Şorja gurduň tagamy (Hekaýa)
Suraty çeken Rahman Rahmanow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.
Her sapar şeýle bolýar: öýe ýakyn barýan welin, meni galpyldy basmarlaýar. Bu, megerem, näçe wagtyň aýraçylygyndan soň ata-enemi görjekdigim, çagalygymyň, oglanlygymyň geçen ýeriniň ýüregime has ýakynlygy üçindir? Belki-de, uruşdan dolanyp gelmedik adamsynyň adyny maňa dakan garry enemiň saglygyny tizräk bilesimiň gelýänligi üçindir?
Ýakynda kakam enemiň meni göresiniň gelýändigini, mümkinçilik bolsa gelmegimi sorap habar ýollapdyr. Ynha-da, gelşim. Galpyldy ýene meni öz galagoply ygtyýaryna aldy. Men bosagadan ätläp, birhaýuk sägindim. Hiç kim ýok ýaly, ümsümlik. Köne edehädime eýerip, ýuwaşja gygyrdym:
— Eje, eje-e!..
— Agtygymyň sesi ýaly-la bu? Bizi ýatlap gelendir meniň Arslan janym! Şoldur! — diýip, içerden enemiň ysgynsyz, sandyrawuk sesi eşidildi. — Hany sen?
Enemiň sesi eşidilen gapa tarap gönükdim. Hasasyny söýget edinip gelen enem meni görüp, sakga saklandy:
— Arslan jan, senmi bu, balam?
— Men, ene, men!
— Gel onda ýanyma, balam! Wah, gözümiz ýoluňda galdy. Dolanmalydyram öýdeňok. — Enem meni gujaklady-da, gözlerine ýaş aýlady.
— Öňki gelip-gidenimden bäri bary-ýogy iki aý geçdi ahyryn, ene.
— Meniň üçin-ä juda kän wagt geçdi. — Enem egnimden söýünç bilen sypady: — Wiý, biz näme üçin aýak üstünde durus, balam, hany, geç! Şeýdip, gel ahyryn. Ýeke özüň geldiňmi? Çagalaryňy alyp gaýtmadyňmy? Alyp gaýtmaly ekeniň-dä.
— Çagalar mekdebe gatnaýar.
— Gelnim Maral sagmy?
— Köp-köp salam aýtdy. Işde bolansoň, gaýdyp bilmedi. Ol saňa köýnek tikip iberdi. Häzir berjek. Çaýa salyp içer ýaly nabadam iberdi.
— Azara galmaly däl ekeniňiz-dä.
— Onuň azary bolmaz. — Enemiň ýagdaýynyň gowy däldigi ýüz-gözünden duýlup durdy. Men ony düşekçede oturtdym-da, howsalamy daşyma çykardym. — Ýagdaýyň nähili, ene?
— Ýaşyň segsene ýetende saglyk sende myhman bor eken. Indi birki hepde bäri-hä ol mende myhmanam bolanok. Bir mydar-a edip ýörüs. — Enem birneme demini dürsäp gürledi. — Kakaň dagy işde. Ynha, olaram hä diýmän geler. Hany, sen töre geç, balam! Oňa çenli ikimiz çaý içer oturarys.
Men töre geçdim. Enemiň ökjesi ýeňledi. Ol haýdan-haý düşegini ýygnaşdyryp, çaý oturtdy.
Oglankam enemiň bar aladasy mendim. Gurt taýýarlap bererdi. Onuň taýýarlaýan gurtlary beýlekilerden biçak tagamlydy. Şorjady. Men hemişe ondan hezil edip iýerdim. Häzirki ýaly ýadymda, birinji synpa onuň özi alyp gidipdi. Tä okuwymyz gutarýança, mekdebiň tallarynyň aşagynda oturyp maňa garaşypdy. Soň öýe bile gaýdypdyk. Ýolda ol meniň nämeleri öwrenendigimi sorapdy.
Wagt geçdi, instituta girdim. Muňa enem biçak begendi. Okuwy tizräk gutaryp, oba dolanmagymy dileg etdi. Okuwy gutaryp şäherde işe galandygymy eşidende welin, ol gyýyldy. Onuň ähli ogullarynyň, agtyklarynyň başyny jemläp, bir saçak ýazasy gelýärdi. Men her gezek oba baranymda enem ogullaryny, agtyklaryny çagyrýardy. Bize seredip ýylgyrar oturardy. Ynha, bu günem şeýle bolaýmalydyr.
— Arslan jan! — diýip, enem ýanyma gelip oturdy. Aýtjagyny-aýtmajagyny öz ýanyndan ölçerýän ýaly, birsalym böwrüne diň saldy. — Ýaşaýan ýeriňiz bizden juda uzakdamy?
— Uçarly gitseň, bir ýarym sagatlyk ýol.
— Öýüňi, ýaşaýşyňyzy göresim gelýär. Meni äkidäýseň-ä gowy boljak.
— Hökman äkiderin, ene. Birigün gitmekçi. Bileje gidibiris. Sen barsaň, gelniňem, çowluklaryňam begener…
Men obada iki gün boldum. Enem ysgynsyzlykdan ýene düşege geçdi. Ol meni ýanyna çagyryp, kagyza dolangy pasportyny uzatdy.
— Ynha, Arslan jan, bilit alsaň…
Enemiň pasportyny alyp, daşaryk çykdym. Kakam bilen ejeme enemi öýe — şähere alyp gitjekdigimi aýtdym.
— Äkitseň oňa ýetesi näme bar. Ol öňräkden bäri: «Meni agtygymyň ýanyna äkidiň» diýip ýördi. Ahyr ýüregini daşa baglapdyr-da — diýip, kakam dymdy. — Ýöne, ogul, özüň görüp dursuň. Onuň gezelenje giderlik ýagdaýy ýok. Uçara-ha şu ömrüne münübem görenok. Ony gozgamadykdan gowusy ýok.
— Onda men nätsemkäm?
— Sen… — diýip, ejem sözüne agram berdi. — Sen, oglum, ümsüm ötägit.
— Bu gelşiksiz bor-a, eje.
— Gelşiksiz bolsa-da, etjek alajyň ýok. «Gyssagly işi çykdy-da gitmeli boldy» diýeris. Sen, oglum, gaýdyber. Başga alaç ýok.
Men şeýle hem etdim. Enemiň pasportyny kakama berip, öýe ýeke özüm gaýtdym. Yzymdan enem: «Näme üçin meni goýup barýaň, balam? Menem äkit ahyryn. Kakaň o sözüne ynanma. Men kesel däl. Tut ýaly sag men. Arslan jan, äkit meni. Heläk bolar öýtme. Saňa ýük bolmaryn. Gaýdyşyn uçara mündürip goýberseň, yzymy taparyn men. Dur, dur!» diýip gygyrýan ýaly duýuldy.
Öýe gelip işe başlanymdan soň hem ünjim aýrylmady. Nirede bolsam-da, enem maňa bakyp duran ýaly. Şondan soň mende enemi öýe getirmek, şähere aýlamak islegi döredi. Bu günem şol niýet bilen öýe gaýtdym. Barsam çagalyk dostum Aky gelipdir. Ol meni görüp, kineli gürledi:
— Ýeri, gaçyp geljek ýeriňem şumudy?
Onuň ýylgyryp durşundan erbetligiň ýokdugyny aňdym. Enemi alyp gaýdandyr diýen pikir aňymda at çapdy. Arkamdan uly ýüki ýere düşüren dek, demimi uludan aldym. Ýylgyrdym:
— Enemi alyp gaýtdyňmy?
— Ýok. Ýöne ol saňa sowgat iberdi.
— O nähili sowgat?
— Nähili bor öýdýäň? Şo öňki alyp ýörenleriň ýaly sowgat. Ýa eýýäm olary ýadyňdan çykardyňmy?
— Düşnükliräk gürlesene, Aky! Biziňkä baryp gaýtdyňmy?
— Ýok. Meniň şähere gaýtjagymy eşidip, öten agşam eneň özi bize bardy. Özüniň-ä ýagdaýy ýok eken. Ony kakaň ulagly eltdi. Ogulgeldi eje: «Aky jan, şähere gitseň, şulary agtygyma gowşur» diýip, bäş-alty sany süýtli külçe, bir haltajykda gurt iberdi. «Elinje gowşur. Ol gurdy gowy görýändir. Çagalary bilen iýsin oturypjyk. Meni gaýgy etmesinler» diýdi.
— Arada oba baranymda, ýola ýaramaz öýdüp, enemi alyp gaýdyp bilmedim.
— Hä, Ogulgeldi eje aýtdy. «Agtygym meni ýanyna äkitjekdi. Ýöne yzyndan tiligram gelip, gyssag gitmeli bolupdyr» diýdi.
Süýtli külçe iýip oturan çagalarymyň ýanyna baryp, enemiň gurtlarynyň birini elime aldym. Enemiň ysgynsyz sesi gulagymda ýaňlanan dek boldy: «Al, balam, dadyp gör! Seň gowy görşüň ýaly, şorja etdim. Entek onçakly gatanogam welin, şonda-da gyssagly bolansoň, iberäýdim».
— Kaka, enem gurt iberipdir. Herimiz birini iýdik. Galanyny saňa goýduk. Sen gurdy gowy görýäň-ä. Näme üçin iýeňog-a, kaka?
— Iýerin, oglum, iýerin!
— Ogulgeldi daýzany alyp gaýtjakdym welin, özi göwnemedi.
— Näme üçin? — diýip, Aka tarap ýalpa öwrüldim.
— «Olary azara goýup ýörmäýin. Ýola ýaramaryn. Näme janym bar meň. Iň gowusy, öýde oturybereýin. Barsaň, köp-köp salam aýt! «Öý-içerileri gurgun» diý» diýdi. Onuň öz-ä, näme diýse-de, gaýdasynyň gelýändigi görnüp dur…
Şondan bir hepde töweregi soň, giçlik işden baranymda, aýalym meni salyk ýüz bilen garşy aldy:
— Arslan, oba baryp geleli.
— Hä? — diýip, men howsalalandym.
— Eneň haýallapmyş.
Maşgalamyz bilen şol gün giçlik uçara mündük. Ýolboýy enemiň keşbi göz öňümden gitmedi. Soňky gezek baranymda hoşlaşman gaýdyşym, onuň gara çyny bilen öýümi görmek isleýşi, Aka aýdan sözleri, iberen külçeleri, gurtlary ýadyma düşende damagym doldy.
Uçarda oturşyma ýene-de enemiň mähriban keşbi göz öňümde janlandy. Ol maňa bakyp ýuwaşja pyşyrdaýan ýaly duýulýar: «Sag-gurgun işläp ýörmüň, balam? Gelnim, çowluklarym gurgunmy?» Men müýnli pyşyrdadym: «O sapar gyssagly işim çykmandy, ene. Ýola ýaramarsyň öýtdüm…»
Her sapar şeýle bolýar: öýe ýakyn barýan welin, meni galpyldy basmarlaýar. Bu, megerem, uzak aýraçylykdan soň ata-enemi ýene görjekdigim, çagalygymyň, oglanlygymyň geçen ýerleriniň ýüregime has ýakynlygy üçindir? Belki-de, uruşdan dolanyp gelmedik adamsynyň adyny maňa dakan garry enemiň saglygyny tizräk bilesimiň gelýändigi üçindir? Ýa-da enemiň şol umydyny, söýgüsini şunça ýyllap göterip ýörendigim üçindir? Belki-de, bularyň hemmesi üçindir?
Men enemiň iberen gurdunyň soňkuja bölegini agzyma atdym.
Enemiň iň soňky gurdy. Enemiň iň soňky yhlasy.
1982 ý.