Ädimme-ädim
Ädimme-ädim
Bize mundan başga ýana göçme ýok,
Ýaşamaly göreş edip çöl bile.
Atamyz, babamyz ötdi şu ýerde,
Hemra bolup gyzgyn epgek-ýellere.
Epgek bilen bir otagda ýaşaýas,
Epgegiñ goýnunda ekin ekýäris.
Göçüp-gonup ýören ürpek gumlar dek,
Göçüp-gonup malymyzy bakýarys.
Çagalarmyz çäge bilen oýnaýar,
Gül ekip, gök baga çykýarlar seýle.
Bizem şeýdip «ösdürýärdik» bag-bakja,
Bizden öñkülerem edipdi şeýle.
Bu gün şo hyýalda güllän ýerlermiz
Kanal suwun içip läle geýýärler.
Has añyrda bolaa gumly çagalar:
«Ýörüñ, kanal oýnalyñ-la» diýýärler.
Şeýdip nesillere geçer bu arzuw,
Şeýdip çöli ýeñeris ädimme-ädim.
Kyn bolsa-da biz şu ýerde ýaşaýas,
Bilýän ýok azapsyz topragyñ adyn.
1974 ý.
Nury BAÝRAMOW. Goşgular