Baý kakam, garyp kakam — Robert KIÝOSAKI (4 sonky bölek)
Robert KIÝOSAKI.
ALTYNJY BAP
Bu kitap ene-atalara —
çagalaryň iň esasy mugallymlaryna
bagyşlanýar
(Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).
Altynjy SAPAK. PUL ÜÇIN DÄL-DE,
TEJRIBE GAZANMAK ÜÇIN IŞLÄŇ
Sowatly kakam durnukly işi ähli zatdan ýokary goýardy, baý kakam bolsa — bilimi.
Birnäçe ýyl mundan ozal Singapurdaky gazetleriň birine interwýu bermäge razy boldum. Ýaşajyk žurnalist gyz wagtynda geldi-de, artykmaç gürlemän işine başlady. Biz kaşaň myhmanhananyň girelgesinde kofe içip otyrdyk hem-de meniň Singapura näme maksat bilen gelendigim barada gürleşýärdik. Bärde Zig Ziglar ikimiz çykyş edip, men «baýlaryň syry» barada, ol bolsa subutnamalar hakda diňleýjilere gürrüň bermelidik.
— Menem haçan-da birwagt siziň ýaly meşhur ýazyjy bolasym gelýär — diýip, žurnalist gyz boýnuna aldy.
Men onuň gazete ýazan haýsydyr bir makalasyny okapdym. Onuň az sözlülik bilen diňleýjileri özüne çekip bilmek ukyby meni haýran galdyrypdy.
— Siziň ajaýyp ýazyş usulyňyz bar — diýip, men aýtdym. — Öz arzuwyňyzy amala aşyrmaga size näme päsgel berýär?
— Men elimde barymy edýärin, ýöne hiç zat başa baranok — diýip, ol ýuwaşlyk bilen aýtdy. — Neşirýat golýazmalarymyň öwgüsini ýetirýär, ýöne şondan aňryk geçenok. Şonuň üçinem gazetde işlemegimi dowam edýärin. Bolmanda, bu hasaplarymy tölemäge mümkinçilik berýär. Siz maňa nämedir bir zat maslahat berip bilmersiňizmi?
— Hawa, berip bilerin — diýip, men şadyýanlyk bilen aýtdym. — Meniň bir dostum satyjylary okatmak üçin bärde — Singapurda mekdep açdy. Ol öňdebaryjy ýerli korporasiýalaryň köpüsiniň işgärlerine bu ugurdan sapak berýär. Meniň pikirimçe, onuň sapaklary siziň işiňiziň ilerlemegine düýpli kömek edermikä diýýärin.
Ol birhili boldy.
— Näme, men satmany öwrenmeli diýjek bolýaňyzmy?
Men başymy atdym.
— Oýun edýäňizmi?
Men başymy ýaýkadym:
— Munuň nämesi erbet?
Men onuň öýkeländigine düşündim hem-de pikirlenmän bir zatlar diýenime ökündim. Dogrudanam, men oňa kömek etmek isledim, indi bolsa özümi aklamaly boljak.
— Meniň iňlis edebiýatyndan magistr derejäm bar. Näme üçin men satyjylyk ugrundan okamaly? Men uniwersiteti tamamladym, indi bolsa satyjy bolmalymy? Men satyjylary ýigrenýän, sebäbi olary diňe pul gyzyklandyrýar. Şonuň üçinem, aýtsaňyzlaň, men nämäniň hatyrasyna satyjylyk ugrundan okamaly?
Ol gyssanmaç zatlaryny ýygnap ugrady. Interwýu tamamlanypdy. Stoluň üstünde meniň irki döwürlerde ýazan geçginli kitaplarymyň biri durdy. Kitaby elime aldym, onuň gapdalynda gyzyň ýandepderçesi bolup, ol oňa birnäçe bellik eden eken.
— Şuny görýäňizmi? — diýip, men onuň belligine barmagymy çommaltdym.
Ol ýandepderçesine seredip:
— Men o taýdan näme görmeli? — diýip, aljyraňňy halda sorady.
Men ýene-de ýazga barmagymy çommaltdym. Onda şunuň bilen başlanýan sözler bardy: «Robert Kiýosaki, geçginli kitaplaryň awtory».
— Bärde «iň gowy ýazyjy» däl-de, «geçginli kitaplaryň awtory» diýlip ýazylgy — diýip, ol ýuwaş, ýöne düşnükli aýtdy-da, gözlerini mölerdip seretdi.
— Men gaty ýaramaz ýazýaryn, siz bolsa ajaýyp ýazýarsyňyz. Men satyjylyk hünärinde okadym, siziň bolsa edebiýatdan magistr derejäňiz bar. Muny sepläp bilseňiz, «geçginli kitaplaryň awtory» hemem «iň gowy ýazyjy» bolarsyňyz.
Onuň gözlerindäki gahar lowlap gitdi.
— Men satyjylygy öwrenmek üçin hiç wagt pese gaçmaryn. Siz ýalylaryň ýazyjylaryň işi bilen meşgullanmaga haky ýok. Men bu hünäri öwrenmek üçin uniwersiteti tamamladym, siziň bolsa ýönekeýje satyjylyk käriňiz bar. Bular aýry-aýry zat.
Gahar-gazapdan ýaňa onuň demi tutulypdy. Ol galanja kagyzlaryny hem ýygnady-da, aýna gapydan çykyp, Singapuryň sergin howasynda gözden ýitip gitdi.
Dogrusyny dogry aýdaýyn, ertesi gün ol biziň interwýumyzyň başlangyç ýazgysyny iberen eken. Ol ony gaty gowy ýazypdyr. Dünýe akylly, zehinli hem sowatly adamlardan doly, biz olar bilen her gün duşuşýarys, olar ähli ýerde bar.
Birnäçe gün mundan öň ulagym boglup, üsgürip-asgyryp ugrady. Ussahana bardym welin, bir ýaş ýigit ony iki minutyň içinde bejerdi. Näme meseläniň bardygyny bilmek üçin, oňa motoryň sesine gulak asmak ýeterlik boldy. Men muňa haýran galdym.
Zehinli adamlaryň az gazanýanlygy maňa elmydama ýaramaz täsir edýär. Men örän akylly hem sowatly adamlary tanaýaryn, olaryň bir ýylky gazanjy ýigrimi müňdenem az. Lukmançylyk enjamlaryny hödürleýän bir söwda maslahatçysy maňa lukmanlardyr diş lukmanlarynyň puldan gaty kösenýändigini aýtdy. Öňler lukmanlar okuwyny tamamlan badyna, puly weşeň-weşeň gazanýandyr öýdýärdim. Ýöne bu maslahatçy muny şeýle düşündirdi: «Baýlyga ýetmek üçin olara diňe ýekeje zat ýetenok».
Bu adamlaryň aglabasynyň baýamagy üçin ýekeje zadyň ýetmeýändigini aňladýar. Maliýe intellekti — bu buhgalteriýa hasaplaryna, maýa goýmaklyga, bazar ýa-da marketing bilen işleşmeklige düşünmek hem-de şol kada-kanunlary ulanmakdygyny men öň aýdypdym. Şu dört endigi edinip bilseňiz, pul gazanmak aňsat düşer.
Gynansagam, adamlaryň aglabasy puly özlerine mälim bolan ýeke-täk usulyň üsti bilen gazanýarlar — jepaly zähmet bilen.
Hälki žurnalist gyzy mysal alalyň. Eger ol satuw we marketing hünärini ele almaga razy bolan bolsa, onda onuň girdejileriniň asmana galjakdygy ikuçsuzdyr. Onuň ýerine bolan bolsam, men diňe bir satyjylyk okuwynda okaman, kapiraýting okuwynam tamamlardym. Şonda ol özüne gazetden däl-de, ýerli bildiriş agentliginden iş tapynardy. Elbetde, ol ýeriniň aýlygy azrak, ýöne ol bildirişlerde edilişi ýaly, az sözlülik bilen pikirini beýan etmegi öwrenerdi hem-de mugt bildirişiň kömegi bilen millionlarça adamyny özüňe çekip bolýandygyny bilerdi. Mundan başga, ol piary öwrensede kemlik etmez, sebäbi jemgyýetde atly-abraýly adam bolmak örän möhüm. Onsoň ol dynç güni agşamlaryna ýazan romanlaryny aňsatlyk bilen satmagy başarardy hemem bir pursatda «geçginli kitaplaryň awtoryna» öwrülerdi.
Neşirýata ilkinji gezek «Eger baý hem bagtly bolasyňyz gelýän bolsa, onda mekdebe gitmäň» atly kitabymy hödürlänimde, olar kitabymyň adyny «Bilim almany tygşytlaň» diýip üýtgetmegi teklip etdiler. Men olara beýle at bilen iki sany kitabymy satyp biljegimi aýtdym — aýalyma we iň ýakyn dostuma. Men bilim almagy ikelläp goldaýaryn hem-de bu işde öňegidişligiň boljakdygyna ynanýaryn. Eger men sowatlylyga garşy bolýan bolsam, eýsem, könelişen bilim ulgamynyň üýtgemegini aýak diräp islärmidim? Men bu ady köpçüligiň ünsüni çekmek, tele we radio gepleşikleriň gahrymany bolmak, şol ýerlerde jedelleşmek üçin saýlap aldym. Ýöne köp adam maňa telbedir öýdýär, şeýle-de bolsa kitap uly tiraž bilen satyldy.
1969-njy ýylda Deňizde ýüzüş uçilişesiniň söwda flotyny tamamlanymda, sowatly kakam gaty begendi. Meni Koliforniýanyň «Standart Oil» kompaniýasy nebit tankerine üçünji kömekçisi edip işe aldy. Meniň aýlygym synpdaşlarymyňkydan azdy, ýöne kollejden soň ilkinji işim bolansoň erbet däldi. Başlangyç puluň mukdary ýylyma kyrk iki müň dollardy, üstesine, iş wagtyndan daşary edilen iş üçinem pul tölenýärdi hem-de ýedi aý işlänimden soň, bäş aý dynç alýardym. Eger şol wagtlar islän bolsam, onda bäş aýymy Wýetnama gatnaýan gämi kompaniýasynda işläp, aýlygymy aňsatlyk bilen iki esse köpeldip biljekdim.
Meniň ajaýyp geljegim bardy, ýöne ýarym ýyl geçenden soň işden çykdym-da, uçmany öwrenmek üçin deňiz harby flotyna ýazyldym. Muny eşidip sowatly kakam däliräýjek boldy, baý kakam bolsa makullady.
Adamlar köpräk pul gazanmak ýa-da işiňde öňe gitmek üçin haýsydyr bir käri öwrenmelidir öýdýärler. Meniň sowatly kakamam şu pikiriň tarapdary. Hut şonuň üçinem doktorlyk derejäni alanymda ol gaty begenipdi.
Baý kakam bolsa tersine hereket etmegi maslahat berýärdi:
«Seniň ähli zat barada azajygam
bolsa düşünjäň bolmaly».
Ine, şonuň üçinem men onuň kompaniýasynyň dürli-dürli ýerlerinde işledim. Günümiň birnäçe wagtyny buhgalteriýada geçirdim. Ol menden üşükli buhgalter çykmajagyna düşünýärdi, ýöne şu ugurdan bir zatlar bilenimi isleýärdi. Mundan başga, ofisiantyň kömekçisi, gurluşyk işleriniň kömekçisi, söwdagär, buýrulan zatlary taýýarlaýjy we beýleki wezipelerde işledim. Şeýdip ol menem, Maýkam taýýarlady hem-de boş wagtymyz hukukçylar, buhgalterler, dellallar we bank işgärleri bilen geçirýän ýygnaklarynda oturmagy mejbur etdi. Ol öz imperiýasynyň her bir ugrundan azajygam bolsa bilenimizi isleýärdi.
Haçan-da, «Standart Oiliň» hödürlän ýokary hakly işinden ýüz dönderemde, sowatly kakam meniň bilen egri oturyp, dogry gürleşmegi ýüregine düwdi. Ýöne her näçe jan etsemem, muny oňa düşündirip bilmedim. Ol meniň pikirlerime hiç düşünip bilenokdy, sebäbi meniň pikirlerim baý kakamyňky ýalydy — sowatly kakam durnukly işi ähli zatdan ýokary goýýardy, baý kakam bolsa bilimi.
Baý kakam meniň maksadymyň halkara söwdasyny öwrenmekdigini bilýärdi. Şonuň üçinem tejribe wagtlary men Uzak Gündogara we Ýuwaş ummanyndaky adalara gidýän uly ýük gämilerine, nebit tankerlerine hem-de ýolagçy gämilerine düşjek bolýardym.
Baý kakam meniň Atlantik däl-de, Ýuwaş ummanyndaky gämilerde işleýändigime uly ähmiýet berýärdi, sebäbi täze, basym ösýän ýurtlar Ýewropada däl-de, Aziýada döräp ugrapdy. Synpdaşlarymyň köpüsi — muňa Maýkam girýär — talyp klublarynyň gijeki oturylyşyklarda göwün açýan wagtlary, men Ýaponiýanyň, Taýwanyň, Tailandyň, Singapuryň, Gonkongyň, Wýetnamyň, Koreýanyň, Taitiniň, Samoanyň we Filippiniň adamlaryny, olaryň söwdasyny we medeniýetini öwrenýärdim. Menem gijeki oturylyşyklarda bolupdum, ýöne talyp klublarynda däl. Men gaty basym ulaldym.
Deňiz flotyndan näme üçin gidenligimi sowatly kakam hiç kellesine sygdyryp bilenokdy. Men oňa uçarman bolasymyň gelýändigini aýtdym, hakykatda bolsa, tabynlygymdaky adamlara agalyk etmäni öwrenesim gelýärdi. Kompaniýany dolandyrmagyň iň kyn tarapynyň adamlara ýolbaşçylyk etmekdigini baý kakam aýdypdy. Onuň özi üç ýyllap goşun gullugynda gulluk edipdi, sowatly kakam bolsa harby gullugyndan boşadylypdy. Baý kakam adamlary howp-hatara alyp gitmek başarnygyna gaty ýokary baha berýärdi. «Seniň indiki öwrenmeli zadyň — öňbaşçy bolmak. Eger sen ýaramaz serkerde bolsaň, onda edil söwdada edişleri ýaly, ýeňsäňden atarlar» diýip, ol aýdardy.
1973-nji ýylda Wýetnamdan dolanyp gelenimden soň, uçmaklyk örän ýaraýanam bolsa, gullukdan gitmeklik barada arza berdim hem-de «Xerox» korporasiýasyndan özüme iş tapyndym. Men bu kompaniýany gaty utanjaňlygym üçin saýlap alypdym. Bir zatlar satmak baradaky pikirem meni gaty aljyradýardy. Ýöne «Xerox» kompaniýasynyň Amerikanyň iň gowy söwda wekillerini taýynlaýandygyny bilýärdim.
Baý kakam maňa buýsanýardy, sowatly kakam bolsa utanjyndan ýaňa nätjegini bilenokdy, sebäbi akyl zähmetiniň adamsy hökmünde, ol satyjylary özünden gaty pes hasaplaýardy. Men «Xeroxda» dört ýyl işledim hem-de kesekiniň gapysyny kakmak we ýüz öwrülmek gorkusyndan saplandym. Haçan-da, iň gowy satyjylaryň bäşligine girenimde, aňyrlygyna hereket etmegiň wagtynyň gelendigine düşündim hem-de birjik-de gynanman, abraýly kompaniýadaky işimi taşladym.
1977-nji ýylda men öz birinji kompaniýamy döretdim. Baý kakam Maýk ikimize kompaniýany dolandyrmagyň ähli syrlaryny gürrüň beripdi, şonuň üçinem ony döretmäni hem-de ahyryna çenli alyp barmany öwrenmelidim. Meniň ilkinji önümim neýlon gapjyklary boldy, ol Uzak Gündogarda öndürilip, Nýu-Ýorka — meniň haçan-da birwagt okan mekdebimiň ýanyndaky ammarlaryň birine gelip düşýärdi. Men bu işde ýeterlik bilim alyp, indi özümi iş ýüzünde synap görmelidim hem-de şowsuzlyk ýüze çykaýsa batmalydym. Baý kakam otuz ýaşdan öň batmagy gowy hasaplap, aýak üstüne galmak üçin wagtyň boljakdygyny aýdýardy. Otuz ýaşymyň öň ýanlary meniň birinji önümim Koreýadan Nýu-Ýorka tarap ýola düşdi.
Men şu günlerem öňkülerim ýaly halkara söwdasy bilen iş salyşýaryn hem-de baý kakamyň maslahat berişi ýaly, çalt ösýän döwletler bilen iş salyşmak isleýärin. Häzir meniň maýa goýujy kompaniýalarym Günorta Amerikada, Aziýada, Norwegiýada hem-de Russiýada işjeňlik bilen hereket edýär.
Bir köne degişme bar, onda iňlisleriň «job» (iş) diýen sözüni «just over broke» (käbirlerine tozmaklyk ýagşy) diýip düşündirmek bolýar. Gynansagam, bu sözüň millionlarça adamyň durmuşynda ýüze çykýandygyny boýun almaly. Bilim ulgamynyň adamlaryň maliýe intellektini ösdürmek üçin sapaklar girizmeýänligi sebäpli, zähmetkeşleriň aglabasy şol bir pul serişdesi bilen ýaşamaly bolýar. Olar işleýär, aýlyk alýarlar, soňra bolsa hasaplaryny töleýärler.
Guramalary dolandyrmak ylmynda bir aýylganç pikir bolup, onda şeýle diýilýär: «Işçiler işden kowulmazlyk üçin geregiçe işleýärler, hojaýynlar bolsa işçileriň gitmezligi üçin geregiçe töleýärler». Kompaniýalaryň köpüsiniň berýän aýlygyna ser salsaň, bu pikirde azajygam bolsa hakykatyň bardygyny boýun almaly. Şonuň üçinem adamlaryň köpüsi hiç wagt öz maliýe ýagdaýyny gowlap bilmez. Sebäbi olar ene-atalaryndan öwrenen zatlaryny edýärler — durnukly, ýokary aýlykly we ýeňillikli iş gözleýärler. Ýöne bu uzak möhletleýin işiň gysga wagtlyk kowgusy, köplenç bütinleý weýrançylykly tamamlanýar.
Muňa derek bir zatlar öwrenip boljak, onuň üsti bilen gowy gazanç edip boljak iş gözlemegi maslahat berýärin. Adamlar alaka aýlawyna düşmezlikleri üçin ilki geljekki durmuşlaryny göz öňüne getirmeli, haýsy zatlary öwrenmek isleýändiklerini bilmeli, diňe şondan soň takyk bir hünäri saýlap almaly.
Haçan-da, adamlar ömürlerini işläp geçirenlerinde, tigirçekden ylgaýan kiçijik homýaklara meňzeýärler. Olar tüýli penjelerini erjellik bilen näçe işletseler-de, ertesi gün ýene şol duran ýerlerinde oýanýarlar. Gaty gowy iş, şeýle dälmi?
«Jerri Maguaýer» filminde onuň baş gahrymany Tom Kruzy işden kowýarlar. Şonda ol işgärlerine şu sözler bilen ýüzlenýär: «Meniň bilen gitmek isleýäniň barmy?». Hiç kimden ses çykanok, diňe bir aýal şeýle diýýär: «Men giderdim, ýöne üç aýdan soň işimi ulaltmaga söz berdiler».
Ähtimal, bu kinofilmdäki iň dogruçyl sözler bolsa gerek. Adamlaryň bary diýen ýaly öz ýigrenýän işlerini taşlamajak bolup, şunuň ýaly jogap gaýtarýarlar. Sowatly kakam her ýyl aýlygynyň artdyrylmagyna garaşardy hem-de her gezegem artdyrylan ujypsyzja puldan lapykeç bolardy. Şondan soň ol aýlygyny köpeltmek üçin hünär derejesini ýokarlandyrmaga giderdi, ýöne gaýdyp gelenden soň, oňa ýene bir lapykeçlik garaşýardy.
Men köplenç adamlara şunuň ýaly sorag berýärin: «Siziň her günki meşgullanýan işiňiz ahyrynda nirä eltýär?». Soňra bolsa özümden soraýaryn: «Dogrudanam, olar şol kiçijik homýaklar ýaly, agyr zähmetleriniň nirä eltjekdigi, geljekde nireden çykjakdyklary barada pikir edenoklarmyka?».
Kreg S. Karpel «Pensiýa çykmagyň arzuwy» atly kitabynda şeýle diýýär: Men pensiýa ugrundan maslahat almak üçin ullakan kompaniýanyň edarasyna bardym hem-de döwletiň ýokary ýolbaşçylaryna pensiýa düzýän adam bilen duşuşdym. Ondan: «Hususy kabineti bolmadyk adamlar nämä umyt baglamaly?» diýip soradym welin, ol ýylgyryp, aýgytlylyk bilen şeýle diýdi: «Kümüş güllä». «Kümüş gülle näme?» diýip, men geň galdym. Ol eginlerini gysdy-da şeýle diýdi: «Eger adam garransoň ýetirinip bilmese, onda oňa maňlaýyndan otlaýmak galýar».
Soňra Karpel köne pensiýa meýilnamasy bilen täzesiniň (401 /k/ — bu has töwekgelli meýilnama) aratapawudyny düşündirýär. Häzirki döwürde işleýän adamlaryň aglabasy üçin bu meýilnama gaty gowy däldir hem-de bu diňe pensiýa babatda. Eger muňa lukmançylyk kömeginiň hyzmatyny we garrylar öýünde ýaşamak hyzmatyny goşaýsaň, onda bu juda gorkunç görünýär.
«Kim ýaşamaly, kim bolsa ýurduny täzelemeli» diýen agyr soragy döwlet lukmançylyk kömegini berýän ýurtlaryň keselhanalary eýýämden kabul etmeli bolandyrlar. Olar bu karara diňe müşderiniň ýaşynyň hem-de pulunyň näçediginiň üsti bilen gelýärler. Lukmançylyk kömegi köplenç ýaşlara berlip, ýoksul garrylary bolsa nobatyň iň soňuna goýýarlar. Şonuň üçinem aýlykdan ol aýlyga çenli ýaşaýan adamlaryň geljekleri barada pikirlenmeýänligi özlerinden: «Men nirä barýaryn?» diýip soramaýanlygy meni geň galdyrýar.
Gynansagam, «Garry köpege täze oýunlary öwretmek kyn» diýen nakylda azajygam bolsa hakykat bar. Eger adam özgerişliklere öwrenişmedik bolsa, oňa özgermek kyn düşer. Ýöne araňyzda täze bir zatlar öwrenmek isleýäniňiz bar bolsa, men siziň ruhuňyzy galkyndyryp biljek. Durmuş — bu sport zala giden ýaly bir zat. Onuň iň kyn ýeri — şo ýere gitmäge ýürek etmeklik. Ýöne onuň bosagasyndan ätlän badyňyza, ähli zat ýeňilleşýär. Kämahallar özümem ol ýere aýagymy ädesim gelenok, ýöne o ýere baryp işe başlanymdan soň lezzet alýaryn. Türgenleşikden soň bolsa, o ýere gitmäge özüme mejbur edenligime begenýärin.
Eger-de täze bir zatlar üçin güýjüňizi sarp etmek islemeseňiz hem-de şol hünäriňizde galmak isleseňiz, onda kompaniýaňyzda profsoýuz guramasynyň bardygyny unutmaň. Profsoýuzlar zähmet çekýän adamlary goramak üçin döredilendir.
Ştatyň gubernatoryndan göwni geçenden soň, sowatly kakam Gawaýa mugallymlaryň profsoýuzyna başlyklyk etdi hem-de haçan-da birwagt işlän işleriniň iň agyrydygyny aýtdy. Baý kakam babatda aýdylanda bolsa, ol hiç wagt öz kompaniýasyna profsoýuzyň girmegine ýol bermezdi hem-de olaryň hüjümini yzyna serpikdirmegi başarardy.
Meniň özüm hiç biriniň tarapynda-da duramok, sebäbi olaryň ikisiniňem näme bähbidiniň bardygyna gaty gowy düşünýärin. Eger durmuşda mekdebiň maslahat berişi ýaly ýaşamak isleseňiz, bir hünäriň başyny tutuň-da, profsoýuzdan delalat isläň. Meselem, eger-de men uçarmanlyk hünärimi dowam etdirmek islän bolsam, onda azy ýaran profsoýuzly kompaniýalardan iş tapynardym. Näme üçin? Sebäbi bu işden kowan ýagdaýlarynda, bu hünärimiň beýleki pudaklaryň derdine ýaramajakdygyna düşünýärin. Ýük ulag uçarlarynda ýüzlerçe sagat uçup, ýylyna ýüz elli müň dollar gazanýan uly uçarman bular ýaly ýokary hak tölenýän işi mekdepden tapyp bilmez. Ele alan hünäriň elmydama başga ýerlerde ýaramly bolup duranok. Gowy hak alýan, işine ökde uçarman bilim ulgamynda özüniň gymmatynyň ýokdugyna gaty gowy düşünýär.
Muny häzirki döwrüň lukmanlary barada-da aýtmak bolar. Lukmançylyk ulgamynyň üýtgemegi bilen, işgärleriň köpüsi profsoýuz guramalaryna girmeli boldular. Mugallymlaram hökmany ýagdaýda profsoýuz agzalary bolmaly boldular, sebäbi Halkara bilim assosiasiýasynyň ägirt uly syýasy güýji bar. Häzirki döwürde mugallymlaryň profsoýuz guramalary gaty köp hem-de olar Amerikanyň iň baý guramalarydyr. Mugallymlara profsoýuzyň goragy gerek, sebäbi olar öz hünärleriniň bilim ulgamynyň daşynda gymmatynyň çäklidigini bilýärler. Şonuň üçinem ýeke hünäriň başyny tutýan hünärmenler, adatça, profsoýuzyň agzasy bolmak isleýärler. Bu, dogrudanam, akylly hereketdir.
Men öz okuwçylarymdan köplenç: «Haýsyňyz «McDonaldsdan» gowy gamburger bişirip bilýäňiz» diýip soraýaryn. Olaryň hemmesi diýen ýaly elini galdyrýarlar, onsoň indiki soragy berýärin: «Eger gowy gamburger bişirip bilýän bolsaňyz, onda näme üçin «McDonalds» puly sizden köp ýasaýar?».
Munuň jogaby aýdyň: «McDonalds» kompaniýasy telekeçiligi oňarýar. Zehinli adamlaryň köpüsiniň näme üçin garypdygyny bilýäňizmi? Olar bar ünsüni süýjüje gamburgerleri bişirmäge sarp edip, telekeçilik barada hiç zat bilmeýärler diýen ýalydyr.
Gawaýada bir hudožnik dostum bar, ol gaty köp pul gazanýar. Günlerde bir gün oňa ejesiniň aklawçysy jaň edip, otuz bäş müň dollar miras galdyrandygyny aýdýar. Hudožnik munuň üsti bilen pul gazanmak isleýär hem-de onuň bir bölegini bildirişçilere berýär. Iki aýdan soň onuň baýlara niýetlenen ilkinji bildirişi peýda bolýar. Ýöne hiç hili seslenme bolmansoň, ol öz mirasynyň ýele sowrulandygyna düşünýär. Häzir ol nädogry pikire gönükdirendikleri üçin žurnalyň işgärlerini kazyýete çekmek isleýär.
Bu örän giňden ýaýran kesel: adam örän oňat gamburger taýýarlap bilse-de, telekeçilikden başy çykanok. Haçan-da, hudožnikden: «Bu bolan işden näme netije çykardyň» diýip soranymda, ol: «Bildirişçiler ýaly tüýkesme ogrular ýok» diýip jogap berdi. Onsoň ondan: «Telekeçiligi we marketingi öwrenmek isläňokmy?» diýip soradym, ol şeýle diýdi: «Meniň bu zatlara wagtym ýok hemem pulumy biderek sowasym gelenok».
Dünýe zehinli adamlardan doly. Olar hemişe diýen ýaly mätäçlik çekýärler hem-de başarnyklaryndan az gazanýarlar. Muňa olaryň hünärleri günäkär däl. Ýok, ýok, olar käbir zatlary başaranoklar — bar ünslerini gamburgeri satmaga däl-de, ony süýjüje bişirmäge gönükdirýärler. «McDonalds» kompaniýanyň gamburgerleriniň hemme kişiňkiden süýji bolmazlygy mümkin, ýöne olar ony satmagy başarýarlar hem-de hemmelerden oňat edip eltip berýärler.
Garyp kakam meniň bir hünär boýunça işlänimi gowy görerdi hem-de şeýtsem köp gazanar öýdýärdi. Hatda Gawaýanyň gubernatory gaýdyp hökümetde işletmejegini aýdandan soňam ol özüniňkini tekrarlaýardy. Soňra ol mugallymlaryň profsoýuzy wezipesine geçip, ýokary bilimli adamlara ýeňillikler döretmek ugrunda göreşip ugrady. Biz köplenç jedelleşýärdik, ýöne ol bir hünärli adamlaryň öz kärine bagly bolýandygyna hiç wagt düşünip bilmeýärdi.
Baý kakam maňa-da, Maýka-da özümizi ösdürmegi maslahat berýärdi. Korporasiýalaryň köpüsi hem şeýle edýärdi, olar telekeçilik kollejinden gowy okuwçy tapýardylar-da, haçan-da birwagt kompaniýany dolandyryp biler ýaly, ony ösdürip ýetişdirýärdiler. Telekeçiligiň ähli nukdaýnazaryna düşüner ýaly, olary bir bölümden beýlekisine geçirýärdiler. Baýlaram öz çagalaryna şunuň ýaly terbiýe berýärdi, şeýdip olaryň çagalary telekeçiligiň dolanyşygy hem-de kompaniýanyň bilelikde hereket edýän dürli-dürli bölümleri barada umumy düşünje alýardylar.
Kompaniýany dolandyrmak hem-de üstünlik gazanmak üçin esasy gerek zatlar:
1. Pul akymyny dolandyrmak ukyby.
2. Ulgamy dolandyrmak ukyby.
3. Adamlary dolandyrmak ukyby.
Bärde iň esasy zat — satmak başarnygy hem-de marketingiň tärlerini bilmekdir. Eger satmagy başarýan bolsaňyz, diýmek, ol nähili adam bolsa-da, beýleki adamlar bilen gürleşmegi başarýansyňyz. Bu adamynyň üstünlik gazanmagy üçin esasy zadydyr. Ýazmak, adamlaryň öňünde çykyş etmek, gepleşik geçirmek başarnyklary adamlaryň üstünlik gazanmagynda ullakan ähmiýeti bar. Meniň özümem hut şu endikleri ösdürmek we täze bilimleri almak üçin elmydama okuw maslahatlaryna gatnaşyp, täze okuw kitaplaryny satyn alýaryn.
Eýýäm aýdyşym ýaly, sowatly kakamyň iş derejesi näçe ýokary galdygyça, şonça-da köp zähmet çekmeli bolýardy hem-de näçe köp işledigiçe, alaka aýlawyndan çykmak mümkinçiligi azalýardy. Onuň aýlygy köpelýärdi, ýöne örüsi daralýardy. Basym ony bilim ministrliginden işden çykardylar, şonda ol özüniň bil baglap bolmajak hünäriniň bardygyna düşünip galdy. Muny hünärine ökde sportsmenleriň käri bilen deňemek bolar, olar duýdansyz ýagdaýda şikes alýarlar, onsoň mejbury ýagdaýda kärlerine daýanyp, mätäç durmuşdan çykaryp bilmejek işde işlemeli bolýarlar.
Meniň pikirimçe, garyp kakam diňe işden çykarylandan soň, profsoýuzyň tarapyna geçen bolmaly. Sebäbi olaryň öz işinde ähmiýetiniň uludygyna düşünýärdi.
Baý kakam bolsa her zat barada azajygam bolsa düşünjämiň bolmagyny maslahat berýärdi. Ol özüňden akylly adamlar bilen işleşmegi hem-de öz toparyňda işletmek üçin ol adamlary birleşdirmegi aýdardy. Ol adamlar diňe bir mugallymçylyk etmän, eýsem, telekeçilikden, marketingden hem baş çykarmalydylar. Häzir muny «Akylly adamlaryň işiniň netijesi» diýip atlandyrýarlar.
Men häzir ýylyna ýüzlerçe müň dollar gazanýan mekdep mugallymlaryny tanaýaryn. Bu olara başardýar, sebäbi olar diňe bir okatmak bilen çäklenmän, eýsem, söwdadyr marketing bilenem iş salyşýarlar. Telekeçilikdir marketing endiklerini ösdürmekligi men iň möhüm iş hasaplaýaryn. Adamlaryň köpüsine bu endikleri özleşdirmek gaty kyn bolýar, sebäbi olar ýüz öwrülmekden gorkýarlar. Adamlar bilen näçe gowy aragatnaşykda bolsaňyz, ýüz öwrülmek gorkusyna hötde gelmek we gepleşik geçirmek aňsat bolar. Men bu maslahaty wagtynda geçginli kitaplaryň awtory bolmak isleýän žurnalist gyza-da beripdim, häzir bolsa size berýärin.
Hakykatdan baý bolmak üçin diňe almany däl, bermänem başarmaly. Baý kakam ybadathanalara, haýyr-sahawat guramalaryna hemem öz döreden gaznasyna gaty köp pul bererdi, sebäbi ol gazanmak isleýän bolsaň, bermelidigini bilýärdi. Bu tüçjar baý adamlaryň syry bolup, «Rokfelleriň gaznasy» ýa-da «Forduň gaznasy» diýen ýaly guramalar bar. Bu gaznalar öz baýlyklaryny köpeltmek, şol bir wagtda bolsa haýyr-sahawat işleri üçin döredilendir.
Sowatly kakamam haýyr-sahawat etmek isleýärdi. Ýöne onuň hiç wagt artykmaç puly bolmazdy. Şonuň üçinem ol bar güýji bilen zähmet çekip, köpräk pul gazanjak bolardy. Ol puluň: «Ber, onsoň alarsyň» diýen kanuny barada oýlanman, «Al, soňra berersiň» diýen düzgüne uýýardy.
Sözümiň ahyrynda bir zady aýdasym gelýär, men iki sany atanyň elinde terbiýe alyp, ikisindenem paýymy aldym. Meniň bir bölegim pul gazanmak isleýän baş bermezek kapitalist bolsa, beýleki bölegim barlylar bilen ýoksullaryň arasyndaky boşlugyň ulalýanlygynyň aladasyny edýän jogapkär mugallymdyr.
ÝEDINJI BAP
PÄSGELÇILIKLERI ÝEŇIP GEÇMEK
Baýlar bilen garyplaryň esasy
aratapawudy — gorka hötde gelmek
başarnygydyr.
Yhlas bilen okap, maliýe sowadyny alan adamlaram maliýe garaşsyzlygyna barýan ýolda çynlakaý päsgelçilige duçar bolup bilerler. Aktiwler sütünini ýalňyşsyz düzmek hem-de güýçli pul akymyny edinmekde adamlara bäş sany zyýan salýan zat bar:
1. Gorky.
2. Öz güýjüňe ynanmazlyk.
3. Ýaltalyk.
4. Ýaramaz endikler.
5. Ulumsylyk.
GORKYNY NÄDIP ÝEŇMELI
Men hiç wagt puluny ýitirende begenen adama ýa-da bütin ömrüne puluny ýitirmedik baýa gabat gelmedim. Ýöne hiç wagt puluny ýitirip görmedik garyplary görýärin. Elbetde, men bärde maýa goýmaklyk barada gürrüň edýärin.
Pul ýitirmek gorkusy hakykatdanam bar. Ony hemmeler başyndan geçirýär. Ýöne bärde mesele gorkuda däl-de, oňa bolan gatnaşygyňyzda, ýeňlişi nähili kabul edýänligiňizdedir. Siziň şowsuzlyklara bolan gatnaşygyňyz tutuş durmuşyňyzy kesgitleýär. Baýlar bilen garyplaryň aratapawudy — gorka hötde gelmek başarnygydyr.
Gorkmak utanç däl. Haçan-da, gep pul barada gidende, gorkak bolmak biabraýçylyk däl. Bu siziň baý bolmagyňyza päsgel berip bilmez. Biziň hemmämiz käbir zatlarda gaýduwsyz bolsak, käbir zatlarda gorkakdyrys. Bir dostumyň aýaly keselhanada şepagat uýasy bolup işleýär. Haçan-da, ol gan görende işe başlaýar, men bolsa özümden gidýärin. Ýöne maýa goýmaklyk barada gürrüňe başlanymda, ol aşhana gaçyp gidýär.
Baý kakam: «Käbirleri ýylandan gaty gorkýan bolsa, käbirleri pul ýitirmekden gaty gorkýar. Bu erkiňe goýmaýan gorkularyň adaty görnüşleridir — diýip, ony düzetmegiň ýoluny salgy bererdi: — Eger-de töwekgelligi hemem biynjalyksyzlygy ýigrenýän bolsaňyz, oňa ýaşlykdan öwrenişip ugraň».
Ine, şonuň üçinem bankçylar ýaşlykdan pul toplamak endigini edinmegi maslahat berýärler. Muny näçe ýaşlykdan başlasaňyz, baýamak mümkinçiligi şonça-da aňsat düşer. Jikme-jik aýdyp oturmaýyn, ýöne ýigrimi ýaşda pul toplap ugran adam bilen otuz ýaşda toplap ugranyň aratapawudy haýran galaýmalydyr. Bärde bar zat — ýygnanan göterimlerdedir. Ony ýöne ýere «dünýäniň sekizinji gudraty» diýip atlandyrmandyrlar.
Meselem, ähli döwrüň iň şowly şertleşigi hasaplanýan Manhetten adasyny alyp göreliň. Hawa, Nýu-Ýorkam bahasy ýigrimi dört dollarlyk monjuga we şoňa meňzeş zatlara satyn alnypdyr. Ýöne şol ýigrimi dört dollary ýylyna sekiz göterim berýän bir zada goýlan bolsa, onda ol 1995-nji ýyla çenli ýigrimi sekiz trillion dollardanam geçip, bu pullara Manhetteni hem-de Los-Anželesiň iň uly bölegini satyn alyp bolardy.
Ýöne wagtyňyz az galan bolsa ýa-da irräk pensiýa çykmak isleýän bolsaňyz, pul ýitirmek gorkusyny ýeňip geçmek üçin näme etmeli?
Garyp kakam hiç zat edenokdy, ol bu gürrüňlerden gaçyp, bu barada gürleşmek islänokdy.
Baý kakam bolsa tehaslylaryň pikir edişi ýaly pikir etmegi maslahat bererdi.
— Maňa Tehas hem onuň ýaşaýjylary ýaraýar — diýip, bir gezek ol gürrüňe başlady. — Ştatdaky zatlaryň iň ulusynyň özlerindedigini aýdyp, olar magtanmany gowy görýärler. Onsoňam tehaslylyr utan wagtlary, hökman gaty köp utýarlar. Ýöne utulan wagtlary, muny hökman täsir galdyryjylykly edýärler.
— Olara utulmak ýaraýarmy? — diýip, men geň galdym.
— Ýok, men muny göz öňünde tutamok. Utulanyna begenýän adam hiç wagt utmaz — diýip, baý kakam jogap berdi. — Men ýöne tehaslylaryň utmak we ugruna bolmazlyk töwekgelliklerine, durmuşa bolan gatnaşyklaryna aýdýaryn. Olar durmuşa bar zatlaryny goýup ýaşaýarlar. Bärdäkileriň köpüsi bolsa pullarynyň bardygyny bildirmejek, hiç kime görünmejek bolup, edil saçakçylar ýaly yş tapan ýerlerine sümülýärler ýa-da bir bakgal ýigrimi bäş köpügini iýen bolsa, derrew onuň bilen harçaňlaşyp ugraýarlar.
Maňa ähli zatdan beter tehaslylaryň durmuşa bolan gatnaşygy ýaraýar — diýip, baý kakam sözüni dowam etdi. — Olar utanlarynda buýsanýarlar hem-de utulan wagtlary magtanýarlar. Olarda şunuň ýaly nakyl bar: «Eger batasyň gelýän bolsa, aşagyndan çykyp bilmez ýaly bergä bat». Iki otagly jaý satyn alyp, ýalňyşandygy bilen kimiň magtanasy gelýär?
Ol Maýk ikimize hemişe şeýle diýerdi: «Adamlaryň köpüsiniň maliýe üstünliklerine ýetmeýänliginiň esasy sebäbi — töwekgellik etmek gorkusydyr. Olar utulmakdan gorkýarlar, şo sebäplem utulýarlar».
Halkara futbol ligasynyň rowaýata öwrülen oýunçysy Fren Tarkenton bu pikiri başgaça beýan edipdir: «Ýeňmek üçin ýeňlişden gorkmaly däl».
Durmuşda ýeňlişlerden soň ýeňýändigimi men birwagtlar bildim, sebäbi tigir sürmegi öwrenmek üçin birnäçe gezek ýykylmaly boldum. Men entek meýdanda ýekeje pökgüsini ýitirmedik golf oýunçysyna, jebir-sütem görmedik aşyk-magşuga ýa-da hiç wagt puluny ýitirmedik baýa duşup göremok.
Pul ýitirmek gorkusy baýlygyň berýän şatlygyndan uly bolany üçin köp adam maliýe üstünligine ýetip bilenok.
Tehasda bir nakyl bar, onda şeýle diýilýär: «Hemmeler arşa galmak isleýänem bolsa, hiç kimiň ölesi gelenok». Adamlaryň aglabasy baýamak hakda arzuw edýänem bolsa, puluny ýitirmekden öler ýaly gorkýar, şonuň üçinem ýokary galyp bilenoklar.
— Eger-de dogrudanam töwekgellige, ýeňlişe, şowsuzlyga dogry garamagy öwrenmek isleýän bolsaňyz, onda San-Antonio gidiň-de, Alamo syýahat ediň — diýip, baý kakam sözüni dowam etdi. — Alamo — bu batyrgaý adamlar baradaky rowaýat bolup, olarda hiç hili umyt bolmasa-da, söweşe çykypdyrlar hem-de boýun egenlerinden, ölenlerini gowy görüpdirler. Olary kül-peýekun edipdirler. Muny siziň bilmegiňiz gerek, sebäbi bu harby ýeňlişiň heläkçilikli taryhydyr. Aýtsaňyzlaň, tehaslylar bu ýeňlişe nähili garaýandyr öýdýäňiz? Olar häzirem «Alamony ýatdan çykarmaň!» diýen sözler bilen söweşe başlaýarlar.
Maýk ikimiz bu gürrüňi gaty köp gezek eşidipdik. Baý kakam muny howsalaly wagty, ýagny çynlakaý şertnama baglaşjak bolanda, ähli zerur zatlar gözden geçirilip, öz sözüni aýtmazdan ozal gürrüň bererdi. Bu oňa güýç bererdi, sebäbi bu oňa ýeňlişi üstünligine öwrüp bolýandygyny ýada salardy. Ine, şonuň üçinem beýlekileriň edeni ugruna bolmasa-da, ol elmydama ýeňerdi. Beýlekiler yza çekilýänem bolsa, bu rowaýat oňa batyrgaýlyk bilen öňe gitmäge güýç bererdi.
— Ine, şu sebäpli hem tehaslylary halaýaryn. Olar öz ýeňlişlerini ruhlandyryjy çeşmä… millionlary getirýän syýahat edilýän ýerlere öwürmegi başardylar.
Ýöne häzir meniň üçin iň ähmiýetli zat — onuň aýdan indiki sözleri bolsa gerek: «Tehaslylar öz ýeňlişini unudanoklar. Olar ondan ruhlanyp, söweş çakylygyny ýasaýarlar. Muny diňe bir tehaslylar däl, ýeňijileriň ählisi edýär. Şeýdip olar ussatlyga ýetýärler».
Ýeňilmek — ýeňijileri ruhlandyrýar, işi şowuna düşmeýänleriň bolsa umytlaryny syndyrýar.
Maňa Jon Rokfelleriň sözlerini gaýtalamak ýaraýar, ol şeýle diýýär: «Men islendik heläkçiligi täze mümkinçiliklere öwürmäge çalyşýaryn».
Aslym ýapon, özüm amerikaly bolsamam, aşakdaky sözleri aýtmak isleýärin. Pýorl-Harbory köpler amerikalylaryň ýalňyşy hasaplaýar. Ýöne munuň Ýaponiýanyň ýalňyşydygyny tassyklaýaryn. «Tora! Tora! Tora!» filminde hyrsyz ýapon admiraly şatlanyp duran işgärine şeýle diýýär: «Meniň gorkýan zadym, biz ukuda ýatan aždarhanyň guýrugyndan basdyk öýdýärin». Şonuň üçinem «Pýorl-Harbori ýatdan çykarmaň!» diýen sözler söweş çakylygyna öwrülip, bu heläkçilikli ýeňliş ýurda güýç berdi hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýurdy bolmagyna kömek etdi.
Ýeňilmek ýeňijileri ruhlandyrýar, işi şowuna bolmaýanlary bolsa lapykeç edýär. Bu ýeňijileriň iň esasy syry bolup, beýlekileriň bilmeýän zadydyr. Ýeňilmek ýeňijileri ruhlandyrýar, şonuň üçinem olar ýeňilmekden gorkanok. Şu ýerde Fren Tarkentonyň sözlerini gaýtalasym gelýär: «Ýeňmek üçin ýeňilmekden gorkmaly däl». Tarkenton ýaly adamlar ýeňilmegi ýigrenýärler, şo sebäpli her bir ýeňlişiň özlerini güýç berjekdigine ynanýarlar. Ýeňlişe bolan ýigrenç bilen gorkynyň arasynda ullakan aratapawut bar. Adamlaryň köpüsi pul ýitirmekden şeýlebir gorkýar welin, şu sebäpli hiç wagt üstünlik gazanyp bilenoklar. Maliýe oýnunda gaty seresap hereket edip, oňa ujypsyzja pul goýýarlar. Olar ullakan öýleri, üýtgeşik ulaglary satyn alsalaram, ullakan maýa goýumlaryny goýanoklar. Amerikalylaryň 90% gowuragynyň mejbury ýagdaýda puluň yzynda sersepil bolýandygynyň sebäbi — ýeňmek üçin däl-de, utulmak üçin oýnaýarlar.
Olar maliýe maslahatçysynyň, ykdysadyýetçiniň ýa-da birža dellalynyň ýanyna barýarlar-da, deňagramlylygyny saklaýan gymmat bahaly kagyzlary satyn alýarlar. Köp ýagdaýlarda muňa goýum kagyzlary, az girdeji getirýän obligasiýalar hem-de ikitaraplaýyn gaznalaryň aksiýalary girip, käbir özbaşdak aksiýalar bolaýmasa, bulary diňe gaznanyň içinde alyp-satyp bolýar. Bu howpsuz hemem akylly-başly maýa goýmaklyk hasap edilse-de, ýeňmek üçin niýetlenen däldir.
Maňa ýalňyş düşünmäň, hiç zadyňyz bolmandan, şular ýaly girdejiňiziň bolany gowudyr. Ilatyň 70% gowuragy hiç wagt maýa goýmaklyk bilen iş salyşanok, bu bolsa meni gorkuzýar. Howpsuz girdeji töwekgellik etmegi halamaýanlar üçin gaty gowy çykalga. Ýöne baýasyňyz gelýän bolsa, onda puluňyzyň deňagramlylygyny gorap saklamagyň aladasyny etmän, maksada ýetmek üçin ünsüňizi jemlemeli bolarsyňyz. Işi şowuna düşen islendik adamy mysal alsaňyz, onda başlangyç ýolda olaryň ýagdaýlarynyň durnuksyzdygyny görersiňiz. Deňagramlylygyny saklaýan adam ýerinden gozganyp bilmez. Ýokary galjak bolsaňyz, bu ýagdaýdan çykmaly bolarsyňyz. Muňa göz ýetirmek üçin bolsa, öz ýörişiňizi synlamak ýeterlikdir.
Tomas Edison özüni gyzyklandyrýan zatlarda deňagramlylyk saklaman, bar ünsüni bir maksada gönükdiripdir. Bill Geýtsem deňagramlylyk barada alada etmän, belli bir maksada tarap hereket edipdir. Muny Donald Tramt bilen Jorj Sorosam edýär. Jorj Patton bolsa tanklaryny söweş meýdanynyň ähli ýerinde goýman, bir ýere jemläp, nemesleriň gowşak ýerlerinden böwsüp geçipdir.
Baýasyňyz gelýän bolsa, güýjüňizi bir ýere gönükdiriň. Ýeňilmekligi ýigrenýän bolsaňyz hem-de ol ruhuňyzy peseldýän bolsa, töwekgellik etmäň-de, deňagramlylygyny saklaýan maýa goýumlary bilen meşgullanyň. Ýaşyňyz ýigrimi bäşden geçip, töwekgellik etmekdenem gorkýan bolsaňyz, onda öz-özüňizi üýtgetjek bolmaň.
Ýöne alaka aýlawundan sypmagy arzuw edýän bolsaňyz, onda ilki bilen öz-özüňizden soraň: «Men ýeňilmeklige nähili garaýaryn?». Eger ýeňilmeklik sizi ýeňmäge ruhlandyrýan bolsa, onda oňa tarap ugruksaňyzam bolar, ýöne ýeňliş sizi baýlaryň lälik çagalary ýaly ruhdan düşürip, gaharyňyzy getirýän bolsa (olar nämedir bir zatdan nägile bolan wagtlary, derrew aklawçylaryna jaň edip, kazyýetde duşuşmak bilen bolýarlar), onda oýnajak bolup durmaň. Özüňiziň esasy işiňizden çykmaň-da, obligasiýalary, ikitaraplaýyn gaznalaryň paýlaryny satyn alyň. Ýöne bir zady ýatdan çykarmaň, bu maliýe gurallary howpsuz ýaly görünýänem bolsa, töwekgellik bilen baglanyşyklydyr.
Meniň Tehas hem-de Frene Tarkenton baradaky gürrüňlerim size bir zady — aktiwler sütünini döretmegiň kyn däldigine düşünmäge kömek eder. Munuň üçin akyl başarnygy ýa-da alym bolmak gerek däl. Bäşinji synpyň matematikasyny ele alanyň ýeterlik. Aktiwler sütünini gurmaklyk — bu oýun bolup, şowlulyk ilkinji nobatda ruhuň güýjüne baglydyr. Siz ýeňlişe batyrgaýlyk, sabyrlylyk hem-de akylly-başly garamany başarmalysyňyz.
Işi şow almaýanlar ýeňlişden gaçmaga jan edýärler, ýöne ýeňilmeklik ýeňleni ýeňijä öwrüp biler. Alamony ýadyňyzdan çykarmaň.
GÖWNÜÇÖKGÜNLIGI NÄDIP ÝEŇMELI
«Asman ýere gaçýar! Asman ýere gaçýar!». Biz Sypa atly jüýjejigiň tutuş howla aýlanyp, ýetip gelýän howp-hatar barada hemmeleri habar edenligi baradaky hekaýaty bilýäris. Biz olar ýaly adamlaryň bardygynam bilýäris. Umuman, jüýjejik biziň her birimizde bar.
Ýaňky aýdyşym ýaly, göwnüçökgünler kiçijik jüýjä meňzeýär. Haçan-da, aňymyz gorky hem şübhe dumany bilen örtülende, barymyzy şoňa meňzeýäris.
Şübhe her bir adamda bar: «Men ýeterlik derejede akylly däl», «Meniň muňa başarnygym ýok», «Men oňa ýetip bilmezmikäm öýdýärin». Ýa-da ol adam oýna giren bolsa, özüne şeýle soraglary berip ugraýar: «Birden ykdysadyýet pese gaçyp, maýa goýumlarym ýitirim bolaýsa näme?», «Birden pul gazanyp bilmän, goýanja pulumam ýitiräýsem näme?», «Birden işlerim meýilnama boýunça gitmese näme». Adamynyň şübhesi köplenç olary güýçden gaçyrýar.
Olar barada soramasagam, köplenç dostlarymyz biziň ýetmezçiligimizi ýatladyp durýarlar: «Näme üçin bu başa barar öýdýärsiň?» ýa-da «Eger bu gaty gowy pikir bolsa, näme üçin muny beýlekiler edenok?» ýa-da «Mundan hiç zat çykmaz. Sen ýöne näme diýýäniňe düşüneňok». Bu sözler käwagtlar şeýlebir belentden ýaňlanýar welin, biz hereket etmek mümkinçiligimizi ýitirýäris; aşgazanymyzyň töwereginde bir ýerde boşluk emele gelýär; ukusyzlykdan ezýet çekýäris; öňe gitmek üçin hereket edip bilemzok. Şondan soň howpsuz bir ýere baryp durýarys, mümkinçilikler bolsa gapdalymyzdan geçip gidýär. Biz ýerimizden gymyldap bilmän otyrys hem-de durmuşyň gapdalymyzdan geçip gidýänligine gaýgy-gussa bilen seredýäris. Biziň her birimiz bu ýagdaýy başymyzdan geçirip görendiris, ýöne käbir adamlar muny has gowy bilýär.
«Fidelity Ýfgellan» gaznasynyň öňki iş dolandyryjysy Piter Linç asmanyň ýöne-möne däl-de, «güwläp» gaýdýandygyny aýdýar.
«Güwwüldi» ýa-ha biziň kellämizde peýda bolýar, ýa-da daşyndan gelýär. Ony köplenç biziň dostlarymyz, garyndaşlarymyz, işgärlerimiz hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri getirýär. Linç 1950-nji ýyllary ýatlap, täzeliklerde ýadro söweşiniň boljakdygy baradaky gorkuly gürrüňleriň gaýta-gaýta berlendigi, adamlaryň gaçybatalga ýasap, ony suwdyr iýmit ätiýaçlygyndan doldurandygyny aýdýar. Eger olar şol pullaryny gaçybatalga sowurman, akylly-başly ulanyp bazara goýan bolsadylar, onda häzir maliýe garaşsyzlygynyň süýjüje miwesinden lezzet alardylar.
Haçan-da, haýsydyr bir şäherde jebirdir sütemiň uçguny äşgär bolanda, satylýan ýaraglaryň bahasy şobada ýokary galýar. Waşington ştatynda bir adam ýaramaz hilli üwelen etden ýogalan bolsa, Arizona ştatynyň saglygy saklaýyş Departamenti ähli restoranlara diňe gowrulan sygyr etini satmaklygy aýdýar. Farmasewt kompaniýasy fewral aýy teleýaýlymda grip bilen kesellänleri görkezýär welin, ýurtda şobada sowuklama keseli bilen kesellänleriň sany ýokarlanýar, şonuň bilen bilelikde bolsa, gripe garşy döredilen täze derman serişdelerine sorag köpelýär.
Adamlaryň köpüsi garyp durmuşdan çykyp bilmez, sebäbi maýadarlar dünýäsi jüýjeden doly hem-de olar ylgaşyp ýörüşlerine: «Asman ýere gaçýar!» diýip jüýgüldeýärler. Olara köpleri gorkuzmak başardýar, sebäbi biziň her birimizde jüýjejik otyr. Adamlaryň gürrüňleri arkaly döreýän şübhedir gorkulary ýeňip geçmek üçin köplenç adatdan daşary edermenlik gerek. Ýöne tejribeli maýadarlar pul ýasamak üçin iň gowy mümkinçiligiň ýaramaz günlerde döreýändigini bilýärler. Beýlekiler gymyldamakdan gorkup oturan bolsalar, olar hyjuw bilen işe başlap, ummasyz baýlyga eýe bolýarlar.
Birnäçe ýyl mundan ozal Feniksde ýaşaýarkam, bostonly dostum Riçard myhmançylyga geldi. Ol aýalym ikimiziň aksiýalardyr gozgalmaýan emläkleriň kömegi bilen munuň ýaly derejä ýetenimize haýran galdy. Feniksdäki gozgalmaýan emläkleriň bahasy şol wagt duýdansyz pese gaçypdy. Pul akymyny edinmek mümkinçiliginiň bardygyny aýdyp, biz oňa iki günläp jaýlary görkezdik.
Aýalym ikimiz gozgalmaýan emläkleri satýan dellal däl, diňe maýa goýmaklyk bilen meşgullanýardyk. Biz gowy etrapdan jaý tapan badymyza, onuň dellalyna jaň etdik, ol bolsa şo günüň özünde jaýy dostumyň adyna geçirdi. Bu iki sany ýatylýan otagy bolan jaýyň bahasy bary-ýogy kyrk iki müň dollardy. Şonuň ýaly jaýlary şol döwürler aňsatlyk bilen altmyş bäş müňe itekläp bolýardy. Riçart alan zadyndan kaýyl bolup, Bostona dolandy.
Aradan iki hepde geçenden soň, dellal jaň edip, Riçardyň jaýdan ýüz dönderendigini aýtdy. Men şobada Riçarda jaň edip, nämäniň bolandygyny soradym. Görüp otursak, ol goňşusy bilen gürleşipdir, ol bolsa jaýy gaty gymmat satyn alandygyny aýdypdyr. Men Riçarddan: «Goňşyň maýadar bolup görüpmidi?» diýip soradym. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi. «Onda näme üçin oňa gulak asýarsyň?» diýip, men gyzyklandym. Riçard hiç zat jogap bermedi-de, ýene birsalym jaý gözlejekdigini aýtdy.
Feniksiň bazarynyň ýagdaýy üýtgedi hem-de birnäçe ýyldan ol jaý aýyna müň, gyşyna — syýasatçylaryň gelýän döwri bolsa iki ýarym müň dollar getirip ugrady hem-de jaýyň bahasy togsan bäş müň dollara galdy. Riçardyň bary-ýogy etmeli zady — puluň ujundan bäş müň dollar geçirmekdi. Bu onuň alaka aýlawundan çykmagy üçin birinji ädimi boljakdy. Gynansagam, häzirem ol öňküleri ýaly, bu ugurda hiç zat edenok.
Riçardyň şertnamadan ýüz dönderendigi meni haýran galdyrdy. Ähtimal, ony «alyjynyň ökünji» diýen hemmelere mälim bolan duýgy dolandyran bolmaly. Şeýdip, jüýjejik Riçardy ýeňdi hem-de ol azatlyga çykmak mümkinçiliginden mahrum boldy.
Ýene bir mysal. Meniň aktiwlerimiň uly bolmadyk bölegi gymmat bahaly depozit kagyzlaryndan däl-de, salgyt zamunynyň kagyzlaryndan ybaratdyr. Olar ýylda 16% girdeji berýär hem-de bankyň teklip edýän 5% ep-esli amatlydyr. Bu gymmat bahaly kagyzlar gozgalmaýan emläkleriň girewi bolup, döwlet kanunlary tarapyndan berk goralýar hem-de bank bilen işleşenden örän gowudyr. Bu kagyzlary edinmek şertleşigi olary bütinleý howpsuz edýär. Olara ýeke-täk ýetmeýän zat — tiz satylyp bilinmezligidir. Şonuň üçinem men olara iki ýyldan sekiz ýyl aralygyndaky gymmat bahaly depozit kagyzlary hökmünde garaýaryn.
Puly depozit kagyzlaryna goýup boljakdygyny aýdanymda, adamlar munuň gaty töwekgelli işdigini aýdýarlar. Şonda: «Muny nireden bilýäňiz?» diýip soraýaryn, olar bolsa maňa şeýle jogap berýärler: «Tanşym aýtdy ýa-da maýadarlaryň žurnalyndan okadym».
Olar bu iş bilen hiç wagt meşgullanyp görmändirler, ýöne näme etmelidigini welin bilýärler. Bu gymmat bahaly kagyzyň iň az girdejisi ýylda 16%, ýöne şübhä özüni aldyrýanlar has kiçiräk sanlar bilen kanagatlanmaly bolarlar. Görşüňiz ýaly, şübhe gaty gymmada düşýär.
Ýene bir gezek nygtamak isleýärin, adamlaryň aglabasynyň garyp günde ýaşaýanlygynyň hem-de töwekgellilik etmeýändikleriniň esasy sebäbi — şübhe we göwnüçökgünlilik zerarlydyr. Geljekde ol adamlar baý bolup biler, ýöne garyplyga iterýän ýeke-täk zatlaryndan — şübhelerinden hoşlaşmaly bolarlar. Eýýäm aýdyşym ýaly, alaka aýlawyndan sypmak tehniki taýdan ýeňil, munuň üçin ullakan bilimiň geregi ýok, ýöne adamlaryň köpüsiniň ukyp başarnygyny öz şübheleri ellerinden alýar.
«Göwnüçökgünler hiç wagt ýeňmeýär, sebäbi olar tankytlamakdan başga hiç zat oňaranoklar. Ýeňijiler bolsa hertaraplaýyn pikirlenmegi başarýarlar. Tankytlamak aňyň seljermezligine eltýär, her taraplaýyn pikirlenmek bolsa, tersine — gözüňi açýar» diýip, baý kakam gaýtalamagy gowy görerdi. Bir zat barada her taraplaýyn pikirlenmek ýeňijilere tankytçylaryň gözden sypdyran zadyny görmäge mümkinçilik berýär. Beýlekileriň aňmaýan zadyny tapmak başarnygy — bu üstünligiň köptaraply açarydyr.
Gozgalmaýan emläkler — maýa goýmaklyk üçin kuwwatly enjam bolup, islendik adamyny maliýe garaşsyzlygyna ýa-da azatlyga ýetirip biler. Ýöne her gezek gozgalmaýan emläkler barada gürrüň açyp, oňa «baýlyk döretmegiň serişdesi» diýenimde, maňa şunuň ýaly jogap berýärler: «Men hajathanaň bejergi işlerini geçiresim gelenok». Hut şular ýaly sözlerem Piter Linç «güwwüldi» hasaplaýar. Baý kakam bolsa göwnüçökgünleri şeýle suratlandyrýar: «Bir zat barada hertaraplaýyn pikirlenmän tankyt edýän adamlar şübhedir gorkularynyň ygtyýaryna berlip batyl galýarlar».
Köp adamyň pikirleniş usuly baýamaga mümkinçilik berenok. Olar her taraplaýyn pikir etmän, tankytlap ugraýarlar.
Baý kakam: «Islemezlik sözünde üstünligiň açary bar» diýerdi. Menem hajathanaň bejergi işlerini geçirmek islämok, şonuň üçinem gozgalmaýan emläklerden başy çykýan, bu işleri ýerine ýetirmek isleýän iş dolandyryjynyň gözlegine çykýaryn. Haçan-da, ony tapan mahalym, pul akymym köpelip ugraýardy, sebäbi indi hajathanalar bilen iş salyşman, bar ünsümi gozgalmaýan emläklere berýärin. Maňa gowy emläk tapanymdan, gowy iş dolandyryjyny tapanym möhüm. Sebäbi gowy iş dolandyryjy şertnamanyň haýyrly ýa däldigini emläkleri satýan dellallardan has gowy bilýär. «Islemezlik sözünde üstünligiň açary bar» diýip, baý kakam ine, şu zatlary göz öňünde tutýardy.
Haçan-da, gep gymmat bahaly kagyzlar barada gidende, adamlar köplenç şeýle diýýär: «Meniň pulumy ýitiresim gelenok». Näme, beýlekiler puluny ýitirip, hezil edýändir öýdýärlermikä? Olaryň pul ýasap bilmeýändikleriniň sebäbi — pul ýitirmek islemezlikleridir.
Günlerde bir gün dostum bilen öz etrabymyzdaky ýangyç bekediniň gapdalyndan geçip barýardym. Ol kellesini galdyrdy-da, ýangyjyň bahasynyň gymmatlandygyny aýtdy. Bu dostum hakyky iňredi, Sypa atly jüýjäniň edil özüdi hem-de gijelerine edil torgaý ýaly, «asman ýere gaçaýmasyn» diýip aýaklaryny galdyryp ýatýardy.
Öýe gelen badymyza, ol maňa geljekki ýyllarda nebitiň näme üçin galjakdygy baradaky statistikanyň maglumatyny görkezdi. Men bu maglumatlary göz öňünde tutup, şobada gözlege başladym hem-de kembaha garalýan bir kompaniýany tapdym-da, her birine altmyş bäş sent töläp, bu kompaniýanyň on bäş müň dollarlyk aksiýasyny satyn aldym.
Üç aý geçenden soň, şol dostum bilen ýene ýangyç guýulýan bekediň ýanyndan geçip barýardyk, elbetde, ýangyjyň bahasy 15% diýen ýaly galan eken. Ýene-de jüýjejik biynjalyk bolup, jürküldemäge durdy. Men jogap bermegiň ýerine ýylgyrdym, sebäbi bir aý mundan öň şol aksiýasyny satyn alan kompaniýam nebit känini tapypdy hem-de satyn alan on bäş müňlük aksiýamyň her biri üç dollardan geçipdi. Bu zatlar üçin men dostuma sag bolsun aýtmaly. Eger ol mamla bolsa, onda ýangyjyň bahasy mundan beýlägem ýokaryk galmaly.
«Islämok» diýýän adamlara duşanymda, olaryň näme isleýändigini biljegem bolup duramok, sebäbi olaryň kellesiniň «güwwüldiden» doludygyny bilýärin. Olaryň beýnisindäki jüýjejik: «Asman ýere gaçýar! Hajathanalara bejergi işleri gerek!» diýip şeýlebir gygyrýar welin, olar hiç zady görmezlik üçin gözlerini ýumýarlar. Ähtimal, olar durmuşda isleýän zatlaryny hiç wagt tapyp bilmeseler gerek, sebäbi bir zatlar barada ymykly oýlanman, jüýjejige özlerini oýnadýarlar.
Baý kakam jüýjejik bilen başgaça çemeleşmelidigini aýdyp, şeýle diýerdi: «Polkownik Sanders ýaly bol. Ol altmyş alty ýaşynda işini ýitirip, döwletiň berýän kömek puly bilen ýaşap ugraýar, ýöne gününi dolamaga ýetmeýär. Şonda ol öz towuk gowuryş usulyny satmak üçin Amerika aýlanyp çykýar. Ol kimdir biri «hawa» diýmezden ozal, bir müň dokuz gezek «ýok» sözüni eşidýär. Ýöne örän tutanýerli adam bolany üçin ol köp adamyň pensiýa çykýan wagty multmillioner bolýar».
ÝALTALYGY NÄDIP ÝEŇMELI
Gaty işli adamlar, adatça, örän ýalta bolýar. Biziň hemmämiz pul gazanmak üçin güýjünde baryny edip işleýän adam barada eşiden bolsak gerek: ol aýalydyr çagalaryny hor saklamajak bolup elinde baryny edýär; gijäniň bir wagtyna çenli işinde eglenýär; dynç günleri bolsa işini alyp, öýüne gelýär. Ýöne günlerde bir gün öýüne gelýär welin, gözi boşan mebellere düşýär — aýalydyr çagalary ony taşlap gidipdir. Ol aýaly bilen arasynda näme meseläniň bardygyny bilýär, ýöne gatnaşygy ýola goýmagyň ýerine, bar güýjüni, wagtyny işine berýär. Şondan soň onda öz işine ýigrenç döreýär; işjeňligi peselýär we ony işden çykarýarlar.
Baýamaklygyň pikirini ederden gaty işli adamlara men şu günlerem duşýaryn. Saglygyň pikirini ederden gaty işli adamlaram az däl. Ýöne olaryň barynyň bahanalary bir — ýaramaz ýagdaýlar bilen çaknyşmakdan gaçyp, gaty işli görünmek isleýärler. Olara hiç zat aýtmagyň geregi ýok, sebäbi ýürekleriniň jümmüşinde ähli zada gowy düşünýärler. Eger olara bu barada aýdaýsaň, gaharlary gelmegi ýa-da öýkelemekleri mümkin.
Eger olar işden boş bolsalar, köplenç telewizoryň öňünde oturýarlar, balyk tutmaga, golf oýnamaga gidýärler ýa-da dükanlara aýlanýarlar. Ýöne ýürekleriniň jümmüşinde möhüm bir zatdan gaçýandyklaryna düşünýärler. Bu ýaltalygyň iň giňden ýaýran görnüşi bolup, adamlar onuň üstüni işlilik bilen basyrýarlar.
Ýaltalykdan nädip dynmaly? Onuň dermany ýeke — kiçiräk nebsewürlik.
Kiçikäk köpümize nebsewürligiň ýaramaz zatdygyny aýdandyrlar. «Betnebis adamlar ýaramaz bolýar» diýip, ejem gulagyma guýardy. Ýöne her bir adamyň ýüreginde gowy, täze, gyzykly zatlary edinmegi arzuw edýän ýanbermez islegi bar.
Şu duýgularymyzy gözegçilikde saklajak bolup, ene-atalarymyz ony «nebsewürlik» diýip atlandyrýarlar hem-de hamala biz günä iş edýän edýän ýaly, her gezek ony basyp ýatyrmak isleýärler. «Robert, sen diňe özüň hakynda oýlanýarsyň. Eýsem doganlaryň, uýalaryň bardygyny unutdyňmy?» diýip, ejem elmydama tekrarlardy. Kakam bolsa: «Sen näme, muny satyn alyp berenimi isleýäňmi? Näme, kakaň pul ýasaýandyr ýa-da ol agaçlaryň üstünde gögerýändir öýdýäňmi? Öz bilşiň ýaly, biz baý däl» diýerdi.
Men aýdylan sözlere däl-de, şol sözleriň aňyrsynda gizlenýän aýyplamalara, gahar-gazaplara geňirgenerdim.
Käwatlar bolsa ene-atam bu günäni başga ýollaryň üsti bilen duýdurjak bolýardy: «Muny saňa satyn aljak bolup, men gijämi gündiz edip işlemeli boldum. Men muny diňe seň ýaşyňdakam özüm alym bilmänim üçin alyp berýärin».
Meniň bir goňşym bar, ol zordan gününi aýlaýanam bolsa, ulagyny ammaryna salyp bilenok, sebäbi onuň içi çaga oýunjagyndan doly. Onuň başyna giden çagalary islän zatlaryny satyn alýarlar. «Men olaryň hiç zada mätäçlik çekenini islämok» diýip, goňşym gaýtalaýardy. Çagalaryny kolleje salmak ýa-da garrylygyny sapaly geçirmek üçin onuň aňyrsynda hiç zady ýogam bolsa, dükanlarda satylýan islendik oýunjagy çagalarynyň elinden görüp bolýardy. Arada oňa poçtanyň üsti bilen täze karz kartyny iberipdirler, onsoň ol çagalaryny alyp, Las-Wegasa aýlamaga gitdi. Ol öz çekýän jebrini buýsanç bilen şeýle suratlandyrýar: «Men muny çagalarym üçin edýärin».
Baý kakam maňa şu sözleri aýtmagy gadagan ederdi: «Men muny edinip bilmerin». Men muny öz öýümizde köp eşidýärdim. Oňa derek, ol şeýle diýmegi talap ederdi: «Men muny nädip edinip bilerin?» Baý kakam: «Men muny edinip bilmerin» diýen sözüň adamyny pikir etmek ukybyndan mahrum edýändigini, emma «Men muny nädip edinip bilerin?» diýen soragyň beýnini işlemäge mejbur edýändigini hem-de oňa jogap gözläp ugraýandygyny aýdardy.
Mundan başga, ««Men muny edinip bilmerin» diýen jümle ýalan, sebäbi ynsan ruhy örän güýçlidir hem-de ähli zady başarjakdygyny bilýär» diýip, baý kakam aýdardy. Eger siz ýalta bolup, pikirleriňizem: «Men muny edinip bilmerin» diýýän bolsa, onda siziň içiňizde söweş başlanýar — ruhuňyzyň gahary gelýär, pikirleriňiz bolsa mejbury ýagdaýda özüni goramaly bolýar. Ruhuňyz: «Geýin, sport zala gideli!» diýip gygyrýan bolsa, pikirleriňiz: «Men bu gün örän köp işledim, gaty ýadadym» diýýär. Ruhuňyz: «Men bu garyplykdan halys boldum, tur-da, işe başla!» diýýän bolsa, pikirleriňiz: «Baýlaryň bary husyt» ýa-da «Bu iş birhili gaty gümürtik görünýär. Men pulumy ýitirmegim mümkin. Onsoňam häzir işim gaty kän. Seret, ýene näçesi galdy. Başlyk ertire çenli ähli zadyň taýyn bolmagyny isleýär» diýýär.
Mundan başga, «Men muny edinip bilmerin» diýen jümle tukatlyk, gowşaklyk, sustubasyklyk duýgularyny emele getirip, adamynyň ruhuny peseldýär. Tersine, «Men muny nädip edinip bilerin?» diýen sorag adamynyň mümkinçiliklerini açýar, ruhuny galkyndyryp, arzuwlaryny oýarýar.
«Bärde gep bir zady satyn almakda däl, «Men muny nädip edinip bilerin?» diýen sorag akylyň güýçlenmegine ýardam berýär hem-de adamyny ruhy taýdan berkidýär — ine, şu möhüm» diýip baý kakam gaýtalardy.
Ol nämedir bir zady Maýka ýa maňa ýöne ýere gaty seýrek bererdi. Oňa derek şu soragy bererdi: «Siz muny nädip edinip bilersiňiz?» Muňa kollejiň pulam degişlidi, sebäbi ony özümiz töläpdik. Ol esasy ünsümizi maksadymyza däl-de, oňa ýetmek prosessine gönükdirmelidigini aýdardy.
Men häzir millionlarça adamyň öz isleglerine günälilik duýgusy bilen garaýandygyny görýärin, sebäbi muny kiçilikden bednebisligiň alamaty hökmünde öwredipdirler. Olar durmuşyň teklip edýän owadan zatlaryny edinesleri gelýär, ýöne olaryň köpüsi aňasty aňyna giren sözleri gaýtalaýarlar: «Men muny edinip bilmerin» ýa-da «Men muny hiç haçan edinip bilmerin». Ene-ataň beýniňe guýan zatlaryndan saplanmak gaty kyn, sebäbi islegimizi basyp ýatyrmak üçin olar günälilik duýgusyny oýlap tapypdyrlar.
Şeýlelikde, ýaltalykdan dynmaga näme kömek edip biler? Kiçiräk nebsewürlik. Ol siziň ikinji soragyňyza jogap bermäge kömek eder: «Bu maňa näme berer?» Şonuň üçinem oturyň-da, oýlanyň: «Men sagdyn, owadan we hyjuwly bolsam, bu maňa näme berer?» ýa-da «Eger gije-gündiz dynjymy alman işlesem, meniň durmuşym nähili bolar?» ýa-da «Eger ähli zat üçin ýeterlik pulum bolsa, men näme edip bilerin?» Kiçiräk nebsewürligiňiz ýa-da gowy zatlar edinmek islegiňiz bolmasa, sizde hiç hili öňe gidişlik bolmaz. Biziň durmuşymyz näme üçin özgerýär? Sebäbi gowy ýaşamak isleýäris. Täze-täze açyşlar gowy zatlary isleýänligimiz üçin döreýär. Ine, şonuň üçinem bir zatlar etmekden gaçýandygyňyzy aňan çagyňyz, öz-özüňize sorag beriň: «Bu maňa näme berer?».
Biraz nebsewür boluň, bu ýaltalygyň iň gowy dermanydyr. Emma islendik artykmaçlyklar ýaly, aşa köp nebsewürlik gowulyk getirmez. Baý kakam muny başgaça aýdýar: «Nebsewürlikden günäkärlik duýgusy erbetdir, sebäbi ol adamyny ruhundan mahrum edýär». Ýöne bu barada Eleonor Ruzweltden gowy aýdan ýokmuka diýýärin: «Ýüregiňiziň dogry hasaplan zadyny ediň, sebäbi sizi islendik ýagdaýda-da tankytlarlar».
ÝARAMAZ ENDIKLERI NÄDIP ÝEŇMELI
Biziň durmuşymyzy diňe bir bilimimiz däl, endiklerimizem şöhlelendirýär. Arnold Şwarseneggeriň «Wagşy Konan» filmini görüp bolanymyzdan soň, dostlarymyzyň biri şeýle diýdi:
— Menem Şwarseneggeriňki ýaly bedenli bolmak isleýärin.
Beýleki oglanlaryň bary diýen ýaly razylygyň alamaty hökmünde başlaryny ýaýkady.
— Bir wagtlar ol nalajedeýin hem görmeksiz bolupdyr diýip eşitdim — diýip, başga biri aýtdy.
— Hawa, muny menem eşitdim — diýip, üçünji birem alyp göterdi. — Şonuň üçinem ol her gün diýen ýaly türgenleşýärmiş.
— Dogry aýdýaň.
— Beýle däl — diýip, biziň göwnüçökgün dostumyz aýtdy. — Onuň şonuň ýaly dogulandygyna jedelem edip biljek!
Bu biziň häsiýetimizi endiklerimiziň nähili dolandyrýandygynyň adaty mysalydyr.
Bir gezek baý kakamdan baýlaryň endikleri barada soradym. Ol adatdakylary ýaly göni jogap bermedi-de, sorag berdi:
— Kakaň öz hasaplaryny haçan töleýär?
— Her aýyň birine.
— Şondan soň onuň elinde zat galýarmy?
— Gaty ujypsyz.
— Onuň maliýe kynçylyklarynyň esasy sebäbem şunda — diýip, baý kakam aýtdy. — Onuň ýaramaz endigi bar. Kakaň ilki özgelere töleýär, eger elinde zat galaýsa, diňe şondan soň özüne töleýär.
— Adatça, onuň elinde hiç zat galmaýar diýen ýaly. Şeýle-de bolsa, ol hasaplaryny tölemelidir ahyryn… ýa-da ony tölemeli däl diýjek bolýaňyzmy? — diýip, men soradym.
— Elbetde, beý diýjek bolamok — diýip, baý kakam aýtdy. — Menem hasaplary wagtynda tölemegiň tarapdary. Ýöne men döwlete tölemezden öň, ilki özüme töleýärin.
— Eger siziň bar zada puluňyz ýetmese näme? — diýip, men geňirgendim. — Şonda näme edýäňiz?
— Şol bir zady — diýip, baý kakam jogap berdi. — Hatda pulum ýetmese-de, barybir, ilki özüme töleýärin. Meniň üçin döwlete berenden, aktiwler sütünim has möhüm.
— Eýsem, döwlet işgärleri gelip, saňa temmi berenoklarmy? — diýip, men soradym.
— Tölemesem gelerler — diýip, baý kakam jogap berdi. — Düşün, men hiç wagt tölemeli däldigini aýdamok. Men ýöne, hatda pulum ýetmedik ýagdaýynda-da, ilki özüme töleýändigimi aýdýaryn.
— Ýöne muny nädip edýäňiz?
— Bärde gep «nädip» edýänligimde däl-de, «näme üçin» edýänligimde — diýip, baý kakam jogap berdi.
— Ýeri bolýar, näme üçin edýäňiz?
— Birahat bolmak üçin — diýip, ol jogap berdi. — Hany, aýt, pul almasalar, bularyň haýsysy gaty gygyrar: menmi ýa algydarym?
— Bu görnüp duran zat, elbetde, algydaryňyz — diýip, men jogap berdim. — Eger pul almasaňyz, siz özüňize hiç zadam diýmersiňiz.
— Ine, görýäňmi. Men özüme tölänimden soň, döwletiň hem-de algydarlarymyň sesi şeýlebir çasly çykýar welin, men birahat bolup, mejbury ýagdaýda goşmaça girdeji gözlemeli bolýaryn. Olar bilen çaknyşmajak bolup, täze kompaniýa döredýärin, biržada oýnaýaryn, umuman, elimde barymy edýärin. Olaryň gysaja salmagy meniň işjeňligim artdyrýar, pikirlenmäge mejbur edýär, umuman, maliýe meýilnamasynda akylly-başly hereket etmäge itergi berýär. Eger men özüme iň soňky nobatda tölesem, onda olar tarapdan güýç görmezdim, pulumam bolmazdy.
— Diýmek, döwlete we şol adamlara bolan gorkuňyz sizi işlemäge mejbur edýär-dä?
— Hut şeýle — diýip, baý kakam jogap berdi. — Düşünýäňmi, döwletiň salgyt ýygnaýjylary hakyky talaňçylar. Adamlaryň köpüsi olardan gaty gorkýar, şonuň üçinem ilki bilen özlerine däl-de, olara töleýärler. Bir bezzadyň kyrk bäş kilogram agramly ýigidiň ýüzüne çäge sepip duran bildirişini gördüňmi?
Men başymy atdym:
— Häzir ol bildirişi ähli ýere ýelmeýärler.
— Şonuň ýaly, adamlaryň köpüsi öz ýüzüne çäge sepmäge ygtyýar berýär. Gorky olary güýçden gaçyrýar. Men bolsa bu gorkuny özümi güýçlendirmek üçin ulanýaryn. Özüňi pul gazanmaga mejbur etmek — bu edil sportzala baryp, türgenleşen ýaly bir zat. Men beýnimiň «myşsalaryny» näçe köp türgenleşdirsem, şonça-da güýçlenýärin. Şonuň üçinem häzir men salgyt ýygnaýjylardan gorkamok.
Bu pikir maňa ýarady.
— Diýmek, men ilki bilen özüme tölesem, maliýe taýdanam, akyl taýdanam güýçli bolarynmy?
Baý kakam başyny atdy.
— Eger men özüme iň soňky nobatda ýa-da hiç haçan tölemesem, onda başlyklar, iş dolandyryjylar, salgyt ýygnaýjylar, öý eýeleri ömrümiň ahyryna çenli jebir-jepa çekdirerlermi?
Baý kakam ýene başyny atdy:
— Şol kyrk bäş kilogram agramly ýigit ýaly, sen gaty nalajedeýin görnersiň.
TEKEPBIRLIGI NÄDIP ÝEŇMELI
«Meniň bilýän zatlarym pul getirýär, bilmeýän zatlarym bolsa pulumy ýitirmäge mejbur edýär. Her gezek gopbamsyrap ugraýaryn welin, pulumy ýitirýärin. Näme diýsene, ulumsylyk meni bilmeýän, ähmiýeti ýok zatlar barada çaklamaga mejbur edýär» diýip, baý kakam köplenç gaýtalardy.
Men köp adamyň öz nadanlygyny ýasama ynamlylygyň üsti bilen gizlejek bolýandygyny görýärin. Köplenç bu buhgalterler ýa-da maýadarlar bilen gürleşemde ýüze çykýar. Olar agzyndan ak köpük saçyp, öz pikirleriniň üstünde ahyryna çenli durmak isleýärler, ýöne olaryň gürleýän zatlaryndan başlarynyň çykmaýandygyny bilýärin. Olar ýalan sözlänok, ýöne hakykatam aýdanoklar.
Pul, maýa goýum dünýäsinde näme gürleýändiklerini bilmeýän adamlar gaty köp. Bular edil köne ulag satýan adamlar ýaly, agzyna gelenini ýaňraýarlar. Eger siz haýsydyr bir ugurda sowatsyz bolsaňyz, onda bilim almak üçin bu ugurdan hünärmene ýüz tutuň ýa-da gowy kitaplary tapyň-da, özbaşdak okap bilim alyň.
SEKIZINJI BAP
NÄMEDEN BAŞLAMALY
Altyn ähli ýerde bar. Ýöne adamlar onuň bardygyny görenok.
«Men baýlygy aňsatlyk bilen gazandym» diýsemem, bu beýle däl. Ýöne örän gowy şertnama tapmak düýbünden kyn däl. Bu edil tigir süren ýaly bir zat. Ilkibada ol birki gezek eýläk-beýläk bulanýar, soňra bolsa edil çagajyk ýaly boýun bolýar. Ýöne pul bilen iş salyşmaly bolanda, eliň ruldan sypýan möwritini geçirmek üçin gaýduwsyzlyk gerek. Bärde bar zat özüňe bagly.
Millionlary ýasap biljek şertnama tapmak üçin maliýe zehini gerek. Men siziň her biriňizde zehiniň ýaşaýandygyna ynanýaryn. Ýöne mesele nämede diýseňizläň, biziň maliýe zehinimiz «haçan oýararlarka?» diýip berk ukuda ýatyr. Onuň ukuda ýatanlygynyň sebäbi — jemgyýetimiz «ähli bela-beter pula bolan söýgüden başlanýar» diýen düşünjä gulluk edýär. Bizi pul gazanyp biler ýaly okadýarlar, hünär öwredýärler, ýöne puly özümize işlär ýaly etmäni öwredenoklar. Bize maliýe ugrundan alada etmeli däldigini aýdýarlar, sebäbi garrap sandan galanymyzdan soň, biziň aladamyz döwletiň ýa-da çagalarymyzyň boýnuna.
Gynansagam, dünýäniň ilatynyň 90% şu taglymat boýunça ýaşaýar, sebäbi iş tapmak hem-de pul üçin işlemek — bu durmuşyň iň ýeňil ýoly. Ýöne beýlekilere meňzemek islemeseňiz, onda maliýe zehiniňizi oýarmak üçin aşakda getiriljek 10 usula üns beriň. Wagtynda bu ýoly özüm geçdim. Eger-de olary gaýtalamak isleseňiz, bu size kömek eder, islemeseňiz, onda özüňiziňkini oýlap tapyň. Hususy meýilnamaňyzy düzmek üçin maliýe zehiniňizde ýeterlik pähim-paýhas bardyr.
Bir gezek Peruly altyn aňtaýjydan altynly gatlaklary nädip tapýandygyny soradym, ol şeýle diýdi: «Altyn ähli ýerde bar, ýöne adamlar onuň bardygyny görenok».
Onuň bilen razylaşýaryn, sebäbi adaty adamlaryň jaý tapyp bilmedik ýagdaýynda, şol etrapdan özüme ýaraýjak dört-bäş sany jaýy tapýaryn. Ol adamlar öz maliýe zehinlerini ösdürmek bilen meşgullananoklar.
Hudaýyň beren zehinini ösdürmek üçin size on sany usuly teklip edýärin, ony kämilleşdirmek diňe öz eliňizde!
1. Ruhuň güýji.
Adamlardan: «Baý we maliýe taýdan garaşsyz bolasyňyz gelýärmi?» diýip soranlarynda, olaryň köpüsi «hawa» diýip jogap berýär. Ýöne soň oýna «ýagdaýyň hakykylygy» girip, ýol gaty çylşyrymly ýaly, päsgelçilikden doly ýaly görünýär.
Günlerde bir gün ABŞ-nyň olimpiada ýygyndysynda suwda ýüzmek boýunça çykyş etmegi arzuw edýän bir gyza duş geldim. Ol kolleje wagtynda barmak üçin her gün irden dörtde tutup, üç sagatlar türgenleşýän eken. Şonuň üçinem dynç günleri dostlary bilen oturylyşyga gitmegiň ýerine, mejbury ýagdaýda okuwa gitmeli bolýardy.
Özüni pida edip, adam başarnygyndan agdyk gelýän zähmet bilen näme üçin meşgullanýandygyny soranymda, ol şeýle diýdi: «Men muny özüm hem-de gowy görýän adamlarym üçin edýärin. Söýgim kynçylyklary ýeňip geçmäge mejbur edýär».
Menem köp gezek pul ýitirip, şowsuzlyga çydamaly boldum, ýöne bu duýgular meni ýerimden turmaga we ýene öňe gitmäge mejbur etdi. Men kyrk ýaşymda erkin adam bolasym gelýärdi, ýöne bu maksadyma diňe kyrk ýedi ýaşymda ýetdim hem-de oňa ýetmek üçin köp zatlary öwrenmeli boldum.
Men: «Bu maňa aňsat düşdi» diýip aýdyp bilerin, ýöne bu beýle däl. Umuman, bu gaty bir kynam bolmady. Tejribämden görşüm ýaly, düýpli maksadyň bolmasa, durmuşda ýaşamak gaty kyn.
Eger düýpli maksadyňyz bolmasa, onda kitabyň yzyny okamagyň manysy ýok, sebäbi bu zatlaryň bary size çylşyrymly görner.
2. Saýlamagyň güýji.
Saýlamak mümkinçiligi — bu esasy zat, bu adama azat döwletde ýaşamaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçinem biziň saýlamak hukugyna eýe bolasymyz gelýär.
Adamyň eline düşýän her bir dollar onuň geljegini saýlap almaga mümkinçilik berýär — baý ýaşamalymy, garyp ýaşamalymy ýa-da orta synpyň wekilleriniň arasyna goşulmalymy. Maňa puluňyzy nämä sowmagy endik edendigiňizi aýtsaňyz, men siziň kimdigiňizi aýdyp bilerin. Düzgün bolşy ýaly, pul sowma endiginde garyplaryň ýaramaz gylygy bar. Bu işde meniňki gaty şowuna düşdi, sebäbi çagalykdan «Monopoliýa» oýnuny oýnamagy gowy görerdim. Mundan başga, baý kakam aktiw bilen passiwiň aratapawudyny düşündirdi, şonuň üçinem kiçiligimden baý bolmagy ýüregime düwdim hem-de hakyky aktiwleri edinmäni öwrenmelidigine göz ýetirdim.
Adamlaryň köpüsi baý bolmak islänok. Bu ýer togalagynyň ilatynyň 90% degişli. Şo sebäpli olar her hili ýol bilen özlerini aklaýarlar: «Meni pul gyzyklandyranok», «Men, barybir, hiç wagt baý bolmaryn», «Men entek bu barada alada ederden gaty ýaş», «Haçan-da, köp gazanyp ugranymda, geljegimiň aladasyny edip ugraryn» ýa-da «Biziň maşgalamyzda maliýe işlerini adamym/aýalym dolandyrýar». Mesele nämede diýseňizläň, bu gürrüňler adamyny iki zatdan mahrum edýär: wagtdan (ol adamyň iň gymmatly aktiwidir) hem-de okamak mümkinçiliginden. «Pulum ýok» diýip okaman, özüňi aklajak bolmaly däl. Durmuş şeýlebir gurlan welin, biz her günki wagtymyzy nähili geçirmelidigini, pulumyzy nämä harçlamalydygyny hem-de nämeler barada pikirlenmelidigini saýlamaly bolýarys. Ine, saýlamagyň güýji şu zatlary öz içine alýar hem-de saýlama hukugy hemmelerde bar.
Adam ilki bilen öz sowady bilen meşgullanmaly, sebäbi onuň elindäki ýeke-täk aktiwi — akylydyr. Ol gaty güýçli enjam bolup, bütinleý onuň ygtyýaryndadyr. Onuň uzakly gün oturyp telewizor görmegi, žurnal okamagy, kurslara gatnamagy ýa-da maliýe meýilnamasyny düzmek üçin hünär okuwlaryna gitmegi mümkin — saýlamak hukugy onuň öz elinde.
Adamlaryň aglabasy ylym almagyň ýerine, adatça, bir zatlara maýa goýýarlar. Men näme edýärin? Hünär okuwlaryna gatnaşýaryn. 1973-nji
ýylda telewizorda üç günlik geçirilýän hünär okuwynyň bildirişine gözüm düşdi, onda gozgalmaýan emläkleriň zamunsyz alyp boljakdygy barada aýdylýardy. «Puluň gidenine bakma, işiň bitenine bak» diýlişi ýaly, bu okuw maslahatyna üç ýüz segsen bäş dollar harçladym hem-de ol maňa, eger köp bolmasa, azyndan iki million dollar getirdi. Ýöne esasy zat — ol meniň durmuşymy üýtgetdi. Bu okuw maslahatynyň kömegi bilen men ömrümiň ahyryna çenli işlemek zerurlygyndan dyndym.
Men her ýyl azyndan ýaňky ýaly maslahatlaryň ikisine gatnaşýaryn. Maňa kompakt-disklerdir audiokitaplary has-da ýaraýar. Näme üçin? Sebäbi ýap-ýaňy diňlän zadymy soňam diňläp bilýärin. Bir gezek bir maýadaryň çykyşyny diňledim-de, onuň aýdanlary bilen düýpgöter razylaşmadym. Ýöne gedemlik edip ony tankytlap durmadym-da, onuň bäş minutlyk çykyşyny ýene-de ýigrimi gezek dagy diňledim hem-de birdenkä onuň näme üçin beýle diýýänine düşündim oturyberdim.
Bu gudrata meňzeýärdi. Hamana, men döwrümiziň iň gowy maýadarynyň aňyna göz gezdiren ýaly boldum. Şeýdibem onuň ylymdyr tejribesiniň tükeniksiz goruny ulanmaga mümkinçilik aldym.
Netijede, men hem-ä köne pikirleniş usulymy gorap sakladym, hem-de meselelerdir ýagdaýlara täzeçe garamagy öwrendim. Indi meseleleri seljermekde meniň bir däl-de, iki sany nukdaýnazarym bar, bu hakykatdanam bahasyna ýetip bolmajak sowgatdy.
Gedem ýa-da tankyda meýilli adamlar täze pikirleriň öz garaýyşlaryna çapraz gelýändigini bilseler, jedelleşip ýa-da goranyp ugraýarlar hem-de ulumsylyklary zerarly nadan adama öwrülýärler. Tersine, akylly adamlar täze pikirleri hezil edip garşy alýarlar, sebäbi ol pikirler adamyň öz pikirlerine başgaça garamaga mümkinçilik berýär.
3. Aragatnaşygyň güýji.
Size häzirden aýdýaryn, baýlygyna guwanyp dost tutunmaň. Meniň iki sany hiç wagt baýamajak hem-de ýylyna millionlarça dollar gazanyp bilýän birnäçe dostum bar. Men olaryň her birinden nämedir bir zatlary öwrenýärin.
Elbetde, meniň tanyşmak isleýän adamlarym bar, sebäbi olaryň puly bar. Ýöne meni olaryň puly däl-de, bilimi gyzyklandyrýar.
DUÝDURYŞ! Garyp ýa-da gözi gorkan adamlaryň pikirine gulak asmaň. Mende-de şolar ýaly dostlar bar. Olara örän mylakatly garaýanam bolsam, özlerini Sypa atly jüýjejik ýaly alyp barýarlar. Haçanda, gep pul, aýratynam, maýa goýumy barada gidende, olar allaniçigsi bolýarlar hem-de onuň näme üçin başa barmajagyny aýdyp, jedelleşip ugraýarlar. Munuň iň ýaramaz ýeri bolsa — köpler olaryň pikiri bilen razylaşýarlar.
Eger iş bilen baglanyşykly teleýaýlymlary görýän bolsaňyz, onda gepleşigi alypbaryjylaryň köplenç hünärmenler bilen duşuşýandygyny gören bolsaňyz gerek. Hünärmenleriň biri bazaryň gaty pese gaçjakdygyny aýtsa, beýlekisi ýokary galjakdygyny aýdýar. Olaryň ikisinem diňlejek boluň, sebäbi peýdaly subutnamalary getirýärler.
Insaýder söwdasynyň käbir görnüşleri bikanun hasaplanylýar, ýöne bütinleý kanunylaram bar. Her nähili bolanda-da, bu söwda insaýder maglumatlaryna eýe bolan adamlar üçindir. Munuň üçin size wakalaryň bolýan ýerine golaý duran baý adamlar gerek, sebäbi puly diňe şol ýerde ýasaýarlar. Men bärde kanuna gabat gelmeýän zatlary etmelidigini aýdamok, ýöne şol maglumatlara näçe basym eýe bolsaňyz, girdeji almak mümkinçiligiňiz şonça-da uly bolar.
4. Basym öwrenmegiň güýji.
Her bir çörekçi çöregi özüçe bişirýär. Muny pul ýasaýan adamlar barada-da aýtmak bolar. Siz nämäni öwrenýän bolsaňyz, diýmek, şonuň ýaly adamsyňyz.
Adamlar maliýe islegini kanagatlandyrmak üçin köplenç mekdepde öwrenen ýönekeý kesgitlemäni ulanýarlar — pul üçin işleýärler. Bu dünýäniň ýüzüne ýaýran iň uly kesgitlemedir. Millionlarça adam her gün irden turup, işe gidýär, aýlyk alýar, hasaplaryny töleýär, uly bolmadyk özara gaznalaryň paýlaryny satyn alýar hem-de ýene işe gidýär. Bu olaryň esasy kesgitlemesidir.
Ýöne bu zatlardan ýadan bolsaňyz ýa-da az gazanýan bolsaňyz, onda pul ýasaýan kesgitlemäňizi üýtgetmeli bolarsyňyz.
Köp ýyl mundan ozal, ýigrimi alty ýaşymdakam, dynç günlerim hünär okuwyna girýärdim. O taýda döwletiň haýryna geçen gozgalmaýan emläkleri nädip satyn almalydygy barada öwredilýärdi. Men sapakda teklip edilen kesgitlemäni özleşdirdim. Indi ony iş ýüzünde barlap göräýmelidi. Hut şu-da adamlaryň aglabasynda kynçylyk döredýärdi. «Xeroxda» üç ýyl işlänimden soň, ahyry-soňy boş wagtlarymy gozgalmaýan emläkleri nädip satyn almalydygy barada özleşdiren hünärime bagyş etmegi ýüregime düwdüm hem-de bu kesgitlemäniň kömegi bilen birnäçe million gazandym.
Kiçi kollejleriň bary diýen ýaly maliýe meýilnamasyny düzmekligi hem-de näme satyn almalydygyny öwredýär. Bu başlangyç iş üçin örän gowy, ýöne men tiz hereket edýän kesgitlemeleri halaýaryn. Ine, şonuň üçinem bir günüň içinde köp adamyň bütin ömrüne gazanmadygyny gazanýaryn.
Ýene bir zat: häzirki çalt özgerýän zamanada bilýän zatlaryňyza daýanjak bolmaň, sebäbi olar gaty basym könelýär. Bärde esasy zat — näçe çalt öwrenseňiz, şonça-da gowy bolup, bu endigiňiziň belli bahasy ýokdur. Ol kesgitleme gözlemekde hem-de onuň üsti bilen pul gazanmakda gaty uly kömek edýär.
Pul gazanmak üçin erjellik bilen zähmet çekmek kesgitlemesi bir wagtlar gowakda ýaşaýan adamlaryň döwründe emele gelip, ol birwagt möwritini ötürendir.
5. Şahsy tertip-düzgüniň güýji.
Eger özüňizi saklap bilmeýän bolsaňyz, onda baýlyk hakynda pikir edibem oturmaň. Pul gazanyp, soňra ony elden gidermegiň näme manysy bar? Hut şahsy tertip-düzgüniniň ýetmezligi sebäpli, lotereýada utýan adamlaryň aglabasy millionlary eline alandan soň lüt galýar. Hut şahsy tertip-düzgüniň ýoklugy aýlygy galan adamlary täze ulag satyn almaga ýa-da syýahata gitmäge mejbur edýär. Düşnükli edip aýtsam, erksiz adamlar hiç wagt baý bolup bilmez. Psihologiki berk bolmadyk adamlar, köplenç, şahsy tertip-düzgünli adamlaryň pidasy bolar.
Öz hususy işiňize başlamak üçin üç sany örän möhüm endige eýe bolup, olary dolandyrmany başarmalysyňyz:
1. Pul akymyny.
2. Adamlary.
3. Şahsy wagtyňyzy.
Meniň pikirimçe, bu endikleri diňe bir işewür adamlar edinmeli däl. Maşgala durmuşynda, işde, jemgyýetde we beýleki ýerlerde erk-ygtyýarly bolmak üçin bu gerekdir.
«Ilki özüňe töle» ýörelgesi Jorj Kleýsonyň «Wawilonyň iň baý adamsy» diýen kitabynda ilkinji gezek aýdyldy. Bu kitap Ýer ýüzüne millionlarça tiraž bilen satyldy. Bu gymmatly maslahata millionlarça adam meýillilik bilen garasa-da, muny iş ýüzünde käbir adamlar ulanýar. Eýýäm aýdyşym ýaly, maliýe sowatlylygy sanlary okamaga mümkinçilik berýär, sanlar bolsa taryhy gürrüň berýär. Balans hem girdeji hasabatyna seredip, men şol adamyň dogrudanam ýokarda agzalan endigi ulanýandygyny, ýagny ilki özüne töleýändigini ýa tölemeýändigini aýdyp biljek.
Bir surat kän zady gürrüň berýär diýýärler, şonuň üçinem geliň, ilki özüne töleýän adam bilen tölemeýän adamyň maliýe hasabatyny deňeşdirip göreliň.
Ilki özüne töleýän adamlar:
Ilki beýlekilere töleýän adamlar, köplenç, özüne hiç zat galdyrmaýarlar:
Bu çyzgylary öwreniň-de, aratapawudyny tapyň. Olar pul akymy bilen bagly bolup, tälim alarlykly wakany gürrüň berýär. Gynansagam, adamlaryň aglabasy sanlara seredip, olaryň näme diýýänine düşünenoklar.
Ýokarky çyzgy ilki özüne töleýän adamlaryň hereketini suratlandyrýar. Olar her aý öz aktiwler sütüni üçin pul aýryp, diňe şondan soň çykdajylaryny töleýärler. Muňa garamazdan, millionlarça adam Kleýsonyň kitabyny okap, «ilki özüňe töle» ýörelgesine düşünenem bolsalar, hakykatda, özlerine iň soňky nobatda töleýärler.
Haçan-da, pul akymynyň güýjüne hakykatdanam düşünip ugraňyzda, ilki beýlekilere töleýän adamyň hereketiniň ýalňyşdygyna düşünersiňiz. Ilatyň 90% bütin ömrüne erjellik bilen zähmet çekýänem bolsa, garrap sandan galanlaryndan soň, olara sosial kömegi görnüşinde döwletiň goltgusy gerek.
Aýalym ikimiziň «ilki özüňe tölemek» pikirini gaty kynlyk bilen kabul edýän tanyş buhgalterlerimiz, ykdysadyýetçilerimiz hem-de bank işgärlerimiz kän. Hawa-da, maliýe akyldarlaram edil beýlekiler ýaly özlerine iň soňky nobatda töleýärdiler.
Durmuşda hasaplarymy tölemäge pul tapmadyk döwürlerimem bolupdy, ýöne şonda-da ilki özüme tölärdim. Buhgalterlerim: «Bu seniň üçin ýöne gutarmaz. Salgyt gullugy sizi zyndana oklar», «Size gaýdyp bankdan karzyna pul bermezler» ýa-da «Olar siziň toguňyzy keserler» diýip, maňa haýbat atýardylar. Ýöne men, barybir, ilki özüme töleýärdim.
«Näme üçin?» diýýäňizmi. Sebäbi «Wawilonyň iň baý adamsy» diýen kitap hut şuňa — şahsy tertip-düzgüne hem-de psihologiki durnuklylygyň güýjüne bagyşlanýar. Baý kakamyň elinde işleýän ilkinji aýlarym ol maňa şeýle diýipdi: «Adamlaryň aglabasy özlerine zulum edilmegine ýol berýär». Size salgyt gullugyndan, beýleki we beýleki ýerlerden jaň edip, bergiňizi tölemegiňizi talap ederler, ýogsa-da…».
Bu kitap ine, şu zatlar barada — özüňde gaýrat tapyp, akymyň garşysyna gitmek hem-de baýamak hakda. Belki, siz gorkak dälsiňiz, ýöne haçan-da gep pul barada gidende, adamlaryň köpüsi durnuksyz adama öwrülýär.
Ilki özüňe tölemek üçin şulary
ýatdan çykarmaň:
1. Bergileriňiziň howp salar derejede ýokarlanmagyna ýol bermäň, çykdajylaryňyzy gaty azaldyň. Ilki bilen, aktiwler sütünini düzüň, diňe şondan soň ullakan öýdür gymmat bahaly ulag satyn alyň.
2. Haçan-da, puluňyz ýetmezçilik edende, eliňizdäki puly sowjak ýa-da emlägiňizi satjak bolmaň-da, basyşyň güýçlenmegine ýol beriň. Goý, ol sizi pul tapmak üçin ruhlandyrsyn hem-de ony tapan badyňyza hasaplaryňyzy töläň. Netijede, pul tapmany hem-de maliýe intellektiňizi işletmäni öwrenersiňiz.
Men köp gezek maliýe meselesine duçar boldum, ýöne her gezegem aktiwler sütünimi goramagy başardym, sebäbi pul tapmak üçin beýnimi işletmäge mejbur ederdim. Buhgalterim näme etjegini bilmän maňlaýyny tutup oturardy, men bolsa hakyky esgerler ýaly, «Aktiw» diýip atlandyrylýan galamyň goragyna geçerdim.
Garyp adamlaryň ýaramaz endikleri bar, olaryň içinde iň zyýanlysy — tygşytlanan puldan almak. Baýlar tygşytlan pulundan hasaplaryny tölemän, täze pul ýasaýarlar.
Munuň ýaramaz ýaňlanýandygyny bilýän, ýöne eýýäm aýdyşym ýaly, eger ruhuňyzyň güýjüni pugtalandyryp bilmeseňiz, elmydama zulum astynda bolarsyňyz.
Eger maliýe basyşy ýaramaýan bolsa, onda özüňize ýaraýjak kesgitleme tapyň. Ine, onuň gowy usullarynyň biri: çykdajylaryňyzy azaldyň, puluňyzy bankda goýuň, onuň girdeji salgydyny töläň, özara gaznalaryň howpsuz paýlaryny satyn alyň-da, ortaça ýaşaýan adama öwrüliň. Dogrusy, bu işde «ilki özüňe tölemek» düzgüni bozulýar.
6. Gowy maslahatyň güýji.
Käwagtlar adamlar jaýlarynyň öňünde şunuň ýaly bildirişleri goýýarlar: «Araçysyz satylýar». Ýa-da telewizorda özlerini «diskont dellallary» diýip atlandyrýan adamlara gözüm düşýär.
Baý kakam elmydama: «Hünärmenleriň zähmeti gowy tölenmelidir» diýýärdi. Menem onuň tarapdary. Häzir mende ýokary hak tölenýän hukukçylar, buhgalterler, gozgalmaýan emläkleriň we biržanyň dellallary işleýärler. Näme üçin? Sebäbi olar öz ussatlyklary bilen maňa pul ýasamaga kömek edýärler.
Biz habar eýýamynda ýaşaýarys. Araçylaryňyz gowy bolsa, ol sizi maglumat bilen üpjün edip durar, mundan başga, sizi okatmak üçinem wagt tapar. Meniň bu işleri amala aşyrýan birnäçe dellalym bar. Pulum az ýa-da düýbünden bolmadyk wagtlary, olar maňa näme etmelidigini öwredýärler. Men häzirem olar bilen işleşýärin.
Meniň dellallara töleýän pulum olaryň maglumaty esasynda gazanýan puluma seredeniňde gaty ujypsyzdyr. Gowy dellal diňe bir pul gazanmaga kömek etmän, eýsem, wagtyňam tygşytlaýar. Dellallar — bular meniň bazardaky gözüm hem gulagymdyr. Olar bar günlerini şo ýerde geçirýärler. Ol ýere barmagym hökman bolmansoň, men golf oýnamaga gidýärin.
Jaýyny özbaşdak satýanlar, ähtimal, öz wagtlaryna gadyr-gymmat goýýan däldirler. Şol wagty pul gazanmak ýa-da ýakynlarym bilen bile bolmak üçin ulanyp bilýärkäm, birnäçe dollary tygşytlamak meniň nämäme gerek? Meni bir zat geň galdyrýar, garyp we orta synpyň wekilleri özlerine gowy hyzmat etmeselerem 15-20% çaý puly goýýarlar hem-de şol bir wagtyň özünde, şertnama üçin araçylara 3-7% tölemelidigini aýdyp zeýrenýärler. Olara çykdajylar sütünini ulaldýan adamlara tölemek ýarasa-da, aktiwler sütünini ulaldýan adamlara tölemek ýaranok. Maliýe nukdaýnazary bilen seredeňde — bu gaty akylsyzlykdyr.
Elbetde, hemme dellalyň deň däldigini hem unutmaly däl. Gynansagam, dellallaryň aglabasy aram satyjylardyr, aýratynam, jaý alyp-satýanlar. Olar gozgalmaýan emläkleri alyp-satýan bolsalaram, özlerinde hiç zat ýok diýen ýalydyr. Bu aksiýalar, obligasiýalar, özara gaznalar, strahowaniýe polisi bilen iş salyşýan, özüni «maliýe meýilnamasyny düzýän hünärmen» diýip atlandyrýan dellallara-da degişli bolup, olaryň aratapawudy ýer bilen gök ýalydyr.
Şolar ýaly hünärmenler bilen gürleşemde, meniň ilkinji gyzyklanýan zadym — onuň näçe sany hususy emlägi ýa-da aksiýasy bar hem-de näçe göterim salgyt töleýär. Bu meniň salgyt hukukçym bilen buhgalterime-de degişli.
Özüňiz bilen pikirdeş hünärmenleri tapjak boluň hem-de olar bilen adalatly boluň, şonda olaryň köpüsi özüňiziňki ýaly jogap berer. Ýöne: «Olaryň hakyny nädip azaldyp bolarka?» diýip pikir etseňiz, olardan kömege garaşmaň. Bu iki-ikiň dört bolşy ýaly belli zat.
Eýýäm aýdyşym ýaly, adamlary dolandyrmak — başarnyklaryň biridir. Köpler özlerinden akmak adamlara, üstlerinden agalyk edip bolýan adamlara ýolbaşçy bolmak isleýärler. Ýöne öz işiňizde şowlulyk isleseňiz, onda özüňizden akylly adamlar bilen iş salyşyň, olaryň hakyny kemmejek boluň. Munuň üçin bolsa maliýe intellekti gerek.
7. Bir zady mugtuna alma başarnygynyň güýji.
Ilkinji ýewropalylar Amerika baranda, käbir indeýes taýpalarynyň däplerine düşünmän aljyrapdyrlar. Meselem, aňyrdan gelen üşeýän bolsa, indeýesler olara ýorgan beripdirler. Ýewropalylar ýalňyşyp ony sowgat hasaplapdyrlar hem-de ýorgany yzyna bermelidigini aýdanlarynda, köplenç gaty görüpdirler.
Haçan-da, olaryň ýorgany yzyna bermek islemeýändiklerini bilenlerinde, indeýeslerem gaty görüpdirler. «Indeýesleriň peşgeş berişi ýaly» diýen gürrüň, ine, şu ýerden gelip çykypdyr.
Tejribeli maýadarlary, öňi bilen, bir sorag gyzyklandyrýar: «Men haçan öz pulumy yzyna alaryn?».
Mundan başga, olar nämäni mugtuna alyp boljakdygyny takyk bilýärler. Sebäbi olar üçin şertnamanyň harajaty ödeýjilik görkezijisiniň (ROI) ullakan ähmiýeti bar.
Meselem, men öz öýümiň birnäçe kwartal uzaklygyndan kiçiräk edara jaýyny tapdym, ol ipoteka karzy tölenmeýänligi sebäpli satylýardy. Bank onuň üçin altmyş müň sorady, men bolsa elli müň berjegimi aýdyp hat iberdim. Olar teklibimi kabul etdiler, sebäbi hatyň ýanynda elli müňlük çek bardy. Gyş aýlary meniň kompaniýam bu edara jaýyny Arizonadan gelen syýahatçylara aýyna iki ýarym müň dollardan berýär. Galan wagtlary bolsa ol aýyna müň dollar getirýär. Şeýdip, men ol pullary, takmynan, üç ýylda yzyna aldym. Indi meniň bu aktiwiň aýma-aý girdeji getirýär.
Bu aksiýalar barada-da şunuň ýaly. Köplenç dellalym jaň edip, haýsydyr bir kompaniýanyň aksiýasyndan satyn almagy maslahat berýär. Görnüşine görä, basym onuň bahasy galmaly (aýdaly, olar bir zatlar öndürip başlamaly). Men oňa bir hepdeden bir aý aralygynda pul goýýaryn, ýagny aksiýalaryň bahasy ýokary galýança. Soňra ilkinji goýan pulumy alýaryn-da, beýleki zatlaryň aladasyny etmejek bolýaryn (bazaryň galmagynyň ýa-da peselmeginiň), sebäbi öz goýan pulumy aldym hem-de indi olary başga aktiwler üçin ulanyp biljek. Meniň pullarym öz işini bitirip, yzyna gaýdyp geldi hem-de men ýene bir aktiwiň eýesi boldum. Resmi nukdaýnazardan seredeniňde, ol maňa mugtuna düşdi.
Elbetde, köp ýagdaýlarda men ýitgi hem çekýärin, ýöne diňe öz ýitirip biläýjek pullarym bilen oýnaýaryn. Men, ortaça, on şertnamanyň ikisi ýa-da üçüsinden ep-esli pul tutýaryn, bäş ýa-da altysy hiç hili netije berenok, ikisi ýa-da üçüsinden bolsa ýitgi çekýärin. Ýöne meniň ýitgilerim diňe şol başdaky goýan pullarym bilen çäklenýär.
Töwekgellik etmegi ýigrenýän adamlar pullaryny bankda goýýarlar. Ýöne bankdan puluňy yzyna almak üçin gaty köp wagt gerek hem-de köp ýagdaýlarda bu pul gaýdyp hiç zat getirenok.
«McDonalds» kompaniýasynyň iş dolandyryjysy Reý Krok gamburgeri gowy görenligi üçin satmandyr, ol şol ýerleriň eýesi bolmak isläpdir.
Ine, şo sebäpli akylly maýadarlar diňe bir şertnamanyň harajaty ödeýjilik görkezijisine (ROI) üns bermän, mugtuna alyp bolaýjak aktiwler barada gyzyklanýarlar. Munuň üçin bolsa maliýe intellekti gerek.
8. Ünslüligiň güýji.
Bir dostumyň ogly on alty ýaşda hususy ulag edinesi gelýär, sebäbi dostlarynyň bary ulaglymyş. Şonuň üçinem ol özi üçin bankda goýlan puluň ujundan almak isleýär. Ine, şu ýerde-de onuň kakasy meniň ýanyma geldi.
— Onuň beýtmegine ýol bereýinmi ýa-da ýöne ulag satyn alyp beräýeýinmi — diýip, ol sorady.
Men:
— Ähtimal, bu meseläni az wagtlyk çözmegi mümkin, ýöne uzakmöhletleýin meýilnamada oňa näme öwredip bilersiň? Onuň ulag sürmek islegini bir zatlar öwrenmeklige gönükdirip bolmazmy? — diýdim.
Ol bir zatlar oýlanan ýaly etdi-de, öýlerine bakan howlukdy. Iki aýdan soň biz ýene duşuşdyk.
— Ýeri, ogluň täzeje ulag edindimi? — diýip, men soradym.
— Ýok. Ýöne oňa üç müň dollar berdim-de, «öz okuwyň üçin goýulan pullara degme-de, bulary ulan» diýdim.
— Sen gaty jomartlyk edipsiň.
— Edil beýle däl, men oňa puly bir şert bilen berdim.
— Nähili şert bilen?
— Biz başda seniň «Pul akymy» oýnuňy oýnadyk. Soňra bu pullary näme etmelidigi barada uzak wagtlap oýlandyk. Şondan soň oňa «Wall Street Journalyň» abuna ýazylyşyk hatyny we gazna biržasy barada birnäçe kitap sowgat berdim.
— Soň näme boldy? — diýip, men soradym. — Onuň öňünde nähili şert goýduň?
— Men ogluma: «Bu üç müň dollar bütinleý seniň ygtyýaryňda, ýöne oňa ulag satyn alma. Özüňe dellal tutun-da, aksiýalary alyp-satmak bilen meşgullan. Haçan-da, üç müňden alty müň ýasanyňda, üç müňüňe ulag satyn al, galan pullary bolsa kollejiň tölegine ulanarys» diýdim.
— Ýeri, mundan näme netije çykdy? — diýip, men soradym.
— Başda oňky şowuna boldy, ýöne birnäçe günden soň ol bar gazananyny ýitirdi. Şondan soň ol bu iş bilen çynlakaý gyzyklanyp ugrady. Meniň bilişime görä, häzir ol ýene iki müňüni ýitiripdir, ýöne onuň bu işe gyzyklanmasy gitdigiçe ýokarlanýar. Ol beren kitaplarymyň baryny okapdyr, häzir bolsa täze bir zatlar okamak üçin kitaphana gatnaýar. Ol «Wall Street Journalyny» gyzyklanma bilen okap, bazaryň ýagdaýyndan habardar bolup durýar. Onuň elinde bary-ýogy müň dollary galdy, ýöne bu işe bolan höwesi, okamaga bolan islegi gitdigiçe ýokarlanýar. Ol elindäki puly ýitirse, ýene iki ýyl pyýada gezjekdigini bilýär. Ýöne, meniň pikirimçe, indi ony ulag gyzyklandyranok öýdýän, sebäbi ol durmuşyň has gyzykly oýnuny tapdy.
— Eger ol elindäki bar puluny ýitiräýse näme? — diýip, men soradym.
— Aý, şonda görübereris. Gowusy, ol elindäkini biziň ýaşymyzda ýitirmän, häzirden ýitirsin. Umuman aýdanyňda, men bu üç müň dollary gaty şowly harçladym. Onuň häzirki öwrenýän zady bütin ömrüne gerek bolar. Mundan başga, ol puluň güýjüne hormat goýup ugrady.
Eýýäm aýdyşym ýaly, eger adam şahsy tertip-düzgünini gözegçilikde saklap bilmese, onda ol baýajak bolup synanmasyn. Men pikirleriňde aktiwler sütünini doldurmagyň aňsatdygyny bilýärin, ýöne ony iş ýüzünde amala aşyrjak bolsaňyz, psihiki durnuklylygyňyzy kämilleşdirip, pullaryňy dogry ýola gönükdirmegi başarmalysyňyz. Ony häzirki zamanyň maýyl ediji zatlaryna harçlap, çykdajylar sütüninden geçirmek gaty aňsat.
Psihiki durnuklylygy gowşak adamlar pullaryny gaty basym sowýarlar, bu bolsa garyplyga we maliýe kynçylyklaryna alyp barýar.
Indiki mysal adamlaryň maliýe intellektini nähili ulanýandygyny görkezýär.
Eger ýylyň başynda ýüz adama on müň dollardan bersek, onda ýylyň ahyrynda nähili netije alarys:
segsen adamyň hiç zady galmaz; olaryň köpüsi ullakan berginiň aşagynda galar, sebäbi puluň birinji bölegini täze ulag, holodilnik, elektro enjamlar almak ýa-da syýahata gitmek üçin ulanarlar.
on alty adam bu on müň dollary 5-10% köpelder.
dört adam bu puly ýigrimi müňe ýa-da millionlara öwürmegi başarar.
Haýsydyr bir hünäri ele almak ýa-da pul gazanmagy öwrenmek üçin mekdebe gidýäris. Ýöne puly özüňe işlemäge mejbur etmek — has möhümmikä diýýärin.
Beýlekilere ýaraýşy ýaly, maňa-da gowy zatlar ýaraýar. Ýöne munuň aýratyn ýeri — olary karzyna alamok. Goňşyňdan galmazlyk islegi adamlary gapana salýar. Men özüme «porşe» satyn almak islämde, munuň iň aňsat usuly — bankçyma jaň edip, karzyna pul almakdy. Ýöne men başga ýoly saýlap aldym hem-de şol bir wagtda aktiwler sütünimem ulaltdym. Adatça, men almak islegimi maliýe zehinimi işletmek we ruhlandyrmak üçin ulanýaryn.
Häzirki döwrüň adamlary «Nädip pul ýasap borka?» diýmän, «Nireden karzyna alyp borka» diýip, bar ünslerini şoňa gönükdirýärler. Bularyň birinjisi gysga möhletleýin meýilnama aňsat, ýöne uzak möhletleýin meýilnamada çynlakaý kynçylyga elter. Bu ýaramaz endik adamlarda-da, käbir özüni oňarmaýan ýurtlarda-da bar. Ýadyňyzda saklaň, ýeňil ýol köplenç agralmak bilen bolýar, agyr ýol bolsa — ýeňlemek bilen.
Puluňyzyň doly ygtyýarly hojaýyny bolmagy näçe çalt başarsaňyz, şonça-da gowy bolar, sebäbi puluň ägirt uly güýji bar. Gynansagam, adamlar bu güýji özlerine garşy ulanýarlar. Eger-de maliýe intellektiňiz ýeterlik derejede beýik bolmasa, pul üstüňizden agalyk eder. Ol sizden ökde çykyp, bütin ömrüňize pul üçin işlemeli bolarsyňyz.
Puluň hojaýyny bolmak üçin parasatly bolmalysyňyz. Şonda ol boýun bolup, buýran zadyňyzyň ählisini ýerine ýetirer. Munuň üçin bolsa maliýe intellekti gerek.
9. Hyýaly gahrymanlaryň güýji.
Çagakam beýsboluň meşhur oýunçylary Uilli Meýsom, Henkom Aaronom, Ýogi berroý daga gözüm giderdi. Olar meniň gahrymanlarym bolup, şolaryň hatarynda bolmak isleýärdim. Meniň iň gymmatly hazynam — olaryň beýsbol kartlarydy. Men olar baradaky ähli maglumaty — näçe aralyga ylgandyklaryny, näçe utuk gazanandyklaryny, olara näçe tölenýändigi, uly liga haçan geçendikleri we şuňa meňzeş zatlary bilýärdim. Şol wagt dokuz ýaşymdadym hem-de her gezek beýsbol meýdançasyna çykamda, özümi unudyp, şol ýyldyzlara meňzemäge çalyşardym.
Şu günler men öýümiň töwereginde basketbol oýnaýan oglanlary görýärin. Olar özleriniň kimdigini unudyp, gowy görýän basketbolçylaryna meňzejek bolýarlar. Gahrymanyňa ökünmeklik — öwrenmekligiň iň gowy usuly. Bu iň netijeli okuw usuly bolup, ulalanymyzdan soň, köplenç, muny ýatdan çykarýarys. Biz öz gahrymanlarymyzy ýitirýäris.
Ýaşym ulaldygyça, mende täze gahrymanlar peýda bolup ugrady. Olar golf oýnunda-da bar. Men olaryň urgularyny nusga edinip, olar barada ýazylýan zatlaryň ählisini okajak bolýaryn. Meniň Donald Tramp, Uorren Baffet, Piter Linç, Jorj Soros, Jim Rojers ýaly başga-da gahrymanlarym bar. Kiçijik oglanlaryň beýsbol gahrymanlary öwrenişi ýaly, menem olar baradaky ähli maglumaty biljek bolýaryn. Uorren Baffetiň bazardyr aksiýalar baradaky makalalaryny okap, pullaryny haýsy ugurlara goýýandygy bilen gyzyklanýaryn. Donald Trampyň makalalaryny okap, gepleşik geçirmek we şertnama baglaşmak syrlaryna düşünmek isleýärin. Bazar barada pikirlenmeli bolanda Uorren Baffetiň gözleri bilen seredip, şertnama baglaşýan wagtym Trampyň tekepbirligini ulanýaryn. Gahrymanlarymyza ökünmeklik bilen, biz öz zehinimiziň tükeniksiz goruna birikýäris.
Gahrymanlar bize diňe ruhy çeşme bolup hyzmat etmän, gaty köp zatlary öwredýärler. Biz olara meňzemek bilen: «Eger bu olara başardan bolsa, diýmek, bize-de başardar» diýýäris.
Maýadarlyk işi örän köp adam üçin juda kyn ýaly bolup görünýär. Bu işleri ýeňilleşdirer ýaly, özüňize gahryman tapmagy maslahat berýärin.
10. Sadaka bermegiň güýji.
Baý kakam adamlara haýyr-sahawat etmelidigini, mätäçlere pul bermelidigini aýdardy hem-de munuň üçin öz haýyr-sahawat gaznasy bardy. Ol puluň ondan birini bermek ýörelgesine ynanýardy hem-de: «Eger pul gazanmak isleýän bolsaňyz, onda ilki bermelidir» diýerdi. Ol puly azalan wagty ybadathanalara ýa-da haýsydyr bir haýyr-sahawat gaznasyna eçilerdi.
Eger size diňe bir zady öwretmeli bolsa, onda men şuny saýlap alardym — bir zadyňyz ýetmedik ýa-da mätäçlik çeken wagtyňyz, ilki bilen, beýlekilere beriň, onsoň jomartlyk bilen sylaglanarsyňyz. Bu kanuny — pulda, söýgüde, dostlukda we beýleki zatlarda ulanyp bolýar. Muny etmegiň gaty kyndygyna düşünýärin, ýöne bu usul maňa kömek edýär. Men «yzyna öwrülip bilijilik» ýörelgesine ynanýaryn we özüme gerek zady berýärin. Haçan-da, pul gerek bolan wagty — sadaka berýärin, onsoň ol birnäçe esse köpelip, gaýdyp gelýär. Köpräk söwda edesim gelýän bolsa, beýlekilere nämedir bir zady satmaga kömek edýärin, şondan soň elim açylyp, has köp söwda edýärin. Aragatnaşyk üçin adam gerek bolanda, beýlekilere gerekli adamy tapmaga kömek edýärin, onsoň edil ertekilerde bolşy ýaly, gerekli adamlar bilen aragatnaşygy ýola goýýaryn. Köp ýyl mundan ozal bir manyly gürrüňe duş geldim, onda şeýle diýilýär: «Hudaýa almagyň geregi ýok, ýöne bendelerine sadaka bermek zerurdyr». Ine, şonuň üçinem puldan, söýgiden, bagtdan, adamlar bilen aragatnaşykdan kösenýän bolsaňyz ýa-da bir zadyňyzy satyp bilmeseňiz, onda, ilki bilen, sadaka bermelidigini ýadyňyza salyň.
Ýene bir gezek gaýtalaýaryn — özgelere bermegi öwrenseňiz, alarsyňyz. Käwagtlar, göwnüme bolmasa, adamlar özüme sowky-sala garap ugran ýaly görünýär, şonda olara ýylgyryp, salam berip ugraýaryn welin, edil jadygöýlük ýüze çykan ýaly, daş-töweregimi ýylgyryp duran adamlardan dolýar.
Käwagtlar bir zatlar berýärin hem-de ýerine hiç zat alamok ýa-da özüme gerekmejek zady alýaryn. Ýöne bu barada üns bilen pikirlenenimden soň, köplenç, şol pursat bermegiň şatlygyny duýmak üçin däl-de, ýerine bir zatlar almak üçin berendigime göz ýetirýärin.
Bu dünýäde göze görünmeýän beýik güýçler bar. Olaryň kömegi bilen üstünlige ýetmek has aňsat. Siziň bar etmeli zadyňyz — eliňizdäki zady jomartlyk bilen beýlekilere bagyşlamak.
DOKUZYNJY BAP
ENTEGEM AZMY? ONDA ILKINJI ETMELI IŞLERIŇ BIRNÄÇESI BARADA KELAM AGYZ
Kesgitli bir iş etmek isleýänler üçin öz başymdan geçiren birnäçe maslahatlary beresim gelýär.
Häzirki edýän işleriňizi taşlaň. Başgaça aýdanymda, biraz saklanyň-da, nämäniň başa barýandygyny, nämäniň bolsa barmaýandygyny anyklajak boluň. Şol bir zady gaýtalap, başga netijäniň bolaryna garaşmak samsyklykdyr. Başa barmaýan zatlary taşlaň-da, täze bir zatlar tapyň.
Täze pikirleri gözläň. Men täze pikirlerini kitap dükanlaryndan gözleýärin hem-de ony «kesgitleme» diýip atlandyrýaryn. Meselem, bir gezek kitap dükanyndan Joel Moskowisiň «Meseläniň 16 göterim çözgüdi» diýen kitabyny tapdym. Ony satyn alyp okadym-da, gelýän penşenbede onuň teklip edýän zadyny etdim. Adamlaryň aglabasy hiç hili hereket edenoklar ýa-da seni täze pikirleriňden dändermek isleýärler. Meniňem bir goňşym 16% kesgitlemäniň işlemejegini aýtdy, ýöne oňa gulak gabartmadym, sebäbi onuň bu iş bilen hiç wagt meşgullanmandygyny bilýärdim.
Bir zat etjek bolsaňyz, şol işi öň edip gören adamy tapyň. Ony nahara çagyryň-da, maslahatlaryny paýlaşmagy haýyş ediň (bärde kiçiräk mekirligem gerek). Indi 16% girdeji berýän salgyt zamunynyň gymmat bahaly kagyzlary barada. Men ýerli salgyt gullugyna bardym-da, o taýda işleýän bir zenany tapdym. Görüp otursam, olam şol kagyzlara pul goýýan eken. Ony şobada nahara çagyrdym. Ol aýal höwes bilen maňa näme etmelidigini gürrüň berdi. Nahardan soň ol ýene ýarym günläp öz usullary barada düşündirdi. Ertesi gün men onuň kömegi bilen iki sany şertnama gol çekdim hem-de häzire çenli ondan 16% girdeji alýaryn. Men bir günümi kitap okamaga, bir günümi hereket etmäge we onuň bilen naharlanmaga, bir günümi bolsa örän düşewüntli şertnama baglaşmaga sarp etdim.
Kurslara ýazylyň, kitap okaň hem-de hünär okuwlaryna gatnaşyň. Men gazetlerden hem internetden täze, gyzykly kurslaryň bildirişlerini gözleýärin, olaryň köpüsi mugt ýa-da gaty arzan geçirilýär. Mundan başga, gymmat okuw hünärlerine gatnaşýaryn. Bu kurslarda alan bilimimiň kömegi bilen men indi baý hem-de işlemegiň geregi ýok. Meniň käbir dostlarym bu kurslardan ýüz dönderip, pulumy ýele sowurýandygymy aýtdylar. Şo sebäpli olar häzirem şol öňki ýerlerinde işleşip ýörler.
Bir zat satyn alaňyzda, bahasyny düşürmek üçin köpräk teklip ediň. Haçan-da, gozgalmaýan emläkleri satyn alanymda, gaty köp tekliplere seredýärin hem-de olaryň öňünde bir şert goýýaryn, ýagny şärikdeşim razy bolan çagy, jaýy satyn aljakdygymy aýdýaryn. Adamlaryň aglabasy meniň şärikdeşimiň söýgüli pişigimdigini bilenoklar. Eger maňa bu şertnama ýaramasa, onda öýüme jaň edip, pişigim bilen gürleşen bolýaryn. Men bu manysyz mysaly, bu oýny nähili ýeňillik bilen oýnap bolýandygyny görkezmek üçin aýdýaryn. Gynansagam, adamlaryň köpüsi muňa gaty çynlakaý garap, bu işi örän çylşyrymlaşdyrýar.
Düşewüntli şertnama, işgär, maýadar we beýleki zatlary gözlemek edil ömürlik ýanýoldaş agtaran ýaly bir zat. Bazara çykyp adamlar bilen gürleşmeli, gaty köp teklipler edip gepleşik geçirmeli, söwdalaşmaly, ýüz öwürmeli we razylaşmaly bolarsyňyz. Gözlegler, teklipler, ýüz öwürmeler, ylalaşyklar we dostlukly şertnamalar — bularyň bary durmuşyň islendik sferasynda bardyr.
Aýda bir gezek ylgaň, ýöräň ýa-da gowy görýän ýerleriňizde ulagly aýlanyň. Men iň gowy gozgalmaýan emläklerimiň käbirini şeýdip tapdym. Etraplaryň birine baryp aýlanýaryn hem-de ondaky özgerişlikleri synlaýaryn.
Bazary birlaý gözden geçirip satyn alyň. Ýadyňyzda saklaň: satan zadyňyz däl-de, satyn alan zadyňyz girdeji getirýär.
Bir zady gözläňizde ýerini dogry saýlaň. Meniň bir goňşym edara jaýyny ýüz müň dollara satyn aldy. Menem öýümiň ýanyndan edil şonuň ýalysyny elli müň dollara satyn aldym. Ol maňa jaýyň bahasynyň galaryna garaşjakdygyny aýtdy. Men girdejini satyp däl-de, satyn alyp döredilýändigini aýtdym. Ol ony satyn alanda, öz emlägi bolmadyk dellalyň kömeginden peýdalandy. Men bolsa bankyň girewinde duran emlägi satyn aldym. Maňa muny hünär okuwynda öwretdiler hem-de bu okuw üçin bäş ýüz dollar harçladym. Goňşym bolsa puluna gysganyp, hünär okuwy üçin onça puly bermejegini aýtdy. Şonuň üçinem ol häzirem jaýlaryň bahasynyň ýokaryk galaryna garaşyp ýör.
Ilki jaý satyn almak isleýänleri, soňra bolsa satmak isleýän adamlary gözläň. Meniň bir dostum jaý salmak üçin ýer gözleýärdi. Onuň puly bardy-da, wagty ýokdy. Men ýer tapdym (ol dostumyň almak isleýän ýerinden uludy), emläk hukugyny resmileşdirdim-de, dostuma jaň etdim. Ol onuň bir bölegini satyn aljakdygyny aýtdy. Men onuň almak islän ýerini oňa satdym-da, galanyny özüm aldym, sebäbi ol maňa mugtuna düşdi.
Giň gerimlilik bilen pikir ediň. Lomaý söwda etseler, satyjylar harydynyň bahasyny aşaklatmany gowy görýärler, sebäbi olara lomaý söwda edýän alyjylar ýaraýar. Haçan-da, kompaniýama kompýuter gerek bolanda, men dostlaryma jaň edip, öz kompaniýalaryna kompýuteriň gerekdigini ýa däldigini soradym. Gerekdigini bilenimden soň, birnäçe dellala jaň edip, örän şowly şertnama baglaşdym, sebäbi lomaý söwda edýärdim. Men aksiýa satyn alamda-da şu usuly ulanýaryn.
Taryhy öwreniň. Uly kompaniýalaryň bary kiçijik zatlardan başlandyr. Polkownik Sanders ähli zadyny ýitirenden soň, diňe ýetmişe aýak basanda baýady. Bill Geýts bolsa heniz otuz ýaşamanka dünýäniň iň baý adamlarynyň birine öwrüldi.
Hereketsizlikden — hereket eden ýagşy. Men elmydama mümkinçilikleriň gözleginde. «Hereket etmelimi — hökman edýärin» — bu meniň wajyp şygarymdyr. Şu kitapda eýýäm birnäçe gezek gaýtalaşym ýaly, maliýe sylagyny almazdan ozal herekete başlaň, wagt ýitirmäň-de, işe başlaň!
JEMLEÝJI PIKIR
Sözümiň ahyrynda men siziň bilen birnäçe pikirimi böleşmek isleýärin.
Meniň bu kitaby ýazmagymyň esasy sebäbi — maliýe intellektiniň durmuşdaky meseleleriň köpüsini çözüp bilýändigini aýtmak islegidir. Ýeterlik maliýe taýýarlygymyz bolmanlygy üçin biz köplenç birmeňzeş kesgitlemäni ulanýarys: erjellik bilen işläp, pul gazanýarys, ýa-da bergi edýäris-de, gaty köp salgyt hem-de karz alan pulumyzyň göterimini töleýäris.
Häzirki döwürde köp adamyň öňünde şu soraglar ýatyr: çagalaryňa nädip gowy bilim bermeli hem-de garran çagyň aladasyny eder ýaly nädip pul toplamaly? Bu meseläni şowly çözmek üçin erjellik bilen işlemeli däl-de, maliýe intellektiňizi işletmeli.
Meniň bir dostum dört sany çagasyny kollejde okatmak üçin her aý üç ýüz dollar toplaýandygyny, ýöne şu mahala çenli bary-ýogy on iki müň dollar üýşürip bilendigini aýdyp zeýrendi. Ol on iki ýylap çagalaryny okatmak üçin pul ýygnamalydy, sebäbi şol wagt onuň uly çagasynyň alty ýaşy bardy.
Şol döwürler Feniksiň gozgalmaýan emläkleriniň bazary gözgyny ýagdaýdady. Adamlar hatar-hatar bolup jaýlaryny satýardy. Men dostuma çagalarynyň okuwy üçin toplanan puldan jaý satyn almagy teklip etdim. Onsoň ol bu pikir bilen gyzyklanyp ugrady welin, oturyp bu barada gürleşdik. Ol bar zatdan beter — bank ikinji jaýy satyn almak üçin karzyna pul bermez öýdüp gorkýardy, sebäbi öňem olardan gaty köp pul alan eken. Men banka ýüz tutman gozgalmaýan emläkleri satyn alyp bolýandygyny aýtdym.
Biz öz göwnümize ýaraýjak jaýy iki hepdeläp gözledik. Saýlamaga zat kändi, şonuň üçinem keýpine aýlanýardyk. Ahyry ajaýyp etraplaryň birinden üç sany ýatyş otagly, iki sany hammamly jaý tapdyk. Jaýyň eýesini işden çykarypdyrlar-da, gyssanmaç öýüni satmaly bolupdyr, sebäbi ol Kaliforniýadan iş tapynyp, şol ýere göçüp barýan eken. Ol jaýy üçin bir ýüz iki müň dollar sorady, ýöne oňa segsen dokuz müň dollar teklip etdik. Ol biziň teklibimizi ýüzüniň ugruna kabul etdi-de, maliýeleşdirme işini-de özüniň etjekdigini aýdyp, puluň ilkinji geçirilýän 10% razy boldy. Meniň dostum jübüsinden bary-ýogy ýedi müň dokuz ýüz dollar çykardy hem-de öý eýesi giden badyna, jaýy kireýine berdi. Ähli çykdajylaryny töländen soň — muňa ipoteka karzy hem girýär — jaý her aý, takmynan, ýüz ýigrimi bäş dollar getirip ugrady.
Ol on iki ýyllap jaýy kärendesine berdi hem-de ipoteka karzyny basymrak üzmek üçin jaýdan gelýän ýigrimi bäş dollaram banka töledi. Biz hasaplap, on iki ýyldan ipoteka karzynyň esasy bölegini tölejekdigimizi hem-de birinji çagasy kolleje gidende, jaýyň aýda sekiz ýüz dollar getirip ugrajakdygyny bildik. Mundan başga, jaýyň bahasy galsa, ol ony satybam biljekdi.
Üç ýyldan soň Feniksiň bazary janlanyp ugrady hem-de kärendeçiniň bu jaýa göwni ýetip, onuň üçin ýüz elli müň teklip etdi. Dostum ýene-de maňa öz pikirimi aýtmagy haýyş etdi. Men salgyt kodeksiniň 1031-nji maddasyna laýyklykda satmagy maslahat berdim.
Şeýdip onuň elinde duýdansyz ýagdaýda segsen müň dollar diýen ýaly pul peýda boldy. Men Tehasa, başga bir dostuma jaň etdim, ol bolsa bu pula uly bolmadyk ammar almaga kömek etdi. Üç aýdan soň dostum her aý poçtanyň üsti bilen müň dollar töweregi pul alyp, ony çagalarynyň okuw hasabyna geçirdi.
Iki ýyldan ammar satyldy hem-de dostum, takmynan, üç ýüz müň dollaryň eýesi boldy. Ol ony şobada başga taslama goýup, aýda üç müň dollar girdeji alyp ugrady. Häzir dostum öňde goýan maksadyňa aňsatlyk bilen ýetip boljagyna ynanýar.
Bu ýolda ilkinji ädimi ätmek üçin oňa bary-ýogy ýedi müň dokuz ýüz dollar we azajyk maliýe intellekti gerek boldy. Häzir onuň çagalary islän bilimlerini alýarlar. Indi ol öz aktiw sütüniniň geriminiň giňeldip, garrylygynyň aladasyny etse-de, ýaşlykdan dynç alyşa çyksa-da boljak.
Bu kitaby okanyňyz üçin size köp sagbolsun aýdýaryn hem-de bu size puly özüňize işletmäge ýardam berer diýip umyt edýärin. Häzirki kynçylykly döwürde ýaşamak üçin ýokary derejeli maliýe intellekti gerek, sebäbi diňe tejribesiz adamlar pul ýasamak üçin pul gerekdir öýdýärler. Men bütin ömrüne pul ýygnap, bir gezekde ullakan şertnama baglaşmak isleýän gaty köp adamy tanaýaryn, ýöne olaryň hereketini samsyklyk hasaplaýaryn. Tejribesiz maýadarlaryň gara güni üçin goýan puluny bir zatlara goýup, baryny bir gezekde ýitirendigini gaty köp gezek gördüm.
Maliýe üstünligi sowatlylygy we pähimi talap edýär. Muňa näçe basym eýe bolsaňyz, şonça-da gowudyr. Kitap satyn alyň, okuw maslahatlaryna gatnaşyň, alan bilimiňizi iş ýüzünde ulanyp görüň. Az zatdan başlaň. Bäş müň dollary millionlarça aktiwe öwürmek hem-de ondan aýyna bäş müň dollar almak üçin men azyndan alty ýylymy sarp etdim. Dogrusy, men okuwa kiçiligimden başladym. Size-de okamagy maslahat berýärin, sebäbi bu o diýen kyn däl. Munuň düýp özenine düşünen wagtyňyz, galan zatlar aňsatlyk bilen bolar. Haçan-da, puly özüňize işlemäge mejbur edeňizde, durmuşyňyz has aňsatlaşyp, edeniňiz ugruna bolar. Häzirki döwürde seresaplylyk bilen hereket etmän, akyllylyk bilen hereket etmelidir.
ÜÇ HILI GIRDEJI
Maliýe dünýäsinde üç hili girdeji bar:
1. Zähmet girdejisi.
2. Portfel girdejisi.
3. Passiw girdejisi.
Garyp kakam: «Mekdebe git, gowy bahalar al hem-de durnukly iş tapyn» diýende, meniň zähmet girdejisini almak üçin işlemelidigimi göz öňünde tutýardy. Baý kakam: «Baýlar pul üçin işlemeýär. Olar puly özüne işlemäge mejbur edýär» diýende, passiw we portfel girdejisini almagy göz öňünde tutýardy.
Passiw girdeji — bu köp ýagdaýlarda gozgalmaýan emläklerden we maýa goýumlardan alynýan girdejilerdir. Portfel girdeji — bu kagyz aktiwlerinden, ýagny aksiýa we obligasiýalardan alynýan girdejilerdir. Hut şu portfel girdejileri hem Bill Geýtsi dünýäniň iň baý adamsyna öwürdi.
Baý kakam köplenç şeýle diýerdi: «Baýlygyň açary — bu zähmet girdejisini basymrak passiw ýa-da portfel girdejisine öwürmek başarnygydyr. Iň köp salgydy zähmet girdejisinden alýarlar, iň az salgydy bolsa passiw girdejiden. Bu puly özüňe erjellik bilen işlemäge mejbur etmegiň bir sebäbidir. Döwlet öz puluňdan emele gelýän girdejiden däl-de, gara deriňi saçyp gazanýan puluňdan köp salgyt alýar».
«Pul akymynyň kwadranty» atly ikinji kitabymda men dört sany aýry-aýry adamlar barada gürrüň berdim. Olar edil telekeçilik dünýäsiniň tegeleginiň dörtden biri ýalydyr — hakynatutma adamlar (R), özüni iş bilen üpjün edýän adamlar (S), öz hususy işleriniň eýeleri (W) hem-de maýadarlar (I). Adamlaryň bary diýen ýaly okuwyny tamamlandan soň, (R) ýa-da (S) kwadrantlary doldurýarlar. «Pul akymynyň kwadranty» atly kitabymda bu kwadrantlaryň düýp özeniniň aýry-aýrylygy hem-de adamyň öz kwadrantyny üýtgedip biljekdigi barada gürrüň berilýär.
«Baý kakamyň ýolbaşçylygynda maýadarlyk işleri» atly üçünji kitabymda, zähmet girdejisini passiw ýa-da portfel girdejisine öwürmegiň näme üçin möhümdigi jikme-jik beýan edilýär. Baý kakam: «Hakyky maýadar zähmet girdejisini passiw ýa-da portfel girdejisine öwürýärler. Haçan-da, adam näme edýändigine düşünen çagy, maýa goýmaklyk töwekgellik häsiýetini ýitirýändir» diýip gaýtalamany gowy görerdi.
MALIÝE AZATLYGYNYŇ AÇARY
Maliýe azatlygynyň we baýlygyň açary — zähmet girdejisini passiw ýa-da portfel girdejisine öwürmek başarnygydyr. Baý kakam Maýk ikimize bu barada gaty köp ýyl sapak berdi. Hut şonuň kömegi bilen aýalym ikimiz maliýe garaşsyzlygyna ýetip, işlemek zerurlygyndan hemişelik hoşlaşdyk. Biz häzirem zähmet çekýäris, ýöne diňe öz islegimiz boýunça. Häzir biziň gozgalmaýan emläkler bilen iş salyşýan hususy kompaniýamyz bar, ol bize passiw girdejileri getirýär, biz ýene hususy gymmat bahaly kagyzlary ýaýratmak we başlangyç aksiýalary satyn almak ýaly işler bilenem iş salyşýarys.
Mundan başga, adamlara maliýe sowadyny berer ýaly kitaplary neşir edýän kompaniýamyzam bar. Wagtynda baý kakamyň bize öwredişi ýaly, biziň sowat beriji önümlerimiz zähmet girdejisini passiw we portfel girdejilerini öwürmek endigini öwretmeklige gönükdirilendir.
Bu ugurda biziň öz döreden oýunlarymyzyň gaty uly ähmiýeti bar, sebäbi ol adamlara kitabyň öwredip bilmedik zatlaryny öwredýär. Mysal üçin, tigir sürmegi kitapdan öwrenip bolanok ahyryn. Biziň ulular we kiçiler üçin niýetlenen «Pul akymy» oýunlarymyz maýa goýmaklygyň düýp özenini öwretmek üçin niýetlenendir. Mundan başga, ol buhgalteriýa hasaplarynyň esaslaryny özleşdirmäge we maliýe sowadyny ele almaga kömek edýär. Dünýäde bu oýna meňzeş hiç bir zat ýok, sebäbi ol adamlara bu endikleri bir wagtda öwredýär.
«Pul akymy 202» oýny — bu «Pul akymy
101-iň» çaltlandyrylan görnüşidir. Onda-da birinjidäki ýaly tagta ulanylýar, ýöne bu oýna başlamazdan öň «Pul akymy 101» oýna doly düşünip, tejribe gazanmalysyňyz.
«Pul akymy 101» we «Çagalar üçin pul akymy» oýunlary maýa goýmaklygyň düýp esasyny öwredýär. «Pul akymy 202» bularyň çaltlandyrylan görnüşi bolup, ol maýa goýmaklygyň ussatlygyny öwredýär. Muňa düşünen her bir adam bazar ýokary galanda-da, pese gaçanda-da pul ýasamagy başarar. Baý kakamyň aýdyşy ýaly, hakyky maýadarlar bolçulyk döwründe-de, gytçylykda-da pul gazanmagy oňarýarlar, şonuň üçinem olar baýdyr.
Käwagtlar baý kakam: «Eger baý bolasyňyz gelýän bolsa, haýsy girdeji üçin erjellik bilen zähmet çekmelidigini, ony nähili saklamalydygyny we ýitgiden nähili goramalydygyny bilmelisiňiz. Bu ullakan baýlyk toplamagyňy açarydyr» diýip, bir salymdan soňam sözüniň üstüni ýetirerdi: «Eger-de üç sany girdejiniň aratapawudyna düşünmeseňiz hem-de ony gazanmagy we goramagy başarmasaňyz, onda bütin ömrüňize ujypsyzja gazanyp, geregindenem köp işlärsiňiz».
Garyp kakam bolsa üstünlik gazanmak üçin gowy bilim almak, gowy iş tapynmak hem-de erjellik bilen zähmet çekmek ýeterlikdir öýdýärdi. Ol muny maliýe biliminiň esasy hasaplaýardy.
Üç sany girdejiniň aratapawudyny bilmek hem-de dürli-dürli girdejileri almak üçin maýa goýmak endigini edinmek — her bir adamynyň iň ilkinji bilmeli zady bolup, bu ullakan baýlyga we maliýe garaşsyzlygyna barýan ýoluň altyn açarydyr.
Şu ýerde baý kakamyň ýene bir aýdan sözüni ýatlasym gelýär: «Zähmet girdejisi — bu seniň gazanýan girdejiň, passiw we portfel girdeji bolsa — saňa işleýän pullaryň girdejisidir». Şujagaz aratapawudy bilmeklik meniň durmuşyma ullakan ähmiýet berdi, ýa-da Robert Frostuň goşgusynda beýan edişi ýaly: bu bolsa çözüpdi soňky takdyrym».
HEREKETE GIRIŞIŇ!
Adam tebigatyň iki sany ajaýyp peşgeşi bilen sylaglanandyr — akyl we wagt. Olary nähili ulanmaklyk onuň özüne bagly. Adamyň eline düşýän her bir dollar ykbalyny üýtgetmek üçin oňa ullakan güýç berýär. Ony akylsyzlyk bilen harçlasaňyz, garyplygy saýlap alarsyňyz, passiwlere harçlasaňyz, ortaky synpa goşularsyňyz, akylly-başly ulanyp, aktiwler sütünini emele getirseňiz, onda geljegiňizi ýagtylandyrarsyňyz. Saýlamak hukugy öz eliňizde.
Eger-de bu bilimleri çagalaryňyz bilen paýlaşasyňyz gelýän bolsa, onda olary arzuw edýän dünýälerine taýynlap bilersiňiz. Muny özüňizden başga hiç kim etmez.
Özüňiziň hem-de çagalaryňyzyň geljegini ertirden däl-de, şu günden düzüp başlaň.
Adam durmuşy ertekiler dünýäsine syýahat eden ýaly bir zat, şonuň üçinem ullakan baýlyk gazanyp, bagtly bolmagyňyzy arzuw edýärin.
Robert Kiýosaki
1. Meýdan we bakja ekinlerini gemriji.
2. Bu gymmat bahaly kagyzlar bolup, hususy emlägiň tölenmedik salgytlaryny ýapmak üçin ulanylýar, ýagny jaý eýesi bergisini üzýänçä, zamun bolup hyzmat edýär hem-de bergi wagtynda tölenmese, jaý eýesiniň elinden alynyp biliner. ABŞ-nyň dürli ştatlarynda bu gymmat bahaly kagyzyň girdejiligi 8-den 36% içine alýar.
3. Gymmat bahaly kagyzlary alyp-satmakda ujypsyz hak alýan birža dellellary.
4. Bu şertnamanyň bir görnüşidir — maliýeleşdirme işi jaýy satan adamyň boýnuna bolup, ol bankdan alan karzyny alyjynyň adyna geçirýär.
Rusçadan terjime eden Rüstem GURBANNEPESOW,
«Dünýä edebiýaty»