Dostoýewskiý hakda (Esse)
Dostoýewskiý hakynda täze bir zat aýtmak kyn. Ol barada aýdylmagy zerur we ýerlikli zatlaryň bary aýdyldy, bir wagtlar täzedir hem üýtgeşikdir öýdülen zatlaryň ählisi hem öz nobatynda köneldi gitdi, ýöne hasratdyr bialaçlyga uçran çagymyz oňa ýüzlenemizde müdimi täze syrlaryň we tapmaçalaryň aýtymynda ýazyjynyň özüne çekiji keşbi alnymyzda dikelýär.
«Jenaýat we jeza» romanynyň hyýaly dünýäsine düşüp, beýnisi mylaýym gyjynýan baý gatlagyň wekili hem, ýazyjynyň romanlarynyň psihologiýasyna haýran galyp, onuň dünýägaraýşy barada gyzykly kitapçalary ýazýan alymam Dostoýewskä ýürekden düşünýän okyjy däldir. Dostoýewskiniň eserlerini biz halys jebir çekip, kelebimiziň ujuny ýitirip, çykalgasyz bolup görünýän hasrat kölüne batyp, ömrümizi gara köýük bolan kesewä deňeýän pursadymyz okamaly. Biz diňe çekýän ejrimize kaýyl bolup, durmuşa ýalňyzlykda bagrygirýan bolup seredýän halatymyz, onuň ägirt dözümliligine düşünmäge-de, ony kabul etmäge-de ýagdaýymyzyň ýok wagty bu ajaýyp ýazyjynyň kalbyna düşüneris. Şonda durmuşa daşyndan tomaşa edýänlerden bolmarys-da, biz onuň kitaplaryndaky biçäreleriň ählisiniň gardaşy deýin, olar bilen bilelikde gam-gussanyň girdabyna düşüp, durmuş külpetlerine, baky pyrlanyp duran ajal çarhypelegine demimizi alman, olaryň nazary bilen aňk bolup gararys. Diňe şonda Dostoýewskiniň sazyna, onuň tesellisine, onuň söýgüsine dogry düşüneris, diňe şonda biziň üçin onuň gorkunç, köplenç juda çylşyrymly şahyrana dünýäsiniň perdesi syrylar.
Onuň eserlerinde iki güýç bizi özüne maýyl edýär, garşylykly iki başlangyjyň çaknyşygyndan onuň sazynyň jadyly çuňlugy we haýran ediji läheňligi döreýär.
Birinjisi — ol bialaçlyk, ýamanyň özenine düşünmek, zalymlyga, zuluma kaýyllyk. Munuň üçin bolsa, durmuşymyzyň, ynsanlygymyzyň — biweç, şübheli, belki-de, gutulgysyz bir zatdygyny çyn ýürekden hem açyk boýun almaly. Başga, ikinji bir sesiň çuňlugyna we hakykylygyna düşünmezden ötri özüň jebriň guly bolmaly, ölümiňi boýun almaly, ýalaňaç hakyky durmuşyň elheder oýnuna gorky-ürküsiz bakmagy öwrenmeli.
Onuň birinji sesi ajaly kabul edýär we umytdan ýüz dönderýär, biziň üçin ýakymly ýazyjylaryň edähedine laýyk adamzat durmuşynyň howp-hataryndan ünsümizi sowýan, durmuşy her hili filosofiki hem şahyrana gözelleşdirmelerden we ýeňletmelerden ýüz öwürýär. Ýöne ikinji, hakykatdan-da, ylahy sesi welin, saýry, asmandan inen ajap gözbaşy, ölüme garşy goýulýan hakykaty, beýleki bir durmuşy: adamyň wyždanyny görkezýär. Wyždanly adamyň hudaýyň öňünde jogap bermäge ukyby galýar. Elbetde wyždan bizi ýalňyzlygyň çekip-çydardan çökder bimanylygyndan alyp çykýar, durmuşyň manysyna, özenine, müdimiligine düşünmegimizi golaýladýar. Bu wyždanyň ahlagada, kanunada dahylly ýeri ýok, gaýta olar bilen aýylganç, elhenç garşylykda bolup biler, emma şonda-da, ol mydama güýçlüdir, biperwaýlykdan rüstemdir, peýdakeşlikden belentdir, şöhratparazlykdan ýokarydyr. Ol hemişe, hatda iň erbet betbagtlykda we agyr howp-hatarda hem bialaç dünýäniň weýran bolmagyna däl-de, hudaýa tarap ýol açýan inçejik ýodany açyk goýýar. Adamy öz wyždanyna tarap alyp barýan ýol jebirli, ýöne durmuşy manyly edýän we ölümi ýeňilleşdirýän syrly ýol islendik pursat açykdyr. Käbir ynsan ahyrynda ýalňyşandygyna düşünýänçä we ruhy özgeriş pursadyna ýetýänçä wyždanyna garşy rehimsiz günä edýär, özüni dowzahyň jümmüşine mynasyp derejede peseldýär. Beýlekiler wyždanyna laýyk ýaşaýar. Emma şol keramatly bagtyýarlar azdyr, olaryň başyna inýän bela, olaryň daş sypatyna zeper ýetirse-de, hiç haçan olaryň ýüregine degmez, olar hemişe päkligine galar, ýüzlerinden ýylgyryş aýrylmaz. Knýaz Myşkin hem şeýle adam.
Men çykgynsyzlyk we jebir-jepa bilen taplanyp, onuň kitaplaryny yhlasly okanymda Dostoýewskiniň şu iki sesini eşitdim, şol iki taglymatyna düşündim. Şeýle ýagdaýa duçar eden ýene bir ussat, edil Dostoýewskini hemişe okap bilmeýşim ýaly, onuň döreden sazlaryny mydama söýüp we diňläp bilmeýän bir sazandam bar. Ol Bethowen. Oňa düz ýollarda tapylmaýan, bizi diňe uçudyň eteginde nurlandyrýan, ony gül ýolan dek ýolup bolmaýan, emma ejirden ýaňa melul bolup, gözüň ýaşlyka ýetdirýän bagt, danalyk we sazlaşyk barada üýtgeşik bir düşünjä mahsus. Onuň simfoniýalarynyň we kwartetleriniň kä ýerlerinde hasrat ummanynyň we terkidünýäligiň çuňlugyndan tükeniksiz täsirli nur saçylýar, manysyna çaga ýaly syzgyr bolýarsyň, gutulalganyň barlygyny aňýarsyň. Dostoýewskiniň eserlerinde hem şeýle pursatlara gabat gelýärin.
1925 ý.