Bentler-rubagylar
Bentler-rubagylar

Herhal ykbalyma edýärin şükür,
Kimlere garanda yowuz gelmändir.
Gül bagyma girip, torç eýlän kürre,
Goraglan gülüme agyz salmandyr.
***
Aladamy eden gerçekler näçe,
Bilmedim bahamy berjekler näçe,
Dağa nädip çykanymy bilmezler
Togalanyp gaýtsam görjekler näçe.
***
Ak bilen garany baglap bilýänler,
Hemem bir gözünde aglap gülýänler.
Turandaky ak ýürekli tentegi
Eýranda oturyp aldap bilýändir.
***
Maña baýlyk ýa-da dereje berman,
Şu ykbaly ýazan yaradan Alla.
Men Saña şeýle bir şükür edýärin,
Begenjimden käte aglasym gelýa.
***
Köpleriñ puly bar diýýärler weşeñ
Kaşañ jaýlaram bar bäş-alty ýedi.
A men humar, ýogsa çekemok neşe,
Barýar meni söýgi ýeli señsedip.
***
Ykbalymyz şeyle ýowuz, keçmikä,
Gowy bolman eken önki geçmiş-ä.
Gurap galan Aral deñzini bölüp,
Haýsy pygamberiñ ruhy geçdikä
***
Duraýmak kyn bolar aýak üstünde,
Nähak galan bolsañ taýak astynda.
Onda men entegem dikelip durun,
Hak bolmaly iýýän muştum aslynda.
***
Hemişe ogrudan dörän ogrudyr,
Bu söz hakdyr, bu söz örän dogrudyr.
Çyn söz aýtdym, olam gödek ýañlandy,
Hakyñ hatyryna bagyşlañ indi.
Sylapberdi MUHAMOW. Goşgular