|

«Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?..»

"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." «DIÝDIÑ: GELIN BOLUP GÖRKEZEÝINMI?..»

"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.."

Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?
Şonda meni hatda tanamarsyñam.
Soñam güldüñ duýdansyz
Men şol gülkiñ şeydasy,
Gollarymdan tutup derdim añansyñ.

Gelin bolup görkezmegiñ däldi-le,
Men şonda isläpdim gelnim bolmagyñ.

Soñra arasyndan million suratyñ,
Tapyp aldyñ gelin bolup düşeniñ.
Başyñda al öýme,
Elwan köýnekli,
Hem ýylgyryp dursuñ gözleriñ bilen.

Suratyña bakyp doñyar ýuregim,
Dymýar ýüregim.
Maralym.
Tutuş dünýä dönüp ýanýan ýüregmiñ,
Duýañokmy sesini.
Golumda bir parça kagyz,
Seniñ suratyñ,
Gelin bolup düşeniñ,
Jadyly ýylgyryp gözleriñ bilen,
Bir ykballyñ garşysynda
Gelin bolup görkezeniñ
Synlap ýyrtym-ýyrtym bolýar ýüregim.

Sylapberdi MUHAMOW.

2018 maý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle