Baý kakam, garyp kakam — Robert KIÝOSAKI (3 bölek)

Baý kakam, garyp kakam - Robert KIÝOSAKI (3 bölek)

Robert KIÝOSAKI,
amerikan ýazyjysy

Bu kitap ene-atalara —
çagalaryň iň esasy mugallymlaryna
bagyşlanýar

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

DÖRDÜNJI BAP

Dördünji SAPAK.
GIRDEJI SALGYDYNYŇ TARYHY HEM-DE
KORPORASIÝANYŇ ( Hususy bähbitleri esasynda birleşen topar.) MÜMKINÇILIKLERI

Bu oýunda baý kakam akylly göçüm edip, korporasiýany ulanardy. Bu baýlaryň esasy syrydyr.

Mekdepdekäm, Robin Gud we onuň şadyýan ýoldaşlary baradaky aýdylanlar ýadymda. Mugallymymyz baýlaryň zadyny alyp, garyplara paýlaýan hyýaly gahrymany gowy görerdi.

Baý kakam Robin Gudy gahryman däl-de, kezzap hasaplaýardy.

Robin Gud birwagtdan bäri ýogam bolsa, onuň yzyna eýerijiler bar. Men, köplenç, adamlardan şular ýaly sözleri eşidýärin: «Goý, munuň üçin baýlar jübüsini açsyn» ýa-da «Garyplaryň aladasyny eder ýaly, baýlardan köpräk salgyt almaly».

Bu «Robin Gudly» pikir, ýagny baýlardan alyp, garyplara paýlamak düşünjesi garyp hem ortaça ýaşaýan adamlaryň kellagyrysynyň esasy sebäbine öwrüldi. Robin Gudy oňat görýänler, ýagny orta synpyň wekilleri salgydyň agyrlygyndan gaty ejir çekýärler. Näme diýseňizläň, salgydyň esasy agramyny baýlar çekenok. Garyplar üçin ortaça ýaşaýan adamlar töleýär, ilkinji nobatda bolsa, orta synpyň sowatly ýolbaşçylary.

Bu mehanizme gowy düşünmek üçin salgydyň döreýiş taryhyna ser salalyň. Meniň sowatly kakam bilimiň taryhyny gowy bilen bolsa, baý kakam salgydyň taryhyndan gaty gowy baş çykarýardy.

Başda Angliýa bilen Amerikada girdeji salgydy ýok eken. Käwagtlar urşa taýynlyk görmek üçin ýygnanyşyk geçiripdirler. Şonda patyşa ýa-da prezident halka ýüzlenip, olardan muňa öz goşantlaryny goşmagy haýyş edipdir. Beýik Britaniýada girdeji salgydy Napoleon bilen uruşmak üçin 1799 — 1816-njy ýyllar aralygynda, Amerikada bolsa Raýatlyk urşy döwründe, ýagny 1861 — 1865-nji ýyllar aralygynda alynýar.

1874-nji ýyldan başlap Angliýa öz raýatlaryndan girdeji salgydyny alyp ugraýar. Bu düzgün Amerikada 1913-nji ýylda ýola goýlup, olar Konstitusiýa 16-njy üýtgetmäni girizýärler. Wagtal-wagtal amerikalylar salgyda garşy çykyş edipdirler. Meselem, çaýa bolan hetdenaşa salgyt «boston gawani» çaknyşygyna getirip, bu garaşsyzlyk ugrundaky urşuň sebäpleriniň biridir. Angliýa-da, Birleşen Ştatlara-da hemişelik girdeji salgydyny girizmegiň gerekdigini düşündirmek üçin gaty köp wagt gerek bolupdyr.

Bu taryhy seneler iki döwletde-de girdeji salgydynyň başda baýlardan alnandygyny görkezenok. Baý kakam hut şuňa-da biziň ünsümizi gönükdirmek isledi. Ol muny şeýle düşündirdi:

— Salgydyň köpçülik tarapyndan goldanmagy hemem meşhurlyk gazanmagy üçin, garyp we orta synpyň wekillerine: «Salgyt diňe baýlara temmi bermek üçin döredilýär» diýip aýdýarlar. Diňe şu usul bilen halkdan ses alnyp, salgyda konstitusion hukuk statusy (derejesi) berlipdir. Emma olar haýyr iş üçin baýlaryň gapjygyny açdyryp bilmändir. Girdeji salgydyny ses berenlerden, ýagny garyp we orta synpyň wekillerinden has köp tutup ugrapdyrlar. — Ýöne döwlet puluň tagamyny alan badyna, işdäsi açylyp ugraýar — diýip, baý kakam sözüni dowam etdi.

Biz kakam bilen aýry-aýry polýuslarda ýaşaýarys. Ol — döwlet emeldary, men bolsa kapitalist. Biz düýbünden aýry-aýry işler üçin pul alýarys hemem biziň üstünliklerimize garşylykly ölçegler boýunça baha berilýär. Oňa puluny sowýanlygy hemem täze adamlary işe alýanlygy üçin pul tölenýär. Ol puly näçe köp sowsa, şonça-da işe köp adam alyp, guramasyny ulaldýar. Sebäbi döwletde uly guramalaryň sylagy hem uly bolýar. Meniňkide tersine: adamy näçe az alsam, şonça-da az pul sarp edip, maýa goýujylaryň ýanynda hormatym artýar. Ine, hut şu sebäpli hem döwlet emeldarlaryny halamok. Olaryň maksadynyň düýp özeni işewür adamlaryň köpüsiniňkiden tapawutlanýar. Döwlet apparaty (diwany) näçe uly boldugyça, olara öz işjeňligini saklamak üçin şonça-da köp salgyt gerek bolýar.

Döwletiň adamlara kömek etmelidigine sowatly kakam ynanýardy. Ol Jon Kennedini ýüregi bilen gowy görerdi hemem onuň «amerikan meýletinlerini gülläp ösýän ýurtlara işlemäge ibermek» taslamasyny uly şatlyk bilen kabul etdi. Bu pikir oňa şeýle bir ýarady welin, ol ejem bilen birlikde bu gurama işe durdy hemem meýletin esgerleri Malaýziýa, Taýlanda we Filippine ibermäge taýynlamak bilen meşgullanyp ugrady. Ol bilim ministrliginde-de, bu guramada-da adamlary köpräk işe çekjek bolup, býujetden goşmaça pul almak üçin elmydama göreşerdi.

On ýaşymdan soň baý kakamyň döwlet emeldarlaryna «ýalta hazyna ogrulary» diýýän sözlerini köp eşitdim, tersine, garyp kakam baýlary «gysganç kezzaplar» diýip atlandyryp, olardan köpräk salgyt almalydygyny aýdardy. Iki tarap hem nämedir bir zatda mamlady. Ine, şonuň üçinem maňa şäheriň iň baý adamlarynyň biriniň ýanyna işe gitmek, soňra bolsa kakamyň — görnükli jemgyýet işgäriniň ýanyna dolanyp barmak gaty kyn düşýärdi. Men olaryň haýsyna ynanjagymy bilmän, gaty kösenýärdim.

Ýöne girdeji salgydynyň taryhyna üns bilen ser salsak, gyzykly bir zadyň bardygyny görmek bolýar. Eýýäm aýdyşym ýaly, girdeji salgydyny diňe köpçüligiň agramly böleginiň «Robin Gudly» düşünjä ynanýandyklary üçin kabul edipdirler, ýagny baýlardan alyp, beýleki adamlara bermek. Ýöne mesele nämede diýseňizläň: agzy tagam tapan döwletiň işdäsi şeýle bir açylypdyr welin, basym salgyt ortaça ýaşaýan adamlardan hem alynmaly edilip, görkezijiniň çyzgysy gitdigiçe aşaklap ugrapdyr.

Baýlar barada aýdylanda, olar girdeji salgydynyň üsti bilen hasam baýap boljakdygyna göz ýetirdiler, sebäbi olar beýleki adamlaryň düzgüni boýunça oýnanoklar.

Baýlar öz aktiwlerini gorap saklamak üçin korporasiýa döretdiler hem-de bu babatda eýýäm olaryň tejribeleri bar, bu birwagt ýelkenli gämiler barka meşhurlyga eýe bolupdy. Olar öz pullaryny korporasiýa goýdular, ol bolsa deňze çykýan gämileri pul bilen üpjün edip, baýlyk toplamak üçin «Täze Dünýä» gidýän topary hakyna tutdy, eger gämi deňziň düýbüne gidip, adamlar heläk bolsa, onda baýlar diňe şol ýüzüş üçin goýan pullaryny ýitirdiler.

Indiki çyzgy korporasiýanyň girdeji hasabatyny hem-de balans hasabatyny bolup biläýjek howp-hatardan nädip goraýandygyny görkezýär.

Korporatiw gurluşyň hukuk aýratynlyklaryny bilýän baýlar garyplar bilen orta synpyň wekilleriniň öňünde örän uly artykmaçlyklardan peýdalanýarlar. Maňa iki sany ata sosialist bilen kapitalist terbiýe berensoň, maliýe nukdaýnazaryndan kapitalistiň filosofiýasynyň has parasatlydygyna gaty basym düşündim hem-de sosialistleriň özlerine temmi berendiklerini bildim, sebäbi olaryň maliýe sowady ýokdy. «Garyplaryň bar zadyny alarys!» diýip gygyrýanlar her näme etse-de, baýlar olary aldamagyň ugruny tapýarlar. Ine, şonuň üçinem girdeji salgydynyň esasy agramy ahyrsoňy orta synpyň wekilleriniň gerdenine düşdi. Baýlar pul babatdaky düşünjelerini ulanyp, mekdepde maliýe sowadyny almadyk akylly-paýhasly adamlardan üstün çykdylar.

Girdejiler barada korporatiw hasabat
Girdejiler barada hususy hasabat

Baýlar nädip ol akylly-paýhasly adamlardan üstün çykdylarka? «Baýlardan almaly» diýlen salgyt girizilenden soň, döwletiň ammaryna pul akyp ugraýar. Başda adamlar mundan razydy, pul döwlet gullukçylaryna-da, baýlara-da berilýärdi. Gullukçylar ony aýlyk görnüşinde alýan bolsa, baýlar öz zawodlarydyr fabrikleriniň üsti bilen alyp, döwlet tabşyryklaryny ýerine ýetirýärdiler. Döwlet öz dolanyşygy üçin ägirt uly pul serişdesini alýanam bolsa, onuň pul dolanyşygynda meseleler ýüze çykyp ugrady, şonuň üçinem ol artykmaç puluň ýüze çykmagyndan her dürli ýollar bilen gaçmaga başlady. Eger size bölünip berlen puly sowmak başartmasa, onda indiki ýylyň býujetinde onuň size berilmezligi mümkin. Onsoňam tygşytlan puluňyz üçin hiç kim siziň öwgiňizi ýetirmeýär. Telekeçilikde bar zat tersine. Ol ýerde öz kompaniýasyna pul getirip bilýän adamlar maddy sylaglaryny alyp, ýolbaşçylary tarapyndan hormatlanýarlar.

Çarhyň bady artdygyça, döwletiň çykdajylary ulalyp, köpelip ugrady, şonuň üçinem «Baýlardan köpräk salgyt almaly» diýen pikire üýtgetme girizilip, pes derejeli adamlardan hem salgyt alnyp ugraldy hem-de iň soňunda bu sanawa oňa ses berenleri, ýagny garyplar bilen orta synpyň wekillerini hem goşdular.

Hakyky kapitalistler öz maliýe bilimlerini ulanyp, korporasiýalaryny goramagy başardylar. Ýöne köplere — hiç wagt korporasiýa döredip görmedik adamlara onuň hakyky zat däldigi nämälimdir. Ol haýsydyr bir döwlet guramasy tarapyndan bellige alnan, birnäçe kagyzdan ybarat ýönekeý bukja bolup, haýsydyr bir notariusyň edarasynda ýatandyr. Ol ullakan jaýam, fabrigem ýa-da adamly toparam däl, ol hukuk şahsyň döredilendigini tassyklaýan ýönekeý hukuk resminamasydyr. Korporasiýanyň kömegi bilen baýlar ýene bir gezek öz baýlyklaryny goramagy başardylar. Şeýlelikde, korporasiýa meşhurlyga eýe bolup ugrady, sebäbi onuň girdeji salgydy ýekebara salgyt töleýänleriňkiden pesdir. Bu zatlaryň üstesine-de, korporasiýa çykdajylarynyň bir bölegini salgyt üçin tutulýan puldan tölemäge haklydyr.

Barlylar bilen ýoksullaryň arasyndaky bu uruş indi ýüz ýyl bäri dowam edýär. Her bir täze kanun gahar-gazaply söweş arkaly döredilýär hem-de bu hemişe-de şeýle bolar. Bu işde her gün irden işe gidip, soňra-da salgyt töleýän, hiç zatdan habarsyz adamlar elmydama ýeňlişe sezewar bolýarlar. Eger olar baýlaryň nähili düzgün boýunça oýnaýandygyna düşünseler, onda olaram şonuň ýaly oýnamagy başaryp, maliýe garaşsyzlygyna ýetip bilerler. Ine, şonuň üçinem her gezek ene-atalar öz çagalaryna gowy iş tapynmak üçin okuwda gowy okamagy maslahat berenlerinde, men özümi birhili duýýaryn. Adamyň durnukly işi bolan ýagdaýynda-da, maliýe taýdan ukyp-başarnygy bolmasa, ol hiç wagt alaka aýlawyndan sypyp bilmez.

Häzirki döwürde, ortaça hasap bilen, amerikalylar öz salgytlaryny ýapmak üçin, bäş-alty aý döwlete işlemeli bolýarlar. Meniň garaýşym boýunça bu gaty kän. Adam erjellik bilen näçe işledigiçe, şonça-da döwlete köp tölemeli bolýar. Ine, şonuň üçin «baýlardan almak» pikiriniň birwagt oňa ses berenleriň özüne tarap öwrülendigini aýdýaryn.

Haçan-da adamlar baýlardan bir zatlar almakçy bolanda, olar uruş-sögüşsiz razy bolup, soňra bolsa zerur çäreleri görüp başlaýarlar. Olarda pul, hökmürowanlyk hemem bolup geçen ýagdaýy düzetmek islegi bar. Olar täze girizilen salgyda öz islegleri boýunça pul töläp, gol gowşuryp oturanoklar, ony iň az derejesine getirmegiň ýollaryny gözleýärler. Gowy kanunçylary hemem buhgalterleri (hasapçylary) hakyna tutup, syýasatçylara kanuny üýtgetmegi ynandyrýarlar ýa-da özleri üçin çykalga tapar ýaly ýollary gözleýärler hem-de bu işe zerur üýtgetmeleri girizmek üçin ähli serişdelerini ulanýarlar.

ABŞ-nyň Salgyt kodeksi salgydy islendik usul boýunça üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Olar islendik adama düşnükli edilip ýazylan, ýöne, adatça, onuň bilen diňe baýlar gyzyklanýarlar, sebäbi olar öz hususy işlerini goramaly bolýarlar. Meselem, ABŞ-nyň Salgyt kodeksiniň 1031-nji kanunynda, gozgalmaýan emlägiňi has gymmatyna çalşan mahalyň, şondan gelýän girdejiniň salgydyny satyjynyň yza süýşürmäge haky bar. Gozgalmaýan emläk pul goýmagyň bir görnüşi bolup, salgyt tölemezlik üçin uly artykmaçlyk berýär. Siz öz gozgalmaýan emlägiňizi has ulusyna çalyşýan mahalyňyz, girdejileriňizden hiç hili salgyt alynmaz. Salgyt tygşytlamak üçin kanuny usullary ulanyp bilmeýän adamlar öz aktiwler sütüni ulaltmagyň ajaýyp mümkinçiligini elden giderýärler.

Garyp we orta synpyň wekilleriniň olaryňky ýaly serişdeleri ýok, şonuň üçinem olar gol gowşuryp oturýarlar-da, döwletiň öz neşderini damarlaryna sokup, ganlarynyň sorulyp alynmagyna ýol berýärler. Artykmaç salgyt tölemezlik üçin olaryň salgyt ýeňilliklerini ulanmaýandyklary meni haýran galdyrýar ýa-da olar salgyt ýygnaýjylardan gorkýarlarmyka? Men döwletiň salgyt ýygnaýjylarynyň özlerini nähili haýbatly alyp barýandyklaryny bilýärin. Ahyrky netijede, ýalňyşlyk arkaly edilendigi ýüze çykarylan hem bolsa, käbir dostlarymyň işi döwlet tarapyndan ýapylyp dargadyldy. Bu zatlara düşünýärin, ýöne ýanwardan maý aýyna çenli döwlet üçin işlemek gaty gymmat düşýär. Garyp kakam bu zatlara baş galdyrmazdy, baý kakamam garşy bolmazdy, ýöne ol bu oýunda akylly göçüm edip, baýlaryň esasy syryny — korporasiýany ulanardy.

Baý kakamdan alan birinji sapagym ýadyňyzda bolsa gerek: dokuz ýaşly oglanjyk, tä çagyrýançalar, gapynyň agzynda oturyp garaşypdy. Şonuň ýaly, «Haçan çagyrarka?» diýip, onuň edarasynda gaty kän gezek oturypdym. Ol bolsa bilgeşleýin çagyrmaýardy, sebäbi özüniň hökmürowan adamdygyny bildirmek hem-de geljekde mende şolar ýaly adam bolmak höwesini oýarmak islegi bardy. Men onuň elinde gaty köp ýyl okadym, ol şol ýyllaryň içinde bilimiň adama hökmürowanlyk berýändigini elmydama gaýtalardy. Pulam adama ullakan hökmürowanlyk berýär, ýöne ony diňe bilimiň kömegi bilen saklap hemem köpeldip bolýar. Sowatsyz adam üçin bolsa dünýä jebri-jepadan doludyr.

Baý kakam Maýk ikimize şu sözleri öwran-öwran gaýtalardy: «Biziň esasy duşmanlarymyz hojaýynymyz ýa-da başlygymyz däl-de, salgyt gözegçileridir. Olara ygtyýar berseňiz, hemişe gereginden artyk almaga dyrjaşarlar. Puly olara däl-de, özüňe işlemäge mejbur etmek üçin siziň ilkinji düşünmeli zadyňyz hökmürowanlygyň kime degişlidigini bilmekdir».

Pula işlemek bilen, özüňizi iş berijiniň
golastyna salarsyňyz. Haçan-da puluňyz özüňize işläp ugranda, hökmürowanlygy öz eliňize alarsyňyz.

— Puluň özüňize nähili hökmürowanlyk berýänligine düşüneniňizden soň… — diýip, baý kakam sözüni dowam etdi. — Hiç kime boýun bolmaz ýaly, maliýe taýdan akyl ýetirişiňizi ösdürmelisiňiz. Düşünjesiz adamy gorkuzmak gaty aňsat. Eger näme aýdýanyňyza düşünýän bolsaňyz, onda göreşmäge mümkinçiligiňiz bolar.

Ine, şonuň üçinem ol öz işini bilýän hasapçylara we hukukçylara gaty köp tölärdi. Döwlete berenden, olara tölemek baý kakama juda arzan düşerdi. Onuň nesihatlarynyň içinde meniň üçin iň gowusy şudur: «Suw görmän, tamman çykarma», ýagny akylyňa daýanyp hereket et.

Ol kanuny gowy bilýärdi hem-de oňa boýun bolardy, eger kanuny bilmedik ýagdaýynda, bu oňa gaty gymmat düşjekdi. Özüniňki dogry bolsa, hatda Robin Guddur onuň şadyýan ýoldaşlaryna garşy çykyş edeninde-de, adam gaýtargy bermekden gorkanok.

Sowatly kakam elmydama abraýly kompaniýadan gowy iş tapynmagy maslahat berip, gulluk wezipesi bilen ýokary galmagyň gaty gowy zatdygyny aýdardy. Ýöne ol bir zady, eger diňe kompaniýanyň berýän aýlygyna bil baglap otursam, sagmaga ygtyýar berýän sygra öwrüljekdigimi bilenokdy.

Haçan-da onuň maslahatyny baý kakama aýdanymda, ol: «Hüm» etdi-de, şeýle diýdi: «Belki, ol kompaniýanyň eýesi bolmalydyr?!».

Kiçijikkäm, baý kakam kompaniýanyň eýesi bolmalydygyny maslahat berende, onuň nämeleri göz öňünde tutýandygyna düşünemokdym. Bu pikir düýbünden bolmajak, hatda gorkuly ýaly görünýärdi. Elbetde, bu pikir özüne çekijidi, ýöne meniň tejribesizligim haçandyr bir wagt ulularyň öz kompaniýamda işlejekdigini göz öňüne getirmäge ygtyýar berenokdy.

Näme diýseňizläň, baý kakam bolmadyk bolsa, ähtimal, sowatly kakamyň maslahatyna eýererdim. Baý kakam wagtal-wagtal öz hususy kompaniýamy döretmelidigini aýtmadyk bolsa, başga ýol bilen giderdim. Ýöne eýýäm on bäş-on alty ýaşymdakam, sowatly kakamyň iterýän ýoluna gitmejekdigimi bilýärdim. Entek nähili işe başlajakdygym-a bilemokdym, ýöne synpdaşlarymyň aglabasynyň barýan ýoly bilen gitmejekdigimi-de berk ýüregime düwüpdim. Bu bolsa meniň tutuş durmuş ýolumy üýtgetdi.

Men diňe üçünji onýyllygyň ortalarynda baý kakamyň berýän maslahatlarynyň manysyna düşünip ugradym. Şol wagtlar goşun gullugyndan gelip, «Xerox» kompaniýasynda ýaňy işe duran wagtymdy. Gaty köp pul gazanýardym, ýöne her gezek özümiň hasaplaşyk çekime gözüm düşende, lapykeç bolýardym. Jepa çekip işledigimçe, şonça-da menden köp pul tutup alyp galýardylar. Haçan-da kesgitli bir üstünlige ýetenimde, başlyklarym wezipämi galdyrmak hem-de aýlygymy köpeltmek barada gürrüň edip ugradylar. Maňa muny eşitmek diýseň ýakymlydy, ýöne gulagymda baý kakamyň sözleri ýaňlanyp durdy: «Sen kime işleýäň? Kimi baý etmekçi bolýaň?».

1974-nji ýylda, henizem «Xeroxda» işleýärkäm, birinji korporasiýamy döredip, öz işime başladym. Meniň aktiwler sütünimde eýýäm birnäçe zat bardy, ýöne indi ünsümi olaryň sanyny artdyrmaga gönükdirdim. Hasaplaşyk çekleri we aýlygymyň ujundan tutulýan pullar baý kakamyň özüme nähili gymmatly maslahatlary berendigine hem-de sowatly kakamyň maslahatlarynyň geljekde meni nireden çykarjakdygyna düşünmäge kömek etdi.

Işgärlerine hususy işlerini açmagy maslahat bermegi iş berijileriň köpüsi özleri üçin zyýanly hasaplaýarlar. Elbetde, bu käbir ýagdaýlarda gaty adalatly. Ýöne ünsümi öz işimi döretmäge gönükdirip, aktiwleri satyn alyp ugranymda, esasy işimdäki işlerim oňat ýöräp ugrady, sebäbi indi öňümde maksat bardy.

Köpräk pul gazanyp, gozgalmaýan emläklere goýmak üçin daň bilen işe gelip, erjellik bilen zähmet çekýärdim. Gawaýada senagat we söwda ösüp ugrapdy, diýmek, munuň üsti bilen pul gazanyp boljakdy. Ykdysady ýokarlanma döwrüniň başlanandygyna näçe düşündigimçe, şonça-da nusga edýän maşynlary satmagy başarýardym. Olary näçe köp satdygymça, şonça-da pulum köpelip, aýlygymdan tutulýan pullaryňam mukdary artýardy. Bu meni ruhlandyrýardy. duzakdan (alaka aýlawyndan) şeýle bir sypasym gelýärdi. Şonuň üçin hasam jan çekip işläp ugradym hem-de 1978-nji ýylda kompaniýanyň iň gowy satyjylarynyň bäşligine girdim.

Meniň korporasiýam üç ýyldanam az wagtyň içinde «Xeroxdan» alýan aýlygymdan köp girdeji getirip ugrady. Ondaky aktiwler sütüniniň pul aýlanyşygy nusga edýän maşynlary satmak arkaly döredilmän, özüme işleýän pullar arkaly emele getirildi. Baý kakamyň maslahatynyň gymmaty hususy tejribämiň üsti bilen äşgär boldy. Basym gozgalmaýan emläklerimiň pul aýlanyşygy şeýle bir güýje eýe boldy welin, kompaniýamyň pulundan özümiň birinji «porşämi» satyn aldym. «Xeroxdaky» işgärlerim ony aýlygymyň ujundan alandyr öýtdüler, ýöne bu beýle däldi. Men aýlygyma aktiwleri satyn alýardym, pullarym has köpräk pul getirmek üçin erjellik bilen işleýärdi.

Aktiwler sütünimdäki her bir dollarym yhlas bilen işleýän işgärime öwrülip, öz hojaýynyna «porşe» satyn alyp bermek üçin özi ýalylary işe çekýärdi.

Ýöne döwlet ondan hakyny alyp ýetişenokdy. Muňa düşünemsoň, «Xeroxda» hasam yhlasly işläp ugradym. Pikir edişim ýaly hem boldy: täze ulagym onuň nähili işleýänliginiň iň gowy subutnamasy boldy. Baý kakamyň sapaklaryny ulanyp, juda ýaşkam alaka aýlawyndan sypmagy başardym. Bu zatlar baý kakamyň beren düýpli maliýe bilimi arkaly amala aşdy.

Eger şol maliýe bilimler bolmadyk bolsa, men ony IQ ýa-da maliýe taýdan akyl ýetiriş diýip atlandyrardym, maliýe garaşsyzlygyna ýetmek maňa gaty kyn bolardy. Indi men bu bilimleri özgeler bilen paýlaşmak umydy bilen adamlary okadýaryn.

IQ-ňyzy doldurmak üçin size dört sany uly pudakdan alnan bilim gerek.

1. Buhgalteriýa (hasapçylyk) hasabaty

Buhgalteriýa (hasapçylyk) hasabaty maliýe biliminiň düýp özeni ýa-da sanlary okap bilmek başarnygydyr. Eger imperiýa gurmak isleýän bolsaňyz, hökman muny bilmelisiňiz. Gurluşyga näçe pul goýýan bolsaňyz, şonça-da dürs hereket etmeli bolarsyňyz, ýogsa bar zat ýykylyp, weýran bolar. Bu iş kelle beýnisiniň çep tarapky ýarym şaryna degişli bolup, ol ownuk-uşak zatlara jogap berýär. Maliýe sowatlylygy maliýe hasabatyny okamak we oňa düşünmek ukyby bolup, ol her bir işiň güýçli ýa-da gowşak tarapyny aýan edýär.

2. Maýa goýmak

Maýa goýmak puluň nädip pul ýasaýandygy baradaky ylymdyr. Muňa wajyp kesgitlemeler girip, ol kelle beýnisiniň ýarym şarynyň çep tarapynyň döredijilik bölümine degişlidir.

3. Bazara düşünmek

Bazara düşünmek soraglar we teklipler baradaky ylymdyr. Siz bazaryň duýgular arkaly dolandyrylýan tehniki nukdaýnazaryna düşünmelisiňiz hem-de maýa goýmagyň ykdysady nukdaýnazaryndan düýpli baş çykarmagy başarmalysyňyz.

4. Kanunlar

Buhgalterçilik (hasapçylyk) hasabaty ýöredilip, erkin haryt-pul gatnaşyklary arkaly döredilen korporasiýa gaty basym ýokary galar. Salgyda hemem onuň gorag mehanizmine düşünýän korporasiýa eýeleri adaty gullukçylardan ýa-da ownuk hususy işiň eýelerinden gaty basym baýaýarlar. Bu pyýada bilen uçarly barýany deňeşdiren ýalydyr. Eger gep uzakmöhletleýin baýamak barada barýan bolsa, bu hasam zerurdyr.

Salgydyň berýän artykmaçlygy

Korporasiýa hakyna tutma işgäriň edip bilmeýän köp zadyny başarýar. Meselem, puluňyzdan salgyt tutulmanka, çykdajylaryňyzy töläp bolýar. Bu onuň iň gyzykly tarapydyr. Hakyna tutma işgärler pul gazanýar, döwlet ondan salgydyny alýar, onsoň galan pullarynyň kömegi bilen olar ýaşamaga synanyşýar. Korporasiýa pul gazanýar, baryny harçlaýar hem-de näme galan bolsa, şondanam salgyt töleýär. Bu baýlaryň kanuny usul boýunça salgydy tölemezlik üçin iň uly ýapyşalgalarydyr. Eger gowy pul akymyny getirýän maýa goýumlaryňyz bar bolsa, bular ýaly ýapyşalgalary hiç hili kynçylyksyz döredip bolýar hemem ol arzan düşýär. Meselem, siziň hususy korporasiýaňyz bar bolsa, onda öz dynç alyş günleriňizi Gawaýada geçirilýän mejlise gatnaşýan ýaly resmileşdirip bilersiňiz. Ulaglary ulanmak, saglygy saklaýyş klublaryna we restoranlara barmak, kepillendiriş işleri we beýleki zatlary wekil hökmünde kompaniýanyň önümçilik harajatlarynyň üsti bilen ýapyp bilersiňiz. Bu zatlaryň hemmesi kanuny bolup, salgyt alynmazdan öň gelýän girdejiden tölenýär.

Kazyýet arzalaryndan goranmak

Biz şer tapsa gözi açylýan adamlaryň jemgyýetinde ýaşaýarys. Her kim siziň eliňizdäki lukmadan öz paýyny almak isleýär. Aktiwlerini algydarlaryndan goramak maksady bilen, baýlar öz baýlygynyň agramly bölegini korporasiýada hem-de trast gaznalarynda gizleýärler. Şonuň üçinem kimdir biri bir baýy kazyýet jogapkärçiligine berende, ol, köplenç, hukuk goragynyň köp derejeli ulgamyna duçar bolýar, ýagny baýyň hiç zady ýok bolup çykýar. Ol ähli zady dolandyrýanam bolsa, ol zatlar oňa degişli däldir. Garyp we orta synpyň wekilleri bolsa öz hususy baýlyklarynyň doly hukukly eýeleri bolmak isleýärler, şonuň üçinem mejbury ýagdaýda ellerindäki zatlaryny döwlete ýa-da gapdalyndaky adama bermeli bolýarlar, sebäbi häzirki döwürde adamlar baý hasaplanlarynyň üstünden arza ýazmagy hiç zatça görenoklar, muny olara Robin Guduň taryhy öwretdi: baýlardan alyp, garyplara bermeli.

Men bu kitapda korporasiýanyň üstünde jikme-jik durup geçesim gelýär, ýöne aýtmakçy bolýan zadym, eger siziň nähilidir bir kanuny aktiwiňiz bar bolsa, korporasiýanyň özüňize nähili haýyr getirjekdigini hem-de nädip gorajakdygyny tizden-tiz bilseňiz gowy bolar. Bu barada gaty köp kitaplar bar, olarda korporasiýanyň artykmaçlygy doly beýan edilip, ony nähili döretmelidigi barada tapgyrma-tapgyr aýdylýar.

Meniň size aýratyn hödürlejek kitabym Gerret Sattonyňkydyr, ol size korporasiýanyň mümkinçilikleri barada doly düşünje berer.

Maliýe IQ siziň utgaşdyrylan bilimiňiz hem-de zehiniňizdir. Ýöne esasy zat maliýe intellekti bolup, ýokarda görkezilen dört pudagyň hyzmat etjekdigini aýtmak isleýärin. Eger ullakan baýlygyň eýesi bolmak isleseňiz, onda hut şol bilimler hem maliýe intellektiňizi güýçlendirmäge kömek eder.

Netijede:

Baý korporasiýa eýeleri:

1. Pul gazanýarlar.

2. Harçlaýarlar.

3. Salgyt töleýärler.

Korporasiýada işleýän adamlar:

1. Pul gazanýarlar.

2. Salgyt töleýärler.

3. Harçlarlar.

Haçan-da, öz maliýe maksatnamaňyzy düzüp ugranyňyzda, işiňizi hem-de aktiwleriňizi nädip goramalydygy barada köpräk bilmegiňizi sizden örän haýyş edýärin.

BÄŞINJI BAP

Bäşinji SAPAK.
BAÝLAR PULY OÝLAP TAPÝAR

Hakyky dünýäde ýokaryk akyllylar däl-de,
gaýduwsyzlar galýarlar.

Düýn agşam, kitapdan ünsümi sowaýyn diýip telewizora seretdim, onda Aleksander Greýam Bell diýen bir ýaş ýigidiň durmuşy barada gürrüň berilýärdi. Haçan-da, ol öz telefonyna tassyknama alanda, oýlap tapan zadyna sorag şeýle bir uly bolupdyr welin, ony kanagatlandyrmaga güýji ýetmändir, sebäbi munuň üçin ullakan kompaniýa gerek bolupdyr. Şonuň üçinem Bell şol wagtlar gaty ullakan korporasiýa hasaplanýan «Western Uniona» baryp, kiçijik kompaniýasy bilen bilelikde tassyknamasyny satyn almagy teklip edipdir hem-de bu zatlar üçin bary-ýogy 100 müň dollar pul sorapdyr. «Western Unionyň» prezidenti onuň üstünden gülüpdir-de, teklipden ýüz dönderipdir. Soňra nämäniň bolandygyny özüňiz gowy bilýärsiňiz. Multimilliarder senagaty döräp, AT&T kompaniýasy emele geldi.

Gepleşik tamamlanan badyna, täzelikleriň agşamky goýberilişi başlandy. Onda ýerli kompaniýanyň adamlary nobatdaky gezek işden boşadyşyny görkezdiler. Gahar-gazaba münen işçiler kompaniýanyň eýesini adalatsyzlykda aýyplaýardylar. Işden çykarylan kyrk bäş ýaşly menejer işini dikeltmek maksady bilen, zawoda aýalydyr iki çagasyny getirip, garawullardan kompaniýanyň hojaýynynyň ýanyna barmagy haýyş edip ýalbarýardy. Ol ýaňyja jaý satyn alan eken-de, ony ýitirmekden gorkýardy. Onuň özelenip durşuny ekrany dolduryp görkezdiler. Bu habaryň meni özüne çekenligini ýa-da däldigini aýdyp oturmagyň hajaty ýokmuka diýýärin.

Men ders bermek işi bilen 1984-nji ýyldan bäri meşgullanýaryn. Şu ýyllaryň içinde juda köp hem-de peýdaly tejribe topladym. Emma bu hünär jemgyýetimiziň ynjyk meýline ünsli garamaga mejbur edýär.

Men müňlerçe adamy okadýaryn hem-de olaryň hemmesinde, şol sanda özümde-de umumy bir meseläniň bardygyny görýärin. Her bir adamyň ägirt güýç-kuwwaty hem-de täsin galmaly zehini bar. Emma adamyň özüne bolan bellibir derejedäki şübhesi şol zehiniň ýüze çykmagyna päsgelçilik berýär. Men bu ýerde diňe tehniki habarlaryň ýetmezçiligi barada däl-de, adamyň öz güýç-kuwwatyny ýeterlik derejede ynanmaýanlygynyň gürrüňini edýärin. Käbir adamlarda bu has uly derejededir.

Okuwy gutaranymyzdan soň, mekdep şahadatnamasyndaky gowy bahalaryň ýa-da gyzyl (tapawutlanan) diplomyň durmuşda iň möhüm zat däldigine köpimiz düşünýäris. Okuw mekdepleriniň diwarlarynyň aňyrsynda, hakyky dünýäde ýönekeýje bahalardan başga has köp zat gerek. Muňa adamyň gaýduwsyzlyk, batyrlyk, edermenlik, başarjaňlyk, ýeserlik, tutanýerlilik, maksada okgunlylyk hem-de adatdan daşarylyk häsiýetleri girip biler. Ýöne esasy zat, ony nähili atlandyranymyzyň tapawudy ýok, ol biziň geljegimizi mekdep bahalaryndan has ýokary derejede kesgitleýär.

Biziň her birimiziň içimizde adatdan daşary, şir ýürekli, gaýduwsyz gahryman gizlenip ýatyr. Ýöne onuň gapdalynda gapma-garşy tarapy — zerur wagty dyza çöküp, ýalbar-ýakar etmegi hiç zatça bilmeýän biri ýatyr. Wýetnamda deňiz goşunynyň uçarmany bolup gulluk edenimde, «özümiň» bu iki tarapym bilen has ýakyndan tanşyp, olaryň hiç biriniň beýlekisinden gowy däldigini bildim.

Emma mugallym bolanymdan soň, adamyň öňündäki päsgelçilikleriň iň esasylarynyň — hetdenaşa gorkyny hem-de özüňe bolan şübhäni ýeňip geçmekdigini bildim. Sebäbi jogabyny bilýänem bolsalar, aýtmakdan çekinýän okuwçylara seretmek maňa elmydama agyr degýär. Ine, şonuň üçinem hakyky dünýäde ýokaryk akyllylar däl-de, gaýduwsyzlar galýarlar.

Men muny öz tejribämde gördüm, öz maliýe zehinimizi açmak üçin bize diňe tehniki ylym däl-de, batyrgaýlygam gerek. Juda güýçli gorky bu zehiniň ýüze çykmagyna ýol berenok. Öz sapaklarymda okuwçylara töwekgellik etmelidigini, gaýduwsyz bolmalydygyny, gorkyny güýje we akyla öwürmelidigini erjellik bilen maslahat berýärin. Bu olaryň käbirine aňsatlyk bilen başardýan bolsa, galanlaryna hiç wagt başardanok. Haçan-da, gep pul barada gidende, adamlaryň aglabasy ýalňyşman hereket edenini gowy görýär.

Maňa, köplenç, şu soraglary berýärler: «Näme üçin töwekgellik etmeli?», «Näme üçin men öz maliýe IQ-mi ösdürmek üçin tagalla etmeli», «Maňa näme üçin maliýe bilimi gerek?». Olara şeýle diýýärin: «Köpräk jogabyňyzyň bolmagy üçin».

Geljekde adamzadyň öňünde ägirt uly özgerişlikler bar. Ýakyn ýyllarda oýlaptapyjy Aleksander Greýam Bell ýaly gaty köp ýaş ýigitler peýda bolar. Her ýyl tutuş dünýäniň ýüzünde Bill Geýts ýaly ýüzlerçe şahsyýetler hem-de «Mikrosoft» ýaly öňdebaryjy kompaniýalar bolar. Ýöne başga bir tarapdan, tozmak, işden boşatmak hem-de iş ýerleriniň azaldylmagy has köp bolar.

Şeýle-de bolsa, biz näme üçin öz maliýe IQ-myzy güýçlendirmeli?

Bu soraga özüňizden başga hiç kim jogap berip bilmez. Ýöne özümiň näme üçin meşgullanýandygymy aýdyp biljek. Meniň pikirimçe, öwrülişiklerden gorkmaly däl-de, begenmeli. «Aýlygymy galdyrmadylar» diýip gynanmaly däl-de, millionlary gazanýanlygyňa begenmeli. Biz entek adamzat taryhynda görlüp-eşidilmedik gowy durmuşda ýaşaýarys. Ýene birnäçe nesil geçenden soň, adamlar yzyna garap, şeýle diýer: «Şol döwürler gaty täsin eken. Könelişen zatlar tamam bolup, täzeler dünýä inipdir. Ol duýdansyzlyklar hem-de wakalaryň galkyndyrýan zamanasy bolupdyr».

Şeýlelikde, näme üçin öz maliýe IQ-myzy ýokary galdyrmaly? Sebäbi muny eden ýagdaýymyzda, gülläp ösýän zamananyň ähli zadyndan lezzet alyp bileris. Tersine bolan ýagdaýynda, geljekki ýyllar bize gorkudan başga hiç zat getirmez. Adamlaryň käbiri okgunlylyk bilen öňe ýüzse, galanlary pytrajak bolup duran halas ediji halkalara ýapyşarlar.

Üç ýüz ýyl mundan ozal baýlygyň esasy çeşmesi ýerdi. Şonuň üçinem kimiň ýeri bar bolsa, baý hasaplanardy. Onuň yzyndan baýlygyň esasy çeşmesi senagat önümçiligi boldy, bu bolsa Amerikany dünýäniň hökümdar döwletine öwrüp, iň baý adamlar senagat eýeleri boldy. Häzir baýlygyň esasy çeşmesi maglumat bolup, kim häzirki zaman maglumatyndan ýüküni tutan bolsa, şolam birinji ýerdedir. Ýöne bu ýerde bir mesele bar: maglumatlar dünýäniň çar tarapyna ýyldyrym çaltlygynda ýaýraýar. Bu täze baýlygy ýer ýa-da kärhana ýaly haýatyň aňyrsynda gizläp bolanok. Bu bolsa özgerişlikleriň örän çalt hem-de düýpli bolmagyna getirip, täze multimillionerleriň sany gaty basym artýar.

Häzirki döwürde köpleriň ýaşamak üçin göreşýändigini hem-de soňky demine çenli zähmet çekýändigini görýärin, sebäbi olar köne pikirlerden el üzenoklar. Olar ähli zadyň öňki ýaly bolanyny isläp, üýtgeşikliklere garşy durýarlar. Men, işini ýa-da öýüni ýitirip, munuň üçin tehniki öňegidişligi, ykdysadyýeti ýa-da iş berijisini günäkärleýänleri tanaýaryn. olar bar meseläniň özlerindedigine düşünenoklar. Köne pikirler olaryň iň uly hemem muşakgatly passiwlerine (dertlerine) öwrüldi. Bu adamlar öz pikirleriniň ýa-da hereket etmek üçin endik eden usullarynyň passiwler (dertler) toparyna geçendigini aňanoklar, sebäbi düýnki gün aktiwler toparyna girenem bolsa, ol gün eýýäm hemişelik geçmişde galdy.

Bir gezek stoluň üstünde oýnalýan «Pul akymy» oýnunyň kömegi bilen (muny okuw gollanmasy hökmünde özüm oýlap tapdym) maýa goýumy boýunça sapak berýärdim. Diňleýjileriň biri ýany bilen öz jorasyny alyp gelen eken. Ol aýal ýaňy-ýakynda adamsy bilen aýrylyşypdyr-da, çynlakaý maliýe meselesine uçrap, öz soraglaryna jogap gözleýärdi. Diňleýjim: «Belki, haýyr tapar» diýip, ony bu ýere alyp gelipdir.

Bu oýun adamlara puluň nähili işleýändigine düşünmäge kömek edýär. Oýnuň dowamynda olar maliýe hasabatynyň balans hasabaty bilen nähili baglydygyny, pul akymynyň bu iki hasabatyň arasyndan nähili aýlanýandygyny görýärler hem-de aktiwler sütünindäki pul akymynyň bir aýlyk çykdajylaryňdan aňry geçende, baýap bolýandygyna düşünýärler. Bu maksada ýetenlerinden soň, olar «alaka aýlawyndan» çykýarlar hem-de tiz hereket edilýän ýoda düşýärler.

Oýun käbir adamlara ýarasa, käbirlerine ýaranok, käbirleri bolsa asla bu oýnuň manysyna düşünenok. Bu aýalda-da şeýle boldy, ol bir zatlar öwrenmegiň gymmatly mümkinçiligini ýitirdi. Ol birinji göçümini edip, «Her dürli zatlar» meýdançasyna düşdi hem-de onuň bijesinden gämili kart çykdy. «Meniň gämim bar!» diýip, ol aýal başda gaty begendi. Ýöne boýdaşy maliýe we balans hasabatynda sanlaryň nähili işleýändigini düşündirenden soň, ol lapykeç boldy, sebäbi hiç haçan matematikany öwrenmändir. Jorasy pul akymyndaky maliýe hasabaty bilen balans hasabatynyň arabaglanyşygyny düşündirenden soň, ol gäminiň gaty köp pul «iýýändigine» düşündi. Oýun dowam edýärdi, basym ony işden çykardylar, soňra bolsa onuň çagasy boldy. Umuman, bu döwde onuňky şowuna bolmady.

Okuwdan soň jorasy ýanyma gelip, onuň gaty keýpsizdigini aýtdy. Sebäbi ol bu ýere maýa goýmagy öwrenmäge gelipdir, biz bolsa hiç zat öwretmän, haýsydyr bir bolgusyz oýna güýmenipdiris.

«Geçmişiňi ýadyňa sal, belki, bu oýun özüň baradadyr?» diýip, jorasy oňa maslahat berdi. Muny eşidip, ol puluny yzyna bermegi talap etdi, sebäbi bu oýnuň öz durmuşy hakdadygy barada eşidesi hem gelmedi. Şeýlelikde, ol öz puluny alyp, bu ýerden gitmek bilen boldy.

Mekdebiň hem kollejiň mugallymlary, esasan, leksiýa (umumy okuw) bermek bilen meşgullanýarlar. Öz döwrümde olary diňlemegi menem ýigrenerdim, sebäbi bu ýüregimi gysdyrardy, şonuň üçinem aýdylýan zatlardan ünsümi sowup, hiç zat alyp bilmezdim.

1984-nji ýylda bilim ulgamymyzyň etmeýän zady bilen meşgullanyp, millionlarça dollar gazandym. oýnuň kömegi bilen durmuşdan mysallar getirip, adamlary okadyp ugradym hem-de häzirem bu okuw esbabyny ulanýaryn. Men öz okuwçylaryma bu oýna aýna sereden ýaly garamagy hem-de onda öz geçmişiňi görüp, many almalydygyny aýdýaryn.

Ýöne bu ýerde esasy zat durmuşda öz alyp
barşyňy görmekdir.

Bu oýun siziň öňki durmuşyňyzyň gysga wagtlyk pursadydyr. Siz bu ýerde biriniň ýüregedüşgünç pelsepesini diňlemän, öz kesgitli soragyňyza jogap alarsyňyz.

Sapagymy taşlap giden aýalyň jorasy giçlik jaň edip, soňky täzelikleri gürrüň berdi. Onuň jorasy köşeşipdir hem-de bu oýnuň öz durmuşyna gaty meňzeşdigini boýun alypdyr. Adamsy ikisiniň gämiler-ä ýok eken, ýöne durmuşda bolup biläýjek ähli zatlary bar eken. Ol aýal aýrylyşandan soň, diňe bir adamsynyň özüni ýaşajyk birine çalşanlygyna gaharlanman, eýsem, ýigrimi ýyllyk durmuşlarynda gaty az aktiw toplandyklaryna jany ýanypdyr. Olaryň bölüşere zatlary ýok diýen ýaly eken. Olar ýigrimi ýyllap şatlykly durmuşda ýaşanam bolsalar, şu döwrüň içinde hiç kime gerekmejek ownuk-uşak zatlary ýygnapdyrlar.

Maliýe we balans hasabatlaryndaky sanlara düşünmeýänligi üçin, ol bu oýny kabul etmekden ýüz dönderipdir, sebäbi bu işler bilen elmydama erkekler meşgullanmalydyr öýdüpdir. Onuň işi hojalygy ýöretmek hem-de gelen myhmanlara hyzmat etmek bolupdyr, maliýe meselelerini bolsa adamsy çözüpdir. Indi ol adamsynyň soňky bäş ýyllykda umumy puldan ogrynça gizländigine şübhelenenok. Puluň bir böleginiň nirä gidenligini hem-de adamsynyň ýanynda başga bir aýalyň bardygyny bilmänligi üçin, ol häzir gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýar.

Edil stoldaky oýun ýaly, durmuşda-da dogry ýaşamasaň, ol özüniň ters tarapyny gaty basym görkezýär. Eger biz bu oýny kabul etmegi başarsak, onda gaty köp zat öwrenip bileris. Arada aýalymyň ýanynda geýim ýuwujylaryň balagymy zaýalanlygyndan zeýrendim, sebäbi ol bilimi gysyp ugrady. Aýalym mylaýymlyk bilen ýylgyrdy-da, barmagy bilen garnyma dürtüp, günäniň kir ýuwujylarda däl-de, köp iýýänligimdedigini aýtdy.

«Pul akymy» oýny her bir adama şahsy durmuşynyň ters tarapyny görkezýär hem-de çykalga gözlemäge mejbur edýär. Eger gämili karty çekip, berginiň aşagynda galsaňyz, sizde: «Indi näme etmeli? Bu ýagdaýdan nädip çykmaly?» diýen soraglar döreýär. Oýnuň asyl maksady şundan ybarat: oýunçylara çykalga tapmagy öwredýär hem-de maliýe meselesini çözmek üçin täze, öň hiç kimiň kellesine gelmedik jogaplary oýlap tapmaga kömek edýär. Häzir bu oýny dünýä ýüzündäki adamlaryň müňlerçesi oýnaýar. Sanlardan başy çykýan hem-de maliýe taýdan döredijilikli pikirlenip bilýän adamlar «alaka aýlawyndan» gaty basym çykýarlar. Olar maliýe meselesiniň iň amatly çözgüdini aňsatlyk bilen tapýarlar. Adatça, baý adamlar oýlanyşykly hereket edip, töwekgelçilikli işe düşünjeli barýarlar. Sanlara düşünmeýän adamlara bolsa gaty kän wagt gerek bolýar, olar, köplenç, maýa goýmagyň bähbidine düşünenoklar.

Käbir adama oýunda köp pul düşýär, ýöne ol olary nädip ulanmalydygyny bilenok. Onuň gaty köp puly bolsa-da, beýleki adamlar ondan öňe geçýär. Durmuşda-da şunuň ýaly. Puly juda köpem bolsa, maliýe işinde öňe gitmegi başarmaýan adamlar örän köp.

Çykalgalaryňy çäklendirmek köne pikirlere asylyşan ýaly bir zatdyr. Meniň bir dostum bar, biz birwagt ýokarky synplarda bile okapdyk. Häzir ol üç işde işleýär. Ýigrimi ýyl mundan öň ol synpdaşlarymyň arasynda iň gurplusydy. Haçan-da, ýerli şekerçiňrik meýdany ýapylanda, onuň işleýän kompaniýasam ýitirim boldy hem-de bu adam öňünde ýekeje çykalganyň bardygyna — hasam erjellik bilen işlemelidigine düşündi. Ýöne mesele nämede diýseňizläň, ol özüne şol kompaniýadaky ýaly ähmiýetli wezipe tapyp bilmedi. Onuň ýokary derejeli hünärine hiç kim üns bermänsoň, ol iş tapan ýerinde işlemeli boldy. Häzir ol üç işde işleýär, şeýle-de bolsa, ol gününi zordan aýlaýar.

«Pul akymy» oýnunda özüne laýyk kartyň düşmeýänligi barada zeýrenip, hiç zat etmän oturýanlar hem bar. Bular ýaly adamlar durmuşda-da az däl, olar oturyp, özlerine laýyk bolaýjak mümkinçilige garaşýarlar.

Käwagt özlerine laýyk gelýän karty alýan adamlaram bar, ýöne şertnama baglaşmak üçin olaryň pullary ýetenok. Şonda olar: «Eger pulumyz köp bolsa, «alaka aýlawyndan» çykardyk» diýip aýdýarlar-da, ýene gol gowşuryp oturýarlar. Bular ýaly adamlaram durmuşda az däl. Olar gaty gowy şertnama baglaşyp biljekdiklerini görseler-de, munuň üçin pul tapmagy başaranoklar.

Käwagtlar bolsa adamlaryň bijesinden gaty gowy kart çykýar, ýöne onuň iňňän gowy mümkinçilikdigine düşünenoklar. Olaryň puly, laýyk pursady, kartlary bar, ýöne barybir, burunlarynyň öňündäki mümkinçiligi görenoklar. Bular ýaly adamlar dünýäde gaty kän. Her bir adama arzuwyndaky mümkinçiligi sataşýar, ýöne ol ony aňşyrman, gapdalyndan geçip gidýär. Ol ony diňe bir ýyldan — beýlekiler baýandan soň bilip galýar.

Maliýe intellekti dürli mümkinçilikleri görmegi başarmakdyr. Eger öňüňizde mümkinçilikler açylmasa, onda öz maliýe ýagdaýyňyzy gowulamak üçin ýene nämeler edip bilersiňiz? Eger mümkinçilik dörese, ýöne puluňyz bolman, bankam siziň bilen gürleşmek islemese, bu mümkinçiligi sypdyrmajak bolup, nämeler edip bilersiňiz? Eger sizi duýgularyňyz aldap, göz öňünde tutan zadyňyza ýetip bilmeseňiz, onda şowsuzlygy millionlara nädip öwrersiňiz? Ine, şu zatlar üçinem maliýe intellekti gerek. Ol adamyň ünsüni bolup geçen zatlara däl-de, maliýe çözgütlerini tapmaga hem-de şowsuzlygy millionlara öwürmäge gönükdirýär. Maliýe meselesine nähili döredijilikli garajakdygyňyz diňe şoňa bagly.

Ýöne adamlaryň köpüsiniň kellesinde diňe bir pikir bar: erjellik bilen işlemeli, pul gazanmaly ýa-da karzyna pul almaly. Aýtsaňyzlaň, maliýe intellekti näme üçin gerek? Öz bagtymyzy gurmak, islendik ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin gerek. Edil puly döredip bolşy ýaly, şowlulygam döredip bolýandygyny gaty az adam bilýär. Eger rowaçlygy ýaran edinip, pul gazanmak isleýän bolsaňyz, onda maliýe intellektiňiz bolmasa bolmaz, ertirden agşama çenli sütüniňiz süýnýänçä işlemeli bolarsyňyz. Eger özüňize amatly ýagdaý döreýänçä garaşmagy makul bilseňiz, onda gaty köp garaşmaly bolmagyňyz mümkin. Bu edil köçe dyknyşygynda ulagly durup: «Ýol haçan açylarka?» diýip garaşan ýaly bir zat.

Maýk ikimiz kiçijikkäk, baý kakam şu sözleri ürç edip gaýtalardy: «Pul — bu hakyky zat däl». Käwagtlar ol şol alebastrly galyplarda pul ýasanymyzy ýatlap, biziň puluň syryna gaty ýakynlaşandygymyzy aýdardy hem-de: «Garyplar bilen orta synpyň wekilleri pul üçin işleýär, baýlar bolsa puly ýasaýar» diýerdi. Şonuň üçinem puluň hakyky zatdygyna ynamyňyz näçe uly bolsa, şonça-da erjellik bilen işlärsiňiz. Ýöne puluň hakyky barlyk däldigine düşünmegi başarsaňyz, onda basym baýarsyňyz.

«Ýogsa-da, pul näme?» diýip, Maýk ikimiz geň galyp sorardyk. «Eger ol hakyky zat däl bolsa, onda näme?».

«Ol biziň şertleşikdäki göz öňünde tutan zadymyz» diýip, baý kakam jogap bererdi.

Adamdaky iň uly aktiw onuň akylydyr.

Ýagşy kämilleşdirilen akyl ullakan baýlygy bir pursatda döredýär. Kämilleşdirilmedik akyl juda garyp galyp, ony nesilden-nesle geçirer.

Habarlar zamanynda puluň mukdary geometrik progressiýa esasynda ulalýar. Käbir şahsyýetler ummasyz baýlygy hiç zat ýok ýerden, pikirlerdir ylalaşyklar arkaly döredýärler. Ynanmasaňyz, biržanyň oýunçylaryndan soraň, olar size nämeleriň bolýandygyny aýdarlar. Käwagtlar hiç zat ýok ýerden, sanlyja sekuntlarda millionlary gazanyp bolýar. Men «hiç zat ýok ýerden» diýip, puluň elden-ele geçmeýändigini göz öňünde tutýaryn. Bar zat ylalaşyk arkaly edilýär: birža zalyndakylar el galdyrarlar; lissabonly söwdagär ekranyň üsti bilen yşarat eder; haýsydyr bir dellal bolsa telefonyň üsti bilen aksiýalary satyn alyp, birsalymdanam satar. Hiç kim biri-birine pul bermez. Bar zat ylalaşyk arkaly bolar.

Şeýle-de bolsa, näme üçin biz öz maliýe zehinimizi kämilleşdirmeli? Bu soraga özüňizden başga hiç kim jogap berip bilmez. Umuman, munuň bilen näme üçin özümiň meşgullanýandygymy aýdyp biljek. Sebäbi muny özüm isleýärin, bu okuw maňa ýaraýar. Häzirki döwürde myşsalar işlänok-da, adamyň akyl-paýhasy işleýär. Meniň öz maliýe IQ-my ösdürýänligimiň sebäbi dünýäniň iň uly oýnuna gatnaşasymyň gelýänligidir. Adamzadyň bu görlüp-eşidilmedik ösüşine menem öz goşandymy goşasym gelýär. Taryhyň ýazylýan ýerinde bolasym gelýär. Dogrusy, bu biraz gorkunç, ýöne gaty gyzykly.

Ine, şonuň üçinem öz maliýe intellektime pul goýup, özümde bar bolan iň uly aktiwimi kämilleşdirýärin. Yzky hatardan zoraýakdan süýrenip gelýänleriň arasynda däl-de, batyrgaýlyk bilen öňe gadam urýan adamlaryň arasynda bolasym gelýär.

Bu puly nädip döretmelidiginiň ýönekeý mysaly. 1990-njy ýyllaryň başlarynda Arizona ştatynyň Finiks şäheriniň ykdysady ýagdaýy örän ýaramazlaşdy (men şol ýerde ýaşaýardym). Bir maliýe hünärmeni geljekde durmuşyň hasam agyrlaşjakdygy barada telewizorda çykyş edip, adamlara pul ýygnamagy maslahat berdi hem-de: «Her aý ýüz dollar ýygnasaňyz, kyrk ýyldan soň multimillioner bolarsyňyz» diýip, sözüniň ahyrynda aýtdy.

Hawa, her aý puluň bir bölegini beýläňde goýmak erbet pikir däl. Bu çykalgadan adamlaryň köpüsi peýdalanýar. Ýöne mesele nämede diýseňizläň, beýlesine pul atýan adam daş-töwereginde nämeleriň bolup geçýändigini aňman ugraýar. Ol puluny köpeltmegiň has ajaýyp mümkinçiliklerini gözden sypdyrýar. Bu haý-haýly durmuş onuň gapdalyndan geçip gidýär.

Öňde aýdyşym ýaly, şol wagtlar şäheriň ykdysady ýagdaýy örän ýaramazdy. Ýöne maýadarlar üçin bazar ykdysadyýetiniň bu ýagdaýy örän peýdalydyr. Men pullarymyň bir bölegini gazna biržasynda işledip, galanlaryny köp otagly jaýlara goýdum. Elimde hiç hili pul ýok diýen ýalydy. Daş-töweregimdäki adamlaryň bary gozgalmaýan emläklerini satýardy, men bolsa alýardym. Pulumy tygşytlajak bolman, baryna zat satyn alýardym. Şeýdip aýalym ikimiz bu gaty basym ösýän bazara million dollardanam köp pul goýduk. Bu meniň üçin maýa goýmagyň iň gowy mümkinçiligi bolanlygy sebäpli ownuk şertleşikleriň hiç birinden ýüz döndermedim.

Birwagtlar bahasy ýüz müň dollar bolan öýler häzir ýetmiş bäş müňe satylýardy. Ýöne men gozgalmaýan emläkleri satyn almak üçin ýerli wekillere däl-de, adamlaryň algy-bergileri bilen iş salyşýan hukuk edaralaryna ýüz tutdum. Bu ýerde bahasy ýetmiş bäş müň dollarlyk jaýlary käwagtlar ýigrimi müň dollara ýa-da ondanam arzan alyp bolýardy. Iki müň iki ýüz dollar edip gaýtarmak şerti bilen dostumdan iki aýlyk iki müň dollar karz aldym hem-de ony bankyň hukukçysyna jaýyň ýigrimi müň dollarynyň birinji tölegi hökmünde geçirdim. Şertnama baglaşylýança, gowy jaýyň nagt däl görnüşinde bary-ýogy altmyş müň dollara satylýandygy barada bildiriş berdim. Şondan soň yzyny üzmän telefon jyrlap ugrady. Alaýjak müşderileriň sanawyny düzdüm-de, jaý adyma geçen badyna, olary öýi görmäge çagyrdym. Müşderiler biri-birinden öň aljak bolýardy, şeýdibem jaý iki minutyň dowamynda satyldy. Şertleşigi resmileşdirmek üçin iki ýarym müň dollar soradym welin, ony şobada çykaryp berdiler. Onuň iki müň iki ýüzüni dostuma gaýtaryp berdim. Bu işden dostumam, öýi satyn alanam, hukukçylaram, özümem hoşal. Şeýdip ýigrimi müňe alan öýümi altmyş müň dollara satdym. Aktiwler sütünimdäki bu kyrk müň dollar alyjynyň bergidarlyk dil haty görnüşinde emele geldi hem-de muny gazanmak üçin bäş sagat iş wagtymy ýitirdim.

Maliýe sowatlylygyna tarap ilkinji ädimiňizi ädip, sanlary okamany başaryp ugranyňyzdan soň, size muny näme üçin gürrüň berendigimi düşündiresim gelýär.

Men öz aktiwler sütünime 40 müň dollar getirdim. Bu döredilen pul salgytdan boşadylýar hem-de 10%-lik bergidarlyk dil haty aktiwler sütünime ýylda 4 müň dollar pul akymyny getirýär.

Girdejiler barada hasabat

Bazar ykdysadyýetiniň pese gaçýan döwründe aýalym ikimiz işden boş wagtymyz şular ýaly ýönekeýje işleriň altysyny ýerine ýetirdik. Şol wagtlar pulumyzyň esasy bölegini has uly gozgalmaýan emläklere hemem gymmat bahaly kagyzlara goýanam bolsak, şular ýaly ýönekeýje alyp-satmak usuly bilen öz aktiwler sütünimize (bergidarlyk dil haty görnüşinde, 10% bilen) bir ýüz togsan müň dollar getirdik. Netijede, häzir olardan ýylda ýigrimi müňe golaý girdeji alýarys, puluň uly bölegi bolsa hususy korporasiýamyzyň goragyndadyr. Biz bu pullary iş ulaglaryny, sarp edilýän ýangyçlary, iş saparlaryny, müşderiler bilen iýip-içmegi we şuňa meňzeş zatlary ýapmak üçin harçlaýarys.

Eger döwlet 50% salgyt alýan bolsa, siziň girdejiňiz nähili bolmaly?
40 müň dollar tygşytlamak üçin size näçeräk wagt gerek bolar?

Girdejiler barada hasabat

Bu maliýe intellektiň oýlaptapyjylygynyň, döredijiliginiň hemem hususylaşdyran zadyny goramagy başarýanlygynyň ýönekeý mysalydyr.

Men öz bergidarlarymyň bir ýüz togsan müň dollary hiç wagt bermezliklerini isleýärin. Sebäbi olar bergilerini beren ýagdaýynda, men salgyt tölemeli bolýaryn, onsoňam on dokuz müň dollar otuz ýylyň dowamynda bäş ýüz müň dollardan gowrak pul getirýär.

Köplenç, menden: «Jaý satyn alan adam bergisini bermese nähili bolar?» diýip soraýarlar. Bu, dogrudanam, bolýan zat hem-de meniň üçin gaty gowy täzelik. Bu ýagdaýda men altmyş müň dollarlyk jaýy yzyna alyp, ýetmiş müňe satýaryn hem-de resminamalary gaýtadan düzetmek üçin bergidarymdan ýene iki ýarym müň dollar alýaryn. Täze alyjy bilenem nagt pul almazdan şertnama baglaşýaryn hem-de bu ýagdaý şunuň ýaly dowam edýär.

Şeýlelikde, birinji gezek jaýy satyp, karz alan iki müň dollarymy yzyna berdim. Meniň öz pulum bu şertleşige gatnaşmady. Diýmek, gozgalmaýan emlägiň harajat ödeýjilik görkezijisi (ROI) tükeniksizlige deňdir. Nola barabar mukdardaky pul, ine, şeýdip ummasyz puly emele getirýär.

Men ikinji gezek jaýy satyp, täze otuz ýyllyk bergidarlyk hatyny alýaryn. Eger munuň üçin maňa töleseler, gozgalmaýan emlägiň harajaty ödeýjilik görkezijisi näçä deň bolar? Bilmedim, ýöne her hili ýagdaý bolanda-da, bu beýläňe aýda ýüz dollar atandan gowudyr. Onsoňam siz hakykatda ýüz däl-de, ýüz elli dollar süýşürmeli bolýarsyňyz, sebäbi siz kyrk ýylyň dowamynda girdeji salgydy alnan puluňyzdan tygşytlamaly bolýarsyňyz. Mundan başga-da, ýygnanan puluňyzyň 5%-ni ýene-de salgyt hökmünde tutup galarlar.

Bu o diýen akyllylyk däl. Munuň howpsuz bolmagy mümkin, ýöne o diýen akyllylyk däl.

Birnäçe ýyldan soň Feniksdäki gozgalmaýan emläkleriň bazary ýokary galyp, biziň altmyş müňe satan jaýlarymyzyň bahasy ýüz on müňe ýetdi. Elbetde, jaýy satyn alan adamy oňa bolan hukugyndan mahrum etmek bilen baglanyşykly mümkinçilikler bar, ýöne bu iş menden has uly maýa goýumyny — hususy wagtymy talap edýär.

«Bizde beýle etmek bolanok», «Bu kanuna ters gelýär», «Siz ýaramaz hereket edýärsiňiz». Men bular ýaly sözleri: «Muny nähili etmelidigini maňa görkezip bilmersiňizmi?» diýen sözlerden köp eşidýärin.

Bu iş gaty ýönekeý, munuň üçin algebrany ýa-da integrallary bilmek hökman däl. Mundan başga-da, şertleşigiň ýuridik (hukuk) tarapy hemem töleg resminamalary eskrou-agentler ( Iki tarap ylalaşyga gelýänçä, resminamalary we beýleki zatlary wagtlaýyn saklaýan adam.) tarapyndan taýýarlanylýar.

Dogrudanam, käwagtlar jaýyň puluny tölemeýän adamlar bolýar. Bu gowy zat, sebäbi bu ýagdaýda jaý eýeleri töleg möhletiniň geçirme puluny tölärler ýa-da jaýy boşadarlar, onsoň jaý ýene-de täzeden satlyga çykarylar.

Bular ýaly ýagdaýyň siziň ýurduňyzda bolmazlygy, bazar şertleriniň düýbünden başgaça bolmagy mümkin. Ýöne bu mysal azajyk töwekgellik edip, ýönekeý maliýe prosesi netijesinde ýüzlerçe müň dollar gazanyp bolýandygyny görkezýär hem-de bular ýaly şertnamany orta mekdebi tamamlan islendik adam başaryp biler.

Şeýle-de bolsa, adamlaryň köpüsi bu zatlara parhsyz garap, olaryň hemmesi diýen ýaly birmeňzeş düzgün bilen ýaşaýar: «Erjellik bilen zähmet çek-de, artdyran puluňy beýläňe at».

Takmynan, otuz sagadyň dowamynda öz aktiwler sütünime bir ýüz togsan müň dollar okladym, üstesine-de, maňa hiç hili salgyt tölemek gerek bolmady.

Şeýlelikde, siziň üçin näme gowy?

1. Erjellik bilen işlemekmi? Gazanan puluňyzyň 50%-ni salgyda berip, galanyny ýygnamakmy? Beýle bolsa, tygşytlan puluňyz 5% girdeji berer hem-de onuňam salgydyny alyp galarlar.

2. Ýa-da maliýe intellektiňizi ösdürip, akylyňyzyň kömegi bilen aktiwler sütüniňizi doldurasyňyz gelýärmi?

Eger birinji görnüş ýaraýan bolsa, onda size bir ýüz togsan müň dollar gazanmak üçin näçe wagtyň gerek boljakdygyny özüňiz hasaplaň. Wagt siziň iň esasy aktiwleriňiziň biridir.

Indi siz meniň ene-atalardan: «Meniň çagam mekdepde gowy okaýar, şonuň üçinem ol sowatly adam bolar» diýen sözlerini eşidenimde, sesimi çykarman, näme üçin başymy ýaýkaýandygyma, ähtimal, düşünen bolsaňyz gerek. Bu, elbetde, gowy zat, ýöne ýaşamak üçin ýeterlik bolarmyka?

Men jaý barada ýokarda görkezilen mysallaryň biraz ýeňilleşdirilendigini bilýärin. Olar ýöne azdan köp ýasap bolýandygyny görkezmek üçin alyndy. Mundan başga, meniň üstünliklerim durmuşda berk maliýe fundamentini edinmelidigini, maliýe taýdan sowatly bolmalydygyny görkezýär.

Muny eýýäm aýdypdym, ýöne ýene bir gezek gaýtalaýaryn: maliýe intellekti aşakdaky dört sany tehniki endiklerden ybaratdyr.

1. Buhgalteriýa hasabaty maliýe sowatlylygy ýa-da sanlary okamagy başarmakdyr. Eger işewür adam bolasyňyz ýa-da gozgalmaýan emläkler bilen iş salşasyňyz gelýän bolsa, muny hökman bilmelisiňiz.

2. Maýa goýumy puluň nädip pul ýasaýanlygy baradaky ylymdyr.

3. Bazara düşünmek soraglar we teklipler baradaky ylymdyr. Men bazar mümkinçiliginiň soraglarydyr tekliplerini ulanyp, ýetmiş bäş müňlük jaýy ýigrimi müňe satyn alyp, soňra altmyş müňe satdym. Bu ýerde bir-ä satýar, başga biri bolsa satyn alýar.

4. Kada-kanunlar. Kanundan çykman hereket etmek üçin buhgalteriýa hasabatyny hem-de korporatiw we döwlet hukuklarynyň kadalaryny bilmelisiňiz. Bu işde men size dogry oýnamagy maslahat berýärin.

Bu zatlar näme üçin gerek? Islendik zat bilen iş salyşsaňyzam, muňa kiçijik jaýlar, uly jaýlar, kompaniýa, aksiýa, obligasiýa, şärikli pul gaznalary, gymmat bahaly metallar we beýleki zatlar girýär, baýlyk toplamakda üstünlik gazanmak üçin bu size gerek.

Birnäçe ýyldan gozgalmaýan emläkleriň bazary öňki kaddyna geldi hem-de iş tapmadyklaryň bary oňa bakan okdurylyp, gazna biržasynyň şowhuny ýetjek derejesine ýetdi. Amerikanyň ykdysadyýeti ýene aýak üstüne galdy. Şeýlelikde, bu iş bilen müňlerçe adam meşgullanyp ugrady. Men gozgalmaýan emläkleri satyn almagymy goýdum. Indi öňe gitmek hem-de aktiwler sütünini doldurmak üçin başga mümkinçilikleri gözlemelidi.

Bir topar zatlarymy satdym-da, Perua, Norwegiýa, Malaýziýa hemem Filippin adalaryna syýahata gitdim. Indi aktiwler sütünimdäki zatlaryň bahasynyň üýtgeýşine gözegçilik edip ugradym hem-de ýylyň ahyrynda olary satmagy ýüregime düwdüm. Meniň niýetim, şol alty jaýyň ikisini satyp, kyrk müň dollarlyk dil hatlary nagt pula öwürmekdi. Şonuň üçinem öz buhgalterime (hasapçyma) jaň etdim-de, gerek wagty taýyn bolup oturmalydygyny aýtdym.

Bu ýerde näme aýtmakçy bolýaryn: maýa goýmak mümkinçiligi peýda bolýar hem ýitirim bolýar, bazar ykdysadyýeti gowulaşýar hem ýaramazlaşýar, ykdysadyýet ýokarlanýar hem peselýär. Ýokarky güýçler durmuşymyzy gowulamak üçin her gün mümkinçilik berýär, ýöne biz ony, köplenç, aňşyramzok. Şeýle-de bolsa, olar bar! Dünýä näçe üýtgedigiçe, tehnikalar näçe çalyşdygyça, maliýe garaşsyzlygyňyzy arkama-arka saklamak üçin mümkinçilikler bar.

Şeýlelikde, näme üçin maliýe intellektimizi ösdürmeli? Her näme diýseňizem, bu soraga diňe özüňiz jogap berip bilersiňiz. Men diňe munuň özüme näme üçin gerekdigini bilýärin. Men ony geljekde uly özgerişleriň bardygy sebäpli ösdürýärin hem-de geçmişden asylyşjak bolman, geljege salam berenimi gowy görýärin. Bazar ykdysadyýetinde ýokary galmalaryň hem opurylmalaryň boljakdygyny bilýärin. Her gezek bazar üýtgän mahaly, käbir adamlar şowsuzlyklaryndan sapak alyp, millionlary ýasasalar, käbir adamlar dyza çöküp, öz iş berijilerinden işde galdyrmaklaryny haýyş edýärler. Ine, maliýe intellekti näme üçin gerek!

Köplenç, menden: «Şowsuzlyklary nädip millionlara öwürýärsiňiz?» diýip soraýarlar. Dogrymy aýtsam: «Öwünýändir ýa-da özümi mahabatlandyrýandyr öýtmesinler» diýip, öz işlerimden azrak mysallary getirenimi gowy görýärin. Meniň maksadym başga zatda. Men bu mysallary sanlary şekillendirmek, bu işleriň nähili ýeňildigini düşündirmek üçin ulanýaryn. Eger siz maliýe intellektiniň dört sütüni bilen näçe ýakyndan tanyşsaňyz, şonça-da ony kabul etmek aňsat düşer.

Hut meniň özüm-ä maliýe taýdan ýokary galmak üçin iki serişdäni ulanýaryn: gozgalmaýan emläkler we ownuk kompaniýalaryň aksiýalary. Gozgalmaýan emläkler durnukly pul akymyny getirýär hemem käwagtlar olaryň bahasy galýar. Ownuk aksiýalary bolsa basymrak pul gazanmak üçin ulanýaryn.

Men öz meşgullanýan zadym bilen meşgullanmagy hiç kime maslahat beremok. Mysallar diňe mysallardyr. Eger mümkinçilik gaty çylşyrymly bolup, bu işiň aňyrsyny görüp bilmesem, ondan boýun gaçyrýaryn. Meniň pikirimçe, maliýe taýdan ösmek üçin ýüzleýje matematikadyr pähim-paýhas ýeterlik.

Meniň mysallary ulanýanlygymyň bäş sany sebäbi bar:

1. Olar adamlary köpräk bilmäge ruhlandyrýar.

2. Fundamentiňiz berk bolsa, bu zatlaryň gaty aňsatdygyny görkezýär.

3. Ägirt baýlygy islendik adamyň döredip biljekdigini aýdýar.

4. Maksadyňyza ýetmek üçin millionlarça serişdäniň bardygyna şaýatlyk edýär.

5. Munuň üçin «akylyň öýjügi» bolmagyň hökman däldigini subut edýär.

1989-njy ýylda käwagtlar Oregon ştatynyň Portlend şäheriniň etraplarynyň birinde peýwagtyna ylgardym. Ol ýerde owadanja jaýlar bardy hem-de olary «kökejikler» diýip atlandyrardylar. Dogrudanam, özümi ertekiler dünýäsine düşen ýaly duýýardym, göwnüme bolmasa, birdenkä garşymdan garry mamasynyň ýanyna howlugyp barýan gyzyl şyrdaklyja gyzjagaz çykaýjak ýaly.

Ähli ýerde «Satlyk» diýlen ýazgylar durdy. Gurluşyk agaçlarynyň bazary gözgyny ýagdaýdady, gazna biržasy ýaňy-ýakynda çöküp, ykdysadyýet pese gaçypdy. Köçeleriň birinde goýlan bildirişiň beýlekilerden has köp durandygy bildirýärdi. Öý gaty köne görünýärdi. Günlerde bir gün onuň ýanyndan geçip barýarkam, eýesine duş geldim, ol örän howsalaly görünýärdi.

— Jaýyňyz üçin näçe soraýaňyz? — diýip gyzyklandym.

Öý eýesi bärsine öwrüldi, soňra ajy ýylgyryp maňa seretdi-de:

— Özüňiz näçe berersiňiz? — diýip sorady. — Öýüň satlyga çykarylanyna bir ýyl boldy, ýöne muny görmäge gelýän adam ýok.

— Hany, göreliň — diýip jogap berdim-de, öýi eýesiniň soran bahasyndan ýigrimi müň dollar arzan aldym.

Bu 1930-njy ýyllaryň örän gelşiklije edilip gurlan jaýydy, onuň penjireleri oýma nagyşly, iki sany ýatyş otagy bardy. Myhman otagynda bolsa örän gowuja buhar peji durdy. Bir söz bilen aýdanyňda, kireýne bermek üçin gaty gowy jaýdy.

Men kyrk bäş müňe alan jaýymyň (onuň hakyky bahasy azyndan altmyş bäş müň dollar bardy, ýöne hiç kim satyn almak islänokdy) bäş müňüni nagt sanap berdim. Artykmaç ýükden dynan ýaly, bir hepdeden öý eýesi jaýy boşatdy hem-de öýe onuň ilkinji ýaşaýjysy — ýerli kollejiň professory girdi. Ipoteka tölegini we beýleki çykdajylary hasaba alanyňda, meniň jübime aýda azyndan kyrk dollar girýärdi. Bu köp däl, şeýle dälmi?

Bir ýyldan Oregonyň gozgalmaýan emläkler bazary birden ýokary galdy. Kaliforniýanyň maýadarlary gapjyklaryny puldan dolduryp, demirgazyga — Oregona Waşingtona tarap eňdiler. Bu kiçijik öýi kaliforniýaly ýaş çatynjalara togsan bäş müň dollara satdym, olar eden söwdalaryndan örän razy boldular. Jaýyň üstünden gazanan pulumy (takmynan, kyrk müň dollar) salgytsyz çalşygyň 1031-nji kanuny ( Eýeçilik emlägini çalyşmaklyk baradaky şertnama — ABŞ-nyň içerki girdejiler Kodeksiniň 1031-nji kanunyna laýyklykda, puluň össüriminden salgyt tutulanok. Düzgüne görä, birmeňzeş emlägiňi 180 günüň dowamynda satybam bolýar, alybam.) boýunça resmileşdirdim hem-de bu pullary bir zada goýmak niýeti bilen, täzeden gözlege çykdym. Takmynan, bir aýdan Oregon ştatynyň Biwerton şäherindäki «Intel» kärhanasynyň gapdalyndan on iki otagly jaý tapdym. Olaryň eýeleri Germaniýada ýaşaýardy hem-de jaýyň takyk bahasyny bilmän, basymrak ondan dynmak isleýärdiler. Dört ýüz elli müňlük jaýa iki ýüz ýetmiş bäş müň dollar teklip etdim. Olar üç ýüze razy boldular. Jaýy satyn alyp, iki ýyl sakladym-da, salgytsyz çalşygyň 1031-nji kararyna laýyklykda, dört ýüz togsan bäş müň dollara satdym hemem Arizona ştatynyň Finiks şäherinden otuz otagly jaý satyn aldym. Şol döwürler biz Finikse göçüp gelip, islesek-islemesek, Oregondaky emlägimizi satmaly bolupdyk. Edil Oregonda bolşy ýaly, Finiksiň gozgalmaýan emläkleriniň bahasy hem gaty pesdi. Finiksdäki otuz otagly jaýyň bahasy sekiz ýüz ýetmiş müň dollar bolup, onuň birinji tölegi iki ýüz ýigrimi bäş müňdi. Otuz otaglyk jaýyň pul akymy aýda bäş müň dollardan biraz geçýärdi.

Arizonanyň bazary ýuwaş-ýuwaşdan janlanyp ugrady hemem birnäçe ýyldan soň koloradaly bir maýadar bu jaý üçin bir million iki ýüz müň dollar hödürledi.

Men bu mysaly azdan nädip köp ýasap bolýandygyny görkezmek üçin getirdim. Şeýle-de bolsa, munuň üçin maliýe hasabatydyr maýa goýujylyk işlerinden başyň çykmaly, bazaryň ýagdaýyny duýup, kada-kanunlardan habarly bolmaly.

Eger adam bu zatlardan az-kem baş çykarmasa, elbetde, köpüň werdiş eden ýoly bilen gitse, ýagny töwekgellik etmän, puluny ynamdar kärhanalara goýsa gowy bolar.

Ýöne «ynamdar» kärhanalara maýa goýmagyň bir meselesi bar, olar ony şeýle bir howpsuz edýär welin, girdejililigi minimuma çenli azalýar.

Dellalçylyk edýän uly firmalaryň ählisi diýen ýaly, özüni hem müşderilerini goramak üçin, alyp-satyjylyk şertnamalaryny baglaşmaýarlar. Bu gaty akylly pikir, ýöne töwekgelçilikli işler, adatça, öwrenijilere hödürlenmän, tejribeli oýunçylara berilýär, bu bolsa, köplenç, baýlaryň puluny hasam köpeldýär. Kanuny taýdan alyp göreniňde, bular ýaly şertnamalary «tejribesiz» maýadarlara hödürlemek, elbetde, kanuna tersdir.

Maliýe intellektiňi elmydama ösdürmelidiginiň ýene bir sebäbi onuň bu mümkinçilikleri ulaltmaga kömek edýänligidir. Maliýe IQ näçe ýokary boldugyça, şertnamanyň nähilidigini kesgitlemek aňsat bolýar. Men näçe köp okadygymça, okamaga bolsa hemişe zat tapylýar, şonça-da köp gazanýaryn, sebäbi ýyllaryň geçmegi bilen, akylym goýalyp, tejribäm artýar.

Meniň maksadymyň düýp esasy nämede diýseňizläň. Ol aktiwler sütünine tohum taşlamakda. Olaryň käbiri boý alsa, käbiri alanok. Bu meniň üstünligimiň baş ýörelgesidir.

Häzir biziň korporasiýamyzyň birnäçe million dollarlyk gozgalmaýan emlägi bar. Bu biziň hususy maýa goýum gaznamyzdyr.

Bir zady aýdasym gelýär: şu millionlaryň bary diýen ýaly bäş-on müň dollar aralygyndaky maýa goýumlary arkaly döredildi. Şol birinji tölegleriň şowlulygynyň sebäbini bazaryň ösme döwrüne gabat gelenliginden görýärin. Bu bize birnäçe ýylyň dowamynda salgytsyz çalşygyň kanunyny ulanmaga, ýagny elimizdäki gozgalmaýan emläkleri satmaga hemem täzesini — has gymmadyny satyn almaga mümkinçilik berdi.

Mundan başga bizde ýene bir korporasiýanyň goragy astynda duran aksiýalar toplumymyz bar, aýalym ikimiz ony «özara hususy gaznamyz» diýip atlandyrýarys. Biziň maýa goýujylar bilen iş salyşmak isleýän dostlarymyzam bar, olaram edil özümiz ýaly, artdyran pullaryny haýsydyr bir zada goýýarlar. Biz ABŞ-nyň ýa-da Kanadanyň bazarlaryna çykmak isleýän hususy kompaniýalaryň aksiýalaryny satyn alyp, töwekgelçilikli alyp-satmak şertnamalaryny ýerine ýetirýäris.

Men size basym girdeji almagyň ýene bir mysalyny getireýin. Bazara çykmazdan öň, biz ol kompaniýanyň ýüz müň aksiýasynyň her birini ýigrimi bäş sentden satyn alýarys. Ýarym ýyldan kompaniýa özüni doly resmileşdirenden soň, ol aksiýalaryň her biriniň bahasy iki dollara çenli ýokary galýar.

Eger kompaniýa özüni gowy dolandyrsa, olaryň bahasy hasam ýokary galyp, her bir aksiýanyň bahasynyň ýigrimi dollar, hatda ondanam ýokary galýan wagtlary bolýar. Käwagtlar bolsa biziň bäş müň dollarymyz bir ýyla ýetmän million dollara öwrülýär.

Näme edýänligiňizi bilýän bolsaňyz, ol oýny lotereýa hasaplap bolmaz. Lotereýa siziň haýsydyr bir näbelli zada pul goýup, Hudaýdan dilemegiňizdir.

Munda esasy zat öz tehniki bilimleriňi ulanmakdyr. Elbetde, töwekgellik hemişe bar. Ýöne maliýe intellekti ýeňmek mümkinçiligini artdyrýar. Şol sebäpli kimdir biri üçin töwekgelçilikli iş beýleki biri üçin o diýen howply däldir. Ine, şu jähetden ugur alyp, adamlara: «Maliýe bilimine eýe bolmak üçin puluňyzy gysganmaň» diýýärin. Sebäbi bu işde näçe akylly hereket etseňiz, şonça-da ýeňmek mümkinçiligiňiz ýokary bolar.

Meniň biržadaky alyş-çalyş işlerim köp adam üçin gaty töwekgelçiliklidir, şol sebäpli hiç kime yzyma eýermegi maslahat beremok. Men bu oýny 1979-njy ýyldan bäri oýnaýaryn hemem paýyma ençeme şowsuzlyklar düşendir. Ýöne bu işiň näme sebäpden köp adamlar üçin howpludygyny bilmek isleseňiz, onda bir abzas ýokary galsaňyz düşünersiňiz hem-de, belki, durmuşyňyzy başgaça gurap, bir ýylyň içinde ýigrimi bäş müň dollardan million ýasap bilmegiňiz mümkin.

Eýýäm aýdyşym ýaly, men hiç bir zady maslahat beremok, ýöne bu zatlaryň gaty aňsatdygy hem-de bolup biljekdigi barada mysallar getirýärin. Bu sferada gazanylyp boljak zatlar bilen deňeşdireniňde, meniň gazanan pulum hiç zat, ýöne ýüz müňden gowrak passiw girdeji adaty adam üçin erbet dälmikä diýýärin. Bazaryň ýagdaýyna baglylykda hemem akylly hereket edip, bu sanlara bäş-on ýylda ýetmek mümkin. Eger durmuşda gaty köp sowmasaňyz, onda işden çykjakdygyňyza-çykmajakdygyňyza garamazdan, goşmaça ýüz müň dollary almak gaty ýakymly bolarmyka diýýärin.

Meniň maliýe üpjünçiligimiň esasy bölegini gozgalmaýan emläkler düzýär. Maňa bu aktiwler ýaraýar, sebäbi olar agyp-dönüp durman, öz durnuklylygyny saklaýarlar. Meniň gaty berk fundamentim bar. Gozgalmaýan emläkler birugurly pul akymyny emele getirýär hem-de dogry dolandyrylanda, bahasynyň ýokary galmak mümkinçiligi bar. Bu berk fundamentiň ajaýyplygy, aksiýalary alyp-satmak ýaly has töwekgelçilikli işler bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýär.

Eger biržadaky oýunlardan köp girdeji alsam, onda pulumyň artanlygy üçin salgyt töleýärin, galanlaryny bolsa gozgalmaýan emläklere goýup, aktiwler fundamentimi hasam berkidýärin.

Gozgalmaýan emläkler barada ýene birki agyz söz. Men bu işi dünýäniň dürli ýurtlaryndaky adamlara öwredýärin. Olar: «Bu ýerde arzan jaý satyn almak mümkin däl» diýýärler. Meniň tejribäm munuň beýle däldigini aýdýar. Nýu-Ýorkda, Tokioda ýa-da islendik şäheriň çet gyrasynda hiç kimiň görmeýän ajaýyp jaýlary bar. Singapurda jaýlaryň bahasy gaty gymmat bolsa-da, şäherden birnäçe minutlyk çete çyksaň, bütinleý ýerlikli tekliplere duşmak bolýar.

Beýik mümkinçilikleri göz bilen görüp bolanok. Olary akylyň bilen duýmaly.

Adamlaryň köpüsiniň baý bolmaýanlygynyň sebäbi, olaryň burnunyň öňündäkini görmek üçin ýeterlik derejede maliýe bilimleri ýok.

Menden, köplenç: «Nämeden başlamaly?» diýip soraýarlar.

kitabyň soňky bölüminde men size ýokary galmak üçin on sany basgançak hödürlejek, meniň hut özüm şolaryň kömegi bilen maliýe azatlygyna ýetdim. Şol düzgünleri özleşdirip, aktiwler sütüniňizi düzüp ugranyňyzdan soň, bu zatlaryň haçandyr bir wagt oýnan gyzykly oýnuňyz ýaly, bary-ýogy oýundygyna düşünersiňiz diýip umyt edýärin. Bu oýunda käwagt ýeňersiňiz, käwagt bolsa ýeňlişiňizden sapak alarsyňyz, ýöne nähili ýagdaý bolanda-da, bu oýundan lezzet almalysyňyz. Adamlaryň aglabasy bu oýunda hiç wagt ýeňmeýär, sebäbi ýeňilmekden gorkýarlar. Hut şu sebäpli hem kiçilikden mekdebe biperwaý garap ugradym. Mekdepde bize ýalňyşmagyň gowy däldigini aýdýardylar hemem ýalňyşaýsak temmi berýärdiler. Ýöne adama tebigatyň bagyş eden endigine garasak, onda ähli zat düşnükli bolýar duruberýär. Adam öz ýalňyşlaryndan sapak alýar.

Çaga hiç wagt ýykylman, ýöremäni öwrenip bilmez. Adam ýykylyp-sürşüp, ýöremäni öwrenýär. Muny tigirçiler (welosipedçiler) barada-da aýtmak bolar. Meniň dyzlarymda entegem ýara yzlary bar, ýöne häzir tigre (welosipede) münsem, pikirlenmän sürüp ugraýaryn. Maliýe endiklerini ele almagam edil şunuň ýaly.

Gynansagam, adamlaryň köpüsiniň baý bolmaýanlygynyň sebäbi utulmakdan öler ýaly gorkýanlyklarydyr. Ýöne ýeňijiler ýeňilmekden gorkanok. Şowsuzlyk üstünlige ýetmegiň aýrylmaz bölegidir. Şonuň üçinem şowsuzlykdan gaçýan adam, özi bilmezden, üstünlikdenem gaçýandyr.

Men pula edil tennis oýny ýary garaýaryn. Hyjuw bilen oýna başlaýaryn, ýalňyşýaryn, düzedýärin, täze ýalňyş goýberýärin, ýene düzedýärin hem-de kem-kemden gowy oýnap ugraýaryn. Eger oýunda utulaýsam, araçäge gelip, garşydaşymyň elini gysýaryn-da, ýylgyryp şeýle diýýärin: «Indiki şenbede duşuşarys!».

Häzirki döwürde iki hili maýadarlar bar:

1. Birinjisi we has köp ýaýrany gozgalmaýan emläkleri satyn alýan adamlardyr. Olar gozgalmaýan emläkleri satýan kompaniýalara, birža dellallaryna ýa-da şu ugurdaky hünärmenlere jaň edip, bir zatlar satyn alýarlar. Onuň şärikli gaznalaryň paýlary ýa-da kompaniýalaryň aksiýalary, obligasiýalary bolmagy mümkin. Meselem, satyjy dükana gelýär-de, tekjede duran kompýuteri satyn alýar.

2. Ikinjisi — maýadarlar. Bular bu işleri döredýärler, ýagny şertleşigiň mazmunyny özleri düzýärler. Meselem, kompýuteri özbaşdak ýygnamak üçin onuň şaýlaryny satyn alýarlar. Men, elimde şaýlary bolanda-da, kompýuteri özbaşdak düzüp bilmerin, ýöne mümkinçilikleri seplemäni hem-de muny nähili etmelidigini bilýän adamlary tanaýaryn.

Maýadarlaryň ikinji görnüşi hünärleriniň has ýokary derejeliligi bilen tapawutlanýarlar. Käwagt şaýlary ýerli-ýerinde goýmak üçin olara ýyllar gerek bolýar, käwagt bolsa edýän işleri düýbünden başa baranok. Baý kakam maňa hut şolar ýaly adam bolmalydygyny maslahat berdi. Şaýlary ýerli-ýerinde goýmagy başarmak örän möhüm, sebäbi iň uly utuşlar hut şol ýerde gizlenendir. Ykbalyňyz ters gelse, iň uly ýitgilerem şol ýerdedir.

Eger ikinji görnüşli maýa goýujy bolmak isleseňiz, onda özüňizde üç sany başarnygy berkitmeli bolarsyňyz. Olar maliýe intellektiňizi ösdürmek üçin gerek bolan endikleriň üstüni doldurýar.

1. Beýlekileriň görmeýän mümkinçiligini tapmak başarnygy. Siz beýlekileriň görmeýän zadyny akylyňyz bilen görüp bilersiňiz. Meselem, bir dostum şeýle bir köne jaýy satyn aldy welin, hatda oňa seretmegem gorkunçdy. «Näme üçin ony satyn aldyka?» diýip geň galmagyňyz mümkin. Sebäbi ol beýlekileriň görmeýän zadyny başardy. Bu öýe dört sany boş ýer degişli eken. Ol muny titully kompaniýadan (Gozgalmaýan emläkleriň eýeçilik hukugyny barlap, degişli resminamalary berýän ýöriteleşdirilen kompaniýa.) sorap bilýär-de, jaýy satyn alyp ýumurýar hem-de bäş sany ýeri gurluşyk kompaniýasyna alan ýerinden üç esse gymmat baha satýar. Şeýdip ol iki aýyň içinde ýetmiş bäş müň dollar gazandy. Bu köp däl, ýöne iň pes aýlykdan aç-açan kän. Onsoňam tehniki nukdaýnazardan alanyňda, bu iş düýbünden çylşyrymly däl.

2. Pul tapmak başarnygy. Adaty adamlar banka ýüz tutup, girewine zat goýýarlar-da, pul alýarlar. Ikinji görnüşli maýadar pul tapmagy başarmalydyr, munuň üçin bolsa bankdan başga dürli usullar bar. Men gozgalmaýan emläkler bilen iş salşyp ugranymda, ilki bilen, bu işe banky goşman satyn almany öwrenip ugradym. Meniň bu tapgyrdaky maksadym jaýlary satyn almak däl-de, pul toplamak endigini edinmekdi.

Adamlar, köplenç: «Bank maňa pul bermez» ýa-da «Muny satyn almak üçin pulum ýok» diýýärler. Eger ikinji görnüşli maýadar bolmak isleýän bolsaňyz, onda köp adamyň öňünde böwet bolýan päsgelçilikleri ýeňip geçmäni öwrenmeli bolarsyňyz.

Eger bu päsgelçiliklerden geçmegi başarsaňyz, onda beýlekilerden million dollarlyk öňde bolarsyňyz. Men bankdan ýekeje sent alman, köp gezek jaý ýa-da aksiýa satyn aldym. Bir gezek bolsa köp otagly jaýy bir million iki ýüz müň dollara satyn alyp, kepilnama hökmünde satyjy bilen ýazmaça şertnama baglaşdym.

Soňra puluň ujundan geçirmek üçin ýüz müň dollar tapdym hem-de galan bölegini tapmak üçin togsan gün möhlet aldym.

Näme üçin muny beýtdim? Sebäbi öýüň bahasy iki million dollardy. Hakykatda, şol ýüz müň dollary hiç kimden karz almadym, ýöne bu jaýy satyn alaýjak adamy tapdym. Ol girew hökmünde ýüz müň, jaýy tapanym üçin elli müň berip, soňra jaýy öz adyna geçirdi. Bu zatlaryň baryna üç günümi sarp etdim.

Görşüňiz ýaly, esasy zat siziň näme satyn alýanlygyňyzda däl-de, näme bilýänligiňizde. Maýadara puly satyn alan zady däl-de, bilimi getirýär.

3. Akylly adamlaryň maslahatyny ulanmak başarnygy. Akylly adamlar özlerindenem akylly adamlar bilen işleşmegi başarýan ýa-da şolar ýaly adamlary hakyna tutýan adamlardyr. Şonuň üçinem maslahat gerek bolsa, kimden maslahat almalydygy barada gowuja oýlanyň.

Köp zady öwrenmeli bolarsyňyz, ýöne erjellik bilen çeken zähmetiňiziň sylagynyň has uzakda bolmagy mümkin. Eger endiklerdir başarnyklary öwrenmek islemeseňiz, onda size birinji görnüşli maýadar bolmagy haýyş edýärin. Siziň bilýän zadyňyz iň uly baýlygyňyzdyr, bilmeýän zadyňyz bolsa iň uly howp-hataryňyzdyr.

Umuman, gorky elmydama bar, şol sebäpli ondan gaçjak bolmaň-da, dolandyrmany öwreniň.

Rusçadan terjime eden Rüstem GURBANNEPESOW,
«Dünýä edebiýaty»

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle