| | |

Çöregiñ tagamy / dokumental powest

Çöregiñ tagamy / dokumental powest ÇÖREGIÑ TAGAMY

1.

Supradaky nan – aýdym hem mukam.
Halk nakyly.

«Tagam berseň, bergil aja»
«Görogly» eposyndan.

«Biziň ýurdumyzda her ýylda 30 million tonna çörek bişirilýär. Muny ýüklemek üçin açyk wagonlaryň 500 müňüsi gerek bolardy. Olaryň uzynlygy bolsa Moskwadan Ýakutska ýeterdi.»

* * *

Sagat ýaňy on bolupdy. Merkezi radionyň diktorynyň ýogyndan ýakymly sesi darajyk kabinetiň howasyny tisgindiräýjek bolýardy. Köneje äýnegini gözüne tutup, çortmak barmaklarynyň arasyna gysdyran galamy bilen ak kagyzyň ýüzüni dörüşdirip oturan adamyň bolsa diktor gepledi, seplemedi azaryna-da däl ýaly görünýärdi. Onuň elindäki galam emelsiz gaýykçynyň küregine çalym edip, bir ondan-bir mundan çykýardy. Onuň haty bolsa bir sapaga düzülen dürli ölçegdäki monjuk ýaly, bir setirde gaýşyk-çaýşyk bolup ýatyrdy. Onuň şeýdip kösençli dümtünip ýazan hatyny gören adamyň «häk, agam, hat ýazmakdan çörek iýmeli bolsaň, maňlaýyň gara boljak eken» diýjegi gümansyzdy.
Diktoryň eýesi ynjyly çykdy:
«Şu gün Türkmenistanda kyrk alty gradus yssy boljak!»
– Owf! – edip ýerinden galan adam, yssydan halys ýorulanyny ýaňy duýup galdy. Indi näçe gündür huşuňy alyp barýan yssy baradaky ýakymsyz duýgular onuň süňňüne duýdansyz gapgarylan ýaly boldy. Ýazyp oturan kagyzyny alyp ýüzüni ýelpedi. Soň ýene-de hatyna güýmendi, 
Aňyrdan zenan aýakgabynyň pola degýän şylp-şylpy eşidildi. Ol: «Näçe boldyka?» diýip oýlandy. Onuň hasaby anykdy. Daňdan sagat üçden bäri sekiz müň çörek bişen bolmaly. Kömekçi buhgalter häzir gelmeli-de: «Sekiz müň, alty ýa ýedi müňi magazinlere ugradyldy» diýmeli. Onsoň sagat on ikä çenli ýene-de iküç müňüni bişirseň, ikinji smena işem galanok. Bu gün söwda nokatlaryndan on iki müň çörege zaýawka bar.
Ol galamyny saklady. Aýak sesi has golaýa gelipdi. Özem kömekçi buhgalteriň aýtjak sanyny ýazmak üçin kagyzyň ýüzünden ýer gözledi. «Aý, şu ýere ýazyp, soň daşyny tegeläýerin» diýibem kagyzyň bir burçundaky boş ýerlere galamynyň bireýýäm kütelişen ujuny dürtdi.
– Eset aga, ýeteweri, ýapan çöregimiz pytyrap dur…
Eset aga Nurgözeliň bägülüň ýapragy ýaly, näzikden owadan ýüzüne gorka garady. Gelniň öňem mukaddesligiň nyşany ýaly ýakymly ýüzi ak, tämiz, ýektaýynyň içinde gadymy kitaplardaky perişdä öwrülene meňzeýärdi.
Eset aga gelniň gözlerine garady. Nurgözeliň gözlerinden diňe bir aýalyň däl-de, dünýäniň ähli gynanjy reňklere, mähre, nura öwrülip balkyldap çogup durdy.
– Häzir, häzir. Wah, ýene şol un bizi ýakdy-da. Şol un bizi masgara etdi-dä.
Ol häzir zar-zelil bolup zeýrenmeýänine, Nurgözeliň köşeşdirip bilmeýänine, ýüregindäki egsip bolmajak gahar-gazaby gowzadyp, şeýle uny, şeýle bugdaýy öndürýän adamlara gargyş edip bilmeýänine bu zenanyň öňünde juda utandy. Özüniň diliniň uzyn däldigine, gerekli sözi bir gün geçenden soň tapýanyna, ýygra ýaradylyşyna örtendi. Onuň häzir elinden geljek ýeke-täk zat, Nurgözelden öňe geçip, dikgerip gitmezlikdi. Sehi köşeşdirmekdi. Şonuň üçin sehden bäbegiň ýaňagyndan kükeýän ýaly bolup, ýaýraýan ýakymly ysy-da, şu günki boljak yssyny hasap etmäniňde-de pejiň iki ýüz ýetmiş gradus yssy- syndan gelýän ýalyny-da duýmady.
Bir zatda, «ýüzüne pylan ýeriň howasy lap edip urdy» diýilýär. ýöne bu sehiň demi bu adamyň ýüzüne lap edip ura-ura bady gaçan ýalydy. Indi ol ýalyn Eset Hemra diýen adamy özüniň haplap urmasy bilen geň galdyrmajagyna düşünen borly.
Gyzgyn sehdäki adamlaryň ýüzüne garar ýaly däldigini ol ýanan çöregiň ysyndan aňdy. Onuň üstesine tamdyrdan düşen çöregiň şapylap stola degişinden başga sesiň eşidilmeýäninden aňaýmaly. Bu wagt şu sehdäki otuz aýalyň göwnüne girip göräýseň, ýary ýanyp, ýary bişen gülle ýaly sözden dolup durandygyndan onuň habary bardy.
Eýsem, tamdyryň başynda oturan aýal bişirýän çöreginden başga näme barada oýlanar. Bu sehiň aýallarynyň keýpiniňem, şatlygynyňam bişirip oturan çöregine baglydygyny Eset bilmän, kim bilsin. Ol bular bilen näme, az işleşdimi?! Az degşip, gülüşdimi?
Ol pejiň gapdalyna geçdi. Derläp Duran aýalary bilen peji şap-şap urup gördi.
«Iki ýüz ýetmiş gradusdan hem ýokary! Diýmek peçde günä ýok». Ol jaýryk-jaýryk bolup, tutman duran ýary çig, ýary bişen tegelekleri eline aldy. Ondan bir döwümini agzyna saldy.
«Hamyrturşam ynjapdyr».
Ol holodilnige bakan ýöneldi. Kerpiç-kerpiç edilip basylan hamyrturşy galyplaryny elläp gördi.
«Ýa goňşy magaziniň holodilnigine eltäýsekmikäk? Buz zawoddan on tokga buz getirsek näderkä?»
Holodilnik bu yssa çydanokdy. Daňdan emele gelen buz gatlajyklary turşy kerpiçleriniň üstüne damyp dur. Ol holdilnigi daňdanky görüşidi. «Şond-a sowuklyk derejesi ýerbe-ýerdi. Indi welin…»
Eset aga töweregine aljyraňňy garady.
– Indi biz näme etmeli? – diýip, Nurgözel balkyldap duran gözlerini elindäki başy gowuşmadyk çörek tegeleginden aýyrman sorady.
Öňem aljyrap oturan adamyň gahary bokurdagyna geldi.
«Men näbileýin? Men näme onuň içini jadyladymmy, menden sorar ýaly. Menem özüňiz ýaly adam ahyryn. Göreňizokmy Bakudan negünlük bilen getirdilen hamyrturşy zaýa bolup barýar. «Men ony näme edeýin?» diýip sizden soramog-a…»
Ol gaharyny ýuwutdy.
– Edilen hamyry bir bişiriň. Ody az-kem peseldiň. Menem bararyn…
Ol buhgalteriýa baryp, goňşy magaziniň müdirine jaň etdi.
– Inim – Ol magazin müdiriniň adynam bilenokdy. Sebäbi goňşam bolsa, olara şu geçen ýyllaryň içinde ilkinji sapar ýüz tutýardy – Iki tonna hamyrturşym zaýa bolup barýar. Holodilnikler gowy işlänok. Şeýlemi? Siziňem mesgäňiz eräp barýar diýsene. Bolýa, bähbit bolsun. – Ol öýüne jaň etdi. Gyzy Nartäç aldy – Ejeň işden gelenokmy?
– Ýok, magazinde.
– Şonuň telefon nomeri näçe? – Gyzy ejesiniň telefonyny aýdansoňam häh diýende mäh bolmady. Aýaly bäş minut dagy eglenip trubkany aldy.
Kolbasa satylýar, gyrlym. Sypynyp bilemok. Kontrolýor bolanyň özüň bolma…
– Holodilnigiňiz boş dälmidir?
Nargül daýza adamsynyň sowalyna düşünmedi.
– Öýdäkimi?
– Ýok, magazindäki?
– Bilemok. Häzir-ä kolbasa bar, näme?
– Öýdäki boşmy?
– Iki kilo et bilen ýarym kilo mesge bar. Onsoňam sen gelseň iýersiň diýip nahar bişiriň salyp goýupdym. Hä, näme?
– Gyzyňa aýt, holodilnigi boşatsyn. Meniň hamyrturşym zaýalanyp barýar. Häzir maşyn bilen elli kilo iberýän.
Aýaly nämedir bir zatlar diýdi. Eset aga ony diňlejegem bolmady. Ol elli kilogram hamyrturşyny bölüp alyp, maşyn bilen öýüne ugratdy. Holodilnigiň setden aýryp içini ýuwdurdy. Soň ötürip, daşyndan gulplabam sehe dolanyp peldi.
Zaýa bişen çörekden ýaňa konweýer çekisiniň gapdaly üýşmek bolup ýatyrdy. Olardan turşumtykdan ýakymly ys gelýärdi. Aýallar bolsa konweýer bolup gelýän hamyr tokgalarynyň iň soňkularyndan ýörite tagtajyklaryň üstünde hamyr ýasap birneme gyzgyny peselen peje ýapmaga häzir bolup durdular. Peçden goparylýan çörekleri bolsa edil ýagyň içinden gyl gözleýän ýaly, dykgat bilen gözden geçirip konweýere berýärdiler.
Eset aga çörekleri ýene-de jandurmazlyk bilen barlaşdyrdy.
– Ýene-de undan-da – diýip, henizem tolgunmasy aýrylmadyk, munça çörek zer-zaýa bolany üçin eli hamyra barmaýan Nurgözele gelen netijesini aýtdy. – Ýene-de öz unumyzdan ol. Täze alan unumyzyň ählisi şeýle bolsa, işimiz görüldigi. Az-küçem däl, bäş tonna un!
Ol elleriniň derini ak haladynyň synyna çalyp, sklada ugrady.
«Beýdip, nebir çöregi harama döndürip bolmaz-a. Ýok etsinler beýle unlaryny. Kime berseler şoňa bersinler, ýöne men ondan hamyr ýugrup, çörek bişirdip, bu gurbany boldugymyň günäsine galyp bilmerin. Çörek bişirtjek bolsalar, hek ýaly bolup duran ap-ak gum däl-de un bersinler. Bersinler orsediň bugdaýynyň ununy. Öz unumyz diýen bolup. Un bolarmy ondan. Men ministriň ýanyna bir baraýyn. Ununy maňlaýyna dikerin…»
Eset aga sklada ýetmedi.
– Eset Hemraýewiç, çagyrýarlar! – diýip, çörek ýasap oturanmy, ýa konweýer bilen bişen çöregi ýokarky gata çykaryp duran gyzlarmy, biri gygyrdy.
Ol sklada gidiberjegem boldy. Ýöne ýanynda skladyň açarynyň ýokdugy ýadyna düşdi. Barybir ony buhgalteriýadaky stoluň çekerinden alyp gaýtmaly. Şonuň üçin-de yzyna gaýtdy.
– Kim çagyrýar?
– Bir aýal çagyrýar – diýip, gyzlaryň biri aýtdy.
Eset aganyň göwnüne hälki giden maşyna münüp aýaly Nargül daýza geläýen ýaly duýgy geldi. «Aý, aýaldyr-da: «Seniň hamyrturşyň indi çagajyklaryň yrsgalyndan artyk boldumy? Bu yssyda suw goýup, çal goýup, ýeke ýapyşalgamyz-a şol holodilnik, onam turşy hamyrdan doldurjak bolýaň. Ýok et hamyrturşyňy. Bar, nirä goýsaň şoňa goý, ýöne öýe-hä getirmersiň. Öz ýatyp-turanyňam bes, şol ýerde… diýse diýer-dä. Şeýle diýäýende, eýsem näme etjek! Onuň sözi ýalan-a däl, aýdaýanda-da…»
Nähilem bolsa, ol söweşe taýýar bolup, sehden ikinji gata çykdy. Onuň gözi dolmaşdan görmegeý gelne düşdi.
«Toý edýämikä, çörek gerekmikä?» diýip, ol hyýalynda gelniň saljak ýumşuny saldarlajak boldy. ýöne zaýa bolan çörekler, gum ýaly, hözirsiz un, ajap barýan hamyrturşy, öýüne iberilen hamyrmaýa baradaky ynjyly oýlar oňuň «weliligi- niň» ganatyny açyp bilmedi.
«Bolsa-da Nargül-ä däl eken. Aý, Nargül düşüner-le. Meniň ýüregim düzüg däl. Heý, ol pakyr barada beýle oýlar edibermelimi diýsene-e…».
– Gurgunmysyňyz? – Ol öňürtiledi.
– Salam Eset aga, armaweriň!
Eset aga sklada barmanyna gynandy. Ýogsa, näçe halta unuň barlygyny biläýen bolsady, häzir salam-helik, hal-ahwal soraşylýan wagty olary kesip-biçip, ministre aýtmaly sözleri saldarlap görüp, şol undan näçe çörek boljagyky, şu gün näçe unuň harçlanany aňyňda arkaýyn aýlamaga wagt boljakdy. Şony bilip bilmänsoň, häzir onuň kellesi müşdeksiz degirmen deý boş işläp duran ýalydy.
– Aý, bar boluň. – Ol gyssandy.
«Meniň aranymy-armanymy soramaga geldimikä? Çaltyrak habaryny aýdaýsa bolmaýarmyka!» diýip oýlandy. Soňam – Näme ýumuş? – diýip oňaýsyz halda sorady.
Ol gelin saljak ýumşy şeýle möhüm bolup, indem ony birden yglan etmäge çekinýän ýaly, ýaýdandy.
– Eset aga, men mugallym, mekdepden geldim.
– Hawa. – Onuň başyndaky pikirler garym-gatym boldy. «Näme, çagalarym bir bolmaz iş etdimikä?».
– Mekdebimiziň ýolbaşçylary: «Çagalar bilen duşuşyp beriň!» diýip haýyş etdiler.
– Duşuşyk!
– Hawa. Çörek barada gürrüň berseňiz. Özüňiziň at-abraýa ýetişigiňiz barada gürrüň berseňiz. Onsoňam…
Eset aga ýaýdandy. Ministrlik bilen gepleşmelidigi, skladdaky un, pytrap duran çörekler, yssy ýene-de ýadyna düşdi. «Nargül hamyrturşylary gowja edip goýdumyka?» diýibem oýlandy. Özi duýmanam «Ow-wf!» edip goýberdi.
– Haçan?
– Şu gün diýseňizem biz taýýar. – Onuň başy pikirinden öň ýaýkaldy.
– Baý-buw, bu gün-ä bolmaz. Ertir sagat dört nähili?
Mugallym gelin göwünjeň dillendi.
– Gaty gowy.
– Nirä barmaly?
Ol gelin mekdebi salgy berdi. Dörde on minut galanda mekdebiň ýanynda garaşjakdygyny aýtdy. Soňam gitdi.
Peç öçürilipdi.
– Uny çalşyrmasak, çörek bişirip oturanyň haýry ýok. Beýtmek çöregem, halkam äsgermedigmiz bolar.
Nurgözel ussanyň aýdanyny makullap, baş atdy. Ýöne sesini çykarmady.
– On bir müň iki ýüz çörek bişirildi. Sekiz ýüz çöregem – diýip, kömekçi buhgalter habar berdi. – Öýlän üçin zaýawka ýok.
Eset aganyň gaşlary çytyldy.
– Bişirýänimiz şeýle çörek bolsa, zaýawka gelmänjik geçer.
Birinji smenanyň işçileri gaýdyp, ikinji smenanyň çörek bişirijileri sehde seslerini çykarman güýmeň-süýmeň edip ýördi. Olar sehi, peji, hamyr ýugurýan apparaty syryp-süpürýärdiler. Özlerem bu gün iş boljaga meňzemeýär. Ussa haçan «gaýdyberiň» diýerkä diýýän ýaly, gulaklary buhgalteriýa tarapdady.
– Ministr ýokmy? – diýip, ol trubkany gulagyna degirip sorady. –Komandirowkada! Orunbasarlar hem ýokmy? ýygnakda. Şu gün agşammy? Ertir boljak-da ministr!
Ol ynjyly halda trubkany ýerinde goýdy.
«Zawoddan on halta soraýsammykam? Gowy un alsam, çalyşardym, öz-ä».
Ol zawodyň direktoryny ýerinde tapdy.
– Wladimir Petrowiç, dogan, on-on bäş halta un gerek.
Zawodyň direktorynyň sesi tutuş buhgalteriýa syçyrap gitdi.
– Wah, elli halta alsan-a. Biz şol uny başymyzdan aýlap urmaga ýer gözläp ýörüs. Bişiren çöregimiz peçden çykmanka pytrap dur. Sen näme etjek ol uny?
– Meniň başyma-da siziň günüňiz düşüp dur. – Ol zeýrendi. – Nähili un boldygy oň, heý beýle-de bir zat bolarmy?
– Bizem haýran!
Telefon bilen mesele çözüp bolmajagy bellidi. Şonuň üçinem ol hamyr turşy eltip gelen maşyna münüp, elli halta unam ýükläp, Azyk senagat ministrligine bardy.
Ol ýüz halta un alyp gelende howa mazaly garaňkyrapdy. Garawuldan başga sehde adam ýokdy. Şonuň üçin şofýor bilen bile uny düşürdi, ýerleşdirdi.
– Sen ertir ikinji smena geläý – diýip, halys bolan şofýor ýigide dözmezçilik bilen garady. – Är işini bitirdiň, berekella.
Maşyn ugrady. Ol welin öýe gaýdyp bilmedi. Häzir ol un sorap baran gapylaryny sanabam biljek däldi.
«Heý, beýle-de ynsapdan çykma bolarmy? Heý, beýle-de naýynsaplyk bolarmy? Biziň nähili bugdaýymyz bardy? Nähili unumyz bardy. Indem… Indem… Kime dadyňy aýtmaly. Kime arz etmeli? Ministremi? Merkezi komitetemi?»
Ol öýüne ugrady. Ertir üçin un tapany üçin aýaklary ýeňil gopsa, ýüreginiň başyndan daş asylan ýalydy.
Wah, nähili unumyz, nähili bugdaýymyz bardy… Harama çykardylar. Indi öz unuňdan çörek bişirip bolmasa.
Adamlar onuň unuň derdinden ýaňa ap-ak bolan jalbaryna, ýygyrt-ýygyrt köýnegine köpmanyly garap, geçip gidýärdiler.

2.

«Çöregiň gyňagy – gyzyň ýaňagy».
Halk nakyly.

«Haýyş edýän ýalbarýan, ýalbaramok ýazgarýan.
Owradyp taşlama sen bugdaýyň ak nanyny».
Gara Seýitliýew.

«SSSR-de 286 million adamyň her biri 10 gram çörek tygşytlasa, ýurdumyz boýunça 2786 tonna çörek tygşytlanardy».

* * *

Mekdebiň töweregi garasar sürüsi gonan tutluk ýaly. Jagyl-jugul, gyk-da-wak. Çagalar güýz gününiň owadan jok-joklary ýaly, ondan-oňa bökjekleşip, edil bir dillije düwmejikler ýaly, ondan-oňa tigirlenişip ýördüler.
Eset Hemraýew gözlerini ýyldyradyp, çagalara hezil edip garaýardy. Häzir onuň gözlerem, beýnisem dynç alýardy. Çagajyklar onuň gözüniň suwuny alýardy. Sehde bolsa gowy çörek bişip dur. Ýöne ýüregi welin… Ýüregi welin, edil daş asylan ýaly sallanyp durdy.
«Mekdepden çykyp ministriň ýanyna baraýyn. Komandirowkadan gelendir-le! Bularyň komandirowkasy gutaranok. Iş etmeseler bolýar. Men meseläni kim bilen çözmeli. Kime aýdaýyn arzymy. Komandirowkadan bir gelen bolsady…»
– Geldiňizmi? – Mekdep direktorynyň okuw işleri boýunça orunbasary Alma Meredowa, tämiz geýnen, boýny gyzyl galstukly üç-dört sany okuwçy onuň daşyny gallap durdy.
– Geldim. – Ol Alma Meredowany tanady. – Nirä barmaly?
– Bäşinji klasa, ikinji gata çykmaly – diýip orunbasar aýal howlugyp gürledi. – Häzir jaňam bolar. Giriberiň.
Eset aga mekdebi gowy görýärdi. Çöregiň ysy gelip duran sehem gowudy welin, mekdep has gowudy. Çagajyklaryň sesi, onsoňam heniz süýdi goýalyp barýan tümmüliň goýras ysy gelýärdi. Çagalaryň ýüzüni diýsen-e. Hersi bir dünýä, hersi bir syrly älem. Bir klasyň içinde otuz sany dünýä otyr. Mugallymdan bagtly adam barmyka? Şonuňkydan mukaddes hünär barmyka dünýäde.
Alma Meredowa saklandy.
– Giriň, ine şu klasa girmeli.
Klasdan gutabyň hem-de gaýmakly doňdurmanyň ysy gelýärdi.
Eset Hemraýew çagalaryň ýüzüne garady. Olaryň hersiniň ýüzi külçäniň ýüzi ýaly owadandy, özboluşlydy. Ol indi otuz ýyldan bäri çörek bişirýärdi. Şonda-da ýüzi biri-birine meňzeş çörege gabat gelmändi. Her çöregiň aýry ýüzi bar. Çagajyklar hem biri-birinden tapawutly. Hemmesiniň ýüzem, boýam biri-biriniňkä meňzeş däl. Yssy, tämiz, mähriban.
– Oturyň!
Mugallym okuwçylara oturmaga rugsat berdi. Soň olara hormatly myhman barada gürrüň bermäge başlady.
– Respublikamyzyň belli çörek bişirijisi, öz käriniň ussady Eset Hemraýew…
Eset aga hezil edip ýylgyryp otyrdy. Kellesi erkin işleýärdi, gözleri hezil edip dynç alýardy. Ol pikirleriniňem jylawyny ugruna goýberdi.
«Şu gün on haltany bişirsek, ýene-de togsany galýar. Un-a erbet däl. Ilkinji smenada on müň, öýlänem dört müň bişirilse… Wah, düýnki çörek işimizi gördi-dä. Ýene «Çöregiňiz gowy bişenok» diýip hat geler, ýene-de adamlaryň jany ýanýandyr. Janyň ýanmazmy? Il-gün nädip işleýär. «Çörek bol bolsun, gowy çörek bol bolsun» diýip. Il-gün azabyny, maňlaýynyň derini bize ynanýar. Bizem olara palawa derek bulamak hödürlesek nähili bolar. Ministr bir gelsedi…»
Klas el çarpyp başlady.
«Mugallym sözüni gutardy öýdýän…»
– Indi bolsa Eset agamyza söz bereliň. Ol çörek barada öz oý-pikirini aýtsyn.
Eset aga suwa çümen ýaly boldy. Özüň-ä bir zadyň içinde, özüňem ýapyşylgaňam ýok, oý-pikiriňem ýok. Dünýäde ýeke-täk arzuwyň, şol pursadyň çaltyrak gutarary. Ol özüni olaryň içine urdy.
– Ilki bilen çagajyklar, salam. –Ana, boldy. Gaýta-gaýta-da bir salam bolarmy, Eset – Siz salamly boluň, bormy. Salam hem edil çörek ýaly mukaddesdir. Ol «mukaddes» sözüniň agzyna gelşine haýran galdy. «Soň-a birneme düzeläýjek ýaly» diýip oýlandy. – Hawa, mukaddes. Salam gadymymy, çörek gadymy, ony entek bilýän ýok…
Çagajyklar heziller edip diňleýärdiler. Şonuň üçin şu wagt esasy pikirini aýdasy geldi.
– Men indi otuz ýyl bäri çörek bişirip ýörün. Bir zat bardyr, çagalar. Çöregem ene ýalydyr. Eger eneňizi göresiňiz gelse, müň aýal size hoş söz aýdybersin, hiç ýüregiňiz kanagatlanmaz. Ajygan wagtyňyz morožnyý, pirožnyý diýen ýaly zadyň ýüz görnüşini iýseňizem, garnyňyz, gözüňiz doýmaz.
Bir oglanjyk ýylgyrdy. Ýaşuly hem ýylgyrdy.
– Hä, «şu wagt morožnyý ýa pirožnyý bolaýsa-dy çörek sorajak däl» diýjekmi?..
– Hä, morožnyý bolaýsa-dy – diýşip, oglanlar günüň gaýdýan çagyndaky jöwzaly yssysyndan ýaňa ýuwdunyşyp aýtdylar.
– Çagalar, ýuwaş, hany Eset agany diňläliň. – Mugallymyň sesi çagalary köşeşdirdi. «Hä, ýene-de gowja sözler tapyp bolaýsady» – diýip, ol ýaňky sözleriniň uçlybyny gözläp oýlandy. Ahyry tapdy.
– Çöregiň, köşekler, eneden hem artykmaç ýeri bardyr, enelerem çöreksiz oňup bilmeýärler, hawa. Olaryň balalaryna-da çörek bolmasa ömür ýok, hawa.
Klas dym-dyrslyk boldy.
– Şonuň üçin, köşekler, eneler çöregi özlerindenem artyk görüpdirler. Öňki zamanda elinde halallyk üçin kümüş ýüzügi bolmasa, aýallara çörek bişirtmändirler.
– Garyplarammy? – diýip, klasyň ikinji hataryndaky partasyndan saçy buýra-buýra duranja oglan gygyrdy.
– Garyplaram. Olar dakynmaga altyn-kümüş şaýyny tapmasalaram, halallyk üçin kümüş ýüzük tapypdyrlar. Ine, şolam olaryň çörege bolan hormatynyň başy bolupdyr.
Çöregi hemişe obanyň iň päkize, iň ynsaply garryja adamyna ilkinji döwdüripdirler. Hawa.
Başga bir oglanjyk elini galdyrdy.
– Meniň garryja atam bar. Şolam şeýle. Çöregi iki eli bilen alyp, onsoň «bismilla» diýip döwýär. Şondan soň kakam dagy alýar.
– Haý, berekella!
– Indi «bismilla» diýenoklar-ow. Öň diýilipdir, hä.
– Öň «bismillä» diýmän çöregi ogşap, soň döwüpdirler-ow.
– Haý, berekella. Ine bardyň üstünden. Öň zamanda çöregi ogşap, onsoň iki elleri bilen döwüp, edil bal ýaly edip iýipdirler.
Ýaşulynyň ýüregi jaýlaşdy. Indi ministrlik, hamyrturşy meselesem oňa birneme ýumşaksy göründi. Onuň aňyna täze-täze pikirler gelip başlady.
Alma Meredowna özüniň iş edinip ýazyp goýan atalar sözli we beýleki plakatyny asyşdyryp goýdy. Tagtany süpürdi. Sumkasyny açyp, magazinden satyn alan bulkalaryňy, prýanikdir kökelerini, tegelek, güberçek, külçe, kerpiç, süýri çöreklerini çykaryşdyrdy.
Eset aga konditer önümleri bişirilýän sehe giren ýaly, lezetli ys aldy. «Wah, çal kelläň bar bolsun!» «Öz bişiren çöregimden» diýip iki sanjak çörek alyp gaýdybermeli ekenim. Wah, oňarmandyryn.
Mugallym iki sany oglana gözüni ümledi. Olar klasdan çykdylar.
– Indi, Eset agamyz birneme demini dürseýänçä, geliň Jumaýew Amandurdy Mätäjiniň «Bugdaý» diýen goşgusyny aýtdyralyň.
Orta gürpden galan oglanjyk Mätäjiň goşgusyny ýatdan azm bilen okap başlady.
«Wah,
Kim nan tapmaz iýmäge,
Kem ýer tapmaz goýmaga,
Kim tirme-şaly gözlär –
– diýip, Magtymguly agamyzdan başlamal-a…»
– Indi kim plakata ýazylandan başga atalar sözüni aýtjak.
Ak kagyza on bäş sany nakyl ýazylgydy. Okuwçylar ýerli-ýerden ellerini galdyrdylar. Alma Meredowa okuwçylara söz berdi.
– Orazow!
– «Aşyny aýan aşa ýeter, donuny aýan toýa».
– Berekella. Gylyjow sen aýt.
– «Saçak doly çörek, men iýmäge çörek ýok».
– Berekella. Bekiýew hany senem aýt,
– Ýere urdum paltany,
Agzy gyzyl haltany
Ýerden bir oglan çykdy,
Uly iliň soltany…
Bugdaý…»
– Berekella.
– Mollum, ol nakyl däl, matal-a.
– Hawa-laý, Bekiýew hemişe iliň tersine. – Mugallym okuwçylary köşeşdirdi.
– Indi kim çörek barada halkyň paýhasyna öwrülip giden rowaýat aýdyp berjek.
Garajürjenje oglan elini galdyrdy.
– Ýedinazar, hany sen aýt.
Ýedinazar Eset aga garady-da burnuny çekdi. Moroženoýeni köpräk neni üçin onuň burny maňňyldap durdy.
– Bol-ow, «Maňňyş!» diýip yzdan kimdir biri ony gyssady. – Morožnyny azyrak iýerler.
Ýedinazar öňe çykdy.
– Şu bar-a mollum, öň bir garyp çopan bar eken.
– Hawa – diýip, Alma Meredowa oňa hemaýat berip başlady.
– Onsoňam onuň ogly bar eken.
– Hawa.
– Onsoň çopan bir güň goýnuny böldüripdir. Olam galan goýnuny sürüp oba getirýär.
– Hawa.
– Onsoň, çopan gaty ýaman ýadapdyr. Onsoň bar-a, olam ogluna diýipdir, – Oglum – diýipdir – Sen– diýipdir, bölünen goýny tapyp getir diýipdir. Onsoň oglam: «Bor» – diýipdir. Onsoň ogly atyna münüp gitjek bolupdyr.
– Garybyňam aty bolarmaý, eý «maňňyş» – diýip yzda oturan oglanlaryň biri Ýedinazary gižželedi.
– Özüniňki däl-ow, baýyňky.
– Şeý diýd-ä.
– Ýuwaş, aýdyber, Ýedinazar – diýip, mugallym gözüni alartdy.
Ýedinazar burnuny ýumrugyna çalyp ýene-de dowam etdi.
– Onsoň atyna münüp gitjek bolýar. Garyp çopanyňam azajyk çöregi bar eken. Onsoň, ol näme etjegini bilmän: «Oglum – diýýär – Men seniň horjunyňa şu ýarty çöregi salýan – diýýär. – Sen çölde çöregiňi diňe bal bolanda iýgin – diýýär.
Garybyň ogly kakasyna «bor» diýip gidiberýär, gidiberýär. Görse bölünen goýunlar ýok diýýär. Bu gün gözleýär, ertir gözleýär. Tapanok. Onsoň ajygýar. Çöregini iýjek bolanda kakasynyň sözi ýadyna düşüp, ondan barmak ýaljak iýip görýär diýýär. Görse çörek ýöne, çörek diýýär. Onsoň ol ýene bir gün gözleýär. Görse goýunlary otluk ýerde bir sowuk suwly çeşmäniň ýanynda otlap ýör diýýär.
– Mollum, ol erteki aýdýar-laý.
– Hany, diňläliň – diýip, mugallym okuwçylary ýene-de köşeşdirdi – Aýdyber.
Ýedinazar ýene-de obraza girdi.
– Onsoň çopanyň ogly goýnuny tapanyna begenip, özüniň ýadandygyny, ajygandygyny bilip, çöregi ýadyna düşüpdir. Horjunyndan çöregini çykaryp, iýip, görse, bir süýji eken, bir süýji eken. Onsoň ol oglan kakasynyň: «Çöregi azap çekip, ajygyp, ajygyp iýgin. Şonda ol bal bolar» diýenine düşünip galypdyr. Onsoň ol uly baý bolupdyr.
– Mugallymyň aýdanyny gaýtalaýar-laý – diýip iň yzda oturan ekabyrja oglan aýtdy.
– Ýok-how, ejem aýdyp berd-ow. – Ýedinazar özüni aklady.
–Ýazberdiýew, hany sen bize mugallymyň aýtmadyk rowaýatyny bir aýdyp ber.
– Näme aýtman – diýip, Ýazberdiýew ýerinden dogumlyja turdy. – Öň biri düýeli barýan eken. Özem gije eken. Onsoň ol ajygyp, düýäniň üstünde çörek iýipdir. Şonda çöregiň kiçijik bölegi ýere gaçypdyr. Onsoň ol düýesinden düşüp çöregiň bölegini gözlän. Emma tapmandyr. Ol adamam çöregiň gaçan ýeriniň gumuny bir ýere üýşürip, oňa-da taýagyny dürtüp gidenmiş. Ertir gelse, taýagy altyna öwrülipdir. Onsoň ol çöregi harlamany üçin baý bolupdyr…
Eset aga ýylgyrdy.
– Haý, berekella – diýip goýberdi. Soň sagadyna seretdi. Sagat bäşe golaýlap ýördi. «Aý, indi ministriň ýany diýip ýörmäýin. Onuňam bir başy, müň işi bardyr. Bary bilen oňşuk edibereýin-le, bolmasa…».
Ol ýerinden turdy.
– Okuwçylar, çörek näme üçin şirin, çörek näme üçin mukaddes? Kim aýtjak?
Eller ýokary göterildi.
– Sen aýt – diýip, onuň özi hälki dogumlyja oglana barmagyny çommaltdy.
– Çörekde adam organizmi üçin ähli zerur maddalar bar. Çörek iýse adamyň organizmi maddalardan doýýar.
– Ýok-how, çöregiň düzüminde belok, krahmal köp…
– Baý bildiň-ow, çöregiň düzüminde glýukoza bar. Ol ganyň sostawyny baýlaşdyrýar. Çörek iýseň ganyň güýçlenýär. Adam doýan ýaly bolýar.
Ol elini göterdi.
– Bilmediňiz.
Okuwçylar oňa haýran galdylar. Alma Meredowanyň özem bu adamyň çürt-kesik sözüne aňkarylyp galdy.
– Çörekde, köşekler, adamlaryň ruhy bar. Hawa, ýer ýüzünde ýaşaýan adamlar garraýar, ölýär. Uruşlar bolýar, adamlar ölýär. Ölenleri toprakda jaýlaýarlar. Topragam şol adamlaryň ruhuny, mährini özüne sorup alýar. Ekinleň içinde bugdaý şol mähri özüne iň köp çekýäni. Görseň, onuň dänesem edil ýürek ýalydyr. Şol ýüregem durşuna mähirdir. Iýseň ýüregiňi tutar. Ýaňy aýtdym-a, «ýüz nahar iý, garnyň doýmaz. Çöregiň el ýalyjagyny iý, garnyňa gunt düşen ýaly bolaýar» diýip. Ine, ata-babalarymyz şoňa düşünip, çöregi mukaddes saýypdyrlar. Şonuň üçin oňa tagzym edipdirler.
Hälki giden iki oglanyň biri bir uly alýumin çäýnekli, beýlekisem mejimäniň üstüni stakandan dolduryp geldi.
– Haý, berekella. Geliň indi, çaýyň başynda gürrüň edeliň.
Alma Meredowna stoluň üstündäki kökedir bublikleri, ýumşajyk çöregi çagalara deňje-derman bölüp berdi. Oglanlaryň biri stakanlary goýuşdyrdy. Beýlekisi çaý guýdy.
Eset aga-da bir köke bilen bir stakan çaý içdi welin süňňi ýumşan ýaly bolaýdy.
– Indi bolsa men size bir rowaýat aýdyp bereýin – diýip, Alma Meredowna çaý bilen çöregi keýp edip iýip oturan klasa garady. – Öň zamanda alkyş adam eşigine girip jahana aýlanypdyr. Onuň ýoly bag ekip ýören gojanyň üstünden barypdyr. Salamlaşyp, ondan näme iş edýänini sorapdyr. Ol goja «Il-gün hözirini görsün» diýip bag ekýän» diýipdir. Alkyş begenip: «Ylahym, ýüz ýaşa!» diýipdir. Soň gidiberipdir. Öňünden bina gurup ýören adam çykypdyr. Onuň soragyna bu adam hem: «Nesiller döwran sürsün diýip ymarat gurýan» diýipdir. Ol hem: «Ylahym, müň ýaşa» diýip ýene gidiberipdir. Ýene-de öňünden ýer sürüp ýören adam çykýar. Alkyş oňa: «Näme ekýäň?» diýen «Aý, bugdaý ekýän». «Bugdaýdan un bolýar! «Undan neme bolýar?», «Ony kilwandan sora!» Alkyş kilwanyň ýanyna barýar. Kilwan ony çörek bişirýän aýalyň ýanyna eltýär. Barsalar bir türkmen aýaly çörek bişirip otyrmyşyn. Ol aýal tamdyrdan ýaňy çykan çörekden alkyşa hödür edýär. Alkyş hem çöregi dadypdyr-da: «Ylahym, ölmäsiňiz-dä» diýipdir, soňam çörege siňip gidipdir. Ine, çagalar, şondan bärem bag eken ýüz, bina guran mün ýyl ýaşaýandyr. Çörek edýän, bugdaý ekýän adamlar bolsa ölmän, baky ýaşap ýörler…
– Haý, berekella – diýip, Eset aga haýran galyp klasa garady.
– Siziň özüňize sorag bermek bolýarmy? – diýip, penjiräniň öňünde oturan owadandan mähirlije oglanjyk Eset agadan sorady.
– Bolar, bolar diýip, «indi bir çaý guýaýmasynlar» diýip stakanyny düňderip goýan ýaşuly aýtdy.
– Aýt, Röwşen – diýip, mugallym hem okuwça rugsat berdi.
– Meniň enem tamdyra çörek bişirýär.
– Hawa.
– Şonuň bişiren çöreginden ýekeje bölejigem gaçanogam, dökülenogam, zaýa-da bolanok. Siziň bişiren çöregiňiz ýöne dökülip dur. Gyralary ýanyk-ýanyk.
Eset aga başyny ýaýkady.
– Ors çörekler keseniňde dökülýär. Ýöne biziň bişiren çöregimiz gowudyr.
Röwşeniň batyr, dogumly, yzly-yzyna suňşurýan sözi Eset agany aljyratdy. Ol söz tapman öz bişiren çöregini öwdi: «Illerem öwýär-ä» diýibem gelşiksiz oýlandy.
– Köçede-de, mekdebiň penjiresinde-de çörek galyndylary çaşyp ýatyr. Şonuň arasynda siziň çöregiňiziňem galyndysy bar. Emma tamdyr çöreginiň zyňylanyny-a görmersiňiz.
Eset aga ellerini owkalady. Soň düňderilgi stakany oýnady. Röwşene jogap berjek boldy. Röwşen partanyň aşagyna egildi. Soň akja ýaglyga dolangy düwünçegi getirip, häli süýji tagamlar duran ýerde açdy.
– Ine, diňe şu gün çöplän çörek ownuklarym…
Oglanlaryň ýüzi gyzyp gitdi. Partanyň üstünde dürli-dürli çörek bölejikleri gyzyl-ýaýyrt bolup ýatyr.
Eset aga bir ýere girmedi. Şol ownuk-uşaklaryň arasynda onuň öz sehinde bişen çöreklerem bardy. Ýöne tamdyr çöreginiň taşlanan bölegine welin gözi düşmedi. Has çökder ýeri, düýnki çörekdenem el ýalysy gatap ýatyrdy.
– Sen olary näme üçin ýygnadyň? – diýip, mugallym Röwşeniň bolşuny halaman sorady.
Röwşen çörekli düwünçegini daňyşdyryp durşuna ýuwaşja gürledi.
– Men bir ýygnap alyp gideýin. Öýde mal bar, towuk bar. Diňe men däl, doganlarym hem şunçarak getirýär.
Eset aganyň ýüzi ýerden galmady. Ol sagadyna seretdi. Soň çörek bişirişi barada gürrüň berdi. Şondanam göni ministrlige gitdi.
«Olaryň öňünde akylam satan bolýan-a. Ine, saňa gerek bolsa pelsepe. «Çörek eneden artyk bolýan bolsa, çörek ölen-ýitenleň ruhy bolýan bolsa, sen näme üçin çöregi harlaýaň Eset.
Sen näme üçin çöregi hary-zar edýäň. Neresse çaga diýjeksiň. Şol düşünýär gury sözüň aşyga alynmaýanyna. Bütin işiň, ömrüň, abraýyň partanyň üstünde, gumdan çöplenilen çörek bölekleri ýaly, seniň. Ýene-de ili günäkärleýärler çöregi harlýarlar diýip. Düýnki bişiren çöregiňi adamlar getirip seniň garaklaryňa basaýanoklar. Indi bütin ömrüňe halk üçin çörek bişiren sen abraýlymy ýa-da guma garylan çörek böleklerini maly üçin ýygnan ýumruk ýaly oglan abraýlymy? Men ministrinem, beýlekisinem bilmen. Meni halkyň öňünde ýüzügara etmesinler. Meniň çemçe bilen gazanan abraýymy ýüzüme serpmesinler…»

3.

«Bugdaý unuň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy»
Nakyl.
«Açda algyň, bege bergiň bolmasyn»
Magtymguly.

«Diňe güýçli bugdaýyň unundan juda gowy çörek bişirip bolýar. Sebäbi şeýle bugdaýyň uny suwy köp alýar, hamyry uzak wagtlap alyşýar. Çöregi bolsa gowşak sortly bugdaýyňka garanda berk we durumly bolýar».

* * *

Ministr ony keýpi kök garşylady.
– Geçdi, indi SSSR Azyk senagat ministri gol çekse, gutardy. Goýnuň bilen arak-şerabyňy taýýarlaber. Uly toý tutmaly bolarsyň. Onsoň Sosialistik Zähmetiň Gahrymany – Eset Hemra!
Eset Hemraýewiň ýüzi hamyrturşysy oňmadyk çörek ýaly, açylmady. Mekdepde döräp, ýolda-da bokurdagyna gelen gahary häzir ony bogýardy.
– Wah, seniň goýnuň, abraýyňam bar bolsun, üstesine menem bar bolaýyn, ministr.
–Weý, näme boldy? Planyň artygy bilen dolýar. Abraýyň gowy. Onuň üstesine hökümet, partiýa-da seniň abraýyňa çapyp, saňa gahrymanyň Altyn ýyldyzyny bermeli diýip dur.
Eset Hemra penjireden daşary garady. Köçeden maşynlar eýläk-beýläk geçip dur, geçip dur. Ministriň seh ýaly, giň, arassa, salkyn kabinetindäki kondisionerler tyr-tyr edip işläp dur, işläp dur. Ýöne bu zatlar hem onuň gazabyny köşeşdirip, ünsüni başga ýere çeker ýaly däldi.
– Düýn iki müň sany çöregimiz çala tenenden tamdyrdan düşdi. Ýene-de müňüsi iýer ýaly dol. Ýene-de…
– Gowy-da, ýaňy maňa kwas sehinnň naçalnigi «çörek berenoklar, kwas edip bilemizok» diýip arz etdi. Beriň şolara, üstesine taňry ýalkasynam aýtsynlar. 
Eset aga başyny ynjyly ýaýkady.
– Gep kwasa ýa mala berilende däl. Gep çöregiň hilinde.
– Aý, Eset Hemraýewiç, dünýäni gapyşdyr-maý. Önümçilik onça-munça galyndysyz bolmaz. Sen ýagyny depäňdän guýma-da işläber.
Eset aga özüni dürsedi.
– Men seniň ýanyňa derdimi aýtmak üçin gelemok, ministr. Men bir mesele bilen geldim.
Ministr ýylgyrdy.
– Bilýän, bilýän. Şeý diý-de gönüläýsen-e. Müň gepiň başyny aýladyň.
Ol stoluň çekeriniň gapdalyndaky garaja knopkany basdy. Içeri ýüzi ýadawlykdanmy, garaşmakdanmy, agaryp giden ýigit girdi.
– Sergeý, Eset Hemraýewe haçan «Wolga» bermeli etdiňiz?
– Dördünji kwartalda.
– Bolýar, gidiber – Ministriň kömekçisi çykyp gitdi. Ol özüni has erkin duýdy. «Wolgaňy» mündüm hasap ediber. Biz seniň gadryňy bilýändiris.
Bu gürrüňleriň arasynda ýaňky neresse çagalaryň ýoklugyna Eset aga begendi. «Olar bolsa «bişirýän çöregiň şol welin, indi «Wolga-da» münjekmi?» diýmäge-de ýaltanmazdylar. Sen meni masgara etjek bolýaňmy, gardaş. Meniň dünýäde bir bilýänim-ä şu çörek. Iliň toýuna baryp bilemok, halka çörek ýetişdirjek bolup, iliň ýasyna baryp bilemok, halka çörek ýetişdirjek bolup. «Aý, çöregiň her öýe, toýa barýar-a, şolam bes» diýseler ynanyp. Indi men şu ýekeje guwanjymam göwnümiň, ýüregimiň tersine gidip bişireýinmi?..»
Ministr işigiň agzynda duran elektron sagadyň ýaşyl, bir öçüp, bir ýanyp duran gözlerine garap, kagyzlaryny ýygnap başlady.
«Bagty gelen adam. Ertir irden öýünden örüp, maşyn bilen öýünden gelýär, agşamam işinden maşynlyja öýüne gaýdýar. Seniň çöregiň, unuň munuň ne azaryna. Plan dolýar, işi gidip otyr. Deputatlygy, aýlygy ýöräp dur…»
– Ertir çagalar bilen Kislowodskä dynç almaga uçýas. Häzir bazara barmaly. Ugrumyz bir bols-a taşlaýyn. Bazarlap gidäý ýa-da.
Eset Hemra «Şunuň ýaly kabinetiň barka, bar edýän işiňem geleni söz bilen gaýtarmak bolsa, kurorta gitmäniň ne hajaty bar» diýjek boldy. Emma başarman özüne igendi. «Ömür başararmyň? Sen aýalyňa sözüňi düşündirseň razy bolsana, Eset».
Ol bu pikirini daşyna çykaraýaryndan gorkup, ministriň ýüzüne seretdi: «Zat aňmawersin hernä…»
– Gitseň, sag-aman gidip gel. Dynç almagam gerek. Yssam heläk edýändir. Siziň işiňizem agyr.
Ministr gaşlaryny çytyp, gyzyl ýüzüni, bürük gaşlaryny aýasy bilen syldy.
– Iş halys edýär. Yssam onuň üstesine.
– Men sizden bir zat haýyş edeýin, ýoldaş ministr.
– O nä haýyş?
– Ilki bir azajyk oturaly. Men dik duran ýerimde gepimi düşündirip bilmerin.
Telefoň jyňňyrdady.
– Näme, keýwany. Bor. ýadymdan çykaramok. Ine, gaýtjak bolup durkam gelseler nädeýin. Bäş minutdan bar. – Ol trubkany ýerinde goýdy. – Aý, keýwany, kabinetiňde ýatma hyýalyň barmy?» diýýä. Baý dili duzl-ow şu heleýleriň. Hawa, oturdym, aýdyber.
Eset Hemranyň ýüzi lap-lap ýandy. Gyzgyn sehde, näçe ýüz gradus yssy peçde beýle-beýle zady görmedik işçi haýran galmak bilen derlän aýasy bilen ýüzüni çaldy.
«Ýa aýtman gaýdybersemmikäm?» Ol böwrüni diňläp, bir salym durdy. Şol wagtam Röwşenjigiň ýanyp duran gözleri, tibirdäp duran dodajyklary, stoluň üstünde gyzyl ýaýyrt bolup ýatak çörek bölekleri göz öňünde mese-mälim görnüp gitdi. Mundan artyk saklanmaga onuň ynsaby çatmady.
–Ýoldaş ministr, siz uly kollektiwiň baştutany, adyňyz bar, abraýyňyz bar, indi bir zada güýjüňiz ýetenokmy?
Özüniň juda howlukmaçdygyny, gyssanýandygyny aýtjak bolup, agzy syrmalyja portfelini stoluň üstüne çykaryp goýan ministr agyr gabaklaryny turşadyp göterdi.
– O nämäniň zady?
– Şu gowaça, bag-bakjalara däri-derman köp sepile-sepile suwumyza-da, ýerimize-de zäher ornap gitdi. Indi gowaçan-a goýaly, jan agam, bugdaý dänesiniň deň ýary zäher. Şol zäher hamyrturşyny kesýär. Çöregimizi çörege meňzedip bilemizok. Çörek diýilen zat bir günlük zat däl-ä. Şu gün her dänäniň ýaryna zäher ornasa, ertir baryna ornar. Çörek diýmek adamyň gany ahyryn.
– Onsoň, men bu ikarada näme mesede çözmeli?
Eset aga gözlerini ligirdetdi.
– Näme mesele çözjek. Degişli ýerine baryp: «Eset Hemra diýen bir çörek bişirýän bar. Şol gowaça sepýän dermanyňyzy azaldyň diýip haýyş edýär» diý, heý bolmanynda, bolmasa-da nirä barmalysyny bir aýt. Özüm düýnki çala tenip gaçan çöreklerimi alp baraýyn. Ýöne rugsat berseň bolýar.
Ministr jaýlaşykly oturdy. Edil. şol wagtam syrdamdan owadan gelin ýylgyrjyklap, uýaljyrap işikden girdi.
– Meret Berdiýewiç, sizi ugradaly diýip gelinler çaý taýýarladylar. Häliden bäri garaşyp otyrlar…
Owadan gelin sözüni soňlara mähetdel telefon jyňňyrdady.
– Alo, hä, keýwany, senmi? Çykyp barýarkam Merkezi Komitetden adam geldi. Ýanynda moskwaly myhmanlar bar, öz ugrumyzdan. Sen ýarym sagat gaýrat et-de aýlaň-çaýlaň et bazarda, barýan menem.
Ministr gelni hoşamaý sözler bilen ugratdy.
– Men saňa bir zat diýeýin, Eset. Sen «öwülen oglan – pylan» etme. Seniň derman bilen, zäher bilen näme işiň bar. Partiýa, hökümet pagta diýip nädip ýör. Dermansyz pagta bolýamy? Sen indi özüňi ekläniň sakgalyndan tutan boljak bolýaňmy? Haý, senem gutaran-ow. Kim saňa beýtdirjek. Bar, öz işiň bilen bol. Wessalam, gep gutardy.
Eset aganyň ýüzüne tamdyryň howry urdy.
– Onda maňa çörek bişir diýip öz respublikamyzyň bugdaýynyň ununy bermäň. Ol unuňyz meni halkyň öňünde ýüňsakgal edýär, çeken azabymam üstesine.
Ministr işigiň agzynda duran ýerinden açaryny şykyrdatdy.
– Bu meselänem git-de zawodyň direktory bilen çözüber. Onsuzam, bir zady bil. Azapsyz rehnet nirede bar, gidiň şol ýere.
Eset aga ýüzüne tüýkürilen ýaly bolup öýüne gaýtdy. Häzir onuň aýaklary ädilmejek bolýardy. Beýnisem, ýüregem diňe ýekeje zadyň, masgaraçylygyň, namysyň azabyny çekýärdi.
«Maşynynam, gahrymanlygynam nireleri gowuz bolsa, şoňa dyksynlar. Ertir arzamy berip, birinji çörek zawodyna ýönekeý işçi bolup geçeýin. Oňa almasalar, gurluşyg-a alarlar. Ýok, göni Gapurowyň ýanyna baraýyn, ýagdaýy aýdaýyn».
Ertesi ol TKP Merkezi Komitetiniň birinji sekretarynyň ýanyna bardy. Respublikanyň ösümliklerine sepilýän däri-dermany azaltmaga wada alyp bilmese-de, respublikanyň bugdaýynyň unundan öz sehine iberilmezligine wada aldy.
Ýöne bu gürrüňi beýle goýmaga onuň bogny ysanokdy. Ýöne nätsin. Şu respublikada ýanyna baran adamyndan ýokary adam ýok. Oňa-da gepi şartyldadyp aýtmasa-da sypaýçylyk bilen-ä aýtdy. Indi kime arzyny aýtsyn. Indi kime dadyny ýetirsin.

4.

«Çöregiň bitin eken»
Halk ynanjy.

«Gelen aş diýip gelmez, turşatmagyn ýüz,
Nana mätäç däldir, söze myhmandyr»
Magtymguly.

«Her bir maşgalada diňe ýekeje günde 100 gram çöregiň zaýalanmagy tutuş ýurdumyz boýunça iki million tonna dänäniň ýitirilmegine barabardyr».

* * *

– Eset, tur, gitmeli wagtyň boldy, Eset!
Nargül daýza adamsynyň bolşuna haýran galdy. Ol sagat iki bolmanka turýandyr welin, bu gün üçüň ýary bolup ýör, ol onda-da ýatyr.
– Ýaramajak bolýan – diýip, Eset aga beýlesine öwrülmekçi boldy. Ýöne endam-jany döwlüp baransoň şol durşuna ýatanyny kem görmedi.
– Ministrem bar bolsun, kabinetem. Yssydan surnugyp, derläp onuň buz ýaly jaýyna girsem näme. Merkimi beripdir. Özleri nädip oturýar, onuň içinde.
Ol birsalym böwrüni diňläp ýatdy. «Bä, Nurgözel gelermikä işe? Peji ýakdylarmyka? Un ýetermikä, açaram-a meniň ýanym-da. Hamyrturşy ýetermikä ikinji, smena. Aý, ýok, ýetmez. Onsoň uly holodilnigi açjak bolup ýörseler. Men barmasam boljak däl…»
Ol hykylap-çokulap zordan ýerinden turdy.
– Nargül, hamyrturşynyň ýene-de bäş tokgasyny oňatja edip dola. Men gideýin, açar mende galypdyr.
Nargül daýza demlije çaýy adamsynyň öňünde goýdy. Ýuwunyp gelen ýaşulynyň hykgyldysy çalarak çykýardy.
– Bolmasa işiňi ýola salyp gaýdyber. – Aýalynyň teklibi oňa hoş ýakdy.
– Şeýdäýmesem, ýerimden galara ragbatym ýok. Endam-janym kül-owram. Sen meniň düşegimi ýygnama.
Dogrudan hem Eset aganyň ýagdaýy gaty erbetdi. Onuň ýüzi çyranyň yşygyna sary erigiňki ýaly suýalyp barýana meňzedi. Nargül daýza gorkmanam durmady. Ol adamsy bilen ýaşan ýigrimi bäş ýylynyň içinde beýle zady ýekeje saparam gören däldir.
Bu adam iş üçin ýaradylan diýlenidi. Gijesi-gündizi ýokdy. Gelin bolup ýetim oglanyň öýüne düşüp, Dänewden Aşgabada gelenlerinde ol Esediň bolşuna haýranlar galypdy.
Asyl, öý diýer ýaly onuň öýi bir barmydy. Öň onuň öýem, obasam birinji çörek zawodynyň sehi bolsa nätjek. Öýlenensoň oňa ýekeje otaglyja jaý berdiler, Ýatakhanadan düşek, krowat, ýassyk, odeýal berdiler. Çäýnek-käsedir saçagy-da kollektiwi getiripdi.
Nargül daýza çagajyklary ulalyp, mekdebe gatnap ugransoň olardan «polkuň ogly» diýen bir sözi eşitdi. Şonda adamsy güpbe ýadyna düşdi. «Zawodyň ogly», «çörek zawodynyň ogly» diýseň şaplaşyp durdy, oňa.
«Onuň zawodda hormat-a bar eken!» Ine, onuň öz adamsy barada ilkinji gelen netijesi şu bolupdy. Abraý, hormat ýöne ýere berilýärmi näme. Şeýdip işläp ýörşüne oňa TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat hatyny beripdiler.
Eset Hemranyň ganatlary şondan soň hasam açylypdy. Ol diňe bir özüniň ýolbaşçylyk edýän komsomol-ýaşlar brigadasynyň däl, tutuş zawodyň beýleki sehlerine hem gidip işläp ýör. Bir gün-ä Nargül ýarylmaly bolupdy. Ol owadandy, ýaşdy, näzikdi. Esediňem men diýen wagtydy. Bir gün adamsy bilen işden soň teatra gitmegi maslahatlaşypdylar.
Sagat alty boldy, Eset ýok. Sagat ýedi boldy, Eset ýok. Teatryň wagty bireýýäm geçdi diýseň, nahar hem bireýýäm buza döndi. Gije sagat bir boldy, Eset ýok. Sagat alty boldy. Onsoň onuň öýkesiniň ornuny alada, soňam gorky gaplap aldy.
Adamlar işikden: «Eset-hä şeýle bolaýdy» diýip giräýjek ýaly boldy durdy.
Aglady, eňredi. Gapa çykdy, öýe girdi. Onda-da çydam etdi. Ýöne ondan artyk saklanyp bilmedi. Zawoda bardy. Esedi tapdy. Gördi-de haýran galdy. Saç-sakaly ösgün, ýüzi-gözi mürşüp duran adam köneje güpbüsini egnine geýip, aldygna kerpiç daşap, suwag çekip ýör.
– Aý oglan, bolup ýörşüň näme?
– Aý, sen sorama. Düýn ertir peç bozuldy. Şony bejertmesem planymy ot alýar.
– Öýe barmadyň-a. Çaý-çörek bir iýdiňmi?
– Çaý-çörek, öý seniň ýadyňa düşýär. Görýäň-ä pejiň bolup ýatyşyny. Halka çörek bermeli. Iki günüň planam onuň üstesine…
Nargül sesini çykarman öýe gaýdypdy. Ýöne gijäniň bir wagty sütüni süýnüp öýe gelen adamsynyň üstünden çabga bolup dökülipdi. Onam etjek däldi welin, ol aňyrdan «Boldy, peç işläp başlady!» diýip gelipdi. «Seniň ýagdaýyň nähili, senem gynanansyň, aý iş-dä diýse boljagam welin…»
– Han-a zawodyň, hana-da öýüň. Saňa şol zawod bolsa bolany. Men agyraýak halyma seniň derdiňi çekere halym ýok. Öz derdim özüme ýetik. Gitjek oba…
Soň-a ol birneme öýe üns berip başlapdy. Bolmasa boljagam däldi. Ilki Jemile bolupdy. Onuň yzbassyry Nartäç boldy, Kemaljan dünýä indi.
Atajan dünýä inensoň-a onuň bagt ýyldyzy hasam şöhle saçdy. Atajan üç ýaşanda oňa Zähmet Gyzyl Baýdak ordenini berdiler. Atajan ikinji klasa geçende Lenin ordenini berdiler. Bu wagtam iliň dilinde ady. Duşenbede «Duşenbe çörek» birleşiginde Iliç Nurowa öz sehinde Eset Hemra adyndaky baýrak döredipdir. Özüni telim gaýta şol ýere çagyrdylar.
– Azap çekip bildi, indi hözirinem görmek nesip etsin-dä – diýip, Nartäç daýza adamsynyň otagyny ýelejiretdi, düşegini täzeden ýazdy. Jemiläni medinstituta, Nartäji medisina uçilişesine okuwlaryna ugratdy. Kemaljan bilen Atajan öýlän okanlary üçin olary oýarmaga dözmedi. Nahar atardy. Içerini syrdy-süpürdi.
Nargül daýza Eset Hemrany eger bir häsiýeti üçin söýmeli bolsa, dözümsizligi, adamçylygy üçin halaýardy.
Atajan doglanda:
– Gel, oglumyza seniň kakaň adyny dakaly – diýende, Nargül daýzanyň gözlerinden hünjüler paýrapdy.
Onuň kakasy ir ýogalypdy. Onuň adyny ogluna dakar ýaly erkek dogany hem ýokdy. Özüniňem bir artykmaç ogly ýokdy. Öz ýanyňdan: «Oglum bolsa kakam janyň adyny…» diýip pynhan-pynhan oýlansa-da, oýuny ýekeje saparam daşyna çykarmandy. Adamsy onuň ýüregini duýan eken. Şonuň üçin Atajan onuň abraýynyň başy boldy. Bu ýylam Atajan on dördüne gitdi.
Sagat on boldy. Naharyň tagamly ysy içerini gaplap başlady. Nargül daýzanyň gözi işikde Ol iki sapar birinji etaža-da düşdi. Ýöne adamsyndan derek ýokdy.
– Bäş sagat geçdi. Ýa işinde ýaraman, «Tiz kömege» jaň edip, şondan keselhana gidiberdimikä?
Onuň ýüregine ynjyly howul düşdi. Ol goňşularyndan «Ömür üsgüren adam däl, bir ini gyzyp, işine barybam şeýle bolupdyr, kondisioner gurasyn» diýenini eşidipdi. Şol söz onuň rahatlygyny aldy. Indi paýhasyna derek duýgulary gözýaşa eltjek ynjyly was-wasylara berlip başlady.
Kiçijik gaplama nahar guýdy. Soňam çagalaryny turuzmagy-da undup köçä çykyp, taksa elini galdyrdy.
Howa yssydy, petişdi. Ol çörek bişirilýän sehe girende, adamsyna gözi düşmedi.
– Eset ýokmy? – diýip, ak halatly gelinleriň birinden sorady.
– Ýanyna redaksiýadan adam geldi – diýip, çörekleri teležkanyň gatjagazlaryna örüp duran gelin aýtdy.
– Jany sag bolsa bolýar-la.
– Sag, sag.
Ol onda-da ynjalmady. Buhgalteriýa bakan ýöneldi. Birdenem aýak çekdi: «Ha-ha-ha. Aýdanyň gelsin. Bor, bor…».
«Öz-ä Esediň. sesi. Gülýäremmi? Ýa, gara bagtym, gyzgynyna çydaman aklyndan aza… Ýok, ýok, hudaý saklasyn…»
Ol buhgalteriýa güpürdäp girdi. Görmegeýden syrdam ýigit aldygyna bir zatlar ýazýardy, hem-de yzyny üzmän sowal berýärdi.
Aýalyny görüp ýaşulynyň reňki agyp gitdi.
– Nargül, eýgilikmi?
Nargül daýza güljeginem bilmedi, aglajagynam. Ýöne başyny ataýdy.
– Onsoň birinji çörek zawodynda gowy işläp ýördüm. Bir gün, ýadyma düşýän bolsa 1974-nji ýylyň 24-nji aprelinde meni partiýanyň Aşgabat şäher komitetine çagyrdylar. «Sen, Eset Hemra, ine saňa seh, ine peç, mana un, birinji maý güni halka tamdyr çöregini iýer ýaly et» diýdiler. Işçi ýok, kömekçi ýok. Seh diýenem howdan ýaly giň jaý. Onsoň aýalymy, çagalarymy getirip, kerpiç-gumuny çykaryp, palçygyny, çyrşagyny ýuwup, arassalap, suwap, reňkläp gaty kynlyk bilen tertibe saldyk. Agşamam ýatman hamyr edip, daň bilen üç müň çöregi söwda çykardyk…
Ol aýalynyň çugutdyryp oturşyna dözmedi.
– Näme, menlik iş çykdymy?
Nargül daýza bialaç ýylgyrdy.
– «Waý, ölýän, ýarawlygymyň ugry ýok» – diýip hyk-çoklap, häzir işi ýola salyp geljek diýip gaýdan soň…
Eset aga žurnalist ýigide garap ýylgyrdy.
– Kesel seniň ýadyňa düşýär. Maňa işlemden dynmak üçin ýene-de iki sany el gerek. – Ol žurnalist ýigide «azajyk garaş» diýen manyda gözüni gypdy-da daş çykdy. Aýaly-da onuň yzy bilen çykdy.
– Bir gozgalaň-a tapdy bular. Biri redaksiýadan diýip gelip otyr, biri «ministrlikden men, ýerinde bol» diýip tilpun urup dur. Çöregmizem mesge ýaly. Göwnümizdäki ýaly boldy…
Nargül daýza bilgeşleýin öýkelän boldy.
– Öýd-ä men sökel diýip bizi oda goýýaň. Işe gelseňem at ýaly. Sen adamy äsgereňok.
Eset aga ör-gökden geldi.
– Men ýaramaýanyma şu wagtam ýaramok. Ýöne hälki oglana ýaramok diýeýinmi, ýa çörekçi aýallara ýaramok diýeýinmi? Onsoňam, diýseň-diýmeseňem gyzgyn seh derdime em bolan ýaly boldy.
Nargül daýzanyň öýkesi Eset aga täsir etdi. Birden onuň ini üşeýän ýaly, endam-jany agyrýan ýaly boldy. Ýöne sehe bir giribildigi, onuň ähli derdi zym-zyýat bolýardy. Bu saparam şeýle boldy.
Agşam ol öýe ýene-de «keselläp» barjakdy. Bolmady. «Eset aga, gutlaýan, saňa Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen at dakypdyrlar. Bize häzir Moskwadan, teletaýpdan habar geldi» diýip, şol žurnalist oglan jaň etdi.
– Sag bol! – Başga zat diýmäge onuň gaýraty çatmady.
Eset aga öýe gaýtdy.
– Babaýyňyzam «geroý» boldy! – diýip ol saçagyň başynda çeşme suwuna üýşen käkilik sürüsi ýaly bolupjyk oturan maşgalasyna yglan etdi.

(dowamy bar)… Powestler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle