Başlanmadyk söýgi hakynda tamamlanmadyk goşgy
Başlanmadyk söýgi hakynda tamamlanmadyk goşgy

Awtobusda şadyýan bir yetginjek,
Bir nätanyş gyza ýylgyryp bakýar.
Gyz nätjegin bilmän sowýar ýüzüni,
Oglan bolsa, maý tapdygy gaş kakýar.
Awtobus. Mähelle. Ibirtdr-zibirt.
A hiç bir zat piñine däl ýetginjek
Aljyrap oturan nowjuwan gyza
Göz gypyp bar duýgusyny ýetirjek.
Wah, ýetginjek, bilenok-da, göz gypyp,
Bar duýgyñy bolanok wah, ýetirip.
Düşmeli ýerinden bir duralga öñ
howlukmaç düşdi gyz.
Bilmänden soñ oturyp.
Oglan galdy gözlerini tegeläp,
Bar baýlygny birden ýitiren ýaly.
Awtobusdan düşjek wagty ýylgyrdy,
hem diýdi gyz, bir agyz söz:
— Däli.
Sylapberdi MUHAMOW.
10.04.2023. Goşgular