Baý kakam, garyp kakam — Robert KIÝOSAKI (2 bölek)
Robert KIÝOSAKI,
amerikan ýazyjysy
Bu kitap ene-atalara —
çagalaryň iň esasy mugallymlaryna
bagyşlanýar
Ikinji bap
Ikinji sapak. Näme üçin maliýe sowatlylygy gerek?
Siziň näçe pul gazanýanlygyňyz esasy zat däl, esasy zat — näçesini aňryňyzda goýanlygyňyz.
1990-njy ýylda dostum Maýk kakasynyň imperiýasyny öz eline aldy hemem ony baý kakamdanam gowy dolandyryp ugrady. Biz ýylda birki sapar golf meýdançasynda duşuşýardyk. Ol siziň göz öňüne getirip bilşiňizdenem gaty baý, sebäbi baý kakamyň maliýe imperiýasy ygtybarly ele düşüpdi. Maýkyň ogly — mirasdüşeri bar, ol ogluna birwagt kakasynyň bizi okadyşy ýaly terbiýe berýär.
1994-nji ýylda, kyrk ýedi ýaşymda men işlemämi bes etdim. Şol wagt aýalym Kimiň otuz ýedi ýaşy bardy. Biz sözme-söz manyda işlemegimizi bes edemzok. Umuman, garaşylmadyk bir zat ýüze çykan ýagdaýynda-da, biz işlesegem boljakdy, işlemesegem, ýöne her nähili ýagdaý bolanda-da, hatda puluň hümmeti gaçanda-da, biziň baýlygymyz öz-özünden köpeljekdi. Biziň maýa goýumymyz şeýlebir uludy welin, ol özgäniň kömegi bolmasa-da, girdeji getirýärdi. Bu edil bag eken ýaly bir zat. Siz ony birnäçe ýyllap suwarýaňyz, ýöne günleriň birinde ol size mätäç bolmagyny bes edýär — onuň kökleri ýeterlik derejede ýeriň çuňlugyna ornaşýar, ine, şonda ol saýasydyr miwesi bilen sizi begendirip ugraýar.
Maýk kakasynyň imperiýasyny dolandyrmagy makul bildi, men bolsa dynç alşa çykdym.
Men adamlaryň öňünde çykyş edemde, diňleýjiler, köplenç, maňa şu soraglary berýär: «Nädip başlamaly?», «Haýsy kitaby okamaly?», «Çagalaryňa nähili terbiýe bermeli?», «Üstünligiň açary nämede?» ýa-da «Millionlary nädip gazanmaly?». Şular ýaly ýagdaýlarda meniň ýadyma birwagtky okan makalam düşýär.
Iň baý söwdagärler
1923-nji ýylda Çikagonyň «Edgewater Beach» myhmanhanasynda döwletiň syýasy öňbaşçylarynyň hemem iň baý işewürleriniň duşuşygy boldy. Olaryň arasynda iň uly polat guýujy kärhananyň başlygy Çarlz Şwab, dünýäde iň uly munisipal kärhananyň prezidenti Semýuel Insull, iň uly gaz kärhanasynyň başlygy Goward Hopson, «International Match Co-nyň» prezidenti Iwar Krýuger (şol wagt dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň biridi), halkara hasaplaşyk bankynyň prezidenti Leon Freýzer, Nýu-Ýorkuň fond biržasynyň prezidenti Riçard Uitni, biržaçylar Artur Kotton bilen Jessi Liwermor hemem ABŞ-nyň prezidenti Gardingiň ýanynda işleýän Albert Foll dagy bardy. Aradan ýigrimi bäş ýyl geçenden soň, ýokarda agzalanlaryň dokuzysyna şu ykbal garaşýardy: bäş ýyl bergide ýaşanyndan soň, Şwab kör-köpüksiz dünýäden ötýär. Insull başga bir döwletde tozup, ýurduny täzeleýär. Krýuger bilen Kottonam bergidar bolup, dünýe bilen hoşlaşýarlar. Hopson akylyndan azaşýar. Uitni bilen Albert şol wagtlar zyndandan çykýar. Freýzer bilen Liwermor bolsa janlaryna kast edýärler.
Hakykatda, bu adamlara nämeleriň bolandygyny bilemok, ýöne 1923-nji ýyl senesine üns beren bolsaňyz, onda duşuşyk 1929-njy ýylda boljak ykdysady durgunlygyň pese gaçmagynyň öň ýany bolandygyny hem-de onuň bu adamlaryň ykbalyna ullakan täsir edendigini görmek bolýar.
Men size näme aýtmakçy bolýan: şol döwre garanda, biziň zamanamyz gaty basym üýtgeýär. Ähtimal, geljekde biziň öňümizde şol beýik söwdagärleriň başdan geçiren günlerindenem beter günler garaşýan bolmagy mümkin. Meni, esasan, adamlaryň ünsüni esasy baýlyga — sowatlylyga däl-de, pula gönükdirýänligi biynjalyk edýär. Eger pikirleriňiz ýiti, paýhasyňyz kesgir bolsa, onda özgerişikleriň sizi baý adama öwürmegi mümkin. Ýöne ähli zady pul çözer öýdýän bolsaňyz, onda ýakymsyz günleri başdan geçirjekdigiňize şübhe ýok. Maliýe bilimiň bolmasa, pul gaty basym ýitirim bolýar.
Durmuşda näçe pul gazananyň däl-de, näçesini beýläňe atanyň möhümdigini köp adam bilenok. Lotereýada pul utan bagtly adamlar barada hemmämiz eşiden bolsak gerek. Olar ilki garyp bolup, soňra birden baýaýarlar, soňra bolsa ýene garyp düşýärler. Olar millionlarça puluň eýesi bolsalaram, basym ýene döwük kerseniň ýanynda galýarlar. Ýa-da hünärine ökde türgenleri ýadyňyza salyň, olar ýigrimi ýaşda million dollar gazanan bolsalaram, on ýyldan soň köpriniň aşagynda ýatyp-turýarlar.
Millionlarça sowatly ýetginjek öz işine başlaýar, ýöne iň soňunda maliýe meseleleri bilen çaknyşmaly bolýar. Olar erjellik bilen işleýänem bolsa, pul meselesinde ýekeje ädimem öňe süýşmegi başaranoklar. Bu işde olara çynlakaý zyýan salýan zat — pul gazanyp bilmezlik däl-de, ony nähili dolandyrmalydygyna düşünmezlik.
Meniň ýadyma millioner bolan bir basketbolçy düşýär. Ol bir ýyl mundan öňem baýdy. Häzir ol ýigrimi dokuz ýaşynda hemem dostlarynyň, hukukçysynyň, hasapçysynyň pullaryny dargadandygyny, şonuň üçinem mejbury ýagdaýda ulag ýuwulýan ýerde mugtuna diýen ýaly işleýändigini aýdýar. Ony ulag ýuwulýan ýerdenem kowupdyrlar, sebäbi ol çempionlyk ýüzügini çykarmakdan boýun gaçyrypdyr. Bu waka gazetçileriň diline düşüpdir, häzir ol bikanun kowlandygy, hukugynyň kemsidilendigi üçin iş berijisini günäkärläp şikaýat edýär. Ol ýüzüginiň özünde galan ýeke-täk zatdygyny, ony dakynmagy gadagan etseler heläk boljakdygyny aýdýar.
Men sähel salymda millioner bolan köp adamy tanaýan. Adamlaryň baý bolmagy meni begendirýär, şeýle-de bolsa olary habardar edesim gelýär: siziň näçe pul gazananyňyz esasy zat däl, esasy zat — näçesini aňryňyzda goýanyňyz hemem näçe nesle miras galdyranyňyz.
Baý kakam «näçe ýeňil bolsa, şonça-da gowy» diýen ýörelgä ynanýardy hemem öz bilimini iki sany oglanjyga geçirmek üçin olary ýokary derejede ýeňilleşdirerdi. Şeýdip ol biziň maliýe bilimimiziň düýbüni gaty mäkäm tutdy.
Şonuň üçinem menden: «Nämeden başlamaly?» ýa-da «Nädip basym baýamaly?» diýip soranlarynda, meniň jogabym, köplenç, olary lapykeç edýär. Men olara birwagtlar baý kakamyň özüme aýdan sözlerini gaýtalaýaryn: «Eger baý bolasyňyz gelýän bolsa, onda maliýe taýdan sowatly boluň».
Her gezek baý kakam bilen duşuşamda, ol şu sözleri gulagyma guýardy. Öňem aýdyşym ýaly, meniň sowatly kakam elmydama kitap okamagymy sargardy, baý kakam bolsa elmydama maliýe taýdan sowatly bolmagymy aýdardy.
Eger-de siz asmana ýetip duran jaý gurasyňyz gelýän bolsa, onda siziň ilkinji etmeli işiňiz — binanyň düýbüniň berk bolmagy üçin çuňrak çukur gazmaly. Eger siz şäheriň eteginde jaý gurmakçy bolsaňyz, 15 santimetrlik beton ýeterlik bolar. Käbir baýamak isleýän adamlar «Empaýr-steýt-bilding» gurmak isläp, 15 santimetrem çukur gazýarlar.
Biziň mekdeplerimiz oba hojalygynyň gülläp ösen döwründe döredilen «binasyz jaýlara» entegem ynanýarlar. Bärde häzirem ýer bilen des-deň edilip gurlan pollar adat bolup galypdyr. Şonuň üçinem mekdebi gutaran çagalar maliýe sowadynyň, hatda başlangyç biliminem alanoklar. Olar amerikalylaryň ajaýyp durmuşda ýaşajagyna berk ynanyp, goşun gullugyna gidýärler hemem günlerde bir gün ite bir sümek bergili bolup, gijelerine ýatyp bilmän, basymrak baýamagyň pikirini edýärler. Şeýlelikde, olar asmana ýetip duran jaý gurup ugraýarlar. Jaý gaty basym ýokary galýar, ýöne tiz wagtdan olaryň «Empaýr-steýt-bilding» däl-de, ýumrulyp, kül-owram bolýan bina guranlygy belli bolýar. Onsoň ýene-de ukusyz gijeler başlanýar.
Maýk bilen özüm barada aýdylanda, ýetginjeklik ýyllaryna baramyzda biz eýýäm gurluşygyň iki görnüşindenem habarlydyk, sebäbi bize çagalygymyzdan maliýe binýadynyň berk bolmalydygyny öwredipdiler.
Buhgalteriýa hasaplary, ähtimal, dünýäniň iň bir ýüregedüşgünç sapaklarynyň biri bolsa gerek. Ýöne eger siziň baýasyňyz gelse hemem ömrüňiziň ahyryna çenli baý ýaşamak isleseňiz, bu sapak siziň üçin iň möhüm zatlaryň biri bolmalydyr. «Muny çagalara nädip öwretmeli?» diýip, baý kakam pikir eden bolmaly hemem görkezme esbaplarynyň kömegi bilen ýeňiljek çözgüt tapypdyr.
Baý kakam Maýk ikimiziň binamyzyň düýbüni gaty berk tutdy. Çaga bolanymyz üçin, ol düşünerimiz ýaly, gaty aňsat usuly oýlap tapypdyr.
Birinji ýyl ol diňe çyzgylary çyzyp, olaryň manysyny düşündirýärdi. Haçan-da, biz onuň ýönekeýje edip çyzylan diagrammalaryna, terminlerine hemem puluň aýlanma mehanizmine düşünip ugramyzda, ol ýuwaşlyk bilen suratlara sanlaram goşup ugrady. Wagtyň geçmegi bilen Maýk häzirki zaman buhgalterçilik işiniň iň kyn usullaryny ele almagy başardy, sebäbi bu oňa öz imperiýasyny dolandyrmak üçin zerurdy. Meniň imperiýam kiçiräk bolany üçin bilimim hem pesräk, ýöne binamyzyň düýbi bir.
Siz indiki sahypada Maýkyň kakasynyň çyzan çyzgylary ýaly, sadaja şekilleri görersiňiz. Bu ýönekeýje çyzgylar iki sany kiçijik oglana binalarynyň düýbüni gaty berkden tutup, ullakan jaý gurmaga kömek etdi.
BIRINJI DÜZGÜN. AKTIW BILEN PASSIWIŇ ARATAPAWUDYNY BILIŇ HEMEM DIŇE AKTIW EDINIŇ
Eger baý bolmak isleýän bolsaňyz, bu siziň bar bilmeli zadyňyz. Bu ilkinji we ýeke-täk düzgün. Ähtimal, munuň biderek zat bolup görünmegi mümkin, ýöne adamlaryň köpüsi munuň nähili möhüm zatdygy barada, hatda şübhelenenoklaram. Aktiw bilen passiwiň aratapawudyna düşünmeýändikleri sebäpli, adamlaryň köpüsinde maliýe meselesi ýüze çykýar.
Baý kakam şeýle diýerdi: «Baýlar aktiw edinýär. Garyplar bilen ortaça ýaşaýanlar bolsa aktiwdir öýdüp, passiw edinýärler».
Maýk ikimiz muny «baý kakamdan» ilkinji gezek eşidemizde, ol oýun edýändir öýtdük. Özüňiz göz öňüne getiriň, iki sany jahyl çykan oglan baý bolmagyň syrlaryny bilmek üçin garaşyp-garaşyp, iň soňunda-da şu sözleri eşitse, nähili ýagdaýa düşer öýdýäňiz?! Ol şeýlebir ýönekeýdi welin, biz bu barada oturyp, gaty kän pikirlenmeli bolduk. Ahyry Maýk:
— Aktiw näme? — diýip, sorag berdi.
— Entek bu barada pikir etmäň — diýip, baý kakam jogap berdi. — Siz ýöne bu pikiri kabul ediň. Eger siz bu ýönekeýje hakykaty kabul etmegi başarsaňyz, onda durmuşyňyzda sizi maliýe meselesinden dyndarjak meýilnama bolar. Pikir gaty ýönekeý, şonuň üçinem hiç kim oňa üns berenok.
— Eger-de aktiwiň nämedigine düşünsek hemem diňe aktiw satyn alsak, onda biz baý bolarys diýjek bolýaňyzmy? — diýip, men soradym.
Baý kakam başyny atdy.
— Hawa, bu iki ikiň dörtdügi ýaly, gaty ýönekeý zat.
— Ýöne eger bu şeýle ýönekeý bolsa, onda näme üçin adamlaryň hemmesi baýanok? — diýip, men geňirgendim.
Baý kakam ýylgyrdy.
— Sebäbi adamlar aktiw bilen passiwiň aratapawudyny görenok.
Men saklanyp bilmän ýene-de sorag berdim:
— Näme üçin ulular beýle kütek? Eger ähli zat şeýle ýönekeý hemem möhüm bolsa, näme üçin olar bu barada pikirlenmek islänok?
Aktiw bilen passiwiň nämedigini düşündirmek üçin baý kakama birnäçe minut gerek boldy.
Häzir men ullakan adamam welin, muny özüm ýaly adamlara düşündirmek gaty kyn. Sebäbi olar düşünip bilenok, olara başga bilim berdiler. Olara bilimi bank işgärleri, buhgalterler, gozgalmaýan emläkleri satyjylar, maliýe maslahatçylary we beýlekiler berdi. Bu işiň bir kyn tarapy — ulular öz bilýän ähli zadyny unudyp, ýene çagalygyna dolanyp barmaly bolarlar. Olaryň içinde has akyllylary bolsa, ýeňilleşdirilen kesgitlemelere düşünmek islänoklar.
Baý kakam «näçe ýeňil bolsa, şonça-da gowy» diýen ýörelgä ynanýardy hemem öz bilimini iki sany oglanjyga geçirmek üçin olary ýokary derejede ýeňilleşdirerdi. Şeýdip ol biziň maliýe bilimimiziň düýbüni gaty mäkäm tutdy.
Düşünişmezligiň sebäbi nämede? Şular ýaly ýönekeýje zatlarda adam näme üçin ýoluny urdurýar? Näme üçin adamlar, hakykatda, passiw zatlary aktiw hasaplap satyn alýarlar? Munuň jogaby adamyň sowatsyzlygynda.
Biz ünsümizi sowatly bolmaga gönükdirýäris, ýöne maliýe taýdan däl. Belli bir zatlaryň aktiwe ýa-da passiwe degişlidigi söz bilen kesgitläp bolanok. Eger siz, dogrudanam, aňyňyzda bulam-bujarlylygyň ýüze çykaryny isleseňiz, onda sözlügi açyň-da, «aktiw» we «passiw» sözlerine serediň. Men sözlükdäki kesgitlemäniň işini oňat bilýän buhgalterler üçindigini gaty gowy bilýän, sebäbi onuň adaty adamlar üçin hiç hili manysy ýok.
Şeýle-de bolsa biz — ulular azajygam bolsa bir zatlara düşünýänligimiz üçin, köplenç, öz-özümize gaty buýsanýarys.
Baý kakam bize: «Aktiw söz bilen däl-de, sanlar arkaly kesgitlenýär. Eger siz sanlardan baş alyp çykmany öwrenmeseňiz, onda aktiwiň nämedigine hiç wagt düşünmersiňiz» diýerdi.
Mundan başga-da: «Buhgalterçilik işinde esasy zat sanlar däl-de, olaryň näme aýdýanlygy. Esasy zat — sözler däl-de, olaryň gürrüň berýän taryhy. Eger baý bolmak isleýän bolsaňyz, sanlary okamagy hemem oňa düşünmegi başarmaly» diýip, baý kakam telim gezek aýdardy, soňra bolsa yzyndan şu sözleri gaýtalamany gowy görerdi: «Baýlar aktiwleri satyn alýar, garyplar bilen ortaça ýaşaýan adamlar bolsa passiwleri».
Indi bolsa aktiwi passiwden nädip tapawutlandyrmalydygyna seredeliň. Buhgalterler bilen ykdysadyýetçileriň aglabasynyň meniň sözlerim bilen razylaşmajagyny bilýärin, ýöne hut şu ýönekeýje çyzgylar iki sany oglanjyga maliýe binasynyň düýbüni berkden-berk tutmaga kömek etdi.
Aktiwdäki pul şunuň ýaly aýlanýar:
Çyzgynyň ýokarky bölegi girdejiler baradaky hasabatdyr, ony, köplenç, «girdejiler we çykdajylar barada hasabat» diýip atlandyrýarlar. Onda girdejiler bilen çykdajylar hasaba alynýar, ýagny girýän we çykýan pullar. Çyzgynyň aşaky bölegine «balans hasabaty» diýilýär. Onuň beýle atlandyrylýanlygynyň sebäbi, ondaky aktiwler bilen passiwler deň bolmalydyr. Ýaňy işe başlanlar bu iki hasabatyň arabaglanyşygyna düşünenoklar. Muňa düşünmek bolsa örän möhüm.
Öňem aýdyşym ýaly, baý kakam öz kiçijik şägirtlerine şeýle diýerdi: «Aktiwler biziň jübimizi puldan doldurýar».
Passiwdäki pul şunuň ýaly aýlanýar:
Aktiw bilen passiwiň nämedigini çyzgyda göreniňizden soň, meniň dilden aýtjak zatlaryma düşünmek aňsat bolar.
Aktiw — bu meniň jübime pul getirýär. Passiw — bu meniň jübimdäki pullary sowurýar.
Ine, bu siziň bar bilmeli zadyňyz. Eger siziň baýasyňyz gelse, onda diňe aktiwleri satyn alyň. Eger siz garyp ýa-da orta synpyň wekilleri bolmak isleseňiz, onda diňe passiwleri satyn alyň.
Sowatsyzlyk (adam aýdylýan sözlere-de düşünenok, sanlara-da) — bu maliýe kynçylyklarynyň esasy sebäbidir. Eger adamlar puldan kösenýän bolsa, diýmek, bir zatlara düşünýän däldirler — ýa sanlara, ýa-da sözlere. Olar nämedir bir zady ýalňyş görýändir. Baý adamlaryň baýlygynyň sebäbi, olar ähli zatda beýleki adamlara görä köp bilýär. Şonuň üçinem eger siz baýamak hemem baýlygyňyzy aýap saklamak isleýän bolsaňyz, onda size maliýe bilimi, ýagny sözlere we sanlara düşünmek örän möhümdir.
Çyzgydaky dil puluň ýa-da pul akymynyň nähili aýlanýandygyny görkezýär. Edil sözler ýaly, çyzgydaky sanlaryň ähmiýeti örän azdyr, bärde esasy zat — olaryň gürrüň berýän taryhydyr. Adam aýdylýan zatlaryň düýp özenine düşünişi ýaly, maliýe hasabatyna gözi kaklyşandan puluň nirä gidýändigine düşünmelidir. Maşgalalaryň 80%-niň taryhyna ser salsak, onda ol agyr zähmeti hemem olaryň ýokaryk galmaga urnuşyny gürrüň berýär. Ýöne bu synanyşyklar biderekdir, sebäbi olar ömürleriniň ahyryna çenli aktiwleri däl-de, passiwleri satyn alýarlar.
Bu garyp adamyň pul aýlanyşygynyň çyzgysy:
Bu bolsa baý adamyň pul aýlanyşygy:
Bu çyzgylaryň bary, elbetde, gaty aňsatlaşdyrylandyr. Her bir adam durmuşda ýaşamagy üçin çykdajy etmeli bolýar: iýmite, öýe, geýime. Bu çyzgylarda dürli synplaryň wekilleriniň pul aýlanyşygynyň umumy ugurlary görkezilendir.
Bu pul aýlanyşyklary adamlaryň öz pullaryny nähili dolandyrýandygyny görkezýär.
Men öz gürrüňimi Amerikanyň iň baý adamlaryndan başladym, sebäbi puluň bar zady çözýändigine ynanýanlaryň ýalňyşýandygyny görkezesim geldi. Şonuň üçin men her gezek adamlardan: «Maňa çalt hem köp pul gazanmagyň ýollaryny öwretseňizläň, meniň ite bir sümek bergim bar» diýen sözleri eşidenimde, tisginip gidýärin.
«Köp pul», köplenç, meseläni çözenok. Tersine, ony çuňlaşdyryp biler. Käwagtlar pul adamyny özi bilmezden tragiki ýalňyşlygyň üstünden eltýär. Şo sebäpli duýdansyz baýlyga eýe bolan adamlar, meselem, mirasdüşerler, aýlygy juda köpelenler ýa-da lotereýada uly pul utanlar has ýaramaz güne düşmeseler, basym ýene-de öňki durmuşlaryna dolanyp bararlar.
Pul diňe siziň beýniňiziň ulanýan pul akymynyň işjeňligini güýçlendirýär. Eger siziň beýniňiz «eliňe düşen ähli zady sowmaly» diýen düşünjä gulluk edýän bolsa, onda gaty basym hiç zatsyz galarsyňyz.
Ähtimal, «At çapanyňdan geçdik, eýeriň gaşyndan berk ýapyş» diýen nakyl şundan dörän bolsa gerek.
«Biz mekdepde ylmy bilimleri hemem hünärleri öwrenýäris» diýip, men eýýäm birnäçe gezek aýdypdym. Olaryň ikisem örän möhüm, sebäbi biz hünärleriň kömegi bilen pul gazanmany öwrenýäris.
1960-njy ýyllar, men uly synplarda okaýarkam, «gowy okaýan okuwçylar lukman bolmaly» diýen düşünje bardy, sebäbi bu hünär iň uly pul baýragyny wada berýärdi.
Häzir lukmanlar şeýlebir kyn güne düşdi welin, olaryň ykbalyny öz duşmanyma-da islämok. Ätiýaçlyk kompaniýasynyň gözegçilikde bolmagy, lukmançylyk ulgamyny döwletiň düzgünleşdirmegi hemem geleňsizlik sebäpli lukmanlaryň kazyýete çekilmegi — bu hünäri özüne çekijiliginden mahrum edipdi.
Häzir çagalar sport dünýäsiniň, kinonyň, aýdym-sazyň, gözelligiň ýa-da alyp baryjy menejerleriň ýyldyzlary bolaslary gelýär, sebäbi şöhraty, puly, at-abraýy diňe şol ýerlerden tapyp bolýar. Hut şonuň üçinem häzirki döwür çagalary okuwa çekmek gaty kyn. Öňki döwürlerdäki ýaly, hünär üstünliginiň okuw üstünligine garaşly däldigini olar eýýäm bilýär.
Mekdep uçurymlary maliýe biliminden mahrum. Millionlarça sowatly ýetginjek öz işine başlaýar, ýöne iň soňunda maliýe meseleleri bilen çaknyşmaly bolýar. Olar erjellik bilen işleýänem bolsa, pul meselesinde ýekeje ädimem öňe süýşmegi başaranoklar. Bu işde olara çynlakaý zyýan salýan zat — pul gazanyp bilmezlik däl-de, ony nähili dolandyrmalydygyna düşünmezlik.
Adamlaryň aglabasy maliýe meselesiniň näme üçin ýüze çykýandygyny bilenok, sebäbi olaryň pul akymy barada düşünjeleri ýok.
Adam iňňän sowatly bolup, işinde üstünlik gazansa-da, şol bir wagtda maliýe taýdan sowatsyz bolup biler.
Ol adamlar, köplenç, gereginden artyk işleýär. Olar erjellik bilen işlemäni öwrenenem bolsa, puly özlerine işlemäge mejbur etmegi öwrenmändirler.
PUL GAZANJAK BOLUP, HASAM KYN GÜNE DÜŞÝÄNLER BARADA KELAM AGYZ
Erjellik bilen zähmet çekýän adamlaryň aglabasynyň durmuşy deň diýen ýaly.
Ýokary bilimli bagtyýar ýaşlar darajyk otagda bile ýaşap başlaýarlar (bu otagda öň olaryň biri kireýne ýaşaýardy). Bularyň pullaryny tygşytlajakdygy köre hasa, sebäbi olar şol otaga öň näçe töleýän bolsalar, indi iki bolup töläp ugradylar.
Ýöne bir mesele bar: otag gaty dar. Şonuň üçinem olar çaga ediner ýaly, öz arzuw edýän öýlerini satyn almak üçin pul ýygnap ugraýarlar. Indi olaryň girdeji getirýän iki sany çeşmeleri bar, şo sebäpli erjellik bilen işläp, girdejilerini artdyryp ugraýarlar.
Ýöne girdejiler ulaldygyça, çykdajylaram ulalýar.
Girdejiler barada hasabat
Adamlaryň köpüsi üçin iň uly çykdajy salgytdyr. Köp adam gep girdeji (podohodnyý) salgydy barada gidýändir öýdýär, ýöne amerikalylaryň aglabasy üçin iň uly salgyt — bu sosial strahowaniýesidir. Her bir işgäriň sosial hemem lukmançylyk strahowaniýesiniň salgydy aýlygynyň 7,5% hasaplanýar, ýöne hakykatda bu sanlar 15%-i görkezýär, sebäbi şolar ýaly puly sosial gorag gaznasyna iş beriji hem geçirýär. Aslyýetinde, ol, şol pullary size töläp bilenok, sebäbi ol siziň aýlygyňyzyň bir bölegi. Bularyň üstüne, siz sosial gorag gaznasyna girdeji salgydynam töleýärsiňiz, ol, hatda hasaplaşyk wedomostynda görkezilenogam, sebäbi ony kärhananyň umumy gaznasyndan gös-göni geçirýärler.
Geliň, ýaş çatynjalar baradaky gürrüňimize dolanyp baralyň. Olaryň girdejileri köpelýär, onsoň olar arzuw edýän öýlerini satyn almagy karar edýärler. Jaý bilen birlikde olarda täze salgydam peýda bolýar — emläk salgydy. Soňra olar hojalygy ýola goýmak üçin täze ulag, mebel hemem öý-goşlaryny satyn alýarlar. Ahyrynda balans hasabatyndaky passiwler sütüniniň ipoteka karzlaryndan ýaňa depilip-dykylyp doldurylandygyna hemem bergileriniň kekirdekdendigine olaryň gözi düşýär. Ýöne ol passiwler ýene-de ulalmak bilen bolýar.
Girdejiler barada hasabat
Başgaça aýdylanda, olar alaka aýlawynyň aldawyna düşdüler. Basym maşgalada çaga peýda bolar, onsoň olar hasam jan çekip işläp ugrarlar. Ýagdaý ýene täzeden gaýtalanar: geljekki girdejiniň ösüşi salgydyň ýokarlanmagyna getirer (bu salgydyň aýlanma derejesi diýlip atlandyrylýar). Poçta bilen karz karty geler, olar ony iň soňuna çenli ulanarlar. Biraz wagtdan olara karz kompaniýasy jaň edip, olaryň esasy «aktiwiniň», ýagny jaýlarynyň bahasynyň ýokary galandygyny habar berer hemem bergileriniň gaty kändigini göz öňünde tutup, uzak möhletleýin ýa-da möhletsiz pul karz almagy teklip eder hem-de karz kartlaryndaky ýokary göterim töleýän bergilerini ýapmagy maslahat berer. Muny eşidip olar hezil eder — ahyry karz kartlaryndaky bergilerini üzmegi başardylar. Ýöne indi olaryň karz kartlaryndaky bergileri jaýyň bergisiniň bir bölegine öwrüldi. Her aýyň töleg pulunyň mukdary azalanam bolsa, indi olaryň bergisi otuz ýyla çenli uzady. Mundan başga-da, ipotekanyň göterimini salgydyň jeminden tutup galarlar.
Serediň, bu gelnen karary gaty göwnejaý hasaplap, olar ýene begenenem bolýar.
Basym baýramçylyk arzanlaşygy sebäpli, goňşulary olary dükana gitmäge çagyrar. Olar diňe görmäge gitjekdiklerini, hiç zat satyn almajakdyklaryny özlerine söz berip dükana gitselerem, «birden gerek bolaýmasyn» diýip, karz kartlaryny ýanlaryna alarlar.
Maňa bular ýaly ýaş çatynjalar elmydama gabat gelýär. Olaryň atlary üýtgeýänem bolsa, şol bir hereketi gaýtalaýarlar. Olar: «Näme aýdarkam?» diýip, meniň leksiýama gelýärler, soňra bolsa şeýle soragy berýärler: «Siz bize köpräk pul gazanmagyň ýollaryny öwredip bilmersiňizmi?».
Hakykatda, mesele nämede diýseňizläň, olar ellerindäki bar zady sowurýandyklaryna düşünenoklar. Olar maliýe taýdan sowatsyz, şonuň üçinem aktiw bilen passiwiň aratapawudyny bilenoklar.
Köp pul kimdir biriniň pully meselesini gaty seýrek çözýär. O meseläni diňe akyl ýetiriş ukybyň bilen çözmek bolar. Biri bergä batan wagty meniň bir dostum, köplenç, şu sözleri gaýtalaýar: «Eger özüňi çukura iteklän bolsaň… gazmagyňy bes et».
Kiçijikkäm kakamdan ýaponlaryň üç sany genji-hazynanyň mukaddes güýjüne ynanýandyklaryny kän eşitdim: gylyja, ýaşma hemem aýna.
Gylyç ýaragyň güýjüni alamatlandyrýar. Amerika ýaraga milliardlarça dollar sarp etdi, häzir ol harby ugur boýunça ähli ýurtdan öňde.
Ýaşma puluň güýjüni alamatlandyrýar. Ähtimal, aşakdaky atalar sözünde hakykatyň bir bölegi bar bolsa gerek: «Altyn düzgüni ýadyňdan çykarma: kimde altyn bar bolsa, şolam kada-kanuna eýedir».
Aýna öz ýagdaýyňy aňmaklygyň güýjüni alamatlandyrýar. Ýapon rowaýatyna görä, bu bilim genji hazynalaryň iň gymmatlysy hasaplanýar.
Garyplar hemem ortaça ýaşaýan adamlar puluň güýjüniň täsirine gaty basym boýun bolýarlar. Olar ir bilen işe baryp, bar güýçleri bilen zähmet çekýärler. «Edýän işlerinde nähilidir bir many barmy?» diýip, olar öz-özlerinden soranoklaram. Her gün işe gitmek bilen, olar diňe öz ýagdaýlaryny çuňaltýarlar.
Eger olar aýnanyň güýjünden peýdalanýan bolsalar, onda öz-özlerinden sorardylar: «Bu işde many barmy?» Ýöne olar içki akyllaryna bil baglaman, köplenç, köpçüligiň yzy bilen gidenlerini gowy görýärler. Olar hemmeler ýaly hereket edýär, öz-özlerine sorag bermegiň ýerine, razylaşanlaryny dogry hasaplaýarlar. Olar diňe kämahal özlerine aýdylýan zatlary pikirlenmän gaýtalaýarlar. Meselem: «Bir zada pul goýmaly», «Öý — bu iň gowy maýa goýumy», «Bergiň näçe köp bolsa, şonça-da salgyt az», «Durnukly iş tapynmaly, ýalňyşlyk goýbermeli däl, töwekgellik etmeli däl» we şuňa meňzeşler.
«Adamlaryň aglabasy üçin köpçüligiň öňünde çykyş etmek ölümdenem gorkunç» diýýärler. Munuň hakykat bolmagy ahmal. Psihologlaryň aýtmagyna görä, adamlar märekeden saýlanmakdan gorkýar. Dili duzlularyň, tankytçylaryň diline düşüp, ýaňsa alynmakdan heder edýärler. Şonuň üçinem gorky adamlaryň köpüsine etjek işlerini etdirenok.
Hut şu sebäpli sowatly kakam ýaponlaryň aýnanyň güýjüni ähli zatdan ýokary goýandyklaryny aýdýar. Adam diňe aýna seredip, hakykaty görüp bilýär. Gorky adamlara: «Gowusy, töwekgellik etmeli däl» diýmäge mejbur edýän esasy zatlaryň biridir. Bu söz islendik ýerde ulanylýar: sportda, adam aragatnaşygynda, wezipede, pulda.
Hut şol gorky hem adamlary köpçülikden çykmazlyga mejbur edip, hemmeler tarapyndan kabul edilen garaýyşdyr niýetleri şübhe astynda goýmajak bolýar: «Öýüňiz — bu siziň aktiwiňiz», «Bankdan karzyna pul alyň-da, bergileriňizi üzüň», «Erjellik bilen işläň», «Esasy zat — işiňde ýokary çekilmek», «Men haçanam bolsa bir wagt wise-prezident bolaryn», «Köpräk pul toplamaly», «Aýlygym köpelenden soň, biz täze öý satyn alarys», «Şärikli pul gaznalary gaty howpsuz».
Uly maliýe meseleleriniň köpüsi adamlaryň öňünde ýüzügara bolmazlyk gorkusy netijesinde ýüze çykýar. Şonuň üçinem aram-aram wagt tapyp, içki aýnamyza garamalydyrys hem-de gorkymyza däl-de, ýüregimiziň sesine ynanmagy başarmalydyrys.
On alty ýaşymyzda, mekdepde okaýarkak Maýk ikimizde bir mesele ýüze çykdy. Biz ýaramaz oglanlar däldik. Biz ýöne köpçülikden saýlanyp ugradyk. Mekdepden soň hemem dynç günleri biz Maýkyň kakasynyňkyda işleýärdik. Işden soň ol öz bank işgärleri, hukukçylary, buhgalterleri, dellallary, maýa goýujylary, iş dolandyryjylary hemem gullukçylary bilen duşuşan wagty biz onuň bilen bir stoluň başynda ep-esli sagatlap oturardyk. On üç ýaşynda okuwyny taşlan bu adam indi sowatly adamlara buýruk berýärdi. Olar oňa sessiz-üýnsüz boýun bolýardy hemem ol närazy bolan wagty kibitlerini gysyp durardylar.
Bu adam köpçüligiň pikiriniň tersine hereket ederdi. Ol özbaşdak pikirlenmäni gowy görüp, «Biz muny şeýtmeli, sebäbi hemmeler şeýle edýär» diýen ýörelgäni ýigrenerdi. Mundan başga, ol «oňaramok» sözünem halamazdy. Eger onuň bir zady ederini isleýän bolsaň, şeýle diýmek ýeterlikdi: «Bu size başardarmyka?!».
Maýk ikimiz onuň ýygnaklarynda mekdepde we kollejde okanlarymyzdan has köp zatlary bildik. Maýkyň kakasynyň adaty bilimi ýokdy, ýöne ol maliýe bilimlerini ele alan adamdy, şonuň üçinem has öňe gitmegi başardy.
Ol bize köp gezek şeýle diýdi: «Akylly adam işgär alanda, özünden akylly adamlary saýlap alýar». Şol adamlaryň gürrüňçiliginde bolmak hemem olaryň elinde okamak Maýk ikimiz üçin çakdanaşa haýyrlydy.
Ýöne şu zatlar sebäpli biz mugallymlaryň adaty berýän maslahatlaryny kabul edip bilemzokdyk. Haçan-da, mugallym: «Eger siz mekdepde gowy bahalar almasaňyz, onda durmuşda hiç zat gazanmarsyňyz» diýende, Maýk ikimiz kinaýaly ýagdaýda gaşymyzy galdyrýardyk. Haçan-da, bize bellenilen tertip-düzgün boýunça gitmelidigi hemem düzgüni bozmaly däldigini aýdanlarynda, biz mekdebiň adamynyň döredijilik başlangyjyny ýok edýändigini duýýardyk. Indi biz baý kakamyň: «Mekdep gowy iş berijileri däl-de, gowy işgärleri taýýarlaýar» diýen sözlerine düşünýärdik. Käwagtlar biz mugallymlara: «Şu aýdýan zatlaryňyzy durmuşda nädip ulanmaly ýa-da näme üçin okuwda pul we onuň dolanyşygy barada hiç zat aýdanoklar?» diýip sorag berýärdik. Ikinji soraga, köplenç, olar şeýle jogap berýärdi: «Puluň hiç hili ähmiýeti ýok, eger sapakda gowy okasaňyz, galan zatlaryň bary ýerbe-ýer bolar». Puluň güýji barada näçe köp bildigimizçe, biz öz deň-duşlarymyzdan, mugallymlarymyzdan daşlaşýardyk.
Sowatly kakam bahalarym üçin hiç wagt maňa käýinmeýärdi, ýöne basym biz pul barada jedelleşip ugradyk. On alty ýaşym dolanda, men eýýäm pul babatda ene-atamdan gaty köp bilýärdim. Buhgalter kitabyny ýöretmegi, salgyt gullugyndan gelen buhgalterler, dürli kärhanalaryň aklawçylary, bank gullukçylary, gozgalmaýan emläkleriň satyjylary, maýa goýujylar bilen gürleşmegi hem-de başga-da köp zatlary etmegi başarýardym. Meniň kakam bolsa diňe mugallymlar bilen gürleşýärdi.
Baý kakam:
Bir gezek kakam maňa öýümiziň iň gowy maýa goýumdygyny aýtdy. Men onuň gowy goýum däldigini düşündirip ugramda, biz erbet tersleşdik.
Ýokarky çyzgyda baý kakam bilen garyp kakamyň öz öýlerine bolan garaýşynyň aratapawudy görkezilýär. Olaryň biri öýüni aktiw hasaplaýan bolsa, beýlekisi passiw hasaplaýar.
Bir gezek pul akymynyň haýsy tarapa hereket edýändigini kakama düşündirmek üçin bir çyzgy çyzanym ýadyma düşýär.
Girdejiler barada hasabat
Mundan başga, men öýüň başga-da goşmaça çykdajylarynyň bardygyny görkezdim. Öýüň näçe köp bolsa, ony saklamak üçin şonça-da çykdajyň köpelýär, pul akymy çykdajylar sütüninden çykýar.
Öýüň aktiw däldigini aýdanymda, köp adam meniň bilen jedelleşip ugraýar. Munuň köpler üçin diňe bir ullakan maýa goýumy däl-de, ýetip bilmeýän arzuwydygyny men bilýärin. Mundan başga, hiç bir zadyň bolmandan, hususy öýüň bolany ýagşy. Men ýöne bu giňden ýaýran hemem köre-körlük bilen makullanylýan ýörelge barada öz pikirimi aýdýaryn.
Aýalym ikimiz gaty giň hemem zynatly öýüň aktiw däl-de, passiwdigini bilýäris, sebäbi bular ýaly maýa goýumlary jübiňdäki puluň ýele gitmegine getirýär.
Sözüm gury bolmaz ýaly delilnamalary getireýin. Men muny hemmeleriň kabul etjegin-ä bilemok, sebäbi «öý» sözi gaty köp duýgularyňy oýarýar, ýöne haçan-da, gep pul barada gidende, düzgün bolşy ýaly, güýçli duýgular maliýe intellektiň (akyl ýetirişiň) derejesini peseldýär. Mundan başga-da, puluň islendik karary göçgünli ýagdaýda ýerine ýetirdip bilýändigini men öz tejribämde gördüm.
1. Haçan-da, biz jaý barada gürrüň edenimizde, aýratyn belläp geçýärin, adamlaryň köpüsi özlerine degişli bolmadyk öýüň bahasyny tölemek üçin tutuş ömürlerini işläp geçirýärler. Başga söz bilen aýdanymda, adamlaryň aglabasy her birnäçe ýyldan täze jaý satyn alýarlar hemem öňki bergilerini üzmek üçin her gezek bankdan otuz ýyllyk täze ipoteka karzyny alýarlar.
2. Hatda ipotekanyň göterimi alynýan salgydyň pulundan az bolan ýagdaýynda-da, galan çykdajylary adamlar öz girdejilerinden töleýär, hatda ipoteka karzyny üzensoňlaram.
3. Jaýdan alynýan salgydyň mukdary aýda müň dollara ýetende, aýalymyň ene-atasynyň depe saçy bir ýere üýşdi. Bu ýokary galyşlyk olar pensiýa çykandan soň boldy, şonuň üçinem olaryň alýan pensiýasyna laýyk gelmän, jaýlaryny çalyşmaly boldular.
4. Jaýlaryň bahasy hemişe galanok. Meniň bir dostum jaýyny million dollara satyn alanam bolsa, häzir onuň bahasy ep-esli arzanlady.
5. Iň uly ýitgi sypdyrylan mümkinçilik hasaplanýar. Eger siz bar puluňyzy öýüňizde goýan bolsaňyz, ähtimal, siz gaty köp işlemeli bolarsyňyz, sebäbi puluňyz aktiwiň sütünini ulaltmagyň ýerine, elmydama çykdajylaryň sütünine gidýär. Pul akymynyň bular ýaly çyzgysy ortaça ýaşaýan adamlara mahsusdyr. Eger ýaş çatynjalar ilkibaşdan aktiwler sütünine pul üýşüren bolsalar, ahyrky netijede olara ýaşamak aňsat düşerdi. Olaryň aktiwleri ulalyp, çykdajylarynyň bir bölegini ýapmaga kömek ederdi. Ýöne adamlar gün-günden ulalýan bergilerini ýapmak üçin, köplenç halatda, jaýlaryny girewine goýup, bankdan pul alýarlar. Netijede, olar pullaryny işletmän, gymmat bahaly jaý satyn alýarlar, bu bolsa azyndan üç sany ýaramaz hadysanyň ýüze çykmagyna getirýär:
1. Wagt ýitgisine — olaryň beýleki aktiwleriniň bahasynyň ýokary galmagy gaty ähtimal.
2. Goşmaça pul ýitgisine — olar gymmat bahaly öý satyn almadyk bolsalar, gelýän girdejilerini başga usul boýunça ulanyp bilerdiler.
3. Bilim ýitgisine — adamlar gaty köp ýagdaýlarda öýlerini öz tygşytlan pullary hasaplaýar. Goýmaga pullary bolmansoň, olar maýa goýmaklyk bilen meşgullanmaýarlar, ýagny özlerini maýa goýmak tejribesinden mahrum edýärler. Şonuň üçinem adamlaryň köpüsinden hiç wagt tejribeli goýumçylar çykanok. Gowy maýa goýumlaryny bolsa, adatça, tejribeli maýa goýumçylara hödürleýärler.
Men adamlary jaý satyn almak pikirinden dändermekçi bolamok. Men ýöne aktiw bilen passiwiň aratapawudyny düşündirmekçi bolýaryn. Meniň özüm ullakan öý satyn almakçy bolsam, ilki bilen, şol jaýyň puluny ýeterlik derejede töläp biljek aktiw satyn alýaryn.
Meniň sowatly kakamyň maliýe hasabaty alaka aýlawyna düşen adamlar üçin mysal bolup biler. Onuň girdejileri zordan çykdajylaryny ýapýar, şonuň üçinem onuň aktiw edinmäge puly ýok. Netijede, onuň passiwleri aktiwlerinden agdyklyk edýär.
Aşakdaky çyzgy garyp kakamyň girdejilerini görkezýär. Çyzgyda onuň girdejileri bilen çykdajylarynyň deňdigini, passiwleriniň bolsa aktiwlerinden kändigini görmek bolýar.
Garyp kakamyň maliýe hasabaty
Bu bolsa baý kakamyň maliýe hasabaty. Bärde bu iş bilen meşgullanan adamlaryň durmuşda nämeler gazanyp biljekdigi görkezilýär.
Baý kakamyň maliýe hasabaty
NÄME ÜÇIN BAÝLAR GITDIGIÇE BAÝAMAK BILEN BOLÝAR?
Baý kakamyň maliýe hasabaty — baýlaryň näme üçin baýaýandygyny görkezýär. Sütündäki aktiwler çykdajylary ýapardan gaty köp pul getirýär, galan pullara bolsa olar ýene aktiw satyn alýarlar. Sütündäki aktiwler köpelýär, şonuň bilen bilelikde girdejilerem köpelýär. Netijede, baýlar gitdigiçe baýamak bilen bolýar.
NÄME ÜÇIN ORTAÇA ÝAŞAÝAN ADAMLAR PULDAN KÖSENÝÄR?
Orta synpyň wekilleri elmydama maliýe kynçylyklary bilen göreşmeli bolýar. Olaryň esasy girdejisi — aýlyklary. Ýöne, haçan-da, olaryň aýlygy galanda, salgydam köpelýär. Şonuň üçinem olaryň çykdajylary aýlyklarynyň köpelişine görä ulalýar. Şu ýerde-de «alaka aýlawy» ýüze çykýar. Bu adamlar pullaryna girdeji getirýän aktiw satyn alman, özleriniň esasy aktiwlerini öýleri hasaplaýarlar hem-de bar pullaryny şoňa harçlaýarlar.
Girdejiler barada hasabat
Öz öýüňi peýdaly maýa goýumy hasaplamak, aýlygyň galmagyny bolsa uly öý satyn almaga ýa-da köpräk pul sowmaga ýeterlikli esas hasaplamak filosofiýasy häzirki jemgyýeti bergide ýaşamaga werdiş etdi. Çykdajylaryň elmydama ulalyp durmagy maşgalalara täze-täze karzlary almaga mejbur edýär. Iş ýerlerinde ýokary çekilip, aýlyklary artdyrylýanam bolsa, olaryň maliýe ýagdaýlary gitdigiçe agyrlaşýar. Bular ýaly durmuşda ýaşamak gaty töwekgelli iş, oňa sebäp bolýan zat bolsa — maliýe biliminiň ýetmezçiligidir.
Soňky ýyllarda adamlaryň köpçülikleýin işden çykarylmagy orta synpyň wekilleriniň maliýe ýagdaýynyň gaty durnuksyzdygyny ýüze çykardy. Kärhanalaryň pensiýa meýilnamalary döwlet meýilnamalary bilen çalşyldy 401(k). Ähtimal, sosial gorag maksatnamasynyň ýagdaýy hem öwerlikli däl bolsa gerek, şonuň üçinem oňa bil baglajak bolmaň. Şu sebäpli hem orta synpyň wekillerini howsala gurşap aldy.
Häzir iň giňden ýaýran maliýe guramalary şärikli gaznalar bolup, hamala, olar goýumyň ygtybarlylygyna kepil geçip bilýärmiş. Bu gaznanyň sadaja paýçylary salgyt we ipotekanyň puluny bermek, kollejde okaýan çagalarynyň toplanan puluny tölemek hemem karz kartlarynyň bergilerini ýapmak üçin gije-gündiz işleýärler. Olaryň bu ugurda okamaga wagtlary ýok, şonuň üçinem şärikli gaznanyň ýolbaşçylarynyň tejribelerine bil baglaýarlar.
Mundan başga şärikli gaznalaryň dürli pudaklara pul goýýanlygy üçin, olar öz goýumlary ýitmez öýdýärler. Bu orta synpyň bilimli wekilleri şärikli gaznalaryň öňe çykaran dellallaryna hemem maliýe maslahatynyň ýörelgelerine ynanýarlar — «dogry hereket ediň; töwekgellik etmekden gaçyň».
Ýöne esasy howp-hatar nämede diýseňizläň, orta synpyň sadaja wekillerinde başlangyç maliýe biliminiň bolmazlygy, olary ullakan töwekgellige sezewar edýär. Olar hökmany suratda hereket etmäge mejbur bolýarlar, sebäbi olaryň maliýe ýagdaýy gaty durnuksyz ýagdaýda. Olaryň balans hasabaty deň gelenok, bir topar passiwi bolup, girdeji getirip biläýjek ibaly aktiwleri ýok. Kada boýunça olaryň ýeke-täk girdejileri aýlyklary, şonuň üçinem olaryň durmuşy tutuşlygyna iş berijisine bagly. Olar bar güýçlerini işe berip, gysyp-gowrup barýan bergidir salgydyň derdinden nätjeklerini bilenoklar.
Ine, şonuň üçinem olar bütin ömürlerine garaşan işleri öňünden çykaýan ýagdaýynda-da, oňa barmak üçin fiziki güýç tapanoklar.
Eýýäm şu babyň başynda aýdyşym ýaly, bärde esasy zat — aktiw bilen passiwiň aratapawudyna düşünmek. Ony öwrenen badyňyza bolsa, girdeji alar ýaly bar güýjüňizi aktiw satyn almaga gönükdiriň. Bu baýlyk toplamak üçin iň oňat ilkinji ädim bolup, siziň aktiwler sütüniňizi gitdigiçe ulaldar.
Aktiwler sütünine has köp pul barar ýaly, passiwleriň hemem çykdajylaryň ulalmagynyň öňüni alyň. Basym aktiwlerden gelýän girdejileriňiz ulalyp, ýetjek derejesine ýeter welin, siz özüňize has girdeji getirýän goýumlary edinmäge mümkinçilik alarsyňyz (alyp satmaga). Bu size ýüz göterim, hatda ondanam köp girdeji getirer, siziň goýan bäş müň dollaryňyz şobada millionlara, ondanam köp pula öwrüler.
Ortaça synpyň wekilleri bular ýaly maýa goýumlaryny «gaty töwekgelli iş» hasaplaýar, ýöne maliýe taýdan sowatly adam üçin bu goýum töwekgelli däldir.
Eger siz hemmeleriň edýän zadyny etmekçi bolsaňyz, onda aşakdaky çyzga eýe bolarsyňyz:
Girdejiler barada hasabat
Eger siz hakynatutma işçi bolup, hususy jaýyňyzam bar bolsa, onda siziň zähmetiňizi, adatça, aşakdaky toparlara bölmek bolar:
1. Kärhana işlemek. Hakynatutma işgärler öz hojaýynlarynyň kärhanasyny ýa-da paýdarlar jemgyýetini baý edýärler. Siziň tagallaňyz hemem üstünlikleriňiz hojaýynyňyzyň üstünliklerine hem-de pajarlap ösmegine ýardam berýär.
2. Döwlete işlemek. Döwlet öz paýyny entek siz aýlygyňyzy eliňize almankaňyz alýar. Köp işlemek bilen, siz döwlete tölemeli salgydyňyzy artdyrýaňyz. Ýanwardan maý aýyna çenli adamlaryň aglabasy döwlet üçin işleýär.
3. Banka işlemek. Salgytdan soň siziň iň köp çykdajylaryňyz ipoteka karzyny hemem karz kartlaryňyzy ýapmaga gider.
Mesele nämede diýseňizläň, siz näçe köp işledigiňizçe, iş hakyňyzyň köp bölegi şu ugurlar boýunça ýitirim bolar. Şonuň üçinem siz özüňize hemem maşgalaňyza haýyr getirer ýaly goşmaça tagallalar etmeli bolarsyňyz.
Haçan-da, özüňize peýda beräýjek bir iş etmekçi bolanyňyzda, ünsüňizi aýlygyňyzyň ulalmagyna däl-de, aktiw edinmäge gönükdiriň. Şu ugurda adamlar öz öňünde nähili maksatlar goýýar? Köp ýagdaýlarda adamlar işlemegini dowam edýär, aýlyklaryna bolsa ýuwaş-ýuwaşdan aktiw satyn alýarlar.
Haçan-da, aktiwler ulalyp ugranda, olaryň üstünligini haýsy derejede kesgitläp bolar? Adam özüniň baýdygyna haçan düşüner?
Dogrymy aýtsam, men muny Bakminster Fuller diýen adamdan öwrendim. Käbirleri ony kezzap hasaplaýan bolsa, käbirleri uçursyz zehinli hasaplaýar. Köp ýyl mundan ozal, ol «geodeziýa gümmezini» döredendigini yglan edende, tutuş binagärçilik jemgyýeti howsala düşdi. Fuller öz beýannamasynda baýlyk baradaky düşünjä kesgitleme beripdir. Ilki, göräýmäge, ol gaty geň görünýänem bolsa, pikirleneniňden soň, onda çuň manynyň bardygyna düşünýärsiň: «Baýlyk — bu adamynyň haýsydyr bir wagt işlemezden ýaşamaga bolan ukybydyr, ýagny men şu gün işlemämi bes etsem, ýene-de näçe wagt ýaşap bilerin?». Munuň kömegi bilen maliýe garaşsyzlygynyň haýsy derejededigini bilip bolar.
Baýlyk — bu passiwler sütüni bilen deňeşdireniňde, aktiwler sütüninde döreýän pul akymynyň möçberidir. Geliň, muňa mysallar arkaly seredeliň. Meselem, meniň aktiwler sütünime her aýda müň dollar girdeji girýär diýeliň. Çykdajylarym bolsa iki müň dollardan ybarat. Fulleriň kesgitlemesi bilen garanyňda, men ýene näçe gün işlemän ýaşap bilerin? Eger bir aýy otuz gün hasaplasak, meniň pul akymym ýarym aýa ýeter.
Haçan-da, meniň aktiwlerden gelýän pul akymym aýda iki müň dollara ýetende, men özümi oňaryp ugraryn. Başgaça aýdylanda, meniň mese-mälim görnüp duran zadym bolmasa-da, aktiwlerden gelýän girdejilerim bir aýlyk çykdajylarymy aňryýany bilen ýapar. Eger men çykdajylarymy köpeltmek islesem, onda baýlygymyň derejesini saklamak üçin, ilki bilen, pul akymymam ulaltmaly bolaryn hem-de şu gün işlemämi bes eden ýagdaýymda-da, meniň pul akymym ähli çykdajylarymy ýapar.
Meniň indiki maksadym — aktiwler sütünimi ulaldar ýaly, aktiwlerden gelýän pul akymyndan köpräk pul almak. Meniň aktiwlerim näçe köpeldigiçe, pul akymym hem şonça ulalar. Meniň çykdajylarym aktiwlerden gelýän pul akymyndan näçe kiçi boldugyça, men fiziki zähmet çekmezden, şonça-da baýaryn.
Bu işi şunuň ýaly dowam etmek bilen, men baýlygymy gün-günden artdyraryn. Ýöne aşakdaky ýönekeýje zatlary hiç wagt ýadyňyzdan çykarmaň:
. Baýlar diňe aktiwleri satyn alýar.
. Garyplaryň diňe çykdajylary bar.
. Ortaça ýaşaýan adamlar aktiwdir öýdüp, passiwleri satyn alýarlar.
Şeýlelikde, men özüme peýda gitirer ýaly nämeden başlamaly? Bu soraga kim jogap berer? Geliň, gowusy, indiki bölümde «McDonalds» kompaniýasynyň aýtjak sözlerini diňläliň.
ÜÇÜNJI BAP
ÜÇÜNJI SAPAK. ÖZ HUSUSY IŞIŇIZ BILEN MEŞGULLANYŇ
Baýlar ünsüni aktiwler sütünine gönükdirýän bolsa, beýleki adamlary diňe girdejiler sütüni gyzyklandyrýar.
1974-nji ýylda «McDonalds» kompaniýasynyň düýbüni tutan Reý Krokdan Tehasda ýerleşýän Ostin uniwersitetiniň iş dolandyryjylyk fakultetiniň okuwçylarynyň öňünde çykyş etmegi haýyş edýärler. Bu okuwçylaryň arasynda meniň bir ýakyn dostum bardy. Gyzykly çykyşdan soň arakesme yglan edilýär hem-de okuwçylar Reýden özleriniň gowy görýän garbanyşhanalaryna gidip, bir bulgur arpa suwuny içmegi haýyş edýärler. Reý mylakatlylyk bilen çakylygy kabul edýär.
Her kim eline bulguryny alandan soň, Reý:
— Meniň nähili iş bilen meşgullanýanymy bilýäňizmi? — diýip soraýar.
«Hemmeler gülüşdi — diýip, meniň dostum ýatlaýar. — Sebäbi adamlaryň bary diýen ýaly ol oýun edýändir öýtdi».
Hiç kim jogap bermänsoň, Reý ýene soragyny gaýtalaýar:
— Aýtsaňyzlaň, siziň pikiriňizçe, men näme bilen meşgullanýaryn?
Okuwçylar ýene gülüşýär hem-de ahyrsoňy olaryň biri batyrgaýlyk bilen:
— Reý, siziň gamburger öndürýänligiňizi tutuş dünýä bilýär ahyryn — diýýär.
Reý kinaýaly gülümsireýär.
— Men, takmynan, şunuň ýaly jogaba-da garaşýardym. — Ol birsalym dymyp durandan soň, şeýle diýdi: — Hanymlar we jenaplar, men gamburgerler bilen meşgullanamok. Meniň işim — gozgalmaýan emläkler.
Dostumyň aýdyşy boýunça, Reýe öz nukdaýnazaryny düşündirmek üçin gaty kän wagt gerek bolupdyr. Onuň işiniň resmi maksady françaýzing bolupdyr — «McDonalds» restoranlarynyň ady bilen satma we satyn alma hukugyny ulanmak — hakykatda bolsa, ony her bir franşiza ( Öňden bellenen düzgünler esasynda we belli bir tölegi töläp, ady belli söwda markalaryny hem-de nyşanlaryny ulanmaklyk hukugy.) kärhanasynyň ýeri gyzyklandyrypdyr. Ol her bir françaýzing şertnamasynyň üstünlikli bolmagy ýeriň nirede ýerleşýändigine hemem ölçegine bagly diýip hasaplapdyr. Näme diýseňizläň, şol franşizany satyn alýan restorator onuň bahasyny töleýänem bolsa, ol Reý Krokanyň guramasynyň emlägine öwrülipdir.
Häzir «McDonalds» dünýä boýunça gozgalmaýan emläkleriň iň uly eýesi hasaplanýar, ol, hatda katoliki ybadathanadanam öňe geçipdir. Kompaniýa Amerikada hemem tutuş Ýer ýüzünde iň gymmatly ýol hemem köçe çatryklaryna eýedir.
Meniň dostum şol gün durmuşyň iň möhüm sapaklarynyň birini alandygyny aýtdy. Häzir ol gaty köp awtoýuwalgalaryň eýesidir, ýöne onuň esasy maksady — şol ulag ýuwulýan ýerleriň eýesi bolmakdyr.
Geçenki çyzgyda adamlaryň köp ýagdaýlarda, özünden başga, kime-de bolsa birine işleýändigi görkezildi: birinji nobatda, kärhanalaryň hojaýynlaryna, soňra döwlete (salgyt tölemeli bolýarlar), ahyrynda bolsa banka işleýärler (adamlar öz öýlerini banka girewine goýup, ipoteka karzyny alýarlar).
Kiçijikkäm biziň etrabymyzyň hiç bir ýerinde «McDonalds» ýokdy. Ýöne meniň baý kakam Maýk ikimize Reý Krokanyň şol Tehas uniwersitetiniň okuwçysyna beren sapagyny bermegi başarypdy. Bu baýlaryň üçünji syry bolup, gaty ýönekeýdir: «Öz hususy işiňiz bilen meşgullanyň».
Maliýe kynçylyklary, köplenç, adamlaryň bütin ömrüne kimdir birine işleýänligi sebäpli ýüze çykýar hem-de pensiýa çykanlaryndan soň, adamlaryň köpüsiniň hiç zady galmaýar.
Häzirki zamanyň bilim ulgamy ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup, gowy işlerde işlemegine gönükdirilendir. Eýýäm belläp geçişim ýaly, olaryň durmuşy alýan aýlyklarynyň ýa-da girdejiler sütüniniň daşynda aýlanar.
Olaryň köpüsi geljekde inžener, alym, aşpez, polisiýa işgäri, suratkeş, ýazyjy we ş.m. bolmak üçin okuwyny dowam ederler. Bu hünärdäki adamlar ýurduň işçi güýjüniň bir bölegine öwrülip, pul üçin işlemeli bolarlar.
Ýöne siziň hünäriňiz bilen hususy işiňiz — düýbünden başga-başga zatlardyr. Men, köplenç, adamlardan: «Siz haýsy iş bilen meşgullanýaňyz?» diýip soraýaryn, olar bolsa: «Men bankçy» diýip jogap berýärler. Men olardan: «Siziň hususy bankyňyz barmy?» diýip soraýaryn. Olar bolsa, adatça, şeýle diýýärler: «Ýok, men ýöne bankda işleýärin». Şunuň ýaly halatda adamlar öz hünärlerini hususy işleri bilen çalyşýarlar. Bank işi olaryň hünäri bolup biler, ýöne olary diňe öz hususy işleri baýlyga elter.
Bilim meselesinde ýetmezçilik nämede diýseňizläň, adamlar, köplenç, okaýan zatlary bilen meşgullanyp ugraýarlar. Ýagny eger siz nahar bişirmeklik hünärini öwrenýän bolsaňyz — aşpeze, hukugy öwrenýän bolsaňyz — aklawça, lukmançylygy öwrenýän bolsaňyz — lukmana öwrülersiňiz. Gynansagam, köplenç halatlarda, işde dereje almak höwesi adamlary hususy işleri bilen meşgullanmagy ýatdan çykarmaga mejbur edýär (bu ilkinji nobatda bolmaly). Olar bütin ömürlerini kimdir birine degişli bolan telekeçilik bilen meşgullanyp, ol adamyny baý edýärler.
Maliýe howpsuzlygyna ýetmek üçin adam bar ünsüni öz hususy işine gönükdirmelidir. Biz bar ünsümizi girdejiler sütünine däl-de, aktiwler sütünine bermelidiris. Eýýäm aýdyşym ýaly, birinji düzgün — aktiwler bilen passiwleriň aratapawudyny bilmeli hemem diňe aktiwleri edinmeli. Beýleki adamlary girdejiler sütüni gyzyklandyrýan bolsa, baýlar bar ünslerini diňe aktiwler sütünine berýärler.
Ine, şonuň üçinem biziň, köplenç, eşidýän sözlerimiz şulardan ybarat: «Men öz aýlyk hakymyň galdyrylaryny isleýärin», «Men işimde hökman bir basgançak ýokary galmaly!», «Men gowy iş almak üçin şu ugurdan okajak», «Men iş wagtymdan daşary işlejek» ýa-da «Belki, men ikinji bir işde işlemelidirin?».
Belli bir ýagdaýlarda, bu pikirleriň örän göwnejaý bolup görünmegi mümkin. Şeýle-de bolsa, bu sizi hususy işiňiz bilen meşgullanmaga höwes döretmez. Bu pikirleriň bary girdejiler sütünine gönükdirilendir hem-de ol diňe bir ýagdaýda — goşmaça alýan pullaryňyza aktiw satyn alan ýagdaýyňyzda, maliýe howpsuzlygyňyzy pugtalandyrmaga kömek edip biler.
Garyp we orta synpyň wekilleriniň aglabasynyň «Men bu işde töwekgellik edip bilmerin» diýmekleriniň esasy sebäpleriniň biri — olarda berk maliýe binýadynyň ýoklugydyr. Olar mejbury ýagdaýda işlerine ýapyşyp, töwekgelli ýagdaýlardan gaçýarlar.
Haçan-da, iş ýerleriniň kemeldilmegi giň gerime eýe bolanda, millionlarça adam aktiw hasaplan ullakan öýleriniň özlerini gabyra bakan alyp barýandygyna göz ýetirdi. Gün-günden olaryň «aktiwi» özlerine gymmat düşüp ugrady. Olaryň «aktiw» hasaplaýan ulaglarynyň ýagdaýy hem şonuň ýalydyr. Ammarlarynda tozan basyp ýatan, birwagtlar müňlerçe dollar berip satyn alan golf taýaklaryna-da indi hiç kim onça pul bermez. Bu adamlaryň durnukly işleri bolmasa, söýenere zatlary ýokdur. Olaryň aktiw hasaplan zatlary pul ýetmezçiligi döwründe janlaryny saklamaga kömek etmez.
Meniň pikirimçe, siziň köpiňiz bankdan karzyna pul almak üçin (jaý ýa-da ulag satyn alanyňyzda) onuň resmi kagyzlaryny dolduryp gören bolsaňyz gerek. Onuň «Hususy emläk» bölümine adamlaryň näme ýazýandygy gyzykly bolsa gerek, sebäbi olaryň aktiw hasaplaýan zatlaryny hut şol ýerden görmek bolýar.
Günlerde bir gün men bankdan karzyna pul almaly boldum hem-de, göwnüme bolmasa, maliýe ýagdaýym ýeterlik derejede ynandyryjy däl ýaly göründi. Şonda men aktiwler sütünime öz täze golf taýaklarymy, sungat eserlerimi, kitaplarymy, öý tehnikalarymy, «Armani» penjegimi, el sagadymy, köwüşlerimi we ulanýan beýleki zatlarymy goşdum.
Meniň arzamy kabul etmediler, sebäbi men gozgalmaýan emläklere gaty köp pul goýupdyryn. Meniň esasy girdejimiň kärendeden gelýänligi karz bölüminiň hünärmenine ýaramady. Näme üçin meniň kadaly işimiň hemem aýlygymyň ýokdugyny olaryň bilesi geldi. Penjeklerim, golf taýaklarym we beýleki zatlarym olarda hiç hili höwes döretmedi.
Hemmeler ýaly bolup ýaşamasaň, durmuş käwagt özüniň ajydygyny bildirýär.
Haçan-da, kimdir biri: «Meniň million dollarlyk, ýa-da ýüz müň, ýa-da şonçarak emlägim bar» diýýär welin, meniň inim dyglap gidýär. Hususy emlägiňiziň görkezijisiniň maliýe ýagdaýyňyzyň hakyky ýüzüni görkezip bilmeýänliginiň esasy sebäpleriniň biri — haçan-da, siz öz aktiwleriňizi satyp ugraňyzda, girdejileriňiziň ujundan döwlete salgyt töläp ugrarsyňyz.
Ine, şu sebäpli hem girdejileriniň azalmagy adamlary, köplenç, maliýe çukuryna tarap itekleýär. Olar nagt pul tapmak üçin öz aktiwlerini satyp ugraýarlar. Ýöne emlägiňi, köplenç, onuň balans hasabatyna ýazylan bahasynyň bir bölegine satyp bolýar. Ýöne eger ol satlyk mahaly peýda getiräýse hem, onda olar girdejilerinden ep-esli salgyt tölemeli bolarlar. Döwlet hökman ondan öz paýyny alyp galar hemem bergilerini hasaplaşmak üçin olaryň ulanmaga teklip eden pulunyň mukdaryny azaldar. Ine, şonuň üçinem men adamlara ýadaman, ýaltanman şeýle diýýärin: «Siziň hususy emlägiňiziň ululygy, köplenç, siziň pikir edişiňizden gaty kiçidir».
Haýyş edýärin, öz hususy işiňize başlaň! Esasy işiňizi taşlamaň-da, aktiwleri satyn alyp ugraň. Passiwleri ýa-da öýüňize getiren badyňyza bahasy gaçjak zatlary satyn almaň.
Awtosalondan çykan badyna, täzeje ulag öz bahasynyň 25% ýitirýär. Bank başga pikirde bolan ýagdaýynda-da, ony hakyky aktiw hasaplap bolmaz. Men dört ýüz dollara satyn alan golf taýagymy meýdança äkidip ilkinji urgyny eden badyma, onuň bahasy ýüz elli dollara düşdi.
Çykdajylaryňyzy iň soňky derejesine çenli azaldyň, passiwleriňiziň sanyny kemeldiň hemem aktiwler sütüniniň binýadyny berkden tutuň, ýagny ygtybarly aktiwleri ediniň. Eger çagalaryňyz entek kiçi bolup, siziň bilen ýaşaýan bolsa, olara aktiw bilen passiwiň aratapawudyny saýgarmagy öwrediň. Olar heniz öýüňizden çykyp gitmänkä, aktiwler sütüniniň gurluşygyna başlamaga mejbur ediň, sebäbi bärden gidensoňlar öýlenerler, jaý satyn alarlar, çagalary bolar, onsoň işlerini sypdyrmajak bolup hemem ähli zady karzyna alyp, bu howply zamanada karz-kowala çümüp galarlar. Men öýlenip bu durmuşyň duzagyna özlerini iterýän gaty köp ýaşlary tanaýaryn, olaryň köpüsi ömürleriniň ahyryna çenli bergiden çykyp bilenoklar.
Iň soňky çagalary öýünden çykyp gidensoň, köplenç, ene-atalar pensiýa ýaşyna gowy taýynlyk görmändiklerine düşünip galýarlar hemem biraz pul ýygnamak üçin bar zatlaryny tygşytlap ugraýarlar. Ýöne soňra olaryň öz ene-atasy ýaraman ugraýar hemem olaryň gerdenine täze borçnama ýüklenýär.
Şeýlelikde, men size hemem çagalaryňyza nähili aktiwleri teklip etsemkäm? Meniň dünýämde hakyky aktiwler birnäçe topara bölünýär:
1. Telekeçilik. O taýda meniň bolmagym hökman däl. Ol iş maňa degişli, ýöne ony başga adamlar dolandyrýar. Eger men o taýda mejbury ýagdaýda işlemeli bolsam, bu eýýäm telekeçilik bolanok. Ol meniň işime öwrülýär.
2. Aksiýalar.
3. Obligasiýalar.
4. Ikitaraplaýyn gaznalar.
5.Girdeji getirýän gozgalmaýan emläkler.
6. Bergidarlyk dil hatlary we töleg hatlary.
7. Gonorarlar.
8. Gymmaty bolan islendik hususy zadyňyz. Ol girdeji getirýär ýa-da wagtyň geçmegi bilen bahasy galýar hemem ony aňsatlyk bilen satyp bolýar.
Kiçijikkäm sowatly kakam durnukly iş tapynmagymy aýdardy. Ondan tapawutlylykda, baý kakam aktiwleri edinmekligi maslahat berip, onuňam diňe öz göwnüme ýaraýanyny almagy aýdardy: «Eger sen öz aktiwleriňi gowy görmeseň, onda olar barada alada etmersiň». Meniň gozgalmaýan emläkleri satyn alýandygymyň sebäbi — maňa jaýlar hemem onuň ýerleri örän ýaraýar. Men olary gözlemegi hemem saýlamagy şeýlebir gowy görýärin hem-de bu işe tutuş günümi bagyşlaýaryn. Öňümden çykan islendik mesele meniň gozgalmaýan emläklere bolan söýgimi peseldip bilmez. Şonuň üçinem eger gozgalmaýan emläkleri halamaýan bolsaňyz, onda bu iş bilen meşgullanjak bolmaň.
Maňa kiçi, aýratynam, ýaňy başlan kompaniýalaryň aksiýalary ýaraýar, sebäbi meni korporatiw durgunlylygyndan peýdakeşlik erkinligi has özüne çekýär. Men ýaş wagtym «Standard Oil», ABŞ-nyň deňiz pyýada goşuny, «Xerox» ýaly uly guramalarda ýeterlik işledim. Men o taýda gaty gowy ýaşadym, şonuň üçinem şol döwürleri höwes bilen ýatlaýaryn. Ýöne ýüregimiň jümmüşinde uly kompaniýalaryň özüm üçin däldigini bilýärin. Men bir işi dolandyrandan, ony başlanymy gowy görýärin. Şonuň üçinem men, köplenç, kiçi kompaniýalaryň aksiýasyny satyn alýaryn, käwagtlar bolsa olary özüm döredip, bazara çykarýaryn. Aksiýalary ilkinji gezek ýaýradaňda gaty köp pul gazanyp bolýar, şonuň üçinem men bu oýny halaýaryn. Köp adam kapitallaşdyrylan kiçi kompaniýalara pul goýmakdan gorkýar. Bu, dogrudanam, töwekgelli iş. Ýöne siz nämä pul goýýandygyňyza hemem nämeleriň boljagyna düşünýän bolsaňyz, onda töwekgelligiň derejesi gaty pese gaçýar. Men kiçi kompaniýalar bilen iş salşanymda, olaryň aksiýalaryny bir ýyldan artyk saklamok. Ýöne gozgalmaýan emläkler bilen iş salşanymda, kiçi zatlardan başlaýaryn hem-de girdejilerimiň salgydyny yzyna süýşürmek maksady bilen, ýuwaş-ýuwaşdan olaryň arzanlaryny has gymmatyna çalyşýaryn. Bu gozgalmaýan emläkleriň bahasynyň ep-esli ýokary galmagyna getirýär. Düzgün boýunça, men gozgalmaýan emläkleri ýedi ýyldan artyk saklamok.
Deňiz pyýada goşunynda hemem «Xerox» kompaniýasynda işleýärkäm, men baý kakamyň beren maslahatyna uýdum: işimi taşlaman, daşyndan öz işim bilen meşgullandym. Men kiçi kompaniýalaryň gozgalmaýan emläklerini hemem aksiýalaryny satyp, işjeňlik bilen öz aktiwler sütünimi ulaltdym. Baý kakam: «Maliýe taýdan sowatly boluň!» — diýip, elmydama gaýtalardy. Men buhgalterçilik hasabatyna hemem maliýe meselesiniň inçeligine näçe gowy düşünsem, şonça-da inwestirlemä (bir zada pul goýmaklyga) gowy baha berýärdim hemem ahyrsoňy öz hususy kompaniýamy döretdim.
Örän güýçli islegiňiz bolmasa, hiç kime öz hususy kompaniýasyny döretmegi maslahat beremok. Özüm kompaniýany dolandyryp görenimden soň, olar ýaly takdyry hiç kime islämok. Käwagtlar adam iş tapman kösenýär, ine, şonda hususy kompaniýa oňa iň gowy çykalga ýaly bolup görünýär. Ýöne onuň üstünlige bolan mümkinçiligi gaty ujypsyzdyr. Kompaniýalaryň ondan dokuzysy bäş ýylyň içinde dargaýar. Bäş ýyldan aňry aşan kompaniýalaryň hem ondan dokuzysy ahyrsoňy tozýar. Şonuň üçinem, dogrudanam, öz hususy kompaniýaňyzy döretmek islegi sizde ýeterlik derejede güýçli bolsa, diňe şol ýagdaýda maslahat berýärin. Tersine bolan ýagdaýynda, iş ýeriňizi taşlajak bolmaň hemem mümkinçilige görä öz hususy işiňiz bilen meşgullanyň.
Hususy iş bilen meşgullanmaklyk barada aýdanymda, men size gowy aktiwleri edinmegi hemem olary gorap saklamagy göz öňünde tutýaryn. Eger aktiwler sütüniňize bir dollar düşen bolsa, onda onuň gitmegine hiç wagt ýol bermäň, ony öz işgäriňiz hasap ediň. Puluň esasy gadyr-gymmaty nämede diýseňizläň, olar günde ýigrimi dört sagatlap size işleýär hemem muny ömrüňiziň ahyryna çenli ýa-da arkama-arka dowam edýär. Esasy işiňizde işläň-de, «ynamdar işgär» adyna eýe boluň, ýöne şol bir wagtda öz aktiwler sütüniňizi hem dörediň.
Pul akymyňyzyň güýjüniň ölçegine laýyklykda, siz sylag hökmünde özüňize odur-budur satyn alyp bilersiňiz. Bärde bir bellemeli möhüm zat — baýlar muny iň soňky nobatda edýär, garyplar bilen ortaça ýaşaýan adamlar şu zatlardanam başlaýar. Olar ullakan öýleri, göwherleri, gymmat bahaly sütükleri, her dürli ýeňil gämileri satyn alýarlar, sebäbi baý görnesleri gelýärler. Ýöne, haçan-da, olar baý görnüp ugranda, olaryň ite bir sümek bergileriniň bardygy belli bolýar. Ýöne uzak möhletleýin baýamak isleýän taplanan baýlar aktiwler sütünini ulaldyp ugraýarlar hem-de diňe birnäçe wagtdan — olaryň aktiwler sütüni girdeji getirip ugranyndan soň, olar özlerine ony-muny satyn almaga ygtyýar berýärler. Garyplar bilen ortaça ýaşaýan synpyň wekilleri bolsa bu zatlar üçin garadere batyp işleýärler hem-de berip ýetişmedik bergilerini nesillerine galdyrýarlar.
Hakyky bolelinlik — bu siziň haýsydyr bir zada pul goýup, ony köpeldip bilýänligiňizdir. Meselem, haçan-da, aýalym ikimiz köp öýli jaýymyzdan ýeterlik derejede pul alyp ugramyzda, ol gidip özüne «mersedes» satyn aldy. Bu ullakan tagallany ýa-da töwekgelçiligi talap etmedi, sebäbi ulagy köp öýli jaýymyz «satyn aldy». Elbetde, ol bu işe goýan maýasynyň ulalyp, pul akymyny emele getirýänçä dört ýyl garaşmaly boldy. Ýöne bu ajaýyp ulag onuň üçin ýöne bir owadan oýunjak däl-de, hakyky sylagdyr, sebäbi ol öz aktiwler sütünini nähili ulaldyp bilýändigini subut etdi. Eger ýaponlaryň aýnasy bilen garasak, onda bu ulag onuň öz akylyny nädip işledip bilenliginiň aýdyň şöhlelenmesidir.
Aýalymdan tapawutlylykda, adamlaryň aglabasy öz arzuw-hyýallaryna berlip, täze ulag ýa-da ýene bir zatlary satyn almaga gidýärler, özlerem ony bergi edip alýarlar. Ähtimal, olaryň ýürekleri gysýandyr, şonuň üçinem täze oýunjak gerek. Mundan başga, wagtyň geçmegi bilen adamda karzyna alan zadyny sulhy almazlyk duýgusy döreýär, sebäbi bergi adama aladadyr muşakgatlyk getirýär.
Indi wagtyňyzy hemem serişdäňizi öz hususy işiňizi ýola goýmaga gönükdireniňizden soň, baýlaryň iň uly syryny bilmegiňize wagt boldy. Hut şu syryň kömegi bilen hem baýlar gaty köp pul gazanyp, tüçjar baýa öwrülýärler.
(Dowamy bar).
Rusçadan terjime eden Rüstem GURBANNEPESOW,
«Dünýä edebiýaty»