|

Perwana men

Perwana men PERWANA MEN


Ýok, men közjagaz däl, uçgunjygam däl,
Ýa bir şem yşgyna gelen perwana.
Gijeleriñ Aýa uçuşy ýaly,
Uýýan şol gözeliñ yşk permanyna.

Ýok, men otjagaz däl, ataşjygam däl,
Ýa şahyr däl söz saýlara dürdäne.
Her gün Günüñ dogjagyna uýmuş deý,
Bir gyzyñ yşkyna uýýan merdana.

Men bir gyzda dörän yşkyñ ýalyny,
Ýokdur bu yşkymy söndürip biljek,
Ýedi gat ýer, arşyñ-kürşüñ üstünde
Ýok meniñ söýgimi syndyryp biljek.

Şeýle wepa üçin, şeýle yşk üçin
Dadyp gördüm dodaklaryñ abyny.
Şol gyz ýüregine päk söýgimi hem
Nagyşlap ýazypdyr meniñ adymy. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи