Oglumyň haty (He­ka­ýa)

Oglumyň haty (He­ka­ýa)

Loň IŇTAÝ,
hytaý ýazyjysy

Andelýeden elektron salgyma hat gelmegi meniň üçin örän garaşylmadyk waka boldy. Bu oglan pula mätäç bolsa-da, ejesine hiç haçan ýüz tutman öz başyny özi çaraýardy. Dogry, onuň bu häsiýeti beýle bir ýaramazam däldi. Häzirki döwürde on sekiz-ýigrimi ýaşyndaky ýaşlar diýseň kän. Ýokary tehnologiýa başga yklymda gezip ýa-da okap ýören çagaň «didaryny görmäge» mümkinçilik berýär, meselem, ýarygije iş ýeriňde galyp güýmenýän wagtyň birden «dy-y-yk» sesi çykýar welin, ogluň ýa-da gyzyň internetde aragatnaşyga çykandygyny bilýärsiň. Başgaça aýdaňda, edil radaryň ekranynyň görkezişi ýaly, çagaň ýeriň haýsy künjeginiň haýsy nokadyndadygy görünýär. Ýa-da gije uçarda otyrkaň birden deňizde ýüzüp barýan gaýyjagyň çyrasyny ap-aýdyň görşüň ýaly. Elbetde, ekrandaky nokatjyk senden on müň li ( Li — hytaýlylaryň ulanýan 0,5 kilometre barabar bolan ölçeg birligi.) uzaklykda bolsa-da, ol bagryňdan önen mähriban çagaň şol ýerdedigini görkezýär hem ýüregiňi rahatlandyrýar.

Ýöne ýeser ýeri, şol ýokary tehnologiýa diýip ýerde-gökde goýman mahabatlandyrýanymyz olara tekepbirligiň çykalgasyny-da tapyp berdi. Eger islese, çagaň ýekeje düwmä basyp, seni «daşlaşdyryp», özüniň nirededigini saňa görünmez ýaly, «dy-y-yk» sesi asyl-ha çykmaz ýaly edýär, şol kiçijik nokatjygy ýüregiňdäki mähir radarynda görünmez ýaly gizleýär.

Bir gezek ýakyn joram maňa: «Web kamera bereýin, ogluňy şonuň üsti bilen görüp bilersiň» diýdi. Men ondan: «Sen oýun edýäňmi?» diýip soradym. Ýeri, haýsy çaga kompýuterine özüni yzarlaýan enjam çatyp, müň li uzaklykdaky ejesine aňtatsyn? Bular ýaly zady diňe hyýalbent aşyk-magşuklar ulanýar, eneli-ogluň arasynda web kamera ýörgünli däl ahyryn.

Men Andelýeden garşy-garşy:

— Näme üçin sen maňa hat ugradaňok? — diýip soraýaryn.

Ol welin göwnübir ýaly:

— Eje, işim köp — diýip, şol bir bahanasyny gaýtalaýar.

Şeýlelikde, Andelýeniň elektron poçtasyny açdym. Onuň bir ýerinde-de ýazylan jümlä gabat gelmedim, diňe bir internet sahypa açyldy, ondan «meniň sahypam» diýlip atlandyrylan ýekeje suratjyk çykdy. Ol eýýäm dört müň gezek görlen eken. Mowzugyna bolsa: «Ejem bilen adaty gürrüňim» diýlipdir. Munuň awtory ejesi bilen gürrüňdeşligini has aýdyň şekillendirmek maksady bilen, sözleriň gapdalynda karikaturajyklaram ulanypdyr:

«Bir gezek ejemi görmäge bardym. Aşhanada bile otyrkak ol:

— Men balyk gowurdym. Sen ony halaýan-

syň-a? — diýip sorady.

Men:

— Eje, men balygy gowy göremok — diýdim.

Ol:

— Sen balygy gowy göreňokmy?

Men:

— Eje, men balygy gowy göremok.

— Bu tunes ahyryn…

— Sag bol, eje, ýöne men balygy halamok.

— Men seldereý goşdum-a.

— Men balygy halamok.

— Balyk saglygyňa peýdaly ahbetin.

— Bilýän, ýöne men balyk iýmegi halamok.

— Sagdyn adamlar balygy köp iýýärler.

— Bilýän, emma men balyk iýmegi halamok.

— Uzak ýaşaýan adamlar balygy towuk etinden has köp iýýärler.

— Şeýledir, eje, emma men balyk iýmegi halamok.

— Men günde balyk iýmeli diýemok, ony köp iýseňem gowy däl, balygyň köpüsiniň içinde simap bar.

— Şeýledir welin, eje, bu meselä men kellämi agyrdamok, sebäbi, barybir, men balygy iýemok.

— Ähli ösen ýurtlaryň ilaty balygy esasy nahar hasaplaýarlar.

— Bilýän, emma men balygy iýemok.

— Sen bedeniň simap möçberini barladyp gördüňmi?

— Ýok, eje, sebäbi men balyk iýemog-a.

— Ýöne simap diňe balygyň içinde däl-ä.

— Bilýän, men, barybir, balyk iýemok.

— Hakykatdanam iýeňokmy?

— Hakykatdanam iýemok.

— Tunesem iýeňokmy?

— Hawa, tunesem iýemok.

— Sen seldereý bilen bişirilen tunesi dadyp gördüňmi?

— Ýok.

— Dadyp görmedik bolsaň ony halamajagyňy näbilýäň?

— Eje, men hakykatdanam balyk iýmegi halamok.

— Ýöne dadyp göräý.

Şeýlelikde, men ony iýmeli boldum, ýöne dadyp goýdum. Şonda ejem:

— Nähili, tagamlymy? — diýip sorady.

— Eje, halamok, çyndanam balyk iýmegi halamok.

— Onda indiki gezek gyzyl balygy iýip gör. Seniň kän iýmedigiňem gowy zat, barybir, biz häzir restorana gitmeli.

— Bolýa, onda gidibereli.

— Sen galyňrak geýinjek dälmi?

— Daşary beýle bir sowuk däl.

— Sen egniňe keltekçe geýäý.

— Daşarda sowuk ýog-a.

— Sen gowuja pikirlen. Men bolsa keltekçe geýeýin.

— Geýiber, ýöne daşary, hakykatdanam, üşedip baranok.

— Men saňa haýsy keltekçe alyp bereýin?

— Edil şu wagt çykyp gördüm, eje, daşarda asla sowuk ýok.

— Wah, bolýa-da. Garaş entek, daşary salkynlar. Sen beýle kesirlik edýäň welin, görde duraý, doňarsyň.

Şeýdip biz ugradyk. Restorana barsak içi myhmandan doly eken, iýip-içjek bolsaň uzyn nobata durup garaşmalydy. Şonda ejem:

— Biz ýogsa-da deňiz jandarlaryndan nahar taýýarlanýan restorana gidäýeli — diýdi».

Eýsem, bu elektron hat Andelýeniň maňa Eneler gününe beren sowgadymyka?

Hytaý dilinden terjime eden Aýlar BAÝMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle