|

Ýok, hakym ýok!

Ýok, hakym ýok! ÝOK, HAKYM ÝOK!

Ýok, hakym ýok!

Ýok!
Hakym ýok saňa nälet okara,
Ýakmadyň ýüregmi biwepalykdan.
Ýetilmedik umyt-arzuwlarymyň
Yhlasyna özüm köýüp galypdym.

Kalbymy päki deý gyýan hasratlar
Bürgüt bolup inseler-de depämden.
Ýok,
hakym ýok seni ýigrenmäge-de,
Durmuşdyr,
Kynçylyk öňümde kän meň.

Daşyndan gabanyp özge gyzlardan,
Gabanyp-gabanyp ýanardym oda.
Talaň salyp ýördüň duýgularyma,
Sen beýle zatlardan bihabar ýa-da.

Sen öýderdim bagtyň gözbaşy,
Indi,
Giç, wagty däl ýürek syrym açmagyň.
…Ýanyň bilen barýar garagöz gelin,
Sypap gyzjagazyň tylla saçlaryn.

Söýgimiň tarlary üzülmese-de,
Şo ýerde üzüldi umyt tarlarym.
Maňa nämä gerek kişiň bagtyna
Badak atyp boljak bagtyýarlygym.

Zyýany ýok.
Kynçylykdyr, geçer bu,
Yşga düşüp, köýen azmydyr başga.
…Siz barýaňyz bu köçeden howlukman,
A men durun…
Ýok, sen meni bagyşla!

Bibi ORAZDURDYÝEWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи