| | |

Çöregiñ tagamy / powestiñ dowamy

Çöregiñ tagamy / powestiñ dowamy 5.

«Nan atly, sen pyýada»
Nakyl.
«Çäre bolmaz alaja,
Zat bermezler gallaja»…
Magtymguly.

«Biziň ýurdumyzyň gurakçylyk belasyndan azat bolan ýekeje ýyly-da ýokdur. Bu bela her ýylda galla ekilen 227 million gektaryň ikiden on sekiz million gektara çenlisini demine dartýar».

* * *

Onuň göwni begenjine, bu günki habara ynanmajak bolýardy.
«Eý, Eset, sen nire, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany» diýen at nire?»
Onuň gözleriniň ýaşy duranokdy. Ol gözýaşyny, ýüreginiň gussasyny ilden gizläp bilýän adam bolsa-da, häzir ony jylawlamagy başaranokdy. Ýassygy öl-suw bolupdy. Begençden, şatlykdan ýadan çagalary süýji uka gidipdi. «Şatlyk çagalara gerek!» diýip, ol gyzlary gelip begençlerinden ony pyr-pyr aýlan çagy oýlanypdy. Soň bolsa «ertir irden işe gitmeli» bahanasy bilen ýerine geçipdi.
Ol ertirki ýagdaýy göz öňüne getirdi. Bu habar gazetde çykýan bolsa kollektiw, zawod, ministrlik, tanyş-bilişler eşider. Iliň öňünde durmaga-da gurbat gerek.
«Es-et, Es-et!» diýip kimdir biri ony guýynyň içinden gelýän ýaly ynjyly ses bilen çagyrdy. Ol bu tanyş diýseňem boljak, nätanyş diýseňem boljak sese bakan ylgady…
Ine onuň doglan obasy, han-a öýleri.
Hälki ses ýene-de ony çagyrdy. Ol obanyň ähli ýerini dörüp çykdy. Ýok.
– Es-et! Es-e-et!
Onuň ýadyna güpbe tamdyr düşdi. Ol ylgap tamdyryň ýanyna bardy. Ol çöregiň ysy gelip duran, ýöne bireýýäm sowan tamdyrdan şumjaryp oturan hor-homsy, kirli oglanjygy çykardy. Ýöne ony gujagyna almaga ýüregi etmedi. «Ertir kollektiwe görünmeli. Abraýly eşigi ahyryn. Belki «Altyn ýyldyzy» şu penjeginiň döşüne dakarlar.
– Eý, köşek, sen näme edýäň tamdyryň içinde?
– Tamdyrdan çöregiň ysy gelýär.
– Ysdan garnyň doýjakmy?
– Men aç ölüp barýan…
Ol ýany bilen çörek alyp gaýtmandygyna gynandy. Oglanjyk bolsa onuň penjegine gysmyljyrady.
– Sendenem çöregiň ysy gelýär-ä.
Eset aga oglanjygyň başyny sypady.
– Öýde indi sen iýer ýalam çörek ýokmy?
– Obamyzda-da ýok. Bar bolsa bererdiler-ä. Omar agalara baryp diledim. Ýagmyr agalara baryp diledim. Seýit agalar bilen Garagyz daýzamlarda-da ýok eken…
Eset Hemranyň göz öňüne Röwşeniň partanyň üstüne döken çörek bölekleri geldi. Häzir bu çagajyk şol zyňyndy nan böleklerin-ä däl, çöregiň ysy gelýän daşam bolsa gemrip bir galjak.
«Wah, birki sany çörek alyp gaýdybermeli ekenim-dä».
Oglanjyk burny çalynyp-çalynyp daşa dönen ýenine ýene-de burnuny çaldy.
– Hany, seniň eneň-ataň ýokmy?
Oglanjyk gaşlaryny bürüşdirip Eset aganyň aýagyndan tä başyna çenli synlady.
– Enem men ‘kiçijik wagtym ölüpdir.
– Kakaň?
– Atammy, ýöri, görkezeýin.
Ol çorluja eli bilen bu ýaşulynyň elinden mäkäm tutup, onuň öňüne düşüp tigirlenip ugrady.
Olar uly gowaçalygyň gyrasyna ýetdiler.
– Hol adam meniň kakam-da.
Eli gyrmyzy baýdakly, başy ak telpekli ýaşuly gyr atyň üstünde oturyp, baýdagyny parladyp, bedewini derledip iki baka at salýardy.
– Adamlar, gaýrat ediň, Stahanowa deňleşiň. Kim normasyny artygy bilen doldursa ýarym gadak, iki esse doldursa normadan artyk iki gadak un beriljekdir-ow…
– Sen onuň ýanyna barma – diýip, oglanjyk Eset aga akyl öwretdi.
– Nä, näme üçin. Men onuň bilen salamlaşmal-a.
– Ýok, häzir galtamanlar onuň öýüni talap, özünem keçä dolap ýenjip ýenjip, öldürdim ederler. Soňam öýüniň zadyny, malyny talarlar…
Eset Hemra öz syratyna garady. Onuň döşünde «Altyn ýyldyz» lowurdap gitdi. Ol «be, eýýäm döşüme dakypdyrlar muny, meniň habarymam ýok» diýip oýlandy.
Şol wagtam basmaçylar ýaşulynyň öýüne çozdular.
– Waý, görünme, gizlen. «Ýyldyzyňy» gizle! Senem atarlar – oglanjyk Eset Hemranyň döşündäki «Altyn ýyldyz» nyşanyny gopardy-da, agzyna atyp, goýberdi.
– Aý, akmak, edýäniň näme?!
– Men ajygýan. Şol ýyldyzdan çöregiň ysy gelýär!
Eset Hemra basmaçylardan galan öýe bakan ylgady. Oglanjyk hem onuň yzyndan galanokdy.
– Atam indi öýünde däldir. Çöle mal bakmaga gidendir.
– Ýöri, yzyndan gideli, ýöri tapaly ony.
Oglanjyk başyny ýaýkady.
– Barma, häzir ony ullakan alahöwren çakar. Barsaň ol saňa-da hezil bermez.
Eset Hemranyň ýüregi agyrdy.
«Men ol «ýyldyzy» nädip gazandym. Ertir kollektiwe dakynman çyksam näme diýerler. Maňa bu gara jürjen näkes nädip duşup ýör. Men onuň diýenini näme üçin edýän…»
Ol gitjek bolýar. Ýöne «Altyn ýyldyzynyň» şol oglanyň içindedigi ýadyna düşüp gidip bilmeýär. 
«Nädip alsamkam? Meýdan ets-ä çykmalydyr. Ýa içinde eräýermikä? Ýa Aşgabada äkidip operasiýa etdiräýsemmikä?»
– An-a ýylan çakdy. Gördüňmi, indi baraý ýanyna.
Eset aga ýylan çakan ýaşulynyň ýanyna bardy.
– Waý, gözüm. Dünýäni görüp bilemok. Eset jan, köşegim. Jan oglum, meni halas etsen-e. Meni Aşgabada äkidip, gözlerimi operasiýa etdirsen-e. Men saňa ene boldum, oglum. Men saňa ata boldum, oglum. Men saňa hossarlyk etdim, köşegim. Ýöne garnyň çörekden doýuryp bilmedim, öt günämi. Eneň ýaşyňa ýetmänkäň öldi, men saňa ene süýdüni berip bilmedim, öt günämi. Sen meni…
Hälki oglanjyk ýaşulyny ýerinden galdýarýar.
– Ata, ata jan, ölme. Men seni nirä äkideýin ahyryn.
Eset Hemra haýran galdy. Ol ylgap ýaşulynyň ýanyna barýar.
– Salowmaleýkim.
– Waleýkim. Sen kim borsuň!?
– Men, men, men – Eset!
– Näm-e? – Oglanjyk kirşenli gözlerini mölerdip seredýär. – Sen, Eset?
– Saklan – Ýaşuly ýumuk gözlerini owkalaýar. – Eset, biziň Esedimizmi?
– Hawa.
– Sen nire, bu ýerler nire?
– Aý, maňa Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen at dakdylar-da, oba gaýdyberdim.
– Näme kär edýäň?
– Çörek bişirýän, ata.
– Çörek? – Ýaşuly begendi. – Men-ä indi iýmeden galdym. Şu oglany bir doýur, onda.
Eset Hemra düýrmegi bilen yzyna tesdi.
– Ýok, ata. Ol, ol häzir dünýänem ýuwdar. Men onça çöregi nireden tapaýyn. Ol meniň «Altyn Ýyldyzymam» ýuwutdy.
– Şeýlemi? Ol oglanjygyň elinden tutdy. – Ber.
Oglanjyk ylgap hol beýlä çekildi.
– Berjek däl, berjek däl. Olam Eset. Menem Eset. Men-ä obada aç-suwsuz syňsyraklap ýörmeli. Olam Aşgabatda at-abraýa ýetip, «Altyn Ýyldyz» dakynyp ýörmeli, berjek däl.
Ýaşuly oglanjyga hoşamaý söz aýtdy.
– Sen bolmasaň, ol bolmazdy. Ber.
– Berjek däl.
Ýaşuly buruldy. Soň Eset aga elini serdi.
– Oglum, ýanyňda çöregiň ýokmy? Ýaňky ýylanyň zäheri aşgazanymy çüýredip barýar. Çörek bolsa aşgazanyma kuwwat boljak…
Eset aga çörek alyp gaýtmanyna ýene-de gynandy. Ýöne alaç ýokdy.
– Bar köşegim. – Ýaşuly oglanjyga ýüzlendi. Obadan edil aşyk ýaljak çörek getir. Halys çydap bilemok.
Oglanjyk närazylyk bilen dillendi.
– Nireden? Kimden? Kimde bar çörek?
– Gapy-gapy aýlan, oba-oba aýlan oglum. «Atam iň soňky deminde ýatyr» diý. «Barmagyň başy ýalyjak çörek beriň» diý. «Ölmänkäm tagamyny bir duýup galaýyn» diýdi diý. Bar.
Oglanjyk obany elek edip eleýär. Ahyram bir ýerden başam barmak ýalyjak çörek tapyp getirýär.
Ýaşuly onuň bir bölejigini agzyna salyp guraksy çeýneýär.
«Häk, şu wagt öz bişiren çöregimden hemem bir käse suw bolsa, atam gurbuna gelerdi welin..,»
Ýaşuly çörekden sähelçejik döwüp Eset aga berýär.
– Al, al. Munça çörek oba ýetjek. Men munçany nädip iýeýin. Ol çöregi alýar.
– Ata, ogluňa aýt, meniň «Altyn ýyldyzymy» bersin. Ýaşuly çöregi çeýneý-çeýneý eräp gidýär.
– At-a, aýt, «Altyn ýyldyzymy» bersin. Oglanjyk gözlerini mölerdýär.
– Eliňdäki çöregiňi ber! Ol aýasyny açýar. Elindäki şol çörek bölegi «Altyn Ýyldyza» öwrülip gidipdir.
– Men seni Aşgabada äkideýin, köşek. Iýjegiň çörek bolsun, bormy?
– Bor.
– Agşam otla müneli, bormy.
Oglanjyk geň galdy.
– Otly nämä gerek. Sen meniň otlym. – Ol Eset Hemranyň içine girip gitdi.
– Sen nir-de-ow? Sen nired-ow!…
– Eset, Eset, tur.
Ýagtylyk tas onuňam gözüni kör edipdi. Ol agyrýan gözlerini owkalady.
– Hany atam, hany oglanjyk?
– Kim atan, kim oglanjyk? Wagtyň boldy, tur…
Eset aga ýumuk aýasyny açyp uzak wagtlap seredip otyrdy. – Basyrganyp ýatmadyň-la.
– Düýşümde atam çörek berýär. Olam «Altyn Ýyldyz» eken diýýänmi, ýene bir…
Ol yzyny aýtmady. Ýöne aýaly dillendi:
– Öli zat berse gowy bolmaly.

6.

«Iş başy – damak?
Nakyl.
«Reň açar, hoş saýaly,
Seniň ysyň hoşdan, bugdaý.
Ekip kemala getiren,
Kimdir seni başdan, bugdaý»
Matäji.

«Bugdaý dünýäniň 100 ýurdy tarapyndan 230 milliondan gowrak meýdana ekilýär. Biziň ýurdumyzda ekilýän ýer şonuň üçden birine barabardyr.»

* * *

Şäher Sowetiniň sessiýasy gidip durdy. TKP Proletar raýkomynyň birinji sekretary Korşunow kiçijik kagyza hatjagaz ýazdy-da öňe geçirdi. «Eset Hemraýewe». Zalyň içinde Eset Hemra kim diýen bolmady. Häzir çykyş etjek bolup taýýarlanyp oturan ýaşuly äýnegini dakynyp, haty okady. «Eset Hemraýewiç, ertir ikimizi gäwersli daýhanlar hasyl toýuna çagyrýar. Men sagat dokuzda öýüňe bararyn. Bormy?»
Eset aga zala bakan baş atdy. Soňam tribuna bakan ugrady.
– Gadyrly deputatlar, şu ýerde köp gürrüň edildi. Çöregiň erbet bişirilýändiginem aýtdyňyz. Men ömrümiň boýuna çörek bişirip ýören adam. Şol kär meni gahryman etdi, şol kär meni respublikanyň Ýokary Sowetine deputat etdi. Maňa on birinji mikroraýonyndan täze külçe sehini açyp berdiler. Men çöregi şol kärden iýýän. Meniň ynsabymda ýekeje zat bar, olam gowy çörek bişirip, il-günüň alkyşyny alyp bolanok. Ýene bir gezek bolanok, jan doganlar. Daşhowuz oblastynda gowaça sepilen zäher Aşgabadyň çöregini zer-zaýa edýär. Çärjew, Mary oblastynda sepilen pestisit meniň bişirýän külçelerimiň hiline zyýan ýetirýär. Biziň bugdaýymyzdan çörek bişirmäni ýa-ha goýmaly, ýa-da derman sepmäni goýmaly. Un orsediňki bolaýanda-da howamyz, suwumyz bir-ä. Dünýäde hamyrdan näzik zat ýok. Men şäher Sowetiniň sessiýasyndan şu meselede kömek bermegini soraýaryn.
– Ministrlik näme edýär? – Zalda oturanlaryň biri gygyrdy.
– Meniň şu meseläni gozgap ýörenim bäri iki ministr çalyşdy. Boş wadadan başga zat ýok. Sessiýada degişli adamlara zapiska-da berdim. Ýöne haňk-huňk. Ýöne näme etsegem, şol dermany ýok etmesek, çöregimiz çörege meňzemez.
– Hamyrturşy erbet. Näme üçin erbet hamyrturşy bilen çörek bişirýäňiz? – Zaldan bir aýalyň janagyrly sesi eşidildi. Eset aga äýnegini eline aldy.
– Basym Ýokary Sowetiň sessiýasy boljak. Men ine, şu mesele boýunça doklad taýýarladym. Häzir meseläni bölmäýin diýdim. Biziň şu sessiýamyz un meselesini çözmäge kömek etse oňat bolardy.
Ol ýerine geçdi. Respublikanyň standartlar baradaky döwlet komitetiniň başlygy çöregiň hiliniň erbetligini ýene bir sapar nygtady.
– Eset aga, sen hamyrturşuly meseläni şäher Sowetiniň sessiýasynda goýup, dökün meselesini Ýokary Sowetde goýan bolsaň oňat bolardy – diýip, öz dokladyna başlady.
«Wah, ol meseläni nirede goýanymda-da, ahyrynda çözülmejek bolsa, näme ähmiýeti bar. Men Ýokary Sowetde şu meseleler barada telim gezek mesele goýdum, ahyryn». Ýöne näme-de bolsa şu durşun-a goýmaly däl…»
Ol şu meseläni götereli diýip «Prawdanyň» habarçysynyň ýanyna-da bardy. Saryýagyzdan mylaýym Anatoliý Graçew:
– Eset aga, men geroý bolanyňda ýazdym ahyryn. Bu problemany işçi gozgasa oňat bolar – diýip, burnuna salyp aýtdy.
– Anatoliý, men senden towakga edýän, gardaş. Haçana çenli biz halka zäherli çörek berip ýörmeli bolarys.
– Bor, Eset, men redaksiýa bilen bir gepleşip göreýin. Material gerek diýseler özüm seni taparyn.

7.

«Çörek tapylsa, iýmäge agyz tapylar».
Nakyl.
«Bir döwüm nan! Bir döwum nan, bu sözüñ maňzyna men,
Bir döwüm nana zarlara duşanymda düşündim»
Gara Seýitliýew.

«Eger adam başyna 300 gram çörekden hasap etseň, onda bir günde halkyň iýýän çöregi 900 müň tonna golaý, bir ýylda bolsa 30 million tonnadan gowrak bolardy».

* * *

Gäwers raýonynyň meýdanlary reňkli kitabyň sahypalary ýaly bolup açylyp ýatyr. Pomidorly hyýarly kartalaryň bir gyrasynda sarymtyl ýaşikler harman-harman bolup, münderlenip dur. Mekgejöwen meýdanynyň bir gyrasyny ot üweýän agregat kertip barýar. Hasyly alnan gallaly meýdanlar saralyp ýaşyl asmana birleşip gidýär. Ýaşyl baglar, gök asman, ap-ak jaýlar, ýanyp ýatan asfalt ýoluň gyrasyndan taýçanak deý ýüwrüp barýan boz bulak–barysy, barysy Eset Hemraýewiň ýüregine mukam bolup guýulýardy-da göwnüni heýjana salýardy.
Häzir ol diňe şatlanmalydy. Oýlandygy gutardygydy. Onuň bar keýpini ähli şatlygyny ýuwutjak bolup, gözüni balkyldadyp duran problemalar kändi.
«Men Nurgözele-de bararyn diýipdim. Ol pejimiziň gyzyşynyň ugry ýok diýipdi. Bolsa-da dünýäde halallygyň hamyrmaýasyny saklaýanlar bar. Ine, çörek bişirmäge Nurgözel ýaly adamlary çekmeli. Elem, ynsabam arassa. Ýogsa, çörekçilige diňe iýilýän ýer diýip gelýänem köp ahyryn». Düýn sessiýa boldy, bu gün gäwerslileriňkä barsak, öýlän işden bir baş çekip, soň bararyn…,»
Iňdi onuň gözleri töweregindäki gözelligi görenokdy.
– Gäwersiň bugdaýyndan çörek bişir diýseler bişirermiň, Eset? – diýip, Proletar raýkomynyň birinji sekretary Korşunow sorady.
– Ýok-la – diýip, Eset aga oýlanmazdan aýtdy.
– Hä, näme üçin?
– Näme üçinini düýn aýtdym-a. Marynyň, Tejeniň, Kakanyň gowaçasyna dökülen zäherli dermanlar, näme Gäwerse gelmez öýdýäňmi?
– Oglan, Mary nire, Kaka nire, Gäwres nire? Ýeliňem ters ugr-a.
– Garagum kanalynyň üsti bilen gelýär. Näme «Leninizm ýoly» derman sepenokmy? «Sowet Azerbaýjany», «Sowet Türkmenistany» bagyna, ekinine derman sepenokmy?
– Haý, senem-ä ýagyny dökýäň-ow.
– Ýagyny dökme däl. Bugdaý diýen ösümlik ýarysyny ýerden emýär, ýarysyny howadan.
– Ine, men saňa öz bugdaýymyzyň unundan, orsetiň unundan hemem Gazagystanyň unundan bişirilen çöregi görkezeýin. Şonda özüňem aýdarsyň.
Maşyn Änew posýologyna tarap öwrüldi. Eset aga Korşunow bilen şunuň ýaly daýhan toýuna geçen ýylam gelipdi. Ol öz pikirini şonda-da aýdypdy. Şonuň üçin Korşunow ýoldaşynyň daýhanlar näme diýip ýüzlenjegini güman edýärdi. «Adamlar, bugdaýy mes toprakly sähralara ekeliň» diýer. Belki onuň üçin täze ýerleri teklip eder. Himiki dökünleri dökmäliň bugdaýa» diýer. Munuň üçin öz sehinden gaty gowy bugdaýyň unundan bişiren gaty ullakan çöregini, soňam öz bugdaýymyzyň ununa bişiren çöregini görkezer. Zeýrener…»
Korşunow bir zada gynandy. «Öz bugdaýymyzyň unundan çörek bişirip bolanok diýip öz ýanyna-da Eset aga telim gelipdi. Bu meseläni gozgap dili syrylara gelse-de netije ýok. Onuň hem düýp sebäbi – pagta, pagta. Ol bu meseläni Merkezi Komitetiniňem, respublikanyň Ministrler Sowetiniňem çözüp bilmeýänine düşünenok. Adamlar ony saňa gös-göni, aç-açan aýdyp bilenoklar. Eset sen olara düşün. Goý, indi şu gürrüňiňi. Özbekleriň ýeri biziňkiden köp esse zäherlenipdir. Olarda indi eneleriň süýdünden zäher akýar. Emma hiç kim sesini çykaryp bilenok ahyryn, Eset. Ýöne men muny saňa nädip aýdaýyn. Ine, basym men pensiýä çykjak. Şonda aýdaryn, dostlugymyzyň hatyrasyna…».
Raýkomyň howlusynyň içindäki üzüm dalbarynyň salkyn saýasy raýonyň iň göreldeli daýhanyndan ýaňa alma atsaň ýere düşjek däl. Olar Eset Hemrany öz biri-birleri ýaly gadyrly garşy aldylar. Onuň getiren çöregini deň-derman bölüşip, hezil edip tamşanýardylar. Eset Hemra bolsa elini silkip-silkip, ýeňillik bilen gürrüňe garyşypdy.
Ýygnak başlandy. Raýkomyň birinji sekretary gaty gysga gürledi. «Däp bolup gelýän daýhan maslahatymyzda özüňiz gürläň» diýip, sözi daýhanlara berdi. Her kim öz agyrýan ýerini tutdy. «Tohumy wagtynda berenoklar», «mehanizmleriň zapas şaýy tapylanok», «pylan hojalyk täze kombaýnyny ilki aldy», «remonty irräk başlamaly», «mellek ýeri berlenok», «maşyn nobaty bireýýäm ýetse-de oňa berenoklar-da, başga birine berýärler…» Eset aga olaryň gürrüňini baş atyp diňleýärdi. Özüne söz berilende bolsa:
«Meniň gürrüňim çökder bolaýmasa?» diýip kürtdürip bir durdy. Ýöne indi köňlündäkini aýtmasa ýüregi jaýlaşjak däldi.
– Dostlar – diýip, ol ýuwaşja söze başlady. – Men sizi gutlamaga geldim, her bir zady maslahatlaşmaga geldim. Şonuň üçin sözümi tagapyl edip diňläň. – Ol gazete dolap stoluň üstünde goýan küti zadyna «sen entek duruber» diýen terzde gözüniň gytagyny aýlady. – Men arada akyldar Lew Nikolaýewiç Tolstoýyň eserlerini okap otyrkam onda bir hekaýata duşdum. Men häzir şony gürrüň bereýin.
– Öz işiňden gürrüň ber. Näme üçin bişýän çörekler iýer ýaly däl?
– Sakawyň soňuna garaň-how.
– Wah, şol meniň öz işim däl, ýaram bolansoň, derdim bolansoň gürrüň berjek bolýan-da.
– Aýdyber.
– Aýtsam, togsan ýaşly garry, saçy-sakgaly agaryp, bili bükülen bir goja ýer sürüp ýörkä düýeguşuň ýumurtgasy ýaly bir zat tapypdyr. Eline alyp seredýär. Ömründe gören zady däl. Onsoň muny ýüz ýaşly agasynyň ýanyna eltipdir. Saçyna-sakalyna çal sepen bili inisiniňki ýaly bükülmedik ýaşuly ýaňky zady görýär-de: «Aý, guşuň-beýlekiniň ýumurtgasy bolaýmasa. Aý, sen gowsy, agamyzdan soraýsan-a» diýýär. Olam uly agalarynyň ýanyna barýar. Ýüz ýigrimi ýaşasa-da saçy-sakaly agarmadyk, dim-dik pyýada hiňlenen bolup ýer sürüp ýör diýýär.
– Bä, onyň erteki ýaly-la how, Eset.
– Diňläliň-le how. Gury dokladyňdan-a müň esse gyzykly.
– Olar salamlaşýarlar. Onsoň inisi: «Agam, men-ä ýer sürüp ýörkäm bir zat tapdym. Daş diýsem daş däl, ýumurtga diýsem ýumurtga däl. Pylan agam bilmedi muny» diýip hälkini görkezýär welin, agalary seredip, haýran galyp, soň bar-bar bagyryberýär. Ýaňky zady ogşap, ýüzüne sylyp, togap edýär. «Ölmänkäm seni görme bar eken. Indi ölsemem owarram» diýýär. Inisi aňk bolup galýar.
– Agam, näme boldy, maňa-da aýtsan-a – diýýär.
Agasy gözüniň ýaşyny süpürip:
– Wah, bu biziň oglan wagtymyzyň bugdaýynyň dänesi ahyryn. Bu şo-ol ýitirilen yrsgalymyzyň nyşany ahyryn. Munuň çöregini iýen adamlaryň ýüz elli, iki ýüz ýaşaman ölýäni bolmazdy. Arman… – diýipdir. Onuň özem oglan wagty şol bugdaýyň çöregini iýensoň uzak ýaşapdyr. Beýleki inilerindenem hut şonuň üçin ýaş, daýaw görünýän eken…
Eset aga stakana guýlan suwdan bir owurt içdi. Adamlardan ses-selem çykanok. Hat-da raýkomlaryň sekretarlary hem onuň ýüzüne garaşyp otyrlar.
– Adamlar, meniň şol hekaýaty aýtmak bilen diýjek bolýan zadym, biziň bir gyzylja bugdaý diýip bir çyn türkmen tohumymyz bardy. Ol tohum türkmeni açlykdan, gahatlykdan alyp çykypdy. Ol düme ekseňem bolar durardy, darawa ekseňem bolar durardy. Özüniňem bir çöregi bordy, hurşsuz, diňe çaý bilen iýip oturybermelidir. Hany, şol tohum?
Hiç kimden ses çykmady. Eset aga ynjalmady.
– Siz daýhan ahyryn. Siz aýamaly ahyryn. Heý, urbalygam bir ýitirip bolarmy, doganlar.
Ol stoluň üstündäki kagyza dolangy zady açyp ýokary göterdi. Ol tylla kerpiji ýaly bolup lowurdap durdy. Eset aga ony ýüzüne syldy,.
– Ine, şol bugdaýyň çöregi. Ilde-günde ýygynçak adamlar bar eken. Şolardan sähelçe alyp, çörek bişirdim – Ol sözüni jemledi. – Men adamlar, sakyr-sakyr gürläp, wagtyňyzy aljak däl. ýöne bir zady welin aýdaýyn. Biz jöwzaly günüň astynda kak bolup, gyşyň aňzagyna guragyrly bolup näme üçin işleýäris. Diňe gowy ýaşamak üçin. Gowy ýaşamak diýmegem gowy çörek diýmek. Emma biz näçe gowy işlesegem gowy çörek iýip bilemizok. Näme üçin? Biziň gowy tohumly bugdaýymyz ýok. Bize hamyrturşy zawody gerek. Ekýän gallamyza her dürli bolar-bolmaz dökün döküp ýörme däl. Dökün – emel. Yrsgala emel etmäň, adamlar. Halal bolsun…
Ol münberden düşüp hälki oturan ýerine geçdi. Adamlar uzak wagtlap el çarpyşdylar
Ýüzi perişde ýaly nurana diýilýän bir goja münbere çykdy.
– Hä, Eset jan, sen meniňem derdimi gozgadyň-ow. Şol gepi ýazan ýazuwçynyň ömri uzak bolsun. Hakykatyny ýazypdyr. Menem size bir wakany gürrüň bereýin. Biziň aslymyz änewli. Bir gün, oglan wagtym Änew metjidiniň gapdalyndaky harabalykdan bir küýze tapdym. Içinde hum bardyr öýtdüm. Agzy ary mumy bilen ýelimlenen küýze. Silkelesem, tylla teňňe şyňyrdaýan ýaly ses edýär. Bakyp ýören kel toklularymam taşlap öýe ylgadym.
– Kaka, hum tapdym – diýýän.
Kakamam aljyrady. Görgüli: «Bä, bizinem garyplykdan çykdygymyz bolaýdymyka?» diýip oýlanandyr-da görgüli. Onsoň ýaňkyny açdyk. Görsek gyzyl nire, kümüş nire. Edil barmagyň başy ýaly gap-gara zat. «Aý, dag goçunyň çöri bolaýmasa. Öň ony tebipler eme goşar eken» diýdiler. Obada ýekeje adamam bilmedi. Menem gaharym gelip, ile gülki bolanyma namys edip ýaňkyny mellege zyňyp goýberdim. Aý, geçse iküç aý geçendir-dä. Mellegimizde iki sany äpet ösümlik gögerýär. Ol gargy gamyş diýseň o däl. Mekgejöwen diýsem ol däl. Özem gün-günden möwç alyp, gijelerden güýç alyp ösýär. Özüne-de oba bolup seredýäris. Bir aý dagy geçdi welin hälki adam boýy bolaýdy. Onsoň ol baş çykarmaga durdy. Bu hekaýaty gaýraky obadan bir goja eşidip geläýdi.
– Munyňyz – diýdi Änew bugdaýnyň tohumy bolmaly – diýdi. Bu tohum Maşady-Misrian düzlüginde-de ekilipdir – diýdi. «Isgender Zülkarnaýyn Maşady-Misriana gelende şu bugdaý ýäne jeňňel bolup ýatan eken. Ol şol tohumy görüp haýran galypdyr. Onuň taryhçy mürzesem: «Biz Maşady-Misrian diýen ýerde ýeriň üstündäki jenneti gördük» diýip ýazypdyr. Biziň tohumymyz hem şol ýerden getirilen bolmaly. Ýöne soň-soňlar ol ýitip gidipdir» diýdi. Onsoň soňy nähili boldy diýsen-e, ulular-a: «Aý, bugdaý bolsa bolýar-la» diýip, ol ösümlige üns bermesini goýdy. Meniňem ondan göwnüm geçdi. Bir günem goňşymyzyň ogly bilen aşygyň üstunde uruşmanmy. Olam maňa ýamanlyk eden bolup gije gelip ýaňky hoşalap oturan bugdaýy orup gidiberipdir. Şeýdibem – ýaşuly ullakan telpegiň içinden ak ýaglyk çykaryp, derini syldy. – Iň soňky umydymyz hem maýsalykda oruldy.
Ýaşuly ýuwdundy. ..
– Siz adamlar Mätäjiniň goşgusyny okansyňyz, bugdaý barada. Şol biziň bugdaýymyz. Şonuň. çöregini iýenleriň ýüregi atyň kellesi ýaly bolar eken. Eset jan dogry aýdýar. Hany şol bugdaý. Biz änewlilere ene tohumymyzy ýitirmek aýyp dälmi? Ýer bol, suw bol. Näçe hormat etseň ýerli tohuma etmeli. Içi pöwhe tohumlar ekýäs. Şonuň üçinem pöwhe-pöwhe ogullary kän dogurýar heleýlerimiz.
Ýaşuly münberden düşensoň üç adam elini göterdi. Has dogumlysy münbere mündi.
– Biz türkmen gyzylja tohumynyň adyny ýitirdik ýöne arada Owganystandan bir garyndaşymyz geldi. Şonuň aýtmagyna görä gyzylja bugdaý hem, zamça hem, türkmen garahyrra garpyzam şolarda bar eken. Ol türkmenler şol tohumlary otuzynjy ýyllarda, goşundysyz-garyndysyz mahaly alyp gidipdirler. Owganystan bir daş ýerde däl. Ýörite topragy tohumy öwrenýän institutymyz bar. Şol alsyn, ýa-da özümiz haýyş edip üç-dört tonna alalyň. Şonam heniz şorlamadyk dökün, derman adyny görmedik ýere ekeliň-de köpeldeliň.
Gürrüň uzaga çekdi.
«Nurgözeliň pejini görüp berjekdim. Bu günem ýalançy boldum» diýip, Eset aga maşynly barýarka ynjyly oýlandy. Ýöne edilen gürrüňe welin begendi. «Döwletli gürrüň boldy. Ýekeje tohumy dikeltseňem bir döwlet.
– Sen, Eset, orator bolup gidipsiň – diýip, Korşunow ýaşulynyň egnine elini goýdy. – Özüň-ä çörek bişirýäň, bu tohum meselesi nireden ýadyňa düşüp ýör seniň.
Eset aga ýylgyrdy.
– Bugdaý bolmasa nan bolmaz. Biz gowy çörek iýjek bolsak, gowy bugdaý ýetişdirmeli.
«Indi işgärlerimizem gaýdandyr. Menem sehi göreýin-de öýe baraýyn. Bu gün garyndaşlar toýa-da çagyrypdylar. Iş diýip toý görmänime-de esli ýyl boldy….»
– Dogry – diýip, Korşunow başyny silkdi. Gowy iş edýäň. Aýamaly, gowy tohumy il bolup aýamaly.

8.
«Aşy ajygana ber, gyzy aşygyna».
Nakyl.
«Aç dyrjaşar nany iýmäge,
Müşgildir bişirge nan tapylmasa»
Magtymguly.

«Biziň wezipämiz tebigatyň peşgeşine garaşyp durman, gerek zadymyzy ondan almakdyr».
Miçurin.

* * *
Eset aga baranda toý ýaňy gyzyşyp başlapdy. Toýuň ýaş beýemçisi eline mikrofon alyp söz berjek adamyny arşa çykarýardy. Ýaşuly ýylgyrdy… Gyzyň ýanynda oturan ýigit öýlenýärmikä, ýa-da söz sözlejek?!» „
Stoluň üsti ertekilerdäki jadyly saçaga çalym edýärdi. Ýöne häzir howa yssy bolansoň göwnüň sowujak suw küýseýärdi. Ol bir çüýşe gazly suwy açdy-da stakana guýdy.
Adamlar nahary öňlerine aldylar.
– Çöregini Eset Hemradan alypdyrlar öýdýän.
– Aý, Eset Hemranyň çöreginiňem ugry gaçdy, indi.
– Başd-a oňatdy.
– Aý, indi näme, geroý boldy, deputat boldy. Özem halt-halta urdy.
Keseräkde oturan nätanyş adamlaryň bu sözüne ýaşulynyň gözleri garaňkyran ýaly boldy. Ol düýn öz eli bilen bişiren çöregini häzir tanamajak boldy.
Tagamy, formasy ýiten, gatan, egri-bugry kesilen çörek stoluň üstünde gözgyny bolup ýatyrdy. Ol gözüne ýaş aýlap ýerinden turdy-da göni hälki «sakynyň» alkymyna bardy.
– Maňa-da bir söz ber, ýigit. – Saky mikrofony bagryna basdy.
– Gadyrly we hormatly doganlar, dostlar. Biziň toý tutýan ýaşlarymyzy gutlamaga her hili kärdäki, her hili wezipeli adamlar gelip, olar nygmat doly saçagymyzyň başyny bezäp otyrlar. Han-a iki sany ministriň arasynda döşündäki ordenini lowurdadyp bir işçi otyr. Munuň özi simwoliki ýagdaý…
Mikrofon şakyrdap gitdi. Kimdir biri damagyny arçady. Soň sakynyň sesi gyryljak, özem ýeriň aşagyndan çykýan dek bolup çykdy.
…set …mräýewe söz ber…
– Adamlar, toý edeniňiz ýagşy, ogul öýereniňiz ýagşy… Ýöne çöregi näme üçin harlaýarsyňyz. Hä?! Puluny berip satyn aldym, indem näme etsem hakym bar diýýäňizmi? Ýok, adamlar, bu çörek siziň beren bir apbasyňyzdan kä-än gymmatdyr. Ony öňler namysa-ara deňärdiler ahyryn. Indi, indi günümiz özümizden geçýär diýip…
Ol häli eline alan çöregini ýokary göterdi.
– Heý, beýdibem bir çöregiň üstünden gülmek bolarmy, heý, beýdibem bir çöregi çörek eden adamlaryň üstünden gülmek bolarmy? Ýüzüňiz gara bolsun, çöregi harlan…
Ol mikrofony taşlap märekeden saýlandy. Köşeşip bilmänem işi bilen öýüniň arasynda iki sapar gatnady.
«Hä, biriniň toýuny bulaýdym öýdýän, ganygyzgynlyk edip» diýip bäş-on ädim ätse, «Çöregi harlamasynlar, toýlaryny bulatmajak bolsalar» diýýärdi. «Biziň medeniýetliligimiz çörekden belli bolmaly. Indi toý etmäge ýaraýarlar, näme, çöregiň mertebesini saklap bilenoklarmy?»

* * *
Tomsuň gysga gijesiniň ahyry gelmedi. Ol işe üçde däl-de ikide gitdi. Hamyr gazanlaryna hamyrturşylary bölüp atdy. Maşynlary işletdi. Tamdyr-peçleri ýakdy. Skladdan un çykardy, ýöne welin işe gezekleşip sagat ikide gelýän aýallaryň tas ýüreginem ýarypdy. Ol iki aýal zülpi ýazyk gulpy görüp: «Sehimize ogry girendir» öýdüp tas milisiýa jaň eden ekenler. Herneme ýaşuluragy: «Eset aganyň irden gelme gylygy bardyr. Şol gelen bolaýmasyn» diýip içeri giripdirler.
Eset aga hamyr ýugurýan maşynlary on bäş minut normadan artyk goýberdi. Külçelik hamyry tokgalaýan maşynynyň hem aýlaw basyşyny güýçlendirdi. Soň ýagşy alşyp mesgä dönen hamyry maşyndan geçirip gördi. Külçelik hamyry ýazanynda eliňe ýagşy agram salýardy. Şonuň özem onuň ýugrumynyň keminiň galmandygyny aňladýardy Şondan soň hamyrly äpet gazanlary ýyljak edip basyrdy.
Tamdyr-peç hüň berip ýanýardy. Aýallar irkilişip çaý içýärdiler.
– Mäň, hersiňize bir külçe – diýip, ol hamyr ujundan bişiren külçesini olara uzatdy. – Çaýyňyz barmy?
Ol derläp çaý içse-de ýüregi ynjyly urup, köňlünde harasat gopýardy.
«Häk, öten agşam oňarmadym. Gaharyma ýaşlaram gutlamandyryn. Olarda näme günä bar ahyryn. Men naýynsap…»
– Eset aga, näme içiňi hümledip otyrsyň? – diýip, ýaş gelin ýaşulynyň bolup oturşyna dözmän sorady.
Ýaşuly uludan demini aldy. Agşamky ýagdaýy aýdyp, derdinip içini egsesi geldi.
«Beý diýseňem, heý, nebir çöregi beýdäýmek bolarmy? Heý, adam ogly çöregi harlaýar diýseň ynanar ýalymy? Ýaşlary ýaş diýjeksiň, ululara ne döw çaldy. «Puluny töledik» diýerler aýyn bolmasa. Puluny tölände näme? Çörek diýilen zat halkyň, döwletiň baýlygy. Ynsabyň baýlygy. Ol hiç ýerde-de, hiç öýde-de harlanmaly däl. Munuň bary bolçulykdan. Hany, adamlar göwher daşyny itiň boýnuna dakyp ýörlermi? Göwher daşyny her öňýeten boýnuna dakyp ýörenok ahyryn. Hany, onsoň aýt hany, çörek has zerurmy ýa göwher daşy? Bularyň bary bolçulygyň alamaty, bolçulygyň. Hany, göreýin çöregiň kilogramyny bäş manatdan et hany, çöregi zaýalaýmazlar-a».
Ol bu iki aýalyň ýanynda içini hümledip oturmagy birhili gördümi ýa-da durumsyzlykdanmy, uly gazanlaryň biriniň ýapysyny galdyryp, aýasy bilen endikli tapbyldatdy.
– Ene bir on bäş minutjyk dursun – diýip, onuň eliniň tapbyldysyndan many alyp, turjak bolup oturan aýallara aýtdy. Soň «peç-tamdyryň ölçeg guralyna garady. Iki ýüz altmyş bäş gradus! Ýene on bäş minutdan başlabermeli…»
Ol sehiň bir burçundaky stoluň gapdalyndaky oturgyja çökdi. Ýüregindäki ynjy welin aýrylanokdy. Dogry, onuň bir ujy ýaňy tüýdülip başlapdy.
«How, ýurdumyzda iki ýüz million maşgala bar diýeli. Iki ýüz million maşgala! Şolaryň hersi her günde ýüz gram çörek zaýalanda, munuň ahyry nirä barýar! Telim ýüz müň tonna çöreg-ä. Onsoň agşamky ýaly naýynsaplaryň onlap kileläp döken çöregini, hamyrturşysy, uny, geleňsizligi üçin zaýalanan çöregi hem onuň üstüne goş. Baý-buw!.»
Birden onuň göz öňüne birwagt mekdebe baranda dogumly-dogumly gepläp sowal beren Röwşenjik geldi. Diňe häzir däl, ol Röwşeni köp ýatlaýardy. Göwnüne bolmasa Röwşen onuň içinde oturyp, onuň ynsabynyň derejesine kontrollyk edip oturan ýalydy.
«Jan ogul, bu çörek diýlen zady uly il bolup aýamaly, uly il bolup. Tutuş mekdepde ýekeje Röwşeniň çörek zaýalanyşyna jigeri daglanany bilen ýa-da ýeke Eset Hemranyň toýda zaýalanan çöregi görüp özüni saklap bilmän käýineni bilen iş bitmeýär. Mundan dört-bäş ýyl öň bar gazetler, radio, telewideniýe «çöregi aýamaly» diýibem goh turuzdy. Netije-de boldy. Indi olam galdy, jan ogul. Sen bolsa henizem erbet çörek bişirýäň diýip, maňa gözüsi alardyp ýörensiň. Men ne alaç edeýin, jan ogul…»
Işçiler işe gelip başladylar. Tamdyryň howry tutuş sehe ýaýraýardy. Tamdyrdan düýn bişen çöregiň ysy gelýärdi.
Radiodan gimniň owazy ýaňlanyp başlandy. Seh birden herekete geldi. Hamyra degýän aýalar, ýuwaşja aýlanýan tamdyr peç, külçelik hamyry togarlap ýugrumyny ýetirýän paýlaýjy rolikleriň endigan sesi sazlaşyp tomus säheriniň diýseň ýakymly demine gark bolup, gözleriňden süzülip, ýüregiňe dolýardy,
Işçi aýallar ak haladyň içinde hasam owadan görünýärdi. Ýaşuly hem süňňündäki ynjyny az-kem kowupdy.
Gyzlaryň biri baryp stoluň üstünde duran reproduktoryň burmasyny burdy. Radioda Han Akyýew saz çalýardy. Eset aga ony şabram kakyşyndan tanady.
«Ine, her kimiň öz ýoly diýleni-dä. Meňzet ony başga birine meňzedibilseň. Meňzedäýmersiň. Onuň sazy biziň çöregimiz ýaly däldir. Wah, şu bir mümkinçilik bolsa. «Eset Hemranyň çöregi!», «Nurgözel Durdyýewanyň çöregi!» diýdirip bolsa. Bolanok-da. Bir peç, bir maşyn. Ýöne biziň külçelerimizem…»
Ýene-de onuň ýüregi sanjyp gitdi: «Wah, Röwşen jan, men müň sapar gowy bişirenimde näme, çöregiňi aýamagy oňarmasalar, onuň gadryny bilmeseler». Öten agşamky külçelere «meniň çöregim» diýip eýe çykybilseň çyk-da.
Ony daşary çagyrdylar.
– Waleýkim – diýip, özüne säher bilen salam beren garyndaşyna ýüzlendi.
Ol düýnki toý eden garyndaşynyň irden üstüne gelmegine aljyrady.
«Bular hem indi «düýn toýy bozduň» diýip üstümden dökülmäge gelen bolsa… Aý, ýaradylyşym şeýle bolsa, men özüme başga ne alaç edeýin, garyndaş…»
– Eset, sen-ä walla bizi gaty utandyrdyň…
– Ýok, men, men…
– Aýyplaşma, toý bolsa-da adamy bir aljyradyp alýa. Ählisini göwnüňdäki ýaly edibem, öz eliňden geçiribem bolanok. «Oglana ýumuş buýur, yzyndan özüň git» diýleni-dä. Oglanlara tabşyrsam, olaryň nebir zady edişleri-dä.
– Ýok-la meniň bolşumam..
– Hawa, hawa, men özümem erbet gaharlandym, soň. Ýöne näme, boljak iş bolansoň. Çöregi harlaba toýuma mahabat bermekçi däldim…
Eset aga näme diýjegini bilmedi. Şeýdip özelenip duran adamyň öňünde ötünç soramagam gelşikli däl, oňa käýýän bolmak ondan beterräk akmaklyk.
– Sen öýke-kine etme, Eset. Men seni täzeden toýa çagyrmaga geldim.
Eset aga ýylgyrdy. Öten agşamdan bäri ýüreginde baş baglap duran ynjy tomusda ýagan gar ýaly boldy.
– Toýa hökman bararyn. Sen, garyndaş, gyýylma. Meniňem ömrüm garylan şol çörege. Onsoň men özümi saklap bilmedim.
Ýaşuly hem ýeňillik bilen dem aldy.
– Onda agşam gel. Hem «sag-aman sowduňmy?» diýdigiň bolar, hemem ýaraşdygymyz.
Eset aga gaty-gaty ýöräp içeri girip gitdi. Sähel salymdan hem eli dört sany külçeli gaýdyp geldi.
– Täzeje çörek. Duzuny dat!
Toý eýesi bäbegiň ýüzi ýaly keramatly çöregiň ýüzüne seretdi-seretdi-de, başyny ýaýkady.
– Günämi öt, gardaş. – Ol başga zat diýip bilmedi. Ol balajygyny emdirýän ene ýaly, şol külçeleri bagryna emaý bilen basyp gitdi.

