Bagtly ene durmuşynyň bir güni (hekaýa)
Akar ýabyň ýakasyny tutup oturan oba daş-töweregine gözellik berýärdi. Oglanlar çekene mallaryny öňlerine salyp, akar ýabyň geçelgesine tarap barýardylar. Sygyrlaryň we göleleriň yzly-yzyna molaşýan sesleri obany ýaňlandyrýardy.
Kimleriň gapysynda atlar kişňeýärdi, kimleriniňkide bolsa itler üýrüşýärdi.
Obany suwlandyrýan akar ýabyň ýakasynda hatar bolup oturan öýleriň birinden Ogulnabat ene howla çykdy. Bu Geldi agalaryň bagtly maşgalasynyň öýüdi.
Ogulnabat ene bilen Geldi aganyň agzybir, bagtly maşgalasynda uly ogly Meret Watan öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirip ýördi, ikinji ogly Bazar bolsa paýtagtda ýokary okuw mekdebiniň talybydy, uly gyzy Baýramgözeli bolsa oba içine durmuşa çykarypdylar.
Ogulnabat ene agşamlyk naharyna gijä galyp gelen, daýhan birleşigiň gök-bakjaçylyk bölüminde işleýän Myrat ogluny hem iýdirip-içirip, özüniň hemişeki dynç alýan ýerine geçip gyşardy. Ene düşegine geçip, hojalygyň ertirki ýerine ýetirilmeli hysyrdyly işleri hakynda pikir edip, uka gitdi.
Obada uly maşgalada hojalygyň gündeki gaýtalanýan yzygiderli hysyrdyly işlerini wagtly-wagtynda ýerine ýetirmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Çünki oba durmuşynda enäniň bir günde ýerine ýetirýän işini, aý boýunça hasaplasaň, iň ýokary aýlyk zähmet hakyndan pes bolmaz.
Ogulnabat enäniň haçan ýatyp, haçan turýany hem belli bolmazdy. Ol daň atyp, Günüň şöhlesi Ýer ýüzüne öz nuruny paýlandan soň, tä iňrik garalyp, Gün doly batýança, hereketde gezerdi. Ol bir görseň-ä, kir ýuwýandyr, bir görseňem hamyr ýugrup oturandyr ýa-da öz balalarynyň aladasy bilendir.
Tomus paslynyň soňky aýynyň ikinji ongünlügidi. Ogulnabat ene hemişekileri ýaly, daňdan säher bilen oýandy. Maşgalasynda ösüp gelýän çagalarynyň ýatyşlaryny synlap durşuna, öz perzentlerine saglyk, agzybirlik, uzak ömür, gowy adamlar bolup ýetişmeklerini hem-de olara bagtly durmuşy arzuw etdi.
Ogulnabat ene agşamky nahardan galan-gaçanlary, süňk-saňklary, biraz gataňsy çöregi alyp öýden daş çykdy. Işikdäki tapçany, onuň aşagynda goýlan pillerdir oraklary, çagalaryň uçýan hiňňildigini hem-de hojalyga degişli beýleki ähli zatlaryň ýerbe-ýerdigini birin-birin gözden geçirdi. Şol wagtam mellegiň aýagujundan kesilen jonnuk guýrugyny bulaýlaşdyryp, Aždar atly iti ylgap geldi. Ogulnabat ene it ýatagyna tarap ýöneldi. Itiň ýalagyna elindäki getiren çöregini, süňklerini atdy. Aždar biraz gatan tamdyr çöregini lak-luk atdy-da, gatyrdadyp süňkleri gemirmäge başlady.
Soňra ene tamdyr bilen ýanaşyk duran ojaklaryň külüni arassalady. «It-pişik ýalaýmasyn» diýip, düýn giçlik düňderip goýan gazany alyp, ortaky ojagyň üstüne goýdy-da, gazanyň ojakda jaýdar, gyradeň oturyşyny çepe-saga çalaja aýlaşdyryp barlady.
Soňra howuzyň ýanyna baryp, çaklaňja howuz bedresini alyp suw çekmäge durdy. Çeken suwly bedresini sag eline, onuň ýüpüni bolsa çep eline alyp, ojagyň ýanyna geldi. Ojagyň üstünde duran gazana bedreden azajyk suw egisdi.
Geçen ýylky pagta ýygymyndan soňra ýygnalan gowaça çöplerinden ojaga salyp, bir bölek kagyzy ýakyp, ojagyň oduny tutaşdyrdy. Gowy ýanyp başlan oduň üstüne bolsa, üzüm töňňesiniň iki-üç sanysyny atdy. Gazanyň düýbündäki ýylan suw bilen gazany ýuwuşdyrdy. Gazan ýuwan suwuny bolsa, sag eliniň aýasy bilen syryşdyryp, gazandan daşyna serpdi-de, howuz bedresindäki suwy gazana guýdy. Kiçiräk çaklaňja howuz bedresi bilen üç gezek gatnansoň, gazanyň suwy dola ýakyn boldy.
Mähriban ene işläp ýörşüne, indiki ugruny mal ýataklaryna tarap gönükdirdi. Ýataga golaýlap gelýän enäniň aýak sesiniň çygşyldysyny duýan sygry hyňranyp, çalaja molaýan ýaly ses etdi. Ogulnabat enäniň Sakarçäge etrabynyň «Çöňür» obasynda ýaşaýan erkek dogany Anna aganyň beren bu maly her ýylyna sagdyn göle berýärdi. Özi hem süýtli sygyrdy. Ogulnabat ene sygryna, onuň gölesine, huruşlyk üçin saklanylýan toklularyna ot döküşdirdi. Mallar üçin iým saklanýan jaýdan elindäki jamyna iým alyp, towuklaryny hem iýmledi.
Ol taňkanyň gaýnan suwundan hem hum çäýnege çaý demledi. Ertirlik üçin saçak ýazyp, ary balyny, garpyz toşabyny, mesge, süýt we düýe ýüň saçagyna dolanan tamdyr çöregini goýdy.
Soňra işe ugratmak üçin ilki bilen Myrat ogluny oýardy. Uly ogly daş çykyp, el-ýüzüni ýuwuşdyryp süpürindi-de, ertirlik çaý-çöregini edinmäge oturdy.
Bagtly maşgalanyň bereketli saçagynyň başynda eneli-ogul bolup, düýnki «Ýasydepe» meýdanyndan getirilen pomidorlar barada gürrüň etdiler. Biraz soňra olaryň söhbetdeşligine Muhammet hem gelip goşuldy. Ertirlik edinen doganlar öz käbelerine sag bolsun aýdyp, tagamyň hakyna töwir okadylar hem-de işli-işine ugradylar. Soňra saçak başyna doganlaryň beýlekileri hem üýşüp ertirlik edindiler. Ene çagalarynyň ýorgan-düşeklerini ýygnaşdyryp, otaglary şemallatmak üçin penjireleri açyşdyrdy.
Ogulnabat ene Sapar ogluna çaý-çöregini iýip bolanyndan soňra, sygryny pada goşmagy ýatlatdy-da, eline süýt bedresini alyp, mal ýatagyna tarap ugrady. Sygrynyň gölesini goýberip iýdiren badyna, çekip aýyrdyda, ozalkylary ýaly, «höwlüm, höwlüm» diýip, bedresindäki azajyk suw bilen sygrynyň ýelniniň emziklerini ýuwuşdyryp, süýt sagmaga durdy. Soňra sygryny pada ugratmak üçin şahyndan daňlan ýüpüni çözdi-de, ýatakdan çykardy.
Bibi ýörite süýt bişirmek üçin niýetlenen kiçi ojaga süýt gazany goýdy, gazany ýuwdy, täze süýdi gazana guýup, ojagyň aşagyna ot berdi. Körpe gyzy Gözele bolsa orta ýazylan saçagy ýygnamagy buýurdy.
Ogulnabat ene ýelejiredilen ähli otaglary syryp süpürdi. Soňra mallar üçin bede eder ýaly ogly Sapar bilen mellekden ýorunja ordular. Orulan otlary mal ýatagynyň ýanynda basgylanyp heňlemez ýaly güneşli howada sergin şemala serişdirip goýdular. Ol işlerden soňra Ogulnabat ene Bibi gyzyna kir ýuwmak üçin howuzdan suw daşap bermegi buýurdy. Ene uly legeni dolduryp duran çagalarynyň eşiklerini ýuwmaga başlady, Bibi gyzy ýuwlan eşikleri ýüpden asyşdyryp sermäge hem-de kir ýüpünde öňki serilen eşikleriň guranlaryny ýygnaşdyrmaga kömek etdi.
Gün guşlukdan agansoň, Ogulnabat ene gyzlary bilen düýnki getirilen pomidordan batyrma naharyny taýýarlamaga girişdiler. Günorta nahary ýetişýänçä, mallaryna, towuklaryna ot-suw bermegi hem ogly Sapara tabşyrdy.
«Enäniň dili hem süýji, eli hem süýji» diýlişi ýaly, günortanlyk üçin täze ýygylan pomidordan taýýarlanylan batyrma naharyndan hezil etdiler. Nahardan soň, Ogulnabat ene çagalaryna: «Tomsuna süýr günortan it-guş hem ýatýandyr» diýip, penjirelerine mata tutulyp, garaňkyradylan otaga geçip dynç almaklaryny tabşyrdy.
Enäniň şol işläp ýörşüne: «Bilimi bir ýazaýyn» diýip, çem gelen ýerde oturmasy bolmazdy. Ol eýwanda düýnki Myrat oglunyň ekin meýdanyndan getiren pomidorlaryny gözden geçirip, has gowy bişenlerini, ýumşagraklaryny saýlap, hamyr jama geçirip goýdy. Pomidorlary ýuwmak üçin howuzdan iki-üç bedre suw çekdi, pomidor goýultmagyny ýapjak bankalaryny ýuwuşdyryp taýýarlaşdyrdy, özi hem çagalarynyň ýanyna geçip, günortanky ukusyna almak üçin biraz salym gyşardy.
Soňra öýlän guşluk çaýyny içmek üçin çäýnege guşdyrnak gök çaýyndan demlendi. Orta ýazylan saçaga süýji-köke bilen tamdyr çöregi goýuldy. Çagalary günortan ukusyndan oýanyp, el-ýüzüni ýuwdular-da, saçagyň başyna geçip, öýlänki guşluk çaýyny öz mähriban enesi bilen içdiler.
Ogulnabat ene saçakda çörekleriň azalandygyny gördi-de, tamdyra çörek ýapmak üçin eýwanda duran un haltadan hamyr jamyna un aldy. Hemişekileri ýaly, eýwanda kendirigi ýazyp, un elemäge başlady. Ogly Sapara bolsa mallaryň otuna-suwuna seretmegi, gyzlaryna bolsa pomidor goýultmagy üçin saýlanan pomidorlary dograşdyrmagy tabşyrdy. Ene hamyrynyň ýugrymy mazaly ýetirip alýança diýip, basyryşdyryp goýdy.
Soňra uly ojakda duran gapak bilen ýapylgy gazany ýuwdy. Gyzlarynyň dogran pomidorlaryny bolsa gazana guýup, ojagyň aşagyna ot berdi hem-de gyzy Bibä gazanyň ýanynda bolmagy, bişirilen süýtden bolsa gatyk basyrmagy tabşyrdy.
Basyran hamyryny barlap mazaly alandan soň, zowalalara bölüşdirip, ýaýyp, tamdyra ýapmak üçin taýýarlaşdyryp goýdy. Ot berlen tamdyr agaryp, mazaly çörek ýapmaga taýýar bolandan soňra çöreklerini ýapyşdyrdy. Çöregiň gowy bişmegi üçin ak suwy, gyzyl suwy berilýän bedredäki suwuna, täze dogan Gün ýaly lowurdap, ilkinji bişen mele-myssyk çöreginden döwüp, suwa batyryp çagalaryna paýlaşdyrdy.
Çöreklerini bişirip bolandan soň, kesegini gazaşdyrdy, repidäni, tikeji ýygnaşdyryp, öňki goýulýan ýerinde goýdy.
Ogulnabat ene tamdyrdan çykan gyzgyn çörekleri birneme sowamagy üçin çagalary bilen bolýan otagyna getirip saçagyň üstünde goýuşdyrdy. Ene hum çäýnekde galan çaýdan suwsuzlygyny gandyrdy.
Ene biraz salymdan täze bişirilen tamdyr çöreginden owmaç taýýarlamak üçin kiçi gyzyna jamy getirmegi hem-de çörek dogramagy tabşyrdy. Uly gyzyna gazanda gaýnap duran pomidor goýaltmagynyň oduny peseltmegi tabşyrdy-da, derrew agşamlyk nahar üçin kiçi ojakda gazana süňkli etlerden salyşdyryp çorba atardy. Bibä çorba atmak üçin dört-bäş sany ýeralmasyny we üç sany düýp sogany artyp, arassalamagy tabşyrdy. Özi bolsa ýaňy gaýnap başlan çorbanyň ýüzüne çykýan köpükleri aýryşdyrdy-da, gaýnap başlan gazanyň oduny peseltdi.
Ogulnabat ene öri meýdanyň bol otlaryndan garnyny göjäp gelen sygryny daňmaga, gölesini goýberip emdirmäge we süýdüni sagyp almaga hem ýetişdi.
Soňra bolsa bankalary taýýarlap, gaýnagy ýeten pomidor goýultmagyny ýapmaga taýýarlaşdyrdy.
Ogulnabat ene entek gyzgyny gitmedik, dogralan tamdyr çöregine sary ýag goşup, mazaly garyşdyryp, üstüni basyryp goýdy-da, «Agşam naharynyň başynda iýersiňiz» diýip, mähirlilik bilen körpe balasyna seretdi. Uly gyzynyň taýýarlan bankalaryna bolsa ýapmaga taýýar bolan pomidor goýultmagyny guýup, bankanyň gapaklaryny ykjam ýapylýan guralyň kömegi bilen ýapdy. Pomidor goýultmagy gaplanyp, täze ýapylan bankalary bolsa, başaşaklygyna goýuşdyrdy. Gazana atarylan süňkli çorbanyň birneme gaýnagy ýetensoň, täze getirilen pomidordan üç-dört sanysyny hem-de gyzynyň taýýarlan soganlaryny dograşdyryp nahara goşdy. Taýýarlanan ýeralmalaryny dörde bölüşdirdi hem suwly jamyň içinde goýdy.
Ene uly gyzy Bibä hojalygyň hysyrdyly işlerini yzygider öwredýärdi. Şonuň üçin Bibi özbaşdak hem naharlaryň hötdesinden gelip bilýärdi. Şol sebäpli hem biraz salymdan bölüşdirilip taýýarlanan ýeralmalary çorba atyp goýbermek Bibi üçin kyn iş däldi.
Bu gün agşam naharyna doganlar hem wagtynda geldiler. Bagtly enäniň maşgalasynyň bereketli saçagynyň başynda jemlenen doganlar Ogulnabat enäniň taýýarlan gaýnatma çorbasyndan hem-de täze tamdyr çöreginiň owmajyndan, täze basyrylan gatykdan agşamlyk edindiler.
Agşamlyk çagynda telewizorda görkezilýän gepleşiklere syn edip, maşgala agzalarynyň bir saçagyň başyna üýşüp nahar edinmekleri bularyň maşgala edähedi. Ene üçinem, perzentleri üçinem hum çäýnege demlenen gök çaýyň başyndaky gürrüňler hem has gyzykly boldy. Bagtly ene we onuň perzentleri bereketli saçagyň başyndan turmankalar, şol wagt «Miras» teleýaýlymynda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan ene hakyndaky ajaýyp jümleler örän ussatlyk bilen çeper okalyp başlandy. Enäniň we onuň çagalarynyň hemmesiniň ünsli nazary mawy ekrana tarap öwrüldi.
Owadan ses bilen «Ene çagany dünýä inderýär, kemala getirýär. Munuň üçin ol enä ömürboýy minnetdar bolmaly. Goly giň, gaýratly ýigidiň wepasy bolsa, onuň ene topraga tagzym etmegindedir. Şonuň üçinem ol «ene toprak». Saňa serpaý edilen ömür üçin alkyşyň topraga yhlasyňdyr. Çünki toprak güllände ýaşaýyş müdimi bolýar. Ýaşaýyş gülleýär. Eneler rahat ýaşaýar. Biz şonuň üçinem topraga togap edýäris.
Men öz käbämiň edil häzirki pursatda hem ýüregindäki iň mähirli alkyşlaryny sena edinýändigini bilýärin. Eneleriň ýüregindäki alkyşlary dünýä dolýar. Dünýä hem olaryň «diline» düşünýär.
Eneleriň kalby asman ýaly päkize, ýürekleri bolsa Gün ýaly şuglaly.
Enelerde ýüregi ýyladýan mähir bar.
Eneler iliniň bagtynyň dileginde bolup, abatlyk arzuwlary bilen dünýäni ýaşadýarlar.
Döwlet eýesi mähriban enelerimiziň arzuwlary hasyl bolsun! Şonda eziz Watanymyza döwlet ornar, halkymyzda agzybirlik pugtalanar. Biziň bagtyýarlygymyz eziz eneleriň arzuwydyr. Biziň arzuwymyz bolsa eneleriň bagtyýar bolmagydyr» diýip okalan ajaýyp jümleleri ene we onuň çagalary örän ünsli diňlediler.
Şeýle ajaýyp, ýürege ýakymly, mähirli sözlerden soňra, gysga wagtlyk dymyşlyk ara düşdi. Doganlaryň hemmesiniň guwançly, mähir-söýgüden pürepürlenip, balkyldaşyp duran göreçleri mähriban käbesine tarap öwrüldi.
Bagtly durmuşyň enesi Ogulnabat ene: «Basym kakaňyzam sähradan iş çalşygyny dolduryp, dynç alşa geler. Şu gezek huruşlyk mal hem getirmeli, nesip bolsa, şor suw bişirip bererin» diýip, myssa ýylgyrdy.
Enäniň hysyrdyly işleriniň ählisi onuň bir günüň içinde ýerine ýetirýän işleridi. Mähriban ene bu işlerden hiç wagt ýadamazdy. Öz çagalarynyň, aýratyn hem, gyzlarynyň edep-terbiýeli, salyhatly, durmuş gurjak maşgalasynyň arasynda hem bu işleriň arman-ýadaman ýerine ýetirilse, agzybir we bagtly bolup ýaşajaklaryny düşündirip, özüniň bar aladasyny gaýgyrmazdy.
Bagtly maşgalanyň bereketli saçagynyň başynda tagamyň hakyna okalan töwirden soňra doganlaryň hersi öňki ýatýan ýerinde ýazylgy duran ýorgan-düşeklerine geçdiler. Mährem ene çagalaryna: «Sag-aman ýatyp-turuň!» diýip arzuw etdi. Özi hem hemişeki ýatýan ýerine geçdi-de, hojalygyň ertirki hysyrdyly işleri barasynda pikir edip uka gitdi.