Baky söz
Baky söz

Halypam, şahyr Mämmetnazar Babanazarowa bagyşlanýar
Ýene gadam goýdy äleme Nowruz,
Bahar eýýamynda wagtyň mizany.
Men bir söz ýitirdim.
Galdym bir özüm
Hem ol ýitgi bagra çümen biýz ýaly.
Sen bir serpaÿ dünÿe diÿlen peýkere,
Dymyp ötdüň dür-merjen deý bibaha.
Beýik Sözi öwrüp baky heýkele,
Deregine näme berer bu bahar.
Indem durar mydam ýaralam ganap,
Seni küýsäp, ýüregim göz-göz bolup.
Bagtdyr adam bolup gelmek bu pana,
Soň jahanda galmak baky Söz bolup. Goşgular