| |

Çyn goşgulañ azlygy üçin

Çyn goşgulañ azlygy üçin ÇYN GOŞGULAÑ AZLYGY ÜÇIN

Watany goraýar esgerler diýip,
Arkaýyn ýatan-a dälsiñ-dä, şahyr?
Söýgiñ goragny bir milisiýa goýup,
Ýalñyş ýol tutan-a dälsiñ-dä, şahyr!

Gülleri goraýan bagban bar diýip,
Zapowednik gorar diýip guşumy,
Diñe dilçilere taşlap sözleri,
Ýa artyk saýýañmy şahyr başyñy?

Belki, şoñ üçindir entek dünýäde
Atlary näbelli gülleñ barlygy!
Şoñ üçindir ençe maýsañ güllemän,
Gözýaşa boýýany çemenzarlygy.

Belki, çyn goşgulañ azlygy üçin
Gündizler Aý ýokdur,
Gün ýokdur gije.
Bar janly zat şygryñ goragna mätäç,
Şygyr — ýeñilmez güýç goşýandyr güýje.

1976.

Nury BAÝRAMOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle