Pyr­ty­kal­dan ýa­sa­lan çy­ra (He­ka­ýa)

Pyr­ty­kal­dan ýa­sa­lan çy­ra (He­ka­ýa)

Biň SIN,
hytaý ýazyjysy

Bu waka on ýyl boldy.

Täze ýylyň öň ýanydy, men Joňtiňgiň etegindäki obalaryň birinde ýaşaýan joramy görmäge gaýtdym. Ol obanyň edara degişli jaýynyň ýokarky gatynda ýaşaýardy. Garaňky, dar dälizler boýdaşymyň birnäçe bambuk oturgyçly, nahar stolly, kiçijik otagyna eltdi. Otag ýukajyk mata tuty bilen ikä bölünip, aňyrsy ýatalgady. Ol öýünde ýok eken. Men stoluň üstünden onuň işiniň çykandygyny, gelýänçä garaşmalydygymy haýyş edip ýazan hatyny tapdym.

Men ornaşykly oturyp, öňümdäki gazeti okamaga başladym. Birden daşky gapynyň açylandygyny, soňra kimdir biriniň oturgyjy ýerinden gozgandygyny eşitdim. Seretsem, tutynyň aňyrsynda ýyrtyk geýimli, solgun ýüzli, sekiz-dokuz ýaşlaryndaky gyzjagaz dur. Onuň dodaklary gögerip, sowukdan ýaňa titreýärdi. Aýagy jorapsyzdy, ýalaňaç aýagynda ýukajyk köwşi bardy. Ol oturgyjyň üstüne çykyp, diwardaky telefona elini ýetirjek bolýardy, ýöne meni gören dessine gorkup, elini yzyna çekdi.

— Jaň etjek bolýaňmy? — diýip soradym.

Gyzjagaz oturgyçdan düşüp, «hawa» diýen manyda baş atdy-da, sözleriniň üstüni ýetirdi:

— Men hassahana jaň edip, lukman Hu bilen gürleşmeli. Ejem nähoş.

— Oň telefon belgisini bilýäňmi?

Gyzjagaz kellesini iki ýana yrap:

— Oň belgisini sorag gullugyndan almakçydym — diýdi.

Men ýanymdaky maglumat depderçesine seredip, gerekli belgini tapdym.

— Eger lukman telefony alsa, näme diýmeli?

— Waňçunliniň aýaly hassa diýseňiz, özi düşüner.

Men jaň edip, lukmana ýagdaýy düşündirdim. Gyzjagaz ullakan sagbolsun aýdyp, derrew gitmek bilen boldy. Men ony saklap:

— Öýüň bu ýerden uzakdamy? — diýip soradym.

Ol penjireden daşaryny görkezip:

— Hol jülgä inen ýeriňde, uly miweli bagyň aşagynda. Oňa barmak üçin bary-ýogy iki-üç minut gerek — diýip çykyp gitdi.

Men ýene-de gazete güýmendim. Soňra «Taňyň üç ýüz goşgusy» diýen ýygyndyny alyp, onuň deň ýaryna golaýyny okap çykdym. Wagt geçýärdi, howa bulaşyp, asman öňküsindenem garalypdy, joram bolsa henizem gara berenokdy. Örän içgysgynçlykdy. Men ýerimden turup, penjireden daşaryk seretdim. Alysdaky daglar goýy ümrüň içinde azaşan ýalydy. Ýaňky gyzyň aýdan ýerinde kiçijik öý görünýärdi. Birden kelläme onuň ýarawsyz ýatan ejesini görüp gaýtmak pikiri geldi. Men aşak düşüp, girelgedäki satyjydan pyrtykal satyn aldym-da, daşlyk ýoldan ýöräp olara bardym hem-de ýuwaşlyk bilen gapylaryny kakdym.

Gyzjagaz meni görüp geň galdy. Soňra ýylgyryp, eli bilen yşarat etdi-de, girmegimi haýyş etdi. Pessejik öýüň içi diýseň garaňkydy. Diwara ýakyn goýlan ýatalgada syrkaw ejesi ýatyrdy. Ol ukuda ýatana meňzeýärdi. Gapynyň gapdalynda kiçiräk ojak bardy. Onuň üstündäki tabakda bir zatlar gaýnaýardy. Gyzjagaz şonuň ýanyndaky oturgyjy görkezip, oturmagymy haýyş etdi. Özi hem gapdalyma geçdi-de, meni başdan-aýak synlamaga durdy.

— Lukman gelip gitdimi?

— Hawa, ejeme sanjymam etdi, indi oň ýagdaýy gowy.

Soňra meniň alada etmezligimi isleýän ýaly:

— Arkaýyn boluň, lukman ertir ýene geljegini aýtdy — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

— Sen bir zatlar iýip-içdiňmi? Munuň içinde näme bar? — diýip, men soradym.

Gyzjagaz ýylgyryp:

— Badatly şüle. Bu meň agşamlyk naharym — diýdi.

Meniň ýadyma ýanym bilen getiren pyrtykallarym düşdi. Olary çykaryp, ýatalganyň ýanyndaky pessejik stoluň üstünde goýdum. Gyzjagaz sesini çykarman, olaryň birini aldy-da, pyçak bilen gabygyny aýyrmaga durdy.

— Öýüňizde näçe adam ýaşaýar? — diýip, men gyzyklandym.

— Häzir-ä bizden başga hiç kim ýok. Kakam başga ýerde… — diýip yzyny aýtman, eline alan pyrtykal bölejiklerini ejesiniň ýassygynyň ýanynda goýdy.

Ojagyň ody barha peselýärdi, daşary hem öňküsinden garalýardy. Men ýerimden turup, gaýtmakçy boldum. Gyzjagaz elimden tutup saklady. Derrew bir ýerden temen tapyp pyrtykal gabyklaryny çatmaga durdy. Ondan sebetjik ýasap, bambuk agajyndan asdy-da, içine-de şem goýdy. Soňra maňa berip:

— Garaňky düşdi, ýol bolsa typançak. Bu ýoluňy ýagtyldar — diýdi.

Men haýran galdym. Elimi uzatdym-da, hoşallyk bildirip şemi aldym. Men şol pursat näme diýjegimi bilmedim. Ol maňa göwünlik bermek isleýän ýaly:

— Nesip bolsa, bahym kakam gaýdyp geler, oňa çenli bolsa ejem gowulaşar — diýdi.

Men garaňky, çygly howada pyrtykal çyrasyny göterip gaýtdym. Sary şöhle saçýan çyranyň üýtgeşik ýagtylygam ýokdy, uzak gitmänem söndi. Ýöne bujagaz gyzyň özüni asuda saklaýşy, batyrlygy, ýagty geljege bolan ynamy meni ruhlandyrdy. Gözümiň öňünde çäksiz we tükeniksiz ýagtylyk peýda bolan ýaly boldy.

Gelsem, joram eýýäm öýüne gelen eken. Ol elimdäki pyrtykal çyrasyny görüp, nireden gelýändigimi sorady.

— Waňçunlinlerden — diýip jogap berdim.

Joram geň galdy.

— Waňçunlinlerden?! Ol agaç ussasyny nireden tanaýaň? Ol günä iş edip, bu ýerden kowuldy. Şondan bäri ondan habar-hatyr ýok.

Men şol gije öýüme gaýtdym. Gaýdyp ol gyzjagaz, onuň ejesi hakda hiç zat eşitmedim. Ýöne şol wakadan soň, her ýyl Täze ýyl baýramynda şol gyzjagazy hem-de pyrtykal çyrasyny ýatlaýardym.

Hytaý dilinden terjime eden Mähriban GELENOWA
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle