| |

Çöregiñ ysy

Çöregiñ ysy ÇÖREGIÑ YSY

Çöregiñ ysy

Sarç bedewiň ýallary dek
şemala şuwlaýar ýaşyl maýsalar.
Ak bugdaýdan bişse çörek
Kän küýselen
Kän soralan
Mele myssyk nanyň,
janyň alyp barýan ysy
Daglardan
derýadan
sähradan ötüp ýetip
barsa ýeller bilen
aýak ýeterdenem alys illere
türkmen dilime zar ulus illere
Türkmen dagyna Kerkuga
Umyt bolsa çykar ýaly ertire
Desterhanym,
nanym baryp bilse-de o ýana
Olar mätäç bolsalar-da şo nana
Ysy barsada besdir
Ol türkmeniň topragynyň ruhudyr.

2017, 12 maý.

***

Iň gerek adamlar ýüregimdedir
Durmuşda iň möhüm adamlar ýüregimizdedir.                              F.M.Dostoýewskiý.

Islendik pursatda taparym ýaly,
Iň gerek adamlar ýüregimdedir.
Küýsesem ýüzlerne bakarym ýaly,
Iň gerek adamlar ýüregimdedir.

Men olara ýürek syrymy açýan,
Höwür-hemra bolup ýollary geçýän,
Meniň durmuşyma ýagty nur saçýan
Iň gerek adamlar ýüregimdedir.

Adam haçan tapdy mähre dözmäni,
Namys bilip aýralykda gezmäni,
Soňky demde aýdylmaly söz ýaly,
Iň gerek adamlar ýüregimdedir.

Egnim gysyp ýörenligim mysapyr,
Ezizlerme hormatymdan mysaldyr.
Kalbyňy garalap ýörmeli däldir,
Iň gerek adamlar ýüregimdedir.

Edil özüm ýaly duýgudaş, deňdeş,
Mährem dogan, misli howandar gardaş,
Ýürekleri behişt bagyna meňzeş,
Iň gerek adamlar ýüregimdedir.

Sylapberdi MUHAMOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle