Li­mon sat­ýan og­lan­jyk (He­ka­ýa)

Li­mon sat­ýan og­lan­jyk (He­ka­ýa)

Nu­ran AKAÝ­DYN,
türk ýa­zy­jy­sy

Orta mekdebiň soňky synpynda okaýardym. Kakam Çankyryda harby işgärdi. Bizem harby ýaşaýyş toplumynda ýaşaýardyk. Goňşy oglanlaryň hemmesinde tigir bardy, bir mende ýokdy. Okuwy-da tamamladyk. Kakamyň ýanyna baryp, tigir alyp bermegini haýyş etdim. Kakam bolsa:

— Işle-de, özüň al — diýdi. Men ony nädip almalykam!?

Bir gün kakam meni Çankyryň merkezinde ýerleşýän bazara, her kimiň tanaýan, degişgen limon satyjysynyň ýanyna alyp bardy. Limon satyjydan bir tor sebet limon aldy-da:

— Ine, al şuny. Bergiňem şunça. Laýyk bir aýdan bergiňi berersiň — diýip, elime sebedi tutdurdy.

Seretsene bolýan zatlara! Men-ä tigir alyp ber diýýän, kakam bolsa elime bir tor sebet limon tutduryp: «Bar, sat» diýýär. Dogrusy, şeýle gaharlandym.

Ertesi çarşenbe güni daň bilen Çankyryň bazaryna bardym. Limonly sebedimi açagada goýdum-da, satmaga başladym. Goňşy daýzalardyr dostlarymyň ejeleri gapdalymdan geçende, utanjymdan ýüzüm gyzaryp, ýere giräýjek bolýaryn. Ep-esli wagtdan soň, meniň ýagdaýymy eşiden käbir dostlarym meni görmäge geldiler. Olaryň aýaklarynda, üst-başlarynda dünýäniň iň meşhur firmasynyň iň soňky nysakdaky owadan aýakgaplarydyr eginbaşlary. Men bolsa Günüň aşagynda limon satyp, geýinme-beýleki ýadyma düşenokdy.

Soňky hepdelerde dostlarymyň hersi eline syganja limonlardan alyp, bazarda aýlanyp, satmaga başladylar. Men bolsa kakama ýatsam-tursam gaharlanýardym. Iki aý geçdi, limon satyp gazanan ählije pulumy aldym-da, kakamyň kitap okaýan otagyna bardym. Pullary öňünde goýup:

— Maňa tigir alyp ber — diýdim-de, otagdan çykyp gaýtdym. Edil türk kinolaryndaky ýaly boldy.

Nähili guwandyryjy! Nähili buýsandyryjy! Kakam maňa bal reňkli, çarhly, aňrybaş firmanyň öndüren ajaýyp tigrini alyp berdi. Ençeme ýyllardan soň, kakamyň öňünde hondanbärsi bolup goýup gaýdan puluma tigir-ä beýlede dursun, tigriň pedalyny hem alyp bolmajakdygyna göz ýetirdim. Kakam asyl maňa puluň, gazanjyň, zähmet çekmegiň gadyr-gymmatyny öwreden eken. Kakamyň gazanjyna göz dikip, ulalan çaga bolan bolsam, mende şu wagtky sarsmaz ruhumdan nam-nyşan bolmazdy.

Ana, şol günden soň kakamdan hiç wagt pul soramadym (Ýene-de birzatlar satdyrar öýdüp däl).

Birnäçe ýyllardan soň öz hususy şereketimi gurmaga başladym. Enem-atam ellerinde barjasyny, hatda ulaglaryny hem garşylyk görkezenime bakman, maňa kömek bolsun diýip berdiler.

Çagalaryňyza berip biljek iň gymmatly sowgadyňyz, özüňiziň oňat, nusgalyk göreldäňizdir.

Türk dilinden terjime eden Abdulmejit MYRADOW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle