Şä­girt (Po­west)

Şä­girt (Po­west)

Dmitriý Mamin-SIBIRÝAK,
rus ýazyjysy

I

Ýagmyrly güýz güni iňrik garalyberende Serýožajyk ejesi bilen ömründe ilkinji gezek fabrigiň golaýyna bardy. Olar wokzaldan Newskaýa şäher derwezesine çenli aralygy pyýada geçdiler. Ejesi demgysmaly bolany üçin zordan süýrenip ýöreýärdi. Ýönekeý haltadan ýasalan goştorbasy hem oňa artykmaç ýük bolup, halys maýryp barýardy. Köçede eýýäm yşyklandyryjy çyralar ýakylyp ugrapdy, bugda ýöreýän omnibus birnäçe gezek duşlaryndan goýy tüsse burugsadyp wazlap geçipdi; fabrikler özleriniň ýüzlerçe ýiti öwüşginli penjireleri bilen köçä garap durdylar… Bu Peterburgyň eteginde, Newadan on çakrym ýokarlygyna uzap gidýän fabrikler toplumydy.

Serýožajygyň ejesi her bir fabrikanyň öňünde saklanyp: «Wasiliý daýy şu ýerde işleýärmikä?» diýip soraýardy. Jogaplaram her gezek dürli-dürlüdi. Bir gezek bolsa keýpi kök ussa:

— Wasiliý Daýymy? — diýip seslendi. — Gaty gowy tanaýan… Arada onuň bilen demirgözenekde üç hepdeläp bile oturypdyk. Hoşgylaw adam, gyşyna dagy possunsyzam oňup gezip bilýär…

Serýožajyk gorkudan ýaňa ejesine gysmyljyraýardy. Daş-töwerekdäki äpet jaýlar, gümmürdäp geçýän omnibuslar, haýsydyr bir ýerlere howlugyp barýan ötegçiler, fabrigiň turbalaryndan ýokary göterilýän goýry tüsse, umuman, şu wagt oglanjygy gözüne ilýän ähli zat zagyrdadýardy. Serýožajygyň ýadyna dogduk obasy düşýärdi. Ol ýeri şu wagt örän ümsümdir, diňe käbir ýerlerde gyzylja yşyklar ýylpyldap durandyr. Oglanyň biygtyýar ýürejigi atygsaýardy, oňa duşýan adamlaryň bary nämüçindir hyrsyz görünýärdi. Serýožajyk pyşyrdap:

— Eje jan, ýetemzokm-aýt? — diýip sorag berdi.

— Ýetdik, ýetdik… Biraz tagapyl et.

Ahyrsoňy olar Wasiliý daýynyň işleýän fabrigini gözläp tapdylar. Derwezäniň agzynda duran garawul iş wagtyň tamamlanandygyny habar berýän jaňyň kakylmagyna garaşmalydygyny aýtdy. Soňra ol birhili üýtgeşik mylakatlylyk bilen Serýoža garap:

— Şägirtlige getirdiňmi körpäni? — diýip sorady.

— Maňlaýymyzdakyny görmeli bor… — diýip, ejesi göwnüçökgün jogap gaýtardy. — Kakamyz-a arada tomsuň ahyrlarynda aýryldy… ine, menem…

Onuň bogazy doldy. Ýadawlykdan hem-de garaşmakdan ýaňa aýal zaryn aglap başlady. Garawul:

— Diýmek, obaly ekeniňiz-dä — diýen netijä geldi. — Beýdip şumjaryp durmazlar! Bärde ýaşaýanlaram adam…

— Obada kiçijik gyzym galdy… Şu wagt gaýynenemlerde. Wah, biziň başymyza beýle bela inäýmelimi diýsene… Ýaňy bir aýaga galyp başlapdyk, täze külbe dikindik, birdenem ýoldaşym kesel tapynyp, amanadyny tabşyrdy. Pahyr Tihon Petrowiç bary-ýogy iki hepdejik ýatdy… Birgiden bergilerimiz galdy… Täze diken külbämizi ýarym bahasyna ýerlemeli bolduk, üstesine-de, atymyzam satdyk. Şeýdibem hiç zatsyz galdyk…

Ejesiniň bu zeýrenjini telim gezek eşidensoň, Serýožajygyň seri häzir düýbünden başga zatlardady: olaryň ýanyndan agyr ýükli arabalar, şatyrdap ýöreýän paýtunlar tigirlenip geçýärdi, ötegçileriň yzy üzülenokdy.

«Bu ummasyz mähelle nireden peýda bolýarka?» diýip, Serýožajyk içini gepletdi.

Ol, hatda muňa geň galmakdan ýaňa agzynam öweltdi, edil şol wagtam ýanyndan ylgap geçen oglanjyk onuň ýeňsesine şapbat çalyp:

— Agzyňa garga gondurýaň, obaly! — diýip gygyrdy.

Ahyry fabrikde jaňyň sesi ýaňlandy, onuň derwezesinden yzy üzülmän işçiler — aýallar we erkekler çykyşyp başladylar. Garawul Wasiliý daýydan özgesini ýeke-ýekeden gözden geçirdi-de:

— Wasiliý, seniň ýanyňa geldiler — diýip, oňa ýüzlendi.

Serýožajygyň ejesi doganyny birbada tanabam bilmedi, Wasiliý obadan gideli bäri eýýäm on ýyl geçip, şeýle üýtgän eken. Ol horlanypdyr, ýüzüni torba ýaly sakgal tutup, boýu-da biraz gysgalan ýaly bolupdyr. Wasiliý uýasy bilen salamlaşyp, birhili, aljyraňňy gürläp başlady:

— Bilýän… Baryndan habarly… Nätjek-dä!?. Hemmämizem bir Hudaýyň bendeleri. Her edip, hesip edip ýaşamaly… Kem-kem ornaşarys…

Soňra ol gözüniň gytagy bilen Serýožajyga seredip, ýeňsesini gaşady. Oglanjygyň ejesi onuň bu hereketini görüp, zordan gözýaşyny saklady.

— Ýörüň onda… — diýip, Wasiliý daýy birhili,

ynamsyz gürledi. — Men şu taýjykda ýaşaýan… Hawa, Marfa, beýle bela duçar bolupsyň-ow… Ýeri bolýar, bu barada soňrak gürleşeris…

Olar köçeden geçip çepe öwrüldiler-de, agaçdan gurlan iki gatly jaýyň howlusyna girdiler. Wasiliý daýy ýöredigiçe tukatlanyp barýardy… Soňra olar howlynyň töründe ýerleşen, bir gapdala gyşaryp duran goşmaça salnan iki gat jaýa girdiler.

Wasiliý daýy tüm garaňkynyň içinde:

— Çepräkden ýöre… — diýip, birnäçe gezek gaýtalady. — Indi göni ýöräberiň…

Marfa ikinji gata zordan galdy. Wasiliý daýy oňa gapyda garaşyp durdy.

Birdenem giň hapa otagy ikä bölýän çitden ýasalan perdäniň aňyrsyndan bir aýalyň:

— Kim bu, bimahal çak gelen? — diýen gaharly sesi eşidildi.

Wasiliý daýy:

— Obadan… Uýam geldi… hawa… — diýip, göwünsizlik bilen jogap berdi-de, kellesindäki papagyny bir burça gaharly zyňyp goýberdi.

Otagyň «arassa bölegini» ölügsije bir çyra ýagtylandyrýardy. Stoluň üstünde birhili nahar taýýarlanylyp goýlupdyr, onuň ýanynda bolsa, bäş ýaşlaryndaky çöp ýaly hor gyzjagaz küýkerilip otyrdy.

— Geçiň, myhman boluň — diýip, Wasiliý daýy obadan gelen garyndaşlaryny stoluň başyna çagyrdy.

Birdenem perdäniň aňyrsyndan bir aýalyň hyrsyz ýüzi göründi. Ol Wasiliý daýynyň aýalydy. Ol aýal:

— Bä, ýaman begendirdiňiz-ow, söz bilen beýan eder ýalam däl — diýip gülmäge başlady. — Tüýs gadyrly myhman diýilýänlerden-dä!

Marfa egnindäki goştorbasynam aýyrman, gapynyň agzynda ýaýdanyp durdy. Ol doganynyň aýalyny ömründe ilkinji gezek görşüdi. Wasiliý daýy ol barada «Katerina Iwanowna bilen kanuny nikalaşdym» diýip, diňe ýekeje gezek hatynda belläp geçipdi.

Wasiliý daýy uýasyna:

— Nämä dursuň? — diýip, gaharjaň ýüzlendi. — Çykarynyber-dä… Katýa, senem neme, semewarda bir çaýjagaz demläý.

Şonda perdäniň aňyrsyndan:

— Näme, akylyňdan azaşdyňmy? — diýip, gelniniň sesi eşidildi. — Her öňýetene çaý hödürläp ýörer ýaly, biziň öýümiz kerwensaraý däl.

Wasiliý:

— Azrak gürle! — diýip, gelnine indi gödek jogap gaýtardy. — Şeýtseň gowy bolar. Öňýeten ýok bärde, süýtdeş uýam bu, Marfa Mironowna. Şunam bilip goý…

— Öýüňe her bir obaly sokulyp ýörse…

Wasiliý daýy dessine perdäniň aňyrsyna geçdi. Ol ýerden gelniň horkuldyly sesi geldi:

— Nämä uruşýaň? Men näme, bärik sürgün edilip getirildimmi?

Wasiliý daýy ap-ak bolup stoluň başyna geçdi-de, uzak wagtlap hiç zat gürlemän, gyzynyň başyny sypady oturdy. Ol uludan demini alyp, perdä tarap birnäçe gezek gaharly göz aýlady. Serýožajygyň ejesi goştorbasyny kynlyk bilen düşürdi-de, egninden çygjaryp giden jemperini çykaryp, obada geýýän köneje köýneginde galdy. Ol ähli zatdanam beter köwşi bilen otagy hapalaryn öýdüp ýaýdanýardy, ony çykarmaga-da çekinýärdi. Wasiliý daýy bilen aýalynyň arasyndaky jenjel hem gowulygyň alamaty däldi. Şeýdibem ähli zat üsti-üstüne boldy duruberdi… Serýožajyk bir ejesine, bir-de daýysyna äňedip, soňkudan kem-kemden gorkup başlady. Wasiliý daýy ýene-de perdäniň arkasyna geçjek bolanda, Marfa onuň ýeňinden tutup:

— Wasýa, gerek däl… — diýdi.

— Goýsana, how… Sen hiç zada düşüneňok. Katýa, şu wagtyň özünde bajamlara bar-da, ony çaýa çagyr…

— Lepbeý, ylgadym…

— Ýene başladyňmy?

Sümgürinişiň sesi geldi, Katerina Iwanowna başyna ýaglyk daňdy-da, otagdan çykyp gitdi. Wasiliý daýy ony gözi bilen ugradyp, başyny ýaýkady-da, düýbünden başgaça äheňde gürläp başlady:

— Marfa, sen Katýa erbet aýaldyr öýtme. Onuň käwagtlar bolşy şeýle… Ýöne oňa dözümsizligem eder ýaly däl. Hudaý saklasyn… Oňa bir boýun boldugyň ýeterlik, etjek alajyň bolmaz. Ýogsam-a mähirli aýal…

Marfa:

— Wasýa, sen näme bolsa-da, oňa kän bir ýowuz darama — diýip, gapa bakyp, birhili, aýgytsyz gürledi. — Hossaram hossardyr welin, ol seniň aýalyň ahyry…

— Aý, hiç-le, ählisi düzeler gider.

Wasiliý daýy Serýožajygy ýanyna çagyryp, ony öz öňünde duruzdy-da, elini hem-de döşüni sypap:

— Oguljygyň-a ýaman däl eken… — diýdi. — Marfa, muny bärde işe ýerleşdirmäge getirdiňmi?

— Ne alaç etjegimem bilemok-da, Wasýa… Munuň öýde-hä edere işi ýok… Jaýymyzam satdyk, atymyzam…

Zenanyň sesinde ýene-de agy duýlup başlady. Emma Wasiliý daýy gaşyny çytansoň, ol gözýaşa ýol bermedi.

Şonda Wasiliý:

— Boldy, boldy, uýam… Hany, köşeş — diýdi. — Köneler: «Moskwa gözýaşymyza ynanmaýar» diýerdiler. Oglanjygam bir ýerlere ýerleşdireris… Katýa bolsa kän ünsem berip oturma. Eýder-beýder düzelişer…

Wasiliý daýy wagtal-wagtal gyzynyň kellesini sypalap:

— Gör, Şurka, obada nähili çagalar ýetişýär! Daýawjadygyna bir seret… Sen ýaly däl — diýdi.

Marfa doganyna:

— Ol näme, syrkawlydymy? — diýip ýüzlendi.

— Ýok, edil syrkawam diýip bolanok… Ýöne bu çöregi däl-de, çörek muny iýýär diýen ýaly. Fabrigimiziň ähli çagajyklary şular ýaly ejizje… Bulara şu ýeriň çygly howasy şeýle täsir edýän bolaýmasa… üstesine-de, hapaçylyk. Howamyz-a örän ýaramaz, obaňky bilen deňär ýaly däl…

II

Bu gürrüňiň arasy basgançakda dörän takyrdy bilen bölündi. Az salymdan otaga egni ýeňsiz gursakçaly, ýalaňaç aýagy ýyrtyk aýakgaply jortmak pyýada girdi.

— Ynha, Wasiliý Mironyç, menem geldim!.. Salam… Görýän welin, obadan myhman gelipdir. Siz Wasiliý Mironyçyň uýasymy? Hoş gördük, birkemsiz… her wagt…

Soňra bu adam öý eýesine käýinýän terzde barmak çommaldyp, başyny ýaýkady:

— Haý, inim, aýalyň göwnüne degmek gowy zad-a däldir… Katerina Iwanownaň gözýaş döküp otyr. Bir tarapdanam oňarypsyň-laý… Goý, indi Paraskowýa Iwanowna-da öz ýerini bilip, ýoldaşyna her wagt boýun bolmalydygyna düşünsin…

Wasiliý daýy:

— Bu bolgusyz gürrüňiňi goý, Foma Pawlyç — diýip, onuň gürrüňini böldi. — Gel, gowusy, mürehetjik edeli… hemme zat sylagly-sarpaly bolar ýaly… Düşünýämiň?

— Her wagt…

Foma Pawlyç bir gözüni gypyp, uludan demini aldy. Wasiliý daýy gapjygyny aldy-da, onuň içinden bir rubl çykardy. Soňra barmaklaryny bir-birden epip, satyn almaly zatlary sanap başlady. Ilki şerbet sargady:

— Indi bolsa garbanmak üçin: ýarym funt gaýnadylan şöhlat, takgaz balygyny al… duza ýatyrylan hyýaram ýatdan çykarma… çöregem getir… Düşündiňmi?

— Gaty gowy düşündim, bir aýagym bärde, beýlekim aňyrda… Häziriň özünde…

Foma Pawlyç gözüni gyrpyp, bir aýagynda yza döndi-de, otagdan çykyp gitdi.

Marfa:

— Wasýa, azara galmaly däldiň-dä — diýip, igençli äheňde doganyna ýüzlendi. — Biderek pul sowurma, soňundan aýalyňdan gep eşidersiň.

— Bu gürrüňleri goýsana… Siz, aýallar, hiç zada düşüneňzok. Azary bormy… Maňa süýtdeş uýamy hezzetlemäge kim gadagan edip biler? Aýda-ýylda bir gezek görüşýäs… Doňuzlaryňam öz baýramçylyklary bolýandyr, mähriban uýam. Siz alada edip oturmaň, sizde bir düzgün, bizde başga… Foma Pawlyç bolsa meniň hem-ä dostum, hemem bajam: biziň aýallarymyz dogan.

Foma Pawlowiç, hakykatdanam, uzak garaşdyrman dolandy, onuň yzy bilen bolsa Katerina Iwanowna-da geldi.

Wasiliý daýy aýalyny howlukdyryp:

— Katýa, semawary bahymrak getir! — diýip, şadyýan gürledi. — Myhmanlarymyz mazalyja ajygandyrlar. Içlerinden: «Şäherde köp gürläp, az iýýärler» diýip pikir edýändirler.

Marfa:

— Gelýärkäk ulagyň içinde çöregimizi iýdik — diýip jogap berdi. — Biz dokdurys.

— Aý, goýsana… Biz siziň oba naharyňyza belet.

Semawardaky suw gaýnaýança, Wasiliý daýy getirilen iýmişleri çykaryşdyryp, bulgurlara şerbet guýdy. Foma Pawlyçam saçak başyna geçdi:

— Içäýsekmikäk, Wasiliý Mironyç? Bolýar-da, bir bulgur bilen hiç zat bolasy ýok… Janyňyz sag bolsun… her wagt…

Marfa takgaz balykdanam, şöhlatdanam ýüz öwürdi. Serýoža hem onuň yzyna eýerende, Wasiliý daýy olaryň bu bolşundan gaty gördi. Emma myhmanlar hezil edip hyýar bilen çörek iýip başladylar. Serýožajyk şeýlebir işdämen iýýärdi welin, hatda gözleri-de ýaşaryp gidipdi. Ejesi ýuwaşlyk bilen onuň ýeňinden çekse-de, oglanjyk içi eljuk diýip duransoň muňa ünsem bermedi. Kiçijik Şurajyk özüniň ullakan gözleri bilen

Serýožajyga haýran galyjylykly seredip, ahyrsoňy:

— Kaka, maňa-da edil şonuňky ýaly çörek bilen hyýar bersene — diýdi.

Wasiliý daýy:

— Hä, gözüň gitdi gerek? — diýip güldi. — Çöregi nädip iýmelidigini oba çagalaryndan öwren… Bu edil näzik gyz ýaly çöregi synlan bolýar, ysgaşdyran bolýar, soňam ýene ýerine goýýar.

Oturylyşyk gyzyşandan soň, Wasiliý bilen Foma Pawlyç öňkülerindenem has-da mylakatlaşdylar.

Wasiliý daýy ýeňsesini gaşap:

— Naharymyz-a artyk galjak — diýdi. — Foma Pawlyç, sen Paşany çagyrmasaň-a bolmaz, mundan başga-da…

Wasiliý Foma Pawlyçyň gulagyna pyşyrdap gürledi-de, eline bir zat gysdyrdy.

Meýlise goşulyşandan soň Katerina Iwanownanyň agymtyl ýüzi gyzaryp başlady. Ol indi öňküsi ýaly perdäniň aňyrsynda bukulman, hemmeler bilen stoluň başynda oturyp, gözüni aýyrman Serýožajygy synlaýardy.

Wasiliý daýy:

— Katýa, gör, oba çagalarynyň nähilidigini! — diýip, aýalyna mähir bilen söz gatdy. — Boldumlyja gerek?..

Katerina Iwanowna uludan demini aldy-da, birhili oýa batyp:

— Hudaý ýetimje çagalara rysgalynam ýetirýändir-dä — diýdi. — Biz-ä Şurkamyzy her näçe naharlajak bolsagam, peýdasy ýok. Naharyň başyna geçenem şodur, kem-käs dörjelän bor-da, eýýäm dokdur…

Gapydan Paraskowýa Iwanowna girdi. Ol edil uýasy ýaly hortaň hem-de hyrsyz ýüzli aýaldy.

Ol stoluň başyna geçip:

— Meýlis guradyňyzmy? — diýip sorady.

— Guradyk, Paşa — diýip, Wasiliý daýy jogap berdi. — Bu gün meýlis guramasak bolmaýar: obadan uýam geldi.

Foma Pawlyç kagyzjyga dolanan bäş köpüklik ýahna bilen ýene şerbet getirdi.

— Marfa Mironowna, bu ýahnany öz adymdan getirdim… Bäş köpük çykdajy etdim, sebäbi biz siziň bilen garyndaş. Bahana bilen oglanjygam iýer…

Paraskowýa Iwanowna gaty üsgürmäge başlady.

Foma Pawlyç:

— Munuň demgysmasy bar — diýip, myhmana aýalynyň ýagdaýyny düşündirdi. — Bu gün-erte amanadyny tabşyraýmagy ahmal… Eýýäm iki ýazy ölüp ýör bi. Her wagt…

Oturylyşyk has gyzyşansoň, erkekleriň keýpi göterildi. Foma Pawlyç indi Wasiliý daýa Waska diýip ýüzlenip, aldygyna onuň egnine kakýardy.

Wasiliý daýy oňa her gezek:

— Bes etsene — diýip ýalbarýardy.

— Wasiliý daýysy, men seni juda gowy görýän, saňa uly hormat goýýan… Sen: «Fomka, aýnadan bök!» diýdigiň bes, ýekeje pursadam pikirlenmän bökerin, Hudaýdan ant içýän!.. Her wagt. Meniň häsiýetim şeýle… Ýa-ha adamy gaty gowy görýän, ýa-da asla jynym jyňkyryşanok.

Paraskowýa Iwanowna Marfanyň ýanyna geçip, obadakylaryň ýaşaýşy bilen gyzyklandy.

Marfa ýoldaşynyň syrkawlap, aradan çykanlygy, jaýyny we atyny satmaga mejbur bolanlygy, kiçijik gyzyny gaýynenelerinde goýup, Serýožajygy hem Peterburga alyp gaýdanlygy baradaky gürrüňini täzeden gaýtalady.

Paraskowýa Iwanowna onuň gürrüňini diňläp:

— Oglanjygy nirä ýerleşdirjek bolýaň? — diýip sorady.

— Şu wagt-a özümem bilemok… Kelläme hiç zat gelenok, uýam jan. Hudaýyň edenine kaýyl bolarys.

Uýalaryň ikisem Marfa gynanyp, kellelerini ýaýkaşdylar. Bu kiçijik oglanjyga ýat illerde aňsad-a düşmez. Heniz onuň nirä ornaşjagam belli däl. Elbetde, Hudaý ýetimlere eglişik edýändirem, ýöne şonda-da ýüregiň awaýar-da…

Arpa suwy içilip başlananda, Wasiliý daýy birden gama batyp, hamana, çybynlary kowýan ýaly, käte-käte elini bulaýlaýardy. Dym gyzyl Foma Pawlyç her sözüniň yzyndan «Her wagt-her wagt» diýip, hezil edip kikirdeýärdi.

Şonda Wasiliý daýy oňa ýüzlenip:

— Nämäňe begenýäň? — diýdi. — Biziň ikimize betbagt adamlar diýrler, başga hiç zadam däl. Hawa… Adamam diýip bolanok, biz häki bir… gury san…

— O näme diýdigiň boldy, Waska? Meniň kä aýlar elli rubl gazanýan uçurlarymam bolýar… Mundan beter saňa nähili adam gerek? Hany, şeýle pullary obada bir gazanjak bol…

— Obadamy? Sen oba ýaşaýşynyň nähili gowudygyny düýşüňde-de gören dälsiň… «Elli rubl»! Üýtgeşik puldur-ow seniň elli rubluň… Şeýle seretseň, pul ýalydyram welin, eliňe düşse, hiç zada ýetenok. Menem-ä aýda kyrk rubl gazanýan, emma hany, nirede olar? Şonuň üçin birazajyk oýlanyp gör, tüntaw… Ikimiz bu ýerde hiç kese gerek däl. Asla hiç kime… Ine, oba bolsa, başga gürrüň. Oba hemme kişä-de gerek. Ol biziň hemmämizi, samsyklary iýdirýärem, içirýärem. Obasyz biziň ählijämiz açlykdan gyrlardyk, edil ýer gurçugy ýaly…

— Her wagt — diýip, Wasiliý Pawlyç samyrdady. — Adam çöreksiz oňup bilmez. Rast aýdýaň…

— Hawa, şonuň ýaly… Obaň ýaşaýjylaram gowy. Sebäbi olar durmuşa dogry garaýarlar, biziňki ýaly ýöne bir aýnamaklyk däl. Ine, biziň ikimiz mazalyja keýpimizi göterdik, şöhlat bilen takgaz iýen bolduk, yzy näme? Ynha, meselem, şöhlat alan bolduk. Serýožajyk bolsa muňa tarap seredenogam. Sebäbi bu onuň ýüregini bulaýar… Oňa şöhladyň deregine balykly çorba hödür et, süýtli aş, ýeralma, şular ýaly zat uzat. Şonda ol sagdyn adam bolup ýetişer, biz bolsa bu ýerde şöhladymyz bilen haram ölüp galarys. Obada näme diýilýär: «Ýetim ýetişýär — jahana işgär». Bizde bolsa ýetim edil irizegen tiken ýaly görülýär. Sen bolsa elli rubluňy diliňe çolaýaň! Tüf! Ine, seniň elli rubluň näme, meniň kyrkym bilen bilelikde…

Wasiliý daýy gürledigiçe beter gaharlanýardy. Onuň ýüzi gyzaryp, gözlerinde gahar ody uçganaklaýardy. Ol wagtal-wagtal kimdir birine ýumrugy bilen haýbat atýardy.

Foma Pawlyç gözlerini gyrpyp:

— Dogry aýdýaň… — diýip, onuň her bir sözi bilen ylalaşýardy. — Her wagt şeýle.

Erkekleriň arasyndaky bu gürrüň örän duýdansyz gutardy. Foma Pawlyç ýerinden galyp, Wasiliý daýynyň ýanyna bardy-da, oňa elini uzadyp:

— Onda şeýle, Waska… eger ýagdaýlar şunuň ýaly bolsa… umumanam… Garaz, ellerimizi gysyşaýaly.

— O näme üçin?

— Ýegenjigiňi maňa dak… Diýmek, neme… Ony şägirtlige aljak… Adam edip ýetişdirerin…

— Eşitdiň dälmi, Marfa? — diýip, Wasiliý daýy uýasyna ýüzlendi. — Serýožajygy aýakgap ussaçylygyna ýerleşdirýäs…

Marfa:

— Özüň gowy bilýänsiň, Wasýa… — diýip, birhili, howatyr bilen jogap gaýtardy.

Wasiliý daýy:

— Hany, onda ellerimizi arala — diýdi. — Foma Pawlyç gowy adamdyr, az-kem meýlissöýerdir, şahandazdyram welin, Serýožajygyň göwnüne degmez. Soňuny görübereris-dä… Foma Pawlyç, şertimiz bäş ýyllyk dälmi?

— Bäş ýyllyk, Waska…

Olar biri-biriniň ellerini gysdylar, Serýožajygyň ejesi bolsa olaryň ellerini aralamalydy. Marfa zaryn aglamaga durdy. Serýožajyk olaryň ýüzlerine seredip, hiç zada düşünmän otyrdy.

Foma Pawlyç dilini çolaşdyryp:

— Indi bu işi ýuwmasak bolmaz — diýip, Wasiliý daýa ýüzlendi.

III

Foma Pawlyç ertesi gün irden oýananda, onuň kellesi agyrydan ýaňa çat açaýjak ýalydy. Ol düşeginde birsalym gözlerini ýumup ýatdy-da, düýnki eden samsyklygyny ýadyna düşürjek boldy. Bir akmaklyg-a edilipdi, Foma Pawlyç muny oňat bilýärdi, ýöne teý, ýadyna düşürip bilmedi. Ýatalga bilen ullakan rus pejiniň arasyndan geçýän çit perdäniň aňyrsyndan aýalynyň diňe arkasy görünýärdi. Ol hemişekisi ýaly daň-säher bilen turup, hojalygyň işlerine gümra bolup ýören eken. Foma Pawlyç aýalynyň uzyn agaç saply demir tutgujy zyňyşdyryp, pitini şakyrdadyşyndan onuň gaharlanýandygyny, onda-da onuň hut özüne gaharlanýandygyny aňdy.

«Eý, dogan jan… — diýip, Foma Pawlyç ýatan ýerinde öz-özi gürläp başlady. — Diýmek, işiňem-ä her wagt… Ýeri, Paşa nämä gahar edýärkä? Wah, şu aýallaram… Özüniň kellesi bir şeýdip agyrsady… Hawa… Şonda bu dünýede ýaşamaklygyň nämedigine gowy düşünerdi…».

Paraskowýa Iwanowna tutynyň aňyrsyndan birnäçe gezek jyklap, ahyry çydaman:

— Nämä ýatyrsyň, işýakmaz? — diýip hüňürdedi. — Jahan bireýýäm ýagtylyp gitdi, sen bolsa çaşyp ýatyrsyň…

— Bä-ä, men häzir, her wagt…

— Bar, iň bolmanda täze işgäriňi bir synla, ýagşam bir kömekçi tapyndyň…

Foma Pawlyç ýatalgasynda dik oturyp, ýazykly başyny gaşady-da, ähli zady ýadyna saldy.

— Haý, doganjygym… Hakykatdanam-a, şeýle. Paşa, neme… Bir söz bilen aýdaňda, her wagt diýýänim bolupdyr-da!.. Nä körüme alan boldum ony?.. Hany ol şumat?

— Ussahanada, başgalaryň işleýşine seredip otyr. Seň halys aňkaň aşypdyr, şoň üçin başyňa belany özüň satyn aldyň…

— Paşa, men… her wagt…

Hakykatdanam, haýsy kellesine oglanjygy şägirtlige aldyka? Foma Pawlyç ýeňsesini gaşap, bolup geçen zatlary ýadyna saldy. Onuň düýn agşam biraz keýpini göteresi gelipdi, özünde pul bolmansoňam, Wasiliý daýynyň hasabyna «muhurjak» bolup düşüp ýören güni bu.

— Haý, Foma Pawlyç, jan dogan, garaz, iş-ä pyrryk, juda pyrryk. Oglanjykdan ýüz döndürsem, Wasiliý daýynyň öňünde aýyp bor… Ine, saňa açgöz samsyk! — diýip, Foma Pawlyç öz-özüne ýumruk görkezdi. — Ýençseňem az seni…

Aýakgap ussahanasy köne agaç jaýynyň ýerzemininde ýerleşýärdi. Ol iki sany otagdan ybaratdy, olaryň biri ussahana bolup, beýlekisinde hojaýynyň özi ýaşaýardy. Ussahananyň içini köçä çykyp duran iki sany penjire ýagtylandyrýardy. Emma penjireler juda pesde ýerleşensoň, içerä kän bir ýagty düşenokdy.

Şonuň üçin ussanyň öňki kömekçisi, köne esger Kirilyç gündizlerine-de çyraly işleýärdi. Onuň öňünde elmydama çyra ýanar durardy, şöhlesi suwly aýna şarynyň içinden geçip, otagyň içine az-kem ýagtylyk saçýardy. Kirilyçyň gözi kütekdi, ol şol zerarly elmydama ejir çekýärdi. Mundan başga, ýene iki sany şägirt bardy — çyparja Wanka bilen sokur Petka. Kirilyç elmydama tukatdy, ol uludan demini alyp, oýlanmasyny daşyna çykarmagy gowy görerdi. Özem hemişe janyýangynlydy. Kirilyç, hamana, näbelli duşman bilen söweşýän ýaly, bu pikirleri orta atmaga mydama taýýardy.

Wanka bilen Petka bolsa şadyýanja oglanlardy, olar käwagtlar uruşmagy, garaz, umumanam, bezzatçylyk etmegi gowy görýärdiler. Olar ähli ädikçileriň şägirtlerine mahsus bolşy ýaly hapa köýnekli, köneje şypbykly hem-de birwagtlar reňki ak bolanlygy bildirýän öňlükdediler. Boýlary kelte bolany sebäpli olar öz ýaşlaryndan has kiçi görünýärdiler. Olaryň reňki gaçan ýüzleri bolsa, ep-esli ýyllaryny ýerzeminde geçirendiklerinden habar berýärdi.

Serýožajyk ilkibada oýananda (ol dyzeperde uklap galypdy), özüniň nirededigine esli wagtlap aň ýetirip bilmedi. Daşaryň heniz garaňkydygyna garamazdan, işçiler eýýäm pessejik tegelek stoluň başynda işlerine gümra bolup otyrdylar. Serýožajyga Kirilyçyň diňe arkasy görünýärdi, onuň aňyrsyndan oňa Petka bilen Wanka garap otyrdylar.

— Obaly gutapçy oýandy — diýip, Wanka çypar pyňkyrdy.

Beýle lakamyň dakylmagyna hiç hili esasyň ýokdugyna garamazdan, Petka sokuryň oňa tüýs göhi geldi. Olam pyňkyrdy. Agynjak özi, gutapçy, hakyky oba gutapçysy!.. Petka, hatda bu mynasybetli Wanka çyparyň böwrüne ýumrugy bilen dürtüp goýberdi, ikisiniňem gülküsi tutdy. Kirilyç olara mis çarçuwaly tegelek äýneginden üstaşyr gaharly bakdy-da:

— Nämä heşelle kakýaňyz? — diýdi. — Bu hojaýynyň öz işi: kimi islese, şonam alar. Şonuň üçin oňa hojaýyn diýýärler… hawa. Men hojaýyn bolsam, kim maňa näme diýip biler? Islänimi ederdim… Men, meselemki, ussanyň baş kömekçisem bolsam, öz ugrumdan islänimi edip ýörün ahyryn.

— Eger ol gutapçy bolsa näme? — diýip, Wanka sorag berdi.

— Ol biziň işimiz däl…

Ussahana Serýožajygyň göwnüne ýaramady. Bu ýeri garaňky, çyg we sowuk, dem almagyňam kynlaşýardy. Ussahanada täze ädigiň, garaýagyň hem-de turşumtyk bir zadyň ysy bardy… beýle ys uzak wagtlyk ezilip goýlan deriden döräp bilýär. Serýožajyk ussahananyň işgärlerini hem halamady. Olar rehimsiz adamlar borly, hususanam, syrtaryp, hünji ýaly ak dişlerini görkezip oturan Wanka. Paraskowýa Iwanowna wagtal-wagtal öz otagyndan jyklap seredýärdi. Olam Serýožajykda ary köýen ýalydy. Oglanjygyň agysy tutdy. Ol gapa seredip: «Gaçyp giderin… Bu ýerden hökman obama gaçyp giderin» diýip içini gepletdi.

Oba hakyndaky pikirler oglanjygy ejizletdi. Onuň satylan täzeje külbeleri, atlary ýadyna düşdi… Kakasy diri bolsady, ähli zat başgaça bolardy. Çaganyň kiçijik ýürejigi dogduk obasyny küýsäp ezilýärdi. Serýožajyk oba kilisesini, mellekleriň aňyrsyndan akyp geçýän çeşmäni, uç-gyraksyz meýdanlary, obaly ýoldaşlaryny hakydasyna getirdi… Ol ýerde hemmeler mähirli hem ýukaýürekdi. Serýožajyk öz ýanyndan: «Hökman gaçaryn» diýip, ýene bir ýola tekrarlady.

Saçy hüžžerip, ýüzi-gözi çişen, dym gyzyl gözi ýaşaryp duran Foma Pawlyç ussahana girdi.

— Korçaginiň ädigi taýynmy? — diýip, ol anyk bir hiç kime ýüzlenmän, sorag berdi.

— Agşama taýyn bolýar… — diýip, Kirilyç agras jogap berdi.

— Ýeri görüň-dä, ýagdaýyňyza serediň…

Hojaýyn Serýožajygyň, hatda ýüzüne-de bakman, yzyna öwrülip, otagyna gitdi. Az salymdan ol ýerden şeýleräk gürrüň eşidildi:

— Paşa, özüme gelmek üçin birki owurt içsem-ä… — diýip, Foma Pawlyç aýalyna müýnürgäp ýüzlendi.

Paraskowýa Iwanowna:

— Hä, tüýs wagtyny tapdyň… — diýip, gaharly jogap gaýtardy. — Getir, pul ber…

Foma Pawlyç diňe hüňürdäp galdy.

— Kim saňa özüňi ýitirýänçäň iç diýdi?

— Kim? Wasiliý daýy yzymdan iberensoň, men nä alaç edeýin?

— Wasiliý daýy-ha şu wagt işdedir, sen bolsa uzakly güni ýatyp geçirdiň… Begenere zat ýok.

— Azajyk, Paşa…

— Güm bolsana, şepbik!

— Paşa… Wah, Hudaýym!.. Men her wagt…

Paraskowýa Iwanownaň gara güne ýygnap goýlan üç rubly bardy, ýöne ol tutanýerlilik edip, bu puldan adamsyna ýeke köpügem bermedi.

Foma Pawlyç köwşüni geýip, eline telpegini aldy-da, nirädir bir ýerlere gidermen boldy.

Paraskowýa Iwanowna gapyň öňüni tutup, ýoldaşyny saklady.

— Nirä süýrenip barýaň? Goýberjek däl diýdim-ä. Ýagşam bir hokga tapynypsyň.

Foma Pawlyç aýalyndan gaty görüp, onuň duşundan güýç bilen geçmäge synanyşdy:

— Maňa gadagan etmäge näme hakyň bar? Öýde kim hojaýyn? Bar, jaýyň daşyndaky ýazga seret: «Foma Pawlyç Trenkin». Sen bolsa: «Goýbermen» diýen bolýaň. Meň işim bar…

— Bilýäs-le, seň işiňi. Nämäniň ugruna çykanyňa belet men.

Bu ýakymsyz gürrüň örän duýdansyz bölündi. Öýüň gapysy açylyp, içerä Serýožajygyň ejesi girdi. Ol gözleri bilen otagyň burçunda duran ikonany tapyp, doga okady. Soňra otagyň içindäkilere baş egip:

— Salam… Hojaýyn bilen öýüň bikesiniň janlary ömürbaky sag bolsun — diýdi.

Marfa Paraskowýa Iwanownanyň eline içi çüýşeli, gyzgynja kalaç çörekli hem-de obadan getirilen on sanyjak ýumurtgaly düwünçegi gysdyrdy. Beýle etmek Marfanyň öz kellesine geljek zat däldi, ony Katerina Iwanowna «okadyp goýberdi». Foma Pawlyç şobada ýumşady.

— Ine, munyňyz ýagşy iş, Marfa Mironowna… Tüýs ýerine düşdi. Paşa, hany, bize derrewjik heýgenek bilen ony-muny taýýarla.

Marfany hojaýynyň otagyna eltip, stoluň başynda oturtdylar. Foma Pawlyçyň keýpi göteriliberdi, ol lezzetden ýaňa ellerinem owkalaşdyrdy.

— Siz çagaňyzy alada edýän bolsaňyz gerek, Marfa Mironowna?! Gaýgy etmäň… Bar zady ýola salarys. Adam bolup ýetişer…

Heýgenek taýýar bolansoň, Kirilyçy çagyrdylar.

Foma Pawlyç bulgurlara şerbet guýuşdyryp:

— Ýeri, Kirilyç, täze işgäriň gelmegi bilen birek-biregi gutlaşalyň? — diýdi. — Ýuwaş-ýuwaşdan öwredibereris, nätjek dagy…

— Düşbüje bolsa, neneň öwretmejek? — diýip, Kirilyç bulgurjygy boşadyp, ikuçly jogap berdi. — Esasy zat — düşünjedir… Düşünjäň bolmasa, işiňem şowuna bolmaýar.

Birsalymdan hemmeler janlanyp başlady, hatda Paraskowýa Iwanownanyňam göwni açylyp gitdi.

Ol:

— Ýeri nätjek-dä, goý, ýaşasyn — diýdi. — Kem-kemden öwrenişer gider… Hemmelerem şeýdip başlapdy. Garagolluk etmese-hä, hasam gowy bolar.

Marfa ussahana bilen hojaýynyň otagyna syn etdi, oňa hem bu ýer edil Serýožajyga ýaramaýşy ýaly ýaramady. Foma Pawlyçyň ýaşaýyş şertleri o diýen öwerlik däldi…

IV

Marfa myhmançylykda bary-ýogy üç gün bolandan soň, öýüne ýygnanyp başlady. Bu Serýožajyk üçin gaty uly urgudy, ilkinji çaga hasratydy. Ol şeýlebir zaryn aglaýardy welin, hatda Katerina Iwanowna ony ýanyna alyp:

— Gaçyp gidäýmegem ähtimaldyr — diýip, ýoldaşyna ýüzlendi. — Munuň häsiýeti şeýle. Bärini ýürekgysgynç görer… Goý, entek Şurkajyk bilen oýnabersin.

Serýoža iki günläp köşeşer ýaly däldi. Ol elmydama oturgyçda oturan gyzjagaza — ýuwaş hem-de düşbüje Şurka örän bahym öwrenişdi. Ýarawsyz gyzjagaz ördek ýaly juda kynlyk bilen ädim ädýärdi. Serýoža oňa oba jäjeklerini ýasap, oba aýdymlaryny aýdyp bererdi, iň esasy zat bolsa, öz obasy hakynda dynman gürrüň bererdi. Şurajygam ähli zada düşünip, onuň bilen gürleşmegi gowy görerdi. Onuň düşünjesine görä, Serýožanyň obasy ýer ýüzündäki behiştdi. Gyzjagaz ömründe hapa howlulary bilen fabrigiň batgaly köçelerinden öňňe hiç ýerini görmändi. Ol bugdaý ekilen meýdanlary, bede ýyglyp, ysy janyňy alyp barýan çemenzarlygy, mallary, mellekleri, tokaýy, kiçijik çeşmäni, obanyň ak ybadathanasyny, gök öwsüp oturan oba köçelerini her näçe göz öňüne getirjek bolsa-da, bu oňa başardanokdy. Beýle düşünjesizlik Serýožany lapykeç ýagdaýa salýardy.

Ol gaýta-gaýta:

— Wah, Şurka, aýaklaň bir sag bolsady… — diýerdi.

— Onda näme bolardy, Serýoža?

Serýoža daş-töweregine seresaplyk bilen garanjaklap:

— Iki bolup bu ýerden gaçardyk!.. — diýip pyşyrdardy. — Ejemiň ýantorbasyny gördüňmi? Bizem edil şolar ýalakdan birini ýasanyp, onuň içini gury çörekden doldurardyk, soňam ýola düşerdik… Men ýola gaty gowy belet. Göni obamyza tarap giderdik… Ol ýerde bolsa hammamda bukulardyk… Soňra Ýakow daýylara barardym, onuň üç sany aty bar… Obada gowulaşyp gideniňi duýman galardyň!

Kiçijik Şura özüniň ullakandan örgünli başyny ýaýkap:

— Serýoža, men-ä gorkýan… — diýdi.

— Gorkar ýaly näme bar? Oba gyzlary ýaly sagdynja, berdaşlyja bolardyň… Hanha, sen düzüwli iýip-içibem bileňok, ol ýerde bolsa sogandyr turp bilen gara çörekden gerk-gäbe bolardyň, yzyndanam hezil edip kwas içerdiň… nädäýersiň semräp gideniňi duýman galaýsaň.

Şäherde ýaşap başlan ilkinji gününden bäri gaçyp gitmeklik baradaky pikir Serýožanyň aňynda pugta ornaşdy. Kalbynda beslenen bu umyt oglanjyga juda hoş ýakýardy, ol ony diňe Şurajyk bilen paýlaşmagy gowy görerdi.

Şonda Serýoža:

— Ýöne bu barada hiç kimiň ýanynda dil ýaraýma… — diýip, gyzjagaza berk tabşyrardy.

— Seni iň soňy tutarlar, gadyrdan…

— Men ellerinden dişlärin… Taýak alyp urşaryn…

Serýoža ussahana tiz öwrenişdi. Onuň etmeli işi o diýen kynam däldi. Ilkibaşda ol mumlanan sapaklardan bagjyk işýärdi, olara uçluk dakyp, gaýnadylan gara şepbigi çalýardy; soňra Kirilyç oňa derileri ezip ýumşatmagy, aýal aýakgaplaryna ýama salmagy öwretdi. Ilkinji baýramçylykda Serýoža Wanka çypardan ýumruk iýdi. Ýöne ol muny gahardan etmändi, muny täze gelen öwrenjeleriň ählisi däp hökmünde hökmany suratda başlaryndan geçiräýmelidi.

Şonda Wanka:

— Bizi-hä mundanam beter ýenjipdiler — diýip, Serýoža göwünlik berdi. — Sen-ä bir hakyky oba gutapçysy ekeniň-aý…

Petka sokurja bolsa, hamana, märekäniň adyndan gürleýän ýaly:

— Wanka, ýene-de bir gezek ýelmesene… — diýip, ýoldaşyny gižželeýärdi. — Görsene bu gutapçyň bolaýşyny…

Foma Pawlyç bilen Kirilyç hiç haçan Serýožanyň göwnüne degmezdiler, oňa gaty-gaýrym söz aýtmazdylar. Şol sebäpdenem oglanjyk şäherde ýüregiýuka adamlaram bar diýen netijä geldi. Paraskowýa Iwanownanyň Serýoža, hatda käwagt haýpam gelerdi. Oglanjyk baýramçylyklarda ussahanada ýekeje özi oturan mahaly, öý bikesi oňa:

— Iň bolmanda daşary çykyp, oglanlar bilen oýnaýmaly ekeniň-dä… — diýip söz gatardy.

— Olar urşup başlaýar.

— Senem gaýtargylaryny beräýerler.

— Olar menden uly…

Baýramçylyk günleri Serýoža üçin barypýatan ejirdi. Edere işem ýokdy, kellä bolsa obasy baradaky pikirler aralaşýardy. Ol käwagtlar daşarygam çykyp görýärdi, emma munuň soňy hiç haçan gowulyga ýazanokdy. Köçeler elmydama bimaksat, bikär aýlanyp ýören mähelleden doludy. Adamlar itenekleşip, gygyryşyp, alagalmagal turzup ýörerdiler. Agşamlaryna bolsa her dürli dawa turup, netijede-de urşa ýazardy.

Fabrik sebitiniň oglanjyklary baýramçylykda märekäniň içinde serçeler deýin ikibaka çarp urup, öz aralarynda uruş turzup, garagolçylyk edýärdiler, käte oýnaýardylar. Bu mejalsyz, ýüzleri gan-petsiz çagajyklar idili oýnam bilenokdylar… Serýoža olaryň ählisiniň birhili gyzmadygyna geň galardy. Şonuň üçinem ol uzakly gün ussahanadan çykman oturardy ýa-da Wasiliý daýynyň öýüne gidip, Şurkajyk bilen oýnardy.

Paraskowýa Iwanowna:

— Ýaman birhili çaga ekeni — diýip, uýasyna arz ederdi. — Deň-duşlaryna meňzänok…

— Sabyr et. Az-owlak öwrenişsin, ilden üýtgeşik ýeri bolmaz. Oba gylyk-endikleri ýadyndan çykyşmaly-da… Ýüregem gysýandyr…

— Wah, ýaman ýuwaşja-da özem…

Agşamlaryna Foma Pawlyç öýüne giç dolanýardy. Baýramçylyk günleri oňa birneme keýpini götermäge rugsat berilýärdi, Paraskowýa Iwanowna-da hiç zat diýenokdy. Hojaýyn stoluň başyna geçip:

— Serýoža, sen maňa düşünýäňmi… hä? — diýip gygyrardy. — Hany, bol, yzymdan gaýtala: «Ädik ussasy Foma Pawlyç Trenkin». Şeýle… Bu-la birinjiden… Ikinjidenem: «Trenkine käri kim öwretdi?». Nemes ädikçisi Adam Adamyç… Örän jür nemesdi. Şeýle… Näme üçindigini bilýäňmi? Sebäbi ol nemes… Hä… her wagtam şeýle!

Foma Pawlyç keýpi saz wagty elmydama kimdir birine göripçilik ederdi, ýogsam hiç kime ýamanlygam ýokdur. Ýa alty ýyllap halypasy bolan nemes Adam Adamyç, ýa bolmasa wezipeli adamlar deýin aýlyk alýan Wasiliý daýy, ýa-da iri mülkdarlar deýin ýaşaýan oba ilaty hakynda gözügidijilik bilen gürrüň ederdi…

— Serýoža, oba durmuşy-ha bu jelegaýlaryňkydan gowudyr… hä?

— Gowy…

— Şeýledir… Oba adamsynyň diňe ady obaly. Aslyýetinde obalylar nähili ýaşaýar?

— Her hili ýaşaýanam bar, Foma Pawlyç… Adamlar biri-birine meňzemeýär ahyry. Kimler juda mes ýaşaýar, kimler ortaça, käbirleri bolsa ýetde-gütdelikde.

— Ýetde-gütdelik diýýäňmi? Oba adamsy ýylda näçe gün zähmet çekýär? Bir tomus diýersiň, olam idili işlenenok… Ekdigiň bolany, hasyla garaşybermeli. Hasyl ýygnaňsoňam, näme — pejiň üstünde ýat-da, dynjyňy alyber, şeýdibem gyşy ötürýäň. Aram-aram degirmene giden bor, odun çapan bor — wessalam. Biz-ä arly ýyl iş diýip heläk boljak bolýarys, oba adamsynyň bolsa piňine-de däl… Menem ussahanamy taşlap, oba göçjek. Özüme mellejik edinerin, atym, sygrym, howlym bolar… iň esasysam, bularyň hemmesem özümiňki. Trenkin hiç kime borçly bolmaz… Şeýle dälmi, Serýoža? Wasiliý daýy bize bedibagt adamlar diýip dogry aýdýar. Depe-depe pul gazansagam, peýdasy näme, gazananyň sowalgaňa ýetenok, jübiňde elmydama it uwlaýar.

Wasiliý daýy hem aram-aram Foma Pawlyçlara aýlanar durardy. Olam baýramçylyklarda az-owlak keýpini göterip, oba ýaşaýşy, umumanam, durmuş hakynda gürrüň etmegi gowy görerdi. Keýpiçag wagty Wasiliý daýynyň elmydama Şurkajygyna haýpy gelýärdi, onuň, hatda gözüne ýaşam inýärdi. Serýoža ýanynda bolsa, ol özüni hemişe agras alyp barardy, her gezegem Foma Pawlyça:

— Ýeri, ýegenjigim nähili? Guduz açanokdämi?.. — diýip sorag bererdi.

Näme üçindir Serýoža hiç kimde doly ynam döredenokdy, ol iru-giç bir hokga çykaraýjak ýalydy. Bu müňkürligiň ýöne ýerden däldigi günleriň birinde hemmelere äşgär boldy. Ilki bilen Paraskowýa Iwanowna zenanlara mahsus bolan ýiti görgürligi bilen pejiň burçunda gara çöregiň gyňaklarynyň peýda bolup başlandygyny gördi. Birdenem olar bir ýerlere gaýyp boldular. Paraskowýa Iwanowna Serýožany yzarlap başlady, şeýdibem oňa oglanjygyň guradylan çöreklerini bukýan ýeri mälim boldy.

«Haý, zaňňarjyk… Gaçmaga taýynlyk görüp ýörendir… Misginsokar diýsäni» — diýip, öý bikesi içini gepletdi.

Soňra ol Serýožanyň köne-küşül matalardan özüne torba ýasanandygyny bilip galdy. Oglanjyk agşam düşegine geçende, Paraskowýa Iwanowna bu torbany ýuwaşlyk bilen getirip, ýoldaşyna görkezerdi.

Şonda Foma Pawlyç:

— Diýmek, näme, ähli zat dogry bolup çykýar — diýdi. — Azyk-suwlugyny-ha taýýarlapdyr… Indi diňe otluçöp bilen pyçak alaýmak galýar… Bularsyz ýola düşüp bolmaýar… Görýän welin, körpäniň gaty çyny, how!

Serýoža tutuş gyşy diýen ýaly gaçmaklyga taýýarlyk görüp geçirdi. Her gezek nahar wagty ol bir döwüm çöregi ýany bilen alyp gidip, ony peçde guradardy. Soňra Foma Pawlyçyň aýdyşy ýaly, Serýožanyň torbasynda bir guty şwed otluçöpi peýda boldy. Ejesi oglanjyga bäş köpük goýup gidipdi, Serýoža-da şonuň bir köpügini otluçöpe sowdy. Indi diňe pyçak edinäýmek galýardy. Ony dört köpüge satyn aljak gümanyň ýokdy, ogurlamak bolsa gelşiksizdi.

Foma Pawlyç:

— Torbasyna pyçagam bir salsyn, şonda ele düşüreris — diýen netijä geldi. — Kanuna görä hereket etmegi talap edýär… Her wagt…

Maslenisa ( Maslenisa — slawýanlaryň we käbir beýleki halklaryň gyş bilen hoşlaşyk baýramçylygy.) baýramynyň öňüsyrasynda Serýožaň torbasynda pyçagam peýda boldy.

Foma Pawlyç:

— Indi-hä besdir! — diýdi. — Wasiliý daýyny çagyrmagyň wagty boldumyka diýýän. Goý, özi çözsün… Biziň-ä munuň göwnüne degen ýerimiz bolmady.

Iň aýgytly pursady Katerina Iwanownanyň Serýoža biygtyýar haýpy geldi. Wasiliý daýy ony ýençse gerek.

Ine-de, şol ýowuz gün gelip ýetdi. Bu baýramyň öňüsyrasyndaky ýekşenbe günüdi. Wasiliý daýyny çagyrdylar. Paraskowýa Iwanowna eýýäm egnaşyr gaýyş kemeri tikilip goýlan goştorbany häzirledi.

Wasiliý daýy:

— Bu näme boldugy? — diýeninde, sesi çasly çykdy.

Serýoža gorkusyndan ýaňa duw ak boldy-da, sessizje gahar bilen Paraskowýa Iwanowna seretdi.

Onuň temmisi şu ýerde, ussahananyň içinde berildi. Wasiliý daýysyna Wanka çyparam «ak ýürekden» kömek berýärdi. Serýoža diňe agyrydan ýaňa çalaja yňňyldap, ýekeje gezegem gygyrmady.

Daýysy gahardan ýaňa kellesi göçüp:

— Men saňa gowy sapak bererin, bihepbe! — diýip gygyrýardy. — Saňa edilen ýagşylygyň jogabymy şu?

Ol Serýožany ýene-de urjak bolanda, Paraskowýa Iwanowna oglanjygyň arkasyny tutup:

— Sapak edinerlikçe bolandyr — diýip, Wasiliý daýyny saklady. — Çagalyk edäýendir-dä… Biziň düşünjämiz bir aýry, onuňky bir aýry.

V

Almytyny alandan soň, Serýožanyň ilkinji pikiri Foma Pawlyçyň ähli bela-beteriň düýp sebäbi bolan ussahanasyny ýakmakdy. Emma ussahana tutaşdygy tutuş jaý, iň esasam, Şurkajygyň ýaşaýan agaç öýi-de ýanyp biljekdi. Şonuň üçinem bu pikir başga bir meýle — Newa derýasy bilen akyp gitmek meýline orun berdi. Ýöne munuň üçinem birneme garaşmaly boldy, çünki bu wagt Newa tutuş doňupdy. Serýožanyň bolsa juda sowuk suwdan gorkýanlygy sebäpli, buz ýaly derýa bökesi gelmedi.

Oglanjyk tutuş baýramçylygy öýde geçirdi, ol ne köçä, ne-de howla çykdy. Göwnüne, daşarda göründigi, hemmeler oňa barmak görkezip:

— Serediň, hanha, obasyna gaçjak bolup, Wasiliý daýydan taýak iýen oglanjyk şol… — diýäýjek ýalydy.

Günleriň birinde Serýožanyň ýanyna Katerina Iwanowna geldi-de, oňa şeýle diýdi:

— Sen nä bize baraňok, didaryňy görmäge zar bolduk-la… Şurkajygyňam sensiz içi gysýar. Ýör, bize gideli.

Serýoža Wasiliý daýylara gitmäge gorksa-da, özüniňem Şurkany juda göresi gelýärdi. Şonuň üçinem ol özüne zor salyp, Katerina Iwanownanyň yzyna düşdi. Onuň bagtyna, Wasiliý daýy-da öýde däl eken. Şurka Serýožanyň gelenine iki bolup bilmän, oňa şeýle diýdi:

— Sen kakamdan gorkup oturma, ol aslynda, örän gowy adamdyr…

Katerina Iwanowna hem ýoldaşyny aklady:

— Bir ýalňyşdan är ölmez. Bu durmuşda her hili zatlar bolup geçýändir… Ýöne ýeri gelende aýtsak, seňem etjek bolan işiň onçakly öwerlik däl. Iň bolmanda, Şurkajyga bir haýpyň gelmelidi: gaçyp giden bolsaň, ol kim bilen oýnardy?

Serýožanyň kalbyna rahatlyk aralaşdy, onuň ýüki ýeňlän ýaly boldy. Hakykatdanam, ol kiçijik, ýarawsyzja Şurkany unudan eken.

Gyzjagaz:

— Sen menden gaçjak bolupsyň — diýip, Serýoža aglamjyrap ýüzlendi. — Gaýtam, seniň özüň ýaramaz ekeniň…

Serýoža hem gözüne ýaş aýlap başlady, ol bir tarapdan dogduk obasyny küýsese, beýleki tarapdan bu syrkawja şäher gyzjagazyna ýüregi awady.

Wagt bolsa bir ýerde duranok. Aradan günler, hepdeler, aýlar geçdi… Serýoža öňküsi ýaly elmydama obasy hakynda pikir edip gezerdi, ol ullakan adam bolup, öýüne dolanmagyň arzuwyndady.

Iki ýyldan soň ol eýýäm kiçiräk aýlygam alyp başlady. Mundan ötri, oglanjyk baýramçylyk günlerinde-de zähmet çekip, goşmaça gazanç edýärdi. Serýoža ilkinji gezek ejesine gazanan üç rubluny iberip bileninde, begenjiniň çeni-çägi ýokdy.

Wasiliý daýy hem onuň öwgüsini ýetirdi:

— Berekella! Ene-atasyn ýatlany Biribaram unutmaz — diýdi. — Obaňa dolanasyň gelýärmi?

— Ullakan bolamda hökmän dolanaryn, daýy.

Serýoža indi daýysyndan birjik-de gorkanokdy, onuň bilen dogumly gürleşýärdi. Wasiliý daýynyň özi-de oba, durmuş barada gürleşmegi gowy görerdi.

— Daýy, sen näme üçin oba göçeňok? — diýip, Serýoža geň galyjylyk bilen sorag berdi.

— Wah, ýöne… Bu taýyk halys öwrenişipdirin, indi men ol ýerde edil sogrulan diş ýaly ýat adam. Heý, mendenem bir daýhan bormy… Biderek gülkä galaryn. Fabrikde bolsa özümi öýümde ýaly duýýan… Esasy zat, men ýeke däl — bu ýerde biz ýalylaryň müňlerçesi ýaşaýar. Il bilen gelen toýda baýram diýlişi ýaly… Özüňi düzüw tutsaň, bu ýerde-de gowy ýaşap bolýar.

Serýoža agrasdan zähmetsöýer oglan bolup ýetişdi, Wasiliý daýy ol barada her gezek:

— Munuň örän uly geljegi bardyr. Duruberiň bakaly, entek hemmämizden ökde çykar… Obaň gujur-gaýratyny siňdiren oglanjykdyr bu — diýerdi.

Foma Pawlyç diňe başyny ýaýkardy. Hakykatdanam, oglanjyk örän başarjaň, onuň ökde işgär bolup ýetişjegi ikuçsuz.

Serýoža hemişekisi ýaly işinden boş wagtlaryny Şurkanyň ýanynda geçirmegi gowy görerdi. Gyzjagaz öňküsinden biraz ulalanam bolsa, şol syrkawlygydy. Onuň ýüzi elmydama duw akdy, özi hem zoraýakdan ýöreýärdi. Serýoža onuň bilen edil çaga ýaly oýnaýardy. Katerina Iwanowna bolsa indi oglanjyga has höwrügip, ony her gezek gadyrly myhman hökmünde garşy alýardy, özüniň şäherde önüp-ösenligi sebäpli, Serýožanyň obasy hakyndaky berýän gürrüňlerini hezil edip diňleýärdi.

Katerina Iwanowna:

— Serýoža, oba baranyň bilenem, ol ýerde nämä güýmenjek? — diýip, oglandan sorardy.

— Aý, edere iş kän… Ýer agdararyn, ekin ekerin, mal-gara üçin ot oraryn. Men dogabitdi daýhan ahyry, maňa obada hökman ýer bölüp bererler. At edinerin, gölejik… Ilkibaşda hojalygymyza ejem göz-gulak bolar, gyz jigimem ýetişip gelýär. Soňam näme, öýlenerin-dä, aýalsyzam bir hojalyk bormy…

— Hä, baýasyň gelýärmi?

— Aý, ýok-laý… Baýlyksyzam günümizi göreris. Esasy zat — şu haram içgiden daşda durmaly… Sebäbi şäherde-obada ähli belanyň başy şondan turýar.

— Rast aýdýaň, Serýoža.

Bu gürrüňleri diňläp oturan Şurka diňe käwagtlar uludan demini alardy. Ol şu wagt obada ýaşan bolsa, derdiniň dep boljagyna berk ynanýardy.

— Elbetde, sagalyp giderdiň — diýip, Serýoža onuň pikirini goldardy. — Gör, obaly gyzlaryň ählisi edil tut ýalydyr. Fabrikçiler bilen-ä deňär ýalagam däl…

— Hawa, munyň-a dogry… Fabrikçiler-ä bolýar-da ýöne… çöpe jan berlen ýaly!

Waska çypar bilen Petka sokur «obaly gutapçy» bilen bireýýäm ýaraşypdylar, çünki Serýoža olara kyn günlerinde telim gezek kömek beripdi. Ýaş ýigitler gezegendi. Çekýän keýpi-sapalaryndan ýaňa işlerindenem elleri sowaşdy. Kirilyç muňa gaharlanyp, hüňürdäp gezerdi, Paraskowýa Iwanowna bolsa beýle bidüzgünçilik dowam etdirilse, olaryň gümüni çekjekdigini duýdurdy. Ol:

— Gör, nähili epeý oglanlar bolup ýetişdiňiz — diýip igenerdi. — Akylyňyza aýlanmaga bireýýäm çen boldy. Bir gün ýagşy, iki gün ýagşy, siziň deregiňize işlejek adam-a tapylmaz.

Foma Pawlyçyň özi aram-aram şägirtleriniň meýlisine goşulyşyp ýörensoň, bu ýagdaýa sesini çykarman, dymyp gezerdi. Kirilyçyň hem aýda-ýylda bir gezek hiç kime duýdurmazdan iki hepdelik ýitip gidäýmek edähedi bardy. Şeýlelikde, Serýoža ussahanada işine gaýym ýeke-täk adam bolup galdy. Ol üç ýylyň dowamynda eýýäm hakyky ussalar kimin işlemegi öwrendi. Diňe ölçeg alyp, biçüw işlerini geçirmeli bolanda biraz aljyrardy… Bu ýerde ýalňyşmak aňsat!

Foma Pawlyç hem oglanjyga ýüzlenip:

— Sen Serýoža, neme, gaýrat ediber — diýerdi. — Düşünýäňmi? Seniň halypaň Foma Pawlyç Trenkin — hakyky aýakgap ussasydyr, men abraýymy ýere dökesim gelenok… Ädik ussaçylygynda meniň özbaşdak bir ýolum bardyr… Her wagt şondan…

Serýoža hem yhlas ederdi. Ýerzemindäki ýaşaýyşdan hem-de işden ýaňa oglanjyk juda horlanypdy, boýy uzalyp, ýüzünde-de ähli ussalara mahsus agraslyk peýda boldy. Oglan öňküsi ýaly aýagy şypbykly, egni-de kirlije öňlükli zähmet çekerdi. Emma baýramçylyk günleri Serýoža eýýäm hakyky şäherli oglanlar ýaly — begres papak, penjek bilen mawut balak geýerdi. Bu şäher geýiminiň üstüni rezin galoşlar, drapdan tikilen köneje palto bilen saýawan ýetirerdi. Wasiliý daýy ýegenini bu eşikde ilkinji gezek görende, oňa haýran galyp:

— Bäh, Serýoža, saňa-ha indi diňe öýlenäýmek galypdyr — diýip, biygtyýar guwanç bilen seslendi. — Hawa… Duruber bakaly, ine, obalylygyňdan nam-nyşan galmaz.

Şeýdibem aradan bäş ýyl geçdi. Soňky ýyllaň içinde oglan özüne az-kem pulam toplap ýetişdi. Ol ussaçylygyň kämillik ýaşyna ýeten güni Foma Pawlyçyň ýanyna baryp:

— Hojaýyn, indi-hä ikimiz üzülişäýdik öýdýän — diýdi.

— Ýeri, onsoň näme?

— Men-ä obama dolanmakçy…

— Hä, işim bitdi, antym ýitdi diýsene? Her wagt şeýle…

Foma Pawlyç Serýožadan juda gaty görüp, Wasiliý daýa arzyny ýetirmäge howlukdy. Wasiliý daýy Foma Pawlyçy ünsli diňläp, ýeňsesini gaşady:

— Etjek alajymyz ýok, Foma Pawlyç… Towşana dogduk depe diýleni…

— Men onsuz näme işläýin? Her wagt… Paşa-ha eşiden badyna zörledip aglamaga durdy… Ol biz üçin edil oglumyz ýaly, hemmeler ony gowy görýär. Iň esasy zat — içginiň golaýyna-da baranok, özüni elmydama tertipli alyp barýar.

Serýoža hemmeler bilen ýekän-ýekän hoşlaşdy. Şurka onuň gaýdyp barýanyna hemmelerden beter gynanýardy. Ol Serýoža mümkin boldugyça seretmejek bolup, sesini çykarman, gama batyp durdy.

Wasiliý daýy ýegenine ýüzlenip:

— Daýhançylyk etjekmi? — diýip sorady.

— Daýhançylyk etjek… Gyşyna-da ädik tikerin.

— Şeý diýsene… Ýeri näme, erbet iş-ä däl. Hudaý ýaryň bolsun. Foma Pawlyç ikimizem myhmançylyga barar durarys.

— Hökman geliň, gadyrly garşylarys… Hoş galyň onda, ýagşylykda ýatlaşyp duraly.

Katerina Iwanowna bilen Paraskowýa Iwanowna, hamala, öz ogullaryny ugradýan ýaly zaryn aglaýardylar.

Güýz aýlarydy, ilkinji ýagmyrlar ýagyp, günler hem gysgalyp başlady. Agşamlaryna ussahanada Serýožany ýatlardylar, bu ýerdäkileriň oňa gözleri gidýärdi. Hemmelerden beter Foma Pawlyç:

— Indi-hä orak möwsümem gutarandyr, obalylaram ammarlaryny bugdaýdan dolduryp ýatandyrlar — diýip, düşnüksiz ahmyr bilen gürleýärdi. — Toý tutup ýörendirler… Elinje arpa suwy, iýjek-içjek zatlary özlerinden önýär. Her wagt… Wah, durmuş diýip şoňa diýäýseň!

Laýyk üç hepdeden soň, ýarygijede ussahana Serýožanyň girmegi hemmeleri aňk-taňk etdi.

Foma Pawlyç bu ahwala geň galyp:

— Sen nirden peýda bolduň! Ine, saňa gerek bolsa! — diýdi.

— Bolan ýerimde eýýäm hiç zat ýok — diýip, Serýoža ikuçly jogap berdi.

Şol gije Wasiliý daýynyň öýünde uludan toý-meýlis tutuldy. Serýoža öz puluna dürli-dümen näz-nygmatlary satyn alyp gelipdir. Wasiliý daýy, Foma Pawlyç, olaryň aýallary bilen Kirilyç dagylar oglanyň ýazan saçagynyň başynda jem boldular.

Wasiliý daýy:

— Wah, jan inim, sen-ä tüýs oňaraýdyň-ow. Biz-ä saňa göriplik edip otyrdyk welin, yzyňa dolanyp geliberdiň — diýip, Serýoža ýüzlendi.

— Ýüregim gysdy, daýy… Oba-da indi ýat ýaly bolup dur, adamlaram… Şähere gaýdasym geldi… Gyşyna ol ýerde edere üýtgeşik işem ýok, ädigem tikdirilip barlanok. Bir ädikçi adym bar diýmeseň. Hatda gijelerine-de hemmäňiz gözümiň öňünde: Foma Pawlyçam, Wasiliý daýam, Kirilyçam… Garaz, şeýdägede şähere gaýtmagy ýüregime düwdüm… Diýmek, maňlaýyma ýazylany şudur-da!.. Şurkajyga-da dözmedim…

Rus dilinden terjime eden Kerim KULYÝEW

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle