Atajan Annaberdiniñ degişmeleri -3
Atajan Annaberdiniñ degişmeleri -3
■ «Müñ manatlyk golaýynda»
Atajan Annaberdi bilen agtyjagy Akpamyk şähere gezelenje gidipdir. Şäherde suw satýan nätanyş aýal gyzjagazyñ dillijeligine haýran galyp: «Sizem şäherde ýaşaýañyzmy?» diýen. Akpamyk bolsa: «Ýok, daýza, biz şäheriñ müñ manatlyk golaýynda ýaşaýarys» diýipdir welin, suw içip duranlar hezil edip gülüpdirler.
■ «Şol ýerde öwretdilermi?»
Bir naskeş Atajan Annaberdiden: «Ýazjanhñ ýagdaýy neneñ, bu günler görnenok-la?!» diýip, öz ülpetiniñ ýagdaýyny sorapdyr. Atajan Annaberdi bolsa: «Aý, Ýazjan-a nasyny goýjak bolup, nas goýdurylýan ýere gitdi» diýipdir welin, ýañky naskeş: «Haý, işi gaýdan, öñ nä saña ony şol ýerde öwretdilermi?» diýip, başyny ýaýkapdyr.
■ «Pyrlanýan zadyny tapyp bolsa-ha…»
Atajan Annaberdi çykyş etmek üçin, dikuçarly çöle — gazçylaryñka gidipdir. Ol oba gelensoñ, dikuçary taryplap: «Aý, ulag dagy däl ekeni, islän ýeriñde uçup-gonup ýörmeli. Ýagdaýyny tapsañ, hojalyk üçinem birjigini edinmeli şonuñ diýipdir welin, öwünjeñräk oba ussalarynyñ biri: «Aý, şoñ ýokarsyndaky pyrlanýanyny tapyp bolsa-ha, uzyn gutusyny-ha ýasasa-da bor-la» diýip, özüne göwni ýetýänden bolupdyr.
■ «Çäçdepe-de geçer-le»
Iki sany çäçdepeli nahal oturdyp ýören eken. Olaryñ biri Atajan Annaberdä: «Atam, şu syrgyna derek oturdyp çykaýsam diýýän, näder, bolmazmy?» diýen. Atajan hem: «Bolub-a bolar-la, ýöne munçasyny näme etjek sen?» diýýär. Ol: «Aý, ýetişer welin, oñatja edip, ýylmaşdyryp, araba ýasajak-da, Mara äkidip satyberjek, geçmezmi?» diýende, nahar oturdyp ýörenleriñ ikinjisi Atajan Annaberdiniñ berjek jogabyna-da garaşman: «Aý, oñatja edip, ýylmaşdyryp ýasasañ-a Çäçdepede-de geçer-le» diýip, ýoldaşy bilen ugurdaş gopupdyr.
Toplan: Batyr ÇARYÝEW. Degişmeler