Gara dogan (Hekaýa)
Boris ÝEKIMOW,
rus ýazyjysy
Garaşylmadyk ýerden ýadyňa-oýuňa düşmejek düýşler görnüp başlady. Ol özüni häzirki döwürdäkisi ýaly görýärdi, uýasy Manýa-da hiç ýanyndan aýrylmaýardy, özem juda kiçijikdi, ümbilmez balady. Gyzjagaz oňa gysmyljyraýardy, gujaklaýardy, çaga dilinde nämedir bir zatlar jedirdeýärdi, şonda Nikolaýyň kindiwanja jigisine haýpy gelmekden hem-de mähir-muhabbetden ýaňa gözleri gubarlaýardy. Hopugyp gözüni açýardy hem-de ýüregi gürs-gürs urýardy. Ukudan açylybam oýa batýardy: hernä eýgilige bolawersin!
Uýasy uzakda, hut Moskwanyň özünde ýaşaýardy, onuň bilen görüşmänine-de, barmak büküp sanasaň on ýyl dagy geçendir. Şol ejesini jaýlanlaryndaky gelip-gidişi, şondan bäri gatnaşyk tapba kesildi. Ynha, indem düýşüne girip başlady.
Nikolaý pikire batyp, iňkise gitdi, aýaly bilen geňeşip, uýasynyň halyndan habar almak kararyna geldi.
Güýz paslydy. Gyşa ykjam taýýarlyk görüpdiler, zähmet rugsadyna-da çykybermelidi, iň esasy zat — ýol petegi mugtdy. Nikolaý menzilde elektrik — çyraçy bolup işleýärdi, nirä gitse petegi mugtdy. Ol ýola düşmegi, uýasy bilen görüşmegi, ömründe bir gezegem Moskwany synlamagy, şonuň ýaly-da, çagalaryna, keýwanysyna oduk-buduk satyn almagy ýüregine düwdi. Almaly zatlaryny aýaly ýazyp beripdi.
Ony gara gadyr bilen garşy aldylar. Uýasy Mariýa ondan on ýaş kiçidi. Zenan hortaňrak diýäýmeseň juwan görünýärdi. Nikolaý öýde üstki eginbaşlaryny çykaryp duran mahaly Mariýa içini çekdi:
— Ko-olýa… Doganjygym, başyň çalaryp gidäýipdir-ä…
Nikolaýyň ýaşy kyrkdan agypdy. Soňky ýyllar saçynyň garasy azalyp, agy köpelip ugrapdy.
— Doganjygym… Men-ä seni şol ýaşlygyňa…
Nikolaý güldi, onuň bugdaýreňk ýüzi ýygyrt atyp gitdi, gözleri süzülip gidende bolsa, ol Mariýa kakasyny ýatlatdy — agynjak kakasy, hakyt ýylgyryşam, gasynlaram, çalaran saçam edil Nikolaýyň şu wagtky bolşy ýalydy.
— Doganjygym — diýip, Mariýa agasyna gysylyp, indi kakasydyr ejesi ýadyna düşüp, gözüni ýaşlap aglady.
Tutuş gününi bile geçirdiler: günortan şamyny edindiler, gezelenje çykdylar, telewizora seretdiler. Ertesem Moskwany aýlanmaga gitdiler: Kremli, äpet jaňy, topy hem-de beýleki zatlary gördüler.
Soňam adaty günler başlandy. Öý eýeleri ir bilen işe gidýärdi, garaňky gatlyşanda-da yzlaryna köwlenýärdi. Hatda olaryň on ýaşlyja oguljyklary Igorjyga çenli aladaňdan aýak üstündedi: mekdep, soňra saz, ondan soň gimnastika — garaz, Gün ýaşýança garasyny görkezmezdi.
Nikolaýyň eline öýüň açaryny tutduryp, barysyny düşündirdiler. Şeýdip myhmançylyk başlandy. Bir gün, ýene bir gün, üç gün myhman bolansoňam, gaýtmaga hyýallandy. Muny Mariýa duýduranda, ol neden aglapdy:
— Goýaweri… Geleniň ýaňy… Eýýäm ötägitjekmi? Nä döw çaldy saňa?
— Aý, myhman boldum… Güler ýüzüňizi gördüm, ýagdaýyňyzy bildim… — diýip, Nikolaý özüni aklady. — Birçen boldy. Ýogsa zähmet rugsadam gutarar.
— Men-ä saňa düşünýän däldirin — diýip, Mariýa gyzaryldy. — Ömrüňde bir gezek gelipsiň. Ýa saňa bäri ýaranokmy?
— Ýaranok — diýip, Nikolaý gönüsinden geldi.
— Şeý diýsene — diýip, Mariýa ellerini goýberdi. — Mi-itýa! — diýibem, adamsyny çagyrdy. — Bäri Nikolaýa ýaranokmyş.
Giýewleri Dmitriý göründi — uzyndan arryklaç pyýada bosagada sägindi.
— Biziň öýümiz oňa ýaranokmyş — diýip, Mariýa düşündirdi.
Nikolaý aýdanyna puşman edip, janagyryly gürledi:
— Men göni manyda däl-de, eýsem, umuman aýdýan. Bärik näme üçin geldim? Halyňyzdan habar alaýyn diýdim, Igor jany göreýin diýdim. Hudaýa şükür, gördüm, ynjaldym, sag-salamat ekeniňiz. Mundan aňryk sömelip ýörmäm nämä gerek?
— O nähili nämä gerek? — diýip, giýewleri Dmitriý ör-gökden geldi. — Birinji gezek Moskwa gelýäň, görmäge-de zat ýokmy? Nähili ajap, nähili gözel, üýtgeşik ýerler bar. Şolary synlamaga dünýäň ähli künjeginden adamlar gelýä.
— Men synlabildim. Kremlem, Gyzyl meýdanam. Söz ýok — owadan — diýip, Nikolaý jogap berdi.
— Tretýakowka baryp gördüňmi?
— Şol suratlar asylyp goýlan ýermi? Hawa, bardym.
— Şo taýda näçe wagt bolduň?
— Aý, girdim, synladym hemem çykyp gaýtdym.
— Bar bolanymy?
— Dagy men o taýda ýataýynmy?
— Meň özüm moskwaly. Ýumruk ýalylygymdan şo ýerik barýan — diýip, giýewleri düşündirmäge durdy. — Henize-bu güne çenli höwes bilen barýan. Şo taýyk gitmäge maý tapdygym heziller edäýýän. Sen welin bir sagat aýlanypsyň, şoň bilenem wessalam — iş tamam. A-how, o ýerde Lewitanyň, Şişkiniň, Sawrasowyň eserleri bar-a. Seň özüňem balykçy, awçy. Bular saňa ýakyn bolmaly ahyryn. Duranja bir tebigat-a. Aý, ýok, sen hiç zat görmänsiň.
— Synlar ýaly näme barmyş? — diýip, Nikolaý güldi. — Bizde şolar ýaly suratlar aýagyňy basan ýeriňde bar.
— Nirede?! — diýip, giýewleri gözlerini tegeledi.
— Gözüň ýeten ýerde. Sizde, bärde şeýle, çarçuwaň içinde. — Ol barmaklary bilen dörtburçluk ýasady. — Otagyň çäginde. Bizde welin barysy tebigy. Ynha, gezmäge gel, balyk tutmaga gideris. Häzir sahawatly güýz. Suwam durnaň gözi ýaly. Çüýbalykdan doludyr. Çeňňegiňi taşladygyň — düşer. Onsoň otjagaz ýakarsyň, balyk çorbasyny atararsyň… Daňyň ümüş-tamşynda, şapak mahaly oýanarsyňam welin asudalykdyr, Gün dogar, derýajykdanam bug göterilip durandyr. Aslynda, hiç ýerik gitmeseňem bolýa. Diňe baga baraý. Häzir armytlar çym gyzyldyr, eriklerem sap-sarydyr. Gün buludyň aňyrsynda gizlenendir, emma bagyň içi ýap-ýagtydyr, her bir daragt nur saçýandyr. Ynanmasaň, ynha, Maşa-da hä diýer.
Uýasy uludan demini alyp baş atdy.
— Almalar entegem sallanyp dur — diýip, Nikolaý sözüni dowam etdirdi. — Soňky bişenleri. Ak bilen al reňk gatyşykly görnüşi. Dişlärsiň welin, şiresinden owurdyň dolar. Stark diýip görnüşi-de bar, häzir olar edil gan ýaly gyzaryp bişendir. Tagamy dagam asyl baldyr… — Nikolaý gürrüň berip durşuna, hatda dodaklarynam şapbyldadyp goýberdi.
Giýewleri muňa güldi-de, ýahdandan alma çykaryp hödür etdi:
— Me, dadyp gör. Hakyky antonowka görnüşi. Bazardan satyn aldym.
— Men del alma iýemok — diýip, Nikolaý mürehetden ýüz öwürdi.
Ýeri bolýa… Ýogsa-da, nämäň gürrüňini edip durdug-a? Muzeýleň gürrüňini edýädikmi…
Ol maglumat berýän kitapçany getirip, Nikolaýyň gapdalynda oturyp, onuň sahypalaryny waraklamaga başlady.
— Ýagşy, suratlar saňa ýaranokmyş. Ynha, baş üstüne, muzeýler, Darwin muzeýi, Igor — diýip, ol oglunyň adyny tutup gygyrdy. — Igor jan, Darwin muzeýi ýadyňa düşýämi? Şo taýda biz kebelekleň, guşlaň birgidenini görüpdik. Kolibriňem gäbi bardy, şeýle gerek?
— Hawa, bardy — Igoram gapynyň agzynda peýda boldy.
— Şo taýyk baranyňa degýämi ýa-da degenok, şony Nikolaý daýyňa aýdyp ber.
— Elbetde, baranyňa degýä — diýip, oglanjyk tassyklady. — O ýerde möjegiň, aýyň, tilkiň, her dürli guşlaň gäbi goýlupdyr.
— Wah-waheý, maňlaýygara bir seret… — diýip, Nikolaý saçlaryny penjeledi. — Görmedigim siziň gäpleňňiz bolsun! Men olary diri… — Ol oturan ýerinden gobsundy. — Men ýekegapan, tilki, towşan awlamaga gidýän. Guşlaňň-a gürrüňinem edemok. Tüňňele ördek, jünekeý ördek baryny urýan. Başga-da janly-jandarlaň aňyrsy-bärsi ýok. Gogur dagy bizde, ynha, şuň ýaly… — Ol ör turup, ýuwaşlyk bilen ellerini galgatdy. — Guwlar üç ýyl bäri hiç ýerik gitmän gyşlaýa.
— Nirede? — diýip, Mariýa sorady.
— Bugak kölünde. Iki jübüt. Golaýlaryna barsaň ýüzüberýäler. Sülgünlerem goýberdiler.
— Janlylarynymy? — diýip, Igor geň galdy.
— Dagy näme, oýnawaçlaryny goýbermezler-ä! Keýiklerem indi ýer tutuberdi, öwrenişýäler. Sugunlaram töweregine goýberýäler. Ynha, arada-da bir tilkä duşdum. Kömelek çöplemäge gitdim, düz ýerden çykyp aşak indim, bir seretsem, jaryň içinden tilki ylgap gelýä. Meň üstümden geçmeli, başga çykalga ýok. Ýere ýazylyp, oňa äňetdim. Tilki dogry ýanyma ylgap geldi — ýüzbe-ýüz bolduk. Janawar sägindi, serede-serede nämäň-nämedigine düşünip bilenok. Menem onsoň durup bilmän gülüberdim…
— Diri tilkimi? — diýip, haýranlar galan Igor sorady.
— Dagy näme, muzeýdendir öýdýäňmi? — diýip, Nikolaý güldi. — Bir gezegem ýekegapan… Şonda awa gidipdik.
Giýewleri ilki sagadyna, soňam ogluna seredip, ýuwaşlyk bilen şeýle diýdi:
— Igor.
Ogly kakasyna düşündi, gyssanmaç yzyna öwrüldi-de, öz otagyna gitdi. Nikolaýyň welin gürrüň beresi gelip, içi byjyklap durdy. Ol oglanjygy nazary bilen ugradyp, uludan demini aldy.
— Ogluňyzy ýumrugyň içinde saklaýaňyz. Çaga ahyry ol, tüýs hezil edip oýnajak çagy. Ol welin ertirden agşama deňiç etek alty, ýeň ýedi. Mekdep edil golaýjygyňyzda, okuw diýibem itiň ölen ýerine gidýä.
— Aý, ýok, gardaş, gaýtyp sen düşüneňok — diýip, giýewleri janykdy. — Onuň gatnaýan mekdebi ýöriteleşdirilen. Oňa ýerleşäýmek aňsat iş däl.
— Entek ýerleşmäge ýetişer — diýip, Nikolaý özüniňkini öňe sürdi. — Çagalyk döwri köpräk oýnamaly, ylgamaly hemem ukudan ganmaly.
— Zeleli ýok, zeleli ýok… Goý, öwrenişsin. Gorkara-ürkere zat ýok. Özüň endik etmäňsoň, saňa şeýle görünýändir. Onuň gün tertibi öňünden kesgitlenen, utgaşykly, mazaly sazlanan. Ilki okuw, soňra saz öwrenmäge gitmeli — bu bir dynç alyş-a, gimnastika bolsa — büý-ä asyl göwnüňi göterýä, beden maşklary keýpiňi çaglaýa. Öýe gelip ýene öý işleňňi etmeli — soňam ýatmaly… Maşa, hany, senem düşündirsene!
— Dogry, barysy dogry. Köçede söw-söw syryp ýöreninden, goý, wagty çäkli bolsun. Hanha, olar şo ýerde… — Uýasy penjirä tarap ümledi. — Eýläk-beýläk daz ýasaýalar. Şonuň üçinem çagamyzyň ýetişiksiz gara günde bolany gowy.
— Herhal, çaga diýeniň oýnasa ýagşy — diýip, Nikolaý ýeň bermedi. — Ýakymsyzlygam etmeli. Özümiziň garagollugymyz ýadyňa düşýämi? — diýip, ol uýasyna seredip ýylgyrdy.
— Ko-olýa… O taýdakylaň barysy özli-özümiz. Goňşular dogan-garyndaşdan ileri. Göz-gulagam bolarlar, özüniňkinem, kesekiniňkinem iýdirip-içirler. Bärde deňeşdir ýalymy. Eger oglum okuwdan gelip, günin öýde ýeke galsa, ýüregim howlaberer.
— Ol-a şeýle — diýip, Nikolaý ylalaşdy.
— Şeýle ýagdaý oglumyň özüne-de ýaraýa — diýip, giýewlerem gürrüňe gop berdi. — Ol barysyna hezil edip gatnaşýa. Özüň sorap göräý. Soraý özüň.
Nikolaý hahahaýlap güldi hem-de sesine bat berdi:
— Igor! Ertir ejeň bilen kakaň seni hemme zatdan azat edýä. Meň ýanymda borsuň. Onuň alyhezretleriniň attutary! Niçik, razymyň?
— Ra-a-azy! — diýip, Igor keýpihon gygyrdy hem-de derhal aşhana atylyp geldi. — Eje, çynyňyzmy?
— Bar, bar, oýun edýä ol, oýun edýä — diýşip, ejesidir kakasy ýerli-ýerden gürledi. — Bar, bar…
Iki bolubam Nikolaýa igenip başladylar:
— Beýtmeli däl ahyry. Beýtmeli däl-ä.
— Ine-de, subutnama. Oglanjyklar-a bular. Näme, meňkiler şeýle bolan däldir öýdýäňmi? — diýip, Nikolaý elini salgady. — Ýöne bizde, Hudaýa şükür, hezil edişip şapadaňlaşýalar. Çagalyk… Durmuş… — Soňra ol uýasyny içgin-içgin synlady-da, şeýle diýdi. — A sen gyz, juda hor görünýäň.
— Bolsam-bolaýyn, aýallaň ýetibilmeýäni şo — diýip, Mariýa kaýyllyk bilen jogap berdi. — Biz zenanlaň bar gürrüňi nädip horlanmak. Men-ä, tüweleme, hiç neneň däl — diýip, ol öz-özüni synlady.
Giýewleri Igoryň ýanyna gitdi, onuň ogluna akyl berşi otagyň arasyndan eşidilip durdy.
— Aý, ýok — diýip, Nikolaý ýüreginden syzdyryp gürledi. — Sen, barybir, ýadaýaň, men görüp durun. Beýle-de bir özüňe zabun daramak bor oguşýa? Altyň ýarynda örýäň hem-de tutuş gün aýak üstünde, asyl dyzyňy epmeseň näme. Gijem ýatýaň. Ukyňam kemýäň.
— Zähmet rugsadyna çykamda öwezini dolaryn — diýip, Mariýa garaçyny bilen aýtdy.
Nikolaý perişan halda başyny ýaýkady:
— Manýa, Manýa… Sen gomparma. Ýaşkaň bildirmez. Häzir otuzdan geçdiň — gyzjagaz däl. Özüňi goramak gerek. Ýüzüňe aýtjak, seň işiň maňa ýaranok. Näme üçin beýle daşda işleýäň? Bir sagatdanam köp ýöremeli. Golaýdan, gapdaljygyňdan iş tapylanokmy? Şonda öýüňe-de ýetişerdiň, Igor bilenem bile dynç alardyň. Ynha, meň keýwanymy alyp gör. Irden alňasanok, onlara çykýa, günortanam dolanýa. Näme, şü erbetmi?
Mariýa doganynyň gapdalyna çökdi.
— Beýle işi nireden tapjak?
— Ma-anýa… — diýip, Nikolaý ör-gökden geldi. — Daş-töweregiňe äňed-ä! — Ol penjirä tarap yşarat etdi. — Heý, bärden iş tapyp bolmazmy? Ýaltanma-da, gözle, sorag-ideg et. Ýogsa siziň munyňyz duran bir jebir-ä.
Şu ýerde giýewlerem dolanyp geldi. Nikolaý oňa-da ýaňky aýdanlaryny gaýtalady:
— Men Mariýa öýüň golaýragyndan iş tapyn diýýän. Ynha, meni öňräk oba hojalyk kärhanasyna işe çagyrdylar. Aýlygam häzirkimden gowrak. Oýlanyp-ölçerip gördüm welin, eýläk-beýläk awtobusda ýarym sagat loňkuldap gitmeli. Gitmedim. Maşa dagy şu käri bilen aýagyny basan ýerden iş tapar…
— Aý, ýok. Gaýtam özüň düşüneňok — diýip, giýewleri janykdy. — Mariýa häzirki ýerinde iki ýüz kyrk rubl alýa, saglygyna-da seretdirýär. Igory günortadaky dynç alyş öýüne mugt iberip bolýa, biz «Arçajyga» lyžada taýmaga-da bileje gidýäs. Beýle eşreti elden giderip bolmaz ahyry. Bizdäkileň barysam gatnaýa. Hem çalt, hem amatly.
— Amatly bolaýşyny şoň — diýip, Nikolaý hümürdedi.
— Metroň nämesi saňa ýaranok. Dünýädäki iň gowy metro. Adamlar ony muzeýe deňeýä.
— Men-ä hezillik göremok. Demikdirip alyp barýa. Bir gysýalar welin, gutardyňmykaň öýtdürýä. — Nikolaýyň gürläsi gelmedi, ol metrodan öler ýaly gorkýardy: gyslyşyk, ýeriňem astynda. Ol depesindäki ägirt gatlagy demsaýy duýýardy, bardy-geldi hopaýsa, mydyrtdam etdirmez. — Gazybilipdirler. Süreniň bar-da. Ahyry bir gün sizi mynjyradar.
Muňa Mariýadyr adamsy ýöne pakyrda beräýdi. Nikolaýyň welin garaçyny.
— Gülen bolmaň. Gülere zat ýok. Sizden soraýan, metroň nämä geregi bar?
— O nähili nämä gerek? Çalt barmak üçin gerek.
— Çalt barmak nämä gerek? Ýetişmeýän ýeriňiz barmy?
— Nätdiň-aý muny… Özüňem mündüň-ä. Aşak düşüp metro özüňi atybilseň, demiňi dürsäp ýetişmäkäň eýýäm Gyzyl meýdana ýetýäň.
— Şonsuzam ýeterdim. Alňasamagyň derkary ýok. Men zähmet rugsadynda. Pyýadalap gitsem gowy bordy. Rahatja barardym.
— Wah, sen zähmet rugsadynda-la. Biz, ynha, işe ýetişmeli.
— Biderek ýere hasanaklaýaňyz — öz-özüňiz ýadaýaňyz. Şü süren-hin bolmadyk bolsa, dogmaňyzy burnuňyzyň ýanyndaky mekdepden owarraň bir çetine ibermezdiňiz. Özüňizem ýeriň ol ujundan iş gözlemezdiňiz. Öýüňiziň töwereginde işlärdiňiz, şeýden bolsaňyz gowy bordy. Siz welin guýrugyňyzy ýamzyňyza gysyp, hol bir tarapa alakjap gidýäňiz, o taýdaky özüňiz ýaly seňselerem, gowy durmuşyň gözleginde, siziň etraplaňňyza yňdarylýalar. Bulaň bary samsyklyk. Hawa, hawa, hut şeýle, sen Manýa, gülen bolma, men muny özüňden uly doganyň hökmünde aýdýan. Şu süreni ýer gutarynça gazsalaram, siz serden geçip, şo taýyk eňersiňiz. Üstesine, entegem aňyrrak gazyň diýersiňiz. Ýalanmy, eýsem, şü?
— Dogry — diýip, Mariýa ylalaşdy. — Eýýäm düşelgäni Çertanowa çekip ýörler.
— Ine, ine… Şo ýerik, şeýtan düşelgesine-de ýetersiňiz. Beýewbar akylly-başly adam tapylanlygynda, ol muny gadagan etdirdi: gara gadyrdanlar, şu taýda ýaşaýaňyzmy — öýüňiziň gapdalynda-da işläň diýerdi. Hawa, şeý diýerdi. Ýeri, düşnüklimi?
— Düşnükli — diýip, oňa jogap berdiler.
Ara biraz dymyşlyk düşdi. Nikolaý penjireden daşaryk äňetdi. Iňrik garalyp ugrapdy, alagaraňkynyň içinde öýleriň çyralary ýagtylyp göründi. Şol yşyklaryň sany, gör, näçekä? Aňyrsy-bärsi ýok. Öýler biri-biriniň yzyndan aňyrlygyna hem-de ýokarlygyna uzap gidýärdi. Her birinde-de adamlar ýaşaýardy.
— Seredeňde darygyp gidýäň… — diýip, Nikolaý uludan dem aldy. — Biri-biriniň yzynda, biri-biriniň yzynda — diýip, ol jaýlara tarap elini uzatdy. — Gyşaryp ýatansyň, diwaryň aňyrsynda-da kimdir biri hor çekýändir, şolam ömrylla gören kişiň däldir. Äl-aýt, hezildigini! Bir tarapyňda saz ýaňlanyp durandyr, beýleki tarapyňda ikibaka at salýandyrlar. Nädip çydap bilýäňiz?
— Çydaýasam, nalamzogam — diýip, giýewleri güldi. — Eý, Kolýa, Kolýa. Adamlar Moskwada ýaşamagyň arzuwynda. Barmagyň bilen bärik gel diýip yşarat etdigiň barysy çozaýar. Meň bilen bir gyz işleýä, Mytişadan. Diňe Moskwaň çäginde ýaşajaga durmuşa çykaryn diýýä. Bir serkerde yzyndan gatnaýady, gül ýaly ýigit, maýor özem. Söz aýtdy welin, şoňa-da barmady. Ol Puşkin şäherinde ýaşaýady.
— Samsyk — diýip, Nikolaý gysgaça jogap berdi. — Oňa başga näme diýjek?
— Edil beýle-de däl! Gyzyň Moskwada ýaşasy gelýä.
— Bärde nähili lezzet bar? Dem alar ýaly däl. Birhili ajymtyk kakýa, duýup durun, ajymtyk. Bärik gelendirinem welin, tüýküligim gap-gara, burnumam ganady.
— Waý-waýeý, seň beýle gowşajyk, näzik bolaýşyňy. Biziň howamyz gaty gowudyr.
— Dartyberiň onda. Bärde barara gapyňam ýok. Köçede ylgaşyp, itnişip ýörler, walla, märekeden ýaňa köçä syganoklar. Dükana girdim welin, zordan yzyma çykdym. Hiç zada düşünemok, näme üçindiginem bilemok, şol pyrlanyşyp ýörler. Duranja bir dowzahyň bar-da. Çöregiň yzam alagüpürdi. Halka köke aljakdym. Alarmyň? Halka kökeden geçen, zordan başymy gutardym.
— Men-ä her günem durýan — diýip, uýasy jogap berdi. — Üç ýerde, hatda dört ýerde-de nobata durýan. Derrew ýetýä ahyry.
— Aý, ýok, mundan durmuş bolmaz — diýip, Nikolaý özüniňkini mamla tapdy. — Ynha, irden işe diýip öýden çykýan. Ýeke özüm köçe bilen arkaýyn gaýşarylyp barýan. Giň köçe. — Ol ellerini gerdi. — Arkaýynçylyk, rahatlyk. Gün ýalpyldap dur, daş-töweregiň gök parç, jana tenekar şemal öwüsýä. Egniňe kakjagam, itjegem ýok. Ýöräp barýan. Tanyş-bilşe duşsam: «Sag-aman ördüňmi?» diýýän, olam: «Edenine şükür!» diýýä. Şeýdip gidip barýansyň. Ine, şeýle. Ýaşan şekilli ýaşaýaň. Sürenem ýok, hinem.
Giýewleri hezil edip güldi:
— Hakyky watançy. Ýöne menem öz topragymyň, öz şäherimiň watançysy. Ýaşaýan ýerim meň üçin dünýädäki iň gowy ýer.
Nikolaý oňa ynanmady.
— Galat aýdýaň — diýip, ol garaçyny bilen gürledi. — Eger iň gowy ýer bolsa, beýdip gaçyp ýörmezdiň.
— Men nirä gaçýamyşym?
— Gözüň ýeten ýerine gaçýaň. Sähel maý tapdygyň şeýdýäň. Mysal üçin, hany, aýt bakaly, sen zähmet rugsadyňy nirede geçirýäň? Gyzyl meýdandamy?
— Zähmet rugsady ýylda bir gezek bolýa. Dynç almaly, ýeriňi üýtgetmeli.
— Ýagşy. Dynç günlerini nirede geçirýäň? Belki, metroda aýlanýansyň? Şeýtmejegiň düşnükli, daşrak gaçýaň. Derýalarda kürekleýäň, syýahat edýäň. Lyžada typýaň. Ýöne nirede? Eger ýaraýan bolsa, Moskwa derýasynda küreklärdiň. Lyžalaň bilenem öýleriň arasynda aýlanardyň. Hä? — Nikolaý özüniň mamladygyny duýdy. — Näme üçin sähelçe boş wagt tapyp sypyndygyň, zynjyrdan sypan köpek deýin bärden — Moskwadan atyňy gorgunladyp gaçyp gidýäň? Diýmek, bäri saňa beýlebir ýarap baranok. Men welin, ynha, dynç günlem öýden başymy alyp gidemok. Tersine, bagda, mellekde gydyrdanýan.
— Eý, Taňrym! — diýip, uýasy içini çekdi. — Ýüregim gysýa. Şu wagt atam öýüne gidibersemmikäm diýdirýä! — Ol ýylgyryp, adamsynyň ýüzüne äňetdi.
— Ötägit onda — diýip, olam mekirlik bilen gözlerini süzdi.
Nikolaýam hiç zada düşünmän, çyny bilen janykdy:
— Ýaýdanyp durmaň. Özüňiz aýdyp dursuňyz-a samsyklar köp diýip. Şolar dünýäde barka, gat-gat jaýdaky öýüňizi howlujyga çalşyň, aýdaly, biziň obamyzdaky bir öýjagaza çalşaýyň. Manýa hasapçy, onuňky ýaly käriň bolsa, islän ýeriňden iş tapdyrýa. Senem — inžener. Biziň menzilimize gel, saňa ýarar. Daňdan bäşde ziňkildäp oýanmaly däl. Ukyňy alyp, assa-ýuwaş gaýdybermeli. Dokuzda barýaň. Esewan edersiň, bizi, işgärjikleri gyssarsyň. Soňam gidersiň-de, balyjak tutarsyň.
— Nirede?
— Öz menzilimiziň golaýjagynda, şo taýda derýajyk bar. Gaýyga münersiň, kürege ýapyşarsyň, torjagazyňy barlarsyň. Günorta naharyna çenli garabalyk getirsiň. Iküç sanjagazyny-ha tutarsyň — diýip, Nikolaý ellerini gerip, ep-esli ölçegdäki balygyň gabarasyny görkezdi. — Iki sanam töpbalyk. Täp-täzeje balykdan çorba atararsyň, dynç alarsyň, soňam gidiber. Nämesi erbetmiş?
— Muňa erbet diýýän ýok — diýip, giýewleri ylalaşdy. — Ýogsa-da, aýlygy näçe oň?
— Ýüz on, ýüz ýigrimi.
— Näçe-näçe? — diýip, giýewleri ýüz-gözüni bürjeşdirdi.
— Ýüzden gowrak diýýän.
— Ojagaz pul üçin bärde tam süpürijem işlemez. Düşünýäňmi?
— Onda size nähili aýlyk gerek?
— Ile meňzeş hak-heşdek gerek — diýip, giýewleri agzyny dolduryp gürledi. — Maşgala eklär ýaly pul gerek. Ine-gana ýaşar ýaly. Uşak-düşek zatlaň hasabyny ýöredip ýörmeli bolmaýyn. Ulag isleýänmi — diýmek, şoňa güýjüm ýetmeli. Daça isleýänmi — diýmek, şoňa-da pul süýşürip biläýmeli men.
Giýewleriniň gürrüňiniň beýle hörpi Nikolaýa onçakly ýarap barmady. Ol biraz böwrüni diňläp oýurgandy, soňra gülümsiräp şeýle diýdi:
— Bärde-hä ulag gerek däl. Işe metro bilen gitmeli, öýe-de ýene metro bilen gelýäň.
— Dynç günleri şäheriň çetine çykmagy gowy görýän. Ulagyňa münýäň-de, zut gidýäň. Barjak ýeriňem asudalyk, rahatlyk. Eýsem, şü erbetmi näme?
— Elbetde, muň özi hiç neneň däl. Ýöne sen diňe ulag bilen kanagatlanman, basym dikuçar dilärsiň — diýip, Nikolaý çyny bilen gürledi.
— Näme üçin dikuçar dilejekmişim? — diýip, giýewleri äm-säm halda sowal berdi.
— Sebäbi adam pahyryň doýdumy ýok. Welosiped, motosikl, maşyn — soňam yzy gutarman geçäýer. Ynha, barjamlylaň öz hususy uçarlary bar. Saňa-da şoň biri gerek. Dynç güni uçara münägetdin, t-r-r edip, deňziň kenaryna gidersiň. Suwa düşägede, yzyňa dolanarsyň. Maşyn bilen gidip gelenden kän çalt bor.
— Öz uçaryň bolsa, kem-ä däl — diýip, giýewleri makullady.
— Menem, ynha, aýdyp durun-a, ilki uçar, soňam raketa.
— Aý, ýok — diýip, giýewleri kes-kelläm garşy çykdy. — Raketa-ha derkar däl.
— Beterem gerek! — diýip, Nikolaýam gepini gögertmäge çytraşdy. — Ähli kişem uçar ediner. Häzirki maşynlar ýaly, olar çirkeý deýin şeýlebir wyzzyldaýalar welin, seslerinden ýaňa adama rahatlyk ýok. Raketa münseň welin — waz! Allowarralara — başga planeta güwläp gidýäň. Dynç günleri wagtyňy hoş geçirmäge! Soňam yzyňa dolanýaň.
— Ýagşy, raketany aldym diýeli — diýip, giýewsi ony ugruna kowdy. — Ondan soň näme edinmeli bor?
— Soňam ýene nähilidir bir warraý-şarraý zat oýlap taparlar.
— A-how! — diýip, giýewleri aýalyna tarap öwrüldi. — Büý-ä bir basyrylgy ýatan dana eken. Agynjak Diogeniň bar-da.
— Kolýa mekdepde-de gowy okaýady — diýip, aýaly mylaýym ýylgyrdy. — Tehnikumam gaýybana gutardy.
— Beh… Onda näme, belki, hakykatdanam, jaýy obadaky howlulaň birine çalyşmalydyr? — diýip, giýewleri oýurganansyran boldy. — Eýdip-beýdip günümizi göreris ahbeti.
— Günüňizi görersiňiz — diýip, Nikolaý ony ynjaltdy. — Obada açlygyndan garny çişen ýok. Eger ýalta bolmasaň, elbetde. Mellejik özüňki, bagyň bar. Hemme zat tep-ter. Men tomsuna nahar-nowanam iýip baramok. Aýalym Sweta-da zat iýeňok diýip ömür iňirdäp ýörendir. Men welin mellege, baga aýlanýan. Kitirdedip hyýar iýýän, pomidor ýolýan. Pomidor diýeniňem gan ýalydyr, Güne öwşün atýandyr. Agzyňa saldygyň — gandy ýatladýa. Men olaň iküç sanysyny duzlaman zat etmän iýýän. Duran ýerinde özem, alma-da imrindirýä. Ynanmarsyň, erigiň ýarty bedresini bir oturyşyma iýýän. Üljejigi agzyňa atarsyň, käşiri çekip sograrsyň, smorodinany çirtersiň. Hezillik. Onsoň naharam iýesiň gelmez. Dogry, kelemli çorbany çagalygymdan bäri gowy görýän.
Birdenem ol güldi, başyny aşak saldy, gytaklap uýasyna seredip hikirdemäge durdy.
— Näme beýle böwregiň bökýä? — diýip, uýasy sorady.
— Öýkelemeseň aýdaýyn.
— Nämä öýkeläýin?
— Kelemli çorbaň gürrüňini edýän. Siziň bişirýän kelemli çorbaňyzdanam bir nahar bormy? Ýuwundy ýaly, men ony ölsemem iýmezdim.
— Sen nämäni deňeşdirýäň? — diýip, uýasy herhal öýkeledi. — Mende kelemdir sogandan başga atara zat ýok. Obadaky öýümizde pomidor diýjekmi, bolgar burç diýjekmi, her dürli otjagazlar diýjekmi — barysy leýis.
— Gaty dogry — diýip, Nikolaý tassyklady. — Pomidory gysganman nahara atýas. Hatda gyşyna-da şeýle. Çelekdäkilerem atýas, pomidor üwmejinem goşýas.
— Siziň kelemli çorbaňyzyň tagamy agzymdan gidenok — diýip, giýewleri aýalyna äňetdi. — Geliň, agşamlyk şamyny edineliň-le.
— Näme, ajykdyňmy?
— Hawa, içim eljuk diýip ugrady.
Agşamlyk şamyny edinmäge oturdylar. Öý bikesiniň jana tenekar şerbedi bardy, seredeniňde gözüň gidýärdi, içmegem lezzetlidi. Dogry, Mariýanyň özi içenokdy, adamsynyňam aşgazany heläk edýärdi. Onsoň Nikolaýyň ýeke özi içmeli boldy. Ol uýalyp-çekinip durmady. Şerbedi süzüp oturyşyna tarypyny ýetirýärdi.
Agşamlyk şamyny edinip boldular. Çaý içip, telewizora seredip oturdylar. Ilki futbol görkezdiler, soňra — ylgaýanlary. Bärde türgenler däl-de, her jüre adamlar orta ýaşanlaram, ýaşy birçene baranlaram, ýaş-ýuwuşlaram ylgaýardy. Nikolaý ylgap ýörenleriň hakykysyny öz gözleri bilenem görüpdi. Gös-göni şu ýerde, öýüň ýanynda. Ýöne ylgaýanlary penjireden, uzakdan synlapdy, telewizorda welin, misli gapdaljygyňda ýalydy: erkek göbekliler haşlaşyp ylgap barýardy, zenanlaram olardan galmajak bolýardy. Duranja bir gülkiň bar-da.
Nikolaý hahahaýlap güldi hem-de telewizordan ýüzüni sowdy.
— Masgaraçylyk.
— O nähili masgaraçylyk bolýa? — diýip, giýewleri ör-gökden geldi. — Sport saglyg-a. Näme, sizde ylgaýan ýokmy?
— Aý, ynha, oglan-uşaklar-ha ylgaýa. Ýöne ulular-a — walla, şolaň ylgap ýörenini göremok. Entek hiç kimiň kellesi üýtgemändir.
— Näme üçin hiç kimiň kellesi üýtgemändir?
— A-how, akyly ýerindäki adam näme üçin ylgasyn? Gara sürtülenleri ýog-a olaň!
Nikolaý gülmän gürläp bilenokdy. Ol giýewleriniň sowallaryna jogap berýärdi hemem aram-aram aşaklyk bilen telewizora äňedýärdi. Soňra birdenem onuň keýpi gaçdy hem-de ýüregindäkini daşyna çykaryp, çürt-kesik etdi.
— Ýaltalar! — Soňra has pert gürledi. — Iş görmedik ýabylar. Symyşlabilenini symyşlaýalar, yzyndanam horlanjak bolýalar. Heý, beýle-de zat bolarmy? Eger barymyz iş etmän, köçelerde loňkuldaşyp ýörsek niçik bor? Ynha, özümi alyp göreýin, aýdaly, irden turýan. Aýalymam bir ýerini gazmaly ýa-da doňuz ýatagyny arassalamaly diýýä. Menem şoňa derek köçede şapadaklap ýörsem, däli diýmezlermi?
— Baý, seň ýeserdigiňi — diýip, uýasy başyny ýaýkady. — Akylyň öýjügi. Olar iş wagtynda däl-de, boş wagtlary ylgaýalar-a.
— Dogry, boş wagtlary ylgaýandyrlar — diýip, Nikolaý ýeň bermedi. — Özüm-ä ýekeje sagat sypyndygym, şony hojalygyň işlerine sarp edýän. Biziň oglanjyklammyza çenli ýumruk ýalylygyndan mellek agdarýalar, suwarýalar, towşanlara ot-çöp berýäler, çalman jaýyrýalar.
— Ýöne biziň bag-mellegimiz, towşanlammyz ýok ahyry.
— Ýok bolsa, ekiň.
— Nirä ekeli? Eýwanamy?
— Sizde ýer gyt däl. Men syn etdim. Daş-töwerek haşal otlardan gyrma. Siz ähli ýeri bagy-bossanlyga büräň hem-de ösüp-ulalary ýaly, olara esewan ediň. Bolgusyz güýmenjeleňňizi goýuň! — Nikolaý garaçyny bilen janykdy. — Men size iş tapyp bereýin. Bu taýda mellek üçin ýerem agtaryp boljak, jaýlaň aralygynda ýyladyşhanalaram goýup boljak. Ine, saňa mugt ýylylyk. Ýylboýy gök ekin ösdürip ýetişdirmek mümkin. Porsap ýatan howuzlaňňyzdanam peýdalanmaly. Olary mazaly arassalap, içine zagara balyklary goýbermeli. Balyklar leýis bolmasa, kellämi kesäýiň. Daş-töweregiňiz näteňet… Ähli ýanýodalaň, ýoljagazlaň ugry durşy bilen hapa-hupa… Barypýatan wejeraçylyk, ýekeje güljagazam ýok. Ynha, biziň howlymyza aýak sekdigiň, durşuna gül-pürçük. Agşamara bosagada oturarsyň… — Öýleri ýadyna düşende, onuň ýüzi ýagtylyp gitdi. — Her dürli müşk ysly güller kükäp durandyr — hakyt ysy janyňy alyp barýandyr… A sizde nähili? Walla, ylgap ýörmekdenem başga iş tapyp bolar ahyry! Elbetde, iki eliňi gowşuryp işsiz otursaň, onda başga gep.
Uýasydyr giýewleri onuň gepine garşy çykyp durmadylar. Mariýa bolsa diňe onuň saçlaryny hüžžerdip goýberdi.
— Wah, Kolýa jan… Ine-gana otur-da, bärde hezil edip dynjyňy al. Gyşar-da, telewizor gör, beýewbar biziň itnişik-dyknyşygymyzdan gorkýanam bolsaň, kitap alyp oka. Ýogsa, ynha, oba bararsyň welin, Sweta üstüňi işden gömer. Şondan ötri özüňe agram salma.
— Meň pişesizlikden içim gysýa. Öwrenişipdirin şoňa.
Birsellem oturyp gümür-ýamyr etdiler. Öýlerini, dogan-garyndaşlaryny ýatladylar. Soňra ýatmaga gitdiler.
Düşege geçmänkäler, Mariýa adamsyna şeýle diýdi:
— Görersiň, ynha, gider… Wah, gara doganjygym.
— Hawa… — diýip, adamsam jogap berdi. — Birtüýslüräk adam öz-ä.
— Ol gowy adam — diýip, Mariýa doganynyň tarapyny çaldy.
— Oňa erbet diýýän ýog-a. Ýöne Hudaý saklasyn, bardy-geldi, ony ýokarlarda bir ýerde dagy oturdaýsaň… Ol bu zatlaň baryny hakyt çyny bilen aýdýa ahyry. Şuň ýaly biri ýokaryk dyrmaşaýsa, dünýäni agdar-düňder edip, çepbesine çöwrer.
— Bükgüldäp ýörme — diýip, Mariýa güldi. — Biziň Nikolaýymyz ýokarlaryk düşmez.
Nikolaý welin süýji ukuda ýatyrdy. Ýöne gijäniň içinde penjiräniň aşagynda birden nähilidir bir ulag arlap, ony ukudan oýardy. Ol bimaza boldy, ukam harama çykdy. Otagam, öýüň içem asudady. Nikolaý çyrany ýakman aýaklaryny şarpyldadyp, penjiräniň öňüne geldi.
Ýoluň ýokarsyndaky hem-de jaýlaryň ýanyndaky çyralar nur saçyp durdy. Gijeki äpet jaýlar tutuksy görünýärdi. Tüm garaňky penjireleriň aňyrsynda, aşakdan-ýokarlygyna, o çetinden-bu çetine çenli adamlar süýji ukuda ýatyrdy. Müňlerçe-müňlerçe, millionlarça adam. Näme sebäpden, näme üçin olaryň başy bir ýere jemlenipdir — belli däl. Içi uklap ýatan adamdan hyryn-dykyn ägirt ýatalga wagony gidip barýan ýalydy — biri, onuň yzyndan ýene biri, üçünjisi… Ýolda mydama bolşy ýaly, adamlaryň ukusynyň rahat bolmaga haky ýokdy. Köp kişi özleriniň menziline garaşyp, garaňky äpişgeleriniň öňünde irkiljiräp oturandyr. Ýöne şol menzil niredekä?
Nikolaý şenbä çenli çydap gezdi, soňam ýola düşdi, iki gündenem öýlerine geldi. Her dürli sowgatjyklar, azyk önümlerinden oduk-buduk — ösümlik ýagyny, greçka getirdi. Keýwanysy begenmek-begendi, Mariýanyň hal-ahwalyny sorady.
— Ýeri, o taýda olaň ýagdaýy niçik?
— Aý, näme diýeýin… ugry ýok.
— Näme-näme? — Aýalynyň zähresi ýarylara geldi. — Ýaranoklarmy?
— Ýok. Ýuwaş-ýuwaş akyllary üýtgäp barýa.
— Seň özüň aýlandyrylyp goýberilen ýaly! Ýaňransyň — diýip, aýaly çak urdy. — Ömrüňde birinji gezek gidişiň welin…
Nikolaý aýalynyň gepini diňläp durmady-da, howla çykdy. Bary-ýogy on gün öýde bolmandy, ýöne ýaman içi gysypdy. Hatda towujaklarynam küýsäpdi. Ol towuklarynyň ýanyna baryp: «Tüý-tüý-tüý…» diýip çagyrdy. Ala-mula towuklary oňa ýaraýardy, olary şu ýyl edinipdiler. Gaty owadandy.
Eýýäm iňrik garalyp ugrapdy. Gün sap-sary bolup ýaşypdy, tas asmanyň ýarysyny tutupdy. Birden aýal dogany ýadyna düşdi. Şu wagt uýasy işinden boşandyr hem-de metro alňasap barýandyr. Içi dyknyşykdyr, kapasdyr, eýmenç, darajyk süren ýalydyr. Soň dükanlara aýlanmalydyr. O taýam märekelidir, barysam howlukmaçdyr, alňasaýandyr, itinişýändir. Hoş sözem eşitmersiň, güler ýüzem, mähirli garaýşam görmersiň. Ondan soňam aşhana baryp gydyrdanmalydyr. Onuň uýasyna nebsi agyrdy. Oba gelip, ukusyny beri almaly ahyry.
Ýöne hernäçe çagyrsalar-da, uýasy garasyny görkezenokdy. Ejelerini topraga dulanlaryndaky gelip-gidişidi, şolam gidişi-gidişi boldy.