9.

«Açlyk näme iýdirmez, dokluk näme diýdirmez».
Nakyl.

Aş horlugyny çeken açlar aş tapsa,
Gözi gazandadyr, doýmak biläni.
Zelili.

Bir kilogram çöregiň bahasy biziň ýurdumyzda 28 köpüge, Angliýada – 59, ABŞ-da 68, Ýaponiýa-da 84, GFR-de 95, Fransiýa-da 97 köpüge durýar».

* * *

– Eset aga, seni çagyrýarlar! – diýip, aýallaryň biri gygyrdy.
Ýaşuly elindäki hamyr bölegini stoluň üstüne goýdy-da daş çykdy.
– Salawmaleýkim, agam – Garaýagyz pyýada iki elini gadyrdanlyk bilen uzatdy. Eset aga ilki bir ellerine seretdi. «Aý, zyýany ýok, ýuwaýaryn-da» diýip oýlandy-da elini uzatdy.
– Gurgunmysyňyz?
– Gurgun-la. Ýaşululaňyzdan bir hatjagaz getirdik. Gaýrat etmeseňiz boljak däl.
Ol hat ýazylan kagyzy eline alyp ýagta tutdy.
«Eset Hemraýewiç, şu ýigit meniň inim. Toýjagazymyz bar, bäş ýüz sany külçe berip goýberiň. Hormat bilen ministriň orunbasary…»
Ýaşuly hatly eli bilen maňlaýyny owkalady. Häzir taýýar çörek ýokdy. Söwda nokatlaryna on müň külçe ugradylypdy: dört müň sanysy toý üçin bişirilip, olary-da eýeleri alyp gidipdi.
– Toý üçin bolsa düýn zaýawkajagaz bermeli ekeniňiz-dä.
– Tamdyrdan çykan çörek gyzgyny bilen stola goýulsa gowy boljak. Onsoňam agam: «Çöregiň aladasyny etme, Eset Hemraýewiç öz adamymyz…» diýensoň gaty arkaýyn gaýtdyk.
Eset aganyň gaşlary çytyldy.
– Toýuňyz näçede başlanýar?
– Çörek ýetdiginden başlabermeli.
– Onda siz ýene-de üç sagatdan geliň.
– Baý-buw, ýoo-ok-la. Biziň ýolumyz daş. Gyssagymyz özümiz bilen.
Eset aga haty epledi.
– Onda men çörek berip biljek däl.
– Mugt däl-ow, puly bilen aljak bolýas.
– Puly bilenem berjek däl.
– Näme üçin? – Garaýagyz ýigidiň ýüzi gazaply ýaldyrady.
– Näme üçini şol. Galanynam gerek ýerinde aýdaryn. Özüňem, inim, aňyrrakda gygyr.
Ol ýene-de jaýa girip, demir işigi jarkyldadyp ýapdy. Şondan ýarym sagat geçip-geçmänkä ony telefona çagyrdylar.
– Men. Gurgun. Ýok. Hawa. Ýene iki sagatdan gelsin, şonda toý çöregi bolar. Şu wagt-a ýok. Magazinlere iberjek barynam. Hawa, magazine bolýar, oňa bolanok.
Olar ýene-de iki sagatdan geldiler. Garaýagyz pyýadanyň demi içine syganokdy. Ýanynda ketde garyndaşy-da bardy. Onuň ýüzünden gar ýagýardy.
– Han-a toý çöregi, indi näçe gerek bolsa alyp gidiberiň.
Olar üç haltany mas maşyna basdylar. Eset aga şonda-da ynjalmady. Göýä, şol haltalaryň içindäki janly jandar ýaly, gözi maşyna basylan haltalarda galdy.
– Şu ýaşulyny süýräp getirdip, azaba goýdurman, häli çörek beräýeniňde senem adam bolaýmal-a, halys býurokrat bolupsyňyz.
Gara pyýadanyň sözi onuň ýüregini çawlady.
–Wa-heý, ýigit. Sen biziň ministrimiziň orunbasaryny alyp geleniň üçin çörek berýändir-ä öýtme.
– Onda häli näme üçin kowup goýberýäň. Biz-ä toý diýip alada galyp ýörüs. – Eset aga çep gursagyny tutdy.
– Men, han ogul, bilseň, çörek çalyksyn, suwuny süňňüne çeksin – diýip saklaýan. Han-a dykdyň halta nebir çöregi. Ol-a birneme çalygan. Eger tamdyrdan çykan gyzgyn çöregi şeýden bolsaň toýuňyza buglanan hamyr alyp barardyň, buglanan hamyr.
Ol ýigit zäherini ýagşy dökmese ynjaljaga meňzemeýärdi.
– Onda näme üçin biziň öň ýanymyzdan maşyny dolduryp iberdiň.
– Maşyn başga gep. Ol ýöriteleşdirilen maşynda çörek serlip goýulýar. Ýagny demini alýar. Haltada bolsa…
Gara pyýada ýüzüni-gözüni çytan bolup oňa bir gysym pul uzatdy.
– Üç ýüz külçe. Baryň kassa töläň.
– Me, özüň töläýsen-e.
Eset aga oňa diýýärsiňem diýmän sehe girip gitdi.

* * *

Ol «Jennet» magazinine bakan ugranda, köňlüne ýigitlik höwesi kürsäp urup, dyzlaryna kuwwat gelen ýaly boldy. Nurgözeliň päkizeden mukaddes keşbi, beýleki tanyş aýal-gyzlaryň didary onuň argyn bedeninde, gara zähmetden özge höziri kän bir siňdirip bilmeýän köňlünde täzeden direldi.
Ýüzüne ýumurtga çalnyp, seýregräk jümjük urlan çöregiň tagamly ysy burnuna urup gitdi. Ol özüniň telim ýyllap işlän, yhlas eden, abraý alan, bagt tapan sehini hyýalynda telim gaýta bagryna basdy. Oňa günde-günaşa gelip bilmeýänine gynandy,
Ol Nurgözeli ynsan hökmünde-de, zähmetkeş adam hökmünde-de özünden artyk görmese, kem görenokdy. Bu gelin bilen telim ýyllap bile işleşipdi. Onuň zähmetine jany-teni bilen berlişine haýranlar galýardy.
Onuň özi ýygnak diýdi, seminar diýdi, komandirowka diýdi, ministrlik diýdi, başyn alyp giderdi. Nurgözel onuň «şini özünden artyk alyp gitmese, kem edenokdy. Iň täsin ýerem, ol hiç kime pylan işi et diýmez, özi eder. Illerem şoňa seredip, şonuň özi ýaly ederler. Onsoň şol işiň kemi bir bolsun-da.
Eset Hemraýew üç-dört ýyl Nurgözele ony eýle ediň, muny beýle ediň diýip öwredipdi. Ony öz şägirdi hasap etdi. Soň welin kimiň kime şägirt bolanyny duýar ýaly bolmady.
Nurgözele ganat-per çykypdy. Onuň özüne uçmaga asman gerekdigine ol düşünipdi. Oňa erkinlik, özbaşdaklyk gerekdi. Ol welin bu gelniň öňüne böwet bolýanyna düşünipdi.
Önümçilikde bir hakykat bar. Sen öz şägirdiňi kemala getirdiňmi, ganatyny açdyňmy, uçuryp goýbermeli. «Ek, meniň hatarymda meniň yzymdan uçarsyň» diýdigiň onuňam, özüňem bagtyň ýatdygy. «Şägirt halypasyndan ozdursa» – ondan uly döwlet bolmaz. Ogul gowulykda, edenlilikde atasyndan geçirse, oňa ýetjegem zat bolarmy!
Şondan soň ol ministrlige telim sapar bardy. Zawodyň direktorynyň ýanyna telim sapar bardy.
«Bize çörek bişirilýän täze seh gerek. Milli çörek bişirilýän täze seh gerek». «Biz ilata köpräk külçe-çörek bermeli!»
Ahyr soňunda onuň sözüne gulak asdylar. On birinji mikroraýondan külçe–toý çöregini bişirýän seh gurup başladylar.
Eset aga bu milli çörek sehini Nurgözele galdyrdy.
– Öwrenişenje ýeriň, öwrenşen kollektiwiň. Işläber. Näme kömek gerek bolsa sora, ýok diýmerin.
Onuň işçi ynsabynyň syzyşy ýalam boldy. Bu sehiň bişirýän çöreginiň alyjysy kemelmedi. Käte Eset aganyň öz göwnem şu sehiň çöregini küýseýär. Onsoň ol «nähilikä?» diýip lezzet bilen ony satyn alyp öýüne getirýär. Nargül daýza-da ony bada-bat duýýar-da ýöne ýylgyraýýar.
– Näme «Eset Hemranyň çöreginden satyn aldyňmy? – diýýär.
Bu degişme oňa hoş ýakmanam duranok. Sebäbi oňa şindi-şindilerem «Eset Hemranyň çöregi» diýip ýörler. Ýöne her zadyň çeni bar. Şonuň üçinem:
– Ýok, Nurgözel Durdyýewanyň çöregini satyn aldym! – diýip, ol çyny bilen aýdýar.
Peç öçürilip, işçiler indi gaýtjak bolup durdular.
– Gurgunmysyňyz!
Aýal-gyzlar begençli salamlaşdylar. Eset aganyň hem göwni göterildi. Hal-ahwal soraşdy.
– Eset aga gelen bolsa, pejimiz düzeler – diýip, gartaşanrak aýal begençli aýtdy.
Ol peji synlady. Aýlanýan pejiň daşyna çalnan toýun palçygyň bişişi alady. Şol ala ýerlerde külçäniň yzy bildirenokdy.
«Gaz deň ýananok. Peç deň-derman gyzmandyr. Diýmek, gaz paýlaýjynyň deşikleri köräpdir. Şony çalşyrmaly.
Ol «Aşgabatçörek» önümçilik birleşiginiň tehniki üpjünçilik bölümine jaň etdi.
– Nikolaý Iwanowiç, Eset Hemra jaň edýär. Gyssagly kömegiň gerek. «Jennetdäki» sehimiziň gaz peji gaz çykarýar. Paýlaýjy turbalaryň gözi ýapylypdyr. Gaty gyssagly geliň. Häzir peji öçürdik. Bor.
Ol işdeş ýoldaşlary bilen gümür-ýamyr edişýänçä slesarlar hem güpürdeşip geldiler. Pejiň içindäki gaz paýlaýjylar çalşyryldy. Peji aýlaýan zynjyrlar hem gowy ýaglanyldy. Soň peji gaýtadan ýakyp, işledip gördüler.
– Gül ýaly.
– Sag boluň, Eset aga.
Eset aga toýa gitjeginem öýe gitjeginem bilmän, ikigöwünli bolup köçä çykdy.
«Gowsy öýe baraýyn. Birki günden sessiýa boljak. Taýýarlanmak gerek. Toýa garrama ýok!» diýipdirler.

10.

«Bir gytçylygyň bir bolçulygy».
Nakyl.
«Bir supra ýaýyp, nan dökmege,
Döwlet gerekdir ýigide.
«Görogly» dessanyndan.

«Guradylan süýt önüminden ýasalan hamyrturşynyň bir tonnasy hamyra garylanda elli kilograma çenli un tygşytlamaga mümkinçilik berýär hem-de çöregiň hili aýratyn gowy bolýar».

* * *

Ol çaý-çöregini iýip, öz otagyna geçdi-de äýnegini gözüne ötürip, kagyza dümtünip başlady.
«Şu sapar bellisini etmeli. Özümi oýnadyp ýörmäniň soňuna çykmaly.
Birinjiden, henizem biziň unumyzyň hili gowulananok. Şu barada mesele goýmaly. Ikinji, tohum meselesi! Üçünji – Hamyrturşy!»
Ol diplomlary, hormat hatlary salnan papkasyny açdy. Onda çöregiň hilini gowulandyrmak, tohum meselesi, hamyr- turşy meselesi bilen dürli ýerlere iberen haýyşnamalary, talaplary, oňa berlen jogaplar bardy. Olary çykaryşdyryp tertipleşdirip goýdy. Soň ýene-de oturyp oýlandy. Aýtjak sözlerini çugdamlap, tertipläp gördi. Soň göz önüne respublikanyň Ýokary Sowetiniň sessiýasy, onda oturan deputatlar geldi. Ol sessiýany, zaly, onda oturanlaryň demini duýdy. Soň ýuwaşlyk bilen pyşyrdady.
«Gadyrly ýoldaşlar!»
Onuň göwni joşdy. Beýleki bir wagt palta bilen garagaç kötügini çapyp alana-dönýän sözler, sözlemler, häzir belentden pesine akýan siliň bulagy ýaly şaglap inýärdi.
«Çörek – biziň kalbymyzyň buýsanjy! Çörek – biziň ömrümiziň söýesi. Çörek – biziň ykbalymyz. Çörek – biziň azabymyzyň rehnedi. Çörek – biziň aýdymymyz. Çörek – biziň çagalarymyzyň gülküsi. Çörek – rosializm. Çörek – kommunizm. Biz nähili ýaşaýan bolsak, çörek onuň barometri. Ýöne biziň çöregimize, meniň bişirýän çöregime baha berip biziň ýaşaýşymyzy kesgitlejek bolsalar gaty ýalňyşarlar. Çünki, meniň öňki sessiýalarda telim sapar aýdyşym ýaly, respublikamyzda öndürilýän bugdaýdan çörek bişirip bolanok. Munuň üçin biz gowaça dökülýän her hili himikatlaryň çenini-çakyny bilmeli. Biz haçana çenli adamlaryň çöregine zäher goşup ýörmeli. Näme, şol döküni asla ulanmanymyzda günümiz geçenokmy. Täjik doganlarymyz, gyrgyz doganlarymyz şol zäheri bugdaýly sähralaryň ýele ýanyna-da eltenoklar. Onsoň olaryň çöreklerini bir görüň. Iýmän ýüzüne seredip oturmaly.
Ýoldaşlar, türkmen bir gadymy halk. Bir wagtlar onuň özboluşly medeniýeti, ykdysady uklady bolupdyr-a. Meniň diýjek bolýan zadym, türkmen tohumyny, ýitirilen bugdaý tohumlaryny dikeltmeli. Biz haçana çenli goňşy respublikalardan çörek diläp ýörmeli. «Hasaply gardaş uzak gider, bihasap gardaş gyrak» diýipdirler. Dogan süýjüdir. Ýöne özüni oňarýan, güni özünden geçýän dogan, eli barly dogan has süýjüdir. Iýjek çöregini ilden diläp ýören dogan bir gün bolmasa bir gün özüni bizar eder. Ýerimiz bar, suwumyz bar. Öz tohumymyz gerek. Orsetiň, Gazagystanyň tohumlary biziň gurak sähralarymyzda öränok. Orese-de onuň tagamy öňküçe bolanok. Heý, öz topragyň süýdüni emip, öz topragyň şerbetini içip, öz sähraň deminden dem alyp kemala gelen bugdaýyň deňine ýetjek zat barmy? Meniň bir arzuwym bar. Ölmänkäm şol gyzylja bugdaýyň çöregini bişirip, ilime paýlasam.
Ýoldaşlar, biz siziň azabyňyzy tamdyra ýapýarys. Ýöne biziňem, siziňem azabymyzy reýgan edýän bir mesele bar. Olam hamyrturşy meselesi. Biz özbaşymyza respublika bolup henize çenli hamyrturşy öndürýän zawodymyz ýok…
Işik usullyk bilen açyldy. Nargül daýza adamsynyň kagyza dümtünip, kösenip oturşyna geň galdy. Onuň günuzynky surnukmadan soň beýdip oturmasyna dözmedi.
– Çaý getireýinmi?
Eset aga «häk, baryny biderek etdi-dä» diýýän terzde aýalynyň ýüzüne seretdi. Soň ýene-de ýazjak boldy. Emma ähli pikiri gyrgy gören serçe sürüsi ýaly, çar tarapa pytyrap gitdi. Sessiýada oturanlar hem indi gözünden gaýyp bolupdy.
– Getiräý, indi.
Nargül daýza adamsynyň äheňine ünsem bermedi. Çaýly çäýnegi, käsedir gant salnan gaby alyp geldi.
– Atajandan hat gelipdir! – diýip, ol buşluk habaryny ene dözümsizligi bilen aýtdy.
– Tüweleme, näme diýýär?
Nargül daýzanyň gözleri buýsançly ýylgyrdy.
– Gurgundyryn diýipdir, köşegim. Kakama köp-köp salam diýipdir.
Eset aga çaýyny gaýtardy.
– Jemile jan hem «gurgundyryn» diýiň, Gazagystandan jaň etdi.
– Bolubilýär! – Eset aga başyny galdyrdy. – Gazyň üstünde näme atardyň. Bir ys bar ýaly-la.
Nargül daýza daşky otaga çykyp geldi.
– Ýene-de sowuk suw üçünji gata çykanok. Içmek üçinem goňşulardan alyp geldim. «Seniň ýaly deputat, gahryman adamym bolsa özüme aýratyn krant çekdirmeýänmi!» diýen bolýar goňşy. Menem: «Esed-e deputatlygy öz tetäregiňi tigerle diýip däl-de «ile hyzmat et» diýip berdiler diýýär» diýdim. O-da: «Wah, günüňe ýanaýyn» diýen bolýar.
Eset aganyň gaşlary çytyldy. Nargül daýza welin munuň bilen gepini tükeder ýaly däl.
– Diýseň diýmeseňem, öý uprawleniýesine bir duýdursan-a.
«Oglum basym goşun gullugyndan geljek» diý. «Içerimize adam girer ýaly däl» diý. Remonty tizleşdirsinler. Suwam aýt. Görýäň-ä suw bolmasa üçünji etažda ýaşar ýalymy. «Goňşular mellegine suw tutsa bize suw çykanok» diý. Bir alaç etsinler ahyryn…
Ýaşuly başyny ýaýkady.
– Goňşulary ýamanlap durmakdan başga işim tükenendir-ow.
Nargül daýza adamsyna dözümli darajak boldy. Ýöne agtyjagynyň, Kemaljanyň uluja gyzynyň atasynyň gujagyňa kürsäp urmagy bilen aýtjagyny aýdyp bilmän kürtdürdi.
– At-a, aý at-a, senden çöýegiň ysy gelýär-ä. Sen çöýekmi, hä.
Eset aga agtyjagynyň sözüne ýylgyrdy-da, onuň galpagyny sypalady.
– Bar, eneňe git. Men işläýin.

* * *
Ajy gök çaý onuň zehinini durlan ýaly boldy. Şonuň üçin ol äýnegini ýene-de gözüne dakyp, eline ruçkasyny aldy.
«Men bu problemalaryň ählisiniň adyny aýdyp çykyp durmaýyn. Şu sapar hamyrturşuly meseläni keserdip goýaýyn. Näme üçin henize çenli bizde hamyrturşy taýýarlaýan zawod ýok. Ähli respublikada bar ahyryn. Biz haçana çenli Bakudan ýa Duşanbeden getirip ýörmeli, ony. Ýa biziň halkymyza gowy çörek gerek dälmi?»
Ol ruçkasyny kagyzyň ýüzünde ýöretdi.
«Gadyrly deputatlar!
Iň gadymy döwürlerden bäri eneler ojagyň ody bilen hamyrturşusyny namysa deňäp gorapdyrlar…»
Ol indi sessiýa geçýän zaly, onda oturan döşi nyşanly deputatlary däl, tutuş halkyň, yrsgalyny, tamdyryny özüne ynanan, öz elinden nanyny iýýän eziz halkynyň ýüregini görýärdi. Olaryň demini eşidýärdi. Olaryň deminden çöregiň ysy gelýärdi. Öz eli bilen bişiren, öz ömrüniň, ykbalynyň gaty köp bölegi garylan çöregiň mukaddes ysy gelýärdi. Ol adamlara näçe hyzmat etseň azdy. Ol adamlara aýdanyň tutulman, diýeniň bitmän galjak gümany ýokdy. Ol şoňa hemişe ynanypdy. Ol sessiýada goýjak meselesiniň hem halk bolup göterilip, halk bolup bitiriljegine tüýs ýüregi bilen ynandy. Çünki bu ýurt Sowetleriň, beýik Leniniň, zähmetkeş adamyň hem-de halal çöregiň ýurdy ahyryn.
Eset Hemraýew şony şirin jany bilen duýýardy. Sebäbi onuň özem şol mähriban halkyň bir çlenidi.

Öwezdurdy NEPESOW. Powestler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle