Durmuş öwrümleri
Durmuş öwrümleri
Atamyrada
Bu dünýä şeýlebir täsin, gyzykly —
Beýik Taňryň guran beýik binýady.
Oň ýollary çylşyrymly çyzykly,
Hiç bir zat ýok oňa meňzeder ýaly.
Munda her adamyň öz dünýäsi bar,
Pikir etdigiňçe çuňlaşyp barýar.
Şol dünýäde şeýle ajap pursatlar
Hem şeýlebir agyr pursatlar bolýar.
Döredýän adamlaň dünýäsi başga,
Olaň yşky özgerdýär bu dünýäni.
Her söze jan berip hem salyp keşbe,
Altyna çalyşmaz ýeke jümläni.
Olaň yşky — köňülleriň halysy —
Öwşün atýan baharlarda, ýazlarda.
Olaň yşky ýaşaýyşyň manysy
bolup owaz edýär çeşme-çaýlarda.
Aýdyp gidýär olar aýtjak zatlaryn
Sözleň dürün goşup köňül sazyna.
Söýüp dünýäň eşretlerin, şatlygyn,
Maýyl bolýar ynsan köňül ýazyna.
Äkitdimi joşup goşgy okanda
Giden märekäniň edýän şowhunyn?!
Görkezdi ol bu bagtyýar mekanda
Il-ýurda söýgüsin şahyr oglunyň.

Bibi ORAZDURDYÝEWA. Goşgular