Ene söýgüsi (Hekaya)
WAŇ Siaňfu, hytaý ýazyjysy
Ýaşy bir çene baran käbämiň indi öňküligi ýokdy. Diýseň garrapdy. Ogul-gyzlarynyň hersi bir enäniň, bir atanyň ornunda durdy. Käteler aýak üstünden diýen ýaly gelip, ejemiň aman-esendigini görerdiler-de, ýene-de öýlerine dolanmak bilen bolardylar. Ozallar alagoh bolup, daşyny gallap alan gol doly çülpe-çagaly mähribanymyň häzirki wagtda öýi boşap galypdy. O döwürler bolsa düýş ýaly bolup geçip gidipdi.
Bir gezek iş sapary bilen Hunan welaýatyna uzak wagtlyk gitmeli boldum. Gaýdyşynam ejemiňkä sowuldym. Ogluny gören ezizimiň ökjesi ýeňläpdi. Oturanda-turanda öňkülerinden ýeňil gopýardy. Saçaga näme alyp goýsa az görüp, ýene-de bir zatlar bişirmegiň ugruna çykypdy.
— Naharyň ýany bilen içer ýaly diýu ( Diýu — tüwiň löderesinden süzülip taýýarlanan ýeňil içgi.) uzadaýynmy, balam?
— Bolar, eje.
Ejem şol başagaý bolup ýörşüne, arasynda diýuny bulguryma guýubam ýetişýärdi. Ondan üç bulgur içdim.
— Munyň köp bolýa, çagam! Indi bes edäý! — diýdi.
Onuň bilen razylaşýan äheňde, ýaňybir elime alan bulgurymy goýjak boldumam welin, ejem hälki sözleriniň üstüni ýetirip:
— Ýogsa-da, sen uzak ýoldan aryp gelensiň, nahardan öň içeniň bilen hiç zat bolmaz — diýdi.
Içesim gelýändir diýip pikir eden bolmaly. Iki gezek guýup, olaram içdim. Çünki ejem jan meniň islegime garaýardy. Men bolsa ejemiň diýenine ýok diýmejek bolup, onuň göwnüni görmäge çalyşýardym.
— Oglum, köp içiberseňem häzir naharyň tagamyny bilmersiň! — diýeninde, ýene dessine saklandym. Ol muňa-da ökünen ýaly myssa ýylgyrdy:
— Ýeri bolýa, oglum. Ýekeje bulgur içseň içäý. Şowlulyk üçin… Goý, jübüt bolsun! — diýip, hut özi diýudan bir bulgur guýdy. Ony-da başyma çekdim. Ýöne indi içmejegim çynymdy. Söýgüden doly gözleri bilen maňa bakan ejem ýene-de isleýändirin öýtdi: «Ýenedemi?! Onda al!» diýdi.
Bulgurymy doldurdym-da, oňa seredip, ony-da göterdim. «Bolar, bolar» diýen ejem bu sapar diýuly gaby elimden aldy…
Enelik söýgüsi! Megerem, şu ene hamraklygy bolmaly. Häzir öňümde isleglerime garşy çykýan, şol bada-da göwnümi görjek bolup, hozanak bolýan ejem bardy. Özem hut meniň ejem!
Aslynda, birnäçe ýyl bäri ejemiň öýüne ýakyn köp gatly jaýlaryň birinde maşgalam bilen ýaşaýardym. Bir gün ejem garaşman durkak bize geldi. Dördünji gata kynlyk bilen galyp, demini zordan alýardy. Gapynyň söýesine söýenip, özüni dürsedi. Yz ýanyndanam ýatýan otagymyň nirede ýerleşýändigini sorady. O wagtlar gyzym kiçijikdi. Ejesi bilen uly düşekli giň otagda ýatýardy. Men bolsa kiçijik otagda bolýardym. Bu otag, hakykatdanam, öte dardy. Ýatalgany penjiräniň öňündäki pejiň gapdalynda ýerleşdirip bolýardy. Gündogar tarapynda eşik asylýan asgyç durdy. Günbatarynda bolsa kitaplar üçin niýetlenen aýnaly tekje bardy.
Ejem:
— Başyňy haýsy tarapa goýup ýatýaň? — diýip sorady.
— Geýim asgyja tarap — diýsem:
— Munyň bolmaýa. Geýim asgyçdaky eşikler durşuna kirşendir. Sen başyňy günbatara goýup ýatgyn — diýip sargady.
Birsalym oturandan soň, ýene sözüniň üstüni ýetirip:
— Görýän welin, sen aýnaly kitap tekje tarapa-da başyňy goýup ýatmasaň gowy. Sebäp diýseň, aýna aýna bolýa, bardy-geldi ýer yranyp döwläýse erbet bor…
Ejem garaşylmadyk ýerden ýer yranmasyny ýatlady. Özem boljagy-bolmajagy näbelli ýer yranmasy!
— Bolýa. Ýassygymy geýim asgyja tarap goýup ýataryn — diýdim-de, ýerini üýtgeden ýassygymy öňki ýerine geçirdim. Bir bärik, bir aňryk sereden ejem biraz wagtdan sözüni dowam etdirdi:
— Balam, sen haýsy tarapa ýüzüňi öwrüp ýatýaň; sagamy ýa-da sola?
— Ýüzümi saga öwrüp ýatýan. Indi endik bolup gidipdir.
— Ýok. Bolmaz. Ýüzüňi peje tarap öwrüp ýatsaň, howaň ýetmez. Dem almagyň kynlaşar. Sende çagalykdan bäri dem alyş ýollaryňda kemçilik bar ahyryn.
— Bolýa, eje… Aýdyşyň ýaly edip, çepime öwrülip ýataryn — diýdim.
Ýassyga gözüni aýlan ejem düşekçämi elleri bilen basyşdyryp gördi. Ýene-de biynjalyk bolup:
— Çepiňe ýatsaň, ýüregiňe agram düşer. Bu-da bolmaz. Ýüzüňi ýokaryk tutup, arkan ýatgyn, şeýtseň ýene gowy bolaýmasa. Sen ejeňi diňlegin balam, bolýamy? — diýdi.
Öňkim ýaly:
— Bolýa, aýdyşyň ýaly ederin, eje! — diýdim.
Şol wagt gözlerimiň owasy ýaşdan dolup, ýaňagymdan syrygyp gaýtdy.
Hiç wagt ejemiň nähili uka gidýändigi, nähili ýatýandygy hakynda asla oýlanmandym. Onuň bolsa küýi-köçesi çagasynda. Wah, meň mähirden doly mähriban ejem!
Hawa… Ejem garrapdyr. Ol howlynyň girelgesinde, oturan ýerinde elini diwara diräp, uzaklara nazaryny dikerdi. Her gezek baranymda, meni görenine şeýlebir begenerdi welin, aýdyp-diýer ýaly däldi. Ejemiň bu şatlygy çagalyk döwrümde howlymyzyň edil girelgesinde durup, hut onuň gelýändigini görenimdäki begenjime meňzeýärdi. Her gün ony görmäge barmak bilen çäklenmän, gerek zatlaryny almaga, öýüni tertibe salmaga kömekleşerdim. Bulardan başga näme kömegim degip biljekdi…
Ah, meniň ejem! Özem kelte boýluja, edil çagaňky ýaly päk ýürekli, kümüş saçly mähriban ejem…
Hytaý dilinden terjime eden Mähriban GELENOWA