Unut, baryny unut… (Nowella)
Pannalal PATEL,
hindi ýazyjysy
Aýyplanýan ýigidi uzak wagtlap barladylar. Kazy kiçeňräk alabeder ýüpek düwünçegi eline alyp:
— Munuň içinde näme bar? — diýip sorady.
Häliden bäri ses-sedasyz duran ýigit düwünçege gözüniň gytagyny aýlady-da, uludan demini alyp, pessaý ses bilen jogap berdi:
— Jenap, bu düwünçekde meň «Ramaýanam» ( Ramaýana — Şa Ramyň mifiki edermenligi hakynda gürrüň berýän gadymy hindi poemasy.) bar.
— Hany, anygrak aýt!
— Sary toz ( Sary toz — toýda ýaş çatynjalaryň başyna sepilýär.) bar, jenap!
— Diýmek, sen toýa barýan ekeniň-dä? Onda toý lybasyň hany? Näme üçin bezelen paýtunyň ýerine öküz goşulan araba, sözaýdyjylaryň deregine bolsa tüwüli haltalar bar?! Adamlar toýy gündiz tutýar, sen bolsa agşamlyk bellemekçi bolýaňmy? Beýlekiler toýa deprek kakyp, ýer godukladyp gitse, sen assyrynlyk bilen barmakçy bolýamyň? Munyň nähili toý boldugy?
Oturanlaryň şowhunly gülküsine ýygrylyp, bir gysym bolan ýigit:
— Dogry aýdýaňyz, jenap! — diýip, birhili, müýnli dillendi.
Sähel salymlyk dymyşlykdan soň, ol ýalbaryjy äheňde kaza ýüzlendi:
— Jenap! Şu düwünçekli wakany başdan gürrüň bermäge rugsat ediň!
Sary tozly düwünçek hemmelerde uly gyzyklanma döretdi. Kazynyň kömekçisi hekaýat otarmagyň ýeri däldigini aýtjak bolup, agzyny açanam şoldy welin, kazy oňa razylygyny berdi.
— Aýdyber! Ýöne gürrüň gysga bolsun!
— Bolýa, jenap! — diýen ýigit uzak oýlanybam durman, bada-bat gürrüňe başlady. — Bu wakanyň bolanyna bir, iki, ähtimal, üç çomasu ( Çomasu — takmynan, dört aýyň jemlenip aýdylyşy. Gujarat welaýatynda ýyl üç pasla bölünýär: şiýalu — gyş, unalu — tomus, çomasu — çigrek howaly möwsümi.) dagy geçen bolsa gerek.
Ýatlamalar ummanyna çümen ýigdekçe birmeýdan dymdy. Onuň gözüniň öňünde şrawana ( Şrawana — hindi senenamasynyň bäşinji aýy, 23-nji iýul — 22-nji awgust.) aýynyň tutuksy bir agşamy janlanan ýaly boldy. Şol gün derýanyň boýunda ösüp oturan gyrymsy agaçlaryň üstüni bulut örtüpdi. Derýanyň bulançak suwy siliň ýaňy-ýakynlarda ýuwup geçen ugry bilen başly-barat akýardy.
— Şol gün goňşy obanyň mal bakýan meýdanynda uzakly gün ýer sürüp geçirdim. Obalarymyz aýry welaýatda ýerleşýänem bolsa, öri meýdanlarymyzdyr geçitlerimiz birdi. Agşam çaglary öküzleri öýe kowdum-da, goňşy obanyň gäwmiş sürüsiniň suwdan geçerine garaşyp, kenarda oturdym. Süriň eýýäm ýarysy suwa giripdi. Birdenem, jenap, derýa joşup ugrady. Iki çopan, ýagny goja bilen juwan gyz mundan bihabardy. Men derýaň hanasyndan çykyp başlandygyny aýdyp gygyrdym-da, mallary kowuşmak üçin özümi suwa urdum. Goja gäwmişleri gyssaýardy, o gyz bolsa, jenap… Birdenem ol uýaljyrap dymdy. Soňam gürrüňini dowam etdi:
— Men oňa: «Kiki!.. (O gyzyň ady Kikidi). Suw joşýar, gäwmişiň guýrugyndan ýapyş-da, kenara tarap ýüz!» diýip gygyrdym. Ol bolsa şelaýyn jykyrdady-da, «Gorkuzjak bolma, Lakşman, men derýada edil balyk ýaly ýüzýän» diýdi.
Ol ýene dymdy. Soňra hormat alamaty hökmünde gollaryny döşüne gowşuryp, hekaýatyny dowam etdi:
— Bagyşlaň, jenap! Dogrymy aýtsam, men o diýen gürrüňçi adam-a däl, ýöne o gyz, hakykatdanam, balyk ýaly ýüzýärdi. Menem näme, «Aý, bolýa-da» diýip, elimi salgap goýberdim-de, öküzleri derýanyň saý ýerine sürdüm. Yzyma garanjaklap barşyma ýene bir ýola gygyrdym: «Eý, akmajyk! Öküziň guýrugyndan ýapyş-da, meniň yzymdan ýüz!». Ýöne, jenap kazy, aýal halkynyň nähili hötjet bolýandygyny özüňiz gowy bilýänsiňiz, olaryň göwnemedik zatlaryny zor bilen etdirip bolmaýar. Şol aralykda gyz sarisine çolaşyp başlady, menem kenara tarap haýdadym.
Derýanyň ortarasyna, has çuň ýerine ýetenimde ýene yzyma gaňryldym. Ynha, görsem, batly akym gyzy aljyradyp barýar. Ilkibada ol maňa ýüzýän ýaly göründi. Şonuň üçinem «Biderek howsala düşmäýin-le» diýip oýlandym. Soňra owadan, ýelpewaç ýaly guýrugyny ýaýan tawus guşuň duýdansyz turan şemala bäs gelip bilmän süllerişi ýaly, onuň ysgyn-mydardan gaçandygyna düşündim. Ol gözümiň öňünde gark bolup barýardy. Näme etmeli? Kömege ýetişmelimi? Belki, ol oýun edýändir, şeýdibem üstümden güljek bolýandyr. Birden gözümiň alnynda gark bolaýsa näderin? Onda maňa ýaşaýyş ýok. «Goý, gülse gülübersin» diýip, oýlanagada, joşup akýan bulançak suwa özümi urup, oňa tarap ýüzüp ugradym…
Ýigdekçe tolgunyp, sözüne dyngy berdi.
— Birsalymdan onuň ýakynjagynda peýda boldum. Ikimiziňem tüwdürilip gidäýmegimiziň daşda däldigini bilsemem, özüme erk edip bilmän henek atdym: «Ýeri, balyjak! Göni öýüňize tarap ýüzjekmi ýa-da deňze?». Jogap ýerine ol menden pugta ýapyşdy. Men bolsam atalarymyzyň aýdyp geçen «Kyrk ýyl gyrgyn gelse-de, içinde ajally öler» diýen dana sözlerini ýatlap, Kikini özüme tarap çekdim… Hawa, jenap…
Gürrüňiniň şu ýerinde Lakşman kalbynyň bir ýerinde gopan harasady daşyna çykarmajak bolup dymdy. Men «balyjagy» gujakladymmy ýa ol meni? Tolkunlara men hötde geldimmi ýa-da olary bir gudrat boýun egdirdimi, bu diňe Gudraty Güýçlä aýan…».
Ol kenara çykylansoň, ençeme wagtlap gyzy elinden sypdyrman ýatandygyny, gyzyňam ýylan ýaly boýnundan aýlanan gollaryny wagty bilen aýyrmanlygy hakda dil ýarmady.
Kazyýetiň mähellesi ýetik jaýynda Kikiniň minnetdarlyk bilen balkyldaýan göreçleri häzirem özüne garap duran ýalydy. Şonda Kiki derýanyň teýinden çykyp, jadylaýjy gözelligi bilen erkini alan hüýre çalym edipdi.
Süýji oý-hyýallaryndan aýňalan ýigit sözüni dowam etdi:
— Hawa, jenap, gyzy kenara çykaran badyma gitmekçi boldum. Emma ol golumdan tutdy-da, çekinjeňlik bilen şeý diýdi: «Men seniň bu ýagşylygyňy nädip ýerine salarkam?». Onuň gözleriniň owasy çygjaryp durdy. Men aljyrap, näme jogap berjegimi bilmedim. Şol aralykda kenara çykan öküzler, hamana, biziň gepimize düşünýän ýaly, gulaklaryny üşerdişip durdular. «Wah, uýajygym, goýbersene, ýogsam öküzler kündäni döwer…» diýip, men hiç zadyň gerek däldigini aýtsamam, ol elimi sypdyrman, şol bir diýenini tutdy durdy. «Ýok, Lakşman, men saňa hökman hoşallyk bildiräýmeli!». Men: «Ol gyzam özüm ýaly agalarynyň minneti bilen ýaşamaýan bolmaly» diýip oýlandym.
— Jenap, «Gowy adamlaryň täleýi ters bolýar» diýlip, ýöne ýere aýdylmaýan eken — diýende, ýigidiň sesi sandyrap çykdy. — Ine, şeýdibem şol kenarda birek-birege wepaly bolmagy wadalaşdyk. Ol bolsa birneme özüni dürsänden soň: «Men öz goragçym edip, ejemem, kakamam, agamam, uýamam däl-de, seni saýlaýan!» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Ýigit soňky sözlerini demi-demine ýetmän, zordan aýdypdy.
— Ondan bäri üç çomasu geçdi, jenap… — diýip, ol möňňürip goýberdi. Ysgyn-mydary galmadyk ýigit gözenegiň sowuk demirlerine maňlaýyny diredi.
Oňa kazynyň ejazasy bilen suw berdiler.
— Biz seni diňledik — diýip, kazy aýtdy. — Ýöne düwünçek barada ýalandan-çyndan hiç zat aýtmadyň. Biz näme sebäpden ýanyň bilen sary tozy alanyňa teý düşünmedik? Hany aýt, tüwi bilen tozuň nähili arabaglanyşygy bar?
— O barada-da aýtjak — diýen Lakşman, göýä güýjüni aýamak isleýän ýaly, ýuwaşja gepledi. — Şeýlelikde, biz adaglanan ýaly wadalaşdyk. Adata görä, men gyzyň agalaryna üç ýüz rupiýa bermelidim. Olaram biz ýaly ýeter-ýetmez günde ýaşansoň, Kikini ýöne berip goýberesleri gelmedi. Ýaşy ýeten gyz doganlary eýýäm üç ýyl bäri olara ýükdi. Şol sebäpli agalarynyň biri öýlenip bilmän ýördi. Toý tutara pullary ýokdy. Şonuň üçinem…
— Näme üçin öýlenmediň? — diýip, kazy düşünmän sorady.
— Wah, näler öýlenjek-le, ýöne üç ýüz rupiýany nireden alaýyn? Biz şol ýylyň özünde toý etmekçidik, doganlaram pula garaşmaga razydy, ýöne «Hasap edeniň däl-de, nesip edeniň bolar» diýleni-dä. Şol ýyl meniň ykbalymy bulutlar çözdi. Olar bhadar ( Bhadar — hindi täleýnamasynda awgust-sentýabr aýlary.) möwsümindenem has öň zym-zyýat boldy. Tomus möwsümi toprak tebsiräp, hasyldan derek galmady. Bütin maşgalam — garry ejem, inim hemem özüm arly ýyllap ýarym aç, ýarym dok ýaşadyk. Ýoksullygam bir bela, şeýle ýagdaýda toý nireden ýadyňa düşjek. Hasylly gelen soňky ýyl gallamyzdan iki ýüz rupiýa gazanybam biljekdik, ýöne süýthorumyz pursady elden bermedi, «Bergiňi ber!» diýägede…
— Hemmesini aldymy? Soňra näme boldy? Her niçigem bolsa, bu ýerde sary tozuň näme dahyly bar? — diýip, kazy ýene-de tozly gürrüňi gorjalady.
— Hawa, tozly ýere-de ýetdik — diýip, bokurdagy dolan Lakşman ýuwdundy.
Oturanlaryň ählisi tozly düwünçegiň syryny eşitjek bolup üşerilişdi.
— Obadaş aýallarymyzyň biri diwali ( Diwali — Ramaýana gadymy hindi epiki poemasynda, Şa Ramyň Sitany yzyna, öýüne getiren güni dünýe ýagtylyp, täze ýyla gadam basylýar. Şol günden soň, her ýyl ýaz paslynda täze ýyl garşylanylýar.) baýramyna atasy öýüne geldi. Ol ýaňy-ýakynda Kikileriň obasyna durmuşa çykypdy. Ebeteýini tapyp, onuň ýanyna bardym-da, Kiki barada soradym hemem ondan: «Wah, doganjygym, o görgüli ezýet baryny çekýär, gözüniň ýaşy kepänok!» diýen jogaby eşidip, depämden gaýnag suw guýlana döndüm. Hawa, jenap, biçäre gyz gelnejeleriniň gyýa garaýyşlaryndan ýaňa ezýet baryny çekýän bolarly. Agalary ony gyssasa, gelnejeleri ýaňsylap gülýärdiler. Onsoň Kikem ol gelinden: «Öýlenjegi çyn bolsa, sary toz bolmasa, zäher ugratsyn!» diýip, habar ýollapdyr. Şonda onuň sabyr käsesiniň pürepür bolandygyna düşündim. Men: «Öýümi, hany-manymy sataryn welin, oňa sary tozy ugradaryn» diýip oýlandym.
— Ammarymyzda otuz bäş man ( Man — 40 kg-a golaý agramlyk.) tüwim bardy. Obamyzyň söwdagäri bir mana alty rupiýadan artyk berenokdy. Goňşy welaýatda bolsa, sekiz-on rupiýa aralygynda satyn alýardylar. Onsoňam hökümet dükany bolansoň, kem çekjek gümanlary ýokdy. Kem çekäýenlerinde-de, özümiziňkileriňkiden beter bolmajagy anykdy.
Diwali baýramynda uly-il şatlansa, men biçäre ammarda oturyp tüwi sanaýardym. «Bulary goňşy welaýatda satyp biläýsem, meniňem toýum bolar» diýip göwün ýüwürdýärdim. Ýöne öz obamda satsam segsen rupiýa golaý ýitgi çekip, bolanja zadymy ýitirjekdim.
Ahyrsoňy hemmelere sary tozuň syry aýan boldy. Ýöne oturanlaryň birindenem ses-seda çykmady. Kazam lal-jim bolup oturansoň, Lakşman hekaýatynyň yzyny aýtmaga durdy.
— Jenap, men: «Bu tüwi özümiňki, islän ýerimde-de satmaga hakym bar» diýip hasaplaýardym. Bu nä, jenaýatmy? Başga welaýatyň serhedine geçmek, eýsem, jenaýatmy? Onsoň men öz söwdagärimizden çärýek guty sary toz satyn aldym. Diwali günlerinde adamlar sygyrlaryny bezäp, köçeme-köçe aýlanýardy. Şol gün hemmeleň keýpiçagdy, men bolsam görgüli inim bilen bilelikde, ammardaky tüwüleri haltalara gapgarýardyk. Meniň baýramçylyk günleri serhedi goraýan esgerler hüşgärligi gowşadar umydym bardy. Onsoň tüwüli haltalary öküzlere ýükledim. Kalbym galagoplydy, heniz beýle töwekgelli işe baş goşmandym. Megerem, şol sebäplidir, ýüregim gürs-gürs edip, agzymdan çykaýarly görünýärdi.
Lakşmanyň halys ragbaty gaçypdy, ol zordan gepleýärdi.
— Araçäge aýak basanymam şoldy welin, serhediň o tarapyndan, göýä tüpeňden atylan ýaly, «Dur!» diýen haýbatly sesi eşitdim. Zähräm ýarylara gelip, ýüregim ersip gitdi. Şeýle-de bolsa, esgerlere, «Doganlar! Günämi ötüň-de, goýberiň, bular ogurlyk däl, öz malym» diýip ýalbaryp-ýakardym. Netije bolmansoň gygyryp ugradym. «Siz bizi goramakdan geçen, gaýta elimizdäki zatlarymyzy alýaňyz, bizi talaýaňyz! Biziň welaýatymyzda muňa şeýlebir pes baha kesýärler welin, hiç diýip-aýdar ýaly däl!». Meni kim diňlesin diýsene, jenap. O barmana, ýumruk barynam iýdim.
Şu ýerde mundan artyk gepläp oturmagyň gäwmişlere «Gitany» ( «Gita» («Bhagawadgita») — «Mahabharata» atly hindi epiki poemanyň bir bölümi. ) okap berenden enaýy däldigi hakda oýlanan ýigit dymdy. Iki elini hormat bilen döşüne gowşurdy-da, soňky haýyş bilen kaza ýüzlendi:
— Jenap, şumbagt adamlaryň nalyşyny, Taňrydan başga eşitjek bolmaz eken. Siz eýýäm meniň arabamy, öküzlerimidir dänelerimi elimden almak, özümi bolsa zyndana taşlamak hakynda karar kabul etdiňiz. Ýöne garry ejem bilen inimiň garamaty meň boýnuma. Olaryň güni niçik bolarka, mensiz nähili ýaşarlarka? Jenap, meniň sizden ýekeje haýyşym bar. Şu sary tozly düwünçegi ejeme beriň. Ol häzir bärde. Goý, ol ony şu sözlerim bilen şol garamaňlaý gyza ýetirsin. — Onuň sesi, hamala, essinden aýylyp barýan kişiniňki ýaly haýallap başlady. — Kimiň günälidigi, kimiň bigünädigi diňe Biribara aýan. Ýöne ikimiz… gaýdyp… hiç wagt… görüşmeris… Şonuň üçinem saňa sary tozly düwünçegi ugradýan. Ony al-da özüňe başga, maňa görä has mynasyp ýanýoldaş tapyn…
Soňra ýigit özüni lampa ýere goýberdi-de, ýuwaşlyk bilen «Bagtly bol!» diýip möňňürdi.
Hökümi okamaga ýeterlik wagt bolsa-da, kazy ony ertire goýup çykyp gitdi. Oturan mähelle-de onuň yzyna eýerdi.
Kazyýet jaýynda diňe sakçy bilen eli sary tozly Lakşman galypdy. Aglap-aglap eňkamy gaçan ýigidi tussaghana äkitmäge sakçynyň bogny ysmady. Aslynda, höküm ertire goýlansoň, aýyplanýany tussaghana alyp gitmegiň zerurlygam ýokdy. Ýöne bu zeýilli işleriň ençemesini başyndan geçiren, köpügören sakçy näme etmelidigini gowy bilýärdi. Şonuň üçinem, hamana, höküm eýýäm okalan ýaly, Lakşmany umytdan düşürmejek bolup, köşeşdirmäge durdy:
— Hany, özüňi dürse! Bary gowy bolar, gardaş! Men hemmesine düşünýän. Şonuň üçinem Taňrydan sorasym gelýär: «Muňa kim günäkär? Öz welaýatynda tüwä şeýle arzan baha kesen kişimi ýa-da alyn deri bilen ýetişdiren hasylyny öz hakyky bahasyna satmak islän ýigitmi?». Wah, dost jan! Hasyly ýetişdirenem sen, ogram sen, zyndanda oturmalam sen!.. Men bar zady görýän, ähli zada düşünýän, gadyrdan, ýöne…
Sakçy oglanyň mejalsyz syrkaw ýaly zordan aýak üstüne galşyny synlap durşuna oýa batdy: «Muny gör-ä! Tut ýaly sagat, daýanykly juwan ýigidiň haly lagşap giden garryňkydan enaýy däl. Bu zatlaryň barysy elhenç düýşe çalym edýär».
Şol pursat ýigdekçäniň çykalga tarap yraň atyp barýanyny gören sakçy pikirlerinden aýňaldy:
— Ýok, dostum, sen ters ugra barýaň. Sen, ynha, beýläk barmaly. Gowusy, sen ähli zady unut… şol derýanam, şol şumbagt gyzam, öz ähtiňem, sary tozly düwünçegem, hatda meň aýdanlarymam unut!