Pyrtykal (Nowella)
Akutagawa RÜNOSKE,
ýapon ýazyjysy
Gyş paslynyň bulutly agşamlarynyň biridi. Tokio gitmek üçin Ýokosoka ugraýan otla mündüm-de, petegimdäki bellenen ýere geçdim. Gözümi bir nokada dikip, otlynyň ugramagy üçin çalynjak jürlewügiň sesine garaşyp otyrdym. Näme üçindir çyralary bireýýäm ýakylan wagonyň içinde menden başga ne adam, ne-de ýolagçylary ugratmaga gelenler bardy. Bu ýagdaý meniň üçin birtüýsli geňdi. Daşarda diňe kapasadaky it gözüme ilýärdi. Şol pursat üýrýän itiň naýynjar sesi göräýmäge içki dünýämde gopýan harasat bilen baglanyşykly ýalydy. Ýadawlykdan, aladadan ýaňa kellämiň içi garly günüň buludy ýaly dumanlap durdy. Elimi penjegimiň jübüsine sokup, ses-üýnsüz otyrdym. Hatda jübimdäki gazetiň agşamky sanyny çykaryp, göz aýlamaga-da mejalym ýokdy. Her näme bolsa-da, ahyrsoňy jürlewük çalnyp, göwnüm az-kem karar tapana döndi. Kellämi azajyk yza egip, penjiräniň çüňküne goýdum. Gözümiň öňünden suw ýaly akyp geçjek otly ýol duralgasynyň gyrasyny synlamaga durdum. Otlynyň ýaňy bir ugrajak pursady kassa tarapdan aýak sesleri hemem ýolbelediň gaharly sesi gulagyma ildi. Edil şol wagt hem oturan ýerime on üç-on dört ýaşlaryndaky gyzjagaz kürsäp girdi. Otly çalaja silkindi-de, ýuwaşjadan herekete girdi. Kem-kemden yzda galyp barýan otly duralgasy ýolumyza täze görnüş berdi. Bularyň ählisiniň gurumly gara tüsse bilen gözden ýitip gidişini synlamak içiňi gysdyrýardy.
Ahyrsoňy uludan dem aldym-da, garşymda oturan gyzjagaza nazarymy aýladym. Onuň sowuga ýarylan gyrmyzy ýaňaklaryndan çen tutsaň obalydygy bildirýärdi. Boýnundaky köne ýaşylymtyl sary atynjasy gujagynda duran bukjasyna çenli uzalyp durdy. Sowukdan ýaňa çorlap giden elinde bukjasyny, beýleki eli bilen bolsa petegini gysymlap otyrdy. Daş keşbini halamadym. Öz ýanymdan onuň wagonyň içinde barlygyny unutmaga çalyşdym. Jübimdäki gazetiň agşamky sanyny çykaryp, dyzymyň üstünde goýdum. Daşarynyň ýagtysyna okajak bolup oturan gazetimiň ýazgylary wagonyň çyrasynyň ýanmagy bilen has aýdyň görnüp ugrady. Men göz gezdirip başladym. Emma ünsümi çekjek gyzykly habar tapmadym. Hemişekisi ýaly parahatçylykly ylalaşyklar, durmuş toýy ýaly habarlar bolansoň, derrew okap çykdym. Şeýle-de bolsa, eleşanja bir gyzjagazyň garşymda oturanyny ýadymdan çykaryp bilmedim. Şol wagt hem otly ýerasty geçelgä golaýlap ugrady. Ýerasty geçelgä golaýlap barýan otly, obaly gyz, içgysdyryjy habarlar — bu zatlar nämäniň alamatyka? Bularyň bary durmuşyň manysyzlygyny, birsydyrgynlygyny aňladanokmy? Birdenkä ähli zat gözüme manysyz görünmäge başlady. Gazeti bir gyra goýup, kellämi penjiräniň çüňküne goýdum-da, gözümi ýumup, uklajak boldum.
Aradan ep-esli wagt geçdi. Içimde erbet bir zat boljak ýaly duýgy peýda bolany üçin, gözümi açyp daş-töwerege göz aýladym. Şol pursat garşymda oturan gyzjagaz bar güýji bilen penjiräni açmaga synanyşýardy, emma penjire gozgananokdy. Gyzjagazyň sowuga ýarylan gyp-gyzyl ýaňaklary hasam gyzarypdy. Onuň burnuny çekişi, penjirä zor salyp açjak bolşy, alýan demi gulagyma ýakymsyz eşidilýärdi. Bu aljyraňňy haly meni ünjä goýupdy. Agşamyň alagaraňkysynda otlary bireýýäm guran depeleriň ýakynlaşýandygyny görüp, ýerasty geçelgä gelendigimizi bildim. Ýöne nämüçindir gyzjagaz otlynyň penjiresini açmaga synanýardy. Bu soragyň jogabyny tapmak üçin uzak pikir ýüwürdip oturmagyň zerurlygynyň ýokdugyny bilýärdim. Megerem, gyz kellesine gelenini edýändir. Şonuň üçinem gyzjagazyň perişan halda penjiräni açjak bolup durşuny biperwaý synlaýardym. Onuň bu edýän hereketi hasam içimi gysdyrýardy. Öz ýanymdan: «Penjire açylmaýbilseýdi» diýip pikir ýüwürdýärdim.
Otly gaty sesini edip, ýerasty geçelgä girdi. Şol wagtam gyzjagazyň ep-esli wagt bäri açjak bolýan penjiresi şakyrdap açyldy-da, wagonyň içi gara tüsseden doldy. Dem almak kynlaşansoň, derrew elýaglygyma ýapyşdym, ýöne peýdasy degmedi. Eýýäm gurumly tüsse agzymdan girip, burnumdan çykyp ýetişipdi. Üsgülewügim tutup, üsgürmekden ýaňa döşüm ýara bolara geldi. Ýöne gyzjagazyň piňine-de däldi. Ol kellesini penjireden çykaryp, garaňky şemala ýüzüni tutdy-da, otlynyň barýan ugruna seretmäge durdy. Gyzjagazyň ýüzüne düşüp duran saçlary penjireden gelýän şemala seçelenýärdi. Gara tüssäniň içinde gyzjagazy synlap durşuma, birden wagonyň içiniň kem-kemden ýagtylýanyny duýdum. Penjireden çygly topragyň, otlaryň ysy, mylaýym howa girensoň, üsgülewügim galdy. Eger galmadyk bolsa, gyzjagaza käýinmek pikirim ýok däldi. Otly ýerasty geçelgeden çykyp, otlary bireýýäm guran iki sany dagyň arasynda ýerleşýän bir obajygyň deňinden geçip barýardy. Gamyşdan, palçykdan edilen köneje öýler şeýlebir ýakyndy welin, biri-biriniň üstünde diýen ýaly salnypdyr. Daşarda, agşamyň alagaraňkylygynda demirýol duralgasynyň nobatçysynyň ysgynsyzja goly bilen galgadýan köneje kiçijik ak baýdajygyny saýgarmak bolýardy. Bu jemendesiz otly ýol duralgasynyň gyrajygynda üç sany oglanjyk hatara goýlan ýaly durdy. Olaryň egninde goýy reňkli kimonolary bardy. Megerem, oglanjyklar otlynyň gelerine garaşan bolmaly. Olar otlyny görenlerinden inçejik boýunlaryny ýokary uzadyp, ellerini galdyrdylar-da, şadyýan gygyryşdylar. Edil şol pursat ýaňky gyzjagaz göwresiniň ýaryny penjireden çykaryp, oglanjyklara tarap elini galgatdy. Birdenkä gün şöhlesiniň reňkine çalymdaş bäş-alty sany pyrtykal oglanjyklaryň üstüne patlap düşdi. Men geň galmakdan ýaňa ýuwdunyp otyrdym.
Ähli zada şol pursat düşünip galdym. Ähtimal, gyzjagaz öň bile ýaşan maşgalasyndan göçüp, täze maşgalasynyň ýanyna barýan bolmaly. Häliden bäri gujagynda saklap oturan pyrtykallaryny bolsa ugratmaga otly duralgasyna gelen jigilerine sowgat beren bolmaly.
Agşamyň alagaraňkysy, çola ýerdäki otly duralgasy, üç sany oglanjygyň guşlar deýin jürküldeşýän şatlykly sesi, gökden inen gün şöhlesi kimin nurly pyrtykallar — bularyň ählisi göz açyp-ýumasy salymyň içinde penjiräniň öňünden ýitirim boldy. Muňa örän gynandym. Soňra başymy buýsanç bilen ýokary galdyrdym-da, başga bir adama seredýän ýaly, gyzjagazy täzeden synlamaga başladym. Gyzjagaz kän wagt geçmänkä gelip, garşymdaky oturgyçda oturdy. Ol ýaşylymtyl sary ýüň atynjasynyň içinde ýaraly ýaňaklaryny gizläp, geýimli bukjasyny hem gujagyna aldy-da, petegini aýasyna berk gysdy.
Edil şol pursat men ýadawlygy, aladalarymy, durmuşyň düşnüksizligini, birsydyrgynlygyny düýbünden unudan ýaly boldum.