|

Aprel gyýkyndylary

Aprel gyýkyndylary APREL GYÝKYNDYLARY

Aprel gyýkyndylary

Aprel.
Ümüş-tamyş säher.
Şäher yşyklary. (Seýreklap başlan)
Adam-garasyz köçe.
Uzak gije çisñän ýagşa ezlen,
indem bark urýan Ýel sosnalar.
Yolyşyk. Pyýadalar üçin geçelge.
(men oña zebra diýýän)
Ýaşyl yşyk ýanmagyna 23 sekunt.
Uludan dem alýan.
Bakýan göge. Gök asmana.
Asman bulutly.
Töweregiñ manzarasyn çekip bolup içimden,
Öz halymdan habar alýan.
Ýa-da
öz-özümi synlamaga başlaýan
Men güllän erikleri göresi gelen
Dogduk depesiniñ ýazyny küýsän
Entegem Watan mähri bilen ýaşap ýören mumyýa.

05.04.23

* * *

Pikirler…
Hyýallar… düýşler
Göz öñüne getirmeler…
Ýene bir topar zatlar.
Agyz açmaga çekinýäñ
Içinden çykýar ot deý
Arman
Ahmyr
Peýdasyz puşman.

Barybir
Biribar bilýändir baryn.
Mañlaýlar daşa degmänkä
Ýürege daş bagladyk.
Onsuzam hasrat gelmänkä
Bile oturyp agladyk.
Men bilmedim aglaýanym
Sen bilmediñ aglaýanyñ.

07.04.23

* * *

Gözde ýaş bar
A göwnünde gam dagy,
Hyýalynda ýedi älemi aşýar,
Geñ dälmi?!
Bir mahalla gülküleri heñ ýaly,
Mahmal sesi hoş ýakan.
A gözleri…
Ah-h…
Yşk ummany.
Tolkunyp, owsunyp meni gark eden
Saçlaryñ…
Bary bolmadyk ýaly
Menem derwüş hyrkada
Diýaryny terk eden
Aklyndan daş düşen diwana.
Hyýalda şol ýar,
Bikarar gül ýar.
Biçäre ajyz-u natuwanym ol.
Ol meni ýat edip ýerinden galýar,
Soñ ýatyp bilenok
Çünki ukusyndan şirinmişim men.
Düýşünde oraşan, ýakynjygynda
Huşundaky ýaly görünmişem men.

Men bolsa
Baryndan
Baryndan geçip,
Egne ýaryñ dokap beren hyrkasyn,
Yusup pygamberiñ donun geýen deý,
Ezizleýän. Ondan duýýan bir mähir.
Hemem ýat ýurt içre sergezdan ýörün.

• Ýatlama

Ýadyñdamy?
Ýadyñdadyr.
Ýa-da unutduñmy eýýäm.
Sen gelipdiñ seyil baga saýawanly serwinäz
Günüñ ýokdugyny
Howañ bulutdygny duýman.

Unutdyñmy?
Ya-da ýadyñdamy ýar,
Aljyrap
Çar yana garap duruşum.
Meniñ lellimligme gahar edýän deý
Gök gübürdäp ak ýagyşlañ guýuşy.

Sylapberdi MUHAMOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle