|

Bagtly men

Bagtly men Aşyrmuhammet SEÝITNUROW

▶ BAGTLY MEN

Jigerbendim, geregim,
Sensiz bolmaz deregim.
«Ýar-ýar» diýip urup dur
Gursagymda ýüregim.

Kamatyña maýyl men,
Yşk oduña kaýyl men.
Gül bolup gowuşmanyñ
Hiç bilemok tabyn men.

Düşün maña, jenanym,
Şeýdasy men lebleriñ.
Söýgim saña bor mälim,
Bir gün näzli dilberim.

Ak ýüzi syýa hallym,
Ýürek saña bendiwan.
Señ bilen giñ jahanda
Hem bagtly men, hem juwan.

▶ KÄTE GARAŞA-GARAŞA

Sowgat goýan güllem soldy
Käte garaşa-garaşa.
Serden hyýalym sowuldy
Käte garaşa-garaşa.

Bakyp durýan ýoluñ garap,
Mütdet ötse, bolýan harap.
Diwana dönýän soraglap,
Saña garaşa-garaşa.

Söýgi azat, bagtly döwrüm,
Ýöne durmuş ýoly öwrüm.
Ýyksañ-da, gyz, käte göwnüm
Bitdi, garaşa-garaşa.

▶ MEN BAGTYÝAR

Ýürek gitdi gobsunyp,
Kaklyşanda nazarym.
Geldim saýýadyñ bolup,
Yzlap kalbyñ güzerin.

Hak aşyk men, bilsene,
Baky bagtym bolsana,
Ýalbarýaryn ýalka-da,
Gül goýnuña salsana.

Gün geldikçe güýjeýär
Bu ýüregiñ urgusy.
Söýgim beter süýjeýär
Artyp näzik duýgusy.

Mahy taban gül ýüzüñ
Genjidir gül ömrümiñ.
Bar jebriñe dözerin
Bu mukaddes söýginiñ.

Yşkyñ girdabynda men,
Ýokdur mende ygtyýar.
Erkim elden gitse-de,
Bagtyýar men, bagtyýar. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle