Bar zat mümkin, ýöne…
Bar zat mümkin, ýöne…
Ýañra bilen ýoldaş bolsañ,
Uzakdan,
Onuñ agras adam bolmagy mümkin.
Ýaltany tankytlap, igeläp dursañ,
Onuñ işläp, baýrak almagy mümkin.
Gorkagy kowalap elhenç ýerlerden,
Gözsüz bir batyra öwürmek bolar.
Terbiýeläberseñ garaçomagy,
Aşyk-magşuklara rehimi geler.
Akylly, paýhasly ýolbaşca duşsa,
Ýaranjañ häsiýetin çalyşyp biler.
Tüýkesme ogryny ýola getirip,
Kassa ýa gaznany ynanyp bolar.
Ýalançyny ýalan sözlände tutup,
Çyn sözli bir adam ýaratmak mümkin.
Ýow gününde ýeñse berýän namartdan,
Batyr hem mert kişi döretmek mümkin.
Rak ýaly elhenç keseli ýeñip,
Ajalyñ ýoluna salyp bor tilsim.
Ýöne zanny görip bolan adamy,
Düzetmäge heniz ýok eken melhem
1976.
Nury BAÝRAMOW. Goşgular