Alys ýoluñ aýdymlary
Alys ýoluñ aýdymlary
Moskwanyň eteginde tokaýlar,
Ak gara basyrnyp, dymyp otyrlar.
Men bu ýerden romantika tapamok,
Aýazly agşamlar, sowuk ertirler.
Köne elektriçkanyň doňan aýnasy,
Synlaýan. Ümmülmez rus ýaýlasy…
Göz aýlap agaçlaň gara-agyna,
Hiç ýetip bolanok aňry çägine.
Duýgulam daşaryk çykarman goýýan.
Ynamsyz ädimläp, bir ýana ýöräp,
Bir zady gözleýän, çar ýana garap
Näme gözleýänim hiç bilip-bilmän
Entek näçe müddet özüm kösärin
Ýitirip özümi, wagtyň hasabyn…
Asyr ýaşan agaçlaryň üstünden
Ak bulutlar göçüp barýar asmanda,
Geçenleri ýatlap birden tisginseň,
Menem duýaryn-a köňlüň islände.
Gam basan kalbymda jem bolup duran
Agyryly ýürege em bolup duran
Ýatlamalar kalba berýärkä medet
Men özüme gelip, galýan şo müddet.
Men ol pursatlary hiç kime bermen
Saklaryn içimde eşrepi ýaly
Zeminiň iň eziz eşreti ýaly
Ol duýgular diňe bir maňa berlen
Şol saňa sataşan günümden bäri
Belki, şolar bilen diri men diri…
***
Indi nirä gitjegimi bilemok,
Alnymda Orsyediň aňzakly gyşy.
Inçejik umytlaň soňy gelenok,
Nirä urmaly men bu gara başy.
Näçe gezek degdi paltalar daşa,
Ugran ugrumyza düşüp kän çile.
Ýa, özüme baha berdimmi aşa,
Ýa, göwnümi aldadymmy kän ýola?!
Dur göwnüm,
Özüňi urma boş dowla,
Alçy gopar bir gün altyn aşygyň.
Bu ýollarda boýnuň burup, baş sowma,
Bu ýollarda belent tutgun başyňy.
Görmedik zadyndan gorkýandyr ynsan,
Ölümden soň näm bar, bilip bolanok.
Diýjek bolma, birden gatadyp ýeňsäň:
“Indi näme etjegimi bilemok…”
Biziň hem parlajak günümiz bardyr,
Bu bir kynçylykdyr, ölüm däl ahyr.
Moskwa, 2019 ý.
Sylapberdi MUHAMOW. Goşgular