Surat (No­wel­la)

Surat (No­wel­la)

Gi de Mopassan,
fransuz ýazyjysy

Deňämde duran kimdir biri:

— Eý, Milýal! — diýip gygyrdy.

Men ady agzalan adama tarap ýüzümi öwürdim. Bu kişi bilen köpden bäri tanyşmak isleýärdim.

Onuň ýaşy durguşandy. Öçügsi ak saçlary demirgazyk halklarynyň ýek-ýarymynyň arasynda ýoň bolan ýüň gulakjyna çalym edýärdi, döşüne ýetip duran ýumşakdan uzyn sakgalynyň hem ýüňden tapawudy ýokdy. Ol çala öňe eglip, bir zenan bilen eşidiler-eşidilmez gepleşip durdy. Milýal söhbetdeşine mähir, şol bir wagtda çäksiz hormat bilen garaýardy. Men onuň durmuşyndan habarlydym, iň bolmanda ilden eşidenlerimi bilýärdim. Ony ynsanlary aňsatlyk bilen özüne maýyl edip bilýän nazarkerde adam hökmünde suratlandyrýardylar. Her gezek hetdenaşa öwgüsini ýetirýän zenanlardan onuň bu güýjüniň nireden gözbaş alýandygyny soranymda, olar az salymlyk dymyşlykdan soň:

— Dogrusy, özümizem bilemzok… Onda birgeňsi mähremlik bar — diýip jogap bererdiler.

Hakykatda, ol adamlaryň ünsüni çekmek üçin hökmany hasaplanýan surat ýaly görmegeý diýilýänleriň hilinden däldi. Men öz-özüme: «Onuň özüne çekijiliginiň syry nämedekä?» diýip sowal bererdim. «Gepe çeperligindemikä? Beý diýseňem-ä, hiç kim onuň dilewarlygyndan söz açmandy, ýa-da onuň ýiti akylyny magtamandy… Dünýägaraýşyndamyka?.. Mümkin… Belkem, sesindedir? Käbir adamlaryň sesi diýseň ýakymly bolýar. Ana, şeýle sesli kişileri diňledigiňçe diňläsiň gelýär, olaryň agzyndan çykýan her bir jümle saňa çäksiz maza berýär.

Ýoldaşlarymyň birinden:

— Sen jenap Milýaly tanaýaňmy? — diýip soradym.

— Hawa, tanaýan.

— Haýyş edýän, menem tanyşdyrsana!

Gadyrly el gysyşanymyzdan soň, onuň bilen gürrüňe gyzyşyp gidipdiris. Jenap Milýalyň gepleri gulaga ýakymlydy, olar hakykatyň hut özi bolup eşidilýärdi, ýöne mazmun taýdan hiç hili gymmaty ýokdy. Onuň sesi ýakymly we ýumşakdy, mähirli hem labyzlydy, ýöne maňa onuňkydan has maýyl ediji, has tolgundyryjy sesleri eşitmek hem miýesser edipdi. Söhbetdeşimiň sesi hut şaggyldap akýan dury çeşmäniňki kimin jana ýakymlydy. Milýalyň pikir ýöredişini yzarlamak üçin zehiniňi ýakmaly däldi — ol bilkastlaýyn dymmak arkaly bilesigelijiligiňi gižželemeýärdi, sözüne dyngy berende-de diňşirgendirmeýärdi. Bu gürrüňdeşlik sözüň doly manysynda dynç alşa çalym edýärdi. Onuň gep ýöredişi sende ne garşy çykmak, ne-de uly höwes bilen razylaşmak islegini döredýärdi.

Onuň soraglaryna jogap bermek hem ony diňlemek kimin ýeňildi. Milýal sözüne dyngy berdimi, jogap dessine öz-özünden döreýärdi, sözler şeýlebir ýeňillik bilen diliňe gelýärdi welin, muňa onuň gürrüňleri sebäp bolýan ýalydy.

Bahym meni ýene bir zat haýran galdyrdy. Söhbetdeşimi bary-ýogy on bäş minut tanaýan, emma oňa köne dostum däldir öýdemok, hamala diýersiň, onuň ýüzem, sesem, hereketem, hatda pikirem maňa öňden bäri tanyş ýaly.

Ýene birsellem gürrüňdeş bolanymyzsoň, ikimiziň aramyzda birgeňsi ýakynlygyň peýda bolandygyny duýdum. Ähli gapylar açykdy, eger islese, täze tanşyma diňe ýegre dostuňa aýdylýan ýaşyryn zatlarymyň ählisini paş edip bilerdim.

Dogrusy, munuň aňyrsynda bir syr ýatan bolmaly. Adamlaryň arasyndaky böwetler bir-biregi sulhuň almagy, bähbitleriň umumylygy, ruhy garaýyşlaryň meňzeşligi hem-de ýygy gatnaşyklaryň netijesinde assa-assadan ýok bolup gidýär — emma biziň aramyzda şeýle böwetler asla ýok ýalydy, onuň bilen gabatlaşmak miýesser edýän islendik kişi bilen hem arasynda hiç mahal böwet bolmaýana meňzeýär.

Ýarym sagada çeken gürrüňdeşlikden soň, ýene duşuşmagy wadalaşyp hoşlaşdyk. Ertesi gün bilelikde ertirlik edinmäge çagyryp, öz salgysyny berdi.

Men belleşilen wagtdan has ir gelipdirin. Ol heniz öýüne dolanmandyr. Mylakatly we dymma hyzmatkär meni garaňkyrak bolsa-da, diýseň rahat myhman otagyna alyp bardy. O ýerde men özümi edil öýümde ýaly duýdum. Öýleriň adamyň häsiýetinedir keýpine ýetirýän täsirini men, gör, näçe gezekler syzypdym. Käbir otaglarda özüňi barypýatan akmak ýaly duýýaň, käsinde bolsa, tersine, göwnüň göterilýär. Kä otaglar diwarlarynyň altynsow ýa-da açyk reňkdedigine garamazdan tukatlandyrýar, käsi welin, sada reňkde bolsa-da, näme üçindir, keýpiňi göterýär. Biziň gözümiziň hem edil ýüregimiziňki ýaly özüne mahsus halamak we ýigrenmek duýgulary bar. Olar özümiz bilmezden, keýpimize täsirini ýetirip bilýär. Öýüň bezegi, ýagny öý goşlar bilen diwaryň sazlaşygy biziň ruhy dünýämize, edil tokaýyňdyr dagyň ýa-da deňiz howasynyň adam bedenine täsir edişi ýaly, gönüden-göni täsirini ýetirýär.

Men üstüne ýassyk bary oklanan diwanda jaýlaşykly oturdym. Şonda ýelek bilen doldurylan bu ýüpek ýassyklar, hamana, bedenimiň şekiline we agramyna görä ýörite tikilen dek, maňa öz mymyjak goýnunda çäksiz ynjalyk berdi.

Men eýläme-beýläme seretdim. Otagda gözüňe ilip duran üýtgeşik zat ýokdy. Owadan we şol bir wagtda sada goşlar gelşikli edilip ýerleşdirilipdir, gündogar matalary dükandan satyn alnan däl-de, göni haremhanadan getirilene çalym edýärdi, gabat garşymda bolsa bir zenanyň suraty asylgydy. Ol guşaklygyna çenli çekilipdir — suratda zenanyň kellesi, göwresi we kitap saklap duran elleri şekillendirilipdir. Alny göni açylan saçynyň üstünden başgap geýmändir, özem tukat ýylgyryp durdy. Başy açyk bolany sebäplimi, ýa bolmasa synasyny tutuşynyň tebigylygy üçinmi biljek däl, ýöne häzire çenli hiç bir zenan portretiniň hut şu otagdaky surat deýin öz duran ýerine tüýs ýaraşyşyna gabat gelmändim. Görmek miýesser eden zenan portretlerimiň ählisinde diýen ýaly ýasamalyk syzylýardy — ýa zenan öte geýnüwlidir, saçyna-da hetdenaşa timar berlendir, özem ilki bilen suratkeş, soňra-da portretini synlajak beýleki adamlar üçin ýörite bir görnüşde durmalydygyny hiç unudýan däldir ýa-da ol ýörite saýlanyp-seçilen öý geýiminde erkin halda durandyr.

Beýleki suratlardaky adamlar gündelik durmuşynda uzak wagtlap durup bolmajak şekilde — ýagny gözelliklerine gözellik goşup, başlaryny dik tutuşyp, dabaraly sypatda uzaboýuna şekillendirilipdir. Sarsmaz portretlerde doňup galan bu ynsanlar durşuna näz bilen kereşme. Her suratda näme-de bolsa bir maýda-çüýde zat göze ilýär — güljagaz ýa-da şaý-sep, köýnek epinleri ýa-da dodak ýygyrtlary. Olar, şübhesiz, has uly täsir ýaradyp bilmek üçin suratkeş tarapyndan goşulandyr. Kellesine başgap ýa tornagyş atylan, ýa bolmasa saçlar örtüksiz goýlan bolsun, tapawudy ýok, ýöne siz portretde näme-de bolsa bir zadyň ýasamadygyny gürrüňsiz syzýaňyz. Asyl nusgasyny görmänsoň, şol ýasama zadyň nämedigini anyk aýdyp bileňok, ýöne munuň şeýledigini tutuş süňňüň bilen duýýaň. Hamana diýersiň, zenan biriniňkä myhmançylyga gelip, o ýerde-de özüniň ähli oňyn taraplaryny görkezmek isleýän ýaly. Onsoň onuň islendik sypaty, sada ýa-da dabaraly bolsun, tapawudy ýok, elmydama ýasamadyr.

Bada-bat ünsümi çeken bu zenan barada näme aýdyp bolar? Ol bu surat çekilýärkä öýünde ýeke özi bolandyr. Hawa, ol öýünde ýalňyz oturandyr, çünki onuň ýüzündäki ýylgyrma alamaty ýekelikde haýsydyr bir tukat we şol bir wagtda ýakymly bir zat barada pikir edilende peýda bolýan ýylgyryşyň hut özi. Biri saňa seredip durka beýle ýylgyrmak mümkin däl. Zenan şeýlebir ýalňyz hem-de şeýlebir öýdeçidi welin, men bu giň otagda ondan başga hiç zady, ynanyň, hiç bir zady saýgarmaýardym. Ol bu ýerde bir özüdi, ähli ýetmezçiligi ýeke özi doldurýardy, hemme zada bezeg berýärdi. Bu ýere näçe diýseň adam gelip biler, olar gürleşip, gülşüp, hatda aýdymam aýdyp bilerler, ýöne suratdaky zenan özüniň ýalňyzlyga ýugrulan ýylgyryşy bilen bu öýde hemişe ýeke özi galar hem-de üýtgewsiz bakyşy bilen täk özi bu otaga görk berer.

Bu bakyş hem düýbünden tapawutlydy. Onuň mähirli we üýtgewsiz nazary meni saýgarmasa-da, hut mende eglenýärdi. Aslynda, portretleriň ählisi özüne seredilýändigini bilýär, olaryň ählisi saňa göreçleri bilen jogap berýär, olar bizi görýär, pikir edýär hem-de mesgenleri bolan bu otagdan tä çykyp gidýänçäň seni üznüksiz synlaýar.

Nazary mende eglenen hem bolsa, bu zenan meni görmeýärdi, hakykatda hiç zat saýgarmaýardy. Birdenkä akylymda Bodleriň ( Şarl Pýer Bodler — 1821-1867-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen fransuz şahyry we tankytçysy.) ajaýyp setirleri janlandy: «Seniň suratyňka çalymdaş ýesir ediji bakyşyň…».

Suratkeş tarapyndan şekillendirilen, birmahallar ýaşap geçen, mümkin häzir hem ýaşap ýören bu zenanyň göreçleri meni hakykatdanam özüne bendi edipdi, süňňümi häzire çenli maňa ýat bolan birgeňsi we üýşendiriji ynjalyksyzlyk duýgusy bilen doldurypdy. Görüň-ä, bu portret we hemişelik üýtgewsiz galjak bu göreçler neneňsi tükeniksiz, şol bir wagtda mähir bilen sypalap geçýän adaja şemal ýa-da melewşe, gyrmyzy, göm-gök alagaraňkylyga bürenen gök ýüzi kimin bendi ediji hem-de onuň yz ýany gelýän garaňky gije deýin tukat. Çotganyň ussatlyk bilen işledilmesi netijesinde döredilen bu göreçler bizden käte bar ýaly görünýän, emma aslynda ýok bolan zatlaryň ýa bolmasa zenanyň bakyşynda çala saýgardýan, emma kalbymyzda söýgi duýgusyny döredip bilýän zatlaryň syryny gizleýärdi.

Gapy açyldy. Içerik jenap Milýal girdi. Ol gijä galandygy üçin ötünç sorady. Menem irlänim üçin uzur diledim. Soňra men:

— Bu portretdäki zenanyň kimdigini sorasam, edepsizlik etdigim bolmaz-la?! — diýdim.

Ol:

— Bu meniň ejem. Ol örän ýaş aradan çykdy — diýip jogap berdi.

Diňe şonda men bu adamdaky birgeňsi özüne çekijiligiň sebäbine düşünip galdym.

Rusçadan terjime eden Kakamyrat GELDIÝEW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle