| | |

Degişmelerden täsirlenip

Degişmelerden täsirlenip

Degişmelerden täsirlenip

• Goa gidiñ

Если вас посылают на три буквы, летите в Гоа.

Goa
Gitseñ gow-a.
Salkyn Kenar,
Maýyl howa.

Dereksiz işden,
Pis durmuşdan,
Ýadap,
Ýadap,
Yaşap yörşüña,
Özüñi aldap,

Ýene
Oña urna
Her ýerde
Tapylar.
Bardyr
Seni ugratjak
Üç hardan gelýan bir ýere.
Hmm…

Şoña görä,
Eğer gitmeli bolsa,
Onda bilet alyñ Goa.

16.05.23.

• Ýaş ýigidiñ ýaşuly nesiliñ käbir wekillerinden haýyşy

Ýaşulular sizden haýyş
(Öñem näçe ýüzlenipdim,
bu mesele barasynda).
Obamyzda toý bolanda
Uly iliñ arasynda.
Her gezek.
Barmagyñyz bilen böwrüme dürtmäñ,
— Toý tutmak gezegi indi señki diýp,
Gemmik agzyñyzy ýeser syrtardyp.
Maña aytmañ!
Haýyş maña aýtmañ.
Menem bir gün jynazada durkañyz
Böwrüñize hürsekläp:
— Indi gezek señki — diýsem.
Nähili bor, gürsakgal?!
Bu ýönekeý
Bir sadaja haýyş söz,
Geplemegem islemedim paýyş söz.

• Oba şahyrynyñ gaharly setirleri

Meniñ içimi agyrtjak bolup siz
Sürgi dermanny goşduñyz aragyma.
Oturşmada masagara etjekdiñiz siz
Agyry getirjekdiñiz siz ýüregime.

Bar edeniñiz puç boldy eý duşmanlar
Men öýe gaýdýançam zordan çydadym.
Ýöne ol çydamak maña kyn düşdi
Häli hem wagtynda öýe gaýdaýdym.

• Diwar ýazgylaryny okap

Gar ýagyp dur
Aram-aram syrayar.
Beton haýatyñ düýbünde durup.
Men ondaky ýazgylara garaýan.
Ünsümi sowga däl, harplara berip.

Ýazgylañ içinde birini okap,
Peýda bolýar doñan ýüzde ýylgyryş:
«Kimiñ tualedi daşarda bolsa,
Yglan edýäs bir minutlyk dymyşlyk».

• Ýalançy hakynda gowşak goşgy

Ýalan gepläp dursuñ, bilip durun men,
Senem bilip dursuñ ynanmaýanym.
(Indi mundan soñra näme ýazmaly?)
Alakjap garaýan o ýan, bu ýanym.

Ýalan sözden meslek ýasanan bende,
Çypdyryp ýör gabat gelen her kese.
(Häzir kapyya gözläp galýaryn derde,
Ýalan hakda dogry gelse-gelmese.

Dur! Bu goşgy eýýäm öli doguldy,
Ýa ýalançy hakda bolany üçin.
Bes, geçeýin, hem bolaýyn dogumly,
Gynanmaýyn onuñ öleni üçin.

Dert çeken bolmasañ günleñ bir güni,
Adamlañ derdine aglap bolmaýar.
Süýji sözläp aldap bolar il-güni
«Emma öz-özüñi aldap bolmaýar».

• Dilimiz hakda gülkünç däl goşgy

Ene dilimiziñ içine …ikip
Ýat-nätanyş sözler sokuberýäris.
Soñam bütin nesil bet hasiýet tapyp,
Dinden, ymmatdan çykyberýäris.

«Wapşeto», «serýozny» her bir sözümiz,
Türkmençe gürläli etmäliñ hata.
Söz ogurlap bilsek saýry dillerden
Dilimiz baýlaşyp gitjekmiş «zato».

Geplesek giñ açyp iki äñimiz,
Ýa orsça bolup dur türkçedir ýa-da.
Del illeriñ dili aldy añymyz,
Aýtsana näçe wagt dert çeker adam.

Haýran galýan bolýan eken şeydibem,
Tez maral deý sözüm ýatyr läş ýaly.
Türkmeniñ dilini kellä geýdiler,
Wah, ýöne ol görünmeýär täç ýaly

30.12.2022.

Sylapberdi MUHAMOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle