Aý bilen teňňe (Ro­man) 1- bölek

Aý bilen teňňe (Ro­man) 1- bölek

Wil­ýam So­mer­set Mo­em

Wil­ýam So­mer­set Mo­em eser­le­rin­de sun­gat, sun­gat adam­la­ry bi­len bag­ly me­se­le­le­re köp ýüz­le­ner­di. Mu­ňa ýa­zy­jy­nyň tu­tuş öm­rü­ne nak­gaş­ly­ga ju­da im­ri­nen­di­gi-de tä­si­ri­ni ýe­ti­ren bol­sa ge­rek. Ol köp wagt­lap nak­gaş­la­ryň eser­le­ri­ne hy­ry­dar çy­kyp, ola­ry sa­tyn alyp ge­lip­dir. Onuň Tai­ti­de, hut Pol Go­ge­niň elin­den çy­kan bir ese­ri edi­nen­di­gi ba­ra­da hem mag­lu­mat bar.

Ýa­zy­jy­nyň «Aý bi­len teň­ňe» ro­ma­ny da­hy nak­ga­şyň pa­jy­ga­ly yk­ba­ly ba­ra­da. Onuň baş gah­ry­ma­ny Çarlz Strik­lend meş­hur fran­suz nak­ga­şy Pol Go­ge­niň yk­ba­ly­ny gaý­ta­la­ýar. 1917-nji ýy­lyň ba­şyn­da W. S. Mo­em Tai­tä sy­ýa­ha­ta gi­dip, Pol Go­ge­niň ýa­şan ýer­le­ri­ne ba­ryp gör­ýär, ony ta­na­ýan adam­lar bi­len du­şu­şyp söh­bet­deş bol­ýar.

1

Çarlz Striklend bilen tanşanymda, dogrusyny aýtsam, ol beýle adaty däl adamdyr öýdüp kelläme-de gelmändi. Häzir welin, onuň beýikligini inkär etjek adam tapylmasa gerek. Beýle diýmek bilen, işi şowlan syýasatçyny ýa-da şöhrat gazanan serkerdebaşyny göz öňüne tutmaýaryn. Sebäbi bu ýerde berilýän baha onuň özüne däl-de, eýeleýän ornuna degişli. Onsoňam eýeleýän ornuny ýitirmegi bilen, onuň şol beýikligi iň aşaky derejä çenli hem düşüp bilýär. Premýer-ministr edarasynyň çäginden daşda, köplenç, dilini saklap bilmeýän ýaňra adama, goşunsyz general bolsa, oba ýeriniň dereksiz şirine öwrülýär.

Çarlz Striklend welin, sözüň doly manysyndaky beýik adamdy. Onuň sungatynyň göwnüňizden turmazlygy-da ahmaldyr, ýöne siz oňa biperwaý garap bilmersiňiz. Ol sungat sizi özüne bendi eder. Onuň gülki ýassygy bolan döwürleri geçip gitdi, indi ony goldamak geň-taňlyk ýa-da götergilemek ahlaksyzlyk hasaplanmaýar. Onuň özüne mynasyp ýetmezçiligi, artykmaç derejesiniň üstüne hökmany urna diýlip kabul edildi. Dogry, entek ol nakgaşyň sungatdaky orny barada çekişme gidýär, ýöne janköýerleriniň öwgüli sözleriniňem, ony tankyt edýänleriň kemsitmeleri ýaly, esassyz bolmagy ahmaldyr. Ýöne oňa geniý diýen bahany welin, ikirjiňlenmän berse bolar. Meniň pikirimçe, sungatda iň esasy zat nakgaşyň şahsyýeti. Eger şol şahsyýet özboluşly bolsa, onuň müňlerçe ýalňyşyna-da gözümi ýummaga taýyn. Welaskesiň suratkeş hökmünde El Grekodan belent bolmagy mümkin. Emma oňa öwrenişiberdigiňçe, ozalkyň ýaly haýran galmaýarsyň. Şol bir wagtyň özünde-de, duýgur, köne garaýyşly tragik suratkeş biziň öňümizde kalbyny açýar. Aktýor, suratkeş, şahyr we sazanda belent manyly ýa-da ajaýyp sungaty bilen estetik islegi kanagatlandyrýar, ýöne ol ýagdaý kanagatsyz kanagatlanma öwrülýär. Sebäbi ol şerigat ysnyşygyndaky ýaly özüni hem saňa gurban edýär. Onuň syry detektiw romanyndaky ýaly özüne çekiji bolýar. Ol edil çözgüdi tapylmaýan dünýä derejesindäki matal ýaly meseledir. Striklendiň iň bir ujypsyzja işi-de, nakgaşyň özboluşly, çylşyrymly, jepakeş şahsdygyny açyp görkezýär. Şonuň üçinem, hatda onuň işleriniň göwnüňden turmaýanlary-da, seni biparh goýmaýar, şol ýagdaý hem onuň durmuşyna, häsiýetiniň aýratynlyklaryna gyzyklanma döredýär.

Striklend dünýäden ötenden soň, Moris Gýure «Merkýur de Frans-da» bir makala çap etmek bilen, ol nakgaşy unudylmakdan halas etdi. Kän sanly tanymal edebiýatçylar ýürekden çykýan, käte ýüzleýräk höwes bilenem bolsa, Gýureniň salan ýodasyndan ýörediler. Kän mahallar bäri Fransiýada hiç bir tankytçynyň pikirine beýle derejede üns berilmändi. Hakykatdanam, ol tankytçynyň getirýän delillerine gulak asmazlyk mümkin däldi. Deliller üýtgeşikdi, özem soňky ýazylan makalalar ol üýtgeşikligiň ýerden aýagyny üzmeýändigini tassyklady. Şol sebäpli-de, häzire çenli hem Striklendiň şöhraty şol fransuzyň goýan binýadyna daýanýar. Ol şöhratyň pajarlap ýaýramagy bolsa, sungatyň taryhyndaky iň hyjuwly waka öwrüldi. Ýöne meniň Çarlz Striklendiň sungatyna ýüzlenmegimiň sebäbi, ony seljermek üçin däl-de, nakgaşyň şahsyýetini häsiýetlendirýändigi üçin, oňa sähelçe üns bermekdir. Men şol ugurdan ýörite taýynlygy ýok adamlaryň Striklendiň döredijiligine diňe dymmak ýa-da bihuda pul dökmek bilen jogap bermelidir diýen gedem pikirlerini goldamaýaryn. Sungaty diňe hünärmeniň ahyryna çenli düşünýän hünäri diýip kabul etmek delilsiz hem esassyzdyr. Sungat diýmek duýgularyň ýüze çykmasydyr, duýgy bolsa hemmeleriň düşünýän dilinde gepleýär. Men sungatyň özenine düşünmek ukyby ýok tankydyň, peýdasy degäýjek pikiri örän seýrek aýdýandygyny bilýärin. Özümiň bolsa nakgaşlykda düşünjämiň ýabygorludygyna akylym çatýar. Maňa olar ýaly hilegärlige baş urmaklygyň geregi ýok. Sebäbi meniň dostum zehinli ýazyjy hem ajaýyp suratkeş Eduard Leggart özüniň çaklaňja kitabynda Striklendiň döredijiligini doly derňedi. Men ol derňewe Fransiýada Angliýadakydanam öňe sürülýän çeperçligiň nepis usulynyň nusgasy diýip at bererdim.

Moris Gýure öz belli makalasynda köpçülikde nakgaşa bolan bilesigelijiligi hem gyzyklanmany oýarmak maksady bilen, Striklendiň ömür beýanyny yzarlaýar. Öz bähbidine çapmaýan sungat janköýeri bolany üçin, ol Striklendiň çakdanaşa özboluşly ukybyna hakyky çeperçilik hünärmenleriň ünsüni çekmäge çalyşýardy. Üstesine, özi-de zehinli žurnalist bolany sebäpli, «hakyky adamçylyk höwesiniň» beýle maksada tiz ýetirýändigini-de, Moris Gýure oňat bilýärdi. Şonlukda, haçandyr bir mahal Striklend bilen Londonda tanşan ýazyjylar, Monmartr kafesinde ýüzbe-ýüz oturan suratkeşler öz aralarynda işi çüwmeýän, bişow diýlip ykrar edilen kişiniň, Fransiýanyň we Amerikanyň žurnallarynyň sahypalarynda makalalaryň çap edilmeginiň netijesinde, hakyky geniý ekenligini bilip galdylar. Ol ýatlamalar hem öwgüler hernäçe artsa-da, köpçüligiň bilesigelijiligini kanagatlandyryp bilmän, tersine, höwesini tutaşdyrdy. Mowzuk ajaýypdy, şonuň üçinem yhlasy güýçli Weýtbreht-Rotgols özüniň göwrümli monografiýasynda Striklend barada aýdylanlaryň uzyn sanawyny getirýärdi.

Rowaýat döretmäge ukyp adamyň zandyna guýlan bolmaly. Şonuň üçinem adamlar özlerine kybapdaşlardan bölünip gidenleriň durmuşyndan geň hem haýran ediji hekaýatlary susup alýarlar, açgözlük bilen öz dünýälerine ornaşdyryp, olara garaçynlary bilen ynanýarlar. Ol bolsa ýönekeý durmuşyň garşysyna duýgularyň turuzýan pitnesidir.

Özi hakynda rowaýat döredilen adam baky ömre hukuk alýar. Ýaňsylamagy halaýan akyldar bolsa, adamlaryň Uolter Ralini heniz daban degmedik ýerlerde iňlis tuguny dikeni üçin däl-de, öz ýapynjasyny patyşa gyzynyň aýagynyň aşagyna taşlap bileni üçin sarpalaýandygyny ýatlanda ýylgyrýar. Çarlz Striklend meşhur adam bolmandy. Onuň dostundan duşmany köpdi. Şonuň üçinem ol barada ýazýanlar özleriniň ujypsyzja ýatlamalarynda joşup gürrüň edere ýapyşalga tapyldygy, olaryň üstüni hyýaly zatlar bilen doldurmagyň aladasyny edýärdiler. Striklendiň durmuşynda geň hem heder etdiriji wakalar köp bolupdy, gylyk-häsiýeti ýowuzdy, ykbal oňa gazaply darapdy. Şeýlelik-de, ol hakdaky rowaýat kem-kemden şeýlebir wakalar bilen baýlaşdy welin, akyly ýerindäki taryhçy oňa batyrynmaga batyrgaýlyk hem edip bilmejekdi.

Ýöne sarpasy belent Robert Striklend akylly-başly bolmany sebäpli, diňe ömrüniň ikinji bölegine degişli bolan, «häzirem ýaşap ýören adamlara» zeper ýetirip, il içinde ygyp ýören «käbir nätakyk toslamalara düşündiriş bermek üçin» öz kakasynyň terjimehalyny ýazdy. Striklendiň oglunyň ýazan işini gyzyklanma bilen okap, beýle ýazgynyň döremegine begendimem. Ýöne ol iş entek çigdi, ýürekgysdyryjydy. Robert Striklend aladaçyl kakanyň, mährem ýanýoldaşyň, jepakeş hem örän edepli adamyň keşbini çekýärdi. Häzirki zaman ybadathana gullugynda duran Robert, eger ýalňyşmaýan bolsam, ekzogeza, ýagny teswir diýlip atlandyrylýan ylymda belli bir derejä ýetipdir. Kakasynyň başyndan geçen, ýöne ogluny «kanagatlandyrmaýan» wakalaryň hemmesiniň manysyny inçelik bilen «çepbe çöwürmekdäki» ukyby bolsa, oňa geljekde ybadathanada ýokary derejä galmaga gürrüňsiz ýol açýardy. Men bolsam, eýýäm onuň injiklerinde ýepiskoplaryň geýýän liliýa gülüniň reňkine meňzeş jorabyny görýän ýaly bolýardym. Onuň edeni batyrgaý, ýöne töwekgel işdi. Ile ýaýran rowaýatlar onuň kakasynyň adyny ýokary göterýärdi. Sebäbi olar adamlaryň bir böleginde şahsyýet hökmünde Striklendiň döredijiligine ýigrenç oýarsa, beýleki böleginde onuň pajygaly ölümi sebäpli, duýgudaşlyk döredýärdi. Netijede bolsa, oglunyň ýagşy niýetleri, geň bir ýagdaýda, kakasynyň janköýerleriniň oňa bolan höwesini sowadyp başlady. Striklendiň şowly işleriniň biri bolan «Samaritýan gyzynyň» bahasynyň, nakgaşyň ömür ýazgysynyň täze nusgasy çap bolanyndan dokuz aý geçensoň, öňküsinden 325 funt arzanlamagy-da ýöne ýerden däldir. Ony satyn alan belli kolleksiýaçy tarpa-taýyn ýogalandan soň, ol surat täzeden satuwa çykarylypdy.

Eger hyýalbentlige şeýle sadyklyk bilen berlen adamzat, biziň adaty däl närselere gyzyklanmamyza kast eden ugruny haýpygelijilik bilen zyňyp taşlamadyk bolsa, Striklendiň sungatyna ol agyr urgudan soň aýaga galmak üçin, täsinlik hem özüne çekiji uly güýç kemterlik ederdi. Üstesine-de, kän wagt geçmänkä Weýtbreht-Rotgolsyň sungat söýüjileriň gussa ýugrulan ähli şübhesini aýyl-saýyl edýän işi peýda boldy.

Doktor Weýtbreht-Rotgols taryhçylar mekdebine degişli bolup, diňe bir adamzat zandynyň ahlaksyzlygyny kabul etmän, eýsem, ony has-da garalamak isleýän taryhçylaryň toparyna degişlidi. Elbetde, hilegär taryhçylaryň, hyýalbentligiň ümrüne gaplanan sadalaç adamlary maşgala ahlagynyň nusgasy hökmünde öňe çyrkarjak boluşlaryna garaňda, şol mekdebiň wekilleri okyjylara has düýpli lezzet berýärler. Meni, mysal üçin, Antoniýa bilen Kleopatrany ykdysady bähbitden gaýry hiç zat ýakynlaşdyrmaýar diýen pikir gaty gamlandyrardy. Şeýle hem, Tiberiý hökümdarynyň hoşniýetliliginiň Georg V pes däldigine ynanmaga meni mejbur etmek üçin, gaty kän düýpli delil gerek bolardy.

Doktor Weýtbreht-Rotgols sarpaly ruhany Robert Striklendiň galamynyň astyndan çykan ömür beýanyny şeýlebir dalapdyr welin, bagtygara dindara, dogrudanam, nebsiň agyrýar. Onuň sypaýyçylygy — ikiýüzlülik, sypjyk

köp sözlüligi ― ýalan sözlemek, dymmagy — dönüklik hasap edilýärdi. Gep-gybatlary ýalana çykarmak, dartgynlylygy gowşatmak üçin, Çarlz Striklendiň Parižden ýazan hatyna salgylanmagyny, hut meniň özüm-ä jenap Striklendiň oýlanman gelen netijesi hasaplaýaryn. Sebäbi doktor Weýtbreht-Rotgols şol haty tapagada, nusgasyny çap edýär. Onda bolsa mese-mälim: «Meniň aýalymy al kaksyn! — diýlip ýazylan eken. — Ol oňat aýal. Ýöne men welin şu mahaldan onuň dowzaha düşmegini isleýärin». Buthananyňam hörpüniň ýokary wagtlarynda özüne bähbitsiz şaýatlara başgaça çemeleşendigini hem aýdyp geçmeli.

Doktor Weýtbreht-Rotgols Çarlz Striklendiň hakyky janköýeridi. Şonuň üçinem okyjylarda onuň dürli ýapyşalga ulanyp, hormat goýan adamyny aklar diýen gorkuly pikir ýokdy. Ondanam başga Weýtbreht-Rotgols daş sypaty gülala-güllük bolup görünýän hereketleriň göze görünmeýän tarapyny açmaga ussatdy. Ol psihopatolog bolsa-da, sungaty öwreniji hökmünde aňasty dünýädenem mazaly baş çykarýardy. Adaty närsäniň gizlin manysyny görmekde ol mistiklerdenem öňe geçýärdi. Mistik aýdylmadygy görüp bilýär, psihopatolog gürrüňi edilmedik zady. Makalany ýazan alymyň öz gahrymanyny masgara edip biljek ujypsyzja zady hem sypdyrman, jikme-jiklik bilen ulanyşyny yzarlamak örän gyzykly güýmenjedi. Daşýürekliligiň ýa-da ejizligiň ýene bir mysalynyň üstünden barmak bilen, haýsydyr bir birçak unudylan waka sarpaly Robert Striklendiň ogullyk abraýyna şek ýetirip bilse, ol edil inkwizitoryň ýoldan çykany otly ojaga zyňandaky bolşy ýaly, begenmekden ýaňa demigip gidýärdi. Onuň jepakeşligine haýran galaýmalydy, maýdaja bir zat hem nazaryndan sypmaýardy. Şonuň üçinem, eger Çarlz Striklend haçandyr bir mahal geýim ýuwýan edara ujypsyzja puly tölemedigem bolsa, şol tölegiň ýatdan çykmajagyna biz ynanaýmalydyrys. Eger-de ol karz alan ýarym kronyny gaýtaryp bermedik bolsa, şol gabahat işdäki kanun bozmaklygyň ýekeje nokady-da ünsden düşürilmezdi.

2

Eger Çarlz Striklend barada şeýle köp ýazylan bolsa, meniňem olaryň üstüni ýetirmegim hökmanmy? Nakgaşa goýulýan ýadygärlik, onuň öz döreden işleri bolmaly. Dogry, köp adam bilen deňeşdireniňde oňa juda ýakyndym, suratkeş bolmazyndanam has öň tanşypdym, Parižde güzeranynyň kyn mahallaram az görüşmeýärdik. Bolsa-da, eger meni urşuň harasady Taitä eltip zyňmadyk bolsa, hiç mahal ol barada ýatlama ýazmazdym. Belli bolşy ýaly, Striklend ol ýerde ömrüniň soňky ýyllaryny geçirdi. Men hem şol ýerde ony ýakyndan tanaýan adamlar bilen tanyşdym. Şeýlelik bilen, onuň pajygaly ömrüniň birneme garaňky bolup görünýän döwrüne yşyk bermäge meniň üçin mümkinçilik döredi. Köpleriň hasap edişi ýaly, Striklend, dogrudanam, beýik nakgaş bolan bolsa, onda ussat bilen günde-günaşa duşuşan adamlaryň ol baradaky gürrüňlerini eşitmegem gyzykly bolardy. El Grekony meniň Çarlz Striklendi tanaýşymdan pes tanamadyk adamyň ýatlamasyny diňlemek üçin, biz näçe tölemeli bolsa razy ahyryn.

Umuman, ähli zady beýdip delillendirjek bolup oturmagyň geregi hem ýok hasap edýärin. Kimiň aýdandygy ýadyma düşenok welin, bir dana kişi adamlaryň kalbynda durnuksyzlyk döretmek isleýän bolsaň, günde iki gezek olaryň islemeýän zadyny ediber diýipdir. Agşam ýorgana girmek, ertir ýorgandan çykmak bilen men şol nesihaty gylyny gyşartman berjaý edýärin. Ýöne zandym terkidünýälige golaý bolansoň, hepdede bir gezek öz bedenimi ýene bir ýowuz usul — «Taýmsyň» edebi goşundysyny okamak bilen gynaýaryn.

Awtor tarapyndan süýji umyt bilen dünýä inderilen san-sajaksyz kitaplar, olara garaşýan ykballar barada oýlanmak barypýatan ruhy jeza öwrülýär. Bu garma-gürmelikde käbir kitaplaryň öňe saýlanmak üçin özüne ýol açjagyna umyt barmyka? Nesibesine üstünlik düşäýende-de, ol uzak dowam etmez. Kitabynyň tötänden gabat gelen okyjyny bir sagat-ýarym sagat güýmäp bilmegi ýa-da ýol içgysgynçlygyndan ünsüni bölmegi üçin, ony ýazan adamyň nähili güzap görýändigini, yzda nähili azap görkezen pursatlaryň galýandygyny, yzaly agyrynyň ýüregini tüýdüm-tüýdüm edendigini bir Hudaý bilýär. Çap bolan synlara görä welin, ol kitaplaryň köpüsi örän oňat ýazylandy, elýetmez täze pikirleri özünde jemleýärdi, käbiri bolsa ömürboýy çekilen zähmetiň netijesinden döräpdi. Şoňa görä-de, öwgä, üstünlige, şowsuzlyga biperwaý garap, ýazyjy diňe zähmetinden, oýlanmalar süteminden boşamagyndan kanagatlanma gözlemeli diýen netijä gelýärin.

Ýöne soňy bilen käbir närselere täze garaýyş peýda boldy. Şonuň üçinem bizden soňkularyň haýsy ugur bilen gitjekdikleri aýdyň görnüp dur. Garadangaýtmaz, özünde güýç bardygyny bilýän ýaş nesil eýýäm bosagadan ätledi. Ol nesil içerik kürsäp girýär-de, biziň ornumyzy eýeleýär. Olaryň gohundan ýaňa howa endiremäge başlaýar. Ýaşlaryň edähedine eýerip, käbir gartaşan adamlaram heniz öz möwrütleriniň ötmändigine ynanan bolýarlar. Olar ýaşlar bilen deň galmagal turuzýarlar. Ýöne olaryň bogazlaryndan çykýan gykylyk däldi-de, naýynjar jyňňyldydy. Olar garrap, bahary sowlan käbir hatynlaryň ýüzlerine çem gelen reňki çalyp, ýaşlyklaryny gaýtarmagyň aladasyny edişleri ýaly, ýerliksiz ýagdaýa düşýärdiler. Has paýhaslyraklary bolsa öz ýollary bilen gidýärdiler. Olaryň gizlemäge çalyşýan ýylgyryşlarynyň aňyrsynda tekepbir ýaňsy bardy. Olar öz döwründe edil şu günki ýaşlar ýaly galmagal turzup, ellerine ujy otly taýak göterip, sandan galyşan argyn nesli nädip çete zyňandyklaryny ýatlaýarlar, şu günki dogumlyja, eline ot alyp ýörenleriň-de, öz orunlaryny ýaşlara bermeli boljakdygyny göz öňüne getirýärler. Soňky söz, asla ýok. Ninewiýanyň başy göge dirände, Täze wesýet eýýäm könelipdi. Adamlara örän täze bolup duýulýan batyrgaý sözler, ozal tas ýüz gezek aýdylanyň äheňi ýalyrakdy. Sagadyň yrgyldawajy saga-sola gidýär-gelýär. Hereket bolsa hökman halka boýunça amala aşyrylýar.

Uzak ýaşan adam özüne niýetlenen kesgitli bir wagtdan başga biriniň möwritine düşmeli bolýar, bu bolsa adamzat komediýasynyň iň gyzykly sahnalarynyň biridir. Mysal üçin, indi Jorj Krabby ýatlaýan barmy? Ol öz döwrüniň tanymal şahyry bolupdy. Biziň häzirki döwrümizde kellä gelmejek zat ― ony biragyzdan geniý hasapladylar. Ol Aleksandr Popuň şägirdi bolupdyr, gündogaryň gazalyna meňzeş kapyýalaşýan iki setirli öwüt-nesihat hekaýatlaryny ýazypdyr. Ýöne fransuz rewolýusiýasy tutaşyp, soňam napoleonçylyk uruşlary başlanany sebäpli, şahyrlar başga aýdymlara hiňlenipdirler. Krabb bolsa kapyýalaşýan iki setirli öwüt-nesihat äheňli hekaýatlary ýazmagyny dowam edipdir. Ol ýaşlaryň dünýäde şeýle bulam-bujarlyk döreden goşgularyny biderek hasaplapdyr diýip çaklamak bolar. Ýöne Kitsiň hem Wordswortyň waspnama eserleri, Kolrijiň poemalary, ondanam ýokary derejede Şelli adamzada ozal näbelli ruhy dünýäni giňişleýin açyp berdi. Jenap Krabb bolsa kapyýalaşýan iki setirli öwüt-nesihat goşgularyny ýazmagy dowam edýär. Men käte ýaşlaryň ýazan zatlaryny okaýaryn. Megerem, has hyjuwly Kite, has joşgunly Şelli minnetdar adamzadyň unutmajak täze eserlerini çap etdirendirler. Bilmedim. Men olaryň galamynyň astyndan çykýan setirlere şeýle ünsli çemeleşýändiklerine haýran galýaryn — elbetde, şonluk bilenem juwanlyk tamam bolýar, berlen wadalara dolanylmaýar. Olaryň stiliniň kämilligine geň galýaryn, ýöne söz baýlyklary (ýaşlykda olaryň Rojetiň «Hazynasyna» käte ser salandyklary görnüp dur) welin, meniň ünsümi çekmeýär. Çakym çak bolsa, olar juda köp zat bilýänem bolsalar, duýgularynyň aşa ýüzleýdigi göze dürtülip dur, yhlas bilen arkama kakyp, ýürekdeşlik edilmegini, tolgunyp, gujagyma dolunmagyny halamaýaryn. Men olaryň hyjuwyny ýüzleý, arzuwyny ýürekgysgynç hasaplaýaryn. Men labyrymy başga döwre atdym. Men öňkim ýaly, öwüt-ündewli wakalary kapyýalaşýan iki setirli goşgular bilen gürrüň bererin. Ýöne olary diňe özüme güýmenjelik üçin döredýän bolsam, akmagyňam akmagy bolardym.

3

Elbetde, bular gepiň gerdişine görä aýdylýan zatlar.

Men ilkinji kitabymy ýazan wagtym örän ýaşdym.

Işim tötänden diýen ýaly şowuna bolup, ol özüne köpleriň ünsüni çekdi. Netijede, her hili adam meniň bilen tanyşlyk açmak isledi.

Londonyň şol döwürdäki edebiýat dünýäsine tolgunmaklyk hem çekinjeňlik bilen aralaşan mahalymy, gamlanman ýatlap bilmeýärin. Köp wagt bäri Londona baryp göremok, ýöne täze romanlar onuň hakyky görnüşini beýan edýän bolsalar, ol ýerde köp zat özgeren bolmaly. Edebi durmuşyň esasy geçýän ýerleri indi üýtgäpdi. Gempsted, Notiň-Hill-Geýt, Gaýstrit hem Kensiňton Çelsi bilen Blumsberä orunlaryny beripdir. Ol döwürlerde ýaşy kyrka ýetmedik ýazyjylar adamlaryň ünsüni çekýärdi, häzir bolsa ýaşyň ýigrimi bäşden geçen ýazyjy bolsaň, üstüňden gülýärler. Şol döwür biz öz duýgymyzyň öňünde uýalýardyk, gülkünç görünmekden gorkymyz tekepbirlik hörpümizi peseldýärdi. Şol döwrüň döredijilik adamlary ahlagyň berk däbine laýyk bolmagyň aladasyny edendir öýtmeýärin. Dymmak ýapynjasy düşünjesizligimiziň üstüni örtende, biz özümizi ikiýüzli hasap etmeýärdik. Herki zady özüne kybapdaş atlandyrmak hökmany hasap edilmeýärdi, aýallaram ol mahallar entek erkana bolmagy öwrenmändiler.

Men Wiktoriýa demir ýol menziliniň ýanynda ýaşaýardym. Şowhunly edebiýatçylaryň ýanyna gitmek üçin omnibusa ( Omnibus — köp orunly paýtun.) münüp uzak ýol geçýärdim. Olaryň gapysynyň jaňyny basmaga ýaýdanyp, köçede uzak gezim etmeli bolýardym. Soň gorka-gorka dymyk howaly jaýa girýärdim. Meni gezekli-gezegine tanymal adamlaryň ýanyna eltýärdiler, olaryň kitabym baradaky aýdýan öwgüli sözlerini eşide-eşide saçymyň düýplerine çenli gyzarýandygyny aňýardym. Olaryň menden ýiti jogaba garaşýandyklaryny duýýardym, ýöne ýaşulularyň göwnünden turaýjak sözler meniň agzymdan diňe duşuşygyň ahyrlarynda çykýardy. Özümiň ýygralygymy basyrmak üçin töweregimdäkilere zol-zol çaý hem howul-hara taýýarlanan buterbrod paýlaýardym. Meşhur adamlaryň gep-gürrüňini elin diňlemek üçin, özüme üns berilmezligini isleýärdim.

Ata-baba döwründen galan, gözleri içiňden geçip barýan, eşikleri harbylaryňky ýaly bolup görünýän, ejizje syçana meňzeş, burunlak, tekepbir garry zenanlaryň sypaty ýadymda galypdyr. Men ol aýallaryň elliklerini-de çykarman, howlukmaçlyk bilen kakadylan çörek iýişlerini, soňundanam hiç kim ünsem berýän däldir öýdüp, barmaklaryny oturgyçlara süpürişlerini, edil jadylanan ýaly bolup synladym. Oturgyçlara eliňi süpürmek gowy däldi, ýöne öý bikesi öz gezeginde şu duşuşyga gatnaşýanlar öýüne çagyranlarynda şolar ýaly hereket bilen ar alýandyr öýdüp çak edäýmelidi. Şu günüň talabyna görä geýnen, ol hanymlaryň käbiri roman ýazýanlygy sebäpli özüne serenjam bermän, garantga ýaly bolup ýörmeli däldigini, eger sende göz eglenerli sypat-syrat bar bolsa ony ýaşyrmaly däldigini, kiçijik aýakdaky nepisje köwşüň henize çenli hiç bir neşirçä özüniň romanyny önümçilige almaga päsgel bermändigine ynandyrýardy. Käbir başga aýallar bolsa, beýle ýagdaýy ýeňilkellelik hasaplap iňňeden çykma eşiklere çolanyp, boýunlaryna-da bezeg şaýlarynyň gödekden gödegini dakynyp otyrdylar. Erkekler welin adatdakylary ýaly sypaýydylar. Olar ýokary gatlak wekili bolup, gerek mahaly gurply edaranyň uly diwan işgäri ýaly görünýärdiler, mydam ýadaw adama meňzeýärdiler. Ozal men hiç mahal ýazyjy görmändim, olar meniň üçin geňdiler, hatda bir tarapdan, ýasama ýaly görünýärdiler.

Men olaryň gep-sözleriniň ajaýypdygyny, şeýle hem ýüzi aňryk öwrülen islendik kärdeşini erbet tankytlaýandyklaryny geň galyp diňledim. Artist ýasawly adamlaryň artykmaçlygy: dost-ýarlary olara özleriniň diňe bir daş sypatlary ýa-da gylyk-häsiýetleri bilen däl-de, eýsem, öz eserleri bilenem gülki döremegine ýapyşalga döredýärler. Men hiç mahalam pikirimi olaryňky ýaly nepis, ýeňil beýan etmegi öwrenip bilmejekdime çynym bilen ynanýardym. Ol döwürlerde gepleşik sungat hasaplanyp, ýerlikli, pähimli, jogaby bolsa heniz üsti açylmadyk çuň pikir ýaly kabul edip, akmaklygy ýiti sözlülige öwürmek üçin entek mehaniki gural hökmünde ulanylmadyk epigrammalaram üýşmeleňdäki ýüzleý ýaňramalary birneme janlandyrardy. Haýpym gelýänem bolsa şol gep atyşmalardan hiç zat ýadymda galmandyr. Çakyma görä, edilýän gürrüňler biziň hünärimiziň söwda-satyk meselesine aralaşanda has janlanýan ýalydy. Täze gowy kitaby ara alyp maslahatlaşanymyzdan soň, elbetde, onuň näçe nusgalygynyň satylandygynyň, ýazyjynyň näçe hakujy alandygynyň, ýene näçe galamhaky alyp biljekdiginiň gürrüňini etmäge başlardyk. Onuň yzyndan hökmany suratda neşirçiniň üstünden düşülerdi, bir jomart neşirçi beýleki gysyk neşirçiniň garşysyna goýlardy. Olaryň haýsy bilen ― galamhakyny gysganmaýany ýa-da islendik kitaby gep-gürrüňsiz çykaryp biljegi bilen, iş salyşmalydygynyň maslahatyny ederdik. Bir neşirçi kitap ýazanyň öwüt-ündewini ýetirip bilýärdi, beýlekisi ony başarmaýardy, neşirçileriň biri häzirki zamanyň islegini bilmäge ökdedi, ýene biri diňe düýnüň ysyny alanyny, köneçillikden daşlaşmanyny kem görmeýärdi. Soňra gürrüň nobaty biz üçin, gazet redaktorlaryna gerekli makalalary sargyt edip, müň söze galamhaky näçe hem hähili — öz wagtyndamy ýa-da gijikdirip tölenýändigine güwägär araçy dellallara ýetýärdi. Bu zatlar meniň üçin örän gyzykly ýaly bolup görünýärdi.

4

Roza Uoterforddan başga hiç kim men hakda beýle ýakyn aladalanmandy. Onda erkek adamyň akyly aýal özboluşlygy bilen birleşýärdi. Onuň galamynyň astyndan çykýan romanlar bolsa aýratynlygy bilen aljyradýardy. Men Çarlz Striklendiň aýalyna hem onuň öýünde gabat geldim. Uoterford hanym çaý içişlik gurapdy. Onuň otagy adamdan hyryn-dykyndy. Hemme kişi şüweleňli ýaňraýardy, men bolsam bir çetde otyrdym. Özümi ýaramaz duýýardym, ýöne myhmanlaryň, öz aladalaryna tutuşlygy bilen gark bolan, haýsydyr bir toparyna goşulmaga çakdanaşa ýygralyk edýärdim. Uoterford hanym, hiç zady gözden salmaýan öý bikesi hökmünde, meniň çekinjeňlik edýändigimi görüp kömege ýetişdi.

― Size Striklend hanym bilen söhbet etmek gerek — diýip, ol maňa maslahat berdi. — Ol siziň kitaplaryňyzy haýran galyp okaýar.

― Striklend hanymyň özi näme pişe edýär? — diýip sowal berdim.

Men entek özümiň köp zatdan bihabardygym barada oýlanyp, eger Striklend hanym belli ýazyjy bolaýsa, onuň bilen gep-gürrüňe başlamazymdan ozal, nämäniň-nämediginden habarly bolmalydym.

Öz sözlerini täsirli görkezmekçi bolan Roza Uoterford uýalan boldy.

― Ol myhmanlaryny hezzetleýär. Eger siz onuň göwnüne ýarap bilseňiz, çakylygyňyzy eliňizde hasap edäýiň.

Roza Uoterford hiç zady alga almaýan zenandy. Durmuş oňa roman ýazmak üçin döredilen pursat bolup, adamlar ― çig maldy. Mahal-mahal şol çig maldan özüni öwýänleri myhmançylyga çagyrardy-da, diýseň ýürekdeşlik bilen kabul ederdi. Olaryň tanymal adamlara goýýan hormatynyň üstünden mylaýym gülüp, myhmanlarynyň öňünde özüni uly ýazyjy edip görkezmegi ussatlyk bilen başarardy.

Tanyş edilenimden soň, Striklend hanym bilen on minut çemesi ýüzbe-ýüz gürrüňleşdim, ýöne ol zenandan ýakymly sesinden gaýry göwnejaý zat tapmadym. Ol Westminsterde ýaşaýardy, jaýynyň penjiresi gurlup gutarylmadyk ybadathana tarap çykýar. Menem şol töwerekde ýaşaýardym, ol ýagdaý hem bize birek-birege ysnyşmaga kömek etdi. Temza bilen Sent-Jeýms seýilgähiniň arasynda ýaşaýanlar üçin, Goşunyň hem Flotuň herbap dükany olary birleşdirýän zynjyra meňzeýärdi. Striklend hanym salgymy sorady, birnäçe günden soň bolsa, ondan nahara çakylyk aldym.

Men oňa-muňa örän seýrek çagyrylýanym üçin, uly höwes bilen ýola düşdüm. Wagtyndan ir barmagy gelşiksiz görüp, ybadathananyň daşyndan üç gezek öwrüm etdim. Baranymda myhmanlaryň eýýäm başy jemlenipdir. Olar Uoterford hanym, Leý hanym, Riçard Tuaýniň hem Jorj Rod dagydy. Gepiň keltesi, diňe ýazyjylardy. Ýaz paslynyň ajaýyp günüdigi sebäpli, ýygnananlaryň keýpi çagdy. Gep-gürrüň dünýäde bar zatlaryň hemmesine degip geçýärdi. Öz ýaşlyk duýgularynyň arasynda janserek bolan Uoterford hanymyň egninde adaty ýaşyl köýnek, elinde nerkes gülleri bardy, durguşan ýaşynyň ýelgininiň täsirinde aýagyna beýik ökjeli köwüş geýipdi, üst-başy Pariž bezeglerine beslenendi, täze başgaplydy. Bu sypaty onuň gep-sözüne täsir goşýardy. Ol şu mahala çenli tanyşlarymyz barada beýle gaharly geplemändi. Edepliligiň ýiti sözlüligiň özenidigine ynanýan Jeý hanym, hatda stoluň üstündäki ak ýapynjany-da gyzarmaga mejbur etjek şorta sözleri pyşyrdap töwerege ýetirýärdi. Riçard Tuaýniň mydama bolgusyz zatlary ýaňraýardy, Jorj Rod bolsa özüniň eýýäm nakyla öwrülip giden ýiti sözlerini aýdyp gomparmak üçin däl-de, iýmäge tagamlyja zat salmak üçin agzyny açýandygy barada tekepbir pikir edýärdi. Striklend hanym az gepleýärdi, ýöne onuň umumy gürrüňi goldamakda bahasyna ýetip bolmajak zehini bardy, gürrüňiň arasy sähel salym kesiläýse, tüýs ýerine düşýän bir gepi atyp goýberýärdi welin, öňki gürrüň derrew janlanýardy. Uzyn boýly, dolmuşrak, ýöne gaty semiz däl, ýaşy otuz ýedi töweregi ol aýal gözelligi bilen parhlanmaýardy, ýöne mylaýym goýungözleri onuň garaýagyzrak ýüzüni ýakymly edip görkezýärdi. Ol garamtyl saçlaryny yhlas bilen darapdy, reňk bezegini-de çaky bilen ulanypdy hem beýleki iki zenan bilen deňeşdireňde sada, zynatsyz bolup görünýärdi.

Onuň aşhanasy göze dürtülip duran kelç-külçsüz, şol döwrüň asylly derejesi bilen bezelendi. Diwarlary beýik ak ýabşyrmalydy, ondan ýokarsyna ýaşyl reňkli kagyz örtük tutulyp, Uistleriň çarçuwa salnan gara reňkli owadanja haşamlary asylgydy. «Tawus göz» nagşy salnan agyr tutynyň bir ujy gönümel çyzyk bolup ýaşyl halynyň üstüne dökülip durdy. Halynyň gyralarynda Uilýam Morrisiň suratkeşlik endiginiň gürrüňsiz täsiri bolan ― gür agaçlaryň arasynda solgun reňkler bilen çekilen towşanlar şadyýan oýnaýardylar. Diwarpejiň daşy gök golland farfory bilen örtülendi. Ol döwürlerde tutuş Londonda şeýle sada, tukat, ussatlarça bezelen aşhanalar bäş ýüzden az bolmasa gerek.

Men ol ýerden Uoterford hanym bilen bile çykdym. Ajaýyp gün hem täze başgap biziň seýilbagda gezim etmek meýlimizi kesgitledi.

― Wagtymyzy erbet geçirmedik — diýip, men dillendim.

― Siz nahara nähili baha berýäňiz? Men oňa öýünde ýazyjylary görmek isleýän bolsa, tagamly nahar bişirmelidigini ynandyrdym.

― Akylly maslahat. Ýöne ol zenana ýazyjylar nämä gerek?

Uoterford hanym eginlerini gysdy.

― Hanym ýazyjylary üýtgeşik adam hasaplap, däp bolan ýoňdan çetde galmajak bolýar. Ol pahyr aşa sada aýal, biziň hemmämizi adatdan daşary adam hasaplaýar. Oňa bizi naharlamak hoş ýakýar. Biziňem onuň üçin ýitirýän zadymyz ýok. Şonuň üçinem ony gowy görýän.

Geçmişe nazar aýlaýaryn-da, Gempstediň aňrybaş gözelliklerinden başlap, Çeýn-Uokuň horaşaja studiýalaryna çenli awuny agtarýan awçylaryň arasynda iň bir sadasy, entegem şol Striklend hanymdyr diýip hasaplaýaryn. Onuň ýaşlygy obada geçdi. Paýtagt kitaphanalaryndan iberilýän kitaplar diňe bir hususy arzuwçyllyk manysyna bendi etmän, eýsem, London arzuwçyllygynyňam täsirini ýetirýärdi. Onuň kitap okamaklyga hakyky höwesi bardy (adamlaryň arasynda kitaby ýazan bilen, kitapdan beter gyzyklanýan, çeken suratyna derek, nakgaşyň özi bilen gyzyklanýany az bolýar), adaty durmuşynda ýetip bilmeýän erkinligini peýdalanmak bilen, hyýaly dünýäsinde ýaşaýardy. Ýazyjylara duşan mahaly, ol ozal diňe tomaşa zalyndan görýän sahnasyna çykan ýaly bolýardy. Ol döredijilik adamlaryny şeýlebir ulaldyp, göz öňüne getirýärdi welin, olary öýünde kabul etmek ýa-da ýanyna baryp görmek bilen, özüni başga, has belent durmuşda ýaşaýandyryn öýdýärdi. Olaryň oýun düzgünleri hanymy utandyrmaýardy, ýöne ol sähel salymlygam bolsa, olary hususy ýoly bilen ýöretjek bolmaýardy. Ýazyjylaryň erkin häsiýeti, edil eşik geýmekdäki ýaly adaty däl özboluşlyklary, ýerliksiz taglymatlary hem geň-taňlyklary ony gyzyklandyrsa-da, ynamyna täsir ýetirmeýärdi.

― Jenap Striklend dirimidir? — diýip sowal berdim. ― Hawa-la! Ol Sitide iş bilen meşgul bolýar. Biržada dellallyk edýän bolaýmasa. Özem juda içgysgynç adam.

― Gatnaşyklary bir hiç neneň dälmi?

― Bir-biriniň sarpasyny saklaýarlar. Hanym sizi nahara çagyrsa, onuň bilen görşersiňiz. Ýöne olarda keseki ýüze seýrek gabat gelýärsiň. Ol ümsüm adam, edebiýat, sungat diýen zatlara baş goşup ýörmeýär.

― Näzenin aýallaryň köpüsi näme üçin içgysgynç adamlara äre çykýarkalar?

― Sebäbi akylly erkekler näzenin zenana öýlenmeýärler.

Men bu söze garşy çykyp bilmedim-de, diňe Striklend hanymyň çagasy barmy diýip soradym.

― Hawa, bar. Bir ogul, bir gyz. Ikisi hem mekdep okuwçysy.

Bu gürrüňe nokat goýup başgasyna geçdik.

5

Tomsuň dowamynda Striklend hanym bilen ýygy-ýygydan duşuşypdyk. Men onuň şüweleňli zyýapatlaryna, has beterem dabaraly çaý içişliklerine köp barýardym. Biz birek-birege ýürekden hormat goýýardyk. Men ýaşdym. Belki, hut şonuň üçinem edebiýat ýolumdaky ilkinji kyn ädimlerimde maňa halypalyk edýändirin öýdüp göwnüni aldandyr. Maňa bolsa aladam bilen ýanyna barsam, üns bilen gulak asjak, akylly maslahat berjek daýanjymyň bardygyna ynanmak örän ýakymlydy. Striklend hanymyň duýgudaşlyk ukyby tebigydy. Örän oňat häsiýet, ýöne oňa akyl ýetiren adamlar öz ukyplaryny ulanmaga maý gözläp, açgöz mahluga öwrülýärler-de, doýmaz-dolmazlyk bilen dost-ýarlarynyň başyna bela inderýärdiler. Olar öz pidalarynyň işlerini has bulaşdyryp, göýä, nebit çüwdüriminiň zarby ýaly duýgudaşlyk bildirýärdiler. Käbir ýaňaklardan şeýle kän gözýaş syrykdy welin, men ony özümde synap görmek islemedim. Gözýaşym bilen hasam beter ünji, ýöne duýgudaşlygyny kabul etmek bilen bolsa, siz oňa hökman şatlyk bagyşlardyňyz… Men ýaşlyk göwnaçyklygy bilen bu barada aýdanymda Roza Uoterford şeýle diýdi:

― Süýt içmek ýakymly, ýöne sygyr welin süýtden tiz dynmak isleýär. Ýelin dyňzasa, sygyr üçin gaty ýakymsyz ýagdaý.

Roza Uoterfordyň dili şpan siňeginiňki ýalydy. Onuňkydan beter awuly söz aýdyp biljek ýokdy, beýleki tarapdan, hiç kim asal kimin ýakymly sözleri onça aýdyp bilmeýärdi.

Striklend hanymyň ýene bir gylygy — kaşaň ýaşamagy maňa ýaraýardy. Onuň öýi mydama tertiplidi, arassady, hemme ýerde güller açylyp, myhman otagyndaky tuty hem reňkiniň tutuksydygyna garamazdan, ýagty hem göze gelüwli görünýärdi. Ol nahary örän tagamly taýynlaýardy, çaklaňja nahar stoly ünsüňi çekijidi. Onuň üstündäki zatlar ýerbe-ýerdi, hyzmatçylaryň ikisi-de bezemendi, mylaýymdy. Striklendiň başarjaň hojalykçydygyny bir göreniňdenem bilmek bolýardy. Üstesine-de, ol, elbetde, çagalaryna tapylgysyz enedi. Myhman otagy onuň çagalarynyň suratlary bilen bezelendi. On alty ýaşlaryndaky ogly Robert Regbide okaýardy. Ol bir suratynda egni sport eşiklidi, beýlekisinde frakly hem dim-dik ýakalydy. Onuň maňlaýy edil ejesiniňki ýaly giňdi, owadan gözleri akyllydy, çuň oýlanýana meňzeýän gözleri paýhaslydy. Ol tertipli, sagat, aram ýetginjekdir diýen garaýşy döredýärdi.

Bir gezek meniň şol şekile garap duranymy görensoň, Striklend hanym:

― Men ony örän akyllydyr diýib-ä biljek däl — diýdi. — Ýöne gowy, mylaýym oglan.

Onuň gyzy on dört ýaşyndady. Onuňam saçy ejesiniňki ýaly garady, gürdi, tolkun-tolkun bolup egniniň üstüne dökülýärdi, bakyşy ýakymlydy, gözleri gam-gussasyzdy.

― Olaryň ikisi-de siziň şekiliňiz — diýip, suratlara özümçe baha berdim.

― Dogry. Atalaryna däl, maňa çekipdirler.

― Siz näme üçin meni adamyňyz bilen tanyşdyrmadyňyz? — diýip, gönümel sowal berdim.

― Siz tanyşmak isleýäňizmi?

Ol ýylgyrdy-da — ýylgyrşy diýseň ajaýypdy — çalarak gyzardy. Men onuň ýaşyndaky zenanlaryň sähelçe zada-da derrew gyzarýandyklaryna mydama geň galýardym. Sadalyk, mönlük, ähtimal, onuň esasy täsinligi bolsa gerek.

― Ol edebiýatdan daşdaky, adaty bir adam-da…

Zenanyň sözlerinde çigit ýaly-da äsgermezçilik äheňi ýokdy, tersine, gaýtam ony öz dostlarynyň çozuşlaryndan gorajak bolýan ýaly, mylaýym gürleýärdi.

― Ol biržada gulluk edýär. Tüýs birža dellaly. Tanyşsaňyz, içiňiz gysyp ölersiňiz.

― Onuň ýanynda size-de içgysgynçmy?

― Ýok. Men oň aýaly ahyryn. Oňa juda öwrenişipdirin.

Ol utanjyny gizlejek bolup aladaly ýylgyrdy. Megerem, Roza Uoterford kimin, bir degişmäniň agzymdan sypdyraryn öýdüp gorkýandyr. Zenan dymdy, gözlerinde bolsa mähir uçgunlary peýda boldy.

― Ol özüni geniýdirin öýdüp oýlanmaýar, kän pulam gazanmaýar. Ýöne ol geň galaýmaly oňat, ýakymly adam.

― Meniň onuň bilen jynym jyňkyryşsa gerek diýip pikir edýärin.

― Wagty gelse, sizi maşgala naharyna çagyraryn. Ýöne içiňiz gyssa welin, özüňizden görüň.

6

Ýagdaý şeýle boldy-da, ahyrsoňy Çarlz Striklende sataşsamam, oňly tanşybam ýetişmedim. Bir gezek irden maňa myhmanlardan biriniň gelip bilmeýändigi zerarly, şu gün agşam myhmançylyga çagyrylýandygymy habar berýän hat getirdiler. Hanym maňa gelmeýän myhmanyň ornuny eýelemegi maslahat berýärdi. Hatjagazda şeýle sözler bardy:

«Aňrybaş içgysgynç boljakdygyny duýdurmagy özüme borç hasaplaýaryn. Gelýän myhmanlaryň ýagdaýyna görä baha kesseň, tukatlyk gutulgysyz bolaýmaly. Ýöne siz, barybir, çakylygy kabul etseňiz, çäksiz begenerdim. Ikimiz ýagdaýyny tapyp, bir pursat ýüzbe-ýüz gürleşeris».

Men goňşy hormatyna çakylyga barmaly diýen netijä geldim.

Striklend hanym meni adamsy bilen tanyşdyranda, ol elimi göwünli-göwünsiz gysdy.

Oňa tarap çakganlyk bilen ýüz öwren aýaly:

― Men muny, dogrudanam, ýanýoldaşymyň bardygyny görkezmek üçin çagyrdym — diýip degişdi. ― Ýogsam bu onuň şeýledigine müňkürlik edip başlady.

Striklend gülmäge esas ýok degişme aýdylandaky ýaly hoşamaý ýylgyrdy, ýöne ýeke söz hem aýtmady. Täze myhmanlar öý eýesiniň ünsüni menden böldüler, ýene ýalňyz özüme berildim. Myhmanlaryň hemmesi ýygnanandan soň, saçaga alyp barmaly diýlip tabşyrylan zenanymy gürrüňe güýmedim. Men medeniýetli adamlar öz gysgajyk ömürlerini, irizen alada bagyşlamagyň çakdanaşa ýiti ussady bolýarlar diýen pikire gulluk edýärdim. Bu gezekki şamlygam, myhman kabul edýän öý eýesi näme üçin azap çekýär, adamlar bu ýere gelmek üçin näçe güýç sarp etdiler diýen sowallary tötänden orta oklaýan üýşmeleňleriň biri boldy. Saçak başynda on adam bardy. Olar duşuşanlarynda birek-birege biparh garaýan ýaly bolup duşuşdylar, hoşlaşyk pursadyna bolsa, eginlerinden agyr ýük aýrylmaly ýaly bolup garaşýardylar. Beýdip myhman çagyrmak sypaýy gatlak üçin zerurlyk ýaly bir çäredi. Striklendler özleri üçin içgysgynç adamlary nahara «hökman» çagyrmalydylar. Şeýlelikde, olaram, myhmanlaram öz borçlaryny berjaý edýärler. Ol näme üçin edilýär? Saçak başynda tete-a-tete — ýagny öýüňde diňe ikiçäk, ýüzbe-ýüz oturmazlyk, öz hyzmatçyňa dynç bermek hemem edilen çakylyga garşy durmaga tutaryk bolmany ýa-da myhman çagyrmak bergisiniň bardygy üçin edilýär.

Aşhana, barybir, darlyk edýärdi. Saçak başynda belli aklawçy aýaly bilen, hökümet dikmesi aýaly bilen, Striklend hanymyň aýal dogany adamsy polkownik Mak-Endrýu bilen we bir parlament agzasynyň aýaly bardy. Parlamentiň agzasy bu gün işden sypynyp bilmejekdigi sebäpli, onuň ýerine meni çagyrypdyrlar. Ýygnanan adamlaryň deňli-derejeliligi çekip-çydap bolmajak ýagdaý döredýärdi. Zenanlar üýtgeşik geýinmäge esas döredýän näz-kereşmelidi, özlerine üns berilmegine hem derejeleriniň belentdigine halys ynanýardylar. Erkekler bolsa özlerini epeýlige, agraslyga ýugrulan edip görkezmegiň aladasyndadylar. Olardan göwnühoşlugyň şemaly öwüsýärdi.

Hemme kişi ýygnanyşygy birneme janlandyrmak höwesi bilen, özünden biygtyýar gaty ses bilen gepleýärdi, şonuň üçinem otag galmagallydy, gürrüň gürrüňe sepleşip ötägitmeýärdi. Her kim işdäaçar, çorba hem balyk berlen mahaly, sag tarapdaky gowrulan et, gök önüm hem naharyň ahyrynda süýjülik gelende, çep tarapdaky goňşusyna ýüz tutýardy. Gürrüň syýasat barada, golf barada, çagalar barada, soňky goýlan spektakl, Korol akademiýasynda goýlan suratlar, howa, tomus dynç alşy hakynda gidýärdi. Gep-söz alyşmak bir minut hem togtaman, galmagal güýjeýärdi. Striklend hanymda begenmäge esas bardy ― üýşmeleň ýokary derejededi. Onuň adamsy hem özüni öý eýesi ornunda diýseň oňat alyp barýardy. Ýöne ol örän dymma bolany üçin, iki tarapyndaky zenanlaryň ýüzünde ýadawlyk aňdym. Çaky, öý eýesi olaryň içlerini gysdyrypdy. Birki gezek Striklend hanymyň ýowuz nazary adamsyna gönükdi.

Süýjülikden soň Striklend hanym ýerinden turdy, zenanlaryň hemmesi topar bolup onuň yzyndan myhman otaga geçdi. Olaryň yzyndan gapyny ýapan Striklend saçagyň törüne geçdi-de, döwlet dikmesi bilen belli aklawçynyň arasynda oturdy, her kime bir bulgur buza guýup, hezzetlemäge durdy. Buza aklawçyň göwnüne ýarady, Striklend ony satyn alan ýerini aýtdy. Soňra aklawçy özüniň alyp baran bir kazy mejlisi barada, polkownik bolsa polo oýnundan gep açdy. Maňa bolsa başgalaryň gepine goşulmaga ýagdaýym bolmansoň, dymyp oturmak galýardy. Hiç kimiň meň bilen işi ýokdy, dagy güýmenjäm bolmansoň, Striklendi synlamaga başladym. Ol çak edişimden daýawrak eken, men, näme üçindir, Striklendi arryk, bigörkräk adam bolsa gerek diýip çaklapdym. Hakykatda bolsa, ol eginlek, agyr göwreli, elleri-aýaklary berdaşlydy, egnine holpugrak gelýän penjegi bardy. Ol haýsydyr bir titije paýtunçyny hem ýatladýardy. Ol kyrk ýaşlaryndaky görmegeýem däl, bedroýam däl, hemme synasy ýerbe-ýer adamdy. Ýöne ýüzi uly bolansoň ýakymsyz duýgy döredýärdi. Ol sakgal-murtuny ýylmap syrypdyr welin, ýaýbaň ýüzi gelşiksiz ýalaňaçlanan ýaly bolup görünýärdi. Onuň saçy sarymtyldy, gytyjak gyrkylandy, gözleri hem melemtil, hemem gök ýalydy. Umuman, onuň daş sypaty barypýatan adatydy. Men Striklend hanymyň il ýüzüne ondan az-kem utanýan ýalydygynyň sebäbine düşündim. Edebiýatçylaryň, aktýorlaryň jemgyýetine aralaşmak isleýän aýala beýle är gerek däldi. Ol ýokary gatlak wekiliniň görnüşindenem düýpden mahrumdy. Ýöne beýle şerte gabat gelmek hökmanam däl ýaly welin, ol adam haýsydyr bir geň-taň endigi bilenem tapawutlanmaýardy. Ol kalby arassa, tukat, adaty bir päk adamdy. Käbir gylyklary, belki, öwgä-de mynasypdyr, ýöne onuň bilen jynyň jyňkyryşmagy welin, mümkin däldi. Beýle meselede ol hiç zatdy, hiç kimdi. Jemgyýetiň edep-ekramly agzasy bolsa-da, aýalynyň oňat adamsy, çagalaryna mynasyp ata bolsa-da, halal dellal bolsa-da ol adam bilen pikir alyşmak, ýitiren wagtyň öwezini dolmaýar.

7

Gezelenje, dynç almaga gidilýän möwsümiň başlanýan başagaýlyk wagty ýetip gelýärdi. Striklend hanym öz maşgalasy bilen Norfolka gitmek üçin şaýyny tutýardy. Ol ýerde çagalary deňze suwa düşüp hezil etse, adamsy myžžygy çykýança golf oýnap biljekdi. Biz onuň bilen güýzde duşuşmagy wadalaşyp hoşlaşdyk. Ýöne ugramazlarynyň öň ýanynda onuň bilen, çagalary hem ýanyndaka, dükanyň bosagasynda gabat geldim. Ol hem edil men ýaly, Londondan ugramazynyň öňünden iň soňky gerek zatlaryny alyşdyrmaga çykan eken, olam men ýaly ýadaw hem gyzmarak görünýärdi. Men ony seýil baga doňdurma iýmäge çagyrdym.

Striklend hanym çagalary bilen tanyşdyrjagyna begenýändigi üçin, çakylygymy höwes bilen kabul etdi. Çagalar hakykat ýüzünde suratdakydan has özüne çekiji görünýärdiler. Hanym olara buýsanýardy. Men entek ýaşdym, şonuň üçinem olar ýygralyk etmän, meniň bilen arkaýyn lakgyldaşdylar. Olar örän täsin, sag-salamat, ýüzleri suwly, mähirli çagalardy. Olar bilen agaçlaryň arasynda oturmagam ýakymlydy.

Bir sagat çemesi wagt geçensoň, hanym ulag çagyrdy-da, öýüne gaýtdy. Men bolsam, birneme wagt geçirmek üçin kluba tarap pyşdyllap ugradym. Şol gün kalbym tukatlykdan dykylyp doldurylan ýalydy, şonuň üçinem şu mahalky gabat gelenim ýaly dokuzy düzüw, döwletli maşgala hakda oýlanyp, özümde haýsydyr bir möçberde göriplik duýdum… Är-aýal bolup ýaşaýanlar, çaky, bir-birini söýýän bolmaly. Olar gürrüň arasynda töwerekdäkilere düşnüksiz bolup galýan, many bermeýän bir sözjagaz oklap, ysgyndan gaçýança gülüşýärler. Söz gözelligini ähli zatdan belentde tutýan nukdaýnazardan çemeleşseň, Çarlz Striklendiň tukat bolmagy-da mümkin, ýöne onuň derejesi ýaşaýan şertiniň derejesi bilen laýyk gelýär, ol bolsa diňe bir üstünligiň girewi däl-de, eýsem, bagt hasaplanýar. Striklend hanym ajaýyp zenandy, adamsyny söýýärdi. Men olaryň durmuşynda hiç kim tarapyndan zeper ýetirilmedik, päk, parahat, şeýle hem ösüp gelýän gül gunçasy ýaly iki sany, öz kowumynyň, öz gatlagynyň manyly, sagat däbini dowam etdirmek paýy alnyna ýazylan ogully-gyzly mynasyp akabasyny göz öňüne getirdim. «Olar tä gaty garrylyk müçesine çenli asuda ýaşasalar gerek — diýip içimi gepletdim. — Çagalarynyň ýetişen döwrüni görerler, ogullary sagatja çagalaryň enesi bolmaga mynasyp akylly-başly gyza öýlener, gyzlary hem görmegeý ýaş ýigide durmuşa çykar, geljekki giýewiniň harby adam bolaýmagam ahmaldyr. Şeýlelikde, juda garrylyk ýaşyna ýeten, bagtyýar durmuşda ýaşan är-aýal özlerini gurşap alýan asudalykdan, çagalarynyň hem agtyklarynyň gözýaşlaryna gark bolup bakyýete göçerler».

Uzak möhletli är-aýallyk durmuşynyň taryhy şeýle bolsa gerek. Şeýle durmuşyň, dogrudanam, ýasamalykdan daşgary, tebigy mazasy bar. Ol tä serhetsiz deňze baryp guýýança, ýaşyl öwsüp ýatan düzlükden, gür agaçlaryň kölegesinden parahat akyp ýatan çeşmäni ýatladýar. Deňiz bolsa şeýle asuda, şeýle ümsüm welin, şonuň üçinem garaşman durkaň kalbyňa tukatlyk, bulaşyk hasrat gelip goşulýar. Belki-de, ol meniň häsiýetimde baryp, şol ýyllar dörän täsiriň ýetiren geňligidir. Ýöne köpçüligiň agramly böleginde takdyryň şeýle bolmagyny mydama sustluk hasaplaýardym. Men ol durmuşyň jemgyýetçilik bähbitli gymmatyny ykrar edýärdim, tertipli bagtyýarlygyny görýärdim, ýöne damarymdaky gyzgyn gan başga, has galagoply ykbaly küýseýärdi. Kynçylyk görmän ýetilýän beýle şatlyk meni gorkuzýardy. Meniň ýüregim has howply durmuşa tarap atygsaýardy. Goý, ýolumda suwasty gaýalar, al salýan ýalpaklyk gabat gelibersin, ýöne tötänden, garaşylmadyk ýerden peýda bolan begenjiň nämedigini bilerim ýaly, ömrüm asuda geçmesin.

8

Striklendler barada ýazanlarymyň ählisini gaýtadan okap, olary juda öçügsi beýan edendigimi bildim. Men olaryň keşbine kitap gahrymanlaryna mahsus, hakyky durmuş bilen ýaşamaga mejbur edýän häsiýetlerinden hiç zat goşmagy başarmadym. Bu kemçiligi öz günäm hasaplap, olaryň häsiýetlerine goşar ýaly haýsydyr bir alamatlary ýadyma saljak bolup kän kelle döwdüm. Haýsydyr bir halanýan sözjagazy oýnadyp ýa-da haýsydyr bir gylyk-häsiýeti öňe sürüp, gahrymanlarymy öňküsinden has täsirli edip biljekdigime ynanýaryn. Häzir olar reňkli matanyň ýüzüne çekilen şekiller ýaly öçügsi görünýär, çekilen ýeriniň reňki bilen goşulyşyp giden ýaly bolup dur, uzagrakdan garasaň-a, olar bütin sypatlaryny-da ýitirip, diňe göze ýakymly reňk çalnan zolak bolup görünýär. Günämi öz boýnumdan aýyrmak üçin, tapylaýjak ýeke-täk ýapyşalgam bolsa, olary şeýle ýagdaýda gördüm diýen gaçybatalgady. Olarda durmuş gurluşynyň bir bölegi bolmak bilen, diňe şol gurluşa minnetdar bolup ýaşaýan adamlara mahsus gümürtiklik alamaty bardy. Ol adamlar bedenimize zerur, ýöne sag wagty ýadyňa düşmeýän öýjükleri göz öňüňe getirýär. Striklendler adaty buržuaz maşgalasydy. Mylaýym, myhmansöýer, ikinji derejeli edebi akyma gyzygan aýal, taňrynyň oňa borç diýip goýan şertini artykmajy bilen berjaý edýän, aşa içgysgynç är, mylaýym, sagat çagalar. Şeýle jüpüne düşäýen, dokuzy düzüw maşgala gabat geläýmegem aňsat däl. Olarda geň-taňlygy halaýan adamyň ünsüni çekäýer ýaly täsinlik ýokdy.

Şondan soň nämeleriň bolup geçenini ýatlap özüme ýüzlenýärin. Eger Çarlz Striklendde dünýäden bizar, dar garaýyşly adamyň häsiýetinden başga zat duýmadyk bolsam, onda men akmakmykam? Mümkin. Şol günlerden şu günümize çenli ýyllaryň dowamynda, kän-kän adamlar bilen tanşyp gazanan tejribäm bilen baha kessemem, onuň Striklendlere ilkinji duşanymda kesen bahamdan üýtgeşik bolmajakdygyna ynanýan. Ýöne bir aýratynlyk bar. Adam ömri garaşylmadyk waka örän baý bolýar. Şony bilmedik bolsam, güýzde Londona dolananymda eşiden habarym, beýle aňk etmese-de etmezdi.

Hut gelen günümiň ertesi Jermin-stritde Roza Uoterford bilen ýüzbe-ýüz gabat geldim.

― Biçak aljyraňňy görünýäňiz welin, bir zat bolan-a däldir? — diýip, men sowal berdim.

Ol ýylgyrdy, gözlerinde özgäň muşakgaty hoşuna gelýän alamat göründi. Beýle ýagdaýyň sebäbi derrew düşnükli boldy. Dostlarynyň biri bilen dawaly bir wakanyň bolup geçendigini gürrüň berende, edebiýatçy zenanyň ähli duýgulary tolgundy.

― Siz Çarlz Striklend bilen tanyş ahyryn?

Rozanyň diňe bir ýüzi däl, eýsem, tutuş bedeni hem söweşe taýýardygyndan habar berýärdi. Men baş atdym-da, ol pahyr omnibusyň aşagyna düşendir ýa-da biržada utulandyr öýdüp çak etdim.

― Aýylganç waka boldy. Ol aýaly bilen tersleşdi.

Uoterford hanym Jermin-strit köçesiniň ýanýodasynyň beýle gürrüňleriň edilmeli ýeri däldigini aňyp, damarynda artistlik gany bolany sebäpli, geň habaryň diňe ujuny aňdyrmak bilen, jikme-jik hiç zat bilmeýändigini aýdyp, aňk etdi oturyberdi. Dogrusy, menem şäher garma-gürmeligi ýaly maýda-çüýde zadyň oňa päsgel berip biljekdigine müňkürlik etdim. Ýöne ol bir diýenini tutdy.

Ol meniň sansyz sowallaryma:

― Hiç zat bilmeýänim size aýdylýar ahyry — diýip jogap gaýtardy-da, eginlerini çalarak siltäp dowam etdi. ― Men-ä kafedäki naşyja hyzmatçy ara düşdümikä öýdýän.

Roza täsin ýylgyrdy-da, özüne diş lukmanyň garaşýandygyny aýdyp, ökjelerini haýbat bilen tyrkyldadyp, bu ýerden arany açdy.

Gyzyklanmam gynanjymdan öňe düşdi. Ol döwürler ýaşaýyş tejribäm ýabygorludy, şonuň üçinem diňe romanlarda okaýan wakalarymyň, tanyşlarymyň arasynda-da gabat gelendigi haýran galdyrdy. Soň-soňlar beýle ýagdaýlar bilen öwrenişibem gitdim welin, ol mahal gaty haýran galdym. Striklend kyrk ýaşlaryndady. Şonça ýaşan adamyň söýgi torunyň alyna aldanyp ýörmesiniň manysyna düşünmeýärdim. Özümiň ýaşlyk tekepbirligimiň çygry bilen oýlanyp, asyl, otuz bäş ýaşdan soň söýgä baş goşulýan däldir öýdýärdim. Şoňa görä-de, täze habar meni-de gelşiksiz ýagdaýda goýdy. Men entek obadakam Striklend hanyma hat ýollap, bahym Londona dolanýandygymy, dolanan badyma-da, elbetde, eger hanym garşy bolmasa, bir bulgur çaý içmäge barjakdygymy ýazypdym. Men hut şu gün barmaga wada edipdim, emma hanymdan jogap gelmedi. Ol meni görmek isleýärmi ýa islänok? Bu-da sowally mesele. Belkem, aljyraňňylygy bilen meniň hatymy ýadyndan çykarandyr. Şonuň üçinem häzir onuň öýüne barmagym gelşiksiz boljakdy. Başga tarapdan garasaň bolsa, belki-de, syryny syr hökmünde saklamak isleýändir. Şoňa görä-de, men hem geň habaryň gulagyma ýetendigini aňdyrsam, edepsizligimi görkezdigim bolardy. Men ajaýyp zenanyň inçe duýgusyny depelemek islemedim, edil şonuň ýaly-da, özümi ýüregedüşgünç edip görkezmekden çekindim. Onuň juda hasrat çekýändigi aýdyň zat. Şeýle bolsa-da, ýagşylyk etmäge ýagdaýyň ýok halatyňda, hasratly adamyň hasratly ýagdaýyny synlamaga barmagyň näme hajaty bar? Emma oňa garamazdan, bilesigelijiligimden utansamam, başyna inen apatyň garşysyna neneňsi göreşýändigini görmek isledim. Gepiň keltesi, iki oduň arasynda galan adama öwrüldim.

Soňra hiç zatdan bihabar kişi bolup baraga-da, hyzmatçynyň üsti bilen Striklend hanymyň kabul etjegini-etmejegini bilmeli diýen pikire gulluk etdim. Ol hereket hanyma, eger islemeýän bolsa, meni kabul etmezlige mümkinçilik berer. Barybir, hyzmatçynyň öňünde ozaldan taýynlan sözlerimi uýalyp gaýtalanymdan soň, daşky garaňky girelgede jogaba garaşyp durkam, gaçyp gitmekden saklanmak üçin ähli güýjümi bir ýere jemledim. Hyzmatçy aýal dolanyp geldi. Men tolgunmamyň arasy bilen, hyzmatçy aýal maşgalanyň depesinden inen betbagtlyklaryň baryndan habardardyr diýen netijä geldim.

― Siz şu ýere geçäýseňiz nähili bolar, jenap? — diýip, hyzmatçy maňa ýüzlendi.

Men onuň yzy bilen myhman otaga girdim. Penjireleriň hemmesiniň tutusy tutuş galdyrylan diýen ýalydy. Striklend hanym arkasyny ýagty tarapa öwrüp otyrdy. Diwarpejiň öňünde gaýynagasy polkownik Mak-Endrýu köräp başlan oda çoýunyp durdy. Men örän ebeteýsiz ýagdaýa düşdüm, şu mütdet peýda bolmagym bilen, olary oňaýsyz ýagdaýa saldym öýdýän diýen pikir hyýalyma geldi. Hanymyň maňa girmäge rugsat bermegini bolsa, diňe hatyma «gelme» diýip jogap ýazmandygy üçindir diýip hasap etdim. Polkownik peýda bolmagymy halamady diýen netijä geldim.

― Siziň meni kabul etjekdigiňize ynamym ýokdy — diýip, ýasama erkinlik bilen gepledim.

― Elbetde, kabul etjekdim. Häzir Enn bize çaý berer…

Men hatda alagaraňky otagda-da Striklend hanymyň aglamakdan ýaňa gözleriniň çişip, baýaky az-kem aksowult ýüzüniň ýeriň reňki ýaly melemtildigini saýgardym.

― Meniň gaýynagam bilen-ä tanyş bolsaňyz gerek? Siziň ýazda meniňkide nahar wagty duşuşanyňyz ýadyma düşýär.

Biz birek-biregiň elini gysdyk. Men gaty aljyramakdan ýaňa aýtmaga söz tapmadym, ýöne Striklend hanymyň özi dadyma ýetişdi. Ol meniň tomsy geçirişim bilen gyzyklandy. Men onuň goltgy bermegi bilen, çaý gelýänçä gürrüňe goşulan boldum. Polkownik özüne şerbet getirilmegini isledi.

― Size-de şerbet içmegi maslahat berýän, Emi — diýip, serkerde hanyma ýüzlendi.

― Ýok, men çaý içmekçi.

Hanymyň jogaby maşgalada haýsydyr bir ýakymsyzlygyň bolandygyny habar berýän ilkinji duýduryşdy. Men oňa ünsem bermän, ähli başarnygymy Striklend hanymy gürrüňe goşmagyň aladasyna gönükdirdim. Diwarpejiň ýanynda duran polkownikden gep-gürrüň çykmaýardy. Öz ýanymdan haçan gaýtmak bolarka diýen sowaly telim gezek gaýtaladym. Asla-ha, Striklend hanymda meni kabul etmegiň pikiri näme üçin döredikä diýen sowal oýlandyrdy. Myhman otagda bolmaly güllerem, tomsa gabatlap aýrylan dürli-dümen bezegjiklerem entek ýerli ýerinde goýulmandy. Adatça, hemişe bezegli bolan bu otag häzir diwarynyň aňyrsynda biriniň jesedi ýatan ýaly tukat bolup görünýärdi. Men çaýymy içip boldum.

Men polkownige ýüzlendim-de:

― Maňa çen boldy, gowusy gaýdybereýin — diýip ýerimden turdum.

― Siz ol deýýusyň muny taşlandygyny eýýäm eşidensiňiz? — diýip, ganygyzgyn polkownik gygyrdy.

― Maşgalada näsazlygyň bardygyny maňa ýaňzydypdylar — diýip, gyssanman jogap gaýtardym.

― Ol gaçyp gitdi. Haýsydyr bir zenan bilen Pariže gidipdir. Emini kör-köpüksiz goýdy.

Men näme diýjegimi bilmän:

― Nähili hasrat! — diýdim.

Polkownik elli ýaşlaryndaky uzyn boýly, hortap, çal saçly, murtlary sallanyp duran adamdy. Onuň gözleri gökdi, dodaklary ysgynsyz gowşakdy. Öňki duşuşygymyzdan soň, onuň keşbinde ýadymda galany diňe batnyksyz ýüzüdi, ondan başga-da, goşundan boşamazyndan öň tutuş on ýyllap hepdede azyndan üç gezek polo oýnandygyny ýaňzydyp öwnüşidi.

― Häzir Striklend hanymyň menden başga-da aladasy kän ýaly — diýdim. — Oňa halyna haýpymyň gelýändigini, nämedir bir meselede ýardam edip bilsem, özümi bagtly saýjakdygymy aýdyň.

Ol maňa gulagam asmady.

― Oňa näme edeňde gowy boljagynam bilemok. Üstesine-de, çagalaram bar. Olar nädip gün görmeli? Howadan iýmitlenmelimi? On ýedi ýyl!

― On ýedi ýyl?

― Olar on ýedi ýyl är-aýal bolup ýaşadylar — diýip, ol kesgitli jogap berdi. ― Striklendi hiç mahalam halamandym. Elbetde, garyndaş arasynda hiç zat diýip bilmeýärdim. Siz ony asylly hasaplaýaňyzmy? Oňa äre çykmaly däldi welin…

― Näme, bu gutarnykly çözülenmi?

― Indi hanyma diňe goş bölüşmek galýar.

Men hoşlaşmak üçin ikinji gezek synanyşan wagtym, Striklend hanym dolanyp geldi. Ol ýüz-gözüni süpürmäge ýetişen eken.

― Özüme erk edip bilmänime janym ýanýar — diýip, ol öňürti dillendi. — Birden gidibermäniňizem gowy bolupdyr.

Ol oturdy. Men indi halys aljyradym. Özüme düýpden degişli däl närse barada gürrüň etmek ýerlikli däldi. Men ol mahal aýal halkynyň esasy ýetmeziniň, çem gelen, iň bolmanda diňlemäge döwtalap adam bilen iç döküşmek islegidigini bilmeýärdim. Striklend hanym, çaky, özüne erk etmegi başaran ýalydy.

― Bu bolan iş barada eýýäm gürrüň edilýärmi? — diýip, ol sowal berdi.

Başyndan inen betbagtlykdan habarymyň bardygyny onuň bilýändigi, meni alada goýdy.

— Men ýap-ýaňy dolanyp geldim. Gelelim bäri Roza Uoterforddan gaýry tanyş adama-da sataşmadym.

Striklend hanym ellerini owkalady.

― Şondan eşidenleriňiziň hemmesini maňa aýdyň.

Men dymdym, ýöne ol gürrüň bermegimi talap etdi:

― Men näme bolsa-da bilmek isleýän.

― Siz onuň gep ýygnap ýörendiginden habarly ahyry. Onuň sözüne ynanmak bolmaz. Ol maňa adamyňyzyň sizi goýup gidendigini aýtdy.

― Bar bolanymy?

Men Roza Uoterforduň hoşlaşyk wagty kafedäki gyz baradaky habaryny açyk aýdyp bilmän saklandym.

― Ol Çarliň haýsydyr bir aýal bilen gidendigini aýtmadymy?

― Ýok.

― Meniň bilmek isleýänim şüdi.

Men çykalgasyz ýagdaýa düşdüm. Ýöne indi hanym bilen hoşlaşyp boljakdygyna akylym çatdy. Hoşlaşan mahalym bolsa, mydama onuň gullugynda durjakdygymy ynandyrdym. Ol çala ýylgyrdy.

― Minnetdar. Ýöne maňa bähbitli zat edip biljek adam tapylmasa gerek.

Öz çuň gynanjymy bildirmäge päsgel beren ýygralygym sebäpli, hoşlaşmak meýli bilen polkownige tarap öwrüldim. Ol maňa elini uzatmady.

― Menem gaýtmakçy. Eger siz Wiktoriýa-strit bilen gidýän bolsaňyz, ikimiziň ýolumyz bir.

― Örän oňat-da, ýörüň!

9

― Nejis waka — diýip, biz köçä çykyp-çykmankak, polkownik dillendi.

Onuň maňa daklyşyp gaýtmagynyň sebäbiniň, Striklend hanymyňkyda telim sagatlap seljeren zatlaryny ýene bir ýola maslahatlaşmak islegidigine düşündim.

― Düşünýäňizmi, biz hatda ol aýalyň kimdigini-de bilemzok — diýip, polkownik jibrindi. — Diňe ol nejisiň Pariže gidendiginden habarymyz bar. Başga maglumat ýok.

― Men olary mydama nusga alarlyk maşgala hasaplaýardym.

― Ol hakykatdanam şeýledi. Edil siziň gelmeziňiziň öň ýany, Emi bile ýaşan ýyllarynda, hatda ýeke gezek sene-mene-de etmändiklerini aýdyp otyrdy. Siz Emini tanaýaňyz. Ýalançyda ondan gowy aýal ýokdur.

Şular ýaly telim gezekki açyk gepden soň, oňa birnäçe sowal beresim geldi.

― Siz Emi hiç zada müňkür bolan däldir öýdýärsiňizmi?

― Hiç zada. Awgust aýyny ol aýaly, çagalary bilen Norfolkda geçirdi. Özi-de edil öňküleri ýaly, hemme zat gülala-güllük. Men ol ýere aýalym bilen birnäçe günlük gidibem geldim. Oň bilen golfam oýnadym. Sentýabrda ol şähere dolandy. Sebäbi onuň bile işleýän ýoldaşy dynç almaga gitmeli eken. Emi deňiz kenarynda galypdyr. Olar bir jaýy aý ýarym möhleti bilen kireýne alypdylar. Dynç almaly möhletiň ahyrragynda, Emi oňa Londona haýsy gün geljekdiklerini hat üsti bilen habar edipdir. Ol bolsa Parižden hat ýazyp, mundan bu ýana onuň bilen ýaşamajakdygyny duýdurypdyr.

― Ol muny näme bilen düşündiripdir?

― A ol, gadyrdanym, hiç hili-de düşündiriş bermändir. Men ol haty okadym. Ol jemi on setir töweregidi.

― Juda gümürtik waka.

Şol mahal köçäniň köp gatnawly ýerinden geçmeli bolduk-da, gürrüňimizi dowam edip bilmedik. Polkownigiň aýdan zatlary hakykatdan daş ýalydy. Şonuň üçinem Striklend hanym polkownikden nämedir bir zatlary gizleýändir diýip hasap etdim. Elbetde, on ýedi ýyllyk är-aýallyk nikasyndan soň, hiç kes aýalyny bisebäp taşlamaýar.

Polkownik meniň oýlanmalarymyň arasyny böldi:

― Hawa-da, haýsydyr bir zenan bilen gaçyp gideninden gaýry, näme düşündiriş bersin? Ol, megerem, Eminiň özi biler diýen netijä gelendir. Ine, ol şeýle adam.

― Striklend hanymyň indi näme etsem-petsemi bar?

― Öňi bilen-ä, onuň öýüni hakykatdanam terk edendigini anyklamaly. Onuň üçin Pariže özüm gitjek.

― Onuň edarasy bilen gatnaşygy nähili bolar?

― Oh-o! Edarasyna gezek gelende, ol juda mekir hereket edipdir, tutuş bir ýyllap gaçmak üçin amatly çykalga taýynlapdyr.

― Öz edara şärigine gitjekdigini duýdurdymyka?

― Onuň pikirinem etmändir.

Polkownik Mak-Endrýu täjirçilik meselesine gezek gelende, juda gowşakdy, men-ä onça-da ýok. Şeýlelik bilen, Striklendiň edarasyny nähili ýagdaýda goýup gidenine asla düşünmän galdyk. Mak-Endrýunyň sözlerine salgylansaň-a, edara şäriginiň gahardan ýaňa ýüregi ýarylaýmalymyşyn, ol eýýäm işi kazyýete geçirjek diýip haýbat atýan bolsa gerek. Dawanyň çykdajysy bäş ýüz funta dagy ýetäýjek ýaly.

― Entegem, Hudaýa şükür, öýdür goş-golamlar Eminiň adyna eken. Iň bolmanda şolar özüne galjak.

― Hanym kör-köpüksiz galýar diýeniňizde şolary ýatladyňyzmy?

― Elbetde. Onuň iki ýa-da üç ýüz funt puly bilen şu goş-golamy bar.

― Ol indi nädip güzeran görsün?

― Ony Hudaý bilsin.

Çaky, aňsat çözgüt ýokdy, närazylygyny ýüzünden okabermeli polkownik başymy öňküdenem beter bulaşdyrdy. Ol Goşun hem Deňizçiler dükanynyň sagadyna seredip, klubda kart oýnaýan ýoldaşlarynyň garaşýandygyny ýatlap sumat bolansoň, Sent-Jeýms seýilgähiniň içinden täk özüm gidiberdim.

10

Birki gün geçenden soň Striklend hanym maňa: «Agşamlyk bize gelip bilmersiňizmi?» diýen sözler ýazylan hatjagaz ýollapdyr. Men baran wagtym onuň täk özi eken. Gara reňkli sada keşiş eşigi onuň uly ýitgi çekendigini ýaňzydýardy. Men hem kalbym sada bolansoň, onuň ýüreginde şeýle dert barka, öz ýagdaýyna meňzeşiň keşbini döredip bilişine haýran galdym.

― Siz maňa haýsydyr bir haýyş bilen ýüz tutsam, ony bitirmekden ýüz öwürmejekdigiňizi aýdypdyňyz — diýip, ol söze başlady.

― Elbetde, ýüz öwürmen.

― Onda siz Pariže gidip, Çarli bilen duşuşyp bilersiňizmi?

― Men?

Aňk boldum. Men Çarlini ömrümde ýeke gezek gördüm ahyryn. Zenan maňa näme tabşyryk berjekkä?

― Fred Pariže gitmekçi bolýar. (Fred polkownik Mak-Endrýudy). Ýöne onuň gitmeli ýeri däldigini bilýärin. Ol diňe hemme zady bulaşdyrar. Şoň üçinem bu haýyş bilen sizden başga kime ýüz tutjagymy hem bilemok.

Onuň sesi çalarak sandyrady, diýmek, ikirjiňlensem namartladygym boljakdy.

― Men siziň adamyňyz bilen iki söz hem alşyp göremok ahyryn. Ol meni tananok, şonuň üçin güm edip kowup goýbär.

― Kowsa kowdugy bolar-da, size näme parhy bar — diýip, Striklend hanym ýylgyryp gepledi.

― Siziň pikiriňizçe, men näme etmeli?

Sowalyma gönümel jogap gaýtarmady.

― Onuň sizi tanamaýanyny jüpüne düşen zat hasaplaýaryn. Bilýäňizmi näme, hiç mahal Fredi oň sulhy almandy. Ony samsyk hasaplaýardy. Harbylar oňa keseki. Fred gyzmalyk eder, ikisi garpyşar. Netijede, mesele oňuna däl, tersine çözüler… Eger meniň adymdan baranyňyzy aýtsaňyz, ol sizi diňlemäge mejbur bolar.

Men hanyma ýüzlendim:

― Men siziň köne tanşyňyz däl ahyry. Ony anyk tanamaýan adam beýle işe nädip baş goşup biler? Men özüme dahylsyz zada burnumy sokmak islämok. Pariže näme üçin siziň özüňiz gitmeli däl?

― Onuň Parižde ýeke däldigini ýatdan çykarýarsyňyz.

Men dilimi dişledim. Şu pursat Çarlz Striklendiň öýüne baryp, tanyşlyk petegimi nähili uzatjagymy göz öňüme getirdim. Meni bosagada garşylap, ol petegi iki barmagynyň arasynda tutup, maňa ýüzlener:

― Menlik näme işiňiz bar?

― Men siziň aýalyňyza degişli mesele barada gepleşmäge geldim.

― Şeýlemi?! Birneme akyllanyp, kişi işine sokulmaly däldigine düşünersiňiz. Siz ýüzüňizi çepe öwrersiňiz welin, gapyny görersiňiz. Ýoluňyz ak bolsun!

Mertebämi peseltmän çykyp gaýtmagyň kyn boljakdygyny öňünden aňyp, Striklend hanymyň bulaşan işini birýaňalyk etmänkä, Londona dolananyma ökündim. Men ony ogrynlyk bilen synladym. Ol agyr oýlanmalaryň girdabyndady. Bir sekunt geçensoň, maňa seretdi-de, uludan dem alyp ýylgyrdy.

― Bulaň bary garaşylmadyk ýerden bolaýdy. Biz on ýedi ýyl är-aýal bolup ýaşadyk. Çarli başga aýala gözüni aýlar öýdüp, eger-eger pikirem etmändim. Örän agzybir ýaşaýardyk. Dogry, mende onuň goldamajak tükeniksiz isleglerim bardy.

― Siz eýýäm bilýäňizmi kim… ― sypaýyçylykly gürlemäň ugruny tapmadym — onuň bile giden zenan kim?

— Bilemok. Başga-da bilýän ýok. Juda geň ýagdaý. Adatça, şeýle bolanda adamlar aşyk-magşuklara restoranda ýa-da ýene bir ýerde gabat gelip, ol barada aýalyna habar ýetirýärler. Maňa hiç kim hiç zat aýtmady, men hiç zada müňkür bolmadym. Onuň maňa ýazan haty, bulutsyz asmanda gök gürlän ýaly duýdansyz boldy. Onuň meň bilen bagtlydygyna asla müňkür däldim.

Striklend hanym aglady, görgüli… oňa halys ýürekden haýpym geldi. Ýöne ol dessine köşeşdi.

― Maňa mähetdel etmek bolmaýar — diýip, ol gözýaşyny süpürdi. — Nähili hereket etmelidigini häzir çözmeli.

Ol kä ýakyn geçmişinden, kä özleriniň ilkinji duşuşyklary hakynda üzlem-saplamrak aýdyp başlady. Göz öňümde olaryň ömür sudury janlanyp ugrady. Men ozalky çaklamalarymyň onçakly ýalňyş düşmändigi barada oýlandym. Striklend hanym Hindistanda işlän bir emeldaryň gyzy bolup, kakasy gullukdan boşansoň, ýurduň bir künjünde ýaşamaga galýar, ýöne her awgustda welin, «howasyny täzeläp» durmak üçin, maşgalasyny Istborna alyp gelýär eken. Istbornda hem onuň gyzy Striklende sataşýar. Şol mahal gyz ýigrimisinde, ýigit bolsa ýigrimi üçünde eken. Olar bile tennis oýnapdyrlar, bile gezim edipdirler, bile aýdymçylary diňläpdirler. Olar Londonda, ilki şäher etegindäki Gempstde, soň Striklendiň maddy ýagdaýy oňatlaşanda, şäheriň merkezinde ornaşypdyrlar. Olardan bir ogul bilen bir gyz dünýä inipdir.

― Ol çagalaryna şeýlebir hamrakdy welin… Hatda men onuň ýüregine düşenem bolsam, çagalaryndan jyda düşmäge nädip ýürek etdikä? Akyla sygjak zat däl. Bolan işiň hakykatdygyna-da entek ynanamok.

Gürrüňiň ahyrynda-da maňa adamsynyň ýollan hatyny görkezdi. Men haty öňräkden bäri okamak isleýärdim, ýöne ol barada dil ýarmaga ejap edip ýördüm.

«Gadyrly Emi!

Öýdäki zatlaryň hemmesini ýerinde tapjakdygyňa ynanýan. Ennä seniň tabşyryklaryňy aýtdym; özüňe-de, çagalara-da nahar taýýar edilip goýlar. Men sizi garşylaman. Men sizden aýry ýaşamak kararyna geldim, şu günem Pariže ugraýaryn. Bu haty ol ýere baranymdan soň ugradaryn. Öýe dolanman. Gelen netijäm gutarnykly. Hemişe seniňki bolan Çarlz Striklend».

― Ol hiç zat düşündirmeýär, hiç zada haýpy gelmeýär. Eýsem, bu elhençlik dälmi?

― Bular ýaly ýagdaý üçin örän geň hat — diýdim.

― Bu ýerde ýekeje düşündiriş bolup biler ― ol öz erkinde däl. Ony öz tarapyna geçiren zenanyň kimdigini bilemok, ýöne onuň Çarlzy başga adama öwrendigini bilýärin.

― Siz nämä esaslanyp beýle pikir edýärsiňiz?

― Fred anyklap berdi. Çarlzyň günaşadan öz klubynda kart oýnamak edähedi bardy. Şu klubyň agzalarynyň biri bilen tanyş bolan Fred, gep arasynda Çarlzy barypýatan oýunçy diýip atlandyrypdyr. Frediň tanşy gaty geňirgenipdir. Ol Çarlzy ýeke gezegem kart oýnalýan stoluň başynda görmändir. Indi hemme zat aýdyň boldy. Men ony klubdadyr hasap edýärkäm, Çarlz şol zenan bilen duşuşýar eken.

Men dymdym. Soň çagalar ýadyma düşdi.

― Bu zatlaryň baryny Roberte düşündirmek, megerem, kyn bolandyr?

― Ýok-la. Men ne oňa ne-de gyzyma bir sözem aýdamok. Biz okuw başlanýan günüň öňüsyrasy şähere dolandyk ahyryn. Meniň olara kakaňyz duýdansyz, iş-alada bilen sapara gitmeli bolupdyr diýmäge zordan gaýratym çatdy.

Kalbyňa şeýle garaşylmadyk syr çöken wagty asudalygyňy hem parahatlygyňy saklamak, elbetde, aňsat däldi, çagalara mekdebe gerek ownuk-uşak zatlaryň aladalaram munuň üstünedi. Striklend hanymyň sesi ýene sandyrap çykdy.

— Meniň görgülijiklerim? Biz nädip güzeran aýlarys?

Özüni ele almaga çalyşýan zenanyň damarlary çekýän ýaly, aýalarynyň kä ýumlup, kä ýazylýandygyna gözüm düşdi.

― Eger Pariže gitmegimden size bähbit geljek bolsa, hökman giderin. Ýöne näme etmelidigimi anyk düşündirmeli bolarsyňyz.

― Men onuň dolanmagyny isleýän.

― Polkownik Mak-Endrýunyň aýdanlaryny diňlänimden soň, adamyňyzdan aýrylyşjak bolýansyňyz diýip düşündim.

― Men Çarlza hiç mahal razylyk bermen! — diýip, ol gazaply gepledi. — Şony hem oňa aýdyň. Ol hiç mahal şol aýal bilen nikalaşyp bilmez. Meniňem hötjetligim onuňkydan pes däldir, hiç bir ýagdaýda nikamy bozman. Men çagalaryň aladasyny etmäge borçly.

Soňky sözleri gelen netijesini düşündirmek üçin dile getiren bolsa gerek. Ýöne çak edişime görä, bu ýerde gep enelik aladasyna bagly bolman, eýsem, tebigy gabanjaňlyga syrygýan ýalydy.

― Siz henizem ony söýýäňizmi?

― Bilemok. Men onuň yza dolanmagyny isleýän. Eger dolansa, ähli hatasyny geçerdim. Her niçigem bolsa, biz on ýedi ýyl bile ýaşadyk. Men giň garaýyşly zenan. Ol kowalaşýan gyltymynyň uzaga çekmejekdigini bilmelidir. Eger dolansa, öňkimiz ýaly ýaşap başlarys welin, hiç kim hiç zat aňman galar.

Striklend hanymy gep-gybatyň gorkuzyşy meni birneme düýrükdirdi. Men ol mahallar il pikiriniň aýal üçin ummasyz täsiriniň bolýandygyny bilmeýärdim. Gep-gybatyň howpy aýal päkliginiň, iň süýji duýgusynyň üstüne gara kölege bolup ýapylýar.

Striklendiň nirede düşländigi belli bolupdy. Onuň edara şärikdeşi gahar-gazap bilen banka ýazan hatynda, hamana, Striklendiň salgysyny hem gizleýändigini aýdyp, tozan turzupdyr. Ol bolsa bihaýa şärikdeşine jogabynda bolýan ýeriniň anyk salgysyny döwtalap görkezipdir. Ol myhmanhanada ýaşaýar eken.

― Men ol myhmanhananyň adyny hiç haçan eşitmändim — diýip, hanym belledi. — Ýöne Fred ony bilýär eken, örän gymmat myhmanhana bolmaly diýýär.

Onuň ýüzi gaty gyzardy. Öz ýanymdan hanymyň kaşaň otagda ýaşaýan, naharlanmaga bolsa kä ol, kä beýleki meşhur restoranlara gidýän, at çapyşyklara tomaşa edýän, agşamlaryna bolsa teatra barýan adamsyny hyýalynda görendigine şübhelenmedim.

― Beýdip uzak ýaşap bilmez. Ýaşynyň kyrkdan agandygynam ýadyndan çykarmaly däl. Ol ýaş ýigit bolan bolsa, onuň hereketleriniň manysyna düşünerdim. Ýöne ol ýaşda, çagalarymyzam ýetişip ýörkä, beýle ýagdaý juda aýylganç. Ol öz saglygyny ýitirer.

Ýigrenç bilen hasrat onuň kalbynda garpyşýardy.

― Siz oňa onsuz öýümiziň öý däldigini aýdyň. Hemme zat ýerbe-ýer duranam bolsa, hiç zat öňki däl. Şonsuz men ýaşap biljek däl. Oňa biziň geçmişimizi ýatladyň, bile ýaşan wagtymyz başdan geçiren ähli zatlarymyzy ýatladyň. Kakalary hakda sorasalar, çagalara näme jogap bermeli bolaryn? Onuň otagyndaky zatlar el degrilmän dur. Otag eýesine garaşýar. Biziň hemmämiz oňa garaşýas.

Ol baran ýerimde näme aýtmalydygymy birin-birin düşündirmäge başlady. Soňra adamsynyň islendik garşylygyna nähili anyk jogap gaýtarmalydyny öwretdi.

― Siz meň üçin eliňizden gelenini etjekdigiňize wada berýäňizmi? — diýip, ol naýynjar ses bilen sorady. — Siz oňa meniň nähili hasrat çekýändigimi aýdyň!

Hanym, mümkingadar, ähli tärler, täsirler bilen onda nebsagyryjylyk, rehimdarlyk oýarmagymy isleýärdi. Indi ol çekinmän aglaýardy. Hanymyň ejizliginiň täsirine düşenim üçin, Striklendiň sowukganly zalymlygyna hyýalymda garşylyk görkezip, adamsyny öýüne dolamak üçin, elimden gelenini gaýgyrmajakdygyma wada berdim. Men hut, ertiriň özünde ýola düşüp, näçe gün gerek bolsa, Parižde şonça gün eglenmäge razylyk berdim. Şonuň yzyndanam, bir-ä wagtyň giçdigi, bir-de ikimiziňem beýle dartgynly gep-gürrüňlerden ýadandygymyz sebäpli, öý eýesi bilen hoşlaşdym.

11

Pariže gidip barýarkam, tabşyrylan ýumşy öwrüp-çöwrüp görşüme, boýun alan işim şowuna bolmaz öýdüp ýaýdandym. Häzir gözýaş dökýän Striklend hanymyň ejiz sypaty täsirini ýetirmeýän wagty, durmuşdan üzňe bolmadyk pikir ýöredip biljekdim. Meni alada goýýan zat, Striklend hanymyň hereketindäki açyk görnüp duran gapma-garşylykdy. Dogry, ol uly betbagtlyga uçrapdy, ýöne özüne bolan nebsagyryjylygymy has-da güýçlendirmek üçin, betbagtlygyny gereginden artyk edip görkezjek bolýardy. Mysal üçin, onuň gözýaş dökmäge ýörite taýynlanandygyna müňkür bolasy iş ýokdy, sebäbi başdan taýynlap goýan birnäçe elýaglygy muňa şaýatdy. Men onuň her zady ýörite öňünden alada edýän zenandygyna geň galdym. Ýöne şol ýörite taýynlyk, onuň gözýaşynyň täsirini peseldýärdi. Şeýle-de, men adamsyny iliň dilinden çekinip ýa-da söýýänliginden ötri, gaýtaryp getirjek bolýandygyna düşünmedim. Men depelenen söýginiň düwüni kemsidilen mertebäniň yzasy bilen ýürekde çaknyşyp, başy ýaş bolany sebäpli, özüni beýle zatlara mynasyp görýän däldir diýip çak etdim. Men adamyň gylyk-häsiýetiniň beýle gapma-garşy bolýandygyny, iň

akgöwünli adamlara-da özüni uly tutmagyň mahsusdygyny, gowy adamynyň ejizdigini, gaýduwsyzyň hoşniýetlidigini bilmeýärdim.

Meniň bu saparymda özüne çekiji täsinlik bardy, şonuň üçinem Pariže golaýladygymça, özümi has-da ele aldym. Birdenem özüme kesämden seredip gördüm-de, uly iş ynanylan kişiniň keşbinde görüp begendim. Striklend bilen ertir agşamdan bärde görüşmeli däldim. Sebäbi duşuşygyň wagty örän inçeden yzarlanyp bellenmelidi. Garny aç adam bilen duýgy hakda gürrüň etmek netijesiz pişedi. Meniň pikir-oýum hemişe söýgi bilen gümrady, emma maşgala keýpiçaglygyny, çaýdan ozal göz öňüne-de getirip bilmeýärdim.

Ilki bilen, Çarlz Striklendiň mekan tutan «Otel de Belž» myhmanhanasynyň nirede ýerleşýändigini anykladym. Myhmanhana hyzmatçysynyň «Otel de Belž» diýen ady ozal eşitmändigi meni geňirgendirdi. Striklend hanymyň aýtmagyna görä, ol örän kaşaň myhmanhana Riwoli köçesiniň töwereklerinde ýerleşmelidi. Biz «Sowal-jogap» kitabyna garadyk welin, şeýle atly ýeke-täk myhmanhananyň Rýu de Muan köçesindedigi belli boldy. Ol jelegaý barypýatan gowy ýer-ä däl welin, onçakly özüne çekýän zady-da ýok. Men başymy ýaýkadym.

― Ýok, munuň däldigi görnüp dur.

Hyzmatçy eginlerini gysdy. Şeýle atly myhmanhana Parižde başga ýok. Striklend bolýan myhmanhanasyny gizländir, çem gelen myhmanhananyň adyny aýdybam, şärikdeşiniň gözüne çöp atandyr diýen pikir kelläme geldi. Garyp düşen dellaly selpedip Pariže getirtmek, at-abraýy ýok, tozgun myhmanhana eltmek — tüýs Striklendiň başaraýjak zadydy. Muňa garamazdan, men aňtawy dowam etmegi makul bildim. Ertesi, irden sagat altyda ulag çagyryp, paýtunça göni Rýu de Muana sürmegi tabşyrdym. Ýöne myhmanhana ýetiberemde, ulagy goýberdim-de, aňryk pyýada ýöräp, ilki myhmanhanany elin synlamak isledim. Köçäniň gyralary garyp-gasarlaryň hyrydar harytlaryny satýan jerçileriň dükanjyklaryndan doludy. Dükanjyklaryň arasynda meniň sag egnimde «Otel de Belž» ýerleşýärdi. Meniň özümem-ä diýseň sada myhmanhanada ýerleşipdim welin, ony bu görýänimden kaşaň hasaplasa boljakdy. «Otel de Belž» diýen ýazgy, ýyllar boýy suwag görmedik, daşy daraw-daraw bolup giden beýik jaýy bezeýärdi. Myhmanhana sandan çykan bolansoň, onuň iki tarapyndaky jaýlar tämiz hem owadan görünýärdiler. Hapa penjireler owal-ahyr açylana meňzemeýärdiler. Ýok, näbelli gözel zenanyň hatyrasyna bergisini, abraýyny ýadyndan çykaryp, bolanja baýlygyny depelän haýasyz Çarlz Striklend bu myhmanhanada ýaşamaly däl. Men gelşiksiz ýagdaýa düşenimi duýup juda gaharlydym, indi Striklend hakda sorag-idegem etmän yzyma dolanmaga taýýardym. Ahyrynda-da, Striklend hanyma elimden gelen hemme zady edendigimi aýtmak üçin, jaýyň bosagasyndan ätlemäge özümi mejbur etdim.

Myhmanhananyň girelgesi gapdalda, haýsydyr bir dükanjygyň ýanynda eken. Gapy açyk durdy, onuň gapdalynda «Bureau au premier» ( «Bureau au premier» — «Kontora birinji gatda ýerleşýär» (fransuzça).) diýen ýazgy bardy.

Men darajyk basgançakdan ikinji gata galdym. Meýdançada aýnadan edilen kiçijik külbe gabat geldi. Ol ýerde bir stol, iki oturgyç, daşynda hem uzyn dyzeper bardy. Uzyn dyzeperiň üstünde garawul özüniň biynjalyk gijesini geçirýän bolsa gerek. Hiç kim gabat gelmedi. Ýöne elektrik jaňynyň aşagynda «Nobatçy» diýlip ýazylandy. Men jaňyň düwmesini basdym welin, kän wagt geçmänkä ýüzi tutuksy, gözleri oýnaklap duran ýaş ýigit peýda boldy. Onuň egni gursakçalydy, aýagynda örme köwşi bardy.

Näme üçin şeýdenime düşünemok welin, biperwaý görnüşe girip sowal berdim:

― Bu ýere tötänden diýen ýaly, haýsydyr bir jenap Striklend-ä düşen däldir?

― Otuz ikinji otag. Altynjy gat — diýen jogap ýaňlandy.

Men aňk boldum, birbada aýdara söz hem tapmadym.

― Ol otagyndamyka?

Nobatçy aýna jaýyň içinde asylgy tagta seretdi.

— Açary-ha goýmandyr welin, ýokaryk çykyp göräýiň.

Men ýene bir sowal bermegi hökmany hasapladym:

— Jenabyň hanymy barmyka?

— Jenabyň ýeke özi ýaşaýar.

Ýokaryk ýönelen mahalym nobatçy şübheli nazar aýlady. Ahyrsoňy altynjy gata ýetip otuz iki belgili gapyny kakdym. Içerde bir zat takyrdap ýykyldy, onuň yzyndanam gapy çalarak açyldy. Garşymda duran Çarlz Striklenddi. Ol hiç zat diýmedi, çaky, meni tanamady.

Adymy aýtdym. Şondan soň perwaýsyz, edepli kişi bolmaga çalyşdym:

— Siz, çaky, meni ýadyňyza düşürip bileňzok. Men geçen tomus siziňkide duz datmaga nesibesi çeken adam.

— Giriň — diýip, ol mylaýym dillendi. — Görenime örän şat! Geçiň, oturyň!

Men girdim. Jaý agzy-burny bilen fransuzlaryň Lui-Filippiň stili diýip atlandyrýanlaryna kybapdaş goş-golamyndan doldurylan darajyk otagdy. Giň agaç ýatalga gyzyl ýapynja örtülendi, uly geýim yşgaby, tegelek stol, kindiwanja elýuwar, daşyna mata çekilen iki oturgyç. Olaryň hemmesi-de hapady, ulanylyp leji çykandy. Polkownik Mak-Endrýunyň agzynda aş gatyklap aýdan, haram gazanjynyň hasabyna döredilen elpe-şelpeliginden nam-nyşan ýokdy. Striklend oturgyjyň üstündäki eşikleri ýere zyňdy-da, maňa oturmagy ündedi.

— Menlik näme hyzmat?

Bu darajyk otagda, ol ilki tanşanymyzdakysyndan has daýaw bolup görünýärdi. Ol telim gün bäri eňegine päki hem degirmändir, egninde-de köne keltekçe bardy. Öýünde egni gymmatbaha penjeklikä özüni amanat ýaly duýan bolsa-da, häzir sallam-sajak eşikli, saçy daralmadyk halda erkin görünýärdi. Aýtmak üçin taýýarlap gelen sözlerime nähili garajakdygy maňa näbellidi.

— Men siziň maşgalaňyzyň tabşyrygy bilen geldim.

— Men nahardan öňürti absent owurtlaýyn diýip durdym. Siz absenti halaýaňyzmy?

— Azda-kände.

— Ýörüň onda.

Ol başgabyny geýdi.

— Bile naharlanybam bilerdik. Siziň maňa nahar bergiňizem bolmalydyr.

— Ol dogry. Siz ýekemi?

Aýtmasy kyn sowaly ýerine düşürip aýdanym üçin özümden hoşal boldum.

— Hä-ä ýeke. Şoň üçinem, dogrymy aýtsam, üç gün bäri agzymdan bir söz hem çykanok. Fransuz dili bilen gatybir il hem däl.

Çarlz bilen basgançakdan düşüp barşyma, kafede işleýän gyz bilen näme bolduka diýip pikir etdim. Eýýäm tersleşip ýetişdilermikä? Soňky çaklamam nädogry ýaly bolup duýuldy, sebäbi ol gaçmak maksadyna ýetmek üçin tutuş bir ýyllap taýynlyk gördi ahyryn. Klişi köçesindäki kafe baryp, daş düşelen tekiz ýerde goýlan stoluň başyna çökdük.

12

Klişi köçesi häzir aýratynam köp adamlydy, eger sähelçe göz öňüne getirme ukybyň bar bolsa, öňýeten ötegçiniň diýen ýaly arzuwçyl terjimehalyny döretmek boljakdy. Ýanköçeden Balzagyň eserleriniň sahypasyndan düşen ýaly garrylar, aýallar hem erkekler eňişip ýördüler. Parižiň garamaýaklar ýaşaýan mähellesiniň hereketi hem garma-gürmeligi seniň ganyňy elendirip, dürli-dümen garaşylmadyk ýagdaýlara taýynlaýar.

― Siz Pariže beletmisiňiz? — diýip sowal berdim.

— Ýok. Biz asal aýymyzy şu ýerde geçirdik. Şondan soň Pariže gelip göremok.

― Siz ýaňky myhmanhana nähili düşüp ýörsüňiz?

— Şony salgy berdiler. Men nähilidir arzanrak düşelge gözledim.

Absent getirdiler. Biz adaty edilişi ýaly, eräp barýan gandyň üstüne suw damdyryp başladyk.

— Sizi näme üçin gözläp tapanymy gijikdirmän aýtsam, gowy bormuka öýdýän — diýip, ýygralyk etmän, çekinmezden söze başladym.

Onuň gözleri lowurdap gitdi.

— Iru-giç gözlenjegimi bilýärdim. Emi maňa birgiden hat ýollapdyr.

— Beýle bolsa, aýtjak zatlarymy örän oňat bilýänsiňiz.

— Men olary okamadym.

Özüme tabşyrylan işe nähili girişmeli? Meniň öňünden taýynlap gelen owadan sözlerimiňem, edil närazylyk aňlatmaly äheňlerimiň gerek bolmaýşy ýaly, bu ýerde hajaty ýokdy. Birden ol pyňkyryp goýberdi:

— Çakdanaşa kyn mesele, hä?

— Diýseň-diýmeseň şeýle.

— Bolýa. Hany, tizräk aýdyň. Soňra biz agşamy oňat edip geçireris.

Men oýa batdym.

— Eýsem, siz öz aýalyňyzyň erbet hasrat çekýändigine düşünmeýärsiňizmi?

— Zeleli ýok, geçer!

Ol jogabyň nähili rehimsizlik bilen aýdylanyny düşündiribem biljek däl. Men aljyradym, aljyrandygymy gizlejek bolup elimden gelenini edibem, daýym, ruhany Genrih atanyň garyndaşlaryndan kimdir birini haýyr-sahawat bermäge yrjak bolanda ulanýan hörpünde gepledim.

— Açyk gürrüň etsem siziň gaharyňyz gelmezmi?

Ol ýylgyryp başyny ýaýkady.

— Ol beýle näme günä iş etdi?

— Hiç hili.

— Ondan nägile ýeriňiz barmy?

— Ýok.

— Beýle bolsa on ýedi ýyl bile ýaşalansoň, ony taşlap gaýtmak namartlyk dälmi?

— Namartlyk.

Men oňa geň galyp garadym. Çyn sözi ak ýürekden makullamagy, ähli tutarygymy elimden aldy. Düşen ýagdaýym diňe kynçylyk bilenem bagly däldi-de, eýsem gülkünçdem. Men ýalbar-ýakar etmekçidim, yrmakçydym, haýbat atmakçydym, ýüregine täsir etmekçidim, ýagdaýy öňünden duýdurmakçydym, närazylyk bildirjekdim, zäherimi pürkmekçidim, ýaňsyly gülki bilen ýaňsa almakçydym. Günäli eden günäsine bireýýäm ökünen bolsa, al kakmyş, töwellaça näme etmegi maslahat berýärsiňiz? Mende beýle meselede çigit ýaly-da tejribe ýokdy, sebäbi özümem ýöňkelýän günäleri garaçynym bilen ret edýärdim.

— Indi näme etmeli bolar? — diýip, Striklend sorady.

Men erinlerimi ýigrenç bilen gyşartmaga çalyşdym.

— Ähli zady boýun alýan bolsaňyz, mundan zyýat gepläp oturmagymyň hajaty ýok.

— Dogry aýdýaňyz.

Boýun alan borjumy ussatlarça berjaý edip bilmändigim üçin gazaba mündüm.

— Al kakmyş, aýal maşgalany kör-köpüksiz goýmak bolmaz ahyryn.

— Näme üçin bolmazmyşyn?

— Ol nädip güzeran görsün ahyry.

— Men ony on ýedi ýyl ekläp-sakladym. Näme üçin ol indi öz-özüni eklemeli däl?

— Başarmaz.

— Goý, synanyşsyn.

Elbetde, soňky sözlere jogap tapylardy. Men aýal maşgalanyň ykdysady ýagdaýy barada, nika baglaşan erkek adamyň zenanyň öňünde açyg-u-ýapyk boýun alýan borjy barada aýdyp bilerdim. Birdenem iň soňunda bir zadyň möhümdigine düşündim.

— Siz indi ony söýeňzokmy?

— Jinnek ýaly-da.

Bularyň hemmesi adam durmuşyndaky çynlakaý sowallardy. Ýöne onuň jogaplarynyň äheňi şeýlebir gedemdi hem haýasyzdy welin, hahahaýlap gülmezden ötri dodagymy dişledim. Onuň özüni alyp barşynyň juda gelşiksizdigini belläp, hem ähli güýjümi jemläp, asylly işiň hatyrasyna gahar oduna özümi urmaga çalyşdym.

— Ýöne siz çagalaryň aladasyny etmäge borçly ahyryn. Olar size hiç hili ýamanlyk etmediler. Sizden özlerini ýagty jahana indermegi-de haýyş etmändiler. Eger siz aladasyny etmeseňiz, olar köçä taşlanaýmaly bolar.

— Olary köp ýyllap bezäp-besläp saklandyryn. Hemme çagalaram şeýle ýaşaýar. Ondanam gaýry, kimdir biri olaryň aladasyny hem edýär. Olaryň okuwy üçin tölegi Mak-Endrýunyň tölejekdigine ynanýan.

— Eýsem, siz olary gowy göreňzokmy? Olar şeýlebir gowy çagalar! Olardan ymykly ýüz dönderjekmisiňiz?

— Men olary kiçijikkäler söýýädim, indi ulalansoňlar, dogrymy aýtsam, duýgym kütelişdi.

— Bu diýýäniňiz adamçylyga syganok.

— Şeýle bolmagy gaty mümkin.

— Oň üçin asla utanaňzokmy?

— Ýok.

Men hörpümi üýtgetmäge synanyşdym.

— Size doňuz diýerler.

— Diýibersinler.

— Eýsem, her çatrykda her öňýeten sizi ýigrenç bilen näletlese, janyňyza ýakarmy?

— Meň üçin bary bir.

Onuň jogaby şeýlebir ýigrenji bolup ýaňlandy welin, adaty sowallarym samsyklygyň çür depesi bolup duýuldy. Men az-kem oýlandym.

— Daş-töweregindäkileriň ýazgarýandygyny bilýän adamyň nädip ynjalykly ýaşap biljegine düşünmeýärin. Beýle ýagdaý sizi iru-giç kösäp başlar. Biziň her haýsymyzda wyždan bar, iru-giç ol hökman oýanar.

Çarlz dymdy. Men kanagat edip garaşdym. Ahyrsoňy, barybir, dymyşlygy özüm bozmaly boldum.

— Siz muňa näme diýersiňiz?

— Siz akmak diýerin.

— Sizi aýalyňyzy, çagalaryňyzy eklemäge mejbur ederler — diýip, men az-kem gaharly gepledim. — Kanunyň olary gorajakdygyna ynanýan.

— Kanun asmandaky aýy äberip bilermi? Mende hiç zat ýok. Men bu ýere-de, bary-ýogy birki ýüz funt bilen geldim.

Men ozalam ýagdaýa düşünemokdym welin, indi-hä hasam ugrumy ýitirdim. Umuman, «Otel de Belžde» düşlenmeginiň özi, ýagdaýlaryň çäklidigine şaýatlyk edýärdi.

— Ojagaz puluňyz gutaransoň näme etmekçisiňiz?

— Eýdip-beýdip gazanç ederin-dä.

Ol örän parahatdy, gözlerinde bolsa henizem ýaňsyly ýylgyryşyň alamaty bardy. Şol ýylgyryşdan ýaňa meniň ähli aýdanlarym samsyklaç bir zat bolup görünýärdi. Men indiki diýjegimiň pikirine batyp dymdym. Ol bu gezek öňürtdi.

— Näme üçin Emi ýene bir gezek äre çykmaly däl? Ol entek garry däl, görk-görmegem ýerbe-ýer. Men onuň örän oňat zenandygyna şaýadam bolup biljek. Eger meň bilen nikasyny bozmak islese-de, baş üstüne, günäni öz boýnuma alaýyn.

Bu gezek ýylgyrmak nobaty maňa ýetdi. Ol näçe mekirlik etse-de, näme isleýäni bildirip durdy. Bu ýere ýany zenanly gelenini gizläp, aýak yzyny basyrmak üçin her dürli sapalaga ýüz urýardy. Men örän aýgytly jogap berdim.

— Siziň aýalyňyz nähili şert goýulsa-da, nika bozulmagyna razylyk bermez. Onuň gelen netijesi şeýle aýgytly. Ol meselede-hä hiç zat hantama-da bolup oturmaň.

Ol maňa geň galyp seretdi, ernindäki ýylgyryş ýitip agras sypata girdi.

— Maňa, gadyrdanym, ýüz-ýeňse parhy ýok.

Men güldüm.

— Boldy. Bizi beýle akmagam saýmaň. Biz siziň bir zenan bilen bile gaýdanyňyzam bilýäs.

Ol ýerinden tarsa turup, şeýlebir göçgünli hahahaýlap güldi. Töwerekdäkiler oňa seredişdiler, yzyndanam özleri-de gülmäge başladylar.

— Men-ä bu ýerde gülmäge zat göremok.

— Emi görgülijik! — diýip, ol syrtaryldy.

Soň onuň keşbi ýigrenji sypata geçdi.

— Söýgi! Hemme ýerde söýgi! Olar erkekler bigäne aýallara ýalynjaňlyk üçin gidýändir öýdýäler. Her bir ädimimi haýsydyr bir aýal üçin äder ýaly, men beýle akmak däl ahyryn.

— Siz aýalyňyzy başga aýal üçin taşlamadym diýjek bolýaňyzmy?

— Elbetde.

— Mertlerçe söz berip bilersiňizmi?

Men ondan merdiň sözüni näme üçin talap edenimem bilmedim, belkem, sadalygym üçindir.

— Söz berýän.

— Onda, Hudaýyň haky üçin, maňa düşündiriň: Aýalyňyzy näme üçin taşladyňyz?

— Suratkeşlik bilen meşgullanmak üçin.

Men oňa gözlerimi petredip seretdim, maňa düşünmänsoň, garşymda akylyndan azaşan adam oturandyr öýtdüm. Meniň örän ýaş bolandygymy unutmaň, şonuň üçinem ony eýýäm gartaşan adam hasaplaýardym. Geň galmakdan ýaňa kellämdäki pikirleriň hemmesi uçup gitdi.

— Siz eýýäm kyrk ýaşyňyzda ahyryn.

— Şonuň üçinem işe başlamaga wagt ýetdi hasap edýän.

— Siz öňde-soňda surat çekmek bilen meşgullandyňyzmy?

— Ýaşkam nakgaş bolmagy arzuw edýärdim. Ýöne kakam meni täjirlik ýolundan gitmäge mejbur etdi. Ol sungat bilen hiç gazanç edip bolmaz diýip pikir edýärdi. Bir ýyl mundan ozal surat çekip başladym. Hatda agşamky çeperçilik mekdebine-de gatnadym.

— Striklend hanym bolsa siziň mekdepde geçirýän wagtyňyzy klubda kart oýnaýandyr öýdýär eken.

— Hawa.

— Siz näme üçin oňa hiç zat aýtmadyňyz?

— Dilimi saklasam gowy bolar öýtdüm.

— Surat çekmek ugruna bolýarmy onsoň?

— Enteg-ä onçakly däl. Ýöne öwrenerin. Hut şonuň üçinem bärik geldim-dä. Maňa gerek zat Londonda ýok. Bu ýerde nähili bolar, görübereris.

— Kyrk ýaşda surat çekmäge başlap, eýsem, netije gazanaryn öýdýäňizmi? Adamlar surat çekmäge on sekiz ýaşlarynda baş goşýarlar ahyryn.

— Men bu ýaşda surat çekmegi on sekiz ýaşymda başlanymdakydan tiz öwrenerin.

— Özüňizde ukyp bardygyny nireden bildiňiz?

Ol dessine jogap bermedi, gapdalymyzdan geçip barýan topar adamlara seretdi. Onuň jogaby, umuman, jogabam däldi.

— Men surat çekmeli.

— Ol çakdanaşa töwekgellik etmek bolýar ahyryn.

Ol maňa seretdi. Gözlerinde şeýlebir geň bakyş peýda boldy welin, ýaýdanyberdim.

— Siz näçe ýaşyňyzda?! Ýigrimi üçmi?

Sowaly ýerliksiz hasapladym. Meniň häzirki ýaşymda täsinlikleriň gözlegine çyksaňam bolardy, ýöne onuň ýaşlygy welin, eýýäm geçip gidipdi. Ol jemgyýetde belli orny eýeleýän, meşhur birža dellalydy, aýaly, çagalary bardy. Meniň üçin adaty bir zat, indi oňa gadagan bolaýmalydy. Men iki tarap üçinem deň bolmak isledim.

— Elbetde, geň keramat dörese, beýik nakgaşam bolarsyňyz, ýöne munuň millionlaryň garşysyna goýlan ýalňyz bijedigine düşünmegiňiz gerek. Täk umydyň güýji bilen göreşmeli bolarsyňyz… Iň soňunda äden ädimleriňiziň ýalňyşdygyna göz ýetirseňiz, ol agyr pajyga ahyry.

— Men hökman surat çekmeli — diýip, ol gaýtalady.

— Eger siz ömürboýy üçünji derejeli nakgaş bolup galaýsaňyz näme? Onuň üçin ähli bähbidiňi kör etmegiň nämä geregi bar? Her işde birinji bolmak zerur. Orta derejede bolsaňam, bolelin ýaşamak mümkin. Ýöne ortaça nakgaş bolmagyň geregi ýok.

Ol maňa garap:

— Siz barypýatan tentek — diýdi.

— Görnüp duran hakykat nädip tenteklik bolýarka?

— Men hökman surat çekmeli diýip, size aýdylýar ahyryn. Özüme erk edip bilemok. Adam suwa gaçsa, oňat ýüzýärmi ýa erbet — parhy ýok, hökman suwdan çykmaly. Ýogsam gark bolar.

Onuň sesinde çyn yhlas duýulýardy. Islegimiň garşysyna, onuň yhlasy erkimi aldy. Onuň aňyrsynda äpet güýjüň tolkun atýandygyny aňdym. Ol tolkuna Çarlzyň özünden başga, haýsydyr bir başbermezek, güýçli hökmürowan erk edýän ýaly bolup duýulýardy. Men hiç zada düşünmeýärdim. Ol adamyň içinde islendik pursatda ony düýt-müýt etjek, ýoguna ýanjak arwah oturan ýalydy. Daş sypatyndan bolsa Striklend adaty bir adam bolup görünýärdi. Men oňa gözümi aýyrman seredýärdim. Emma meniň bakyşym ony düýrükdirmeýärdi. Geň ýagdaý: şu mahal köne keltekçeli, sallam-sajak balakly, elleri hapa, eňeginiň aşagyndaky sary tüýleri syrylmadyk, kiçijik gözli, jaýtaryp duran ullakan burunly, gödek hem sölite adamy sözüň doly manysynda hakyky ynsan ýerine kabul edip bolarmyka diýip pikir etdim. Onuň agzy giň, dodaklary galyň. Ýok, onuň daş sypatyny bolşy ýaly beýan edip biljek däl.

Ahyry:

— Diýmek, siz aýalyňyzyň ýanyna dolanmakçy däl-dä? — diýdim.

— Hiç wagt.

— Ol ähli zady unudyp, durmuşa gaýtadan başlamaga-da taýýar. Özi-de goýberen hatalaryňyzy ýüzüňize basmakçy däldigini aýtmagy tabşyrdy…

— Gümüni çeksin…

— Sizi barypýatan haramzada hasaplasalaram parhy ýokmy? Aýalyňyz, çagalaryňyz ölmezödülik üçin köçede ellerini sermeli bolsa-da parhy ýokmy?

— Maňa bary bir…

Men indiki belligimiň agramyny artdyrmak üçin dymdym-da, nähili aýgydym bar bolsa bir ýere jemläp:

— Siz bimessep adam ekeniňiz. Başga hiç zadam däl — diýdim.

— Siz içiňizi döküp, kalbyňyzyň ýüküni birneme ýeňletdiňiz. Indi nahar iýmäge gidäýeliň!

13

Edilen çakylyga biperwaý garamagyň jüpüne düşen ädim boljakdygyny bilýärdim. Belki-de, men, hakykatdanam, özümde dörän gazabyň täsirini oňa äşgär edip, beýle adam bilen bir stoluň başynda oturmakdan tekepbirlik bilen ýüz öwrendigimi aýdyp, polkownik Mak-Endrýunyň öwgüsine mynasyp bolmalydyryn. Ýöne başga bir bela — öz oýnamaly keşbimi başarman diýen mydamalyk gorkym maňa wagyzçynyň keşbine girmäge ýol bermedi. Bu gezegem Striklend hanym üçin amala aşyrylmaly ýagşy niýetli ýörişimiň diwara zyňlan nohut ýaly yzyna serpilip durjagy, aýtmaga çugdamlanan sargytlarymy öz kalbymda saklamaga mejbur etdi. Diňe şahyr ýa-da keramatly adam asfalt düşelen köçä suw goýberip, çeken azabyna derek ol ýerde liliýa biter öýdüp hantama bolup biler.

Içen absentimiň bahasyny tölänimden soň, ikimiz arzan restorana ugradyk. Adamdan ýaňa hyň berýän restoran şowhunlydy. Bizi süýji nahar bilen hezzetlediler. Meniň işdäm ýaş ýigidiňki, onuňky bolsa, wyždanyny ýitiren adamyňky ýalydy. Restorandan çykyp, buzadyr kofe içmek üçin kofehana bardyk.

Men oňa Pariže gelmegimiň sebäpleri hakda aýdar ýalysynyň hemmesini ozal aýdan hem bolsam, gürrüňi çürt-ýoluk kesäýsem, Striklend hanyma ikilik etdigim boljakdy, ýöne Çarlzyň biperwaý garaýşyna döz geljek bolup, göreşi dowam etmäge güýç galmandy. Bir sözi şol bir joşgun bilen on gezek gaýtalamaga diňe aýallar hötde gelip biler. Men indi Striklendiň ruhy hyýalyna dogry düşünerin diýen umyt bilen, öz-özümi köşeşdirdim. Ýöne muny amal edäýmek beýle bir ýeňilem däldi, çünki Striklend geplemsek däldi. Ol her aýtjak sözüni kalbynyň töründen zorlap çykarýana meňzeýärdi, söz diýilýän zat onuň üçin heňňam bilen gatnaşyk saklaýan serişde däl ýalydy. Onuň ruhy hyýalyny lenji çykan sözlerine, manysyz ýüzlenmelerine, üzlem-saplam hereketlerine görä çaklamakdan gaýry ýol ýokdy. Emma degerli zat aýtmasa-da, hiç kim oňa tukat adam diýip bilmejekdi. Belkem, bu Çarlzyň göwnaçyklygyndandyr. Aýaly bilen gysga wagtlyk gezelenjini hasap etmesek, ol öňünde täzelikleri açýan Pariž bilenem, megerem, känbir gyzyklanýana meňzänokdy. Parižde sanýetmez gezek bolandyryn, her gezegem täsinligiň täsirini gaýtadan başdan geçirýärin. Şäheriň köçelerinden ýöränimde özümi hem-ä bagtly saýýardym, hemem täsinlik gözleýärdim… Striklend Pariže göwnübir garapdyr. Yza nazar salyp, öz köňlüne howsalaly garamakdan başga zatlara gezek gelende, kör ýaly bolupdyr diýip oýlandym.

14

Yza, Angliýa gaýdyşyn Striklend hakynda kän pikir etdim hem onuň aýalyna aýtmaly zatlarymy gylyny gyrman ýetirmek üçin öňüni-yzyny ölçerişdirdim… Getiren jogabymyň hanymy kanagatlandyrmajakdygyny bilýärdim, aslynda, özümem bitiren işimden razy däldim. Çarlz Striklend meni alada goýdy. Onuň özüni alyp barşyna düşünmeýärdim. Nakgaş bolmak höwesi haçan döredi diýen sowalyma, ol ýa-ha jogap berip bilmedi, ýa-da jogap bermek islemedi. Özümem onuň anygyna ýetmegiň ebeteýini tapyp bilmedim. Dogrusy, onuň bulaşyk aňynda azda-kände gahar-gazabyň galagoply duýgulary güýjändir diýen çaklamalar bilen, özümi ynandyrjak bolsam-da, ýöne ol öz durmuşyny içgysgynç hasaplap hiç haçan dil ýarmandy. Mundan öňki durmuş irizip, ýüregedüşgünç gandaldan dynmak üçin Striklend nakgaşlyga ýüz uran bolsa, bu tüýs bir lenji çykan usul bolardy, ýöne «lenji çykmak» diýen jümläniň özi Striklend bilen asla baglanyşmaýardy. Arzuwçyl kalply bolsam-da, üstüme howp bolup abanýan, ýöne haýsydyr bir zady düşündürýän täze çaklama tapdym… Öz-özüme onuň kalbynyň töründe durmuş aladalary bilen gylawy alnan ylham ýatan bolmaly diýdim.

Döredijilik duýgusynyň tutuk bir dellalyň erkini almagy geň zat. Ol ýagdaý dellaly heläkçilige eltip, ýakynlarynyň başyndan hasrat bolup inip biler. Ýöne ondan has geňräk wakalar hem bolýar. Taňry ruhunyň sarsmaz täsiriniň baý adamlaryň üstünden düşüp, olar dyza çökýänçäler, ömrüň şatlygyndan, lezzetinden, zenan söýgüsinden, baýlykdan ýüz öwrüp, terkidünýäligiň guraksy durmuşynda ýaşamaga kaýyl bolýançalar, ýanbermez erjellik bilen yzyna düşüp ýörmesine näme diýjek? Ýapyk duýgynyň açylmagy dürli ýollar bilen bolup geçýär, adamlar hem oňa dürlüçe baha berýärler. Striklende bolsa gönümel muşdaklyk bilen, apostolyň ( Apostol — Isa pygamberiň on iki şägirdiniň biri (terj. bel.).) gazaplylygy mahsusdy.

Men onuň heniz hyýalynda möwç urýan höwesini eserleri bilen delillendirmek mümkinçiligini takyklamak isleýärdim. Haçan-da, Londonyň agşamky çeperçilik mekdebinde bile okan ýoldaşlarynyň öz işleri barada näme pikir edendiklerini soranymda, ol ýylgyryp oňaýdy:

— Olar maňa at oýnadýandyr öýtdüler.

— Siz bu ýerde haýsydyr bir studiýa gatnaşýarsyňyzmy?

— Hawa. Ol ýüregedüşgünç adam — men öz halypamy göz öňüne tutýaryn — şu gün irden çeken suratymy gördi-de, gaşyny gerip, sesini çykarman gidiberdi.

Striklend parahatdy. Özgeleriň pikiri ony gyzyklandyrmaýardy…

Şoňa görä-de, her gezek Striklend bilen gürleşemde paltam daşa degýärdi. Haçan-da, köp kişi şu kysmy ynsanlaryň perwaýsyzlygyna güwä geçenlerinde, olaryň ençemesi özlerini aldawa salýarlar. Adatça, olar özleriniň geň gylykly hereketlerini özgeler bilýän däldir öýdýärler. Käte bolsa köpüň pikiriniň garşysyna gidýärler, ýakynlarynyň goldaýan pikirine daýanyp, öz isleýişleri ýaly hereket edýärler. Eger äsgermezlik siziň ýakynlaryňyz tarapyndan kabul edilen bolsa, onda älemiň däp-dessurlaryny-da äsgermezlik etmek kyn düşmezdi. Şeýle ýagdaýda adam şahsyýetine has pöwhe hormat bilen garalýar. Şonda ol sähelçe-de howp dörär öýtmän, hususy edermenliginden göwnühoş bolýar. Ýöne ykrar edilmegine bolan küýseg, ähtimal, häzirki zamanyň medeniýetleşen sypaýylaryndan ýok edip bolmajak duýgy bolsa gerek. Men özgeleriň pikirini gara şaýa-da almaýaryn diýýän adamlara ynanyp bilemok. Bu ýerliksiz batyrsyramak. Hakykat ýüzünde bolsa, olar hiç kim üns hem bermez öýdüp, maýdaja kemçilikler görkezilende batyrsyraýarlar. Ýöne, ynha, meniň öňümde oturan adam welin, özi hakda kimiň näme pikir edýändigini, dogrudanam, piňine-de almaýar, şertlilik oňa hökümini ýöredip bilmeýär. Ol endamyny ýaga suwany sebäpli, eliň taýyp duran bedeninden tutmak başartmaýan pälwana meňzeýär. Şol hem oňa keramatlylyga barabar erkinlik berýär. Meniň oňa:

— Eger hemme kişi siziň hereketiňiz ýaly hereket etse, ýaşaýyş gutarardy — diýenim ýadyma düşýär.

— Boş gürrüň! Gabat gelen maňa meňzejek bolup ýörenok. Köp kişi hemmeler ýaly hereket etmegi halaýar.

Men awymy pürkmek isledim:

— Siz, «Her eden işiňiz ählumumy düzgün hökmünde kabul ediler derejede bolsun» diýen dana sözi kabul etmeýärsiňiz öýdýän.

— Ömrümde birinji gezek eşidýän. Boş gep!

— Ol sözleri aýdana Kant diýilýär.

— Kim aýdanda maňa näme! Boş gep, boş gep bolar-da!

Beýle adamy akylyna aýlajak bolup alada etmek gerekmikä? Beýle alada öňüňde aýna ýokka ýüzüňi görjek bolmak ýaly bir zat bolýar. Wyždan — bu garawul, jemgyýetiň öz howpsuzlygy üçin döreden düzgünlerini goraýjy her bir adamda ol bolmaly diýip hasap edýärin. Ol biziň kalbymyzda kada-kanunlary bozmazlyga niýetlenip goýlan hüşgär goragçy. Biziň «men» diýilýän esasy galamyza iberilen aňtawçy. Adam ykrar edilmegine howlugýar, egindeşleriniň ýazgarmagyndan ätiýaçlanyp, ganym duşmanynyň öňünde derwezäni açmaga howlugýar. Wyždan bolsa hojaýynynyň ähtini wepadarlyk bilen gorap, ondan gözüni aýyrman yzarlaýar, sürüden daşlaşmak meýli bilen eden hereketini köki-damary bilen gyryp taşlaýar. Şunlukda, adam jemgyýetiň rowaçlygynyň şahsy rowaçlykdan ýokarydygyna ynanyp başlaýar. Ynsany ynsanperwerlige baglaýan zynjyr juda berk. Öz hususy bähbidinden ýokarda-da bähbit bardygyna ynanan adam, öz ynamynyň guluna öwrülýär, ynamyny şa tagtynyň derejesine çenli galdyrýar, ahyrynda-da, köşk adamsy ýaly egnine degen şa hasasynyň öňünde ýaranjaňlyk bilen tagzym edýän gul hökmünde baş egýär, üstesine-de, wyždanynyň duýgurlygyna guwanýar. Ol indi şol häkimligi kabul etmeýän adamlary aňrybaş ýaramaz sözler bilen näletleýär, sebäbi jemgyýetiň agzasy bolmak bilen, olaryň garşysyna göreşmekde ejizdigini bilýär. Haçan-da, Striklendiň öz hereketi bilen adamlaryň kalbyna täsir ýetirmelidigine biparh garaýandygyna düşünemde, adamçylyk keşbini ýitiren ol adamdan ýakamy tutup yza tesdim.

Hoşlaşanymyzda ol maňa şeýle diýdi:

— Emi bu ýere gelmesin. Şony aýdyň. Umuman-a, men kireýine jaý tapmaly bolaryn. Barybir, ol meni tapmazam.

— Ol sizden halas edeni üçin Hudaýa minnetdar bolmalymyka öýdýärin.

— Gadyrdanym, siziň ony şol pikire ynanmaga mejbur etjegiňize umyt baglaýaryn.

15

Londonda maňa agşamlyk Striklend hanymyň öýüne hökman barmaly diýen mazmunly hat garaşýar eken. Barsam, ol ýerde Mak-Endrýu aýaly, hanymyň özünden uly aýal dogany bilen otyrdy. Iki uýa bir-birine meňzeýänem bolsa, polkownigiň aýalynyň ýüzi solgundy, hamala, tutuş Britan imperiýasynyň emlägini jübüsine salan ýaly söweşjeň sypatlydy. Gepiň gerdişine görä, ýokary gatlaga degişlilik buýsançly sypatyň uly serkerdeleriň aýallarynyň hemmesine diýen ýaly mahsusdygyny aýtmalydyrys. Ol hanymlaryň häsiýeti dogumlydy, alan terbiýesine görä, islendik harby däl adamlara ynanjyňy gygyryp aýtmakdan saklanmaga zordan ýetýärdi… Ol aýal gwardiýaçy harbylary-da ulumsy hasaplaýany üçin halap barmaýar, olaryň aýallaryny bolsa, myhmançylyga çagyrmak gezegini unudýandyklary zerarly ýigrenýär. Onuň egnindäki köýnek gymmatbaha bolsa-da ýaraşyksyzdy.

Striklend hanym:

― Hany, siz bize nähili habar getirdiňiz? — diýip maňa ýüzlendi.

— Men adamyňyzy gördüm. Ýöne ol yza dolanmazlyk barada berk netijä gelipdir — diýdim-de dymdym. — Ol surat çekmek bilen meşgullanmakçy bolýar.

— Siz näme diýmekçi bolýaňyz? — Geň galan Striklend hanym özünden erksiz gygyrdy.

— Onda şeýle hyýalyň bardygyny öň hiç haçan duýmadyňyzmy?

— Ol bütinleý akylyndan azaşan adam — diýip, polkownik ýagdaýa özüçe baha berdi.

Striklend hanym gaşlaryny çytdy. Ol ýatlamalaryny dörjelemäge başlady.

— Biz toý etmezimizden öň käte reňk ellän bolýardy, ýöne çyzyşdyrýan zatlarynda hiç hili görnüş, many ýokdy. Biz onuň üstünden gülýärdik. Ol tetelli adamlar sungat üçin ýaradylan däl.

— Wah, ol ýöne bir bahana! — diýip, hanym Mak-Endrýu gepe goşuldy.

Striklend hanym esli salym öz oýlanmalaryna gark bolup otyrdy. Meniň getiren habaryma düşünmäge onuň akyly çatmaýardy. Çaky, onuň hojalykçylyk endigi hasratyndan rüstem gelen bolmaly — myhman otagy eýýäm rejelenipdi. Indi ol hojalygyň başyndan inen hasratdan soň ilkinji gezek gelenimde, täze ýaşaýjysyna garaşýan ýaly tertiplenip bezelen myhman otagy gamgyn täsir döretmeýärdi. Pariže baryp, Striklendi has oňat tananymdan soň, ony bu öýüň ýaşaýjysy diýip göz öňüne getirip bilmedim. «Bu ýerdäki ýagdaýyň oňa gabat gelmeýändigi, eýsem, bir gezegem hanymyň nazaryna kaklyşmadymyka?» diýip, içimi gepletdim…

— Eger nakgaş bolmak islän bolsa, näme üçin maňa duýdurmadyka? — diýip, Striklend hanym ahyr sowal berdi. — Kim üns bermese-de, beýle ýagdaýa men duýgudaşlyk ederdim ahyryn.

Mak-Endrýu hanym dodaklaryny dişledi. Belki-de, sungat adamlaryny mydama eý görýän doganyna käýinip, onuň «medeniýetli» dostlarynyň üstünden gülen bolsa gerek.

Striklend hanym dowam etdi:

— Eger onda haýsydyr bir ukyp bolan bolsa, ony ilden öňürti goldardym, hiç zatdan gaýtmazdym. Onsoňam men birža dellalynyň däl-de, nakgaşyň aýaly bolanymy has gowy görerdim-ä… Eger çagalarym bolmadyk bolsa, Çelsidäki garyp studiýalaryň birinde ýaşasamam, özümi bu ýerdäkiden bagtly saýardym.

— Sen, mähribanym, meniň kanagat damarymy gyrkjak-da! — diýip, Maks-Endrýu hanym öz ýagdaýyny beýan etdi. — Sen şol bolgusyz geplere ynanjak bolýan-a dälsiň?

— Özüm-ä şol gepiň çyndygyna ynanýan — diýip, men çekinip gepledim.

Ol maňa ýasama ýakym bilen seretdi:

— Kyrk ýaşly erkek kişi ara aýal goşulmasa, nakgaş boljak diýip işini, aýalyny, çagalaryny taşlamaýar. Siziň «artistlik aýlawyňyzdan» bolan haýsydyr zenanyň biriniň onuň başyny aýlandygyna men-ä berk ynanýan.

Striklend hanymyň aksowult ýüzüne gan indi:

— Ol nähili zenan?

Men ara wagt saldym. Beýle jogaba garaşmaýandyklaryny bilýärdim:

— Bu ýerde zenanyň dahyly ýok.

Polkownik Mak-Endrýudyr aýaly meniň habaryma ynanmaýandyklaryny aýtdylar, Striklend hanym bolsa syçrap ýerinden turdy:

— Siz ol aýaly bir gezegem görmedim diýjek bolýaňyzmy?

— Görer ýaly aýal ýokdy. Onuň ýeke özüdi.

— Ýapa degjek zady aýtsaňyz-la! — diýip, hanym Mak-Endrýu sesini gataltdy.

— Özüm gitmelidim — diýip, polkownik hüňürdedi. — Men ol aýal barada ähli zady derrew bilerdim.

— Siziň Pariže gitmek aladasyny boýnuňyza almadygyňyza haýpym gelýär — diýip, içýakgyç jogap gaýtardym. — Giden bolsaňyz, çaklamalaryňyzyň esassyzdygyna tiz göz ýetirerdiňiz. Ol kaşaň myhmanhananyň gymmat otagynda däl-de, kiçijik, bolgusyzja hütdükde ýaşaýar. Ol öýündenem elpe-şelpe döwran sürmek üçin gitmändir. Kisesinde-de kör-köpügi ýok.

— Siz ony gizlin etmiş edip, polisiýadan gaçyp ýören hasaplaýaňyzmy?

Şeýle çaklama olaryň kalbynda umyt uçgunyny döretdi, ýöne ony puja çykardym:

— Eger şeýle bolsa näme üçin kärdeşine ýaşaýan ýeriniň salgysyny bersin. Nähili bolanda-da men bir hakykata uýýan, onuň ýanynda aýal ýok. Ol hiç kime aşygam bolmandyr, söýmek hakda hyýalam etmeýär.

Ara dymyşlyk düşdi. Olar meniň aýdanlarymy seljermäge durdular.

— Beýle bolsa… — diýip, dymyşlygy ahyry hanym Mak-Endrýu bozdy. — Eger siziň aýdýanlaryňyz hakykat bolsa, ýagdaý meniň pikir edişim ýaly umytsyz däl.

Striklend hanym oňa seretdi, ýöne hiç zat diýmedi. Onuň ýüzüne kagyz reňki urupdy, inçejik gaşlary çytykdy. Hanymyň ýüzünden many alyp bilmedim.

Hanym Mak-Endrýu dowam etdi:

— Diýmek, ol bahym geçip gitmeli näz-kereşme ýaly bir zat bolmaly.

— Siz oň ýanyna gitmeli, Emi — diýip, polkownik ündedi. — Näme üçin bir ýylyňyzy Parižde geçirmeli däl. Çagalaryňyza biz göz-gulak bolarys. Ony birmeňzeş durmuş irizendir hasap edýärin. Ol tiz akylyna aýlanyp, uly höwes bilen Londona dolanar. Bolan wakalaryň hemmesem tiz ýatdan çykyp gider.

— Özüm-ä gitmezdim — diýip, hanym Mak-Endrýu gepe goşuldy. — Gowusy, oňa doly erkinlik bermeli. Ol guýrugyny ýamzyna gysyp geler-de, öňküje durmuşynda ýaşamaga başlar. — Hanym Mak-Endrýu uýasyna sowuk-sala nazar aýlady. ― Belki-de, sen oň bilen hemişe adam şekilli bolan dälsiň, Emi? Erkekler hilegär bolýalar, olaryň ebeteýini tapmaly.

Hanym Mak-Endrýu köp aýallar ýaly erkekleriň ýüpüniň üstünde odun goýup bolmaýar diýip hasaplaýardy. Eger erkek wepaly hem söýgüli aýalyny terk etse, onuň etmişiniň günäsi, barybir, aýalyň üstüne düşýär. Le soeur a ses roisons due la faison ne gonait pas.( Le soeur a ses… — Ýürek özüçe oýlanýar, oňa akyl-paýhas bilen düşünip bolmaz (fr.).)

Striklend hanym nazaryny bir adamdan beýlekisine geçirdi-de:

— Ol yza dolanmaz — diýdi.

— Mähribanym, ol barada aýdylanlary ýadyňa sal. Ol gowy ýaşamaga, hezzet-hormat edilmegine öwrenişip gidendir. Eýsem, sen ony çagşan myhmanhananyň köne otagynda uzak ýaşar öýdýäňmi? Üstesine-de, onuň puly ýok, uzak eglenmän gelmeli bolar.

— Haýsydyr bir aýal bilen gaçyp gidendigine ynamym barka, dolanar diýen umyt bardy. Beýle ýagdaýyň uzaga çekmejekdigine ynanýardym. Ol ýagdaý Çarlzyň ýüregine düşer öýdýärdim. Eger ol aýal sebäpli gitmedik bolsa, gep gutardy.

Harby däl çözgüdiň üstüne ähli ýigrenjini ýüklän polkownik ýagdaýa öz bahasyny berdi:

— Ol, elbetde, dolanar. Dorotti mamla, onuň üçin Çarlzyň eden işiniň derejesi peselmez.

Striklend hanym birden:

— Men onuň dolanmagyny islämok — diýdi.

— Emi!

Striklend hanymyň tutgaýy tutdy, ýüzüne öliniň reňki urdy, çalt-çaltdan boglup gepledi:

— Eger haýsydyr bir owadan zenana aşyk bolup gaçyp giden bolsa, bagyşlap bilerdim. Beýle ýagdaý bolup biler. Men ony günäli hem hasaplamazdym, gaçmaga mejbur edilipdir diýerdim. Erkekler gowşak, aýallar irmezek… Şu mahalky ýagdaý bolsa düýpden başga. Men ony ýigrenýän. Indi ony hiç mahal bagyşlaman.

Polkownik Mak-Endrýu bilen aýaly gezek-gezegine hüjüm edip, hanymy yrmaga synandylar. Olar haýran galdylar. Hanymyň bimamladygyny tekrarladylar, oňa düşünmek islemeýändiklerini aýtdylar.

Striklend hanym aljyrap maňa ýüz tutdy:

— Siz beri maňa düşünýäňizmi?

— Doly düşünemok. Siz ony belli bir iş üçin däl-de, bigäne aýal sebäpli özüňizi terk eden bolsa bagyşlap biljekdigiňizi aýtmakçy bolýaňyzmy? Birinji ýagdaýda göreşmäge ukybyňyzyň bardygyny, ikinjide, eliňizden hiç zat gelmejekdigini nygtaýaňyzmy?

— Men hiç mahal, hiç kimi Çarlzy ýigrenişim ýaly ýigrenip bolar öýdüp pikir etmändim. Näçe wagt geçse-de, ahyr ol yza dolanar diýip, öz-özümi köşeşdirýädim. Ol ölüm ýassygynda ýatyrkam-da, yzymdan adam iberjekdigini bilýädim. Men oňa taýyndym. Ene hökmünde onuň yzyndan barardym-da, iň soňky pursatda mydama söýendigimi, ähli etmişlerini-de bagyşlaýandygymy aýdardym.

Men aýallardan köplenç öz ýakynynyň ölüm ýassygynyň başynda özüňi alyp barmagyň has täsirli duýgularyny geň galmak bilen öwrenýärdim. Mahal-mahal bolsa, hatda olar özlerine ýakymly pursatlary bagyş etmelileriň baky ýaşamaýanyna haýpy gelýändir öýdýärin.

— Indi hemme zat gutardy, hemme zat. Ol meň üçin keseki. Goý, aç ölsün, dost-ýarsyz, idegsiz, ýalňyz galsyn — maňa parhy ýok. Ol aýylganç kesele uçrar diýibem umyt edýän. Mundan beýläk ol meň üçin aýatda ýok.

Şu ýerde men oňa adamsynyň aýdan sözlerini eşitdirmegi makul bildim.

— Eger siziň nika bozmak meýliňiz bar bolsa, ol hemme talaplara taýyn.

— Men oňa näme üçin erkinlik bagyş etmelimişim.

— Meniň düşünişimçe-hä ol erkinligi isläbem baranok. Ol şeýdilse, size amatly bolar öýdýär.

Striklend hanym takatsyzlyk bilen eginlerini gysdy. Meni birneme lapykeçlik basmarlady. Şol döwürde men adamlardan özboluşly bütewüligi tama edýärdim, şonuň üçinem ol näzik zenanyň zalymlyk duýgusy meni gamlandyrdy. Men adam häsiýetini jemleýän özboluşlylygyň beýle dürli-dümenligine düşünmeýärdim. Indi bolsa maýdaçyllyk bilen giňgursaklygyň, gahar bilen rehimdarlygyň, ýigrenç bilen söýginiň ynsan kalbynda aňsatlyk bilen ýerleşýändigini bilýärin.

«Striklend hanymyň özüni kemsidiji, özüne ezýet beriji ajy duýgusyny ýumşadar ýaly söz tapmagy başararmykam» diýip oýlandym-da, synanyşyp görmeli diýen netijä geldim.

― Men mahal-mahal siziň adamyňyz öz hereketine doly jogap berip bilýän däldir öýdýärin. Meniň pikirimçe, ol indi öňki Çarlz däl. Ol özüne höküm edýän höwese mübtela. Ol höküme düşdüşiň kerebine çolaşan siňek ýaly, düýrmegi bilen tabyn bolupdyr. Ony gös-göni jadylapdyrlar. Şu ýerde adamda peýda bolan ikinji «meniň» birinji «meni» kowup, onuň ornuny alşy hakyndaky hekaýaty ýada salmaga mejbur bolýarsyň. Teniň wagtlaýyn ýaşaýjysy bolan jan, gizlin özgermäge ukyply närse. Öňki döwür bolan bolsa «Çarlzyň kalbyna arwah giripdir» diýerdiler.

Hanym Mak-Endrýu eliniň aýasy bilen dyzyny, köýnegini sypanda, goşaryndaky altyn bilezigi aşak süýşdi.

Ol:

— Bu zatlaryň hemmesi, meniň pikirimçe, toslama — diýip, tutuk äheň bilen gepledi. — Men Eminiň öz adamsyna çakdanaşa ynanandygyny inkär etmeýärin. Ol öz aladasy bilen azrak meşgullanan bolsa, töwereginde näme bolup geçýändigini aňardy. Özüm-ä, Alik maňa duýdurman, ýyllaryň dowamynda haýsydyr bir gizlin pişä gümra bolup biler öýtmeýärin.

Polkownik dünýäde iň päk ahlakly kişiniň sypatyna girip uzaklara nazar aýlady.

— Bolsa-da, Çarlz Striklend, barybir, daşýürek haýwan.

Hanym Mak-Endrýu maňa ýowuz nazar aýlady.

— Men onuň aýalyny taşlamagynyň sebäbini ýalňyşsyz aýdyp biljek, diňe öz bähbidi üçin, diňe şonuň üçin.

— Ol örän aňsat düşündiriş — diýemsoň, men öz ýanymdan «Ol jogap hiç zat düşündirmeýän jogap» diýip pikir etdim. Soňra men argynlygy tutaryk edinip ýerimden turdum, Striklend hanymyň öňünde baş egdim. Ol maňa gitme diýip iň bärkisi ýalandanam töwella etmedi.

16

Soňky bolan wakalar Striklend hanymyň özdiýenli zenandygyny subut etdi. Ol betbagtlyk, şowsuzlyk baradaky hemişe edilip ýörlen gürrüňleriň adamlaryň ýüregine düşýändigine, olaryň ýakymsyz görnüşden bizardyklaryna düşünmegi başarandygy üçin, çekýän hasratyny ile ýaýmady. Nirä barsa-da dost-ýarlary oňa duýgudaşlyk bildirmändiler, häli-şindi myhmançylyga çagyrýardylar. Hanymam öz mertebesini gürrüňsiz saklaýardy, sadarak, ýöne oňat geýinýärdi, şatdy, ýöne agrasdy, az gepleýärdi, hasratyny ýaşyryp, kişi hasratynyň gürrüňine gulak asmagy halaýardy. Ol adamsy hakynda mydama haýpygelijilik bilen dillenýärdi. Onuň adamsyna bolan gatnaşygy ilki wagtlarda meni geňirgendirdi. Bir gezek ol maňa:

— Siz gürrüňsiz ýalňyşýaňyz — diýdi. — Men Çarlzyň Pariže ýeke gitmändigini ynamdar ýerden eşitdim.

— Eger şol çyn bolsa, Çarlzy basan yzyny gizlemegiň genisi hasaplap bolar.

Ol menden gözüni aýranda ýüzi gyzaryp gitdi.

— Nähili-de bolsa, kimdir biri ol aýal bilen gaçypdyr diýse, aýdylany ýalana çykarmaň. Men şony sizden haýyş etmek isleýän.

— Ýagşy. Ýalana çykarman.

Ol perwaýsyzlyk bilen gürrüňiň ugruny üýtgetdi. Kän wagt geçmänkä, Striklend hanymyň dost-ýarlarynyň arasynda bu taryhyň özboluşly nusgasynyň ýaýrandygyny eşitdim. Aýtmaklaryna görä, Striklend Empaýr teatrynyň sahnasynda ömründe ilkinji gezek gören, milleti fransuz tansçy gyza aşyk bolup, onuň yzyna düşüp Pariže gidipdir. Beýle habaryň nähili ýol bilen dörändigine men hiç düşünmän galdym… Ýöne ol Striklend hanyma duýgudaşlyk döredip, onuň jemgyýetdäki abraýyny berkitdi. Ol ýagdaý onuň hünär almagyna oňaýly täsir ýetirdi. Polkownik Mak-Endrýu hanymyň aňyrsynda bir şaýy pulunyň ýokdugy barada aýdanda, hakykaty ýoýmaýardy. Oňa ýaşaýyş üçin gazanç etmeklik hökmandy, ol işe hem ertire galman, şu gün başlansa bähbitli boljakdy. Ol özüniň kän-kän ýazyjy tanşynyň bardygyndan peýdalanmakçy bolup, stenografiýa hem hat ýazyjy enjamda işlemegi öwrendi. Onuň sowatlylygy ökde işgär bolup ýetişjekdigine ynanmaklyga mejbur edýärdi, maşgalasyndaky dartgynly ýagdaý bolsa onuň synanyşygynyň zerurdygyny, öz wagtyndadygyny tassyklaýardy. Dost-ýarlary tanyş-bilişlerini habardar edip, ony işsiz oturtmajakdyklaryny aýtdylar.

Mak-Endrýular çagasyz hem gurply ýaşaýandyklary sebäpli, Striklend hanymyň ogly bilen gyzyna hossarlyk etmegi boýunlaryna aldylar. Netijede, Striklend hanyma diňe özüni eklemek aladasy galýardy. Ol öz jaýyndan çykyp goş-golamyny hem satdy. Westminsterede iki sany çaklaňja otaga göçüp barmak bilen, ol ýaşaýşa ýaňadandan başlady. Ol işine şeýlebir ykjam ýapyşýardy welin, üstünlik gazanjakdygyna hiç hili şübhe ýokdy.

17

Gürrüňi edilýän döwürden bäş ýyl çemesi wagt geçensoň, esli mahal Parižde ýaşamaly boldum. Londonam meni irizdi. Günde şol bir işi etmek — halys lejikdiriji ýagdaý. Dost-ýarlarymam düzgüne görä adaty durmuş ýoly bilen gitdiler. Olar indi meni hiç zat bilen geňirgendirip biljek däldiler. Duşuşyk mahallary olaryň näme aýtjaklaryna çenli öňünden bilýärdim, hatda söýgi hekaýatlarynyň özünde-de adaty, ýüregedüşgünçligiň möhüri bardy. Biz bir duralgadan beýlekä, ondanam ýene yzyna gaýdyp ýörmekden gaýry gidere ýoly ýok tramwaý wagonyna meňzeýärdik, hatda şol wagonlara näçe ýolagçynyň münüp düşýändigini-de hasaplap biljekdik. Durmuş akabasy çakdanaşa ýuwaş hereket edýärdi. Şonuň üçinem meni howsala basmarlady. Men jaýymy taşladym, içindäki bolar-bolgusyz zatlary satyşdyrdym-da, durmuşy täzeden başlamaly etdim.

Pariže ugramazymyň öňýany Striklend hanymyň ýanyna bardym. Ony köp wagt bäri görmändim. Ol özgeripdi: diňe gartaşmak däl, horlanypdam, ýüzünde diňe täze ýygyrtlar döremän, göwnüme bolmasa, hüý-häsiýetinde-de özgerme peýda bolupdy. Ol işe başlaly bäri kän zat edipdi, Çenseri-Leýnde edara açypdy. Striklend hanymyň özi-hä hat ýazyjy enjamyň başyna geçmeýär diýen ýalydy, diňe dört sany gyzyň ýazanlaryny barlaýardy. Ol edýän işini abraýly görkezmek üçin, ýaşyl hem gyzyl reňkleri bol ulanýardy, ýazgylaryň nusgasyny gataňsydan näzik kagyza dolap, dogrudanam, göz eglener ýaly owadanlyk, ykjamlyk berýärdi, kän pul gazanýardy. Emma ýaşamak üçin pul gazanmagyň, özüne mynasyp abraýly ýol däldigi baradaky pikirden daşlaşyp bilmeýärdi. Şonuň üçinem käte-käte gelip çykyşy boýunça özüniň abraýly maşgaladandygyny ýatladýardy. Özara gürrüň mahaly ol özüniň tanymal-tanymal tanyşlarynyň atlaryny ýygy-ýygydan tutup, entegem şol beýik basgançakdakylar bilen gatnaşygynyň bardygyny ýaňzydýardy. Ol işewürliginden hem gaty batyrgaý hereketlerinden utanýardy, ýöne ertir Günorta Kensingtonda ýaşaýan tanymal aklawçynyň aýlawyna nahara çagyrylanyna guş bolup uçýardy, öz oglunyň Kembrijde bolýandygyny höwes bilen aýdýardy. Şeýle pursatda ol birneme ýaňsyly ýalyrak etse-de, ýap-ýaňy ile çykyp ugran gyzynyň zol-zol tansa çagyrylýandygyny hem aýtmagy ýadyndan çykarmaýardy.

Men:

— Olam siziň işiňize aralaşýarmy? — diýip, edepsizlik görkezdim.

— Ýok-la! Men beýle zada ýol bermen. Ol örän ýakymly gyz, başgaçarak ýol bilen gider.

— Ol siz üçin uly goltgy bolar.

— Köp adama-a oňa sahna tarap ýol açmaly diýýär. Ýöne men oňa razy bolman. Men iň oňat dramaturglarymyzyň hemmesi bilen tanyş bolanym üçin, hut ertiriň özünde-de oňa gowy keşp alyp bilerdim. Ýöne men onuň garma-gürme jemgyýete düşmegini islämok.

Beýle gedemlik bilen saýlap-seçen bolmaklyk göwnümden turmady.

— Adamyňyz barada eşiden habaryňyz barmy?

— Ýok, hiç zat eşidemok.

— Birden men Parižde oňa gabat geläýsem?

Ol sähel salym oýa batdy.

— Eger ol gaty mätäçlik çekýän bolsa, men az-kem ýardam edip bilerdim. Men size birazrak pul ibereýin welin, siz oňa az-kemden berip duruň.

— Siz örän rehimli adam!

Men onuň etjek hereketiniň rehimdarlyk bilen bagly däldigini bilýärdim. Görgi görmek adamy rehimdar edýär diýýänleri ýalan. Käte ol bagta eltýär, ýöne görgi görmek köp halatlarda adamy maýdaçyllyga hem öç alyjylyga eltýär.

18

Nesibe çekip, Parižde iki hepde bolup-bolmankam Striklende sataşdym.

Men derrew Rýu de Damda bäşinji gatda ýerleşýän çaklaňja jaý tapdym, iki ýüz franka-da ulanylan goş-golam aldym. Hyzmatçy irden kofe taýynlap, içerini ýygnaşdyrmalydy. Ýerleşen badyma-da, dostum Dirk Strewi görmäge gitdim.

Dirk Strew diýilýän keýpiniň ýagdaýyna görä, käbirleriniň göwnüýetmezçilikli ýylgyryp garaýan, başga zada düşünmän, eginlerini gysyp seredýän adamdy. Tebigat ony masgarabazlyga niýetläp ýaradypdyr. Ol kesbine görä suratkeş, ýöne gaty dereksiz suratkeş. Men onuň bilen Rimde tanşypdym, çeken suratlaryndanam habarlydym. Ol duzy gaçan, ýüregedüşgünç zatlary halaýan ýalydy. Ýürekden çykýan, sungata berlen näzik söýgi bilen, Ispaniýa meýdançasynda basgançaklarda dynç alyp ýatan rimlileriň suratyny çekýärdi. Olaryň örän kaşaňlygy-da ony aljyratmaýardy, netijede, Strewiň ussahanasynyň diwarlaryndan gözleri ullakan, şlýapa geýen daýhanlar, gelşikli eşikli oglanjyklar, güberilip duran köýnekli aýallar bize garap durdylar. Olar ýa-ha ybadathana eýwançalarynda dynç alýardylar, ýa-da kir-kimirsiz asmanyň astyndaky serwileriň kölegesinde saýalaýardylar, käte-de Gaýtadan döreýiş döwründen galan çüwdürimiň ýanynda söýgi oýunlary bilen meşgul bolýardylar, ýogsamam Pompani meýdançasynda öküz goşulan arabalaryň ýanynda gezmeleýärdiler. Suratlaryň hemmesi alada bilen çekilip, alada bilenem reňklenendi. Fotosuratlaram hakykaty şol suratlardakydan hakyky edip görkezip bilmezdi. Mediçi willasyndan biri suratkeş Dirki «Le maitre de la boite a chocolats»( Le mait­re de… — «Şo­ko­lad gu­tu­la­ry­nyň su­ra­ty­ny çek­mek bo­ýun­ça hü­när­men» (fr.).) diýip atlandyrypdyr.

Onuň suratlaryny synlap Mone, Mane ýa-da beýleki impressionistler hem şonça bolan däldir diýibermelidi.

Dirk käte-käte:

— Elbetde, men beýik suratkeş däl — diýýärdi. — Asla Mikelanžela-da däl, ýöne mende nämedir bir zat bar. Suratlarym satyn alynýar. Olary dürli adamlaryň öýüne arzuwçyllyk, höwes alyp girýär. Sen bilýäňmi, meniň işlerim diňe Gollandiýada däl, eýsem, Şwesiýada, Daniýada-da satylýar. Olary söwdagärler bilen baý telekeçiler gowy görýäler. Sen o ýurtlarda nähili sowuk, garaňky, uzak gyş bolýanyny bilýän dälsiň. O ýeriň ilatyna Italiýany meniň suratlaryma meňzeş öýdüp göz öňüne getirmek täsin bolýar. Ony hut şeýledir diýibem göz öňüne getirýärler. Menem bu ýere gelmänkäm, Italiýany şeýledir öýdýärdim.

Dogrudanam, şeýle göz öňüne getirme ömürlik onuň kalbyna giripdir hem gözüniň öňüni tutup batyl edipdir. Indi ol hakykaty hem görüp bilmeýär, hem öňünde hakyky närseler bolsa-da, onuň ruhy nazarynyň öňünde arzuwçyl ýatlamalaryň, weýran bolan gözel harabalaryň Italiýasy janlanýar. Ol ýokary maksady beýan edýär — dereksizlik, ýaramazçylyk, şylhasy çykanlyk, ýöne, barybir, maksat. Şolar hem oňa özboluşly duýgy beripdir.

Hut meniň üçin-ä Dirk Strew diňe gülki ýassygy hem däl. Kärdeşleri onuň çyrşan zatlaryny ýigrenýändiklerini gizlejegem bolmandyrlar. Ýöne ol az-küç pul gazanmandyr, olar bolsa beýtmegiň gelşiksizdigine seretmän, onuň pullaryny çepe-saga sowupdyrlar. Dirk sahy bolupdyr.

Islendik adam Dirkiň toslamany-da çyna derek kabul edýän sada ynanjynyň üstünden gülüp, wyždanynyň öňünde utanman, karz pul alypdyr. Ol seýrek gabat gelýän ýüregiýukalyk bilen tapawutlanypdyr, ýöne onuň aladaçyllygynda bir gelşiksizlik bolany sebäpli, edýän ýagşylygy minnetdarlyksyz kabul edilipdir. Ondan pul almak bolsa, çagany talamak ýaly bir zat bolupdyr, üstesine, samsyklygy üçinem ýigrenipdirler. Tebigat Strewiň kellesine gülkünç papak geýdiripdir, ýöne ol kelläni duýgudan welin mahrum etmändir. Ol her dürli kemsitmeleriň astynda ýygrylsa-da, özüni şol urgynyň aşagynda ýene döwtalaplyk bilen goýupdyr. Ol kinaýaly gülkülerden azap çekse-de, ýüregiýukalyk zerarly gazaplanyp bilmändir. Ýylan çaksa-da, zäheriň awusy Dirke goranmak üçin sapak bolmandyr, zäher yzasy sähel köşeşensoň, ol ýene ýylany öz gujagynda ýyladypdyr. Onuň ömri gödek oýunlaryň dilinde ýazylan tragediýa bolupdyr. Men onuň üstünden gülmedim. Şonuň üçinem ol raýdaş diňleýjisine sanýetmez hasratyny ynandy. Iň aýylganç ýeri hem ol tragediýalar beterinden-beter boldugyça, siziň has beter gülesiňiziň gelmegi mümkin.

Gowşajyk suratkeş bolsa-da, Dirk sungaty örän inçelik bilen yzarlamagy başarýardy, şonuň üçinem onuň bilen surat galereýalaryna aýlanmak hakyky lezzetdi. Onuň ýasama däl täsinligi duýmak ukyby tankydyň ýitiligi bilen utgaşyp gidýär. Dirk katolikdi. Ol diňe goja ussatlaryň gadyryny bilmek bilen çäklenmän, eýsem, häzirki zaman suratkeşlerine-de guwanç bilen garaýardy. Ol ýaş zehinleri tiz açýardy, olara geçirimlilik, bilen baha berýärdi. Närsä dogry baha berip bilýän ýiti gözli ikinji adama men başga sataşmadym. Üstesine-de, ol beýleki suratkeşlerden sowatlydy, şeýle hem beýleki sungatlara gezek gelende, kärdeşleri ýaly doly nadan däldi. Onuň edebiýatdan hem sazdan duýgurlygy suratkeşliginiň çuňlugundan hem hertaraplaýyn ösenliginden habar berýärdi. Dirk Strewiň maslahatlary hem düşündirişleriniň şol mahal ýaş ýigit bolan maňa ýetiren täsiri örän düýplüdi.

Rimden gaýdanymdan soňam men, takmynan, iki aýda bir gezek ondan özboluşly iňlisçe ýazylan uzyn hat alýardym. Ol hat meni Dirk bilen ýene duşuran ýaly, howlugyp, düwnübräk gepleýän sesini eşiden ýaly, ellerini çalt-çaltdan hereketlendirişini görýän ýaly bolmaga mejbur edýärdi. Meniň Pariže gelmegimiň öňinçäsi ol iňlis gyzyna öýlenip, Monmartr studiýasynda ýerleşipdir. Men onuň bilen dört ýyllap görüşmändim, şonuň üçin aýalyny hem tanamaýardym.

(Dowamy bar).

Rusçasyndan terjime eden Atajan TAGAN

 

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle