| |

Adyñyz kim? / intermediýa

Adyñyz kim? / intermediýa ADYÑYZ KIM?

Ýazyjy Çary Aşyrowyñ 80 ýyllygyna

— Adyñyz?
— Çary.
— Atañyzyñ ady?
— Aşyr.
— Çary… Aşyr. Çary Aşyr. Wiý, Siz ýazyjy Çary Aşyrowmy?
— Hut şonuñ özi.
— Onda salawmaleýkim, Çary aga.
— Waleýkim essalam…
— Neme-le, bi, näme üçin iş wagty adamlar bu ýerik, ýagny uniwersitetiñ öñüne ýygnanyşýakalar? Ýa miting-zat geçirjek bolýañyzmy?!
— Ýok, toý toýlamaga geldik.
— O nämäñ toýy? Plan dolduñyzmy?
— Ýok, plan ýañy 80 prosent boldy. Şony belleýäs.
— Bagyşlañ, hormatly ýazyjy, bu zamanlarda plan dolanyñ bilenem beýle üýşmeleñ edilmeýä. Siz-ä ýañy 80 prosent… Ýogsa-da haçan 100 prosent bolmakçy?
— 2010-njy ýylda.
— Näme-e?! Düşünmedim. «80» diýdiñiz. «100» diýdiñiz.
— Rahatlanyñ, bu ýygnanyşyk meniñ 80 ýaşymyñ toýy. Ýubileýim.
— O-ho-ow, hälden şeý diýiñ-dä. Toýuñyz mübärek bolsun! Wagtyndan öñ 100 prosent boluñ diýenim bilen Siziñ artdyryp ýazma ýol bermejegiñizi bilýän.
— Ynamyñyz üçin köp sag boluñ.
— Ýubileý dabarasynyñ öñ ýanynda Size käbir soraglar bilen ýüzlenmek mümkinmi?!
— Mümkin. Baş üstüne!
— Edebiýata goşgy bilen geldiñiz, soñam proza…
— Düşündim. Ol şeýle boldy. Uruşda meni ölümden gutaran Nina hakynda ýazan goşgymdan köpler habarlydyr.
— «Ermeni gyzymy»? Onu ýatdanam aýdyp biljek.
— Berekella. Ynha, bir gezek Ýerewana ýygnaga gidemde, galamdaşlarymyñ tagallasy bilen, öz halasgärimi tapdym duruberdim. Özem näçe ýyldan soñ, how! Tolgundyryjy duşuşyk boldy. Ähli gazetlere-de iş bolduk. Açan ýeriñ biziñ suratymyz boldy durdy. Gelenimden soñ keýwanym «Sen ýygnaga gitdiñmi, ýa…» diýip gatyrgandy. Öýümizde tüweleý turdy. Ine, şondan soñam proza geçdim.
— Düşnükli. Siz «Tokmakda-da» işlediñizmi?
— Işledim. Baş redaktor boldum.
— Şonda bir gezek siz dynç güni redaksiýa gelipsiñiz. Ertesem işgärleriñize «Näme üçin düýn işe çykmadyñyz?» diýip gatyrganypsyñyz diýýäler. Şo çynmy?
— Il diýýän bolsa ugrunda bardyr. Onsoñam «Tokmakda» gün sypdyrman işlemeseñ ýetişer ýaly hem däl.
— Sizi «Tokmakdan» gyraklatdylarmy ýa-da özüñiz…
— Häzir düşündireýin. Işläm döwrümde köp tankydy materiallar bilen çykyş etdim, žurnal sahypasynda. Bir gün tokmakçylar üýşdüler-de «Çary aga, señ tankytlan zadyñ bir hili düzelip barýar. Ähli zat gülala-güllük bolsa, kemçilik tapylmasa žurnaly ýaparlar. Onsoñ bizem… diýip howatyrlandylar.
— Hä, onda Siz ýoldaşlaryñyzy işsiz goýmajak bolup özüñiz işsiz galypsyñyz-da.
— Menem işsiz ýatmadym. On bir roman ýazdym. Onnañ…
— Boldy, boldy. Sanamañ, göz degäýmesin.
— Ýörüñ, Sizem ýubileý dabarasyna çagyrýan.
— Eliñ boş gelşiksiz bolaýmasyn.
— Jübiñ boş bolmasa bor, baryber.
— Onda ýubileý dabarasyna barmazdan burun, Size bir etjek arzuwym bar. O ýerde bize gezek ýetermi, ýetmezmi, belli däl.
— Iki gulagym sizde.
— Haçan 100 prosent bolarkañyz diýip 2010-njy ýyla çenli garaşyp ýörmäñ. Siziñ on tomlugyñyzy çykarsynlar!
— Agzyñyzdan neşirýatçylar eşitsin.

Täçmämmet JÜRDEKOW. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle