|

Watanym

Watanym WATANYM

Türkmen ilim, gül Watanym,
Mertebäň pesde bolmasyn!
Seni söýmedikler goý ölsün,
Seni söýmedik ölmesin.

Jaň Watanym janym-tenim.
Gül balalaň janym-meniň.
Ýokarymda Taňrym asman,
Watanym-imanym meniň.

Atly-ýaragly türkmenim,
Misli ýaraly gaplaňym.
Ýedi yklyma zor salan,
Gazap atyna atlanyp.

Jan Watanym jan jigerim,
Didelerme öçmez nursuň.
Bir gün ýumsam gara gözlem
Bir gysym topragyň buýrsun.

Atam-enemden eziz özüň
Watanym, sarsmaz döwletiň.
Seni söýen sen diýip ölsün
Seni söýenler ölmesin.

Ýedi arkam ýatan ýerler,
Dogan hem goňşy-golamsyň.
Sende dogulmadyk bolsam
Bagtsyz biri bolardym.

Meniň ýeke-täk Watanym,
Goýnuňda gaýnap-joşanym
Seni söýmedik ölmesin,
Goý içi ýanyp ýaşasyn.

Güller açylar ak säher,
Hiňlenip iner ýagyşlar.
Seň birje çümmük gumuňam
Dünýäň malyna çalyşman.

Watanym, ýalňyz hossarym,
Soňky arzuwym ömrümde,
Halkyma bakylyk berip,
Müdimi galsam goýnuňda.

Sylapberdi MUHAMOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle