«Hawa, men şol» (gülküli kyssa)

«Hawa, men şol» (gülküli kyssa)

Ara­da bir gün ga­zet sa­tyl­ýan dü­kan­dan ga­zet­le­ri alyp se­re­diş­di­rip dur­kam bir ga­ze­tiň dör­dün­ji sa­hy­pa­syn­da­ky öz su­ra­ty­my gö­rüp haý­ran gal­dym. Gö­zü­me ynan­man, iç­gin-iç­gin se­ret­dim. Hut öz su­ra­tym. Di­ňe bir su­ra­ty­mam däl, men hak­da ýa­rym sa­hy­pa ma­ka­la-da bar eke­ni. Der­rew aw­to­ry­na se­ret­dim. Ýa­zan me­niň dö­re­di­ji­li­gim bi­len iç­gin gy­zyk­la­nyp ýö­ren ta­nyş og­lan eke­ni. Şol wagt güp­be ýa­dy­ma dü­şäý­di, bäş-al­ty gün­lük­de özüm hak­da bir zat­la­ry so­rap­dy. Nä­me et­je­gem diý­män, so­ra­gy­na jo­gap be­rip­dim.

Ga­zet­de ýa­zy­lan zat­la­ryň gy­zyk­syz-a ýok­dur we­lin, özüň hak­da nä­me ýa­zy­la­ny­ny bil­mek has gy­zyk­ly eke­ni. Şol du­ran ýe­rim­de ma­ka­la­ny okap baş­la­dym. Oka­dy­gymça ýü­züm-gö­züm üýt­gä­ber­ýän ýa­ly du­ýul­dy. Ara­syn­da: «Öte ge­çen ýa­ly-la şu ýer­de» di­ýip, gaý­ta­dan okap gör­düm. Ýa­zy­lan zat­lar dog­rudy. Owa­dan söz­ler bi­len çe­per­leş­di­rip ýa­zy­lan bo­lan­soň bir­hi­li has ös­dü­ri­len ýa­lam bo­lup gö­rü­ni­ber­ýän eke­ni.

Ga­raz, ýar­ty sa­hy­pa ma­ka­la­ny bir dem­de okap çyk­dym-da, bir sa­lym ýa­zy­lan zat­lar hak­da oý­la­nyp dur­dum. So­ňam içim­den: «Ha­wa, men-laý şol» di­ýip, işe ta­rap ug­ra­dym. Eý­ýäm keý­pi­mem al-as­man­da. On-on bäş metr ýol ge­çe­nim­den ädim ur­şu­myň üýt­gä­ni­ni aň­dym. Öň ädi­mi­mi dar­rak­dan çalt-çalt ät­ýän ýa­ly­dym, in­di ädi­mi­mi giň­räk­den alyp, epeý-epeý ba­syp bar­ýan. «Bäh, adam pa­hyr çig süýt emen-dä, sä­hel­çe süý­ji sö­züň edi­be­ri­şi­ni» di­ýip, öň­ki ýö­reýşi­me gaý­dyp gel­jek bol­ýan we­lin, aýak­la­rym eger-eger di­ýen ede­nok, tä­ze öw­re­nen ädi­mi­ni gaý­ta­lap bar­ýar. Öň ga­ryn­ja tut­ja­gyň gö­zi ýa­ly köw­şü­miň bur­nun­dan öňü­ni gör­me­ýän göz­le­rim ho-ol öň­ler­den bir zat­la­ry göz­läp ýör.

Ine, şeý­dip bar­şy­ma iş ýe­ri­miň ga­py­syn­dan ät­le­dim. Bar­şy­ma-da iş sto­lum­da otu­ryp, işe gi­riş­dim. Öň­ler her gün gel­şi­me ko­fe içip, ne­pe­si­mi dur­lan­dan bo­lup işe gi­ri­şer­dim. Bu gün we­lin, ýe­ri­me geç­män­käm ne­pe­sim dup-du­ry, ko­fe­lik iş ýok. Haý­dap gys­sag­ly ýe­tiş­dir­me­li ma­ka­la­my ýaz­ma­ga baş­la­dym. Baý-baý mu­nuň bo­laý­şy­ny, öň iti­nip zor­dan iş­le­dil­ýän ga­la­my­mam bu gün öz hö­we­si­ne ka­gy­zyň ýü­zün­de ýü­züp bar­ýar. Ada­ty gün­ler­de bir gün­läp iş bol­ýan ma­ka­la­nyň bir sa­gat­da bel­li­si­ni et­dim. Gaý­ta­lap okap gör­ýän we­lin, söz­le­ri­mem öň­kü­le­rim­den has täsirli, çeper, söz­lem­le­riň gur­lu­şam has ak­gyn­ly. Ga­raz, özü­miň göw­nüm ýe­ten ma­ka­la­my bol­dum edip, sto­luň bir bur­çun­da go­ýa­nym­dan, ga­py açyl­dy-da, kär­deş­le­rim gir­di. Ola­ryň ýüz­le­rin­den men hak­da ýa­zy­lan ma­ka­la­ny okan­dyk­la­ry bil­di­rip dur. Her­si me­niň eli­mi gy­syp gut­la­dy. Öz­le­ri­ni­ňem ma­ňa ga­ra­ýyş­la­ry­nyň üýt­gä­ni bil­dir­ýär. Ola­ryň bi­rem ma­ka­la­da öte ge­çi­lip­dir diý­jek bo­la­nok. He­mi­şe ma­ýy­ny tap­sa, me­niň bi­len gö­dek de­giş­me­gi go­wy gör­ýän Set­da­ra nä­me diý­jek, şo­nu­ňam göz­le­ri gü­lüp, er­ni ýyr­şa­ryp du­ra­nam bol­sa, di­li di­şin­den bä­ri ge­çe­nok.

Kär­deş­le­rim birsa­lym on­dan-mun­dan gü­mür-ýa­myr edip, ýer­le­ri­ne ug­ran­la­ryn­da­nam jaň ge­lip baş­la­dy. Bir­sa­lym ta­nyş-bi­liş­le­riň, ga­lam­daş­la­ryň gut­lag­la­ry­ny diň­le­dim. Ola­ryň di­ýe­ni­ne hä ber­seň-ä, ma­ka­la­ny ýa­zan he­ni­zem bär­den gaý­dan­myş. En­te­gem me­niň dö­re­di­ji­li­gim, özü­miň go­wy ta­rap­la­rym ba­ra­da aý­da­ra zat kän­miş. Me­niň özüm üçin-ä şu ýa­zy­lan­la­ram ar­ty­gy bi­len ýe­tik. On­da-da ola­ra ho­şal­lyk bi­len «Hä, ha­wa» ber­dim. Olar­dan soň ahy­ry aýa­ly­ma ge­zek ýet­di. Te­le­fo­ny ala­nym­dan: «Aý, og­lan, bu gün se­niň üs­tüň gy­zyl el bol­dy-la, jaň­la­şyp bil­män geç­dim. Ma­ka­la­ny oka­dyň­my?» diý­di. Onu­ňam se­si da­gy üýt­gäp, has my­la­ýym­la­şyp­dyr. Öň jaň eden­de: «Öý­de so­gan, kä­şir, hy­ýar, ýe­ral­ma, mäş, tü­wi gu­ta­ran­dyr, gaý­da­nyň­da alyp ge­le­we­ri» diý­ýän aýa­lym, bu gün hiç zat iý­män oňaý­jak ýa­ly, ola­ryň bi­ri­ni­ňem ady­ny tu­ta­nok. Di­ňe ma­ka­la­nyň go­wy ýa­zy­lan­dy­gy­ny aýt­dy.

Ga­raz, şol gün gü­nüň nä­hi­li ge­çe­ni­ni bil­me­dim. Edil ho­wa­da ga­ýyp ge­zen ýa­ly bo­lup öýe gel­dim. Öýe gi­re­nim­den ogul­la­ry­my­ňam ma­ňa ga­ra­ýyş­la­ry­nyň baş­ga­ça­dy­gy­ny aň­dym. Ola­ryň bi­ri elim­dä­ki ga­ýyş tor­ba­my alyp, goý­ma­ly ýe­rin­de goý­dy, ýe­ne bi­ri ömür et­me­ýä­ni­ni edip, köw­şü­mi aýa­gym­dan çy­ka­ra­ry­ma mä­het­del, men eg­lip ýe­tiş­män­käm, alyp der­rew sü­pü­riş­di­rip tek­je­de goý­dy. Üçün­ji og­lu­mam olar­dan gal­ma­jak bol­du­my, nä­me­mi, he­niz çy­kar­ma­ga-da sy­na­nyş­ma­dyk pen­je­gi­mi syp­dy­ryp ala­ga­da, asa­waç­dan as­dy. Ola­ryň ýüz­le­ri me­niň ýa­ly ka­ka­la­ry­nyň bar­dy­gy­na buý­san­ýan­dyk­la­ry­ny ap-aý­dyň edip dur.

Baý-bow, bir gü­nüň için­de bo­lan mun­ça öz­ge­ri­şe çy­dap bil­seň çy­da-da. «Öw­gi­ni, at-ab­ra­ýy gö­ter­mä­ge-de in­jik ge­rek» diý­ýär­di­ler-ä ýa­şu­lu­la­ry­myz. Er­te­si gün iş ýe­ri­me go­laý­la­be­re­nim­de köw­şü­niň bur­nu­na se­re­dip gel­ýän Döw­let aga gö­züm dü­şäý­mez­mi? Edil aýak­la­ry­ma gan­dal ur­lan ýa­ly sak­ga du­ra­ýyp­dy­ryn. Döw­let aga diý­ýä­nim ýaz­mak-poz­mak­da he­niz-he­niz­ler me­niň ýe­tip bil­me­jek de­re­je­le­ri­me bir eý­ýäm­ler ýe­ten, özi hak­da ýa­zy­lan en­çe­me ma­ka­la­la­ry okap gö­ren ýa­zy­jy. Şon­da-da onuň özü­ni ju­da sa­da alyp bar­şy, me­niň bir gün­de alan ýe­li­mi bir pur­sat­da çy­ka­ryp goý­ber­di-de, pys­sar­daý­dy. Şol pur­sat­da: «Ýa­şu­lu­lar­dan öw­re­ne­re, sa­pak ala­ra zat köp-how» di­ýip oý­lan­dym.

Nurberdi DÄDEBAÝEW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle