| |

Begres dony Gün tygyna ýyrtylan…

Begres dony Gün tygyna ýyrtylan… BEGRES DONY GÜN TYGYNA ÝYRTYLAN…

Begres dony Gün tygyna ýyrtylan...

Oglan gözlerimi söýen günleriň
Bugdaý kimin seçelenip galypdyr.
Mensiz otly köýnek geýen günleriň
Meniň üçin ötülmesiz ýazykdyr.
Bu uly ýalňyşym — ýürekde közüm,
Tapylmaz ýitgimdir, bagrymy dilen.
Ah, ýöne göwün-dä, galyp bir özüm,
Gidýärin sergezdan gözlegim bilen.
Begres dony Gün tygyna ýyrtylan
Baglarda galypdyr intizarlygym.
Ýaz paslymy bu meýdana örtülen,
Ýa-da seniň bahar ýaly ýaglygyň?
Maýsalaryň ygşyldysy, aýdymy
Şirin sözleriňe düzülenmidir?
Ýaýla dolan gülkülerňi söýdümi,
Nämeden torgaýyň özelenmesi?
Sähranyň üstüne bürenip duran
Arassa göwnüňmi, saçlary syýa,
Gyrmyzy güllermi yranyp duran
Gül bolup gögeren şatlygyňmy ýa?
Duýýan, bular gümanydyr göwnümiň,
Uzakdadyr indi elim ýeterden.
Sebäbi men şol ýalňyşly öwrümde
Perişdämi, hut özüňi ýitirdim.
Seni ýitirdim-de, özümi tapdym,
Galdym hakykata syrdaş-dost bolup.
Indi haçan pikir etsem sen hakda,
Ejizligim gelýär elem-tas bolup.
Bu günem aralap sensiz bossany,
Geldim şol ýodanyň bölünen ýerne.
Idip garran bedew kimin gussamy,
Indim solgun aýralygyň güzerne.
Dünýäm, köňül aýdym ýazdy şu ýerde,
Boýun alyp, syzyp uly ahwaly,
Bu gamgyn güzere gelip gidýänler
Bizden soň birneme azalar ýaly.

Mámmetnazar BABANAZAROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle