|

Ata Salyhy ýatlap…

Ata Salyhy ýatlap… ATA SALYHY ÝATLAP…

Bu günem şañlatdyk şahyr gulagyn,
Bu günem jedelleñ şemi ýakyldy.
«Aý, Ata Salyhyñ şygry ýöntem-laý…»
Diýen bolýan bir gurrumsak tapyldy.

Ol görmändir şygryñ gün bolup dogşun,
Düşündirjek bolup çykdy halysym.
Diýýär: «Dünýä poeziýasyn bilmänsoñ,
Şygry gowşak çykdy Ata Salyhyñ».

Çyzyk çekmekçi däl men Gomer, Geýnä,
Pyragynyñ lirasyna baş egýän.
Emma Gomer däldi,
Pyragam däldi,
Kolhoz gurup, ganym baýlary ýeñýän.

Daşda men Azada dil ýetirerden,
Nepesiñ şygrynda göwnümiñ käni.
Emma olar däldi ýer-suw paýlaşan,
Olar däldi galtamanlañ gözläni.

Ol Ata Salyhdy!
Ol durşy bilen
Şygara öwrülip düşüpdi dile.
Ol ýigitler bilen jeñe gidipdi,
Mekdebe gidýärdi körpeler bilen.

Kör bolsa-da, gözlülerden has anyk,
Tanaýardy ýagşy bilen ýamany.
Ata Salyh gözlülerden öñdedi,
Başga ýerden gözle, gardaş çamany.

Nan ýerine iýilipdi goşgusy,
Içilipdi goşgulary çaý ýerne.
Bir görseñ naýza ol,
Bir görseñ — tüpeñ,
Ok bolup degerdi edil jaý ýerne.

Ol şygyrdan ýagty bir köşk salypdy,
Onuñ üçin dünýä tüm bir zat däldi.
Ülkäme nur saçan bu ajap bägül
Arman, pudagyndan juda ir tändi.

Käbir gurrumsaklar uzak ýaşaýar,
Şahyr bolsa elmydama ýaş ölýär…
Emma ne ajaýyp şahyryñ şygry,
Ol bir çeşme,
Her kim ondan ýaş alýar

1973.

Nury BAÝRAMOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle