzele gepleşmäge başladylar. Şo pille-de hälden mugallymyň gözünden gizlenibräk irkiljiräp ýatan garagol, birdenkä basyrgandymy nämemi, ziňkildäp, kellesini galdyrdy. Gözüni daş-töweregine elek-çelek edip, çynaberimsiz aljyraňňy sorady:
-E-e-ý, oglanlar, biz haýsy sapakda-ý?!
Oň hokgalaryna öwrenişikli bolsalar-da topardaşlary wakyrdaman saklanyp bilmedi. Gülşüp bolansoňlar, il deňinde hezil edip gülmegiň deregine, dodagynyň bir çetini göwnüýetmezçilikli gyşartmak bilen çäklenen toparyň köpbilmişi, eşitdiribräk hüňürdedi:
-Ýefremowyň “Andromedaň ümür-dumanlygy” diýen bir kitaby ba:…
Şeý diýdi-de, köpmanyly dymdy.
Näme diýjek boldy?
Kime diýjek boldy?
Alla bilsin.
Muň ýaly aýlyksyz skeprik-sinik we ş.m. bolup zähmet çekip berýänleň bolan boluşjygy, adatça şu pisint bolýar – düşnüksiz hem köpmanyly.
Hamana: “Arrygyňyzam gynama-a-ň, daragoýlar! Barybir bize siz düşünmeýäňiz! Bilemok, ýene-de ýüzýyllan ýa-da has dogrusy müňýyllan, çalaja-da bolsa aňyňyz-üşügiňiz ýetjek-ýetjek bolup başlaýmasa…” diýen bolup, dodak çöwürýän ýaly.
Ýöne gep onda däl. Bujagaz wakaň esasy netijesi – bezzat ýüzüniň ugruna ýene-de iki sany lakama mynasyp bolmagy başardy.
Birinjisi: “Andromeda”.
Ikinjisem: “Duman”.
Soňra, şo wakaň yz ýany, taryh sapagynda mugallym, Mete hanyň kakasy Duman beýgi hakda süýjüdip gürrüň berenden soň bolsa, oň: “Duman” lakamy, dessine özgerdi-de, haýbatly “Duman beýgä” öwrüldi…

*****

Özem onuň ilden tapawutly bir tarapy, lakamynyň köpdügini ol beýlebir ýokuşam görmeýärdi.
Gaýta, göwnüňe bolmasa az-owlak buýsanýanam ýalydy.
Çünki, gelişse-gelişmese: “Ýagşy ýigdiň ady köp bomuş” diýen atalar sözüni öwran-öwran hetjiklärdi.
Bu edähetem oňa ýene-de bir lakamyň ýelmeşmegine sebäp boldy: “Ýagşy ýigit”.
Şo “ýagşy ýigitligine-de” ol häzirem ýatlanýar. Mugallymlaram, bile okan deňdeşlerem gabat gelip, ol barada sorasalar, diýýärler:
-Ýeri, onsoň bü “Ýagşy ýigit” nähili? Şo öňki balamutlygymy?! Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle